22:03 Şaýy-alawy ýalñyşlygy | |
ŞAÝY-ALAWY ÝALÑYŞLYGY
Publisistika
Eýranda 22 ýaşly Mehsa Emininiñ polisiýa tarapyndan öldürülendigi aýdylýan wakadan soñ 16-njy sentýabrda başlan wakalar dowam edýär. Günbatar mediýasy ellä golaý adamyñ ölendigini habar berýär. Göräýmäge sebäp Mehsa Emininiñ ölümi ýaly bolup görünse-de, añyrsynda başga-da birgiden sebäpleriñ bardygy ret edilmesiz hakykat. Soñky ýyllarda Eýranda bular ýaly adam pidaly protestler köp bolup geçýär. Ýüzugra ýadyma düşen birinji mysalymy aýdaýyn: mysal üçin, 2017-2018-nji ýyllaryñ eýran protestleri! Günbatar mediýasy at bermäge örän ilgezik garan bu wakalaryna "Ýaşyl hereket" adyny berdi. Birnäçe protest hereketlerinde demonstrasiýaçylar polisiýa işgärleriniñ üstüne topuldy, awtoulaglary oda berdi. Azyndan on iki adam öldi. Şeýle-de, Eýranda 2009-njy ýylyñ prezident saýlawlarynda galplyk edilendigini öñe sürýänler Tähranda we ýurduñ beýleki uly şäherlerinde demonstrasiýalary geçirdi. Günbatar mediýasynda birnäçe günläp dowam eden wakalarda azyndan ýigrimi adamyñ ölendigi aýdyldy. 2006-njy ýylda-da "karikatura wakalary" bardy... Geçen ýylyñ 15-nji iýunynda suwuñ we elektrik togunyñ kesilendigine nägilelik bildirmek üçin birnäçe etraplarda tolgunşyklar bolup geçdi. Protestlere "Suwsaýanlaryñ tolgunşygy" ady berildi... Uzatmaýyn. Eýran rewolýusiýasy 1979-njy ýylda şular ýaly raýatlaryñ nägileçilikli çykyşlary arkaly amala aşmadymy? Türkiýäniñ soñky ýigrimi ýylynyñ protest hereketleriniñ grafigine seredenimizde, diñe "Gezi protestlerini" görýäris. Eýran has berk teokratik dolandyryş astyndadygyna garamazdan, ýurtda nämüçin ýygy-ýygydan tolgunşyklar bolup geçýär? Eýranyñ taryhyna ser salanymyzda, düýpli protest medeniýetiniñ bolandygyny görmek bolýar. Eýse munuñ sebäbi näme? Şaýy mezhebi bolubilermi? Biziñ öz taryhymyza seredenimizde-de alawylaryñ göreşjeñ we rewolýusion häsiýetlidigini göreris. Osmanly döwletine (Şeýh Bedretdinden Şah Gula, Pir Soltandan Görogla, Jelaly gozgalañlaryndan Goçgyry gozgalañyna çenli) aýak diräp göreşen ýeke-täk mezhep hem şu dälmi? Sünni mezhebi konserwatiw we döwletparaz bolandygy üçin protest medeniýeti ýokmuka? Şuny nygtamak isleýän, bir göräýmäge şu sanalyp geçilenler dogry ýaly bolup görünse-de, taryhy diñe medeni identiçnostyñ üstünden gürrüñ bermek ýalñyş bolar. Gynansak-da, soñky wagtlar sosial ylymlarda şeýle etnosite merkezli garaýyş giñden ýaýrady. Munuñ derñelmegi gerek. Ine... Eýrandaky ähli protestleri Günbatar mediýasyndan kopiýalap halkymyza ýetirýän biziñ habar beriş serişdelerimiz şeýle netijä gelýär: Aýal-gyzlaryñ azatlygy ugrundaky göreş... Elbetde, bu faktory görmezlige salyp bolmaz, emma ýeke sebäp şumy? ABŞ-nyñ Ýewropa bileleşiginiñ, BMG-nyñ we beýleki halkara guramalaryñ Eýrana goýýan sanksiýalary bu ýurtda ýokary tolkunly inflýasiýa, biendigan inip-çykyşa, hroniki işsizlige we başgalara sebäp bolmaýarmy? Mysal üçin, geçen ýyl inflýasiýa derejesi rekord görkezijä ýetip, 41,4% boldy. Işsizlik 11,3%-e, ýaş ýigitlerde 9,4%-e, aýal-gyzlarda soñky bäş ýylda 40%-e ýetdi. (Ýagny, soñky protestlere ýaş gyzlaryñ gatnaşygynyñ has köp bolmagyna munuñ täsiriniñ bolandygyny aýdyp bilersiñiz. Galyberse-de, aýal-gyzlaryñ jemgyýetçilik durmuşyndaky orny ýurtda ýyl geldikçe giñäp barýar). Bu protestlere baha berilende, eýran ykdysadyýetiniñ syýasy üýtgeşmelere garşy ynjykdygyny ünsden düşürip bolarmy? Rafsanjaniden Hatemä çenli neoliberal reformalar şu sebäpli geçirildi. Ýöne sosial döwletden daşlaşan şeýle hususylaşdyryjy reformalaryñ çykalga bolup bilmeýşi ýaly, ýurduñ ykdysadyýetine-de ummasyz uly zyýan ýetirdi! Jemläp aýdanymda: Tebigy baýlyklary we geosyýasy taýdan ýerleşişi bilen Eýran sebitdäki iñ uly ykdysady güýçleriñ biri bolmagyny dowam etdirýär, ýöne ol munuñ kynçylyklaryny sanskiýalar zerarly çekmänem duranok. Howpsuzlyk üçin edilýän çykdajylar-da býužete zol agram berip dur. Diýjek bolýanym şu: Ykdysadyýeti ünsden düşürip analitiki pikir ýöredip bolmaz. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |