15:10 Sazlaşyk | |
SAZLAŞYK
Goşgular
Aýry däldir gözel göwre, Jöwher jan, Baglanşyk bar çuñlugynda belendiñ. Gül didarlar ömür berýän köwserjäm, Ýigrenjiñde söýgi görüp begendim. Teşneligiñ añyrsynda ganmak bar, Ummanlarda ýatyr uly teşnelik. Aýralykda, wepalarda dönmek bar Didaryñdan ber ömrüñe keşdelik. Ajy diýme, Hasratda bar süýjülik, Umytlaryñ kuwwatlanar teniñde. Irde irläp, Giçde gel sen gijigip, Çyra ýaksak göwni giñär tümüñ-de. Dowamat bar dowamynda ýaz-gyşyñ, Heññam dörär günler-güne birigip. Düýn-şu güne ~ ertirlere sazlaşyp, Goýnuñyzda akabadyr Dirilik. Sazlaşykda ähli zatlar ýagty bor, Jahan gözi ýagşy-ýaman saýlady. Umyt etse bagtsyzyñam bagty bor, Seret, howa senden menden maýlady. ▶ ÝARAŞYK... Boş gelmedim, Bulut ýaly doly men, Göwün dilim şadymanda saýrady. Ak nura çolaşan maşat daşy deý, Bendin döwen didäm ýaşy paýrady. Gürlemäli, Artyk gepler gerek däl, Ýazyksyzkak ýüklenmäli ýazykdan. Gereksiz öýkeden, Gedem gylykdan, Bir-birekden sowa düşüp tazykdyk. Oñat görýäñ Meñ halym hem señki deý Onda näme boşanmadyk zynjyrdan. Gel, salmaly gazana goç kelläni, Dil tapaýyn, Ýadadym men gyr-jyrdan. Süýş golaýma, Sortdyrylma öküz deý, Men geçeýin öýke atly çyzykdan. Bu dünýäler hol garlar deý sowanda, Geljegiñe ynanyplar gyzyndym. Ynamlarym puç çykmady, Hak şükür, Dünýä şaýat, her günümden ýalbardym. Yşkymyza pata berýän Ýusup deý, Üstümize nur döküldi dalbardan. ▶ SEN ÝANYMDA Gitseñ gidiber, "Gal" diýe bilmen, Ykbalyma getirmedim "Gel" diýip. Yzañy kalbyñdan zyñyp bilemok, Barmaklarmy kän ganatdym gül diýip. Özüñ onda, Gözüm ýumsam ýanymda, Diñ salamda kalbym çümýär pyşyrda. Hon-ha goşa gumry ýatlatdy bizi, Seni görýän Gün dogarda, ýaşarda. Balygyñ agzyndan gaçan dürüm sen, Kän gözledim suw düýbüni süzüpler. Ynamym sen, Gelersiñ sen gapymdan, Jan çykmasa kim umydyn üzüpdir. Ýalbarmak, peselmek maña golaý däl, Gowşak tutsam bir gün gyýar gamşym. Özüñ gitdiñ, indem özüñ gelersiñ, Ýaýdanýanñy aýdyp ýör-le tanşyñ. Sen garaşýañ, Günler bize garaşmaz Öz gylygyñ miwesini özüñ dat. Kalbymda sen, Goýberenok mertebäm, Erkek bolup baş ädimi özüñ ät. ▶ DIÑLE MENI Diñle meni, oka meni, manym bar, Bu ykbalda biz duşmadyk tötänden. Üşän bolsañ çoý kalbyma ruhuñy, Mährim çogdur, Ýol ugruna tütän däl. Güler ýüze, giñ köñlüme myhman bol, Ýaza ýazar pursatlaryñ gamaşan. Ak ýüregim tümleriñe çyra bor, Yşkym çelgi, ýolda bolsa azaşan. Sözümden dat ~ aç göwnüñe teselli, Yssy mähre bolan bolsañ sergezdan. O dagda bulut bar, bu dagda güneş, Bir-birine ýagyş, güneş bermez dag. Ol ykbala bagly, Hakyñ işi , Bulutlaram, güneşlerem pes pälli. Bir-birege ýagyş, güneş bolmaly, Didarlary didarlardan kesmäli Gapa çykyp, Dünýä golum uzatsam, Merdiñ merdi, ol ärleriñ äri gel. Öseli biz, bir-birekden boý alyp, Jahan datjak miwe galar, Bäri gel... Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |