03:42 Sen... | |
SEN...
Goşgular
Gün deñine ýeten gyzgyn ataş sen, Sen girip bilermiñ köñül derýama. Men azaşsam Hydyr kimin sataş sen, Bu hyýallar alyp gider her ýana. Ýol ýöreseñ inli-boýly meýdan men, Many hazynasyn saklar çuñlugym. Ümsümligiñ şahasynda şeýdañ men, Dünýä bir gün ynandyrar çynlygyn. Ýalan saýma, çynlar dörär, ýalandan, Çyn ahyryn seniñ munda barlygyñ. Gözýetimde eräp giden salgymdan çykyp, unudaly jahan darlygyn. Kän ýöredik, saýlanaly baýyrdan, Ýol salaly gaýa gidýän kemerden. Şer islemen, ykbal ýasap haýyrdan, Ýagşylygyñ gursagyndan emerdim. Gyşyb güni ýaz bolmagy başardym Islegim müşk, meniñ üçin atyr sen. Senden gudrat, tapdym, ilden ýaşyrdym, Gursagymda Hudaý bolup otur sen... ◆ ◆ ◆ Pursatlaryñ ýañagynda irkilen, Yşkyñ ýüregine giripdir güneş. Gül yhlasym al şapaga pürkülen, Menden mähir tapyp, sen ony üleş. Gel, meni baýram et, maña birigip, Bagtly bolmak bolar ahyryn azajyk. Tapaly biz dirilikden dirilik, Janym, dünýä gelmedik biz azaşyp. Saýa gerek, uzyn boýuñ saýa bor, Maña güllemäge entek mahal bar. Sensiz jahan sowuk, ömrüm zaýa bor, Hijran örñäp indi maña Ahal dar. Geñ görme, bu zatlar Hudaýyñ işi, Wysalda ýigdelip gül açar meñzim. Gözýaşym günäñdir ~ ýylgyrt sen dişi, Men bir derýa ~ saña guýaýyn, deñzim. Maña köşk gerek däl, düzi ber düzi, Ondan göwher bolup güllär edenim. Yşka girip bizden ýasadyk Bizi, Senden, menden bir at galar, bedewim... ◆ ◆ ◆ Käte näme gerek bilemok özüm, Heläk bolýan alasarmyk duýgudan. Ýüregimi atdym üstüne közüñ, Bu bolşumy janym, senem duýmadyñ. Aglamaga tapylyp dur bahana, Gelip meniñ gözýaşymy süpür sen. Men sygamok maña sygan jahana, Mülküñ ýaly bir ginligi getir sen. Indiden soñ ejir çekmek gowy däl, Dünýäm maña akyl gerek azajyk. Bu gamlar ýaşlygyñ ýalñyş towy däl, Wah, onda nä gezip ýörüs azaşyp. Wagtyndan öñ soldurma sen nigäriñ, Bozulmasyn ak ýüzümiñ keşdesi. Arpa berseñ neneñ bugdaý üwärin, Şirin, diñe oñat zada teşne sen. Akar suwlar öñküsinden peseldi, Alawy ýitipdir küljeren közüñ. Sen maña berjek bolýañ teselli, Wah, näme gerekdigini bilemok özüm... ◆ ◆ ◆ Mawy zümerretin geýipdir asman, Göwsüne dakynan tylladan nyşan. Zeminiñ ýüpek düşegini basman, Hyýalym biline zünnaryn guşan. Gije söýgüsinden gündizler aýdyñ, Şemal sährañ ysyn sepipdir zülpe. Dünýäden özüme ýakynlyk saýdym, Yşkym, menuñ ýüzüm gül bolup ýelpe. Dünýä gazal ýazýar asman hatynda, Okana hakykat, syzana dessan. Ömrün bagt tapypdyr ykbal atynda, Jahan ýollaryndan ýöresem messan. Bu dünýäde meniñ bilen birlik bar, Asman hossar maña, zemin golaýym. Pursat möwritinde döwran sürmek bar, Göwnüñe sowulmaz baýram bolaýyn. Men özümi söýýän, Jahandan söýmäm, Rahatlyk men ~ dynç alarsyñ, bir seret. Säherler şapakda galgasa öýmäm, Gündiz deý kalbymda ömürlik ýer et. Başymy aýlady durmuşyñ meýi, Köwser suwun guýup açylar serim. Ömrüm ~ gonalgam, kalbym ~ Allanyñ öýi, Myhmanyñdam razy bolarmyñ Ýerim?!. ◆ ◆ ◆ Ýaşyl köýnek geýip bardym ýanyña, Yrym etdim ~ bu reñk bize dirilik. Gülledesim geldi yşksyz dünýäni? Seniñ mähriñ bilen şaham birigip. Şemalyñ küýsedi terje pyntygym, Sen aşyk dälmidiñ ýaşyl pudaga. Menin derdim bolup ýañlandy tüýdük, Ösdür meni, ösgün görüp pudama. Al-asmana çenli gitsedi boýum, Senden medet bolsa, ýeterin şoña. Sen uklamak üçin gijäni söýýäñ, Men OÝANMAK üçin intizar daña. Kalbym syrly sandyk ~ gudrat elinde, Saña bagly açylmaly açarym. Aç meni, dünýäden garañky ýiter, Köñüllere dür nuruny saçaryn. Kiçijik ojagnyñ oduny ýakyp, Ýylytmakçy bolýar garyp öý meni. Öýüm galam bolsa, jahan saraýdyr, Şol saraýa sygyp, sygman söý meni. Tümden çyk-a, ýagty barka dünýäde, Çyrag bolup nur saçaýyn şanyña. Bir-birekde gögereli kök urup ~ Ýaşyl köýnek geýip bardym ýanyña. ◆ ◆ ◆ Ýalñyzlygyñ gujagyny ýassanyp, uklapdyryn, sen çalaja yradyñ. Özüñmi bi, ýa aldawçy hyýalym, Düýşümi huşuma garyp garadym. Sen gelipsiñ ýañy gelen ýaz ýaly, Ýumşak mähriñ ýalñyzlygy ürküzdi. Ýitirip tapylan göwhere meñzäp Yssy bakyş ýañagymy çirkizdi. Neneñ geldiñ, hany janym golaý süýş, Bugdaý orup galdyrmaly hoşasyn. Şygyr derýasynyñ bendi çözülip, Köñül depderinde gelýär joşasym. Düzleriñ ysy gelip dur senden, Suwlaryñ akyşy sende daýhanym. Yşkyñ mähri ýetişmedik çöl menem, Sahawatdan sahap eýle, eý, hanym. Aýralygyñ ýükün düşür ezizim, Iner bolsañ aýa janym maýañy. Seniñ uzyn boýuñ daga meñzeýär ~ Bir ömürlik mekan etsem saýañy... ◆ ◆ ◆ Ýassygymda ýañagyñ ýylysy sowamandyr, sen ukuda ysgadyñ. Sen bir çynardyñ asmana ýeten ~ Gök şahaña el ýeterden gysgadym. Janym, höwes etdim toýy saýaña, Meñ gözlegim boldy mydam beýikden. Baýyrlara çykyp, daga dyrmaşyp, Kemerleriñ gujagynda eýikdim. Ýanymda ýatyrsyñ, yüregim ýyly, Dodaklarym küýsär eliñ aýasyn. Ondan-oña göçüp ýörmeziñ ýaly, Munda köşk salardym eger baýasam. But pygamberi deý gözleriñ ýumuk ~ Ýa ýetjek bolýañmy Hudaý deñine. Serwer, saña sežde edip otyryn, Gözüm sylyk ak köýnegmin ýeñine. Oýan ahyr, söz derýamda möwç urýar, Aýdylmadyk gürrüñleriñ ulusy. Ýüregiñde ýene täze ot ýakar, Ýañagymyñ atyr ysly ýylysy... | |
|
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||