"SEN GOŞGY ÝAZYPSYŇ..
Sen goşgy ýazypsyň, şeýle bir çeper,
Köňül boz toprakdyr, dänesin seper.
Kuýaş şinä siňer, yhlas ezizlär -
Jahan söýgi berip, şelpesin dakar -
Onsoň bu barlyga aşyklar bakar.
Tapmaçaň içinden gözlense çözgüt,
Ýetim gözýaşlarym şo bada kepär.
Bu goşgy ýazgyt, ýazgyt...
Duýdum, hekaýa bar şygryň içinde,
Pyşyrdysy alaw, ýakar syrmyzy.
Pelsepe bar şemallaryň göçünde -
Ýatlasam ýañagym öwser gyrmyzy.
Her bir sözüň köňül şaýy bolup dur,
Dünýä bolsa şol tarypyň arzuwy.
Içimden bir owaz gelýär "Gyrmyzy..."
Ah, köňlümiň durmazy!
Sen goşgy ýazypsyň - Mejnun nirede?
Tapardy sözüňden ýüz müň teselli.
Hyýal aty, arabaňy süýre-de,
Äkit meni söz mülküne - heserli...
Duýgy bolsa basýar dara-direde -
Okap bagtly boldum, Aý deý eserňi.
Bilmedim çuň mana aklym kesermi?!
Ah, heserli, heserli...
Bulut deý söz ýagýar -
gülläpdir dünýä,
Bulaklara bakyp otyrmyň sen ýa?
Bu goşgy ynsan deý ýöräp barýar-la,
Hemem saňa meňzeş,
Yzyna bakman,
Köňül ýüpegimi bir-bir sarýar-la!
Ondan haly bolar,
Ýa uçar ahmal,
Wah, ylhamdan many tapyp gyzypsyň!
Sen goşgy ýazypsyň...
Goşgular