01:04 "Sen örän owadan..." | |
"SEN ÖRÄN OWADAN..."
Goşgular
Sen örän owadan, Örän owadan, Çirk tapylmaz didaryñdan, didäñden. Maña diñe seni görmek ýeterlik, Müñ gözeli synlap, söýüp, seredip, seredip, Olañ kaddy-kamatyndan, keşbinden, Bakyşyndan, ýylgyrşyndan, gülşünden, Summatyndan, suratyndan, bolşundan Öz gözleýän gözelligmi idänden. Sen örän owadan, Örän owadan, Hatda saña seretmäge çekinýän Utanýan dünýäniñ bigörkliginden, Señ şekiliñ ýöne-möne şekil däl. Bu gözellik çözüp bolmaýan matal, Ony çözen azaşar öz aklyndan. Sen adamyñ ilki laýdan ýasalyp, Megerem soñ jan berilen aslyndan. Derýadym - agdym men öz kenarymdan. Deñizdim men - görüp yza çekildim. Howalasy belent, howasy belent Dagdym - synyp, aýagyña ýykyldym. Şahyrdym - waspyña söz tapmadym men, Bagşydym - ses-sedam galmady meniñ. Aşykdym - yşkymy giderdim elden, Dindardym - din-hudam galmady meniñ. Men seni özüme rowa görmän, Taý gözledim seniñ görküñe maýyl. Señ husnuñy görüp diýdi: - Eý-aman! Bar halaýyk, peri-peýker, melaýyk! Hiç kimse bu bagta eýe çykmady, Gorkdy-ürkdi nämynasyp bolmakdan. Ýok-ýok, nämynasyp bolmakdan däl-de, Gorkdy dünýä gözelligi bozmakdan. Onsoñ seni ýalñyz goýmajak bolup, Täk özümiñ het edenmi bagyşla! Saña taý gözledim ýeriñ ýüzünden, Saña taý tapmadym özümden başga. Atamyrat ATABAÝEW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1985 ý. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |