17:37 Senem-ä biriniň bagtyny ýatyrarsyň! /nowella | |
SENEM-Ä BIRINIÑ BAGTYNY ÝATYRARSYÑ
Hekaýalar
Allaberdiň özünden uly gyz dogany, we özünden kiçi iki oglan, üç gyz jigileri bardy. Onuň kakasy Annaberdi agyr maşgalasyny eklemek üçin şäheriň araba çykarýan kärhanasyna daň bilen gidip, öýüne gün ýaşyp barýarka dolanýardy. Çagalar kakalaryny diňe agşamara argyn ýagdaýda görýärdiler. Kärhanaň başlygy köpçagaly işgärine maliýe tarapdan ýardam niýeti bilen, esasy käriniň daşyndan goşmaça iş berýärdi. Annaberdiň aýaly Hallygözel çagalaryna eşiklerini, köwüşlerini aýawlyja saklamagy endik etdirdi. “Iki aýakly iki günde” diýleni-dä, indiki ýyl olaryň boýlaram, aýaklaram ösýär; daralan eşigi-köwşi söbügine basyp gelýän basdaşynyň egnine atýarlar. Ulanylan eşik täp-täzeje bolmasa-da, toýa-tomga gidiläýende-de ýüzüň gyzarjak däl. Allaberd-ä basym kakasynyň köwüşlerinem geýip başlar. Oňa indi naharam kakasy bilen deň guýup bermeseň doýanok. Annaberdiň aýal dogany Nurtäç durmuşa çykaly bäri, dogany bilen görüşmäge o ýyldan, bu ýyla negada geläýmese, hojalygynyň iş-aladasyna baglanyp, öýünden çykyp bilenokdy. Çöli ýakalap oturan daş obadan gaýtjak bolsaň ýörite ulag bolaýmasa, hyllalady. Baýsähet bilen Nurtäjiň ilk-ä çagalary durmady, soňam dört gyzdan soň ogula garaşdylar, nesibeleri bolan däldir-dä. Nurtäç bu gezek hem aýak üstünden, bir günlüjek atasy öýüne görme-görüşe gelipdir. —Gezmäge geläýdigňmi gyz?! —diýip, Hallygözel baldyzyny gujaklaýar. —Ýok-la. Ýene iki sagatdan awtobusym ugraýar—diýip, ýan torbasyndan sowgatlaryny çykaryp durşuna daljygyp jogap berýär. —Töre bir geç-ä, nepesiiňi durla! Onsoňam, her sapar seni saklap bilmänim üçin Annaberdi maňa käýýeýär—diýip, Hallygözel janygýar. Saglyk-amanlyk soraşansoňlar Nurtäç öňküsi ýaly durmuşyndan “zeýrenip”,“içini dökýär, derdini ýeňledýär”. Baldyzynyň ýekelliligini, hojalygynyň agyr keşigini bir özi çekmeli bolýanyny, Hallygözel öň telim gezek eşidenem bolsa, baldyzynyň gürrüňini bölmän, çyn ýüregi bilen üns berip diňleýär. Öňki beren gürrüňleriniň üstüne, soňky döwürlerde Baýsähediň ýarawsyz bolup agyr işläp bilmeýänini goşýar. Gürrüňiniň soňunda Nurtäç Allaberdini dileýär. —Men saňa pylan zat diýmäýin, agşam atasy gelsin, maslahatlaşaýaryş. —Sen hiç zady gaýgy etme, Allaberdi jany edil öz çagam ýaly saklaryn, hiç kimden kemsinmez ýaly geýindirerin. Mekdebi tamamlaýança bizde bolaýsyn?! — Allaberdiň özi göwnese, meniň-ä garşylygym ýok. Agşam maşgala geňeşinde Allaberdini Nurtäç ejelerine ibermekligi makul bildiler. Allaberdi ilkibada närazylygyny bildirip, garşylyk görkezjek boldy. —Oglum, Nurtäç ejeň ýekelli, Baýsähet daýyň ýarawsyz, gyzlary ýetişýänçä ol agyr hojalyga ýardam et, hakyllym! Barybir, okuwyň başlamagyna ýene iki aýdan gowrak wagt bar— diýip, ejesi ogluny yrjak bolýar. Allaberdi sesini çykarman, keçäň gülüni dürtgüläp otyr. — Gideňde ýanyň bilen diňe zerur goşuňy alyp git, galan zatlaryňy yzyňdan eltip gaýdaryn. Mekdebiňden resminamalaryňam alaryn— diýip, kakasy kararyň soňuna nokat goýýar. Allaberdi hüňürdisini daşyna çykarman, ýeňsesini tüňňerdip çykyp gidýär. “Ejem-ä üç aýlyk diýýär, kakam bolsa mekdepden resminamalarymy aljak diýýär. Men indi üç ýyllap Nurtäç ejemlerde ýaşap, mekdebe-de şol obaňka gatnamalymy? Tapdylar talabanlaryny...” Nurtäç ejesi Allaberdä bölüp beren otagynyň tozan-çaňyny arassalap, öýüň goşuny çykaryp güneşde serip goýdy. Penjirelerine täzeje tuty tutdy, gap-çanagyny, çäýnek-käsesini bölüp aýyrdy. Goş-golamyny goýar ýaly täzeje şkaf goýdy. Allaberdi kakasy ýaly işjanly bolansoň, Baýsähet daýysy bilen ilki hepdesini öýüň gapylarynyň, penjireleriniň petlelerini ýagladylar, soň ýeke özi diwaryň şikesli ýerlerini suwaşdyryp, tamyň daşyny aklady. Her gün iş tapylýar: melläkdäki haşal otlary ýygyp, olaryň tohumlary mellege dargamaz ýaly howlyň içine guratmaga serdi. Soň, mal ýatakdaky gemreleri palta bilen çapyşdyryp, galtak bilen ýygylan otuň ýerine üýşürdi. Nurtäç şamlyk naharyny Allaberdiň öňünde goýanda, onuň aýalarynyň gabarçaklaryny görüp, içini çekýär: —Waýý! Eliňe näm boldy?! Bir hepde ne mellegiň, ne-de mal ýatagyň golaýyna baraýma! —Nurtäç eje azajyk gal-da... —“Ýok” diýdim, ýok. Geleliň bäri iki hepde geçdi, howlydan çykaňok. Ertir daş çyk, obaň oglanlary bilen tanyş, mal ýatak, mellek şu wagta çenli durupdyrlar, indi hem gaçyp gidesleri ýok. Ir bilen, gün dogan badyna, Baýsähet Allaberdä çekenä gitmeli mallary görkezip durşuna: —Ynha, gerşi açylan toklylary bilen dört sany goýun, goç; süýtden aýrylan iki göle, eneleri ýatakda galýar, basym guzlamaly. Ýöne, şu goçdan ägä bol, duýman durkaň topulýar, sowulyp ýetişip bolýar. Iki-üç gezek haýbat atansoň, maşgalasyna sen tarapdan hiç hili howpyň abanmaýanyna göz ýetirensoň, rahatlanýar. Ýör, men seni çekenä gatnaýan oglanlar bilen tanyşdyraýyn! Allaberdi obaň oglanlary bilen öwrenişip başlady. Ilki günler olar sorag baryny ýagdyrdylar: “Obada ýaşaýarmyň, ýa şäherde? Näçinji synp? Günlikçi bolup işe durduňmy?” Oglanlaryň soraglaryna çyny bilen jogap berdi. Näçe wagtlyk gelenligini soranlarynda: —Sentýabra çenli—diýip, gysga jogap gaýtardy. Oglanlar Allaberdiň özleri ýaly sadalygyna, dogryçyllygyna we işeňňirligine gözleri ýetip, ony gadymdan bäri gelýän köne dosty mysaly hökmünde şobada hatarlaryna goşdylar. Allaberdi sähel wagtyň içinde Baýsähet daýysyndan aýakgap çüýlemäni, erni açylan köwüşleri çatmagy öwrendi. Döwük aýnalary daýysynyň almazy bilen kesip, gös-gönije döwmäge ezberlenensoň, mal ýatagyň döwük aýnalaryny çalyşdy. Bir gün tamyň kölegisinde jigileriniň köwüşlerini abatlap otyrka, Nurtäç ejesiniň ulyja gyzy Ogulkeýik, köwşüini saýlap alyp, goltugyna gysyp, sesini çykarman, gulpagyny tasadyp gidip barýar. Allaberdi onuň yzyndan: —Getir, o köwşi entek bejeremok — diýip, gygyranda, Ogulkeýik: —Kakama tikdirjek, sen entek öwrenje, zaýalarmyň, nädermiň. Şol günden başlap ol ikisi bir göz iýene döndiler. Allaberdi bilen Ogulkeýigiň aralarynda dört ýaş tapawut bar bolsa-da, ejesiniň “Allaberdi siziň doganjygyzdyr, agaňyzdyr. Ol size öwüt berse “hä, hawa” diýiň, iş buýursa “ýok” diýmejek boluň” diýen sargydyna, Ogulkeýik “bor” diýen bolsa-da, etjegi içindedi. Käwagt ol özünden kiçi jigilerinem Allaberdä garşy örüzýärdi. Basdaş Ogulmaral, doganyna “ýok” dismese-de, onuň bilen aglaba ylalaşanokdy, ýöne özünden uly doganjygy bilen arasyny bozmajak bolup, närazylygyny daşyna çykarman saklanýardy. Mahym bilen Merjenjik bu “uly” gyzlaryň meseleleri bilen gyzyklananokdylar. Çorba guýulanda-da ol ikisinden ses çykmaz, ýöne Ogulkeýik Allaberdiň tabagyna salynan etli omaça gözi gidýär we ejesinden şol omaçany bermekligi talap edýär. Ejesi oňa ilkinji sapar däl, eýýäm näçilenji gezek Allaberdi hem indi kakasy ýaly uly adam, erkek adamlar göwresine görä köpräk iýmelidigini düşündirýär. Bir gün Nurtäç towukly palaw bişirip, bir buduny Baýsähediň, beýlekisini bolsa Allaberdiň tabagyna salyp äberende, Ogulkeýik: —Eje meňem but iýesim gelýär, maňa-da ber. —Indiki palawda saňa bir buduny hökman bererin. —Ýok, meň şu wagt iýesim gelýär. —Jan dogan, gazana ýekeje towuk sygýar, onsoňam towugyň döşem süýj-ä; men-ä size iň etli, iň süýji ýerinden dadyrýan. Allaberdi “şerçi” bilen deň bolmajak bolup, tabagyndaky but paýyny Ogulkeýigiň okarasyna salýar, Nurtäç gazap bilen gyzyny synlap oturyşuna, onuň hamala hiç zat bolmadyk ýaly naharyny iýip oturanyna gahary gelip, sypaýyçylyk bilen Ogulkeýige ýüzlenýär: —Bar gyzym aşhanadan bir käse getir. —Anha, bar-a käse. —Ýok. Moý açan gök käsäni. Maňa gerek. Ogulkeýik ejesiniň ýumşuny bitirmek üçin gapa ýönelende, Nurtäç dawaly towuk buduny yzyna—Allaberdiň tabagyna goýup: —Arkaýyn iýiber oglum—diýip, tarsa turup, aşahana tarap ýönelýär. Birnäçe minutdan, ilki, gözlerini gyzardyp Ogulkeýik girýär, yz ýanyndan eli gök käseli ejesi girip, nahar iýmelerini dowam etdirýärler. Baýsähet aşahanada bir hadysanyň bolup geçenini aňyp otyr: “Dogry edipdir. “Gyzyny urmadyk, dyzyny urar” diýip, içini gepledýär. Allaberdi müýnli gözleri bilen gabak astyndan Ogulkeýigi synlaýar. Onuň ejesinden almytyny alanyny aňyp, bu ýersiz jenjele özüniň sebäp bolanyna ýüzi gyzardy, utanjyndan ýere giräýjek boldy. Ogulkeýik şol günden soň ejesinden-kakasyndan gizlinlikde Allaberdiň içini ýakyp başlady, ol hem jigisi bilen deň bolmajak bolup, onuň hokgalaryna biperwaýsyran bolup, gaharyny içinde saklaýardy. Muňa bolsa hokgabaz beter öjükýärdi. Nurtäç çagalarynyň ertirligini taýynlap öz işi bilen daş çykan badyna Ogulkeýik, Allaberdiň ünsi sowlan mahaly, onuň käsesini alyp, onuň ýerine öňünden taýynlap goýan moýly käsäni goýýar. Allaberdi aşhanadan başgasyny getirip bermegini Ogulmarala haýyş edýär. Ol gobsunýar, Ogulkeýik jigisine alarlyp seredýär: —Özem alar. Näme, onuň eli ýokmy? Ogulmaral sesini çykarman mesge çyrşalan çöreginiň üstüne bal çalýar. Allaberdi soragly nazaryny Mahyma öwürýär. Ol ýerinden galkyp, aşhana ylgaýar, esli salymdan: —Käseleri tapamok, nirede goýduňyz?—diýip, gygyrýar. Bu sowalyň jogabyny diňe Ogulkeýik bilýär. Merjen süýjili çaýyny tiz-tizden owurtlap, boşan käsesini daýysyna uzadýar. Tomaşa diňe munuň bilen tamamlananok: Allaberdi bir taý köwşini gözleýär, tapanok. Daşardan: “Allaberdi bol how çaltrak, ýa-da gitmejegiňi aýt!” diýişip, mal bakmaga barýan dostlary gygyrýar. Täze köwşüni meýdana geýmäge dözenok. Nätmeli? Ol şol günden başlap mallaryny bakmaga aýakýalaňaç gatnady, ýoldaşlary hem oňa eýerip, ertesi öri meýdana aýakgapsyz çykdylar. Ýene bir gün Hokgabaz, Allaberdiň hajathana girerini garawullap, ol giren badyna gapynyň daşky kildini ildirip, “tomaşany” bukuda oturan ýerinden synlap başlaýar. Birinden-biriniň eşider tamasy bilen gapyny ýumruklap durşuna Allaberdiň birnäçe minudy bir sagada döndi. Daş çykan Baýsähet güpürdini eşidip, Allaberdini “bendilikden” boşadýar. Ogulkeýik eýýäm aşhananyň bosagasynda zatdan bihabar bolan bolup dur. Ol kakasynyň ýöräp gelýärkä hüňürdisini üns berip diňleýär. —Kimkä bular ýaly bezzatlygy oýlap tapýan? Gyzym, howla del adam giren däldir, gören dälsiň?! —Ýaňyrak Guwanç bilen ýanynda ýene bir oglan çykyb-a barýardylar, Allaberdini idäp gelen bolaýmasalar—diýip, Ogulkeýik Allaberdiň ýakyn dostunyň adyny agzap, bir okda iki towşany awlaýar. Allaberdi oňa ynamsyzlyk bilen, gözlerini alardyp seredýär. Okuwyň başlanyna iki aý geçdi. Allaberdiň synpdaşlary ilkibada bilesigeliji soraglaryna anyk we gümürtiksiz jogaplary eşidip, onuň päkýürekliligine we birnäçe aýdan onuň göreldeli okuwçydygyna gözleri ýetip, basym öwrenişdiler. Ol bu gün soňky sapakdan öýüne gitmän, ata-eneler ýygnagyna galdy, yygnak başlaýança iki sagadyny mekdebiň kitaphanasynda öýe berilen işlerini işledi. Ogulkeýigiň synp ýolbaşçysy her bir okuwçynyň çärýek bahalaryny yglan edip, ökde okuwçylaryň arasynda Ogulkeýigiň hem adyny agzady. Mugallymyň bu bahasy Allaberdi üçin örän täsin habardy. Ol haýran galmakdan oý-pikire batyp oturyşyna, mugallymyň: “Siz kim?” diýen soragyna “oýandy”. Ol Ogulkeýigiň agasydygyny, ejesi-kakasy işli bolup öz ýerlerine iberendiklerini aýtdy. —Ogulkeýik zehinli okuwçylarymyzyň biri, yhlas edip ýapyşsa, has göreldelileriň hataryna-da goşulardy, emma oňa onuň az-kem garagol häsiýeti päsgel berýär. Gyzlar ony örän sylaýarlar, hemmesiniň göwnünini tapyp bilýär, elmydama kömege gaýym; ýekeje almasyny hem paýlaşman iýip bilenok; joralarynyň penakäri. Oglanlaryň käbiri kilçiklik edäýse, edill bürgüt kimin topulýar. Olar ondan heder edýärler. Onuň ýanynda oturmaga çekinýärler. Bir gezek onuň ýanynda özi ýaly bezzatjany oturdaýmanmy, iki-üç gün bir-birleri bilen harçaňlaşansoňlar, öwrenişäýdilermikä diýsem, Ogulkeýik onuň oturýan ýerine ädikçiň ýelimini çalypdyr... Ol indi altynjy synpyň okuwçysy, basym ulugyz bolmaly ahyryn... Ýygnagyň netijesini Baýsähet daýysyna gürrüň berdi. Iki erkek maslahatlaşyp, mekdepde bolýan wakalaryň hemmesini agzaman, Nurtäje diňe gowy taraplaryny gürrüň bermekligi karar etdiler. Allaberdi ikinji gezek ata-eneler ýygnagyna baranda, synp ýolbaşçysy ony çete çykaryp, pessaý sesi bilen: —Siz biziň mekdebimiziň okuwçy-sa, şeýle dälmi?! onunjy “B” synpyň? —Hawa. —Siz geçen sapar “Ogulkeýigiň agasy” diýip meni aldapsyňyz. —Aga...agasy... daýysy—diýip, Allaberdi sakynyp, ýuwdundy we ogurlykda tutulan ýaly mölerlip, mugallyma seretdi. —A Ogulkeýik “Agam däl, ol biziň talabanymyz” diýýär. Ýygnaga okuwçyň ejesi ýa kakasy gelmeli. Allaberdi depesinden gaýnag suw guýlana dönüp, elleriniň, aýaklarynyň sandyraýanyny öýe ýetende duýdy. Ol gele-gelmäne, gaharyna bäs gelmän, Ogulkeýige: —Seň bolşuň şu bolsa, bir gün biriniň bagtyny ýatyrarsyň. Aňk-taňk bolan Nurtäç, soragly nazaryny Allaberdä dikdi. Allaberdi Ogulkeýigiň mugallymdan eşiden gürrüňlerini jikme-jik gürrüň berdi. Ejesinden “almytyny” alan Ogulkeýik, tamyň kölegesinde ýamap oturan köwüşinden ýüzüni sowman oturan Allaberdiň arkasyndan baryp, çayly käsesine bir gysym duz guýup, çalasynlyk bilen çete çekilip: —Hünnigara garajürjen!—diýip, gaçmaga synanyşanda, Allaberdi onuň “kemsitmesine” pitiwa bermän, öz-özi bilen gürleşýän ýaly: —Men hem sen ýalyjakkam edil sen ýaly akjadym, soň garaldym. Ejemiň aýdyşyna görä süýt içmedigim sebäplimişin. Seň hem ýek ýigrenýäniň süýd-ä, şeýle dälmi?! Süýt içmeseň basym senem edil men ýaly garalarsyň. Ogulkeýik Allaberdiň enesinden doglanda garajadygyndan, kakasynyň oňa “Garamyrat” dakasy gelendiginden; ejesiniň muňa garşy çykyp: “Meň akja bäbejigim seň gözüňe gara bolup görünýändir-dä. Hudaýyň özi bizi ýalkap sagdynja ogul berdi, şonuň üçin oguljygymyň ady Allaberdi bolsun” diýenmişin; şonda-da kakasynyň wagtal-wagtal: “Garaja oglum, garaja batyrym” diýip ogluny ezizleýändiginden bihabardy. —Ilki aýagyň garalyp başlaýan ekeni, soň gara kem-kemden ýokary galyp başlaýar. Ýöne, gowy tarapy: birden tutuşlygyna garalman, ýuwaş-ýuwaşdan garalýan ekeniň—adam täze reňkine öwrenişer ýaly —diýip, Allaberdi çatyp oturan köwşüniň ikinji taýyny çatmaga başlaýar.—Ikimiz bir-birimize duşmanam bolsak, nesip etse dogry bir ýyla ýetmän reňkdeş-ä bolarys... —Ýalan sözleme!—diýip, Ogulkeýik onuň sözüni soňlatmady—ýumruklaryny düwüp, Allaberdä abanyp gygyrdy. —Çypbakaý çynym. Ogulkeýigiň dyňzap gelen gahary depesini urdy, owasyna inen ýaşyny Allaberdä bildirmejek bolup, hyrra yzyna öwrülip, tosaň-tosaň ylgaşalap içerik ýöneldi. Allaberdi atan okunyň nyşana degenine begenip, başam barmagyny dikeldip, duzly çaýyny serpip goýberdi-de, onuň yzyndan ýylgyryp seretdi. Ogulkeýik nogtalanan ýaly ýuwaşady. Onuň indi Allaberdä eli degenok. Her ertirliginde seňrigini ýygyryp, bir käse süýt içip başalady, süýdüň “ýakymsyz ysyna” biraz öwrenişensoň agşamlaryna-da içip başlady, zol-zol injiklerini, dabanlaryny synlaýar, eýläk geçende-de, beýläk geçende-de aýnaň öňünde eglenýär. Mekdepden gaýdanda, joralarynyň birini ýoldaş tutunyp, salmaň boýundaky tallaryň kölegesinden, agaçlaryň gutaran ýerinden tamlaryň kölegesinden ýöreýär. Zerur bolmasa güneşe çykmasyny goýdy. Bir gün Allaberdi oňa reňkdeş diýäýmezmi. “Allaberdi maňa garajürjen diýdi” diýip, ejesine arz edýär. Zörledip aglaýan gyzyny köşeşdirmek Nurtäje iş boldy. —Sen ýaly akja, owadan gyz biziň obamyzd-a ýok, bilemok başga ýerlerde bar bolsa-da. Allaberdi daýyň degişip diýendir-le, ýa aryny alandyr, sen hem onuň gaharyny köp getirýäň-ä. —Eje, men garalasym ýog-a!? —Waý, toba diý gyzym! Şu wagta çenli akja halyňa, nä sebäpden garaljak?! Ogulkeýik ejesiniň köşeşdiriji mylaýym sözlerine ynansa-da, kalbyny gurşap alan ýersiz howsala doly öçmedi, kakasynyň aýdan: “Gülme goňşyňa, geler başyňa” nakyly ýadyna düşdi. Allaberdi daýysyna şunça güzap bereni üçin reňki üýtgär öýdüp heder edýärdi. Indi ol Allaberdiň köwşüni gizlänok, “atanlykda” aýagy degip çaýly çäýnegini agdaranok, dil gaýtaranok... Zol-zol aýna seredýär, süýdini gün sypdyrman içýär... Ondan bäri aýlar geçdi, ýyllar geçdi. Allaberdi Nurtäç ejeleriniň obasyndaky mekdebi tamamlap, goşun gullugyny dynyp geldi we ejesi birnäçe gezek käkelänsoň, bir gün Nurtäç ejelerine gidip salamlaşyp gaýtmagy ýüregine düwdi. Nurtäç ejelerine baranda Ogulkeýik bilen Ogulmaral heniz mekdepden gelmändirler. Mahym bilen Merjeniň sowgatjyklaryny gowşuryp, Baýsähet daýysy bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşyp, hojalykda näme iş bar bolsa kömekleşip, soň öýüne gaýtjagyny aýtdy. —Allaberdi, sen bize iş goýup gitdiňmi?! —diýip, Baýsähet degişip jogap berdi. Allaberdi dostlary bilen görüşmek üçin howlydan çykanda, Ogulkeýik bilen Ogulmaralyň öýlerine ýakynlaşyp gelýänlerini görüp sägindi. Olar bilen saglyk-amanlyk soraşandan soňra: —Näçinji synpda okaýaňyz? —Ogulkeýik—dokuzynjy, men ýedinji synpda—diýip, Ogulmaral doganyna deregem şadyýan jogap gaýtardy. —Tüweleme, tüweleme! Ýaňy dälmi gulpajyklaryňyzy tasadyp oýnap ýöreniňiz. —Daýy gaýdyp barýamyň? —diýip, Ogulmaral sorady. —Ýok entek. Dostlarymy görüp geljek, gelerin. Allaberdi Ogulkeýigi gepletjek bolup: —Reňkdeş, sen näme, gepläňok? Ogulkeýigiň ýüzi gyzardy, biygtyýar ýylgyranyny gizlejek bolup eliniň aýasy bilen agzyny tutdy, ýere bakyp durşuna: —Gözüňiz aýdyň daýy, sag-aman goşun gullugyny tamamlap gelipsiňiz! —Sag bol jigim—diýip, Allaberdi ýoluny dowam etdirdi. Ol tä dostlarynyň öýlerine ýetýänçä içini hümledip bardy: “Gyzlar ulalypdyrlar. Ol näme üçin maňa “daýy” diýýär, “siz” diýip ýüzlenýär. Ogulkeýigi tanar ýaly bolmandyr—görmegeýleşipdir, owadan gyz bolaýypdyr”. Allaberdi eglenmän, nebitçileri taýynlaýan ýörite orta hünär mekdebine resminamalaryny tabşyryp, giriş synaglaryny tabşyryp, bäsleşiksiz okuwa girip, üç ýyldan ony üstünlikli tamamlap öýüne dolananda, kakasy ony öýermegiň ugruna çykanlygyny yglan etdi. —Synpdaş ýoldaşlaryň bary diýen ýaly öýli-işikli boldular. Bizem ilden galman aýagyňy deňläýeli diýdik. Belki seň öz göwnüňe ýaraýany bardyr? —diýip, ejesi soradyy. Allaberdiden jogap bolmansoň, Hallygözel dowam etdi:—Sen ýaly asylly oglum üçin islän gapyma ýaýdanman bararyn, göz degmesin, enteg-ä abraýymyz bar. Şonda-da her kim tanaýan ýeri bilen, gözüniň ýetýän ýeri bilen garyndaşlyk açasy gelýä-dä. Ata-baba, öňden gelýän däp bolansoň, garyndaşyň bilen täzeden garyndaşlyk açanyňy geňläb-em duranoklar—diýip, Hallygözel ogluny göz astyndan synlap dymdy. Biraz salymdan: —Nurtäç ejeňem owadan, asylly gyzlary bar, biri-birinden owadan; ulujalarynyň ikisi hem okuwlaryny tamamladylar, haçan bagtlary açylsa çykarybermeli. Allaberdi ejesiniň “syýasatynyň” netijesiniň nähili karar bilen tamamlanjygyna düşündi. Ejesine-kakasyna gahary geljek boldy: “Bularyň akyly ýerindemikä? Ogulkeýik menden dört ýaş kiçi, Ogulmaral—alty, olar meniň jigilem-ä!” Ol syr bildirmän: —Eje, meň entek öýlenmek hyýalym ýok. Onsoňam ýaňy hünär edindim, ugradylan edaramda iki ýyl hökman işläýmeli. Kimlere barmalydygyňyzy özüm aýdaryn—diýip, agşam kakasynyň işden gaýdyp gelerine-de garaşman, goşlaryny düwüp, çöle rowana boldy. Ol zämet rugsadyna-da çykman iki ýyldan soň oba dolandy; iki ýyllap her aýda ejesine diňe zähmet haky bilen el ýaly salam hat iberdi. Her hatynda-da şol bir jümle: “Kaka, eje salawmaleýkim! Meň janym sag, keýpim kök.Hiç zady gaýgy etmäň, meni soranlara salam aýdyň!” Anha bolany. Allaberdi çölde Günüň astynda nebit gözläp, öňkisinden hem has garalyp we daýawlanyp geldi. Iki gün geçensoň, ejesi ýene Allaberdiň “gulagyny gazap” başlady: —“Özüm aýdaryn” diýip, habaram etmediň, iki ýyl garaşdyk... Biziň aýdanymyz bilen bolaý, hanym... —Eje, Nurtäç ejeler-ä bolanok, göwnämok—diýip, Allaberdi ýüzüni aşak sallady, gözüniň öňünden, Ogulkeýigiň onuň gaharyny getiren pursarlary yzly-yzyna kino ýaly bolup geçdi durdy. —Ogulkeýik ýa Ogulmaral meniň gelnim bolar diýip oýuma-da gelenok, siziň kelläňize nireden gelip ýör? Bu gürrüňi gyzlaryň özleri eşidäýse, nähili görerler?! —Gyz maşgala-da erk barmy diýsene, ejesinň diýeninden çykmaz. Kakaň hem garyndaşlygmyzyň ýitip gitmezliginiň tarapdary. Ilde ýegenine öýlenip, ýa daýysynaa çykyp ýören gytmy—geň-taň görülenok. Onsoňam, biz şerigatyň düzgüninden çykamzog-a, toba! —diýip, Hallygözel ýakasyny tutdy.— Entek Ogulkeýigiň razy boljagy-bolmajagy hem belli däl. Bu gezek Allaberdiň çyndan gahary gelip, oturan ýerinden tarsa turup, öýden çykyp gitdi, giçlik, öýündäkiler ýatmaga taýynlyk görüp ýörkäler geldi, iýmän-içmän düşegine geçdi, ertesi günorta golaý oýandy. Kakasy işe gidipdir, ejesi onuň ertirligini taýynlap, saçagyň üstüne goýuşdyryp ýören ekeni, galanlary her kim öz işi bilen çykyp gidipdirler. Hallygözel gudaçylyk hakda bu günem, ertir hem dil ýarmady. Üçülenji gün diýlende: —Mekdebimize ýaşajyk mugallym gyz gelipdir, başlangyç synplary okadýarmyşyn, daşyndan görüp gaýdaryn diýseň—diýip, ol mugallymanyň adyny we familiýasyny aýtdy. Allaberdi sesini çykarmady. —Ogulkeýigem gelen sawçyny gaýtaryp otyrmyşyn... —diýip Hallygözel ogluna seredýär. Allaberdi sesini çykarman ertirligini iýip otyr. —Kakaňam: “Öýlenmejek bolsa, Orazberdiň öňüne böwet bolmasyn” diýýä—diýip, Hallygözel ikinji oglunyň adyny agzaýar. —Biz-ä ata-baba gelýän düzgüni bozmaly diýýäs—Aýgözel jany göçürdik, tüweleme, guwanaýmaly, bagtly durmuşy bar. Senden soň Orazberdi jany öýeris, tüweleme, indi öňümizde yzly-yzlyna toý üstüne toý bolar, enşalla. Allajandan müň kerem razydyryn! Men kakaňa gelemde birje gezek ýüzünem göremok, ol-a duşuşmak ekeni. Ejem şoňa durmuşa çykmaly diýdi, gürrüň gutardy. Hanym, bizem saňa ýamanlyk etjek bolamzog-a! —Bor how, eje! Göwnüňize gelenini ediň. Günüme goýsaňyz bolýar. Oglunyň “razylygyny” alan Hallygözel begenjinden uçaýjak bolýardy. Agşam Annaberdi bilen sawçylyga ugramaly günüň sähedini anyklamaklygy karar etdiler. Allaberdi bilen Ogulkeýigiň durmuş toýundan soň çagyryjy hem gelip gitdi. Ejesiniň “zoruna” çydaman öýlenen Allaberdi gelinjiginiň ýanyndan aýrylmasa nädersiň! Ýaş çatynjalaryň otagyndan oglunyň “loh-loh” şadyýan gülkisi Ogulkeýigiň pessaý sesini basýar. Ýaşlyk we ýetginjek döwürleriniň hokgalaryny ýatllaşyp, Ogulkeýik çasly gülkisinden utanyp, ýüzüni ýassyga berip gülýär; gözlerinden ýaş akýança gülýär. Bagtyýar çagalarynyň şadyýan gülkilerine begenip, Hallygözel biygtyýar inen gözýaşyny süpürýär... Kakajan BALKANOW. 2022 ý. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Syrly dagdan / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |