13:03

Seniñ bilen ölmäge geldim / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 439 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024
Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Tabyt / hekaýa - 17.07.2024
Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024
Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024
Mert işi / hekaýa - 17.08.2024
Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Bagabat  
43
Hekaýa ýaşlar üçin gyzykly bolup biler.
Sebäbi, Sylapberdi, juwanlara mahsus tipiki wakany, tipiki duýgulary, tipiki hereketleri, özboluşly bir liriki-minimalizm çeper beýan ediş stilinde ýazyp, suratlandyrypsyň.

Meniň pikirimçe, okyjyny aňk etmek üçin näme etmeli, nähili ýazmaly?

Ýazylan zatda aňk ediji nämedir bir zat hökman bolmaly:

1. Geň-enaýy, haýykdyryjy ýa-da guwanmakdan ýaňa gözüňi ýaş aýlaýan waka;

2. Haýranyňy hekgerdýän duýgularyň beýany;

3. “Bäh muny diýsene!” diýdirýän üýtgeşik bir täsin, guşuň gözündäki almaň onlugyndan “wurýan” derejede jaýdar pikir.

Şularyň üçüsinem birden üpjün edip bolsa-ha has ajap.
Ýöne, geň-enaýy wakaň bolmasa-da, şablon (ýoň bolan, adaty kabul edilen) “söýgi geometriýa şekilini” (söýgi üçburçlugyny, dörtburçlugyny, hasköpburçlulygyny we ş.m.) suratlandyranyňda-da, soňky iki şerti berjaý edip bilseň, ýazylan zada özboluşly bir lowurdama çaýylyp bilýär.

Hekaýanyň syrtmakly ýeri erbet bolmandyr.
Stil?
Söz ýok.
Günsaýyn kämilleşýär.
“Liriki-minimalistik proza” diýip atlandyrsaň boljak.

Harp ýalňyşlyklary hem-de dyngy belgileriniň goýulmadyk ýerleri kän eken. Howlukman, gowuja redaktirlemeli.

Harp ýalňyşlyklary (görenjelerim :-():

cedäki – köçedäki;
Mäşerbiň – Mäşeribiň;
Yöne – Ýöne;
Ýok how – Ýok-how;
münýäni-lay – münýäni-laý;
ýalakalyk – ýallakçylyk;
Agyzbir – agzybir;
yana – ýana;
yanyna – ýanyna;
tapamok-lay – tapamok-laý;
kiçjik – kiçijik;
boýdan başa – boýdan-başa;
berýa – berýä;
baryan – barýan;
kölgäň – kölegäň;
kolgäňdenem – kölegäňdenem;
gidyär – gidýär;
Danyýar – Daniýar;
Daniyar – Daniýar;
yerlerine – ýerlerine;
aydyşjak – aýdyşjak;
ygetläp – söýgetläp;
duygudan – duýgudan.

Janyň sag, galamyň ýiti bolsun, Sylapberdi.

0
2 Bagabat  
43
Klasdaşy? Saýýarany birbada/ýüzüniň ugruna? tanamazlygyny, depgiden soňky stress diýip hasaplamak bolar. Ýöne, onuň "bile ölmäge gelmegi" okyjy üçin çakdanaşa "duýdansyz-düşnüksiz" bolup geçýän ýaly.
Elbetde, ýazylan zatda okyjynyň "öz garamagyna" ýaman kän zatlary galdyrmak bolýar, köp zatlary hetjikläp, çeýnäp, okyjynyň agzyna salyp bermän galdyryp bilseň, lazymam. Ýöne, Saýýaraň duýgusyna-da birje epizod sarp edilen bolsa has gowy gelşäýjek ýaly.

0
3 Bagabat  
43
Aşot agaň keşbi gowy keşp. Ýöne ol awtoryň eserde onuň öňünde goýan wezipesini "berjaý edip bilmändigi" hakyndaky "bihudalyk, pys geçenlik" duýgusyny döredýär. Belki diňe maňa şeýledir.
Sebäbi şeýle ýerine düşen şekiliň, näme üçindir diňe "durmuş kitabyny özüň ýaz" diýen birje maslahaty bermegiň hatyrasyna esere girizilenligine hiç ynanyp bilmeýärsiň. Göwnüňe bolmasa, hekaýanyň sýužet ýordumynda şeýle tapmaçaly, özüneçekiji garryň has äpet, has iniňi tikeneklediji "wezipesi" (funksiýasy) bar ýaly bolup dur.
Nämeden ybaratka şol "funksiýa"?
Muny kim biler?
"Sylapberdi biler" diýäýmeseň :-).

0
4 Bagabat  
43
Teatr sungatynda "anturaž" diýen düşünje bar. Bu söz bilen sahnada oýnalýan oýnuň daşky bezegi, şonuň düzüm birlikleriniň jemi atlandyrylýar. Bu hekaýanyňam anturažy juda, juda, juda özüneçekiji bolupdyr. Şeýlebir gowy welin, özüm-ä ony hekaýanyň, özüniň ahyrynda aýdýan/beýan edýän ideýasyndan gysgandym.
"Ýüz görüp gapyrga syrman" pikirimi aýtsam, göwnüme bolmasa, Aşot aga bilen hekaýanyň anturažy biri-birine şeýlebir gowy şap bolup "ýelmeşýär-de", soňky Daniýardyr Medineli waka, ony lämpiçgeleriň yşygyna ýaldyr-ýuldur edýän "блёстка"-lar bilen "bezemek" üçin, şolaryň üstünden howul-hara ýelimlenen ýylpyldawuk kagyz bölejikleri ýaly bolup dur.

0
5 Bagabat  
43
Daniýaryň ýerine syrtmakdan pişigi asmagy teklip edýän gelnejesini okap, şoh boldum.
Eger-de Sylapberdiň öz sözi bilen aýtsaň:
-Saçykesilen! Seň ýüwürjiň sähneliginde o bigünä janaweriň näme ýazygy bar? Ony beýdip anyklaýyş geçirmesiz, deslapky derňew amala aşyrmasyz, aklawjy bilen üpjün etmesiz, ahyrynda-da adyl kazyýet seljerişinde işine garap, höküm çykarmasyz, haýdan-haý jezalandyryberer ýaly...

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Şeyle belliklere garaşyardym. Bulary ýörite not depdere göçürýan. Soñam gullanmak üçin)
Hekaýa barada aytsam, umuman biraz gyssanan ýaly, çig ýerleri bar ýaly bolmagy gaty ahmal. Cekişmän-bekişmez diýýämi Berdi aga?!

0
7 kungfuu  
1292
Nowella çalymdaş eser ýazypsyňyz, Sylapberdi aga. Haladym.
Sizden ýene şular ýaly gowy eserlere garaşýan.

0
8 yaran_yagmur_9  
1578
Meniň garaýşym: Arslan - pul mesi, atasynyň hasabyna keýp çekip ýören; ýanyndakylar - ondan bir zatlar tamakin binamyslar; Medine - "trophy girl", ýagny "olja gyz" diýilýän, kim pully bolsa şonuňky. Emma Daniyal? Özüm-ä Daniyalda hem haýsydyr bir mertebeli sypat görmedim. Bolýar, sosial statusy şeýle, köp çagaly garyp maşgaladan, bu aýyp däl. Köp gaýratly adamlar şeýle nokatdan başladylar. Medine Arslany saýlaýar, ol şeýtmek bilen özüniň durmuşdaky ynanjyny görkezýär (pula ynanjyny), onuň üçin özüni asmak bilen Daniýal nämäni görkezýär? Ol hem öz durmuşynda hiç hili ymtylmanyň ýokdugyny, şahsyýetsizdigini görkezýär. Agasy hem belki şonuň üçin oňa düýgudaşlyk bildirmeýär. Hiç kim hem bildirmeýär, nebsi agyran tapylar, emma bu düýgudaşlyk hem, hormat hem däl. Bu - nebsagyryjylyk, kemsidiji garaýyş.
Soňky gelen gyz hakynda. Okyjylar ýöne ýere geň galanoklar onuň birden çykyp "bile ölmäge" gelenine. Bu ynandyryjy bolardy, eger bu uzyn roman bolup, ýyllaryň dowamynda baş gahryman özüniň ahlak, erk ýa-da işjeňlik sypatlary bilen bir gyzyň şeýle söýgüsini gazanan bolsa. Onda munuň şeýle manysy bolardy: "Seni ýekirýän, özi hem mertebesiz zenan üçin ruhdan düşme, git-de öz ýoluň bilen bol, kämilleş, öz geljegiňi gur, şonda Hudaýam saňa mynasyp, üstesine seni söýýän zenany saňa duşurar!"
Emma hekaýada beýle bolanok, uzak göreşiň we kämilligiň sylag-serpaýy bolmaly ol päk söýgüli gyz entek öz ýoluny tapmadyk, maksady bolmadyk, ýaşasy hem gelmeýän oglanyň üstüne gelýär. Bu happy end däl, adamyň şahsyýeti öz içinden ösmese, biri ony halas edip bilmez.
"Gyz söýjek bolsa sebäp gerek däl ahyryn (ýüregi söýendir)" diymekleri mümkin, emma biz olar ýaly kör söýginiň gürrüňini edemzok, gyz arakkeşi hem söýüp biler, ganhory hem, dälini hem beýle diýjek bolsaň. "Gyzyň Daniýele nebsi agyrandyr" diýseň, ýokarda aýdyşymyz ýaly, bu mertebeli ynsanyň islemejegi, kemsidiji gatnaşyk. Biz eseriň ajaýyp, belent, parasatly, kämil, bagtly söýgi bilen soňlanmagyny isleýäris. Bu ýerde bolsa kemsidilen, köçä taşlanan, hiç kime gerekmejek, artykmaç, zowally biçäreleri görýäris. Meniň pikirimçe, Arslan söýgä degmeýän mahluk bolsa, Daniýel hem söýgä degenok. Onsoňam onuň bilen bile galmak gyza howply, ol gyzyň sözüne bukwalno düşünen bolsa. Ikinji gezek golaýda agalary bolman biler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]