08:29 Seniñ salamyñam almak islämok... | |
"SENIÑ SALAMYÑAM ALMAK ISLÄMOK.."
Goşgular
Salamda Tañrynyñ ady bar diýrler, A señ salamyñam almak islämok. Unudyldy seni söýlen döwürler, Indi adyñy-da bilmek islämok. Elbetde ki, haýyr bardyr şer işde, Saña aklym haýran, añym dürüşde. Nädip, syr bildirmän aýnap bilýärsiñ, Bir oýnam söz bilen oýnap bilýärsiñ. Maña hasap berjek bolma mönsüräp, Gyşda didelemde buz bolup doñan, Gursagymdan syzlyp gan bolup dömen Bir bigäne geçmez ýaly ýañsylap. Ýuwdunan gözýaşlam özümki bolsun, Hasabyñ-hesibiñ özüñki bolsun. Çekseñ bir özüñ çek, biwepalygyñ, Ýükün atjak bolma özgäñ omzuna. Barmyş, bary-ýogy bir sapalygyñ, Sen bilýänem dälsiñ, gussañ deñzine. Agy kylyp, bokurdakdan ýuwdanym, Dünýämi gark eýläp taşlap gaýdanyñ. Nätseñ şeýt, ýol seniñki her işde, Kebzäñden tutanda Duman perişde Aljyraman berseñ bor-la hasabyn. Eger dalda isläp baksañ her ýana, Kim bolarka şonda saña perwana Men ýeñledip bilmen ýöne azabyñ. Şol wagt özümi diläp Hudaýdan, Daş bolaryn seniñ kimin gedaýdan. Hem-de begenerin Iblisiñ ogşan, Alkymyña basmanyma eñegmi. Syratyñ myhmandyr bir günde lagşar, Ýer gysymlar göge tutan temegñi. Maña duşan taýsyz ýalanam bolsañ, Ýalandan ýüzüme gülenem bolsañ, Çözlüp durmasa-da her salan düwnüñ Gamly pursatyñda gamlanar göwnüm. Ýogsa-da aýtsana, kim gurdy hile, Almasam-da seni Tañrydan diläp Haçan seni menden aldylar dolap? Ýañy geljek bolup durkañ bu ile. Geldiñem, başgady ýöne görjegiñ, Mähriñi mugtuna özgä berjegiñ. Del demlerden alan mähir-hyrujyñ, Gizlärin öýtdüñmi synçy gözümden. Ýa tapmaz öýtdüñmi başga alajyn, Men añypdym ilki aýdan sözüñden. Duýdum gijem bolsa ýene bir zady, Ger söýseñ panyda bir perizady Hakyñ söýgüsini unudyp bir dem Ýalan söýgülere göwün ýüwürden Men ýala beriljek jezady meger Razy Ýaradandan bu jeza bilen Kalbyma sanjylan bu yza bilen Soñlap, gelejegmi ýagtyltsa eger. Girmänime sebäp eýlär keremne, Bu dünýäniñ Şetdat salan Eremne. Sen ýene gel, geler öýtme gaharym, Miltem etmez, kalbym duran ýerinden. Gonalgañda howasyn sor şäheriñ, Hakyñ yşky geçip durka serimden. Öz dünýäme gümra bolar gezerin, Men ýazaryn, ýöne bir zat ýazaryn. Yşk nedir bilene, çakaryn çawuş, Diýerin: - Bu ýalan, durmuşy ýalñyş. Bakmañ göz-gaş kakyşyna Iblisiñ Berjegi bir posa, bir oýnam şygyr, Bolmak islemeseñ misli güñ, sagyr, Gaçyñ deñesinden beýle müflisiñ. Bu yşka düşenden düşmäniñ ýegdir, Kalbyna erk eden soltandyr, begdir. Diñlänler tapylar, diñlemedigem, Düşer sen tetelliñ guran toruna. Jahan giñ, hiç zady geñlemedigem, Elbet, bir gün her kes durar ýerine. Ýöne ýene bir zat aýdaýyn saña, Tötändenem bolsa sataşyp maña. Gorjalanmaz ýaly pikir-oýlaryñ, Gaşlañ bürüşdürmez ýaly roýlaryñ. Men taşlap giderin bu ak şäheri Ine-gana bärik geleriñ ýaly, Ýalandan şat bolup güleriñ ýaly, Ýaşat diýip geldi-geçer bahary. Şemalladyp ýagyr bolan arkamy, Hem atynyp bukup goýan hyrkamy. Hydyr gören daglañ kemerlerinde, Haky ýada salar gezer ýörerin. "Enel-Hak" at salar damarlarymda, Säher gözýaşymda ýüzer ýörerin. Sabada syn edip Günüñ dogşuna, Aglaryn goşulyp ýazyñ ýagşyna. Hem şapagy synlap ikindinara, Salam göndererin Gözel dildara. Ýöne göz ýetirdim bir zada ilki Seni öz dünýämden gyrkyp zyñmaly Şeýtana el beren nebsi ýeñmeli, Gözel dildar, şonda bagyşlar belki... Şoñ üçin salamyñ almak islämok, Hatda adyñy-da bilmek islämok... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |