21:43 Senzuraçylar | |
SENZURAÇYLAR
Publisistika
1971-nji ýylyñ 12-nji mart güni - faşistik günleriñ birinde harby gullukçylaryñ beren memorandumy bilen "terroristleriñ" üýşýän öýi basylýar. Ýöne Stambuldaky bu operasiýa gatnaşan ofiserler içerden hiç zat tapyp bilmän, boş çykmaly bolýar. Pejiñ üstündäki kiträ, burugsap duran çilim galyndylaryna seredip, öýdäkileriñ birnäçe minut öñ gaçandyklary belli bolýar. Öçürilmän galan radioda bolsa "Uçuñ guşlar uçuñ, Izmire sary!" aýdymy ýañlanyp dur eken!.. * * * Harby hökümetiñ serkerdesi dört ýyldyzly general Faik Türün şowsuz tamamlanan operasiýa ýolbaşçylyk eden serkerdäni dalap alanda, täsin jogaby eşidýär: - Ýoldaş general, näme edibilerdik? Ýogsa hemmetaraplaýyn taýynlygymy görüp bardyk, emma öýe girenimizde "Uçuñ guşlar uçuñ, Izmire sary!" aýdymy aýdyp dur eken. TRT-däki kommunistler operasiýanyñ habaryny alyp, terrorçy ýoldaşlarynyñ Izmire gaçmaklary üçin radiodan signal berýän eken!.. Mundan soñ operasiýanyñ ümzügi Izmire bakan gönükýär!.. * * * Faik Türün operasiýa geçensoñ TRT-niñ baş müdiri general-leýtenant Musa Ögüne jañ edip: "Musa! Musa!.. Sen ol ýerde uklaber! Seniñ kommunist işgärleriñ radioda goýberýän aýdymlary bilen terrorçylara signal berýär" diýip, azar ýamanyny berýär. Bu berk duýduryşdan soñ Musa papa dessine ýaýlyma goýberiş boýunça jogapkär işgärleri ýanyna çagyrýar. Ol işgärlerine "Mundan beýläk "Uçuñ guşlar uçuñ, Izmire sary" aýdymyny bermek gadagan!" diýýär... * * * Iñ täsin senzura 1969-njy ýylyñ 16-njy fewralynda iki adamyñ ömür tanapynyñ üzülen, 200 ildeşimiziñ ýaralanan "Ganly ýekşenbe" kartinalary bilen baglanyşyklydy. Premýer-ministrlikden TRT-ä gönderilen görkezme arkaly Stambuldaky işçiler mitinginde bolup geçen tragiki wakalaryñ gözegçilik eleginden geçirilen gepleşikleri berýän TRT teleýaýlymynda görkezilmegi gadagan edilipdi!.. Ýagny, TRT hamala ganly wakalar asla bolup geçmedik ýaly gepleşiklerini dowam etdiripdi. * * * Şol ýyllarda meşhur rus ýazyjysy Anton Çehowyñ "Üç uýa" eseriniñ goýberlişine "Türk teleýaýlymlarynda rus ofiserleriniñ harby lybasyny görkezip bolmaz" bahanasy bilen rugsat berlenokdy. * * * Ýene bir senzura samsyklaçlygy ýazyjy Nejati Jumalynyñ “Nalynlar” atly pýesasynyñ jynsy meýilleri oýarýandygynyñ öñe sürülmegidi. Şol ýyl (1974) başga bir amerikan pýesasy sahnalaşdyrlanda, sahnada ýalañaç erkek heýkeli göründi diýip senzuranyñ şarpygyny iýipdi. Tragikomiki gadagançylyklaryñ biri-de meşhur satirik Lewent Kyrjanyñ parodiýalarynyñ birindäki Ryfky obrazyny Ýaýlym gözegçilik müdirliginde işleýän Ryfky atly bir gözegçi özüne çekende bolup geçdi. * * * Baryş Mançonyñ meşhur “Arkadaşym eşek” aýdymy bolsa “Eşek adamlaryñ arkadaşy bolup bilmez” bahanasy bilen birnäçe wagtlap gadagan edildi, hatda aýdymça sözlerini “Arkadaşym guzy!” diýip üýtgeden ýagdaýynda ýaýlyma beriljekdigi aýdylypdy!.. Şol sanda Esmeraýyñ aýdýan "Biz ynsan" (“İnsanız”) aýdymy-da içinde tankyt bar bahanasy bilen "Aýdymlar diñleýjilerini şatlandyrmaly, tankydy serişde hökmünde ulanylmaly däl" diýip, gadagan edilipdi. * * * Şular ýaly tragikomiki mysallardan Orhan Baýkal gardaşym bilen bile ýazan "Ýalandan kim ölüpdir?" ("Yalandan Kim Ölmüş”) atly kitabymyzyñ çap bolup çykanyna birnäçe ýyl geçensoñ, sitatalar getirmegimiñ sebäbini aýdar bolsam... Siziñem bilşiñiz ýaly "Senzura hakyndaky kanun" birgiden nägilelikleriñ bildirilendigine garamazdan Mejlisden geçdi. Hiç iñkise gitmäñ, bu kanuny çykarjak bolup dyrjaşanlar muny ýerine ýetirmekde şeýle bir gülkünç, hatda utandyryjy ýagdaýlaryñ bolup geçmegine sebäp bolarlar. Bir gün geler, olary-da dek häzir ýokarda ýatlanan geçmişiñ senzuraçylary ýaly señriklerini ýygryp ýatlarlar!.. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 15.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |