07:05 Seýit Nesimi | |
SEÝIT NESIMI (1370—1417 ý.)
Edebi makalalar
Sözüň Ýewropa äheňindäki siwilizasiýa folklora (folklor — nemesçe köpçüligiň döredeni diýmekdir) ölüm täsirini ýetirýär. Çünki siwilizasiýa ruhy-çeper döredijiligiň gutarnykly suratda şahsyýetleýin häsiýete geçmegini alamatlandyrýar. Şol wagta çenli köpçülikleýin döredijiligiň janly hadysasy bolan folklor milletiň siwilizlenmegi bilen «togtan», «ölen» ýagdaýa geçýär, çünki ol hata-ýazuwa geçirilýär. Hat-ýazuw bolsa döredijiligiň bu taryhy görnüşiniň özboluşly bir «kepenidir», onuň muzeý eksponatyna öwrülmegidir. Hat folklory üýtgewsiz şekile salýar, ony anyk bir şekilde kanunlaşdyrýar, folkloryň diriliginiň esasy şerti bolsa hemişe janly özgerişde bolmakdyr, üýtgäp-özgerip durmakdyr, bir nusgalylykdan aman bolup, köpnusgalylykda dowamat tapmakdyr. Gündogarda, şol sanda biz türkmenlerde folklor bilen ýazuwyň arasyndaky gatnaşyk hemişe çylşyrymly, ikitaraplaýyn bolup geldi. Bu aýratynlyk folklor edebiýatyň çeşmesidir diýen pikiriň hakykatyň diňe ýaryny görkezýändigini aňladýar. Ýok, gündogar medeniýetiniň özboluşlylygyna laýyklykda, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda edebiýat hem folkloryň çeşmesi bolup geldi. Şol sebäpdenem dürli erteki ýa rowaýat sýužetlerimiziň ýüzlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň eserleriniň içinden çykyp ýörendigine geň galyp oturasy iş ýok. Bu folklor — edebiýat gatnaşygynyň iki taraplaýyndygyny tassyklaýar. Alty ýüz ýyl gowrak mundan ozal ýaşap geçen beýik türkmen şahyry Seýit Nesimi baradaky türkmen rowaýatlarynyň iki çeşmesi-de bar: olaryň birnäçesi baryp-ha şahyryň öz döwründe hata geçirilip, kitapdan kitaba geçip gelen edebiýat önümidir, birnäçeleri-de tas biziň günlerimize çenli diňe dilden dile geçip gelen janly folklor eserleridir. Bir nesliň dilinden beýleki bir nesle gowşup, janly halk döredijiliginiň bir bölegi bolan ol rowaýatlar Nesiminiň adynyň, şahsyýetiniň, ideýalarynyň hem-de ömrüniň türkmen halkynyň janly taryhy hakydasynyň esasydygyny tassyklaýar. Ýöne ömrem ömür weli, onuň hut ölümini beýan edýän halk rowaýatlary has köpdür hem-de, megerem, has ähmiýetlidir. Bu dünýäde her kim bir hili yz galdyrýar. Kimleriň ömri, işi ölüm bilen jemlenýär, ýapylýar, kimleriň ömri bolsa ölümi tarapyndan aýan edilýär, açylýar. Beýik Nesiminiň dünýädäki işi, zemin ykbaly ikinji mysala degişlidir. G.Ezizow tatar şahyry Musa Jelil baradaky şygrynda «dünýäde şahyr diýilmäge iki adam hakly bolsa, şolaryň biri sensiň, çünki sen ölümiň gözüne bakyp şygyr ýazmagy başardyň» diýen manyda sözleýär. Gurbannazar Ezizowyň sözlerinde biraz göçmemanylylyk äheňi bar. Biziň Nesimimiz weli sözüň iň hakyky, barypýatan asyl manysynda ölümiň, ýöne-möne, adaty däl-de, juda aýylganç ölümiň göni gözüne bakyp şygyr ýazan şahyrdyr. Diňe ölümiň nämedigini eýýäm dirilikde görüp bilen, entek ölmänkä ölümden aňyrky barlyga ätläp bilen kişi, ajal bile fiziki ýüzbe-ýüz bolmazdan ozal ony akyl hem ruhy taýdan ýeňen kişi munuň hötdesinden geler. Biziň Nesimimiz şeýle kişidir. * * * Seýit Nesiminiň ölümi türkmen hakydasynda ömürylla ýatdan çykmajak pajyga bolup galypdyr. Ol rowaýatlaryň giňişlik meşhurlygy hem wagtboýy rowaçlygy hatda geňem galdyrýar. Bizem Nesimi baradaky gürrüňimiziň anyklygyny şolardan başlamagy ýerlikli hasapladyk. Üç rowaýat, üçüsi hem bir ölümden gürrüň berýär. Bir gezek Halap şäherinde bir ýigit uly iliň öňünde Nesiminiň şygyrlaryny okapdyr. Şygyrlaryň manysy ruhanylara ýaramandyr. Ýigidi derrew tussag edipdirler. Nesimini paş etmejek bolup, ol ýigit şygyrlary özüm ýazdym diýipdir. Ruhanylar ony dardan asmak kararyna gelipdirler. Edil şol mahal Nesimi bir ädikçä köwşüni bejerdip oturan eken. Ýokarky wakany eşiden Nesimi dar agajynyň astyna baryp, okalan şygyrlaryň özüniňkidigini aýdypdyr. Ýigidi boşadypdyrlar. Şahyryň hurufydygyny bilen mollalar onuň diriligine derisini soýmaga pitwa beripdirler. Ölüm jezasyndan birjik-de gorkmadyk Nesimi şol pursatda-da «Enel — Hak» — «Men — Hudaý» sözüni gaýtalap durupdyr. Şonda mollalar hanjaryň tygy ýüregine ýetip, reňňi saralan şahyrdan «Eger sen Hudaý bolsaň, nämüçin meňziň solup-saralyp barýar?» diýip, gyjytly sorapdyrlar. Şahyr: «Meň yşgyň Güneşiýem, Güneş-de ýaşjak bolanda, solýandyr» diýip jogap beripdir. Nesiminiň ölümine pitwa beren molla «Munuň gany haramdyr, haram ganyň syçran ýerini pyçak bilen kesip aýyrmak lazymdyr» diýen. Şol wagtam şahyryň bir damja gany şol kazynyň barmagyna düşüpdir. Märeke kazydan şol barmagyny kesip aýyrmagy talap edende, ol «Meniň sözlerim bary-ýogy mejazdyr, ýagny göçme manylydyr» diýip sypajaklapdyr. Ikinji bir rowaýatda Nesiminiň şol wagtlar Antabda ýaşandygy, özüniňem welaýat häkiminiň — waliniň dosty ekendigi aýdylýar. Duşmanlary şahyr bile häkimiň arasyna çöp atmagy ýüregine düwüpdirler. Olar assyrynlyk bile Nesiminiň köwşüniň aşagyna Gurhanyň ýasin süresiniň ýazgysyny tikip, goýupdyrlar. Soňam häkimiň ýanynda şahyrdan: «Gurhany basgylaýan adama nähili jeza bermeli bolar?» diýip sorapdyrlar. Nesimi: «Beýle näkesi ile betnam etmeli we diriligine derisini soýmaly bolar» diýip jogap beripdir. Şeýle jogaba göwnühoş mollalar ur-tut şahyryň köwşünden Gurhanyň ýazgysyny çykaryp alypdyrlar hem-de onuň derisini soýupdyrlar. Hassa Nesimi zordan özüni Halaba atyp, şol ýerde-de aradan çykanmyş. Üçünji bir rowaýatda şeýle aýdylýar: Gadym zamanda bir mollanyň Nasreddin, Seýit Nesimi, Seýit Muharrem we Kesikbaş diýen talyplary bar eken. Molla ýok wagty Nesiminiň maslahaty bilen talyplar mollanyň goýnuny soýup iýmekçi bolýarlar. Nesimi goýny öldürip, hamyny sypyrýar. Kesikbaş kellesini aýyrýar. Muny synlap duran Nasreddiniň gülküsi tutýar, ýoldaşlaryna ýomak atýar. Seýit Muharrem bolsa olara perwaýsyz garap, galmagal edýär, oýun edýär. Molla bu wakany bilip, eden hereketlerine görä talyplaryna gargyş edýär. Netijede Nasreddin ile belli wäşi adam bolup ýetişýär. Kesikbaş uruşda ölenmiş. Seýit Muharrem hem ölensoň, jesedi Sidre dagynyň üstünde goýlupdyr. Ondan haýyr isläp, mazarynyň başyna serhoşlaryň, tansçylaryň we zikrçileriň üýşüp başlamagy bilen, ol ýer şowhunly ýere öwrülipmiş. Mollanyň gaharyna esasy günäkär Nesimi agyr jeza sezewar bolýar. Şahyryň duşmanlary, ädikçi bilen dil düwşüp, onuň köwşüniň aşagyna Gurhanyň sahypasyny tikdirýärler, soň ony diriligine soýýarlar (Türkmen edebiýatynyň taryhy. I tom, 253 s.). Bu rowaýatlaryň hakykata gatnaşygyny aýdyň etmäge geçmezden owal, aslynda rowaýatyň adamzat aňynyň bir görnüşi hökmündäki aýratynlygyny kesgitlemeli. Ýöne ondanam ozal şahyryň ömrüniň paýawlaýşyny anyk gürrüň berýän bir taryhy ýazga ser salalyň. «Kunuz üz-zahab» atly arap çeşmesinde şeýle ýazylypdyr: «Mülhit Aly Nesimi Ýaş begiň döwründe jezalandyryldy. Şol zamanda biziň şeýhimiz Ibn Hatib al-Nesiriniň we ulug kazy naýyby şeýh Izuddin Şemseddin Ibn Emin ud-döwläniň, ulug kazy Fethuddin el-Mälikiniň we ulug kazy Şihabededin el-Hanbalyň gatnaşmagynda Nesiminiň işine seredildi. Ol birnäçe akylsyzy ýoldan çykarypdyr we olar käpir bolup, onuň ýoluna eýeripdirler. Ibn al-Şangaş Alhanadan atly biri şäheriň kazylarynyň we ulamalarynyň özünde nesimili meseläni goýupdyr. Kazy oňa «Eger sen Nesimi hakda aýdýan zatlaryňy subut edip bilseň, men seni jezadan boşadaryn» diýipdir. Nesimi kelemeýi-şahadaty aýtdy we özi baradaky gürrüňleriň ýalandygyna Gurhandan ant içdi. Şol wagt şeýh Şihabuddin ibn Hilal gelip ýetdi. Mejlisiň törüne geçip, ony Nesimi käpirdir, jezasyny çekmelidir, onuň tobasy bolsa kabul ederliksizdir diýdi. Ibn Hilal: «Näme üçin oňa jeza bereňzok?» diýip sorady. El-Mäliki: «Jezany öz elleriň bile ýazarmyň?» diýdi. Beýleki «Hawa» diýip, karary ýazdy we ony ýene-de oturanlara okap berdi. Emma oturanlar onuň bile ylalaşmadylar. El-Mäliki: «Kazylar hem ulamalar garşy, men nädip ony diňe seniň sözleriň esasynda jezalandyraýyn?» diýdi. Ýaş bek aýtdy: «Men ony jeza höküm edemok. Men soltany onuň meselesi bilen tanyş etmeli. Soltanyň aýtjak sözüne garaşaly». Şonuň bilen mejlis tamam boldy. Nesimi zyndanda galdyryldy. Onuň işi barada soltan Muaýada habar berildi. Soltandan onuň derisini soýmaly we ýedi günläp Halabyň ilatynyň öňünde peçan etmeli hem-de el-aýagyny kesip, Alybeg Ibn Zülgadara, onuň dogany Nasyreddine hem-de Osman Garaýoluga ibermeli diýen buýruk geldi. Şeýle-de edildi. Nesimi kapyr hem mülhit bolupdyr. Onuň inçe şygyrlary bar diýip gürrüň edýärler». Görnüşi ýaly, Nesiminiň öldürilmeginiň diňe bir dini däl, eýse milli syýasy sebäpleri-de bolupdyr. Bagdat şol wagtlar Müsüriň mamluk häkimiýetiniň elinde eken. Akgoýunly hem Garagoýunly türkmenleriň ýaşaýan ýeri bolan Yrakda, şol sanda Bagdatda merkezi häkimiýetden garaşsyz bolmak pikirleri güýçlenip, mamluklar Nesiminiň wakasyna-da şol hereketiň bir ýüze çykmasy hökmünde garapdyrlar. 1370-nji ýylda Halap şäheriniň ýanyndaky Nesim diýen obada eneden bolan şahyryň döwründe Kiçi Aziýanyň syýasy durmuşynda Zülgadarly, Akgoýunly hem Garagoýunly türkmen taýpalapary uly rol oýnapdyr. Nesimi zülgadarlylaryň hany Alybeg, Diýarbekiriň häkimi Osman Garaýoluk Akgoýunly bilen ýakyndan aragatnaşyk saklapdyr. Halap iri söwda hem medeni merkez bolupdyr. Öz gysga ömründe Seýit Aly Nesimi Bagdatda, Türkiýede, beýleki ýerlerde bolup görüpdir. Ol 1417-nji ýylda Halapda derisi soýlup, öldürilipdir. * * * «Şahyra düşünmek isleseň, onuň Watanyna ugra» diýen pähim biziň gündogar şahyrlarymyz, şol sanda Seýit Nesimi babatda hem özboluşly many alýar. Bu ýerde watan döwür diýmekdir, döwür bolsa şahyryň beýnisini bekiden, onuň döredijiliginiň dilini kemala getiren, onuň ýaşaýyş hem sözleýiş dili bolup hyzmat eden ideologiki gymmatlyklar we ölçegler, dünýägaraýyş hem pelsepeler diýmekdir. Nesimi şahyrana sözlän öwlüýäleriň hataryna girýär. Günbatar alymlary tarapyndan yslam mistisizmi hökmünde, Gündogaryň alymlary tarapyndan ylmy-batyn hökmünde kesgitlenen sopuçylyk-tasawwuf Nesiminiň dünýägaraýşynyň baş formasy, dünýä gatnaşygynyň esasy usulydyr hem-de şahyrana döredijiliginiň esasy özenidir. Köp akymly, köp reňkli hem-de köpjähetlidigine garamazdan, tasawwufyň bitewi bir ruhy hadysa bolup, biziň iman hem imanlylyk düşünjämiziň täze çuňluklaryny açypdyr. Ol hakykata göz ýetirmek işinde döredijilikli çemeleşiş düşünjeleriniň ulgamydyr, ol hakykat, ynanç, ahlak babatda göýä gutarnykly kesgitlenen esasy meselelere şahsy döredijilik-hususy ýürek-köňül gatnaşygynyň ykrar edilmegidir. Yslam ylymlarynyň içinde adamlaryň ýüregine hem düşünjesine giňden ornaşanlygy babatda, sungatymyzyň hem edebiýatymyzyň ösmegine güýçli täsir edenligi babatda tasawwuf bilen deňeşip biljegi ýokdur. Geçmişdäki görnükli şahyrlarymyzyň içinde tasawwufa dahylsyzynyň ýokdugy hakykatdyr. Bu hakykat tasawwufyň-sopuçylygyň bar zatdan beter ilkinji nobatda we ahyrky netijede ruhy-estetiki hadysa bolandygyny subut edýär. Şonuň bilenem ol ruhy-intellektual hadysalar bolan pelsepeden we kelamdan tapawutlanýar. Birinji — hakykata kalp, ýürek bile, ikinjiler bolsa hakykata akyl bile ýetmekdir. Akyl umumylaýynlygy bilen, ýürek bolsa şahsyýetleýinligi bilen häsiýetlenýär. Seýit Nesiminiň dünýägaraýşyna hem döredijiligine täsir eden tasawwuf akymy hurufylyk atlandyrylypdyr. Hurufylygyň esasy ideýasy Allanyň sypaty başlangyçlarynyň adamda ýüze çykýandygy baradaky pikirdir. Hurufylar arap harplarynyň batyn (gizlin) manysy bar hasap edipdirler. Olar hatda weliligi — öwlüýäligi pygamberlikden ýokary goýmaga çenli baryp ýetipdirler. Welileriň şasy ymam hezret Alydyr. Zuhur — adamda ylahy sypatlaryň peýda bolmagyny ykrar eden hurufylar «Allah» adyny adamyň ýüzünden okapdyrlar: burun — elip, burnuň deşikleri — iki «lam», iki göz bolsa — «ha». Olaryň pikiriçe, ylah özüni sözde aýan edýär, söz bolsa ses bile mana getirilýän harplardan ybaratdyr. Şuňa meňzeş pikirler käbir beýleki akymlarda hem, mysal üçin, bektaşylykda goldanypdyr. Türkmen taýpalarynyň gadymy şamançylyk düşünjelerini, hurufylyk garaýyşlaryny özüne siňdiren bektaşylykda Gurhanyň batyn manysy diňe saýlantgy — has adamlar üçin düşnüklidir hasaplanypdyr. Olar sanlaryň, şol sanda 4-lügiň gudratly, syrlydygyna ynanypdyrlar. Hususan-da, Allaha eltýän ýol dört basgançakdan — şerigatdan, tarykatdan, magryfetden we hakykatdan ybaratdyr. Bu ýollarda ynsan dört hili şahsyýete — sypata eýe bolýandyr — abyd-ybadat ediji, zahyd-zuhd ediji, aryf-yrfana ulaşan hem-de aşyk — yşga berlen. Gudratly, syrly sanlaryň içinde 12-lik (on iki ymam) bile 32-lik hem bar. Pars elipbiýiniň 32 harpy bar. Şeýle-de adamyň ýüzündäki, onuň ykbalyny aýan edýän ýygyrtlaryň we çyzyklaryň sany-da otuz ikidir. Hurufilige güýçli täsir eden pelsepeleriň içinde Ibn Arabynyň wahdaty-wujud pelsepesi aýratyn saýlanyp durýar. Wahdaty-wujud — barlygyň birligi we bitewüligi diýmekdir. Az-zat, al-hakk hem-de al-ahad bolan Absolýut öz-özüni synlamak üçin al-halka öwrülmäge ymtylypdyr. Bu öwrülmä tejelli diýlipdir. Şonda içki we ruhy reallyk daşky hem predmetleýin reallyga dönýär. Ol atlardan we sypatlardan ybarat bolup, ybadatyň hem hikmetiň predmetine öwrülýär. Şonda-da ol ýeke-täk çyn barlyklygyna galýar, dünýä bolsa onuň bary-ýogy şöhlelenmesi bolup durýar, şonuň üçin onsuz dünýäniň manysy ýokdur. Diňe adamda Absolýutyň sypatlary jemlenendir. Ol adam arkaly — kämil adam arkaly öz-özüne şaýatlyk edýär. Soňky asyrlarda Ibn Arabynyň bu teoriýasy tankyt edilip, oňa alternatiw garaýyşlar döräpdir. Hususanam, Ahmet Faruky wahdaty-şuhud teoriýasyny öňe sürüpdir. Eger wahdaty-wujudyň düýp manysy «hame ust» — hemme zat — oldur» diýen aňlatmada jemlenýän bolsa, wahdat-şuhudyň manysy «hame az-ust — hemme zat şondandyr» diýmekdir. Adamyň ylah bilen birligi, birleşmegi diýilýäni salgymdyr, özüňi aldamakdyr. Gürrüň diňe bu ikisiniň söhbetdeş bolmagy, duşuşygy barada gidip biler. * * * Emma Seýit Nesiminiň ideýalary, ömri hem, ylaýta-da, ölümi başga bir ägirt — Mansur Hallajyňka has meňzeşdir, ýakyndyr. Muny oňat bilen köne şahyrlarymyz Mansury Nesiminiň ideýa-ideologiki eždaty hökmünde nygtap, ýöriteläp görkezipdirler. Olaryň ikisiniňem dilinden «Anal — Hak» — «Men — Hak» diýen jümle dünýä ýaýrapdyr, ikisi-de bu sözleri üçin jandan dynmaly bolupdyr. Meşhur şahyrymyz Andalyp Hallajyň şol sözlerini onuň esktaza—mejzuba düşmeginden görýär. Onuň eseriniň başynda Mansur siňlisi Eneliň yzyna düşüp gidýär, yzyndan barýan agasyndan bihabar Enel çiltenleriň mejlisine gelýär. Mejlisde şeraban-tehur — arassa şerap-içgi içmek bilen wagt ötürýän çiltenler Enele şeraply pyýaladan Mansura içirmegi buýurýarlar. Enel diňe ýeke gultumça şerap berýär. Ine, şondanam esktaza düşen Mansur «Enel — Haky» sözläp, il içine çykýar. Şerap içmek, elbetde, barlygyň, ýaşaýşyň özge halatlarda açylmagy mümkin däl, özge serişdeler arkaly aýan edilmegi mümkin däl içki manylarynyň hem syrlarynyň daşa çykmagyny alamatlandyrýar. Ýaşaýyş, barlyk diýip bolsa degişli taryhy-ruhy kontekstde, elbetde, Allanyň kelamyna düşünilýär. «Enel — Hak» jümlesi Hallaçda wahdaty-şuhud kesgitlemesine laýyk mana gelýär, ýagny iň ýokary derejede saplanan, arassalanan, özge mekanda ýaradylan, watany-da şol ýer bolan kalbyň, öz asylbaşky, ezelbaşky arassalyk derejesine gaýdyp baran kalbyň özünde Absolýuta mahsus sypatlar peýda bolýar. Munuň üçin Hallaç beýleki sopular ýaly niçe wagtlap özüne zuhda tutupdyr. Netijede arassalanan kalpda özgerişlik bolup geçýär, adamyň beşeri «menligi» ýok bolýar, onuň deregine öz-özüne şaýatlyk edýän ruh gelýär. Mejzubyň manysy şudur. Hallajyň dili bilen sözleýän hem Şoldur. Kalp, ruh Allanyň demidir. Gürrüň rollaryň hem orunlaryň çalyşmagy barasyndadyr, emma weli ylahyň hem ynsanyň zat, asyl birligi barada däldir. Ýöne, gynansak-da, Mansuryň bu halatyna hem sözlerine şol soňky manyda-da düşünipdirler. Ony «hululda» — Alla bile ynsan tebigatynyň bir zatdygyny, ynsanyň Şondan dörändigini tassyklamakda aýyplapdyrlar. Bu bolsa onuň şum ölüm bile ömrüni tamamlamagyna sebäp bolupdyr. Eýýäm on iki ýaşynda Gurhany ýatdan bilen, şol wagtdanam Kitabyň içki, batyn manylaryna maýyl bolan, öz ýüregini şol batynlyklara açmagyň serişdesine öwürmek üçin zahydlyga berlen, üç gezek haj eden, bir ýyllap Käbehanada agyz bekläp, özüni synaglara dözen, welilikde keramaty görkezip bilen, adamlara Allany öz ýüreklerinde gözlemegi ündän, «her bir kişi öz ýüreginiň Käbesiniň daşyndan ýedi gezek togap etmelidir» diýen ündewi öňe süren Hallaç öz aýagy bilen ölüminiň üstüne özi barypdyr. Onuň hajyň hem namazyň içki manysynyň daşkyn amaldan has ähmiýetlidigi baradaky sözlerini kesä çekipdirler. Umuman, ol kesä çekilmegiň gurbany, pidasy bolan şahsyýetdir. Onuň sözleriniň içinde «seniň ruhuň meniň ruhum bile edil müşk bilen anbaryň gatyşyp gidişi ýaly gatyşdy», «Biz — bir göwredäki iki ruhdurys» ýaly jümleler bar. Aradan dört ýüz ýyla golaý wagt geçenden soň Hallajyň batyny äheňli pikirleri Seýit Nesiminiň göwnüne makul görnüpdir. Muny Andalyp hem tymsaly-simwoliki terzde aňladypdyr, 922-nji ýylyň mart aýynda zalymlyk bile urlup-ýenjilen, soňra diriligine haja çüýlenen, ertesi günem kellesi kesilip, jesedi ýakylyp, küli Dejle derýasyna sepilen Hallajyň ruhy hem ideýalary ölmez-ýitmezlik häsiýetine eýe bolýar. Bu ölmez-ýitmezligi — taryhy-ruhy ýaşaýşyň içki, batyn hakykatyny daşky — wakalar, predmetler derejesinde peçan etmek — açmak üçin Andalyp rowaýata ýüz urýar. Bu — tebigy kanunalaýyklykdyr. Çünki rowaýat, daşky barlyk bolan wakalardan hem maglumatlardan tapawutlylykda, barlygyň içki manysyny daşa çöwürmek serişdesidir. Ol barlygyň täze ölçeginiň açylmagydyr. Şunuň bilenem ol sap çeper suratlandyrmadan, edebiýatdan — daşkynlygy daşkynlykda-da «ýöne» dikeldýän ruhy işden düýpgöter tapawutlanýar. Munuň özi bolan wakalaryň düýşde şekillenmeginden — fiziologik hadysadan welileriň huşdaka aýan görmesiniň tapawutlanyşy ýalydyr. Ine, Andalypda öz jesediniň ýakyljagyny welilik bile bilen Mansur Zunnun Müsrä sargyt edýär: «Meniň jesedimi ýakarlar, sen külüni alyp gal. Ölenimden soň deňiz joşup, şäheri sil aljak bolar. Şonda meniň külümi suwa sepseň, sil yzyna gaýdyp, şäher hem ilat aman galar». Şeýle-de bolýar, Müsri şeýle-de edýär. Mansuryň külünden dörän köpürjik derýa bilen akyp barşyna, «Enel — Hak» diýip seslenýärmiş. Nur saçýan ol köpürjik aýlanyp Bagdat şäherine barýar, häkimiň durmuşa çykmadyk gyzy ony ýuwdup, hamyla bolýar. Şondanam Nesimi dünýä inýär. Ölümsiz ruh, garyp köňül, nur saçýan nokat — bularyň bary hakykatyň içki barlygynyň maglumatlarydyr. Içki, batyn hakykat näme? Näme üçin bu ezoteriki, metafiziki närseler müňlerçe ýyllaryň dowamynda unudylman, hötjetlik bile biziň aňymyzyň iň çuňluklardaky gyzyklanmalarynyň tematikasyny düzüp gelýär. Çünki içki, batyn barlyk — munuň özi ýaşaýşyň çeşmesi kesilmez, tükeniksiz ruhy energetikasydyr. Nemes psihology K.Ýungyň pikirine görä, müňlerçe ýyllaryň dowamynda olar ýerasty kärizler ýaly biziň ylmymyzyň, sungatymyzyň hem edebiýatymyzyň ekin meýdanlaryny suwaryp gelýär. Olar ruhuň iň güýçli energiýa çeşmesidir. Şol bolmasady, bu üstki, ýokarky, daşky reallykdaky sýužetler, temalar, pikirler, gahrymanlar, obrazlar... bir mahal öz-özünden gurap, tozga öwrülip giderdi. * * * Daşky hem içki, batyn hem zahyr hakykatlaryň çaknyşygy ahyrsoňunda Nesiminiňem başyna ýetip, ölümine sebäp bolýan bu barlyşyksyz çaknyşyk weli şahyryň çagalygynda başlanýar. Ýaşajyk Nesimini molla berýärler. Molla oglanjyga kitabyň hatyny öwretjek bolýar. Nesimi hatyň diňe özüni öwrenmekden ýüz dönderýär. Ol mollasyna: «Kitabyň hatyny manysy bilen öwret» diýýär. Bu sözlerden, elbetde, Mansuryň ýaňy eşidilýär. Eýse manysy bile öwrenmek näme? Bu ähli halklaryň hem ähli zamanlaryň iň esasy hakykatydyr. Bu adamzat jynsynyň barlyga gatnaşygynyň talabydyr. Bizde ol towhyd hökmünde kesgitlenilipdir. Adamzat işiniň, şol sanda ylmyň — hakykata akylýetiriş işiniň netijeliligini, miweliligini, hasyllylygyny diňe şol düşünje ýerine ýetirilende, gazanyp bolar. Hat bilen manynyň, söz bile hereketiň, dil bile amalyň, ahlak bile ýüregiň, dünýä bile ahyretiň bileligi, bitewüligi, özara şertli baglanyşyklylygy berjaý edilende, ösüş mümkindir. Ösüş bolsa janly, kadaly, gözedoly ýaşaýyşdyr. Bu jübütleriň iki tarapynyň arasyna aýralyk düşse, ýaşaýyş däl-de, onuň öýkünmesi, ýasama ekiztaýy öňe çykýar. Adamzat ýaşaýşynyň manysy ýoýulýar. Adamzat moral taýdan pese düşýär, ejizleýär, egbarlaýar, özünden göwni geçýär, dünýä bimanylyga öwrülýär. Şonda akyl işi bary-ýogy özüňi hem özgeleri aldamaklyga, ýürek işi ruhy hassalyga öwrülýär, ahlak bozulýar. Hat manydan üzülende, akyl nadanlyga, söz hereketden üzňeleşende, dil öl ýere biten mekirlige hem nalaçlyga, dil amaldan aýrylanda, barlyk betnyşanlyga, dünýä ahyretden örküni üzende, adamzat ruhy peselişe ewolýusiýa sezewar bolýar. Beýle peseliş gözgynylykdyr we ony görmek-de şumlukdyr. Munuň şeýledigini bildirmek üçin Hallaç, Nesimi ýaly ägirtler adatdan daşary işe — janyny pida etmäge ýüz urmaly bolupdyrlar. Bu adamzadyň eslije wagtlap akylyna aýlanmagy, özüne gelmegi üçin ýeterlik bolupdyr. Emma bu iň soňky çykalgadyr. Oňa çenli weliler başga bir zada — keramata ýüzlenipdirler. Keramat — bakylyk adatylygydyr, bakylyk kanunalaýyklygy hem tebigylygydyr. Şol bir wagtda-da, ol wagtyň hem wagtlaýynlygyň, dünýäniň hem dünýälikligiň, dünýäniň çägindäkiligiň hem wagtyň içindäkiligiň ähli kanunlarynyň bozulmagy, ret edilmegidir. Adamlar ol kanunlary fiziki, biologiki hem sosial kanunlar diýip kesgitleýärler. Nesimi entek mollada okaýarka keramat görkezýär — bakylyk hakykatynyň ýanynda ol kanunlaryň hiç zatdygyny aýan edýär. Ol suwa, palçyga eýlenip, jork bolan oduny demi bilen ýakmagy başarýar. Öl we gury, ot hem suw — hakykatyň maddy barlyk derejesinde bir-birine prinsipde gapma-garşy, bir-birine barlyşyksyz başlangyçlar. Keramat şol barlyşyksyz gapma-garşylyklary barlyşdyrmakdyr. Şeýle çözgüde ýetmek üçin hakykatyň başga, täze tekizligine galmak gerek. Muny başarmak üçin Hakyň şerabyndan içip görmeli. Hak şeraby — ýokary syzgylaýyn düşünme. Şonda weli barlygyň birligine we bitewüligine göz ýetirýär. Şunuň bilenem ol dünýäni gapma-garşylyk, böleklik hem-de köpleýinlik hökmünde görýän, ýagny pes derejede görýän adamdan tapawutlanýar. Barlyk sazlaşyk, bitewülik içre gapma-garşylykdyr, has dogrusy, gapma-garşylyk üzre birlikdir. Adamzat barlygy-da şol ählumumy barlygyň prinsipinde gurnalmalydyr. Adam barlygynyň jähetleri bolan akyl, ahlak, ýürek aýry-aýrylykda bolup, bularyň haýsydyr biriniň beýlekiden ileri tutulmagy nädogrulyga hem nälaýyklyga alyp barar. Bularyň sazlaşyklygy bitewülik birligi «köňül» atlandyrylýar. Nesimi barlyga köňül gözi bilen bakýar. Köňül gözüniň öňünde barlygyň batyn sypatlary açylýar. Andalyp boýunça, Nesiminiň mollasy düýş görýär. Düýşünde mekdebiň howlusynyň ortarasynda beýik daragt ösüp oturanmyş. Ol täsin daragtyň şahalaryndan, pudaklaryndan dünýä üýtgeşik nur saçylýar. Düýşüň tagbyryny beren abdal mollanyň okuwçylarynyň arasynda bir weliniň bardygyny buşlaýar we ony ýüze çykarmagyň ýoluny salgy berýär. Onuň öwredişi boýunça molla okuwçylarynyň hersiniň eline bir jüýje berip, jüýjäni Allanyň görmeýän ýerinde kesip getiriň diýýär. Kim dälizde, kim ýerzeminde, kim guýuda — Allanyň gözi düşmeýän jaýdyr diýip — jüýje kesip, mollaň gaşyna gelseler, diňe Nesimi özüne berleni kesmän yzyna getirýär. Ol: «Men Allanyň nazary düşmeýän ýeri görmedim» diýip aýdýar. Munuň özi Barlygyň birligi we bitewüligi taglymatydyr. Keramatdan öň aryflyk gerek, aryflykdan owal zahydlyk şert. Bir topar molla duşup, Nesimi: «Essalawmaleýkum, eý içi gara, daşy ak mollalarym» diýipdir. Sopuçylygyň şu bitewülik ýörelgesi — iç bile daşyň, ýürek bile akylyň bitewüligi ýörelgesi hakykata ýetmekde täze bir ädim, sowallaryň täze kämil jogaby bolupdyr. Akylyň howaýylaşmagy, ýüregi, ahlagy, köňli, ynsaby, bir çetde goýup, diňe akyla agram hem ähmiýet berilmegi adamy hakykatdan sowa ýola eltýär. Görlüp oturylsa, munuň maksady-da hakykat däl-de, aňasty suratda dünýä islegleri eken. Haka barabarlyk üçin özüňi kämilleşdirmeli, ýöne özüňi bölekläp däl-de, tutuşlygyna kämilleşdirmeli. Kämilleşmek — ezeli halyňa gaýdyp barmak, Biribaryň «deminden» ýaradylan köňlüň, ruhuň asylbaşky çagyna gaýdyp gelmegi. Gaflatdan oýanmak. Muňa Nesimi — özüňi — kendiňi tanamak, nebsiňi — ýüregiňi aňlamak diýýär. Nefsini her kimse ki tanydy, ol Haky biler. Nefsini bilendir, ki ýagyn rebbini bildi, Hakdan bu makamata eren bil, ki welidir. Şeýlelikde, «Özüni bilen — weli» diýen türkmen nakylynyň Nesiminiň taglymatyndan galandygy belli bolýar. Özüni bilen, özüni tanan weli «Enel — Hak» diýmäge gurbatly bolýar. «Özi näme, özi kim?» diýen sowallar meseläniň täze hakykatlaryny ýüze çykarjak çuňluklaryna alyp gidýär. Adamyň nämesi, haýsy jäheti ony Biribar bilen birleşdirýän bolsa, şol-da Özüdir. Bu — jandyr. Mansuryň ideýasy boýunça, ynsan beşeri sypatlardan saplansa, birleşmä — jemge baryp biler. Ynsan barlygynda haýsy jähet bakylyk bolsa, şol-da Özüdir, panylyk jäheti özgelikdir. Diýmek, ynsan öz kalbyny, köňlüni Biribaryň eseri şuglalanýan jaýa öwrüp bilse, bu jaý Onuň birliginiň şahadasynda öwrülip bilse, şeýle ynsan «Enel — Hak» diýmäge rowgatly bolar. Günbatar alymlary bu içki öwrülişigi beýik nemes alymy Dilteýin adalgasy boýunça, ynsan bile Hudaýyň substansional däl-de, intensional birligi diýip kesgitläpdirler. Munuň özi Nesiminiň, Hallajyň hakykatyny ele almak däl-de, bary-ýogy ony aňlatmaga, oňa düşünmäge synanyşykdyr. Eýsem-de bolsa ýagşy synanyşyk-çalyşma ýagşy zat. Ýagşy niýet — döwletiň ýary, onuň ýene ýary-da ýagşy çalyşma ahbetin. Şunuň bilen Nesiminiň pelsepesiniň gürrüňini özümize düşünerlik hem gyzyklylyk derejesinde tamamlaýsagam bolardy weli, ýene ýekeje möhüm pursat bar. Düşünmegiň, islendik meselä akyl ýetirmegiň bir syrlyja sapagy bar. Şol bir sözleriň, aňlatmalaryň ulanylýandygyna garamazdan, döwürleriň, taglymatlaryň sözlere, aňlatmalara berýän manysy düýpgöter tapawutlydyr. «Adam» düşünjesini alyp göreliň. Aýdaly, bizden tapawutlylykda, sopy Hallaç, Nesimi üçin ynsan ruhy substansiýadyr. Olara düşünmek üçin öz düşünişiňi bir gyrada goýup, olaryň düşünjesine girmek zerur. Ýogsa düşünmek işi öz-özüňi aldamak bolup çykýar. Şeýdibem, biz Nesiminiň özümiz üçin ähmiýetli we gymmaty meselesine gelýäris. * * * Wagt hem wagtlaýynlyk tarapyndan döredilýän «meniňi» bir gyra taşlamaly, gowzap, boşap, sap boşluk, reňksizlik bolup, olaryň — geçmişiň üstüne barmaly. Şolaryň reňki bilen reňklenmeli, şolaryň mazmuny bilen gabyz bolmaly. Ine, iň soňunda-da hälki taşlan «menligiňi» gaýdyp alyp, «olluk» bilen «menlik» gatyp, has bitewi heminzaman reallygy edinmeli. Öz döwrüne geçmişi gatmaly. Munuň özi islendik döredijilik işiniň wezipesi hem maksady bolan zady etmäge: döwri, wagty bakylyga öwürmäge ýeke-täk usul hem mümkinçilikdir. Şeýtmesek, dörediji adamdan nyşan galmaz. Men bu derdeserleri, munça kelleagyryny ýöne ýere ara sokamok. Hünär ugruma laýyklykda, Günbataryň, ýagny Ýewropanyň pelsepesini, sungatyny hem edebiýatyny içgin öwrenmeli boldum. Soňam bolmalysy ýaly, milli ýazyjy bolmak üçin öz ata-baba mirasymyzy, öz ruhy ölçeglerimizi çuňdan öwrenmäge çalyşdym. Olaryňky bilen özümiziňkiniň arasynda bir ähmiýetli tapawut gördüm: Günbatarda wagt aşa çalt geçýär, Gündogarda wagt aşa haýal akýar. Munuň manysy — olar öz geçmişiniň dilinden tutuşlygyna ýüz dönderipdirler, şonuň üçin köklerden, binýatlardan aşa daşlaşan Günbatar howada asyl-asyl bolup dur. Geçmiş olarda şu günüň mazmunyna tas girmeýär diýen ýaly. Gündogarda, tersine, geçmiş şu günüň mazmunynda şeýle bir köp orun eýeleýär weli, tas şu günde şu gün ýok diýen ýaly. Olarda panylyk bakylygy basmarlaýar, Gündogarda bakylyk baslygyp, hossa hem kössege dönüp barýar. Biz geçmişiň içine, jümmüşine girmeli, ýöne ol ýerde galmaly däl-de, geçmişi özümiziň şu günümiziň diline terjime etmegiňem hötdesinden gelmeli. Şu düşünjäniň nukdaýnazaryndan, Nesimi giden baýlykdyr. Emma bu baýlygyň — hazynanyň gapysyny açmak üçin, aşa sowatlylyk talap edilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik weli şahyryň üç tomluk ýygyndysy neşir edildi. Üç tomluk häzirkizaman okyjysyny birbada ürküzýär diýseňem boljak. Şahyryň dili — mundan alty ýüz ýyl ozalky edebi dilimiz bu gün bize düşnüksiz. Emma düşnüksizlik diňe dil bilen baglanyşykly diýmek meseläni ýönekeýleşdirmek bolardy. Gep bary-ýogy sözlerde bolsa, iş aňsat-la. Sözlügi alaga-da, sözleri düşnüksizlik gabygyndan arassalap oturmaly. Gep düşnüksizligiň has çuňlukdaky derejesinde: Nesiminiň barlygy duýşunyň we dünýä bolan garaýşynyň, ynsana, onuň ömrüne we ölümine gatnaşygynyň başgaçalygynda. Eger arada ýatan alty ýüz ýyl tarapyndan emele getirilen wagt harpygyny aýraga-da, beýik şahyryň çäjine barybilseň, onda juda baý ata-babasyndan galan hazynanyň üstünden baran adamyň şatlygyny başdan geçirersiň. Munuň şerti — şahyryň barlygy duýşuna we paýhas gyzyklanmalaryna gaýdyp barmakdyr. Mana ýetmek üçin, okyjy bir döwrüň dilinden beýlekisiniň diline terjime edýän terjimeçi bolmaly bolýar. Ýöne Nesimi bir sowatlyny däl, tas alym okyjyny talap edip dur-a! Bu ýerde-de Seýit Nesiminiň mertebesi meselesi ör-boýuna galýar. Ol, birinjiden, weli şahyrlarymyzyň, ikinjiden bolsa, şahyrlaryň şahyry diýilýän beýikliklerimiziň hataryna girýär. Özüm-ä alymlaryň şahyry diýerdim. Weli şahyr bolmak näme? Bu — sap Gündogar hadysasydyr. Onuň üçin esasy hakykat barlyk däl-de, gaýyplykdyr. Gaýyplyk ýokluk däl-de, barlygyň içki jäheti. Şonuň üçinem ol, günbatarly ýaly durmuşyň suratyny çekenok, ol barlygy ýokluk jähetinden açýar. Ol döredenok, ol diňe açýar. Ol manylary döredenok, olary açýar. Onuň maksady çeperçilik däl-de, keramatlylykdyr. Onuň ylmy açyşlaryndan alymlar sapak-ders alýar, onuň keramatlylyk açyşlaryndan şahyrlar ylham alýar. Ol okyjyny gyzyklandyrmak üçin sözlänok, çünki onuň üçin söz ikinji hatardaky hakykat, ýagny barlygyň suratlanmasy däl-de, eýse barlygyň çeşmesi, köki. Bir günbatarlynyň: «Eger kitapdan başga ýerde hakykat ýok bolsa, onda kitap hudaý bolýar-da» diýen ýaňsyly sözleri, umuman hem nädogrudyr weli, şahyrlar babatda-ha asla-da nädogry hem adalatsyzdyr. Külli barlyk kitapdyr, barlyk kitabyň reallyga öwrülişiniň hadysasydyr. Şu hakykat Nesimä düşünmegiň esasy şertleriniň biridir. Wakalar hem hadysalar, zatlar hem hallar — bularyň bary barlyk kitabynyň harplary, sözleri we belgileridir. Bular hakykat, reallyk däldir, reallyk bu harplaryň hem belgileriň aňyrsyndadyr. Aňyrsynda ruh, jan bar. Seýit Nesimide adam däl, ruh, jan sözleýär, jan ýaşaýar, jan hakykat gözleginiň jebir-jepasyny hem şatlygyny başdan geçirýär. Iki jahan maňa sygar, men bu jahana sygmazam. Göwheri-lämekan menem, kowni-mekana sygmazam. Surata bak, magnyda gör, surat içinde gana gör, Jism ile jan menem weli, jism ile jana sygmazam. Şeýle ajaýyp, keremli setirlerde, onuň tutuş gözel hem poeziýanyň iň ýokary derejesindäki döredijiliginde bolşy ýaly, pelsepe bilen sungat bir hadysadyr. Ol irginsizlik bile daşky, ýalan, howaýy barlygy ret edýär, ol suratyň bu derejä göterilmegine garşy çykýar, çünki esasy gymmatlyk manydyr, içki hakykatdyr. Gazalyň ussady Seýit Nesiminiň gazallary owazyň ýakymlylygy, äheňleriň gözel sazlaşyklylygy taýdan taýsyzdyr. Ol türkmen gazalyny sungatyň iň beýik derejesine çykaran şahyr. Olaryň simwoliki-yşaraty diline düşünýän okyjy arşy duýgulara ulaşyp bilýär. Ol — biziň asylbaşky näzikligimiz hem inçeligimiz, howalylygymyz hem arşylygymyz. Ol — simwolikanyň şygryýetidir. M.Haýdegger poeziýa — barlygyň öýi diýip ýazypdy. Nesiminiň poeziýasy barlygyňam iň beýik derejesi bolan arşyň öýüdir. Arş seni zeminilikden halas edýär, adamzadyň ezeli ruhanalygyna ýetirýär. Nesimi mistik şahyrdyr, ol beýik mistik hökmünde barlygyň birtekizlikdigini ret edýär. Türkmen diliniň mistikasynyň iň abat saklanyp galan ýeri Seýit Nesiminiň şygryýetidir. «Diliň mistikasy» diýenimde, men düşünjäniň Witgenşteýndäki adaty däl, täze beýik manysyny göz öňünde tutýaryn. Osman ÖDE. | |
|