22:38 Sibire syýahat / powestiň dowamy | |
* * * Bir gün goňşy kaýutada bir gyz doglan gününi bellemekçi bolup beýlekiler bilen bir hatarda Eseni hem çagyrdy. Ol gitmejek bolsa-da oglanlar zorlap alyp gitdiler. Egrilişip oturyşlaryna saçagyň bezelişine haýran galyp bakdylar. Agyz suwardyşyp garbanmaga başladylar. Esen nämeden başlajagyny bilmän birbada ýaýdanyp oturdy-da ähli adamyň eliniň ortadaky kiçijik tarelkadaky ýyldyrdawuk gara dänejiklere uzaýşyny görensoň, olam uly çemçesi bilen ep-esli işbili aldy-da şo durşuna iýdi. Birbada sähel ajymtygrak bolsa-da soňra ýakymly tagamy jana ýaraberdi. Esen hiç kime bakman, ýene bir çemçäni tümmekläbräk aldy weli, tarelkada oňly zat galmady. Muňa töwerekdäkileriň gözleri tegelendi, geleni bäri bir söz aýtman, gülmän-gaharlanman oturan Eseniň birden beýle hereket etmesine gaty geň galdylar. Birki sany ýigit çydap oturyp bilmän pyňkyryşdylar. Doglan gününi belleýän gyz işbili azyrganyp, ählimize ýetäýedir-dä diýip hälden bäri dileg edip oturşyna bu ahwaly gördi-de zordan aglaman saklandy. Ol bak-masy gelse-de, göz gytagy bilen Esene bakyp goýberdi weli, onuň ýüzünden hiç hili müýn--utanç duýup bilmedi. “Bä-ä, beýle göz çykgynçlyk edibem arkaýyn oturyp boljak eken-ow”. Esen bolsa, dünýäden bihabar, ýene ojuk-bujyk zatlardan agzyna atyşdyrdy-da garnyny ýagşy otardy. Onsoň bu köpçülikde onuň içi gysyp başlady. Gowusy, kaýuta gidip ýeke özi obasyny, ogluny, traktoryny ýatlap oturanyny kem görmedi. Onsoň ol omyn etdi-de emaý bilen turup, sag boluň diýip çykyp gaýtdy. Gelýärkä kellesine gelen zat: şo çemçeläp iýen ýyldyrawuk gara dänejikleriniň adyny bilmeli, hemem indiki düşlän ýerinde şony magazinden alyp iýmeli diýen pikir boldy. “Birhilije, birgeňsi tagamlyja zat ekeni”. Ýöne gämi iki günläp hiç ýerde togtamasa nädersiň?! Şo-ol düýrlenip, towlanyp, bulanyp akýan Ýeniseý derýasy hemem aňyrsy-bärsi görünmeýän, adam aýagy sekmedik tokaýlar. Başga yns-jyns, hatda guşlaram göze ilenok. Beýle-de tokaý bolar eken-ow. Obada bolsa bir agaç tapjak bolsaň, janyň çykýar, tapaňsoňam atamyň bahasyny bermeli. Esende ullakan ýük maşyn bolan bolsady. Ol men diýen agaçlardan saýlap-seçip, maşynyny mas ýükläp, obasyna alyp giderdi. Eltensoň özüne gerek agajy alyp galyp, galanyny hem işdeş oglanlara satardy. Ýok, gymmat däl, gaýta spekulýantlaryň nyrhyndan ep-esli arzan satardy. Hanha, Garly traktorist bar, jaýyny basyrybilmän, gyşda kerpijini ýagyş-gar eredip taşlady. Artanja agajy, ozaly bilen Garla hödürlär. “Al, Garly, dostlugyň hatyrasyna, saňa arzan agaç bereýin. Al-da jaýyňy basyr”. Wah, gül ýaly boljak-la. Arman, Esende ýuk maşyn ýok-da. Esen uzak Sibirden ýük maşynly agaç äkitmegiň arzuwyny çekýärkä, gämidäkileriň ählisi Eseniň işbili çemçeläp iýişini bir-birege gürrüň berip gülüşýärdiler, käbir ýeňlesler bolsa Eseni görende pyňkyryşyp geçip gidýärdiler. Esen özi hakda bir hyşy-wyşy gürrüň edilýänini sähel güman etdi. Ýöne anyk näme hakdalygyny aňşyryp bilmedi. Üçünji gün gämi bir duralgada togtanda ol kenara düşüp barýan şo öňki semiz zenanyň ýanyna bardy. Hawa, özem gorkusyz-ürküsiz bardy, sebäbi soňky günler zenanyň özüni alyp barşy muňa iterýärdi. – Daýza, şu şäherde neme satylanokmyka? – ? – Neme-dä, adyny bilemok weli, iýilýän zat öz-ä. Ýyldyrdawuk, gara däne. Agzyňa atýaň weli, eräp gidýä. Bilmedim, nämäň dänesidir. Zenan, Eseniň işbil iýenini eşidene çemeli, gülüberdi. – Hä-ä, agzyň läzzät tapaýdymy? – Ýok-la. Aý, indi magazinde bar bolsa alyp göräýjekdim. – O-ow, ol işbil diýgänleridir. Magazinden tapmarsän. Ongi ketde-ketde boşliklär iýip bilädi. Bizgä ýetmäz ol. Ýetgändä puluň-da ýetmäz. Kilosy elli tingädänmiş. Dadyp körgänimdä ýok. – Dadyb-a gordüm-le.Iki çemçejik iýip gördüm. Semiz zenan Eseniň äwmezligine ýylgyryp, işbili mesgeli çörege sähelçe çalyp iýmelidigini, şol oturylyşykda Eseniň ähli adamyň diline düşenini gyssanman gürrüň berdi. Ana, Esen şondan soň öz eden işine akyl ýetirip, müýnürgäp-utanyp başlady, gelen-geçeniň oňa birgeňsi bakyşyna, käbiriniň pyňkyryp geçişine şondan soň düşünip başlady. Ol indi doglan gününi bellän gyza görünmekden çekindi. Ýöne işbiliň her kilosynyň elli manatdygyna ynanyp bilmedi. “Hi beýle-de baha bolarmy?!” Mysal üçin, ol gymmat şokolad gördi: kilosy sekiz manatdan ekeni, gymmat kolbasa gördi – kilosy on bir manatdan, emma iýilýän harydyň nyrhynyň elli manada ýetenine akyl ýetirip bilmedi. “Arzandyr. Şekolatdan gymmat däldir-le”. Onsoň magazinma-magazin söküp, baran ýerinden işbil sorap başlady. Ahyry, bir magazinde barlygyny bildi. – Baňkasy otuz sekiz köpükden. Esen tanyş –bilşiň ýok ýerinde orsçä sözlärmen boldy. – Dwa beňke ikrä ber. Kagyza dolanyp berlen iki baňka işbil üçin bary-ýogy ýetmiş alty köpük töläp, Esen şondan göni gämä tarap eňip gaýtdy. Onuň niýeti häzir gelşine iki baňkany şo gyza berip dynmakçydy. “Kim aýdýanmyş işbil gyt diýip?! Kim aýtsa ýalan aýdýa. Kilesi elliden diýibem aldaýan ekenler. Baňkasy bilen otuz sekiz köpük. Esen gelşine şo gyzyň kaýutasyny kakdy. Gapy açyldy, dört gyz Esene aňk-taňk bolup bakdy. Gyzlaryň biri: “Wera, bu ýigit ikra iýesi gelip gelendir. Ikra ýok diýäý” diýdi. Onýança Esen ikra sözüni eşitdi-de: “Hawa, hawa, men size ikra getirdim. Sibirde hemme zat bol, gaty arzanja” diýdi-de elindäkini Wera uzatdy. “Al, al. Ak Yüregim bilen berýän”. Wera o zady çekinjeňlik bilen aldy-da stolda goýdy weli, başga bir gyz şobada kagyz dolagy aýyrdy. “Badamjan ikrasy. Wa-aý, bagty gara-a. Neneň muny utanman getirdikä?!” Wera elini ýüzüne tutdu-da bir oturgyja çöküp sessiz aglap başlady. Ýaňky ekabyr gyz bolsa: “Beýle ikrany elt-de sygryňa ber!” diýip, baňkalaryň birini gaharly garbap aldy-da Esene tarap edil atyp saljak ýaly etdi weli, Esen gorkusyna bada-bat kaýutadan çykdy gitdi. “Bä-äý, bi aýal diýlen jandaryň diline düşer ýaly däl-ow. Bular şemal ýaly üýtgäp duran zat öýdýän”. * * * Esen gynansa-da, begense-de, günleriň şol bir geçip durşy, özem parhsyz geçýär. Esen Güljahanyň sargan zatlarynyň köpüsini alanok. Eger şeýle uzak ýere gezelenje gaýdybam iki barmagyny burnuna sokup baraýsa, Güljahan ony it çeýnän ýaly çeýnemezmi? Onsoňam şunça uzak ýola çykaran harajadyny kim ödär? Güljahan: “ Üýtgeşik zat getir, iki bahasyna satyp ýol kireýiň öwezini dolaly” diýýär. Her duralgada iller üýşüp-üýşüp muzeýlere, sergilere, dürli ýadygärliklere tomaşa etmäge gitseler, Eseniň gözleri magazin boldy, her baran ýerinden Güljahanyň sargan zatlaryny gözledi. Oňly zat tapman aljyrady. Esen bu syýahatyň marşrutynda entek uly-uly şäherleri barlygyndan, öňde has üytgeşik başdan geçirmeleriň garaşýanlygyndan habarsyzdy. Ol görginiň ulusyny gördüm hasap edýärdi, şoňa görä-de bar görgi yzda galandyr öýdýärdi. O-ol aýdylýan ak aýylar hem görünmän geçdi, uly-uly buzlaram görnenok. Bary ýalan eken-le. Esen Krasnoýarskiden ugramazynyň öň ýäny aýylara bererin diýen niýet bilen alan bir kilogram şokoladyny ýada saldy. “Aýa beremden özüm iýeýin-le”. Alnyşy ýaly goşlaryň arasyna dykylyp goýlan şokoladlar kaýutanyň gyzgynyna eräp-akyp, pylçaşyp galypdyr.Esen şokaladlary edil mesge iýen ýaly iýdi. Indi Esen aýydanam bizar, buzlardanam. Onuň hiç zat göresi gelenok, hiç zat bilen hoşy ýok. Bir arzuwy – çaltrak öýüne barmak. Gezenler gezewersin. Ir bilen traktoryny tarladyp meýdana gidip, gün batansoňam dolanyp geleni dünýä malyna degýär ahyry. Obadaşlar her näme diýselerem, her neneň lakam goýsalaram, gyzza-gyzza gelende Eseni gowy görýärler ahyry. Hanha, öýlenibilmän ýörkä Eseni öýlendiren şu oba dälmi?! Alaga-da täze traktor beren şu oba dälmi?! Ählisi tanyş, ählisi garyndaş. Eseni kolhoz başlygy-da, baş inžener-de, brigadir hem edil ož inisi ýaly görýärler ahyry. Ähli baýragy Esene eçilýärler. Onsoň bu ýagşylygy bilmese, bütin il geňlär, hezzet ýaraşmaz adam ekeni diýerler... Gämi indi seýrek durýar. Suw göwsüni iki ýaryp, öne baka şo süsňäp girip barşy. Derýa hanasy giňeldi gitdi. Uzak kenarlarda yns-jyns görünmedi. Derýada akdyrylanda topardan galyp, kenarda ýarym göwresi çüýräp, ýarym göwresi suwda çüýräp, ahmyrly güberilişip ýatan agaçlar göze ilýärdi. Öňler duşýan bäş-alty öýli awçy obasy hem ýat boldy. Diňe tokaý, şahalary, pürleri bir-birege çolaşyp-çatyşyp, başyny gaty dik tutuşup oturan agaçly tokaýlar. O agaçlar bir-birege şeýle hemdem, bir-birekden hatyrjem görünýärdiler weli, bir agajy ýyksaň, ähli agaç üstüňe ýykylaýjak ýaly görünýärdi. O agaçlary gazaply Sibir ýelleri des-deňje ösdürýärdi, özgelerden saýlanyp öseniň başyny kesip goýberýärdi, ösüşde öz deňinden yza galanlary bolsa tokaý kanuny esasynda igledip öldürýärdi. Bi jelegaýlaryň düzgüni şeýle. Gämi demirgazyga gitdikçe howanyň gygy ajaýanyny Esen öz teninde duýdy. Asmandaky ak bulutlaryň reňki kem-kem garalyp ugrady. Ol kenara gamgyn bakyp durşuna agaçlaryň düýbünde akjaryp görünýän zatlary gördi. Ilkibada nämeligini bilmese-de, gitdikçe has köpelensoň, ak garyň galyndysydygyny bildi. Tüýs gyş mekanyna gelenine Esen gümansyz göz ýetirdi. Kenar diýseň, ho-ol allaowarrada salgym ýaly görünýär. Ondan--mundan akyp barýan buz bölekleri gara bulutlaryň arasyndan kämahal-kämahal jyklaýan gün şöhlesine ýyldyrdap-ýyldyrdap gidýar. Içinden zowwam geçýän sowuk şemal boýnuny iki çigniniň arasyna gizlän Esene geçen gyşda bolan bir wakany ýatlatdy... ... Eseniň Garly diýen işdeşi sürçekli günleriň birinde tekerli traktoryny derýa köprüsiniň üstünden sürüp barýarka, taýyp derýa eňterilip gidäýipdir. Özi diri galan bolsa-da traktoryň suw düýbünde galmasyna Esen gaty gynandy. Garly gowy oglan, özem Eseni gowy görýär. Şu traktory Esen çykaraýsa näder?! Hem Garla ýagşylyk etdigi bolar, hemem ili aňk eder. Şondan soň-a Esen pylan-pismidan diýip, bolgudyz gep tapmasalar gerek. Uzynly gün onuň küýi-pikiri derýa düýbünde ýatan traktordan daşlaşmady. Sebäbi Garly bilen näçe ýyllar bäri işleşip gelýär ahyry. Garly-da Esen burun diýýär weli, diýse-de kiçi dilden bärde diýýär. Ynha, traktory, agaç süýrän ýaly, süýräp çykaraňsoň-a burun diýäýmez. Şol gün Esen gün batyberende traktoryny tarladyp işden gaýtdy-da Garlynyň traktory taýan köpriniň ýanynda keserdip goýdy. Eseniň bir hyýala münenini Myrat kel diýen bir traktorçy görüp, ony göz astyna alyp gaýdyberdi. Emma Esen mundan habarsyzdy. Ol öýüne pyýadalap gelip, gizläp goýan bir çüýşe aragyny galyň paltosynyň goltuk jübüsine atyp çykanda, Güljahanam eli süýt bedreli kümeden çykdy weli, Eseniň ýüz reňki üýtgäp gitdi. – A-a-ýu-u, nirä ugradyň? Bu sowukda öýkeniňi doňdurjakmy? – Häzir geljek. Eseniň ýöreýşi öňkülere meňzemedi. Özüne çäksyz möhüm iş ynanylan ýaly, ony hem diňe özi bitirip biljek ýaly duýgy kalbyna gaplanansoň, özüne göwni ýetip, giň-giň ädimläp gitdi. “Aýalym yzymdan garap galdy, belki, ahyrky gezek garaýandyr. Görmeli-dä meniňem-ä çynymdyr”. Esen suwdaky traktoryň nirede ýatanyny anyklady. Derrew eşiklerini çykaryp, trosuň bir ujuny aldy-da derýa girip gitdi. Gyş suwy etiňi kesip, ganyňy doňduryp, damarlaryňy ýygryp-düýrüp barýar. Esen derýanyň ortasyna baranda çümdi-de, az salymdan ýuze galkyp, akymyň garşysyna birküç gulaç ýüzdi. Demini dürsäp ýene çümdi. Bu gezek uzak eglenip, birden hopugyp çykdy. Suw kesip-daglap, demini tutup barýardy. Esen şonda-da ýene bir ýola çümüp çykdy. Suwdan çykyşyna ylgap, arakly çüýşäniň agzyndan gulkuldadyp içdi. Hasyr-husur geýnip, traktoryň ýyly kabinasyna sümüldi. Traktor ejirli ses çykara-çykara, tüssesini garaldyp, ahyry, derýa düýbünde ýatan traktory süýräp çykardy. Esen şobada trosy çözdi-de ýaňadan traktoryna münüp keýpihon sürüp gaýtdy. Ol dişlerini şakyrdadyp, janyny alyp barýan sowuga çydaman , hälki çüýşäniň düýbünde galan aragy hem ýolda içdi. Endamyna ýyly ýaýrady, keýpi kök boldy, başy dumanlady. Häzir öýe baryp Güljahana näme diýjegini oýlandy. Elbetde, barşyna, ozaly bilen Güljahany gujagyna gysar. Ogly ýatmadyk bolsa, goltugynda göterip, asmana bökdürer. Onuň ogly ýaly ogul bi jelegaýlarda ýokdur. Edil Bezirgeniň bar-da. Özem şeýle bir kakasyna meňzeş welin... üstesine-de ejesine garanda kakasyna has dost. Ýöne “kaka” diýip ýykylyp ýatyr-da. Arman, ogly şu mahal kiçiräk. Bolmasa dagy, Esen ony traktoryna mündürip, uzak meýdanda aýlajak-la. Ogul welin tüýs ogul-da. Edil Bezirgeniň bar-da. Esen öýe barar-da: “ Guljahan, biz-ä iş bitirip gelendiris” diýer. “Tas suw astynda demirlere çolaşyp galypdym. Bir ölümden sypyp geldim” diýer. Güljahan näme bolanyny sorar. Esen jikme-jik aýdyp berer. Güljahan ynanmaz. Emma ertir ir bilen Esen Güljahana şo derýadan çykaran traktoryny görkezer welin, şondan soň-a ynanar-da. Başlyga, Garly dostuna şu gün buşlasamyka? Ikisem begener. Başlyk begenjine ýaglyja goýun baýrak beräýmegem ahmaldyr. Iň gowusy, ertir, garaja il üýşen wagty, aýdar. Goý, ähli adam eşidip aňk bolsun. Göwni ýetmän ýörenler Eseniň nähili iş bitiribilşini gözi bilen görsünler. Kim özini erkek saýýan bolsa, şeýle aýazda derýa girip, traktora tros daňyp çyksyn-da! Ýekejesem het etmez. Men weli dedesini ýandyrdym. Esen uly ýolda traktoryny iki ýana çäýkap, öýe gelende, zordan düşdi. Yranjyrap, wazzyklap öýe girende ony gören Güljahanyň gahary şobada depesine urdy. Esen gelşine gujak açyp topuldy welin, aragyň ajy ysy Güljahanyň ýüzüne urdy. – Ýitewer-eý, ýaşy kesilen! Doňuz ýaly porsyň başyňý iýewersin. Hany, öýden gümüňi çek! – Güljahan, men traktor çykardym. – Hernä traktoryň aşagyna gaçyp ölesiň-dä. Ýok bol! Nirede içen bolsaň, şo ýerde ýatyber. Öýde ýataryn diýip-ä gümanam etme! Toba, toba-a. beýle bozgaklygy ýokdu-la. Öýlenende içmese, ogly bolanda içmese, indi haýsy eşekden nusga alyp içýäkä? – Neme, bagyşla! Traktory derýadan çykardym-da... – Be-e-eý, hakyt piýan bolup derýa gaçdym diýsene-e! Duruber, bakaly. Ertire bir çyk. Arak içjek bolsaňmy?! Şu öýde ýa men ýaşaryn ýa-da sen galarsyň! Bellisini ederin-ä! – Näme, men peýan däl... – Çyk, çy-yk! – Güljahan Eseni ýyly otagdan idirdedip çykaryp, içinde aýaz tans edýän peçsiz jaýa dykyp, daşyndan gulplap goýdy. Esen köne-küşül ýorgan tapyp üstüne çekensoňam Güljahanyň gargyşly hüňürdisi geldi durdy. Daňdanlar sowuk ýygyryp, dyzy eňegine degende Esen oýandy. “Men näme üçin sowuk jaýda ýatdymkam?” diýip, gözlerini elek-çelek edip ýerinden turdy. Endam-jany saýgylanan ýaly agyrýar. Agyrydan ýaňa başy çatlaýar. Ol ahyry, öten agşamky wakalary dumanly ýatlap başlady. “ Bo-ho-ow, bu gün irden başlyga buşlamalydyryn. Başlyk bir goýunjyk beräýedir-dä. Goýun süýräp gelsem, Güljahanyň öýkesi ýazylardy”. Aýaz Eseniň süňklerini titredip başlady. Ol ýorganynyň daşyndan bir keçä düýrlense-desowuga çäre bolmady. Asyl, daşara garaňda öýüň içi has sowuk göründi. Onsoň Esen daşky gapyny itdi welin daşynyň gulpy şakyrdady. Biçäre galan Esen tä gün dogup, il örýänçä jaýyň içinde iki ýana zowzuldady ýordi: aýaz kowdy – ol gaçdy, ol gaçdy – aýaz kowdy. Ahyry, goňşy otagdan oglunyň agysy,Güljahanyň ýogyn sesi eşidildi. Bir salymdanam penjiräniň öňi garalyp, Güljahan tutynyň üstiaşyry öýe göz aýlady. Esen penjirä tarap ylgady. – Güljahan açawer! Sowuk aldy. – Içýäniň arak bolsa ajalam almaz seni. – Wah, ýalňyşyp içipdirin. Ho, Garlynyň derýa giden traktoryny çykardym-da, gaty üşämsoň... – Sendenem derýa giren bolarmy? Peýan bolup özüň gaçansyň. – Ýok, öwlüýa kessin. Özüm çykardym. Gapyny aç, häzir başlyga buşlap bir goýnuny alaýyn. -Ýo-ok, meni beýdip aldawa salyp bilmersiň. Şu gün seň bilen bellisini edinçäm gapy açylmaz. Häzir Bereket agany bir çagyraýyn. Öňki gezeklerem, Güljahan gaharyna eýelik edip bilmedik pursatlary göni Bereket agalara ýumlugýärdy: hamana, durmuş gurubilmän oturan iki ynsany duşurany üçin Bereket aga günäkär ýaly, oňa minnetli söz baryny aýdýardy. Onsoň Bereket aga biçäre-de Güljahanyň yzyna düşup gaýdyberýärdi. Gelip Eseni aýratyn bir jaýa salyp, her gezek: “Gaýrat ediber. Öňi-soňy sallahlykdan gowudyr. Güljahanyňam gaharyny getirmejek bolaweri” diýýardi. Güljahan bolsa: “Esene gaty käýändirin. Indi seniň sözüňi ýykmaz” diýip gidýärdi. Emma bu gezek Bereket aganyň ýüzünden gar ýagýardy. Ol hatda jaýyň gulpuny hem açdyrmady-da penjireden gepleşip başlady. – Inim! Sen-ä gowy oglan däl ekeniň. Ata–babaňda arak içen ýokdyr weli, sen tüysi bazuklyk etdiň. – Neme-dä, Bereket aga... – Aý, goýsanaý! Arak içip traktor süren bolsaň, kim bilýä, adam basdyrdyňmy, howly ýumurdyňmy?! Gaýdyp şo zährimary agzyňa alaýsaň, eşitmedim diýmegin, göni milisäň öňüne salyp goýbäris. – Jan agam, gapyny bir açdyraweri, indi hi-iç arak içmäýin. Bereket aga beýle ýanda duran Güljahana garap: “Ynha keýigim, ant içip dur, goýberäýsene” diýdi. Güljahan gapyny göwünli-göwünsiz açdy welin, Esen öýden çykyşyna göni traktoryna ýoneldi. Elbetde, bu çaka çenli garaždaky adamlar dagandyr. Şonuň üçin Esen ilki öten agşamky çykaran traktoryny görüp, işe soň gitmekçi boldy. Ol derýanyň gyrasyndaky traktoryň töwereginde hümerlenişip duran adamlary, beýle ýanda başlygyň maşynyny, birküç sany traktory uzakdan görüp, hasam begendi. Esenem traktoryny bir gyrada goýup üýşmeleňe ýakyn bardy welin, görse, Myrat kel ähli halaýygy agzyna aňkardyp, derýadan traktory nädip çykarşyny gürrüň berýär. Eseniň bütin bedeni gowşap gitdi. Ol göni Myrat keliň ýanyna bardy. – Myrat aga, traktory men çykardym ahyry. Duranlar wakyrdaşyp gülüşdiler. – Sen çykaran bolsaň, şo mahal aýdaýsaň bolmadymy? – Traktory çykaryp, begenjime arak işdim-dä. Halaýyk ýene gülüşdi. Başlyk Esenden ünsüni sowdy-da birküç kişä iş buýrup, maşyna mündi gitdi. Esen bu adalatsyzlyga çydam edip bilmän, sandyrap, el-aýagynyň ysgyny gaçdy. Märekeden sessiz-üýnsiz çykyp öli göwünli gaýdyşyna göni öýüne gelip, zordan ýorgana girmäge ýetişdi. Güljahanyň hüňürdi-igenjini hem eşitmän otly tamdyra dönüp ýatdy... ...Esen bu ýatlamalardan başyny açanda, howanyň has hem sowanyny duýup galdy. Gämidäkileriň uçdantutma ählisi gyş geýmini geýnipdiler, ýigitleriň köpüsinde bolsa, edil dilleşilen ýaly, bokurdagyňy ýapyp duran gara žempir hem-de gaýyşdan tikilen gara penjek bardy. Bu geýimler Eseniň göwnünden turdy, olam deň-duşlary ýaly geýnip gezesi geldi. Häzir bolsa onuň egninde ýukajyk köýnekden özge zat ýokdy. Onsoň günortan naharynda dilmaç aýaldan sorap, şeýle egin-eşikleriň nirede satylýanyny sorap bildi. Öňdäki kiçeňräk duralgada Esen şol gara žempire duşaýdy. Gymmadam däl eken. Ol žempiriň özüne uly-kiçi boljagyny deňäp durmady-da tizden tiz hasaplaşyp, gämä tarap ýelk ýasady. Gelşine geýdi. Ýeňi uzynrak. “Zyýany ýok, epleseň gül ýaly bolar”. Etegi-de Eseniň dyzyna ýeteňkirleýär. “Etegiň işi aňsat-la: jalbaryň içine salsaň, görünjek gümany ýok”. Eginlerine, boýnuna holpugrak bolsa-da çykarmady. Onsoň ol boýnundan aýyran galstugyny, žempir geyensoň, ýaňadan asyndy. Aýnada gördi: gelişýär. Indi bir kemi gara penjek. Onam tapyp biläýse – tüýs boldugy. Esen şo görnüşde oba barmagy ýüregine düwdi. “Maňa göwni ýetmän ýörenleriň agzy açylyp galsyn-da”. Şähere gezmäge giden oglanlaram az salymdan güpürdeşip iýndiler. Görseler: Esen juluny täzeläpdir, düýrlenip gamça dönen galstuk dakylgy. Bu günlerde Eseniň bolşuna belet boluberen oglanlar “Bäh-de-bäh” bolşup, Eseniň çignine kakyp, “Molodes, molodes” diýşip, ýaňsyly gülüşdiler. Oglanlaryň biri emeli gaýyşdan tikilen köne penjegi çemodanyndan çykaryp Esene geýdirdi welin, şap-da. “Şuny saňa sowgat bereýin”. Ol muny Esene zordan düşündirdi. “Men täze penjek aldym, indi maňa onuň geregi ýok. Arkaýyn geýiber”. Esen çürt-kesik garşy bolup, penjegi almady. Ol ýer urup, ýerde galan pukara däl ahyry, ondan etemlik bireýýäm geçip gitdi, aýally, ogully, yranmaz döwletli boldy ahy. Onsoň Esen şu ýagdaýdaka hüşür-zekat alan ýaly edip, mugt zat alarmy?! Pully berse – ol başga gep. Esen muny düşündirip bilmedi-de göni dilmajynyň ýanyna eňdi. Onsoň ýaňky semiz zenan gabarylyp geldi-de Eseniň aýdanyny terjime edip berdi. Penjegini berjek ýigit hernäçe dyzasa-da Esen mugt zat almajagyny görkezdi. “Onda eçilenini beräýsin”. Esen göwnünden çykaryp üç onlugy uzatdy weli, ýigit pul almady. Ahyry Eseni göwnetdi. Şeýdip, Esen penjekli boldy. Il dagansoň, Eseniň ýeke özi gara penjegi gara žempiriň üstünden geýip, aýnanyň öňünden aýrylybilmän uzak durdy. Şo mahal penjegini beren ýigit bir zadyny alyp gitmek üçin kaýuta girdi. Esen oňa minnetdar bakyp, “Yspasiba” diýdi. Ýigit ony görenden içi gülüp başlady, şonda-da özüni agras tutup, Esene gara krem uzatdy: “Şuny penjege çalsaň, gaty gowy bolar”. Soňra bolsa näme etmelidigni eli bilen düşündirdi-de başam barmagyny gaýşardyp: “Wo!” diýdi. Esen düşündi. Ýigit çykyp gidensoň oýlandy: “Bä-ä, penjegem ýaglanýan eken-ow. Aý, näme gaýyşdan edilen zat ýaglanmaly bolar-da. Bolasy käbiriniň egnindäki lowurdap dur diýýän-le”. Onsoň Esen soňa goýman, ur-tut penjegini ýaglap başlady. Dogrudanam, penjegiň ýag degen ýeri lowurdap barýar. Hälki köne görünýän penjegiň görki gowlaşaýdy. Esen penjegi şo durşuna şifonýere salyp goýdy. Ertir gämi uly şähere barýamyş, ana, şonda geýip çyksa-da bolar. Şol egin eşiginde surata düşse-de kem däl. Ýadygärlikdir-dä. Onsoň birmahallar garraňda ýigit döwrüni ýatlamag-a ýakymly bolar. Esen işini bitirip, özünden göwnihoş bolup koridora çykdy. Arkaýyn gezmeledi, gaýdyp kaýuta girende, burny hernäçe uly bolsa-da, hiç ys duýmady. Penjireden bakdy oturdy. Kenar bireýýäm ýitip gidipdir. “Be-e, biz deňze düşendiris-ow” diýip Esen sähel howsala düşdi, sebäbi kenar görýärkä, Esen arkaýyndy: “Gämi gark bolsa-da kenara ýüzüp çykyp bolar”. Häzir welin kenar görünmese nädersiň?! Kenar ýitdi – Eseniň rahatlygam bile ýitdi. Agşamlyk oglanlar kaýuta giç dolandylar. Penjek beren ýigit bolsa asla şo gije gara bermän oňdy. Kaýutanyň içi garaýagyň ysyndan ýaňa aňkaýardy, Esen bolsa gaty pugta uklap ýatyrdy. – O-how, bi intelligent /Eseniň galstugy boýnundan aýyrman ýörşini görüp, oňa şeýle lakam goýdylar/ köwşüňi kaýutada ýaglapdyr öýdýän. Oglanlaryň biri Eseniň köwşuni tapyp ysgap gördi. Deriň agyr ysy burnuna urdy. – Aý, ýok, intelligent köwşine ýag degirmändir weli, şi gara işbil deregine gara ýag iýen bolaýmasyn?! – Näme diýseňizem, gör-de-duruň, bar bela şi intelligentdedir, ýene bir hokga çykarandyr, zalwat. – Şumat biziň sesimizi eşidip ýatsa-da gözüni açmaz. – Geliň, şuny oýaryp näme edenini soralyň-la, bolmasa bu ys janymyzy alar. – Ýok, intelligente rehmiňiz insin-how. Oýarsaňyz, olam men gara ýag ellämogam, göremogam diýse, özüňiz utanarsyňyz. Gowusy, kaýutany gowuja ýelejiredip ýatybereris. Duwara şemal gara ýagyň ysyny birbada aýyaran ýalam etdi. Gapyny, penjiräni ýapdylar weliaz salymdan ýene önki-öňkülik boldy. “Aý, bolýa-da”. Ertir nahar iýip otyrkalar Eseniň dilmajy oňa ýene bir sagatdan Dudinka diyen şähere baryanlaryny, o şäherde zat köplügini aýtdy. Soňundanam: “Sen nima alajak?” diýip sorady. “Gelnimiň sargydyny bitirsem bolýa”. Semiz aýal ýaňsylyrak ýylgyryp goýberdi. Az salymdan kenar golaýlaşyp, onda-munda jaýjagazlar, awçy gaçybatalgalary görnüp ugrady. Bir salymdan bolsa gämi gaty uly porta geldi. Uzyn-uzyn, beýik-beýik gämiler gapdalyny kenara süýkeşip durdylar. Äpet kranlar bolsa boýnuny egreldişip ýükleri iki ýana göterýärdiler. Kaýutadaky oglanlar bireýýäm şaýyny tutup, düşmäge taýýar bolup, palubada töweregi synlaýardylar. Eseniň welin kaýutadan çykmasy kyn boldy. Ol gyssanman täze žempirini geýdi, üstünden gamça dönen galstugyny dakyndy. Aýna bakyp öz görkünden ganabilmän durdy. Soň bolsa gaty ähmiýetli işe baş goşýan adamyň saldamlylygy bilen bardy-da şifoneri emaý bilen açyp, gara ýagyň ysy tütäp duran gara penjegi seresaply alyp geýdi. Hondan bärsi bolup aýna bakdy. Kem zady ýok. Wah, Eseniň şu durkuny obadaşlary bir görsedi. Gördükleri, gaýdyp Esene göwniýetmezçilikli bakmazlar, gaýdyp Esene lakam dakmazlar. Ol koridordan çykandan ýörişini üýtgetdi, apaň-apaň basyp, töwerege bakman gitdi. Gämiden düşen syýahatçylar ýörite awtobusa münýärdiler. Esen soňrak gelensoň, dyknyşyk awtobusyň öň gapysyndan sümüldi. Hemmeler oňa bakýan ýaly. Goý, baksynlar. Ogurlyk zat geýenok ahyry. Eseniň gapdalynda duran aýal burnuna uran ysa çydap durup bilmedi. – Eý, hudaýjan, edil ýöne aýakgap kreminden ýasalan ýaly aňkaýar-da. Esen düýbünden hiç zat düşünmän, şol öňki badyhowalygynda bakyp dur. Salonyň yzragynda ýylgyryp bakýan ýigide gözi düşdi. Özüne penjek beren ýigit. Göreçleri çaknyşdy. Esenem ýýlgyryp goýberdi. Penjek beren ýigit şo ýylgyryp durşuna, düýnki ýaly ýene başam barmagyny gaýsartdy-da “Otliçno” diýdi. Esen “hawa” diýýän ýaly baş atdy. O ýigide minnetdarlygyny ýene bir gezek aňdyrmasa göwni ynjaljak däl, üstesine-de Esen indi “ysbasibo’ diýibem bilýär-ä. Onsoň ol şo dyknyşykda duranlara süykene-süýkene şo ýigide baka omzap ugrady. “Duruber-dä duran ýeriňde” diýip, närazy sesler çykyp başlady. Esen arka çetinden geçip barýarka bolsa, bir ýigit: “Doganlar, bu zalwat ählimize krem ysyny ýetiresi gelýär. Wah, ysjagazyňdan aýlanaýy-yn” diýip, janyýangynly seslendi. Ol entek özüniň gar ýaly ap-akja sport geýmine Eseniň gara ýagyny süykäp geçenini dagy göräýse, ýuregi ýarylsa gerek. Esen öz edýän işinden özi bihabar, tizräk şo penjek beren ýigidiň ýanyna barasy gelip şo müňzäp gelşi. Awtobusda dik duranlaryň-a tas ählisine diýen ýaly ýagyny çyrşap geldi. Penjek beren ýigit bu ahwaly synlap durşuna aglajagyny-güljegini bilmedi. Ol penjege gara ýag çalmaga maslahat berende soňy juda beýle bolaýaram öýtmändi. Anha, Esen burny bilen ýol açyp, onuň ýakynyna geldi-de önküsi ýaly minnetdar ýylgyrdy. Emma penjek beren ýigidiň ýüzünden gülki bireýýäm ýitip gidipdi. Ol öz eden işine-de ökünýärdi weli, başga bir pikirem onuň keýpini bozdy: esen şo gelşine gelip, özüne-de gara ýagyny süýkäýse nätjek? Onuňam egninde ak penjek, ak jalbar, köýnegem ak, hatda galstugam şolara reňkdeş. Edil pikir edişi ýaly, esen ýene bir adama garasyny süýkäp geçse, onsoň gezek şo ýigidiňki. “Eý, huda-aý, näme etsemkäm?” Ýigit Esenden gaçasy gelip, yza çekiljek boldy weli, yzda dyknyşyp, özem bir-birege burun degrişip duranlar närazy sesleşdiler. – Rahat dursaňyz-la. – Yzda duranlary öldürmek hyýalyňyz bamy, nirä dyzaýaňyz? – Dyknyşyga çydamaýan bolsaňyz, başlyk boluň: özbaşyna bir ‘ Wolga”, bir şofer. Penjek beren ýigit bu sözlere jogap bermän yza dyzaýar, emma yzdakylaryň jebisligi ony hiç ýana butnatmaýar. Şol mahalam Esen edil alkymyndan boýnyny süýndürip çykýar, hemem şol öňküsi ýaly ýylgyrýar. Emma o ýylgyrma ýigide şeýle bir ýakymsyz göründi, şeýle bir ýerliksiz göründi, üstesine-de Esen o ýigide iň samsyk, iň ýigrenji adam bolup göründi. “ Nireden men onuň bilen kayutadaş bolup ýorün. Ýeri, oňa penjek bermek nireden kellä gelip ýör diýsene. Penjek berdiň, taň etdiň, şoň bile bes edäýmeli ekenim weli. Wah, şi bolar-bolmaz degişmämiz bar-da. ynha, häzir akja kostýumyňa garaja ýagyny suwap başlar weli, etjek alajyň bolmaz. Onsoň degişmäniň näçä durýanyny hasaplaber”. Şol mahal awtobus duýdansyz togtady, birdenem bat alyp ýöräp, içindäkileri öňe-yza siltäp goýberdi. “Wessalam, täze haryt taýýar”. Eseniň bolsa şol biparhlygy. Ol: “Taňryýalkasyn. Bizem il deňinde geýindik, gowy bolaýdy. Bi ýagşylygyňy ýatdan çykarar ýaly bolmady” diýip sarnaşdyrýar. Soňundanam “Ysbasibo” diýdi. Penjek beren ýigit diri tütedi. “Etjegini edip sag bol diýen bolýar-a” Awtobus az salymdan birki ýola halaýygy erbet çaýkady weli, Eseniň öz penjeginde gara galmady diýen ýaly, ähli garasy töweregindäki biçärelere süýkeldi. Indi gara ýagyň ysy bütin awtobusy tutdy, adamlaryň kellesini agyrdyp, gaharyny getirip başlady, awtobusyň çaýkanmasy hem munuň üstesi boldy. Awtobusdakylar harçaňlaşýardy, ýöne entek gül ýaly egin-eşikleriniň gazana süýkelen ýaly garalananyndan bihabardylar. Ony duýduklary dagy olaryň öňünde döw dursun. Eseniň görgüsi ýamandyr. Her kim onuň bir çigninden tutup çekelär. Janyýangynjyna her kim hemmeli sözläp gygyny pürker. Köpçülikdir, sögenem tapylar, eşigimi töle diýenem mümkin. Bularyň ählisine Eseniň bir özi nädip jogap tapar, jogap tapanda, kim onuň diline düşünjek?! Bolsa-da şu mahal ne ýolagçylar öz egin-eşikleriniň ýagdaýyny duýdular, ne-de Esen öz başyna injek howpy duýdy. Diňe penjek beren ýigit henizem güljegini--aglajagyny bilmän durşuna bu egin-eşigi hapalanan adamlaryň Eseniň eden işi üçin oňa azar ýamanyny berjeklerini öňünden duýup, öňi-soňy Eseni bu beladan sypdyrasy geldi. Ol Eseniň golundan çekdi. “Ýör, magazinleri görkezeýin”. Magazin sözi Eseniň gulagyna hoş ýakdy. Ilkinji giren magazininden gapakly kiçijik gazan gördü-de, şobada goltuk jübüsinden Güljahanyň sargytly kagyzyny çykaryp okady: “ Gapakly gigijik gazandan ikisini al”. Esen iki gazan aldy weli, hälki ýoldaşy, eli gazanly aýlanyp ýörmegi uslyp görmedi-de Esen düşünse-düşünmese “Onda şu köçäniň ugry bilen aýlanyber” diýip, zypberdini çaldy. Her golundaky torda bir gazany sallap çykan Esen: “bi gowy şäher Ekeni” diýip, ýene bir magazine sümüldi. Onuň indi bar pikiri-küýi zada gönügip, dünýäni unutdy. O indiki magazinde termos gördü-de gazanlaryny ýerde goýup, ýene şo sargytly kagyzyna bakdy: “Täşsoltan gelejeňki ýaaly termosdan bäşini al”. Ol bäş termos soranda satyjynyň gözleri tegelendi, ýone beýle ýandaky iki gazanyň hem Eseniňkiligini görende sessiz-üýnsiz bäş termos uzatdy. “Baý, gowy şäher eken-äý”. Öýe eli boş barmakdan gorkup, Güljahana näme bahana tapjagyny bilmän ýören Eseniň gaýgysy ýeňledi. “Gazany görse, termysy görse, bäý, begener-ä”. Esen termoslary emaý bilen goltugyna gysyp, ýerleşenini tora salyp, gazanlaryny göterip ugrady. Göwün diýseň, ho-ol al-asmanda guş bolup uçýar. Haçan gören zady. Beýle gazany, beýle termesi Buhar emiri hem gören däldir. Güljahan gördügi begenip topular-a. Çep goltugyndan termos sypyrylyp aşak gaýdyp başlandan, Esen şobada aşak çökdü-de zordan saklap ýetişdi. “Bi döwüläýse dagy, Güljahan meniň kellämi döwer”. Gazanlaryň agramam ýetik, elini üzüp barýar. ol ädimini ýygjamladyp ýegşerilip barşyna bir magaziniň gapysynda adamlaryň hümer tutuşyp duranlaryny gördi. Ýeri, bolşuň-ýagdaýyň şuň ýaly, geç-de gidiber-dä. Emma geň zat satylýandyr diýen pikir Eseniň ýoluna ala taýak goýdy. Onsoň ol goşlaryny bir gyrada rejeläp goýdu-da tigirlenip baryp mähelläniň bir gyrasyndan bakdy. Bäh, tüýs Esene gerek zat. Hakyt manty bişirilýän satylyp dur-da. Gülja-han ony sargytly kagyzyna ýazmasa-da, beýle zady öýe eltibilse Güljahanyň begenjekdigine Eseniň şübhesi ýok. Ol bir-de töwerekdäki adamlara, bir-de bolsa beýle ýanda ýatan gazanlardyr termoslara göz aýlady. Nätsekä? Üstünden barybam almansyň diýiljegi-hä hakdyr. Onsoňam beýle zat indi ýa duşar, ýa duşmaz. Magazinden manty bişirilýäni alyp çykýanlara gözigidiji bakdy-da nobat belledi. “Be-e, bi adamlarda myhmana hormat ýok öýdýän. Bir men myhman ahyry. Meni dagy magazina binobat salanlarynda-da boljag-a”. Hiç kim Esene üns bermedi, onuň içindäki öýkäni hiç kim duýmady. Asla, adamlaryň başga zada ünsi düşer ýaly däldi. Gaýta, uzak durduklaryça aýallaryň jammyldysy artýardy, bolar-bolmaz zatlar üçin bir-birege hyňranyşýardylar, erkekler bolsa unup-çydap bilmän, içiniň posuny çilim tüssesi bilen burugsadyp goýberýärdiler. Eseniň bu jaýda näçe wagt durany belli däl, ýöne zat alyp çykýan adam köpeldigi-çe onuň howsalassy artyp başlady: birden maňa ýetmän gutaraýmasyn. Onuň başynda başga alada ýokdy. Turistler nireleri görmäge gitdiler? Haçan dolanjaklar? Gijä galan bolaýmasyn? Meni gözleýän-ä däldirler-dä? Ýo-ga, asla beýle sowallar onuň golaý-goltumyndanam geçenok. Ol entek surnugyp ýykylýança-da durjakdy, ýöne birden halaýyk dyr-pytrak bolaýdy. Esen manty bişirilýänden namut galanyna şonda düşundi. Onsoň ol gamgyn halda gazanlaryny, termoslaryny alyp ýola düşdi. Onuň niýeti: bu zatlary düýp goşa eltip, ýaňadan magazin-magazin, dükanma-dükan aýlanmakçydy. Awtobusdan düşen ýerine gelse, ne awtobus bar, ne-de tanyşlar. Ana, şonda oňa ýeke galanyň galagoplugy aralaşdy. Kimden sorajak, kim aýtjak? Asla, kim seniň diliňe düşünjek? Öňler bir şähere geldikleri Esen tizden-tiz birküç magazini görerdi-de şobada yzyna öwrülip gelip, gämide jokgarar oturardy. Bu gezek awtobusa münüp bulaşdy-da. Ol çar ýana delmurup bakýar. Derekýok. Onsoň gelenden-geçenden sorap başlady: – Ýa turis, biziň abtobusy görmediňmi? – Goworite po-russki. – Agam, düşünäý ho-ow, azaşyp ýörün. – Ne ponimaýu. Esen ýene birine ýüzlenýär. – Ýa turis, aptobus gde? – Kakoý awtobus? – Hawwa, hawwa, aptobus. Uzyn, gyzyl aptobusdyr-la. – Ne ponimaýu, dorogoý, izwini. Esen ýene birini saklaýar. – Pajalysta, aptobus gde? – Awtobus? A wy kakogo awtobusa işete? – Turis, turis. Agam, gaýrat edip aptobus tapyşaweri. O kişi beýle ýandaky telefon-awtomatdan bir ýerlere jaň etdi-de az salym Esen bilen bile durdy. Ony-muny soraşasy geldi, bolmady. Onuň goşlaryna gözi düşende, beýlesine bakyp ýylgyrdy. az salymdan şo-ol uzyn, gyzyl awtobus gelip Eseni alyp gitdi. Şofer oňa hüňürdeýär, Esen bolsa eýesine gowşanyna şükür edip, göwnihoş bakyp otyr. * * * Eseniň bagtly güni iň demirgazykdaky Norilsk şäherine baranlarynda boldy. Sebäbi syýahata başlaly bäri hiç bir şäherde-de beýle köp zat almadyk Esen bu ýeriň magazinlerinden göwni bitdi. Elbetde, islän zatlaryny tapan şäheri Esen üçin iň gowy şäher bolup göründi. Jaýlar beýikmi-pesmi, neneňsi keşdeli, köçeler neneň, adamlary nähili, näme geň zatlary bar – bularyň hiç biri Eseniň gözüne ilmeýärdi. Ol magazinden magazine girip-çykyp, užyn-kelte nobata durup, dyknyşykdan-dyknyşyga dykylyp, penjeginiň gara ýagyny dünýä çyrşap çykdy, penjeginde gara ýagyň ysyndan özge zat galmady. Şeýdip, Güljahanyň sargan zatlarynyň tas ählisini diýen ýaly aldy. Onsoň bu günden göwnihoş Esen agşamlyk iller kino diýip, teatr diýip çykyp-çykyp gidende myhmanhana otagynda ýeke özi galyp Güljahanyň kagyzyndaky sargytlary alan zatlary bilen ýene bir ýola birme-bir barlap çykdy, sargyda laýyk gelşine ýürekden begendi, aldym diýip belligem etdi: Üzümgülli çanekden ýigrimisini al. Aldym. Myrat daýyňky ýaly elçyradan ikisini al. Aldym. Agaççemçeden ýüz sanysyny al. Aldym. Hanýalykdan onisyny al. Aldym. Gapakly kiçijik gazandan ikisini al. Aldym. Togsan bäşik çaýdan on kile al. Aldym. /Esen eliniň gyzgynyna aldym diýip ýazsa-da, soň çyzdy. Entek bu çaý Esene ýetdirmeýärdi./ Pomark matadan ýigrimi bir mitr. Aldym. Grasy zerli kase görseň, elisini al. Aldym. Görkezenim ýaaly çaga eşigdan onisyny al. Aldym. Täşsoltan gelejeňki ýaly termisdan bäşini al. Aldym. Maňa arzan ýüň jempir al. Ýakaly. Aldym. Radyramyza on sany botariý al. Aldym. Şundan soňky harytlary Esen heniz alyp ýetişenok. Ol sargytly kagyzy epleşdirip jübüsine saldy. Jorabynda gizlän puluny sanap ýene öňki ýerine dykdy, soňra türsisiniň iç ýüzünden Guljahanyň ýörite tiken jübüsinde gizlän puluny sanap gördi. Ýerbe-ýer. Entek puly kän-le. Esen ähli goşuny şifonýere dykyp, gapysyny zordan ýapyp düşegine geçip ýatdy. Gijäniň bir mahallary gelen otagdaş ýoldaşlary Eseni oýarmajak bolup, çyrany hem ýakman, emaý bilen ýoreşip, pyşyrdaşyp gepleşip, geýimlerini asmakçy bolup şifonýeriň açaryny towlanyna mähetdel, hälki goşlar güpürdäp agyp gaýtdy. Esen böküp turdy. Onuň başyna ozaly bilen gelen pikir: ogry girendir öýtdi. Çyra ýakylanda ortada üýşip ýatan goşlaryna hem-de haýran galyp bakyp duran ýoldaşlaryna gözi düşdi. Esen goşlaryny ýaňadandan şifonýere dykyşdyryp, ýerine geçdi. Öňi-soňy onuň göwnünden güman aýrylmady: şol ýoldaşlar onuň zadyny ogurlamakçy bolan ýaly. Şoňa görä, daň atyança Eseniň gözüne çiş kakylana döndi. Bu günem Esen dilmaç aýaldan salgy aldy-da uzak gününi zat gözleginde geçirdi. Magazine girse gerekli zat men bärde diýip dur. Häli bir magazine girende tagta çalynýan ak reňk bar ekeni. Nädip almajak?! Obada bir baňkasyna üç baha bereňde-de tapylýan zat däl-ä. Esen säginmän iki baňka ak reňk aldy. Sargytda bolmanda näme?! Güljahanyň begenjegini bilýär-ä. Ýene bir magazine girende manty bişirilýän dur. Beh. Nobatsyz-dawasyz açyk dur-la. Şondanam birini aldy. “Şü-ýä bolaýdy. Bä-äý, bu şäher gaty gowy eken-äý”. Unha, indi Eseniň özi myhmanhanada magazin açybermeli boldy. Ol şu mahal şeýle bir begenýärdi weli, hatda kelteje boýy hem ösen ýaly görünýärdi. Bu zatlary eltip Güljahany begendirjegine özi öňünden guwanýardy. Gaýdylar uçurlary bir ýerlerden birküç halta tapyp, goşlary şoňa dykdy, döwüler gorkusy bolan zatlary mata dolap dykyşdyrdy. Manty bişirilýäniň bir özi bir haltanyň gabarasyna barabar bolup durdy. Ýöne zatlaryny jemlänsoň Eseniň kalbyna bir düşnüksiz tukatlyk aralaşdy. Munuň sebäbini Eseniň özi bilmeýärdi. Birden ähli zadyň gyzygy gaçdy duruberdi. Magazine-de gidesi gelmedi, sebäbi aljak zatlarynyň tas ählisini diýen ýlay alypdy. Indi onuň bar küýi-pikiri tizräk öýe barmakdady. Ýöne öýe barýança bu tukatlyk, bu gamgynlyk Eseni güýe ýaly güýtjek-dä. Wah, bu dünýäniň gysygynyň zatda däldigini, zat alanyň bilen kanagat gelmejegini Esen, biçäre, nireden bilsin?! Zady alanyňdan aljak-aljak diýip arzuw çekeniň on esse süýji ahyry. Ýöne Güljahanyň sargydyna gözi baglanan Esen muňa hacan düşüner?! * * * Ýüze-ýüze dünýäniň depesine ýeteňkirlän ak gämi, ahyry aşaklygyna eňip gaýtdy. Gidişin şäher-şäher, oba-oba düşläp gidensoň, gaýdyşyn eglenmedi. Günler tukatragam bolsa rahat geçýärdi. Kaýutada eseniň gara penjeginiň ysy çydatmansoň, penjek beren ýigit, il ýatansoň, şo gara penjegi aldy-da derýa tarap yrgydyp goýberdi. “Gaýdyp seni gözüm görmäwersin”. Kaýuta gelende, öňküsi ýaly, hemmeler uklaşyp ýatyr, Esene bakdy, onuň gazanlary, beýleki ýüklerini ýatlady. “Biçäre-e”. Ir ýatan Esen irem oýandy. Gözüni açandan göreni gyzyl onluk boldy. Bäh, bi nä gudrat boldy? Nireden gaýyp düşdikä? Gaýyp düşene meňzänok, ýassygyma gysdyrypdyr-la-a. Ýa özüm ukyda düşirgäp, öz pulumdan çykaryp goýaýdymmykam? Esen ýoldaşlary oýanmaňka tizden-tiz jorabyndaky, türsisindäki puluny sanady. Ýerbe-ýer. Akly çatmady. Oglanlar oýananda hersine onlugy uzadyp: “pul seňkimi?” diýdi, olar türkmençä düşünmän: “Näme üçin pul hödürleýäň? Puluň özüňde dursun” diýdi. Gara penjek beren ýigide gezek gelende ol ýylgyrdy-da “Pul özüňki” diýip elleri bilen düşündirdi. “Be-eý, bu pul nädip meniňki bolýaka? Eger meňki däl bolsa-da, ala-böle meniň ýassygyma gysdyrylmasynda bir gep bar”. Penjek beren ýigit bolsa henizem ýylgyryp otyr. “Düşünseň-ä häzir düşünersiň, bolmasa-da ýagly penjegiňi geýjek bolup gözläňde düşünersiň-dä”. Esen puly jübüsine salsa-da ynjalyk tapmady: özge biriniň hakyny alýan ýaly. Şol günuň agşamy ol jorabyndaky puluny hem tursisindäki gizlin jübüsine geçirdi. Şeýtse has ähtibarlyrak boljak, agşam ýataňda-da puluň ýanyňda. Emma Esen gara penjegiň gideninden henizem bihabardy, ol henizem göwün ýüwürdende gara penjekli, gara jempirli, galstuklydy. Ynha, ol obasynyň deňinde şu görnüşde otludan düşýär-de töwerege belentden bakyp goýberýär, soňra halta-halta ýüküni gyssanman-howlukman düşürýär. Beýlede duran maşyna ýüküni basyp, öýüne barýar. Güljahan ony birbada tanamajak bolýar, bi gara ýaldyrdawuk penjekli, gara jempirli, galstukly kişi kimkä? diýip hüşerilýär. Eseni diňe burnundan tanaýar. “Egin-eşik kimiňki bolsa-da, şu burun Eseniňki”. Esen burnuny nägile sypap goýberdi. Hernäçe ýigrense-de etjek alajy ýok, öz teniň-dä, kesip taşlap bilmersiň. Ol bu günleriň rahat geçişine, hiç bir müşgillige uçramaýşyna şükür edýärdi. Üstesine-de ol halys irizen syyahaty tamamlap, her günsaýy öýüne golaýlaşýar ahyry. Sag-aman öýüne dolansa, oňa ýetesi zat ýokdur-la. gezen gezewersin. Esene-hä oba-ilinden, öýünden hemem traktoryndan aýyrmasalar, başga bagt gerek däl. Şol günleriň birinde Eseniň hammamda-duşda ýuwunman-ardynman, geýimini çalşyrman ýörşüne kaýutadaşlaryň biriniň ünsi düşdü-de, onuň garşylygyna bakman, bile hammama alyp gitdi. Ýyly suwda derisi giňän Eseniň keýpi göterildi, öňler diňe är-aýallyk işi bitirilende ýuwunylýandyr öýdüp ýoren Eseniň şähdi açylyp, üstünden suw baryny eňterdi. Utanjyna türsili düşensoň, hammamda täk özi galýança durup, tursisini çykardy. Çalşyrmaga eşik almansoň, gury tenini jalbaryna sokdy-da gidiberdi. Bir elinde-de gawun kaky ýa-ly burum-burum bolup ýatan öl türsisi. Palubadaky oturgyçlaryň birine tursisini serdi-de kaýutasyna girdi. Näçe wagtlap suw görmedik beden sökülip-sozulyp barýar. Düşegine geçen Esen salymyny bermän meýmiräp, uka batdy. Birki sagat ýatan bolsa gerek, oýanyp töwerege göz aýlady. Oglanlar kart oýnaşyp otyrlar. Esen birden düşeginden böküp düşdi-de gapyny warkyldadyp açyp-ýapyp göni paluba baka eňdi. Türsisinde pul barlygy şu mahal kellesine urdy. Pähey, edip ýören işiň bar bolsun! Suw nämäňe gerekdi?! Şu çaka çenli suwda ýaşadyňmy diýsene, geziber-dä önki bolşuňda. Wah, pul barlygyny bilen bolsalar türsini çilendirler. Öz-ä halal puldy. Hudaýyň özi goran bolsa-ha... Esen insiz koridorlarda ýüwürip, beýik basgançaklardan boküp-böküp tursisini seren ýerine ylgap bardy.Oturgyç öňküsi ýaly dur. Beýle ýanda birküç kişi güne çoýunyp, kitap okaşyp ýatyr. Töwerege nazar aýlasa-da türsisine gözi ilmedi. – Türsimi görmediňizmi? Oturanlar “Düşünemzok” diýip başyny ýaýkadylar. “Görmersiňiz-le. Puluny alyp, tursini suwa taşlaňyzsoň, görmersiňiz-le”. Esen howpurgap-howlugyp, demini sojap alyp, çar ýana alakjady, gözüni ýerden aýyrman ýörşüne gäminiň ardyndaky demir gözenekli germewe çenli bardy. Adam boýy germewiň ýüzünde: “Geçmek gadagan” diyen ýazgy bardy. Esen o ýazga üns bermedi, okanda-da düşüňmejegi belli. Emma şol germewiň aňyrsynda gäminiň kuwwatly perleriniň suwy köpürjiklerdip, ala şogurdy turuzýan yerine golaýda öz tursisiniň ýatanyny gören Esen şo germewe ýarmaşyp başlady. Gäminiň radiosyndan kapitanyň howsalaly sesi çykdy. – Dolan, dolan! Gadaganlygyny gözüň görmeýärmi? – Esen o sese düşünmän germewden aşyp başlady, kapitanyň sesi hem has azmly çykdy – Düşüňýärmiň, o taýy ölüm howply, ölersiň! meni türmä saldyrmajak bolsaň dolan! Ýo-ok, Esen häzir içi pully türsisinden başga zady görenok. Gulaklary hem gapyk. Anha, ol germewden geçdi-de, başy aýlandymy ýa-da o taýynyň güýçli sarsgynyndan eýmendimi, bagry bilen süýşip başlady. Şo pursat üç sany gämiçi ok ýaly atylyp gelşine germewden gaýdyrylyp geçdiler-de Eseniň aýagyndan garbap tutup yza çekip başladylar. Esen bolsa çyr-çytyr demire ýapyşyp öňe dyzaýar, birküç ädimlikde ýatan türsisine ýetesi gelýär. Onýança güýçli ýigitler Eseni özlerine çekip aldylar-da germewden aşyrjak bolup edil pökgi göteren ýaly ýeňil göterdiler. Esen bolsa henizem elini türsä tarap uzadyp “Dengi! Dengi!” diýip gygyrýar. Gykylygyna bakman Eseni germewden beýlä agdardylar. Olaryň biri türsini almakçy bolup ýöneleni hem şoldy weli, ýetişikli şemal türsini ýelkildedip alyp, lummurdap, gaýnap-joşup ýatan suwa garyp goýberdi. Esen germewe yapyşyp durşuna muny görüp, göwresini lampa ýere goýberäýdi. “Wa-ah, indi Güljahana näme jogap bererkäm? Janymy alsa gerek. Gara köpüksiz nädip öýe aşarkam? Waý, hudaý ja-an, maňa rehmiň gelewersin. Şol yassyga gysdyrylan onlugy almaly däl ekenim, o kişi hakydyr. Anha, indi bir onlugy alyp, deregine näçe onlugy bermeli boldum. Wah, meňki boljak däl-ow. Hernäçe halaýyga görüňmäýin, öýden çykmaýyn diýsemem bolmady-da. Ýuwunar ýaly, näme, endam janyňy gazana süýkediňmi, diýsene?! Dyzap goýmady-da. Dyzasa dyzap geçsin. Bar, özüň kiriňi döküwer diýmelidim weli, oňarmadym-da. Bar bela şo hammamdan başlandy-da. Ana, indi boljagym boldy”. Gäminiň adamlary kapitanyň howsalaly sesini eşidip, paluba tarapa eňişip gaýtdylar. Bir gyrada kelteje boýly Esen boýny buruk bakyp dur, beýleki tarapda-da halaýyk oňa bakýar. Kimsiniň nebsi agyrýar, kimsi gaharlanýar. Hyşy-wuşy gürrüňlerem örüp başlady. Şo wagt birmahalky semiz dilmaç aýal Eseniň ýanyna baryp halyny sorap, duýgudaşlyk etdi. Ol Eseniň gaýdyş biledini alyp goýanyny bilip ynjaldy. “Pul üçin bozulmaň işlärsäňiz, kazanarsyňyz. Janyňgyz, başyňgyz sag bolsa bolgany”. Ol zenan jübüsinden on manat çykaryp Esene uzatdy. Ol almajak bolsa-da berdi. Bir tarapda duran halaýyk hem o aýaldan näme bolanyny sorap bilensoň, olaryň arasyndan hem Esene pul goldawyny berenler tapyldy. Esen o pullary almajak bolsa-da semiz zenan ony kynlyk bilen göwnetdi. Elbetde, ýoldaşlarynyň goldawyna Esen ýurekden minnetdar boldy, kä gezeklerde olara, ogra bakan ýaly, şübheli garany üçin özünde müýn duýdy. Emma şodurda-şodur gaýdyp Eseni köpüň içinde görüp bolmady, ol tä Krasnoýarska gelýänçä tukat geldi, özünden göwni geçdi. Her niçigem bolsa dogduk mekana dolanýanlygy köňlüne az-kem goltgy berdi. Ynha, bary-ýogy bir gije-gündizden ol öýünde oturýar ahyry. Ilki Krasnoýarskiden Aşgabada samolýotly uçar gider, o taýdanam otlynyň biline münse, bary-ýogy on sagatda obasyna elter. Esen şeýle duýgular bilen gämide goşlaryny halta-halta edip ýygnaşdyrdy. Boýunly gara žempirini geýdi, emma näçe dörünse-de gara penjek göze ilmedi. Nirä düşäýdi-kä? Ya eliniň gyzgynyna haltalaryň birine dykaýdymyka? Şeýdendir-ow. Onsoň ol zatly haltalaryny birme-bir döküp, ýaňadan salyşdyrdy, ýöne gara penjek welin bir haltadanam çykmady. Be-e, gara penjek Eseniň göwün diýen penjegidi ahyry. Ol oba-da hut şo penjegi geýip barmagyň arzuwundady ahyry. Indi şo tapylmasa näderkä? Ýo-ok, hernäçe dörünse-de tapmady. Onsoň Esen boýunly žempiriň üstünden myjarlanyp-düýrlenip galan galstugyny dakyndy-da goşlaryny kenara daşap başlady. O taýdan bir maşyn tutup aeroporta eltdi. Samolýotynyň uçmagyna wagt kän. Jübisine elini sokdy -ýoldaşlarynyň beren puly bar. Onsoň ol ugra oturyp bilmedi-de beýle ýandaky magazine girdi. Arzan çit mata gözi düşdi hemem Güljahanyň sargydyny ýatlady: “Arzan eli segiz kopüklik çit matadan aalytmyş mitir al”. Esen başga hiç zat hakda oýlanman mata alyp çykdy. “Şuýä bolaýdy”. Ine, ahyry samolýota müner wagt boldy. Her kimiň goşlaryny terezide ölçäp başladylar. Syýahata gaýdanda ýüki bolmansoň, muňa kän bir üns bermedik Esen ýangoşynyň näme üçin çekilýäninden bihabardy. Gezegi gelende haltalaryny terezä örüp basdy weli, tereziniň aňyrsyndaky zenan artyk ýük üçin näçe tölemelidigini aýtdy. Esen düşünmedi, terjime edip berdiler. “Eý, ho-o, beýle düzgünem bar eken-ow. Meniň pulum ýetmeýä. Şuňa düşündirip aýtsana, men öňem ýolda pulumy derýa gaçyrdym. Menden pul alman geçirsin-le”. “Bolmaz diýýä. Hökman alynmaly-da”. “Be-e, onda barja pulumy alsyn, ýetmedigine derek gaty gyt gazanym ba, özem gapakly, şonuň birini bereýin”. Terjime edip berdiler weli, tereziniň aňyrsyndaky gyz ýürekden güldi. Ol Eseniň çyny bilen aýdýanyna ynandy-da onuň barja puluny alyp ýüklerini kabul etdi. “Gaýdyp beýtmäweriň”. “Wah, gaýdypmy, gaýdyp dirikäm obadan çykasym ýok-la”. * * * Esen samolýotda-da, soňra otla münende-de bar arzuwy – Güljahanyň göwnünden turmak boldy. Şäher-şäher, dükan-dükan söke-söke alan zatlaryna Güljahanyň göwni ýetse, begense Esene başga zat gerek däl. Ol özüniň şeýle haldalygyny entek duýmaýardy, hiç hili oýlanmazdan, tebigy buýruk boýunça ýüwürýärdi. Ynha, häzir ol halta-halta ýukelrini öýüniň dulunda hatar-hatar örüp, haltalary birme-bir açyp, beýle ýanynda ogluny goltuklap oturan Güljahana sowgatlary uzadyp başlar. Haltada ilkinji eline ilen zat – arzan çit mata. Esen o matany uzadýar weli Güljahan: “Waý, bu matanyň owadanlygyny!” diýip topulýar. “Näçeden aldyň?” “Arzanja-la. Öz sargaýşyň ýaly, mitiri elli üç köpükden”. “Bolaýypdyr. Gül ýaly”. Owadan termoslar çykýar-“Gowujalygyny ! Sen-ä söwdany oňarjak-ow, Esen.” Gapakly gazanlara Güljahanyň gozi düşýär – “Bä-ä, gowy zatlar alypsyň, tüwele-me”. Esen üzüm gülli çäýnekleri uzadanda dagy Güljahan gül-gül açylýar. Ahyrda, Esen ähli getiren zatlaryny öýüň içine gyzyl-ala serip goýýar weli, Güljahan begenjinden ýaňa nämä bakjagyny, nämäni ellejegini bilmän, gözlerini ikiýana alakjadýar, süýji-süýji sözleýär. Esen şeýle bolaryny isläp öýüne geldi. Dogrudanam, Güljahan birbada Eseni tanap bilmedi, tomsuň bu jokramasynda boýunly gara žempirli, galstukly, ak ýüzli kişä Güljahan garaşmandy. Ol geleniň Esenligini tiz tanap, ojaga çöp atyp oturan ýerinden turup gaýtdy, äwmän, şeýle bir giň-giň ädimläp, abanyp gelýär weli, Eseniň şobada howy basylyp ugrady. – Güljahan, gurgyn oturanmysyň? Bala-çaga, mal-gara saglykmydyr? Obalaram rahatlykmydyr? – Esen öz aýaly bilen salamlaşmagy birgeňsi görüp, “Salam” diýjegini-diýmejegini bilmedi. Güljahan bu soraglara bir sözde “Hawa” diýdi-de haltalary maşyndan düşürip başlady. Aralygynda: “Uzak eglendiň-le?” diýdi. “Meni göresi gelipdir-ow” diýen manyda düşünen Esene bu sorag hoş ýakdy. “Seniň sargytlaryňy bitirjek bolup eglendim--dä”. “Nämeler alyşdyrdyň?” “Sargytly kagyzyňda näme ýazylan bolsa baryny aldym”. “Bä, sen-ä iş bitiripsiň”. Güljahanyň şujagaz sözi hem eýýäm Eseniň goltugyndan göterip başlady. Ikisi bir jaýda galanda, ogly bolsa sallançakda ýatyrka Esen Güljahany gujaklajak boldy weli, ol sähel ýylgyryp eliniň tersi bilen ony itip goýberdi. Güljahana häzir yşk oýnuna garanda haltalardaky zatlary görmek has gyzyklydy. – Aýryl-a! Hany, haltaňy aç! Näme getireniňi göreýin. Esen gulluga taýyn. Böküp baryp bir haltanyň bogdagyny çözdi. Gapakly gazany uzadanda Güljahan nebsewür topuldy. “Bolaýypdyr, tüýs meniň gözleýän gazanym-da. Magazinde açyk satylýamy?” “Hawa-la. O taýda düzgünler gaty güýçli. Her magazinde bir milisge dur. Magazinçi zat gizledigi, ýa pul iýdigi şapba golundan tutýa-da: “Ýör türmä” diýýä”. “Wah, şoň ýaly milisge biziň magazine gerek. Ýer ýuwutmyş, bardygyň ýagyrnişligiňi otlaýa”. Güljahan gapakly gazany sypalap az-kem güýmenýär-de Esene bakýar. – Näme çykaraňok? Esen ýaýdanýar, haltanyň içine, edil guýa bakan ýaly bakýar. – Aý, şi, neme, biri nemedipdir weli... – Sakawlama-da, o zatlary duza ýatyrmajak bolsaň tiz çykaryşdyr. Esen sähel sandyrap başlaýar. Agzy açylyp, ak reňk akyp yatan gapyrjagy çykarýar. Reňk keçä sarkyp başlaýar. – Waý, keçämi kül etdi! – Güljahan Eseniň elindäki gapyrjagy kakyp alýar-da daşary taşlaýar. Güljahanyň gahary oýandygy, öňünde dag bolubam durar ýaly däl. Muňa Esen aňry ýany bilen belet bolansoň, haltadan zat çykarmaga bogny ysman, indiki urga garaşýar. – Bol diýdim-ä saňa! Agaç ýuwdan ýaly bolup durma-da çykar artyplaryňy! Esen daşyna ak reňk çyrşalan bir termosy zordan çykaryar. Içinde şygyrdy eşidilýär. Güljahan alýar-da termosyn içine bakýar. Esen bolsa haltanyň ýanynda “Näme bolarka?” diýip müýnli bakyp dur. – Äý, kellesi kesilmiş-äý, hi termisi dagy halta salarlarmy?! Wah, bir gowja zat ekenidä. – Güljahan hernäçe özüne basalyk berjek bolsa-da bolmady. Gahardan yaňa ýaryljak boldy. Elindäki termosy hem daşary taşlady. – Ýer ýuwutmyş, pulumyň haramy barmydy? Güljahan kanagat tapman Eseni birýana itdi-de haltadaky zatlary özi çykaryp başlady. Ýene döwük termos, ak reňke boýalan gyzyl pombarhat, çüründigi, gulpy, gapagy döwülen, böwri deşilen, tutuş owranan çäýnekler Güljahany tas däliredipdi. Saçyny ütüp, içini çekip aglap başlady. Esene şeýle bir gargady weli, ol öňde-soňda hiç kime beýle zäher pürken däldir. Bir haltany döküp beýlekä geçse, ol öňküdenem beter. Güljahanam barha gaharlanýar, barha beter gargap, döwük zatlary eliniň tersi bilen ikiýana zyňyşdyrýar. Esen bolsa bir burçda gussa bogulyp otyr. Ol hiç mahal şeýle gussa batmandy. Güljahan bolsa gahary göwrä sygman, beterden beter betbagtlyga uçran ýaly, jaýyň içinde ikiýana zowzuldady, birdenem Esen biçäräniň galstugyndan mäkäm tutup, dabyrdadyp daşary alyp çykdy. Barha batly ýöräp, beýle ýandaky guýynyň edil agzyna bardy. – Ýer ýuwutmyş, men senden geçdim! Şu dünýäde ýa sen galarsyň, ýa men! Eşidýämiň? Erkek bolsaň bök, ýa bökjek. Esen geplemedi, Güljahana hem göni bakyp bilmedi. Emma Güljahan bir dem salym hem eglenmän, çuňňur guýa özüni taşlajak bolup egilip-egilmänkä Esen ony ykjam gujaklap yza çekdi. – Çekil, çekil, haram! – Sen gitme, men gideýin, Güljahan! – Gitjek bolsaň, sorap gitmelimi, namart?! Sen erkegem dälsiň! Bök! – Men guýa böküp bilemok, sen meni iteläýsene. – Wahhh, wahhh! Şo mahal arka çetden bir çaga agysy eşidildi weli, olaryň ikisi hem şo tarapa bakdy. SOŇY. 1990 ýyl. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |