21:26 Sintetiki zäher | |
SINTETIKI ZÄHER
Publisistika
Neşekeşleri bejermek boýunça hünärmen dostlarymyñ biri gürrüñ beripdi. Ene-atalaryñ biri psihotrop maddasyny ulanýan okuwçy çagasyny bejertmäge getiripdir. Näsagyñ sähel zada ürküp duran utanjañ we ýygra biridigini gören lukman oña "arkaýynlaşmagy, gürleşilen zatlaryñ otagdan daşyna çykmajagyny" aýdypdyr. Şundan soñ gowşan ýigdekçe jübüsinden paketjik çykaryp, "agam, rugsat berseñiz, şu gerdejiklerden birini ataýyn, soñ arkaýyn gürläýerin" diýipdir!.. Doñup galandygyny aýdan hünärmen "Şunça ýyllap işlesemem, şeýle zada birinji gezek gabat geldim" diýipdi. * * * Ölüm howply zähere bulaşma ýaşy häzir 10-danam aşak düşen ýagdaýda. Ýañy sekiz ýaşyna girende süpükligiñ penjesine düşen bala-çagalarymyz bar! Hünärmenlerden alýan maglumatlaryma görä, aýratynam psihotrop maddasyna agzy degen gyz çagajyklaryñ ýagdaýlary has gorkunç. Ene-atalar gyzlaryny bejertmegiñ ýerine daş-töweregiñ diline düşmekden çekinip, ýagdaýlaryny gizlänlerini gowy görýärler. Şoñ üçinem köplenç köçä çykýan ýaşajyk gyzlaryñ juwan ýaşda durmuşlary zaýalanýar. Şonsuzam olaryñ köpüsi kämillik ýaşyna ýetmänkä jynsy zorluga uçraýar. * * * Ýurdumyzda gyzyl-ýaşyl resept usuly şu setirleriñ awtorynyñ teleýaýlymda narkotiki-psihotrop maddalarynyñ pidalarynyñ ýürek gyýyjy soñlamalaryny gürrüñ berýän sarsdyryjy habarlaryndan soñ ýola goýuldy. Merhum Ýyldyrym Aktuna bu usulyñ durmuşa geçirilmegi üçin lobbilere garşy kän işler etdi. Netijede neşekeşligi döredýän derman serişdeleriniñ dermanhanalardan arkaýyn satyn alynmagynyñ köp derejede öñi alyndy. Muña garamazdan biraz wagt geçensoñ ýaşlarymyz Günbatarda dürli atlar bilen öndürilýän "sintetiki zäher gerdejikleriniñ" nyşanasyna mündürildi. Ölüm howply sintetik gerdejikleriniñ önümçiligine ys ýaýradýan geroin sehleri ýaly çet ýer we laboratoriýa şertleri gerek däl bolansoñ, birküç ýylyñ içinde ýurdumyzda-da önümçilige girdi. Bu boýunça şeýle derejä ýetildi welin, ýaşaýan massiwlerimizde, jaýlarymyzda, hatda gapydaş goñşularymyzda-da öndürilip başlandy. Ine, şoñ üçinem sintetiki zäher söwdagärleriniñ Polisiýanyñ narkotik serişdelere garşy göreş bölüminiñ işgärleriniñ eline düşmesi-de epeý kynlaşdy... * * * Söýgüli okyjylarym, mähriban ene-atalar we mugallymlar!.. Bala-çagalarymyzy bu gorkunç howpdan gorap saklamakda iñ uly ýük siziñ boýnuñyza düşýär. Siz - siz boluñ we asla "bu bela biziñ ýaşaýan ýerimize-hä gelesi ýok-la" diýmäñ. Çagalaryñyz bilen köpräk gyzyklanyñ, olaryñ özüni alyp barşyna üns beriñ, kimler bilen tirkeşýänini, boş wagtlary nirä gidýänini biljek boluñ. Gowy dost-ýar edinmegi üçin eliñizden gelen goldawy beriñ. Jemgyýetde uly iliñ sylaýan nusgalyk adamlaryndan görelde alarlary ýaly şert dörediñ. Bu howpuñ ýokanç kesel ýaly çalt ýaýraýanyny we narkotiki-psihotrop duzaklarynyñ islendik wagt islendik ýerde gurlup bilinýändigini asla gözden salmañ... Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 09.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |