16:29 Söýgüden söz açylanda / ýumoreska | |
SÖÝGÜDEN SÖZ AÇYLANDA
Satiriki hekaýalar
Redaksiýada işleýärkäk günde telim hatlar alardyk. Günlerde bir gün Aýjeren diýen gyzdan bir hat geldi. Ol gyz öz hatyny Gurbanmyrat aga diýip, meniň hut öz adyma ýazypdyr. Ýaşuly hökmünde söýgi barada degerli maslahatlar bermegimi sorapdyr. Ilkinji haty şeýle başlanýar: «Hormatly atam Gurbanmyrat aga, men şu gün şäherde bir esger ýigit bilen tanyşdym. Boýy 185-den pes-ä däl. Häzirki döwürde şeýle boý moda, ýoň. Syratly. Geýnişi ykjam. Ädigine seredip saçyňy darabermeli. Ýüzi-gözi, gepi-sözi oňuşmazça däl. Bir kemi: tiz-tizden çilim otlanyberýär. Aý, utanýandyr-la, elime düşse soň çilimini taşladaryn-la. Gurbanmyrat aga, şol esgeriň aýaly, çagalary bar bolaýmasyn?! Salam bilen Aýjeren». Gyzyň hatyna bada jogap ýazdym. Sebäbi söýgüde haýal-ýagallyk etmeli däl, günä gazanýaň. «Hormatly gyzym Aýjeren! Esgerde aýal bolýan däldir. Aýaly bolmansoň çagasam bolmaýar. Sebäbi iki çagalyny esgerlige almaýarlar». Aýrejenden ýene bir hat geldi. «Agam, ýaňky esger meni hindi kinosyna çagyrýar. Meniňem öler janym hindi kinosy. Gideýinmi ýa-da ilkinji teklibe yrylmak ulugyza mynasyp dälmi?» Derrew jogabyny ugratdym: «Gyzym, kino gitseň bolmanam durmaz. Ýöne diňe gündizki seanslara gitmegi maslahat berýän. Iň gowusy, Aýjeren, siz haýwanat bagyna baraýyň. Köplenç söýgüliler şol ýerde duşuşýarlar. Buzgaýmak iýersiňiz, çigit çigitlärsiňiz, demir gözenekli jaýda oturan gadymy ata-babalarymyza seredersiňiz». Aýjerenden ýene hat geldi: «Agam, men şol esger bilen haýwanat bagyna gidemde onuň sag goltugyndan tutup gideýinmi ýa-da çep goltugyndan». Aýjereniň sowalynyň jogabyny şobada nagt etdim. «Aýjeren, çep goltugyna-da girme, sag goltugyna-da girme, ýöne tirkeşip gidiber. Eger onuň bilen nikadan geçeňsoň, depesine münüp gitseňem hiç kim geň görmez». Ýene hat geldi: «Hormatly agam Gurbanmyrat aga, esger bilen haýwanat bagyna gidemde, ýanyma ýarym goragçy edinip ejemi alyp gideýinmi ýa-da oglan jigimi?» Jogap ýazdym: «Söýgi sport däl. Oňa ýarym goragçy gerek däl. Eger söýgiňiz hakyky bolsa, onda öz-özüni goraýmaly. Ejeňe-de, jigiňe-de zar berme». «Mümkin bolsa, agam ýene bir sowalym bar» diýip, Aýjerenden bir hatly bukja geldi. Soragy şundan ybarat: «Agam, men esger bilen duşuşyga gidemde öz-özümi goramak üçin nähili ýarag götereýin?». Gyzyň bu sowalyna, elbetde, bir sözde jogap bermek kyn. Onuň üçin kanuny bilmeli, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini okap, döwüp, öz-özüňi goramak hakyndaky maddany öwrenmeli. Men gyza jogap ýazdym. «Hormatly Aýjeren! Fiziki güýje fiziki güýç bilenem jogap berseňiz göwnejaý bolar. Esgeriňem ýanynda ne gyzgyndan, ne-de sowukdan ýarag ýokdur-la. Ýöne, bilip bolmaz, ätiýaçdan sumkaňda tarakana sepilýän dihlofosdan birjigini göteräý. Esger çynyny ediberse, burnunyň aşagyna dihlofosy birki gezek gysyp goýber. Essi aýylyp ýykylaram weli, gaç». Şondan soň Aýjeren bilen aramyzda gatnaýan hatly bukjalar kesildi. Dokuz aý gowrak wagt ara düşdi. Ine-de bir gün ýene hat geldi. Yzky adresine seretsem, Aýjereniň ady bar. Ilki bukjany açmaga gorkdum. Sebäbi esli wagtlap ýazmansoň birden: «Esger-ä oňarmady. Bet pygylyny amala aşyrmak üçin güýç ulandy» diýip, ýazan bolsa näbilýäň. Ýa-da: «Bolmasyz iş boldy. Indi çagamy haýsy detdoma tabşyraýyn» diýen bolsa näderkäm diýip pikir etdim. Ahyry bukjany açyp okap başladym. «Hormatly hossarym Gurbanmyrat aga! Biz durmuş toýuny tutdyk. Täze ýylyň öňüsyrasynda oglumyz dünýä indi. Adyna döwrebap at bolsun diýip, Galkyn dakdyk. Indi täze ýylda goşa toý etmekçi. Sizi şol toýuň hormatly myhmany bolmaga çagyrýarys» diýip, hatda ýazylypdyr. Muny okap, dünýäm giňäp gitdi. Tüýs ýürekden begendim. 1.01.1999 ý. «Esger» gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |