23:11 Spesialistiň maslahaty / satiriki hekaýa | |
SPESIALISTIÑ MASLAHATY
Satiriki hekaýalar
Men medeni aň-bilim tehnikumyny üstünlik bilen tamamlap, uly hyjuw, doly güýç bilen, elim gyzyl diplomly raýon medeniýet bölüminiň müdiri Annasoltan Töräýewnanyň kabinetine çekinmän, buýsanç bilen girdim. ― Geleweri, garaşýandyrys, saglykmy, gurgunmyň, Gaýly. Sag-aman okap, üstünlik bilen tehnikumy tamamlanyňy eşitdim. Diplom gutly bolsun! ― diýip, kyrk ýaşlaryndaky mähirli aýal Annasoltan Töräýewna ýerinden turup, meniň elimi gysdy. ― Bize özüňiz ýaly ýaş spesialist kadrlar zerur gerek ― diýip, ol meiň daşy gyzyl reňkli diplomyny açyşdyryp gördi. ― Indi, Gaýly Berdiýew, sen öz dogduk obaňa işe gitmeli bolarsyň. Woroşilow adyndaky kolhoz, özüň beletsiň, ýaky-ýakynda «Kommuna» kolhozyndan bölünip aýryldy. Ähli ýolbaşçylaram täze adamlar. Olar bilenem dura-bara tanşyberersiň ― diýip, müdirimiz Annasoltan Töräýewna ýylgyryp, meniň arzyly diplomymy dabara bilen gowşuryp, elimi gysdy. Meniň bolsa ýaş kalbym joşa gelip, dem alşym üýtgedi. Klub işine bolan höwes has-da artdy. ― Gaýly, iň bir gowy zady, olam täze salnan tipli uly klub kolhoz bölünişende siziň Woroşilow adyndaky kolhozyňyzyň paýyna düşdi ― diýip, müdir meni has-da begendirdi. Dogrudanam, obada abzallaşdyrylan klub bolmasa seniň jübüňde dokuz diplom bolaýanda-da olardan seniň işiňe ne peýda. Işiň togsan prosenti şarňyldap duran uly zala, ýagty otaglara, bezelgi sahna bagly. Klub müdiri diýen hormatly wezipä geçip, uly höwes bilen işe başladym. Menden öňki müdir Gijil Garaýew hiç hili iş etmän ekeni. Gijil aga kolhozda başga işler bilen meşgul bolupdyr. Köplenç garawulçylyk edipdir, kolhozyň myhmanhanasynda çaý gaýnadypdyr, nahar bişiripdir. Medeni aň-bilim tehnikumynda ençeme ýyllap alan ylmymy, öwrenen tejribämi durmuşa geçirmäge maňa bu klubda doly mümkinçiligiň bardygyna ýürekden begendim. Maňa klubyň dört diwary bilen üçegi bolsa bes, galan işleri özümiň oňarjagyma gözüm ýetýär. Ilki bilen-ä klubyň töweregindäki biten çöp-çalamlyklary ýok etdim. Syrkyndyr şoralary gögermedik ýaly etdim. Däneläp oturan ýandaklary ýygdym. Küde-küde edip, mally, düýeli adamlara paýladym. ― Sen, haw, Gaýly han, janly tebigata gaty bek daraýaň-la?! ― diýip, degşip aýdanlar hem boldy. ― Bu gök otlar durşuna kislorod ahyry. Gele-gelmäne kolhozyň öýkenine ýapyşýaň-la?! ― Beýtseň-ä tebigatda deň agramlyk ýiter. Klubyň töweregindäki gabşallygy otlasaň, ýok etseň, mör-möjekler, hanly-jandarlar nirede bossun, haýsy ýerde köpelsin?! Men hiç zada gulak gabartmadym. Başymy aşak saldym-da işläberdim. Şol işledim ýördüm. Soňra birki hepdeläp iki-baka pelesaň kakmaly boldum. Klubyň içi üçin gerek zatlary almakdan ötri kolhoz, oba, raýon guramalaryna, söwda edarasyna, baý, birsalym gatnadym-a. Gepiň tümmek ýeri, sanlyja hepdäniň içinde klubda kütdür şaşkanyň tyrk-tyrky eşidildi, janly hereket başlandy. Gazet-žurnal okar ýaly ýagdaý döretdim. Bu entek işiň iň bärkije başlangyjydy. Göwnümde etsem-petsemler entek kändi. ― Indi, Gaýly han, klubda zorul-zorrulam diňlenäýse, gulaklarymyzyň posuny-ha açardyk ― diýip, küşt oýnap oturan Gandym aga ýylgyrdy. ― Sakgaldaş, saňa medeniýet-orunbasar «Zyba gözeli» çalyp berer-dä. Beýdip oturanymyzy başlyk görse «Gidiň-de meýdanda «Torgaý guşlary» diňläň» diýer-dä ― diýip, gürzelek sakgally Annam aga güldi. ― Gaýly han, meniň-ä bir zady süňňüm syzýar, gidip, düzde düzzüm oýnaýmaly bolmasak biri ― diýip, mehanizator Meret şaşkany şyrkyldadyp göçdi. ― Meret han, traktoryňy daşarda goýup, özüňem bu ýerde şaşka oýnap otursaň, başlyk seniň bilen tokulatgy oýnasa gerek, hah-hah-ha ― diýip, kolhozyň çagalar bagynda aşpez bolup işleýän Gully çişik elindäki okap oturan žurnalyny bir tarapa süýşürdi. Birsalym özara gürrüň gyzyşdy. Soňra ýene-de herkim öňküsi ýaly oýun, okamak bilen gümra boldy. Ara esli wagt dymyşlyk düşdi. Ahyrsoňunda bu ümsümligi Gully çişik bozdy: ― Adamlar, meniň-ä ynjalygym ýok, ýer sarsýan ýaly ― diýdi. ― Gully han, iýen toklularyň, lak-luk atan jüýjeleriň garnyňda gozgalaň edýändirler ― diýip, Annam aga perzini göçdi. ―Ine, gozgalaň etse, me saňa tokly, bu-da ýaňy gygyrmaga ýaran sesi gyryljak jüýje horaz, özüňem daňylgy agzy gara köpegiň üstünden bardyň ― diýip, Gandym aga garşydaşy Annam aganyň şasyny mat etdi. Az salymlyk ýene imisalalyk aralaşdy. Birdenem ýaňky aşpez Gully çişik elindäki žurnalyny taşlap, gapa tarap ýeňsäni titredäýdi. Asyl ökjäni göterdi diýsegem boljak. Munuň tapyrdysyna oturanlar aňk-taňk boldular. Menem tas ýazzyny beripdim. Gaçan bolsam, masgara bolaýjak ekenim. «Gaýly gaçak» diýip, aňsatja ýerden lakamly bolaýmaly ýerim gelipdir. Meni howpurgadan zat ýer yranandyr öýtdüm. Soňra töweregime seredip: «Asyl gorkar ýaly hiç zat ýok ekeni» diýip pikir etdim. Çünki kolhoz başlygymyz Hommat aga bilen onuň orunbasary Keýik eje gelipdir. Örän oňat. Bular maňa sag bolsun aýdar. Emma Hommat aga bilen Keýik ejäniň meniň bilen işleri bolmady. ― Dur, gaçma, bärik gel! ― diýip, Hommat aga ýaňky jyryp barýan Gully çişigi saklady-da Keýik ejä seretdi. ― Ynha, Keýik gelin, seniň işgäriň bolşy! ― diýdi. ― Klubda näme işleýäň? Jogap ber, bu ýerde göbegiň gömüldimi?! Häziriň özünde seni susagyň sapyna zar edip, gözüňi Orta guýuda açsynmy başlyk. Gumda sakyrtgalary semredesiň gelýärmi?! ― diýip, Keýik eje aşpeze käýindi. ― Aý, mahluk, seni özümize derek oglan diýip, saňa ýeňil iş berdik. Bu göwresi bilen pagta ýygyp oňarmaz, eglip-galmasy hyllala diýdik. Çöle ibersegem, uklap galar, bakýan goýnundan-a geçeris, özüni möjekler iýer diýdik. Aşpezligi okap gutaryp gelen diplomly oglan seniň kesapatyňdan çoluk bolup, Itgyrlanyň çölüne eli egri taýakly gitdi ― diýip, Hommat aga gaýnan güp ýaly birsalym çogdy. ― Men, neme-le, ýaňky, onsoň, hawa, bu, özüm... ― diýip, Gully çişik ýuwdundy. ― Päheý-de welin, ýagşam bir gep tapdyň, düýe kolbasasy ýaly bolup, peläket diýmäýin diýsem ― diýip, başlyk käýindi. ― Saňa diýilýär, semzek, jogap ber, kolhozda işiň gyzgalaňly wagty seniň göwnüň klub küýseýärmi?! ― diýip, Keýik eje aşpez biçäräni aldyryp ugrady. ― Nahary bişirip paýladym, indi gap-gaç ýuwup, ýene atarjak ― diýip, Gully yza basyp-basyp, ahyrsoňundan başlygyň penjesinden sypyp gaçdy. Onuň ak ýektaýynyň iligi ýolnup, Hommat aganyň elinde galdy. «Indi-hä dalanmak gezegi beýlekilere ýeten bolsa gerek» diýip, pikir edip, töweregime äňetsem, klubyň içinde öňkülerden ýeke özümden başga, başlykdyr orunbasardan özge janly-jemende ýok. Howpurgadyp, meni der basdy. Hatda döwlet ekzameninde beýle aljyramandym. ― Han ogul, indi seniň bilen egri oturyp, dogry sözleşeli ― diýip, Hommat aga agras ýüzüni maňa tarap öwürdi. ― Işiň gyzgalaňly günleri bir topar bikäri, iş ýakmaz ýaltalary, iti kölgeden kowup, ýerinde ýatyp ýören ýal ýagylaryny kluba ýygnap, daşyňa üýşürip oturmaga utanaňokmy. Aşgabatda saňa işe päsgel ber, zyýankeşlik et diýip öwretdilermi ― diýip, ýaşuly başlygymyz sesine bat berdi. ― Başlyk aga, raýon medeniýet bölümi... ― diýip, meniň başlan jümlämi Keýik eje şarpa kesdi-de özi söze başlady: ― Häzir Annasoltana jaň ederin. Klub müdiri edip, bize iberseňiz-ä, işimize kömek eder ýaly düzüwlije spesialist iberiň. Ýogsa-da öňki Gijil Garamyz bolýa diýeris ― diýip, Keýik eje keýkerip başlyga seretdi. ― Raýon medeniýet bölümi diýen gürrüňi goý, han ogul. Olar biziň pagta planymyzy dolduryşanok ― diýip, Hommat aga maňa käýindi. ― Başlyk aga, medeni hyzmat gowy ýola goýulsa, pagta... ― diýenimem şoldy weli, Hommat aganyň gahary geldi. ― Han ogul, şaý başyňdan, nokgy-nokgyňy goý, entek arlygyň guramandyr weli, takal okaýaň. ― Hommat aga dogry aýdýar. Ol saňa ataň bermedik öwüdini berýär. ― Klubyň açaryny häziriň özünde Keýik gelne ber. Özüňem ýygyma gatnaş. Sen ýaş ýigit bolaňsoň men saňa Gijil aga ýaly garawul bol hem diýjek däl men spesialist kadrlary biçak gowy görýändirin. Seniň diplomyň bar. Saňa şeýle ýumuş ― isle ýüpek pagtadan günde altmyş kilogram ýyg, isle ak pagtadan ýüz kilogram. Şeýle diýip başlyk meseläni çöp döwen ýaly etdi. ― Jigi, bilip goý we mykaýyt bol, klub diňe ýygnak bolanynda, onsoňam kino görkezileninde açylýandyr ― diýip, Keýik eje menden klubyň açaryny alyp, ony saçujuna berkitdi-de arkasyna atdy, wessalam, iş tamam. Men lapykeç halda işige tarap ýöneldim. ― Han ogul, bäri dur. Seniň bilen mazalyja düşünişeli ― diýip, Hommat aga meni saklady. ― Başlygymyz hemem däninim, otüki medeniýet orunbasarymyz ikisem obada medeniýete üns berenoklar, kluby açdyranoklar diýip, raýonda dagy ýaňrap ýörme ― diýdi. ― Hawa, hawa, sesiňi çykarma. Biz medeniýete garşy däl. Kolhozçylarymyz, tüweleme, medeniýetli ýaşaýarlar. Öýlerinde gaz plitasy, holodilnigi bar. Ýeňil maşyn münýärler. Telewizor, magnitafon öý saýy biri bar ― diýip, Keýik eje çyny bilen gürrüň berdi. ― Han ogul, jahyl janyň bar. Gyşa çenli atyz meýdanynda gudratyňy görkez-de gyş gelip, ýyljak klubda şaşka oýna-da otur ― diýip, Hommat aga maňa düşündirdi. Men klubdan çykyp ugradym. ― Haý, oglanlyk edýä-dä, gögele bolýar-ow, ýaşlary oňat terbiýelemeli weli, mugallymlaram başdansowma edýärler-dä ― diýip, Hommat aga yzymdan seredip durşuna zeýrenip galdy. Barybir, men pagta ýyganym bilenem, klub açylmany bilenem kolhozymyzyň döwlete pagta satmak baradaky plany ýerine ýetmedi. Gyşa golaý klubyň açaryny ýene maňa berdiler. işe başladym. Şarkda-şark, göçhä-göç, dürli oýunlar gyzyşdy. Aýdym-saz ýaňlandy. Krujoklar ugrukdy. Günlerde bir gün Hommat aga bilen Keýik eje ýene geläýdi. Men olardan berekella eşitmek üçin aýaga galyp, taýyn boldum. Gaýtam başlyk: ― Päheý-de welinim, bu kluby garynjaň sürenine öwürdiňiz-ow. Näme, öýüňizde telewizor ýokmy, mal-garaňyzyň otuna-suwuna seretseňiz bolmaýamy, eşegiňiz buzuň üstünde gölerip ýatyr ― diýip, bize käýinmäge durdy. Klubdan çykaý gaç, çykan gaç, boldy bir gaça-gaçlyk heý, diýip-aýdar ýaly däl. ― Jigi, daşar gar-gaý, hapa, kluba beýle adam üýşürme diýilýär saňa. Hol kerz ädikliň dagyň getiren palçygyna seret. Näme bu ýerden kerpiç zawod açmakçy bolýamyň?! ― diýip, Keýik eje maňa gygyrdy. Menem, gaharyma: ― Tam süpüriji aýal aýlyk alýar. Goý, arassalasyn ― diýdim. şeýle diýenimden Keýik eje meni bir çete çekdi-de, barmaklaryny dodagyna ýetirip: ― Hüş-ş! ― diýdi. ― Tam süpüriji diýip, aýlyk alýan-a Durdun daýza. Pekge bolma, ol-a Hommat aganyň aýaly ― diýip, Keýik eje pyşyrdady. Şoldur-şoldur, maňa klubyň açaryny bermediler. Meni «Kommuna» kolhozynyň klub müdiri edip geçirdiler. Heziller edinäýdim. Gulagym dynaýdy. Ol ýerde kluba üýşýänem ýok, kyrk bäşinji razmerli kerz edigi bilen kluba bir ýarym put palçyk eltýänem görmersiň. Çünki klub ýok. Woroşilow adyndaky kolhozyň başlygyny we orunbasaryny býuroda boşadypdyrlar diýip eşitdim. Olar başga kolhozdan gatnap işleýärdiler. Maňa ýene öňki kluba git diýýärler. Menem gitjek däl. Iňirdisiz işlänimi kem göremok. Özüm ýaly, klub ugrundan diplom alan ýaş spesialistlere-de şony maslahat berýän. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |