16:48 Status / satiriki hekaýa | |
STATUS
Satiriki hekaýalar
Iki dil barada, goşa dil hakynda soňky günlerde metbugatda, efirde çekeleşikli gürrüňler köp edilýär. «Türkmeni göçürjek bolsaň gapdalyndan göç geçir» diýlişi ýaly, menem howsala düşüp başladym. Öz maşgala çlenlerimi birlaý pikirimden geçirdim. Howsalam has-da artdy. Sebäbi oglum bilen gyzym öz ene dillerini bilenoklar görsem. Biläýmeli ahyry! Baý, menem giň ýeriň gürrüňini edýän-ow. Nädip bilsinler, düýşürgäp bilsinlermi diýsene. Göbegeneleri bilenoklar ahyry. Enekeleriniň türkmen dilinde gürlemeli bolanlarynda duran ýerleri bolsa nätjek. Terbiýeçileri bu ugurdan lal-jim, mugallymlary dymma. Çagalaryň öýde-de bilmekleri asla mümkin däl diýip, çürt-kesik aýdyp bilerin. Sebäbi menem oglanlaryň enesi bilen rus dilinde sögüşýän ahyry. Biliber onsoň biziň öýümizden saýhally türkmen sözüni eşitmejegiňi. «Rus dilinde mekdebi gutarsalar, çöreklerini gury iýmezler» diýip, başda çagalarymyzy rus dilinde okadylýan mekdebe beripdik. Gyzymyz-a ne bir uzyn köýnegini beýläk atyp urup, gysgadan-gysga, mal garpyzynyň paçagy ýaly galyňdan gaty jinsiden ýubka geýdi. Oňa miniýubka diýilýär. Onam ýarty kerpiç bilen sydyrdyp, deri süren ýaly agartmalymyş. Modasy şeýlemiş. Ala-beder boldugyça gowy görülýärmiş. Enesi uwlap başlady: «Saçy kesilmiş, injigini darty ýaly edip ýör. Ile çykarlygymyz galmady. Men neneň edeýin» diýip, sübsäniň gaty tarapy bilen gyzyny saýmaga başlady. Men ýene howsala düşüp ugradym. «A-how, keýwany saçy kesilen diýip ol sözi ýadyna salma, saçyny hem kesdirer ol» diýdim. Diýşim ýaly boldy-da. Nireden agzapdyrys diýsene. Ana, däli saman otlaýmasyn diýleni ýaly boldy. Nebir gara nogta saçyň düýbünden saldy gaýçyny. Dellekhanada işleýän gyzyň bu saçy kesmäge eli barmandyr. Öljekmi, ýitjekmi. Getiriber näçe walidolyň bolsa. Bir zady bek belläň. Hiç bir türkmen çagasynyň rusça bilenine garşy däl. Hany meniň çagalarym Puşkini, Tolstoýy rusça hatym edip, manysyny seçiberse. Depäm gök direjek. Emma meniň çagalarymyň rusça bar bilýäni «Mahan, borş naleý», «Pahan, daý rubl». Bu sözler sözlükde-de ýok öýdýän. Bu ýagdaýda bularyň maşgala durmuşynam gurup bilmejekdigi belli zat. Gaty ýubkaly, dekolte ýakaly köýnekli gyzyňa türkmen gudaçylyga gelermi. Gapyňdan şaňňyrdap gelnaljy gelmejegi belli zat. Arkan-ýüzin gaýdyşyp mal kesişerin tamaň tala daňylaýsyn. Ol-a geregem däl. Hawa, onsoň oglumyzam, gyzymyzam türkmençe bilenoklar. Ümleseň kem-käs aňýarlar. Hawa-da, lalam üme düşýär. Tomusky kanikullarynda olary obadaky garyndaşlarymyň ýanyna alyp gitdim. Gark bolup barýan janhowuljyna sypala-da ýapyşýar. Bäş söz öwrenselerem bir peýda diýip alyp ugradym. Çybyndan gorkup belki, gyzymyz abat ýakaly uzyn köýnek geýer diýip inçejik tamam ýok däl-di. Garrylarymyzyň ýaşaýan ýeri respublikamyzyň iň demirgazygyndaky raýonlaryň birindedi. Onuňam iň çetki obasynda ýaşaýardylar. Garaz, itiň ölen ýeri-dä. Ondan aňyrda saýgaklardan başga janly-jandar ýok-da, garaz. Ol ýyldan bu ýyla ol ýerlerde rusça gepleýän adama duşmak kyn-da mahlasy. Öz ene diliňi ýadyňdan çykarmasaň şükür edäýmeli ýer-dä dogrusy. Kakam segsen iki, ejem ýetmiş sekiz ýaşynda. Ikisiniň ýaşyny goşsak, bir ýüz altmyş ýyl. Garrylar heniz Aşgabady görenoklar. Daşoguz şäherini bir gezek, Köneürgenji üç sapar görüpdirler. Indi Hywa zyýarat etmegiň arzuwynda. Ýabany adamyň öňüni dolan garrylar-da, garasaý. Demir ýoly, otlyny öz golaýyndan geçensoň gördüler. Öňler kakama «Demir ýol guruljak» diýsem, ol: «Munça ýola hökümet demir düşäp, demir ýetrip bilmez» diýerdi. Soň demir ýoly görüp: «Asyl demir ýol diýleni pyçagyň arkasy ýaly iki sany tyg eken-ow» diýdi. Bardyk bärden. Ýollaram gaty bisereşgen-ä. Iki tarap-a köl, galan iki tarapam kert gaýa. Biliber onsoň näme galýa. Bir-ä gaýykly baryp bolýa, birem kert gaýadan alpinistler ýaly ýüp bilen sallanmaly. Bir baryp bilseň, meýdany giň. Hezillik. Tebigaty gözel. Salam berip bardyk. — Ba-how oglum, asyl sen bu regionlara nädip düşdüň? – diýip, kakam bizi gujak açyp barşylady. Oglum, gyzym üçümiz bir-birimize seredişip, aňk bolşup galdyk. Kakamyň «region» sözüne geň galyp ýetişmänkäm ejem: — Jan oglum, gözümizi ýolda goýduň-la! Balam, bizi baýkot eden-ä dälsiň-ä hernä – diýip, ýarym-ýaş, bolup, bizi gujaklady. «Be, «boýkot» nireden ýadyňa düşdi diýsene». Saglyk-amanlyk soraşyp oturdyk. Soňra kakam bir zatlara gümra bolup başlady. — Kaka, näme işleýäň? – diýip, oňa ýüzlendim. — Aý, şu zady restowrasiýa edäýjek bolýan – diýip, ol köne gaňňany görkezdi. «Görsene, «restowrasiýa». Ýedi uklaňda-da ýadyňa düşjek söz däl» diýip, men pikir etdim. Ýeri, ejeme näme diýjek: — Kakaňy radikulit bilen radikal reforma heläk edýär – diýip, ejem çaý demläp ýörşüne gürrüň berdi. Tas pyňkyrypdym. Oglum bilen gyzym utanyp, suwuň kenaryna gitdiler. Ejemiň göwni bir ýaly. Ol sözüni dowam etdirdi. — Kakaň durmuşda düýpli özgerişliklere, ýagny radikal reformalara dalaş edýär – diýdi. Görýän weli bular syýasatda başartjak däl-ow, çaý başynda kakama sowal berdim. — Kaka, daş-töwerek parahatçylykmy? – diýdim. Onda ol: — Käte, oglum, regional konfliktler bolup durýar – diýdi. — Görýän weli, ýolbaşçylar idili däl-ow? – diýip kakamy gürletjek boldum. Ol uludan demini alyp: — Oglum, idilliýa hiç ýerde-de ýokdur – diýip, gürrüňe goşuldy. — Kaka, idilliýaň näm-äý, türkmençeläp idili diýsene – diýip, «ýalňyşyny» düzetjek boldum. — Oglum, idilliýa bilen idilini garyşdyrar ýaly meni düýä salam berip ýören prostofil gojadyr öýtdüňmi – diýip, kakam gaty gördi. Ejem gürrüňe goşuldy: — Diýdim-ä, kakaňy radikulit bilen radikal reformalar heläk edýär diýip. Kakam gyzyp başlady. — Keýwany, radikal reformalar bilen radikulit heläk edýär diýseň «hä» diýerin. Emma «Sende garrylygyň endokrinologik simptomlary bar» diýseň weli, jedele tutaryn. Tä täterime çenli gidişerin... Ejem yza çekilmedi. — Kakaň raýon we oba ýolbaşçylary bilen konfrontasiýa girmesini goýýança etine çykmaz – diýdi. — Goýjak däl, etime-de çykjak däl. Men sesimi çykarmasam meni logapedler öwrenerler letargiýa batandyr öýderler. «Lal türkmen barmyş» diýip, meni alyp gidip, pribaltikalylar kooperatiw açyp maňa bilet satarlar – diýip, kakam gaýnady. Men agzymy açyp, aňalyp galdym. — Ýeri, bolýa-da. Onyň-a menem «hä» diýerin. Ýöne radikal reforma saňa eýgertmez. Ýolbaşçylar bilen konfrantasiýa seň işiň däl, goja – diýip, ejem nahary bulap durşuna şol öňküsini gaýtalady. — Gaňňa bilen eýeri rekonstruksiýa edib-ä bilerin, keýwany. Eşek arabasy bilen at arabasynam ýörederin – diýip, kakam köşeşdi. Ejem ýene gürrüňe sokuldy. — Ýöretmänjik geçersiň. Tigirlerinde deformasiýa bar – diýdi. Men indi ejem bilen kakamyň sözlerine kän bir geň galyp hem durmadym. — Kaka, seniň eşegiň şindem bar-ow?! Ejem söze başlady. — Ah, balam aňkasy aşan kakaňdyr-da, eýgermese-de eşek münjek bolýa. Üstesine aty hem bar. — Kaka, saňa bu ýaşdan soň at nämä gerek? Ýuwaşja eşegiň bolsa besdir-dä – diýdim. – Wah, oglum, telewizor göreňokmy? Radio diňläňokmy, gazet-žurnal okaňokmy? Alternatiw diýen sözi eşidensiň-ä? Eşege alternatiw bolar ýaly, menem at saklaýan-da, oglum. Täze demokratiýadan bihabarmyň, jan oglum. Göwnüň gowusyndan gowusyny küýseýär. — Alternatiwa düşünýän, kaka. Ýöne haýsy gowy bolsa, birini saýla-da, kaka. — Haýsy-da bolsa birini saýlamaly-ha bor. Ýöne maşgala çlenleri bolup, gizlin sese goýarys. Ýa at alsyn ýa-da eşek alsyn. — Elbetde, atyň potensialy uly – diýip, eli jamly ejem gürrüňe goşuldy. — Ýöne kakaň aty eýgerenok. Eşegiň güýji öz güýjüne ekwiwalent diýip, kakaňa niçeler aýdýan – diýip, ejem saçak ýazdy. Menem bularyň täsin gürrüňlerine öwrenişiberdim. Zaňyna görä zaň kakyp başladym. — Eje, kakamyň suwerenitetine gatyşmasana – diýdim. — Degme, oglum, zat diýme, biziň öýde pikirleriň plýuralizmine giň demokratiýa berlendir. — Agtyklaryňy getirdim, kaka. Türkmen dilini öwredeweri, eje saňa-da ýüzlenýän. — Öwrederis. Häzir dilleri öwrenmek global problema. Ikimiz konwensiýa baglaşarys. Ýöne bu ýerleriň mör-möjegi köpdür. Agyz suwumyzam ýogynrakdyr. Ekologiýaň işi gaýtdy. Adaptasiýa geçäýseler, bu regionlaryň ekologiýasy öňler jennete gaýra dur diýerdi. Florasy, faunasy üýtgeşikdir – diýip, kakam başyny ýaýkady. Şol wagt kakamyň eşegi dört aýagyny dört ýere dikip, hezil edinip aňňyrdy. — Kaka, bu nä, alamat? Guşlukmy, çäşgemi, ikindimi, agşammy? — Aý, olam, oglum, eşegiň informasiýa serişdeleriniň biridir-dä. Häzir ol obadan bir eşek jogap berer görseň. Ýene atdan, eşekden söz açyldy. — Atyňy, eşegiňi, kaka, eýgermek saňa kyn düşer. Ýaşyňam bir çene barypdyr. At bilen eşegiň häsiýeti deň däldir. Olaryň hudaýam başgadyr – diýdim. — Ylaýta-da, oglum, eşek diýen janawar äteňet erbet. Sähel demokratiýa berdigiň üstüňe sürünýär, betbagt. Aňňyryp, gulagyňy kamata getirýä. Zynjyr çydanok. At her-hal ýagşy. Akylly janawar. Atyň birgiden pozitiw häsiýetleri bar. — Atyň eşegiň ýataklaram-a lagşap, ýanyny ýere beripdir. Ol janawarlaryň sosial ýagdaýlaryna äňedeňok – diýip, ejem söze goşuldy. Kakam şeýle diýdi: — Bularyň ykdysady ýagdaýyny düzetmäge mende indi rowgat ýok. Sen giň ýerde sosial ýagdaýyň gürrüňini edýäň. Ejem gürrüňiň temasyny üýtgetdi. — Hol gün daýzaňlara gitdim. Olar «Iki garry azara galyp, itiň ölen ýerinde ýaşaýa. Oglunyň öýünde bolubermeli ahyry» diýdiler. Ejemiň bu sözüne kakamyň gahary geldi: — Enesi, şu ýerik iliň gepini import etme. Men gepi eksport edip alyp gidýäni, gaýdyşynam import edip getirýäni halamok. — Hany, aç-açanlyk, kaka? Şol wagt eşek boşanyp, ekilen mäşdir künjiniň bir çetinden girdi, kakam hasasyna söýenip ýerinden turdy. — Haý, haram gatan. Garnyny ýazaýsyn diýip, gülli ýorunjanyň bir çetinde örkläp gaýdypdym. Eşege sähelçe status berseň, ýagşylygy biljek däl eken-ow – diýip, kakam zeýrendi. Soňra ol eline gyrkylyk alyp: «Ýör, balam bäjigi lysyý edeli» diýip, agtyklaryny tirkäp agyla tarap ugrady. Menem: «Türkmen diliniňem tepbidi okalypdyr-ow» diýip, çagalarymy yzyna alyp gatdym. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||