17:39 Sud indi başlanýar / satiriki hekaýa | |
SUD INDI BAŞLANÝAR
Satiriki hekaýalar
Men graždan sud proseslerine köp gatnaşyp gördüm. Öz işim boýunça-da diňläp oturmaly bolýardym. Gaty gyzykly, diýseň täsin, hatda gülküli wakalaryňam şaýady bolupdym. Emma men bu sapar olary beýan etmekçi däl. herniçigem bolsa, är-aýalyň arasynda bolan bir düşünişmezligiň sud prosesi, belki, siziň üçin üns bererlik bolaýmagy ähtimal. Ýurist bolmasam-da, hormatly okyjy, men şeýle wakanyň häzir gürrüňini bereýin. Sud prosesi başlandy. Suda başlyklyk ediji görmegeý, daýaw ýigit Çaryýew işi alyp barýardy. ― Nikany bozmak üçin arza beren graždanin Akmämmedow, siziň graždanka Akmämmedowadan aýrylyşjak bolmagyňyzyň sebäbi näme? ― diýip, sudýa sorag berýär. Akmämmedow äwmezlik bilen jogap berýär. ― Aýrylyşjak bolmagymyň sebäbini bu märekäniň öňünde aýtmak maňa kyn düşýär ― diýip, ol aýdýar. ― Mysalaň gursun, aýdýan gürrüňiň nemä? ― diýip, Akmämmedowa aglaýar. ― Aýdyber graždanin Akmämmedow, graždanka Akmämmedowa, ýuwaş oturyň! ― diýip, sudýa ruçkasy bilen stola kakýar. ― Men Akbibini akylly aýaldyr öýdüpdim ― diýip, adamsy Bally ýuwdunýar. ― Indi men seniň ýanyňda akmak hataryna geçdimmi?! Hiç ýerde işläňok. Men seni gaban bakan ýaly bakyp ýörün ― diýip, Akmämmedowa ýene aglaýar. ― Graždanka Akmämmedowa, ümsümje diňläp oturyň. Size-de söz bereris. Gaban diýip, adamyňyzyň mertebesini peseltmäň ― diýip, sudýa Çaryýew duýduryş berýär. ― Janym ýansa, bagrym tütese käýinmän dagy nädeýin ― diýip, Akbibi gözüniň ýaşyny gyňajynyň uly bilen süpürýär. Adamsy söze başlaýar. ― Soňky bäş-alty ýylyň dowamynda Akbibi ir gidip, giç gelmäni tapdy. Asla öý-öwzar, çaga-çuga bilen hoşy ýolmady. Tüýs legzan ýoluna düşdi ― diýip, Bally pessaýlyk bilen gürläp başlaýar. Aýaly oturyp bilmän, aglaýar. ― Soňabaka sen meni ýaban ýatdy hem diýersiň. Gördüm, tutdum hem diýmäge başlarsyň ― diýip, Akbibi gyňajynyň çowy bilen gözýaşyny süpürip, burnuny çekýär. Sudýa biynjalyk ýagdaýa düşýär. ― Graždanka Akmämmedowa, siz halys bizi, görýän weli, işletjek däl öýdýän ― diýip, ol aýdýar. ― Akbibi öýe wagtynda gelmänsoň, menem «GAZ-24» «Wolgamy» münüň, keýp edip geziberdim ― diýip, adamsy elini salgaýar. ― «Wolgaň» bolaýşyny! A-heý, günüňe ýanaýyn, sen haçan «Wolgaly» bolduň. Maşyny men jygyldykda tomus güne ýanyp, gyş guragyryly bolup gazandym. Saňa eşegem haýp, haýwan! ― diýip, aýaly gobsunýar. ― Graždanka Akmämmedowa, şahsyýeti kemsitmezligiňizi kanunyň adyndan talap edýärin ― diýip, sudýa berk nygtap duýdurýar. ― Ençeme ýyllap men il gepine ynanman gezdim. Arada aýalymyň yzyna ogrynça düşdüm. Akbibi senagat harytlary satylýan «Gülşat» diýen 5-nji magaziniň howly tarapyndan girdi ― diýip, Bally dogumly-dogumly gürläp başlaýar. ― Görseňizläň, öz çöregine hyýanat edýär. Utanman, howly tarapyndan girdi diýenem bolýar-a. Iliň giren ýerinden magazine baryp, satyjylardan daşyň gatysyny almarsyň. Haýwan pisint bir zat, şol zatlara düşünenok. ― Graždanka Akmämmedowa, size gezek berler, howlukmaň! Işe päsgel berýäňiz ― diýip, sudýa ýene duýduryş berdi. ― Menem şol magaziniň howly tarapyndan girjek boldum. Bir epeý pyýada öňümde keserdip durdy. Men oňa döwlet söwda inspeksiýasyndan geldi. Ýoldan aýryl diýdim. jübimden udostowereniýe gözlän kişi boldum-da içerik giriberdim. Görsem aýalym Akbibi garaňky jaýda, çalaja ýagty bar, gyzyl dişli, eli ýüzükli bir adam bilen hümürdeşip otyr. Aralary gaty ýakyn. Oň dyzy muň dyzyna degip durdy. ― Görsene muny, men indi nädip ile çykaýyn. ― Peýdakeş aýalyň şeýtmän dagy näme magazinçilerden tebärek öwrener öýtdüňmi?! ― diýip, zaldan ses eşidildi. ― Şeýle elhenç hadysadan soň men Akbibi bilen ýaşaşyp biljek däl. menem adam, ar-namysym bar. Şeýle diýip, Bally daýaw, tultuk göwresini titredip aglaýar. ― Akmämmedow, suda aýtjak zadyňy aýdyp bolduňmy? ― Boldum ― diýip, Bally hork-hork edip, burnuny çekdi. ― Bor, otur. Graždanka Akmämmedowa, indiki söz sizden. Siz nirede işleýäňiz? ― Öý hojalykçy. Ynha, şu garny gäbe pyýadany eklejek bolsaň, belli bir ýerde işläp bor öýdýäňizmi?! ― Graždanka Akmämmedowa, geplejek gepiňizi biliň ― diýip, suýdýa duýdurýar. ― Seňkem, Akbibi, ýylanyň düýäniň boýny egri diýşi ýaly boldy-how! Meň garnymy agzaýançaň, öz abraýyňy sakla ― diýip, zaldan Bally gygyrýar. ― Näçe çagaňyz bar? ― Alty sany. ― Är-aýallyk gatnaşygyňyz haçan kesildi. ― Şol gyzyl dişden soň ― diýip, zaldan Ballyň sesi eşidilýär. ― Graždanin Akmämmedow, ümsüm oturyň! ― Men är-aýallyk gatnaşygymy kesmek islämok. Çagalar atasyz bolsa, iliň oglanlarynyň ýanynda ýüzi aşak boljak. ― Graždanka Akmämmedowa, siz adamyňyzyň size bildirýän nägileligini dogry tapýaňyzmy ýa ýok? ― Men-ä özümi günäkär hasap edemok. Hiç kimiň ýanynda dili gysga-da däldirin, hudaýa şükür! ― Akbibi, akja guş bolmarsyň! ― diýip, Bally gygyrýar. ― Graždanka Akmämmedowa, siz şol gyzyl dişli satyjy bilen garaňky jaýda... ― Ýoldaş sudýa. Hormatly oturdaşlar, meň suddan etjek haýyşym bar ― diýip, Akbibi dogumly gepleýär. ― Aýdyň? ― Sudy açyk däl-de ýapyk geçirmegiňizi soraýan diýip, Akbibi aýdýar. ― Graždanin Akmämmedow, aýalyňyzyň haýyşyny siz neneň görýäňiz? ― Bu elhenç hadysany näçe köpçülik bolup diňlesek, şonça-da peýdaly bor. Eýsem peýdakeşlik edip, magazinleriň howly tarapyndan girip, jalataýlar bilen hajyk-hujyk edýänler, haýy garaňkyradyp, mata-marlyk «seçýänler» ýeke meň aýalymmydyr?! Riga, Kiýewe, Lwowa hepdeläp, aýlap gidýän aýallar... ― Graždanin Akmämmedow, diňe sowala jogap beriň. Il bilen işiňiz bolmasyn. Beýdip ýörenler gaty azdyr. Bu gürrüňiň uzyn taýagy eliňe alyp, gözüňi ýumup, bulaýlan ýaly bolýar. Graždanka Akmämmedowa, indi näme aýtmakçy bolýaňyz? ― diýip, sudýa Çaryýew gobsunýar. ― Meň suddan haýyşym, bizi aýrylyşdyrmaň. Çagalar... ― diýip, Akbibi hamsygýar. ― Oturyň. Şaýat Orazowa barmy? ― Men bärde. Wah, men guraýyn, häzir smenama ýetişmelidirin-ow! ― diýip, arryk aýal ýerinden turýar. ― Siziň familiýaňyz, adyňyz, ataňyzyň ady? ― Orazowa Täçsoltan. ― Orazowa, eger sudda nädogry jogap berseňiz, TSSR Jenaýat kodeksiniň iki ýüz üçünji we iki ýüz dördünji maddalary bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilýändigiňizi sud size duýdurýar. Orazowa: ― Düşünýän ― diýýär. ― Nirede işleýäňiz? ― 2-nji tikin fabriginde. ― Akmämmedowlar hakda näme bilýäňiz? ― Adamsy ýatagan, aýaly satagan. Ine, bilýän zadym. Men tikin fabriginde işleýän. Aýda 300-den geçirip pul alýan. Öýe-de iş alyp gaýdýan. Gyzlarym hem kömekleşýärler. Men Akbibä kän aýtdym. Peýdakeşlik partiýaň, hökümetiň ýoly däl diýdim. etmedi. Bir ýerde oturyp bilemok diýýär. Tikin maşynyň şat-şaty ýüregime düşýär diýýär. Özi bolsa hana bizar, taksi münüp, şol gezip ýörşi. Bu heleý tüýs legzan boldy. it ýaly seňk-seňk edip ýör. ― O nähili täksi. Akmämmedowlaryň «GAZ-24» «Wolgasy» bar ahyry?! ― «Bolga» Ballydan artýamy näme?! Olam gyzyl-çyzyl mündürip, şol eňip ýör. ― Hudaýdan daş düşme, garry! ― diýip, zaldan Ballyň sesi eşidilýär. ― Siziň hudaýyňyza men belet, pul. Aýda bäş müň manat gazanýas diýýäňiz, emma öýňizde otluçöp ýok, duzy ilden diläp atýaňyz. Çagalaryňyz hüligent. ― Şaýat Orazowa, başga näme aýtjaksyňyz?! ― Ikisinem mejbury işe salmaly. Bagt sap zähmetde. Eger bularyň ikisem zähmet çekse it bilen pişik ýaly bolmazdylar. ― Oturyň. Şaýat Ýelliýew barmy? ― Men, bar ― diýip, medeniýetli geýnen biri ýerinden turýar. ― Siziň familiýaňyz, adyňyz, ataňyzyň ady? ― Ýelliýew Owgan. ― Nirede işleýäňiz? ― «Gülşat» diýen bäşinji magazinde. ― Şaýat Ýelliýew Owgan, eger nädogry jogap berseňiz, TSSR Jenaýat kodeksiniň iki ýüz üçünji we iki ýüz dördünji maddalary bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilýändigiňizi sud size duýdurýar. ― Ap-arkaýyn bolaýyň, ýoldaş sudýa. Öň men diňe bir şaýat bolmagam däl, sud edilip hem gördüm. Meň jogabym nagtdyr we pertdir. Özem ok ýaly dogrudyr. ― Siziň Akmämmedowa bilen ýanaşyk oturanyňyz dogrumy? ― Dogry. ― Molodes. Ýelli han! ― diýip, zaldan biri gygyrýar. ― Size keseki maşgalasy bilen beýle wejeralyga haýsy kanun ýol berýär? ― Ýoldaş sudýa, çilim çekmek bolarmy? Me, sizem otlaň, «Zolotoýe runo». ― Waý, bagtym gara, men indi gara donly... ― diýip, Akbibi aglaýar. ― Gazana ýanaşsaň, gara bolman bökersiňem! ― diýip, biri gülýär. ― Aýtmadymmy, meňki hak gerek?! ― diýip, Bally arka tapynan ýaly begenýär. Sud Owgana ýene sowal berýär. ― Kesekiniň maşgalasy bilen beýle wejeralyk etmäge size haýsy kanun ýol berýär?! ― diýip, Çaryýew soraýar. ― Ýoldaş sudýa, çilim çekmek bolarmy?! ― diýip, Owgan aljyraýar. Şol wagt zaldan taksiçi Ataw Nunnaýew örboýuna galýar. ― Owgan Ýelliýew, seň agzyň ýelli. Akbibi hiç haçan seň bilen dyzba-dyz oturmaz. Ol mydama meň taksim bilen aýlanýar. Ýelliýew, ahmal bolma, ýeliňi çykaryn ― diýip, Ataw Nunnaýew titräp ýerinden turdy. ― Şaýat Nunnaýew, oňatja boluň. Size-de söz beriljekdir. Şaýat Ýelliýew, siz Akbibi bilen ýanaşyk oturandygyňyzy boýun alýaňyzmy. Näme maksat bilen ikiňiz duşuşýaňyz? ― Geň-enaýy mata-marlyk, geýim-gejim sorap, ol meň ýanyma hemişe gelýär. şu soňky gezek hem «Gülli gyrawdan», «Tawus gyrawdan» düşnügi ýokmy diýip, Akbibi garaňky otagyma giräýdi. Onýança daşardan işçimiz «inspektor gelýär» diýdi. Men gelýäni OBHSS-dir öýtdüm. Gorkyma Akbibä gysyldym. ― Görsene, bu kezzaby. Heý siz OBHSS-den gorkýan mahlukmy beri?! Tüýs azy ýaran deräň doňzy ahyry siz ― diýip, Bally ýerinden turýar. Akmämmedowa aglaýar. Sudýa galamy bilen stoly tyrk-tyrk edýär. ― Graždanin Ýelliýew, jemgyýetçilik ýerinde beýle bolşuňyz-a bolanok. Şaýat Ýelliýew, OBHSS-iň inspektory geleninde zenan maşgala golaýlaşmaňyz näme üçin? ― Bu aýal kim diýleninde, öz aýalym diýip sypmak üçin-le. Olar peýdakeşleň hem biziň ýalyň yzynda gezýärler. ― Oň ýaly ertekiňi garry eneňe aýdyp ber ― diýip, Bally dyzaýar. ― Enä dil ýetirme » diýip, Owgan gyzarylýar. ― Entek seň köp zadyňa dil ýetirmeli bor. Sud indi täzeden başlanar. Wah, meň giç berde işlemeýänim dilimi gysga edýär. Menem ile goşularyn ― diýip, Bally hyrçyny dişleýär. Sudýa ýerinden turup: ―Adamlar, sagat on alta çenli arakesme yglan edýäris ― diýip, «delolary» ýygnaşdyrmaga durýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |