05:35 Sufizm | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ SUFIZM Derwüşler Derwüş kim? Galandar kim? Diwana kim? Bu sözler musulman ýurtlarda meşhur sözler. Derwüş, galandar, diwana hakda eşitmedik gündogarly bolmaz. Gündogaryň rowaýatlarynda, ertekilerinde, dessanlarynda derwüşleriň, galandarlaryň, diwanalaryň obrazy häli-şindi duşýandyr. Emma derwüşiň, diwananyň, galandaryň kimligini aýyl-saýyl edip bilýän adam az-azdyr. Häzirki zaman ylymlarynyň doktory bolsun, professor bolsun, ýa uly molla, ulama bolsun, olaryň kimdigini aňsat-aňsat aýyl-saýyl edip berip bilmez. «Görogly» eposyny ýada salyň. Görogly Zulman kempire Gyratyny ogurladyp, atynyň yzyndan diwana jindesine girip Ispihan Nisbijahana gidýändir. Ol şähere baranynda ony hiç kim myhman almaýar, sebäbi Balybeg şanyň permany bar! Kimde-kim türkmen labzynda gürleýäni myhman alsa, ol kişiniň başy ölümli, maly talaňly! Görogly ýat şäherde köçe-köçe syryp bir jaýa barýar, ol jaýda kyrk galandar bir goýnuň etini gaýnadyp saçaga çykaryp, göş sowaýança kyrk dürli saz guralyny kyrk ýerden düzüp saz çalyp otyr. Galandarlar nire? Bir goýnuň etini kyrk bolup öňe almak nire? Bu şadessany döredijiniň fantaziýasy diýeliň. Şadessanda galandarlar näme işleýär? Olar köçe-köçe aýlanyp dilegçilik edýär. Eýse galandarlar dilegçilik, gedaýçylyk edýänmidir? Bu zatlary bir söz bilen düşündirmek mümkin däl, şol sebäplem häzirlikçe sorag goýup gidibereliň, biz bu sowallara jogap taparys. Derwüşiň kimdigini düşündirip bolmaýşy ýaly, sufizmiň nämediginem aňsat-aňsat düşündirip bolmaýar. Sebäbi sufizm üýtgäp, kämilleşip gidip otyr. Sopularyň daşy derwüş, emma olaryň maňzy her zamanda, her döwürde birhili. Özem sopular öz mazmunyny pynhanda saklaýar. Beýik sufist, akyldarymyz Magtymguly: Nirde derwüş görseň, bar-da pata al, Derwüşden ýeg hiç ýokdur Hudaýa. Biziň adyny togap edip ýören beýik şahyrlarymyz Hoja Ahmet Ýasawy, Abul Haýyr Mäne baba, şyh Nejmeddin Kubra, Hoja Ýusup baba, Sarahs baba, bularyň hemmesi keramata göterilen sufistlerdir. Mongollaryň gyrgynçylygyndan öň şu toprakdan göçüp, özüni Rumystana — häzirki Türkiýä atan Jelaleddin Rumy sufizmiň röwşen ýyldyzyna öwrülen eserleri Gündogarda, Günbatarda öwrenilýän beýik şahsdyr. Eýranda onuň poeziýasyny goşgy bilen ýazylan Gurhan hasaplaýarlar. Türkmen alymlary Magtymguly Pyragyny doly açyp, çigit çigitlän ýaly şahyryň aýan-u-pynhan pikirlerini doly tirip bilmeýärler, sebäbi Magtymgula akyl ýetirmek üçin sufizmi doly öwrenmeli. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, sufizmi bolsa doly öwrenmek hupbat, entek türkmen alymlary sufizm barada tutumly iş, kitap hem ýazanok. Şeýlelikde bolsa Magtymguly doly açylman gidip otyr. Sufizmiň öz gizlin dili, adalgalary: allegoriýalary bar. Sufizmde «şerap» meý, çakyr, wino görnüşinde düşünilmeýär. Şerap sufizmiň içki manysynyň simwoly. Sufistler sufizmiň haýsy zamanda dörändigini «şerap» allegoriýasynyň üsti bilen şeýle düşündirýärler. «Sufizmiň tohumy — Adam ata eýýamynda ekildi, Ol Nuh pygamberiň eýýamynda nişledi, Ol Ybraýymyň zamanynda gülledi, Ol Musanyň zamanynda boýuny aldy, Ol Isanyň zamanynda bişip ýetişdi, Muhammediň eýýamynda päkize şeraba aýlandy. Sowal ýüze çykýar: eýse sufizm yslam dininden akyp çykan akaba dälmi? Ýok! Günbatar alymlary sufizmi Gündogara Gresiýadan ýa Hindistandan gelendir öýdüp çaklaýarlar. Ol çaklama-da ýalňyş çaklama! Sufizm yslamdan ozalam Gündogarda bar. Eger bir kitap sopuçylyk hakynda okuw kitaby hasaplanylmaly bolsa, ol kitap XIII asyrda ýaşap geçen Şahabeddin Surhawerdiniň (1145 — 1235 ýý.) «Bilimiň peşgeşi» — «Awarit al-maaryf» kitabyny hasap edip bolar. Şahabeddin Surhawerdi türkmen taryhynda uly yz goýan belli şahsyýet, alym, sufist. Nesewiniň «Jelaleddin Meňburnyň ömür beýany» atly kitabynda ol hakda şeýle diýilýär: Şeýh Şahabeddin Surhawerdi öz döwründäki sufizm teoriýalaryny, däp-dessurlaryny, tejribelerini birleşdirip, oňa gözegçilik eden, Eýranda, Turanda, Hindistanda sopuçylyk mekdeplerini esaslandyran adamdyr. Surhawerdiniň bu kitaby derwüşçiligiň irki stadiýalaryndan söz açyp, sopuçylygyň esaslaryny, ideologiýasyny düşündirmäge synanyşyk edipdir. Şahabeddin Surhawerdiniň «Bilim peşgeşini» iňlisçä ilkinji gezek terjime edip, günbatary gündogaryň sufizmi bilen tanyşdyran, Günbataryň sufizm baradaky pikirini düýpgöter özgerden polkownik Wilberfors Klarkdyr. Gündogary öwrenmäge özüni bagyş eden W.Klark sufizm bilen şeýle içgin gyzyklanyp, onuň pynhan çuňluklaryna aralaşyp, ahyry özi hem harbylygy terk edip derwüşe öwrülýär. Ol 1891-nji ýylda Surhawerdiniň «Bilimleriň peşgeşini» terjime edip Angliýada kitap edip çykarýar. Soňra ol Sagdynyň «Bossan», Nyzamynyň «Iskender Zülkarnaýyn hakyndaky kitabyny», Hafyzyň goşgularyny iňlis diline terjime edýär. W.Klarkyň şol terjimelerinden soň Günbataryň derwüşler baradaky pikiri düýbünden üýtgeýär. Ozal olar derwüşleri hüýli, akyly üýtgän, ganojak dindarlar diýip düşünýän ekenler. W.Klark özünden ozal derwüşler baradaky eserleri terjime eden terjimeçileriň, gündogar poeziýasyndan edilen terjimeleriň kemçiliklerini ýeke-ýeke görkezip, Gündogaryň poeziýasyny sufizmi bilmezden terjime edip bolmaýandygyny düşündirýär. Klarkyň maksady derwüşler Günbataryň çak edişi ýaly akylyndan azaşan, ganojak dini yňdarmalar däl-de, derwüşleriň ençeme ýolly mekdeplerdigini düşündirip, her derwüşçilik mekdebiniň syrlaryndan bilýändiklerini açýar. Şeýdip Şahabeddin Surhawerdiniň «Bilimler peşgeşi» hem günbatarly sufist derwüş W.Klarkyň tagallasy netijesinde Gündogaryň syrly sufizmi Günbatara gapysyny açýar. W.Klarkyň ol kitaby bolsa bibliografik gymmatlygyna öwrülýär. Yslamda monahlyk — keşişlik ýok. Özüňiz bilýänsiňiz, hristian dininiň ýaýran ýurtlarynda erkek kişileriň, zenanlaryň aýratyn ybadathanalary bolýar. Olara hristian keşişleri diýilýär. Keşişleriň erkeklerine öýlenmek, zenanlaryna durmuşa çykmak bolmaýar. Beýle ybadathanalar buddizm dininde hem bar. Günbatar ir zamanlarda derwüşleri — hristian dinindäki keşişlerdir öýdüpdirler. Derwüşler düýbünden keşiş däldir. Sufizm sözi nireden gelýär?! Derwüşler ýüňden dokalan derwüş geýimini geýýär ekenler. Suf diýmek — ýüň diýmek, ondan başga-da sufiý diýmek — hudaýhon diýen manyny aňladýar. Yzyna bolsa izm goşulmasy goşulyp derwüşçilik taglymaty diýen manyny berýär. Derwüşleriň özleriniň ýörite geýimi bolýar, ol barada soň. Derwüş geýimi ýamalykdan ybarat bolýar. Aslynda könelip, ýyrtylyp-tozup barýan geýime ýamalyk urulýar. Emma derwüşleriň geýimi ýamalykdan biri-birine ýamalyp tikilýär. 623-nji ýylda Mekgede kyrk bäş sany, Medine-de kyrk bäş sany özüni din ýoluna bagyş eden dindar biri-birine wepalylykda, dostlukda äht edip, täze bir jemgyýeti — sufiýler, türkmençe aýdanymyzda, sopular jemgyýetini döredýär. Şol togsan adamam musulman sufizminiň özeni bolýar. Bu jemgyýet dürli döwürler dürli formalara geçipdir. Dört çaryýarlaryň birinjisi Abu Bekir we dördünjisi Aly aýratyn dini jemgyýetleri döredipdir. Olar dini öwrenmek bilen meşgul bolupdyrlar. Soňra şol döwrüň ösen ýerleri Siriýada, Bagdatda dürli jemgyýetler döräp, olar derwüşler üçin bina galdyrypdyrlar. Olara soňlugy bilen hanaka diýen at berilýär. Ol ýerde derwüşler wagtlaýyn mesgen tutýarlar, özlerini kämilleşdirýärler, biri-biriniň ýoluny öwrenýärler. Anha, Görogly Gyratyny agtaryp derwüşleriň hanakasyna barýar. W.Klark sufizmi çynlakaý öwrenýär, şol sebäplem ol adamyň aňynyň ösüş stadiýasynda dünýäniň pynhan syrlaryna kem-kemden aralyşyşy ýaly, sufizmiň her bir eýýamda öz açyp bilýän syrlary bolýar, sufizm mydama ösüşde, ol döwre görä üýtgäp, derýalar ýaly ugruny hem üýtgedip bilýär diýip ynanýar. Ol sufizm taglymatynyň Gadymy Gresiýanyň dindarlyk teoriýasynda-da, häzirki zaman Ýewropanyň filosofiki ulgamynda-da özüniň çuňňur yzyny goýupdyr diýip gaty ynam bilen aýdýar. Sufizmiň bir tarapy ýeretiklige, ýagny dinden çykmaklyga çenli, bir tarapy bolsa hakyky dindarlyga çenli bolan arada çaýkanyp ýatan ummandyr. Sufistleriň şeýle şygary bar: «Biz dowzahdan-da gorkmaýarys, behişdi-de islemeýäris!» Hany indi özüňiz pikir edip görüň, heý, dowzahdan gorkmaýan musulman barmy, behişdi arzuw etmeýänem musulman bormy? Hawa, sufizmiň bir kenary dinden çykmaklyga çenli baryp ýetýär. Beýik sopy şahyr Mansur al Hallaç hakynda eşitmedigiňiz ýokdur. Bir topar adamlar ony türkmeniň halaç taýpasyndandyr öýdýär, ýok hallaç diýmek — pagta arassalaýan, pagtanyň çigidini aýryp, çigidi bir ýana, arassa pamygy bir ýana aýyrýan, gadymda belli kesp-kär bolupdyr. Mansur al Hallaç musulman dininde-de, sufizmiň-de aňyrsyna baran beýik sopy. Ol ahyry «Anal Hak» diýen netijä gelýär. Mansura köp töwella edýärler, emma ol «Anal Hak — Men Hudaý!» diýen pikirinden dänmeýär. Ahyry 922-nji ýylyň 26-njy martynda halyf Al Muktadiriň inkiwisiýasy ony jeza meýdanyna alyp çykýar. Oňa ähli zamanlaryň iň aýylganç jezasyny berjekler, emma Mansur jezadan çigit ýalyjagam gypynç etmeýär, ynha, onuň halkyň öňünde namaz okap, aýdan taryhy jümlesi: «Eý, Allam, maňa beren barakaňy (bu söz üýtgäp — berekediňe manysyna eýe bolupdyr»), ýagny, özgelere açmadyk syrlaryňy maňa açanyň üçin minnetdar bolmaga güýç-kuwwat ber. Beýlekilere gadagan bolan ylahy syrlaryň maňa açylanyna müň keren minnetdardyryn. Meni öldürmek üçin bu ýere üýşen bendeleriň — gullaryňyň günäsini geçip rehim-şepagat eýle, eger maňa açylan ylahy syrlar olara açylan bolsa, heý, olar beýle ganym iş ederlermidi?» Bu sözler ruhy taýdanam, manysy taýdanam, ýürekdeşligi taýdanam Isa pygamberiň haça çüýlenmezinden ozal özüni haça çüýlejek bolup, heşelle kakýan adamlaryň günäsiniň geçilmegini diläp Allatagala ýalbaran, mynajat eden sözleri bilen şeýle barabar. Mansur al Hallaç sopuçylygyň aňyrbaşyna barmadyk bolsady, heý «Anal Hak!» diýmäge milt edip bilermidi? Milt edip biler, ilçilikde herhili adam bar. Ana, ýöne dar agajynyň astynda Alladan özüni halas etmäge derek, özüniň bigünä öldürilişine tomaşa etmäge, özüni ölüme höküm edenleriň günäsini geç diýip Alla mynajat edip bilmezdi. Ony diňe Isa ýaly pygamber, Hallaç ýaly, Nesimi ýaly ýetişen beýik sopular edip biler! Derwüşler, diwanalar, galandarlar asylha, gedaý gezip, dilegçilik edip ýören garamaýak adamlar däl-de, beýik sopulardyr, bütin ömrüni yslam dinini, dünýäniň beýik dinlerini öwrenmäge bagyş edip, ylmyň-bilimiň aňyrsyna çykan alym sopulardyr. Beýik sopularyň pikiriçe sufizm taglymaty diniň maňzydyr. Dinler dürli-dürli bolsa-da, olaryň maňzy birdir. Olar ömrüni Hudaýyň ýoluna bagyş edip, Hudaýyň ýanyna barmaga ymtylýan adamlardyr. Sufizmde Mugallym bolup bilmeýär. Olaryň arasynda akyly aýylyp, halata eýe bolan kişi Kämil hem Deňsiz-taýsyz Ýolbaşçy bolup bilýär. Beýle Ýolbaşçyny hatda ol ýaşap ýören zamanam tapaýmak aňsat däldir. Sufizmde hemişe Mugallym okuwçysyny tapýar. «Ýalan mugallyma aldanan okuwçylar çöl-beýewanda salgyma suw diýip, aldanyp ýören adamlardyr, olar öz göz öňüne getirmesiniň pidalary bolýarlar». Gelejekki sopynyň öňünde durýan iň çylşyrymly, irnik zat Mugallymyňy tanap bilmekdir, Mugallymda aldanmazlykdyr. Sebäbi Mugallymyň özem entek geregiçe kämil däldir, gelejekde onuň nähili kämillige ýetip biljegini öňünden duýup bilmek gerekdir. «Kämil kişini kämil kişiden başga kim tanap biler?» Zergärden başga kim gymmatbaha daşyň hakyky bahasyny biler? Şol sebäpli Kämil mugallym Kämillige çykyp biljek okuwçysyny tanap, tapyp, halypalyk edip biler. Kämil däl adamlar hem özüni kämil çykan hasaplaýarlar, şeýlelikde-de ýalan derwüşler topary döreýär, olar köpelýärler. Şonuň üçinem Muhammet pygamber: — «Hudaýhon akmaklar meni arkamdan ýaraladylar» diýipdir. Mugallymyň islegi — okuwçynyň arzuwynyň wysal bolmagy, gelejekde onuň kämil çykyp beýik düşünjä galmagyndan ybaratdyr. Mugallymyň maksady — okuwçysyny özüniň ýetip bilmedik derejesine götermekdir. Dünýäniň köp dinlerinde dowzahdan, günäden gorkup, ýaşaýşyň dürli eşretlerinden gaçmak, lezzetleriň, keýpi-sapalaryň barlygyny unudyp terkidünýä bolmak din adamlaryna mahsusdyr. Musulmançylykda-da köp-köp eşretler dindarlar üçin gadagandyr. W.Klark musulman sufizminde dünýäniň eşretlerinden gaçmak, dowzahdan gorkmak duýgulary ýok diýip belleýär. Musulman sopularynyň berk ynanjyna görä «Dowzah-da, jennet-de allegoriýa. Bulardan başga-da ähli dini dogmalar allegoriýadyr. Olaryň hakykatda nämedigini diňe hakyky sopy bilýär. Sufizm beýle adamlary «adamlaryň ýüregi» ýa-da «ruhy adamlar» diýip atlandyrýar. Eger adam ýaşaýşyny öz eline ykjam alyp bilse, ol dünýäniň hiç bir şerinden gorkmaz! Şer oňa asla golaýlaşyp-da bilmez. Adam ylahy paýhas esasynda bu dünýäniň ýalan, pany dünýädigine akyl ýetirýär, şol sebäplem ol dünýäni şer dünýäsi diýip atlandyrýar. Kämil çykan adamlar bolsa ruhy dünýäde, kämil däl adamlaryň aralaşyp bilmeýän dünýäsinde ýaşaýarlar. Sufizmiň obrazlar ulgamyny bilmezden sufistik poeziýa düşünmek, onuň aňdan daşgary çuňlugyna aralaşmak, allegoriýalarda bukulan syrlaryna akyl ýetirmek, düşünmek mümkin däl diýip Klark belleýär. Klark «şerap» allegoriýasyny şeýle düşündirýär. Eger sopy «şerap içip mes boldum» diýýän bolsa, ol ekstaza, joşma ýagdaýyna barandyr diýip pikir etmek hökman däl. Adam serhoş bolan ýagdaýynda alkogol zerarly onuň akyl-paýhasy — intellekti küýseýär. Diýmek, ýüzleý logikany yzarlasaň adam pikirlenme ukybyndan aýrylýar. Sopular bolsa pikirlenme dini meselelerde, mehanika-da, durmuşda peýdalydyr, emma Hudaýa barýan ýolda pikirlenmeden duýmak, öňünden duýmak, aňasty aňyň görkezýän ýoly bilen gitmek zerurdyr diýip düşünýärler. Sopuçylyk ýoluny saýlap alan okuwçy Mugallyma tabyn bolmaga ymtylmaly däl, Mugallyma öýkünmeli däl, Mugallym hem okuwçysyny tabyn etjek bolmaly däl. Mugallym okuwçysynyň zadyndan bir zadyny almak beýlede dursun, pikirinem etmeli däldir. Haçanda ol nämedir bir zadyny mugallyma bagyş edäýen ýagdaýynda hem Mugallym ony umumy bähbide harç etmelidir. Mugallym okuwçysynyň aňyndaky hem kalbyndaky zeňi, posy aýyrmakdan (pos, zeň sopuçylyk adalgalary) başlaýar. Okuwçy baý bolanyndan garyp bolanyny ýagşy görmelidir, aslynda sufistler üçin garyplyk baýlykdan hiç bir jähetden parhlanmaýar. Okuwçy Mugallymyny şeýh diýip atlandyrýar. Şeýh — mähir-muhapbetiň, mylakatyň çeşmesi bolmalydyr. Ol gerek ýerinde okuwçysyna berk hem darap biler, eger okuwçynyň kämilleşmegi üçin berk daramagyň zerurlygy bolan ýagdaýynda. Mugallym hemişe öz sözleriniň täsirini duýup durmalydyr, daýhanyň tohum sepip hasyla garaşyşy ýaly Mugallym özüniň her sözüniň okuwçysynyň gursagynda gögerip çykyşyna üns bermelidir. Eger Mugallym köpbilmişlik etse, gedemligi, gaýry ýaramaz gylygy bar bolup, onam görkezäýse, ol okuwçynyň aňynam, kalbynam hapalaýar. Şeýh okuwçysy bilen allegoriýalar arkaly gürleşýär, eger ol okuwçysyna tankydy bellik etmeli bolsa hökmandan hökman allegoriýada gürlemelidir. Mugallym okuwçynyň içki ösüşlerini pynhan saklamaly, ösüş döwri haýsydyr bir üstünlik hakda aýtsa, ol okuwçysynyň ösüşine päsgel berip biler. Okuwçy Mugallymyna çuňňur hormat goýmaly, emma Şeýh okuwçydan çuňňur hormata umydygär bolmaly däl. Mugallym okuwçysyna ýeke-täk galmagala, işlerini etmäge (hylwata we jylwata) wagt bermeli. W.Klark öz kitabynda okuwçynyň özüni alyp barşynyň on bäş sany düzgünini beýan edýär. Ynha, olar: Okuwçy Mugallymyna pendi-nesihatda, päklenişde ýolbaşçylygyna doly ynanmaly. Okuwçy öz Mugallymynyň her bir aýdan sözüne, her bir hereketine diýseň eserdeň garamaly. Okuwçy Mugallymyna doly tabyn bolmaly. Okuwçy Mugallymyna içki-daşky garşylykdan ýüz öwürmeli. Okuwçy erkini Mugallyma bermeli. Okuwçy Şeýhiň pikirine hormat bilen seretmeli. Okuwçy öz düýşüni hökman Mugallymyna gürrüň bermeli, sebäbi Mugallym onuň düýşi arkaly pikirleniş, göz ýetiriş dünýäsini öwrenip baha bermeli. Okuwçy Mugallymyň sözi aýdaryna garaşmaly. Okuwçy Mugallymyny göreninden pessaý gürlemeli. Okuwçy Mugallymyna özüniň egoizm duýgusyny görkezmeli däl. Okuwçy Mugallymyna «O Seýid» ýa-da «O Möwlana!» diýip ýüzlenmeli. Okuwçy Mugallymyna islendik mahal däl-de, oňaýly wagtynda ýüzlenmeli. Okuwçy keseki adamlaryň akyl ýagdaýy we tejribesi hakda gürlemeli däl. Ol Mugallymy bilen öz ýagdaýy barada hem gereginden artyk gürleşmeli däl. Okuwçy Mugallymyndan öwrenen, öwrenip biljek gudratlaryny pynhan saklamaly. Okuwçy Şeýhe özüniň çekýän hesretleri, gam-gussalary barada aýdyp bermeli. Okuwçy Mugallymy düşüner ýaly gürlemeli. Klark bu edep-tertip düzgünlerini Surhawerdiniň kitabyndan alyp, bir ýere ýygjamlap, ýokardaky tertipde beripdir. Derwüşler öz jemgyýetiniň ýaşaýan ýerine nahardan ozal gelmeli. Derwüş gapynyň agzynda doga okap, ol jaýa salam berýär, soňra jemgyýetiň beýleki agzalary bilen elleşip salamlaşýar. Jemgyýetiň azgalary her bir täze gelen derwüşe hödür-kerem edýärler. Derwüşler iki topara bölünýärler: bir topary derwüşhanada ýaşaýar, ikinji topary bolsa jahana aýlanyp, Allatagalanyň ýaradan dünýäsine sežde edip, her ile, her öýe ýagşy doga-dilegler edýär. Kim näme berse, şonuň bilenem kör oňňut edýärler. Derwüşler gedaý däldir, olara gedaý diýip düşünmegem hebesdir. Olara berilýän hak — olaryň ýagşy doga-dileglerine berilýän aklykdyr. Täze gelen derwüş derwüşhanada üç gün myhman bolup bilýär. Ol derwüşhanada uzak mahallabam galyp biler, eger ol derwüşhanada özüne kybap iş tapyp bilse. Gijesi-gündizi Hudaýa tagat kylýan derwüşler derwüşhananyň zerurlygy üçin işlemän, diňe seždesi bilen bolup bilýär. Derwüşhanada ýaşaýan derwüşler derejesi boýunça üç stadiýa bölünýär. Olaryň birinjisine «Adamlara hyzmat» topary (Ahl al Hidmat) diýilýär. Olar derwüşhananyň ýaşap ýören derwüşleriň hyzmatynda durýar. Ýumuş oglanylyk edýärler. Ikinji toparyna «Söhbet adamlary» (Ahl i Suhbat) diýilýär. Bular çar tarapdan gelen derwüşler bilen gürleşip, tejribe toplaýan ýaş derwüşlerdir. Üsünji topara «Hilwat adamlary» (Ahl-i Hilwat) diýilýär. Olar köplenç garry derwüşler bolup, olar ýekelikde Allatagala zikr edip, gijesi-gündizi diýen ýaly şöwür çekýärler. Käte şeýle ýagdaýam bolýar. Derwüşhanada derwüş köp, emma Mugallym ýok. Şol döwürde derwüşler topary Allatagala taraplaýyn geljek Mugallym bilen söhbetdeşlige özlerini taýýarlaýarlar. Derwüşler bir saçak başynda dogan ýaly bir oturyp jem iýip-içýärler. Birek-birege çyn ýürekden hormat goýmak, sylamak olaryň ruhuna siňip gidýär. Eliň eli, iki eliň birigip ýüzi ýuwmaga gulluk edişi ýaly derwüşler birek-biregiň hyzmatyny öz hyzmatym diýip edýär. Olaryň arasynda liderlik, ýa durmuşy iýerarhiýa ýok. Ylmy, ýeten derejesiniň belentligine, beýikligine-pesliligine garamazdan olaryň bary deň. Syýahat, jahankeşdelik, sapar, gezendelik asylky manysynda hem, göçme manysynda derwüşligiň işiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Derwüş öz ýurdunyň içine-de, daşyna-da, obalara-da keşt edip biler. Käbir şeýhler — derwüşler bir ýerde kyrk günden köp saklanmaýar. «Derini duzlap näçe eýledigiňçe ol ýumşak, arassa hem gözel bolýar». Derwüşler dünýä gezip özüni eýleýärler, şonda adamyň tebigatyndaky asylky taraplygyň, gedemligiň ornuna ýumşaklyk, sabyr-takatlylyk, çydamlylyk alýar. Emma derwüşler düýbünden syýahat etmän belli bir mekanda ýaşabam bilýärler. Derwüşleriň syýasatynyň ýoly hem usuly jikme-jik işlenendir, onda ozalky ýaşap geçen derwüşleriň, häzirki ýaşap ýören derwüşleriň tejribesi ulanylýar. Syýahat etmegiň, derwüşleriň ýerlere, ýurtlara aýlanmagyň düzgüni on iki usuldan ybaratdyr. Yslam dininiň aýdym-saza, tansa nähili garaýşyny hemmämiz bilýäris. Din o zatlara ýalan dünýäniň bezegi hökmünde seredýär. Emma akyldarlar akyldary, Gündogarda, Günbatarda şan-şöhrady ýaýran Jelaleddin Rumy tans edýän derwüşler ordenini — ýoluny döredýär. Olara «Aýlanýan derwüşler» diýip at berilýär. Aýlanyp tans etmek hem Allanyň ýolunda derwüşleriň bir usuly bolup, şindizem ýaşap gelýär. Şeýle dessur ýerine ýetirilende aýlanýan derwüşleriň sazyny başga adamlar çalýarlar. Derwüşleriň geýim-gejimine hyrka diýilýär. Her bir derwüş öz geýjek hyrkasyny özi tikýär. Ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly hyrka bitewi matadan däl-de, bölek-bölek ýamalyklardan biri-birine ýamap tikilýär. Hyrkanyň reňki ýapyk mawy ýa ak bolýar. Derwüş hyrkasy Mugallymdan Okuwçysyna geçýär. Bu dessur soňra başga kärdäki adamlaryň arasyna hem ýaýraýar. Aýdaly, ussa özüne şägirt ýetişdirýär, şonda şägirt ussadyndan ak pata alanynda oňa don serpaý edýär. Eger Şeýh — Mugallym öz okuwçysynda keramat görse, onuň kämillige çykanyna ynansa, ol okuwçysyna öz hyrkasyny bagyş edýär. Gündogaryň meşhur sopusy ildeşimiz Abyl Haýyr — Mäne baba iki Mugallymdan iki hyrka geýen beýik keramatlydyr. Gündogarda iki hyrka geýen başga meşhur akyldar ýok. Mugallym öz okuwçysyna hyrka geýdirse — diýmek, okuwçynyň halypalyga ýetişeni. Şondan soň ol özbaşyna mekdebem açyp bilýär, derwüşler toparyny döredibem bilýär. Sebäbi ol şondan soň Mugallym. Her bir derwüşe Mugallymynyň hyrkasyny geýmek bagty ýetip durmaýar. Aslynda derwüş derwüşçilik ýoluna baş goýup, bir pire gol berende pir derwüş oňa nähili hyrka geýmelidigini salgy berýär. Käbir derwüşler hyrka geýmänem, öz «işçi eşiginde» gezibem bilýär, üçünji topar derwüşler bolsa öz islegine görä hyrka tikinýär. Derwüşçilik, sopuçylyk ýol diýmekdir. Olaryň ýoly Hakykata hem Haka — Allatagala barýan ýoldur. Ol ýol birnäçe stadiýalardan ybarat bolýar. Derwüşler adaty adamlaryň akyl-paýhasyny, ylym-bilimini pany dünýäniň akyly hem bilimi hasaplaýar. Meselem, akyl-paýhasyň iki hili görnüşi bolýar: birinjisi, adaty adamyň akyl-paýhasy, ikinjisi, dindar adamyň akyl-paýhasy. Adaty adamlaryň akyly ýaşap ýören pany dünýäsi üçin, dindarlaryň akyl-paýhasy o dünýä, baky dünýä üçin diýip derwüşler düşündirýär. Derwüşleriň pikiriçe bilim hem şolar ýalydyr. Adaty adamlaryň bilimi bolýar, ol bilim aslynda içki çuň bilime gapma-garşydyr. Birinji bilim bilen ýalan dünýä düşünip bolýar, emma ynsanyň kalbynda ýerleşen içki çuň bilim bilen bolsa Allanyň haalatyna ýetip bolýar. Şonuň üçinem üç hili akyldar bolýar. Ylahy akyldar bilimleriň üçüsi bilen-de tanyş, onuň bilmeýän ylmy ýok, ikinji dindar akyldarlar ol dünýäniň akylyna uçran adamlar. Üçünji hili akyldarlar ylmyň-bilimiň daşky görnüşleri bilen meşgullanyp ýören adamlar. Hakyky real bilim — iýmit ýalydyr, ol ruhy iýmitdir. Içki çuň bilime ma-arifat diýip at berilýär. Biziň magaryf sözümiz hem şol sözden gelip çykandyr. Ma-arifat hem üç derejä bölünýär. Derwüşleriň bir topary şol üçünji akyldarlyk derejesine ýetip bilýär, olar dünýäde bolup geçýän islendik hadysa, islendik zada adaty adamlar ýaly pikirlenip akyl ýetirmän, dessine gudratly halda akyl ýetirýär. Gürrüňimiz düşnükli bolar ýaly şu ýerde keramatly Mäne baba bilen Ibn Sinanyň — Lukman hekimiň taryhy duşuşygyny ýatlap geçeliň. Olar Amul, häzirki Türkmenabat şäherinde duşýarlar. Lukman hekim şol döwürler Gündogarda meşhur bolan alym, hekim, haçanda ol Mahmyt Gaznalynyň çakylygyndan gaçyp Köneürgençden Garagumyň içi bilen Par obasyna gelende, ýadawdygyna, gorkulydygyna garamazdan Baharlynyň üsti bilen Mäne obasyna gelýär. Mäne babanyň Amula gidenini eşidip Amula gidýär. Mäne baba şeýle beýik hem keramatly şeýh bolmadyk bolsa Gündogara meşhur alym onuň yzynda selpäp ýörmezdi. Mäne baba göreninden Lukman hekimem, Lukman hekim göreninden beýik şeýhi tanaýar. Olar bir jaýa girip üç gün hiç ýere çykman, hiç kişini ýanyna goýbermän gürleşýärler. Soň Mäne babadan meşhur Lukman hekimiň alymlyk, ylym derejesi barada soranlarynda, ol: — Lukman hekim meniň görüp, göz ýetirip duran ýerlerime ylym bilen aralaşyp bilipdir — diýipdir. Lukman hekimden Mäne baba barada soranlarynda, ol: — Meniň gije-gündiz ylym öwrenip baran ýerlerime ol oturan ýerinden göz ýetirip otyr — diýipdir. Iki läheň adamyň gürrüňi gyzykly geçýär, sebäbi Lukman hekim dünýewi ylmyň adamy, ol dünýewi ylmyň beýik-beýik mümkinçiliklerine belet adam, ol dünýewi ylmy magtaýar, şonda Mäne baba elindäki pyýalasyny ýokaryk zyňýar-da: — Bu ylmy niçik görýärsiň? — diýipdir. Sebäbi pyýala petigiň aşak ýanynda magallaklap dur, ony Mäne baba gudrat görkezip howada durar ýaly edipdir — Beýle ylyma näme diýersiň, hezreti hekim? — Beýle ylma Mäne babanyň gudratly ylmy diýerin! Ynha, biz derwüşçiligiň esasy özenine geldik. Derwüşler Hakyň ýoluna özüni bagyş edip, yhlasy bilen Hudaýyň keremine duş gelýär, olar haalatly bolýar. Haalatly kişiniň bolsa bitirmejek işi, açyp bilmejek keseli, çözüp bilmejek meselesi bolmaýar, sebäbi olarda ylahy akyldarlyk, ylahy kerem-keramat bar, olar gudratly pirler. Olar geçmişi, gelejegi görüp durlar. Olar bolany, boljagy bilip durlar. Olaryň dirisi—ölüsi keramatly. Şonuň üçinem Mäne babanyň, Nejmeddin Kubranyň, Hoja Ýusup babanyň, Sarahs babanyň… guburlary-da keramatly. Olaryň keramatly guburlary ençeme asyr bäri sežde edilip, peýda tapylan ýere öwrülendir. Ýeri gelende külli türkmeniň zyýarat edýän keramatly ýerine öwrülen Ak işanyň keramatly bir gudratynam ýatlap geçäýeliň. Ak işan keramatly pirleriň ahyrkylarynyň biri bolup, onuň gubury Arçman obasyndan birnäçe kilometr günbatara ýöräňsoň, Aşgabat — Türkmenbaşy ýolunyň çep tarapynda — çöletekde ýerleşýär. Ol ýerde sowet döwri — gadagan döwürde hem Ak işanjana zyýarata barýanlaryň san-sajagy ýokdy, mydama ullakan toý gazanlary gaýnap, zyýaratçylara nahar çekilip durardy, sadaka, Ak işanyň ýoluna aýdylan mallaram mydama ullakan süri, ony ýörite çopan bakyp ýör. Bir gezek bir türkmen ýigidi ýeke özi alamana gideninde agyr ýagdaýa düşýär. Sebäbi ýigrimi-otuz sany atly onuň ýolunda bukuda ýatan eken. Duýdansyz halda alamançynyň üstüne ýigrimi-otuz atly dökülýär. Alamançy gaçmak bilen bolýar. Alamançy bilip dur, alamana gidip ýesir düşýäniň nähili elhenç ýagdaýlara düşýänini. Ýesir düşeniňden öleniň müň paý gowy! Ýigrimi-otuz atly kowalaýar, alamançy gaçýar. Şonda şeýle ýagdaý bolup geçýär. Alamançy atyny ýüzin saldyryp gaçyp gelýär, yzynda kowgy. Alamançynyň aty ýüwrük, ol nökerlere ýetdirmän gutulyp biljek, emma birden onuň öňünden ullakan uçut çykýar, bir tarapyň berk dag, öňüňde uçut, yzyňdanam ajal kowup gelýär. Alamançy ýigit Ak işana sygnyp: — Ýa Ak işanjan, şu sapar şu duşmandan sypdyrsaň, bagy öwejimi ýoluňa aýdýan — diýip, urýar atyna gamçyny! At janawar towusýar dumanlap duran uçutdan! Ýigit ölümine kaýyl! Emma ölmeýär! Nökerler uçuda gelip haýran galyp ýigide bakýar, ýigit yzyna seretse, on bäş-ýigrimi gulaçlyk gaýadan atyny towusdyrypdyr, emma Hudaýyň gudraty bilen atyna-da, özüne-de hiç zat bolmandyr. Kowgam galýar. Ýigit sag-salamat öýüne gelip ýaşaberýär. Iki-üç aý geçýär. Bir gün şol ýigit Ak işan bilen pete-pet duşup salamlaşýar. Ak işan ýylgyryp: — Pylany, hany, bagy öweç gelmedi-le? — O nämäniň öweji, işan aga? — Haý, peläket, yzyňdan ýigrimi-otuz atly öldürjek bolup kowup gelýärkä-hä Ak işan ýadyňa düşýär-de, aman galanyňdan soň ýadyňdan çykaýdymy? Ýigidiň güpbe ýadyna düşýär, utanýar. Iň esasam, özünden başga hiç kesiň bilmeýän syryny daş obada oturan işanyň bilşi ýigidi haýran galdyrýar. Ir zamanlarda hem alamana gizlin gider ekenler, sebäbi oba kethudalary, dini ulamalar alamany oňlamaýarlar ahyry. Şonda Ak işan ak köýnegini göterip: — Iki kebzäme seret, näme görýärsiň? — diýýär. Ýigit has-da haýran galýar. Ak işanyň her kibtinde el ýaly ýeri gögerip, garalyp dur diýýär. Ak işan: — Sen şol uçutdan daş jülgä däl-de, atyň bilen meniň kebzäme düşüp aman galansyň, ol iki gök yz seniň atyňyň toýnaklarynyň yzydyr — diýipdir. Ýigit toba gelip, bagy öwejini işana berip, gaýdyp alamana gitmek beýlede dursun, namazlykdan düşmändir. Hudaýyň arzylap keramat derejesine göteren azyzlarynyň, saýlanlarynyň ölüsi-dirisi ýok, ol ýürekden sygnyp baran adama medet berip, delalat eýleýär. Şonuň üçinem Görogly beg kyna-gyssaga düşeninde mydama öten pirlerini çagyrýandyr. Şonuň üçinem türkmenler mydama bir agyr işe başlasa «Ýa ata-babam, sizden medet!» diýip başlaýandyr. Biziň pikirimizçe, Döwletmämmet Azadam, Magtymgulam Hudanyň azyzlan, saýlan adamlary, Magtymgulynyň keramatly bolandygyna külli türkmen ynanýar. Magtymguly — keramatly beýik akyldar! Döwletmämmet Azadynyň keramatlydygyna Magtymguly ynanýar. Ýurdumyz garaşsyzlygyny alaly bäri her ýyl zyýaratçylaryň uly topary olaryň keramatly guburyna zyýarata gidip gelýär. Biziň pikirimizçe, Magtymguly bilen Azadynyň guburyndan keramatly toprak getirip mermer paýtagtymyzda olaryň aramgähini bina etmegiň wagty hem ýetdi, zerurlygy hem bar. Her ýylda ýüz müňlerçe türkmenler olaryň guburyna sežde edip, zyýarata aýlanyp delalat tapjak, medet alyp biljek. Haýyr işi jäht tutup amala aşyrmak gerek. Ol hemme zamanlarda edilipdir. Keramatly adamlaryň ýedi ýerde gubury edilipdir, sebäbi agyr zamanlarda halka zyýarat etmesi aňsat bolsun diýip uly din adamlary her ýerde, her ýerde keramatlylaryň guburyny döredipdirler. Keramatly adamlar keramatly ýurdunda keramat bolup ýaşasa ýagşy! Aň ýetirmäniň, aňasty aňyň aň ýetirmesiniň birnäçe görnüşleri bolýar. 1. Pynhan Parasada akyl ýetirmek. 2. Akyl ýetirme akyldarlygy. 3. Akyldarlygyň akyldarlygyna akyl ýetirmek. Göräýmäge, ýönekeý bolan bu adalgalar arkaly bilim hem akyldarlygyň kämilliginiň yzygiderligini beýan edip bolýar. W.Klarkyň kitabynyň ondan soňky baby mistiki ahwal bolan Haal, onuň ösüş stadiýalary sapar-syýahat esasynda ýetilen stadiýalaryň ösüşi, kämilleşişi bilen arabaglanyşygy barada söhbet açýar. Gaýry ulgamlarda ejir, ezýet, jebir esasy maksat ýa gazanmaly netije bolsa, ol derwüşler üçin obýektiw hakykata barmaga taýynlykdan başga zat däldir. Obýektiw Hakykata barylýan ýolda hem stadiýalar bar. 1. Makam stadiýasy — adamyň Hakykata akyl ýetirmekdäki belli bir derejede gazanan düýpli bilimidir. 2. Haal — Hudaýyň peşgeşidir, ol bagyş edilen makamdyr. (Mäne babanyň haalaty esasynda Ibn Sina pyýalany howada saklap görkezişini ýada salyň). Horasan şeýhleri ony mistiki haalyň netijesi diýip düşündirýärler. Ol ýyldyrymyň bir pursatda çakyp, jahany ýagtyldyp, ýene ýitip gidişi ýaly hadysadyr. Haalyň, haalatyň berilmegi bolsa pynhan saklanylýar. Haal ynsan aňyny düýpgöter özgerdip, dindar sopa ullakan kanagatlanma berýär. Ol kanagatlanma «pida» diýilýär. Beýik akyldar sopy Jüneýit «bir haala ýetip bilen sopy has beýik haallara ýetip bilýändir» diýýär. Her bir haalyň durnuklylygy sopyny başga bir ýagdaýa hem salyp bilýär. Sopy Hudaýdan, ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kime sežde etmeýär! Sopular ynsan dilini Hudaýyň ylahy tebigatyny düşündirip bolardan gödek dil hasaplaýarlar. Biziň dilimiz ýaşaýşyň başga maksatlary üçin gerek. Mysal hökmünde şu jümläni getirýärler: «Hudaýyň mekany (bolýan ýeri) onuň bar ýerinde däldir. Hudaý öz wagt birliginde ýaşaýar». Adamzat logikasy beýik dünýä üçin däldir. Biz özümize tanyş bolan hadysalary başga dünýäni konsepsiýa bilen logiki pikirlenme esasynda baglanyşdyrjak bolsak, netije bermez. Haçanda aň özüniň mümkinçilik çygryndan çykmaga synansa, ol ýalňyş netije gazanyp biler. Edil şeýle-de hyýalyýetiň, göz öňüne getirmäniň, fantaziýanyň hem özüniň peýda berýän çygry bolýar. Sopularyň ymtylýan, akyl ýetirmek, aralaşmak isleýän dünýäsi başga, adamlaryň ýaşap ýören dünýäsi başga. Adamlaryň ýaşap ýören dünýäsiniň öz kada-kanunlary, däp-düzgünleri, mümkinçilikleri bar. Ol dünýä ýeriň dartylma kanunyna boýun egýär. Ol dünýäde guş uçup bilýär, emma gaýry haýwanlara, ynsana ganat berilmändir, olar uçup bilmeýär. Ol dünýäde ak ak, gara gara, baý baý ýaşaýar, garyp hor ýaşaýar, gyş sowuk, tomus yssy, ol dünýäde kesel bar, tebip bar. Ol biziň ýaşap ýören dünýämiz, ol dünýäde biz logikany ölçeg birligi hasaplaýarys; adam uçmaýar, sebäbi ganaty ýok. Emma bu dünýä Hudaýyň dünýäsi ahyry! Bir söz bilen älemleri ýaradan Hudaý özüniň söwer ogly üçin ýaradan bu ajaýyp dünýäsini Gudratdan jyda ýaradanmydyr? Ýok, gudratam, kerem-keramatam bar, ol adamzat akylynyň gutarýan ýerinden başlanýar. Hudaýyň akyl-paýhasy adamzat logikasyna sygmaýar, şonuň üçinem biz akylymyza sygmaýan zatlary Hudaýyň gudraty diýip hasaplaýarys. Adam akylynyň ýetmeýän ýerinden Hudaýyň dünýäsi, Hudaý başlanýar. Sopular Hudaýyň gudratlar, kerem-keramatlar dünýäsine aralaşmak üçin ynsan ýaşaýşyny, onuň kada-kanunlaryny terk edýärler. Sopularyň gudratlar dünýäsine gitmek üçin münýän aty — Söýgi, işi-pişesi zikir, ýagşy doga-dilegler, olaryň hümmet hasasy yhlasy, ynamy. Geçmişde Allanyň söýgüsine mynasyp bolup, keramata göterilip gudrat görkezen derwüş sopular köp bolupdyr, emma öz dünýäsinde ýaşap ýören bu dünýäniň adamy bolsa beýle zada ynanmaýar. Olar derwüşlere — sopulara ynanmandyr, dinden çykan hökmünde olary ýalançylykda, hudaýsyzlykda aýyplap, jezalandyrypdyrlar. (dowamy bar).. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |