20:23 Sufizm - 2 / makalanyñ dowamy | |
Ylmy-haal — ynsan aňynyň ýeten iň beýik bilim derejesidir. Ol öz gezeginde Ynam aňyny döredýär. Ynam aňyna baranlara bolsa pynhan hakykat aýan bolýar, mümkin däl zat mümkin. Ol ýagdaýa — hala beýniniň işleýin prosesi arkaly däl-de, aýratyn aň ýagdaýynyň tejribesi arkaly baryp bolýar.
Edebi makalalar
Aňyýetiň üç stadiýasy bar. Birinjide — adam Günüň dogup gelýänini syzýar, onuň tüm gijä salýan öwüşginlerini we ýylysyny duýýar. Ikinji stadiýada ynsan Günüň özüni görýär, üçünjide bolsa Günüň ýiti şuglasynda görejiň şuglasy Gün şuglasy bilen garyşýar, ýagny ýiti şugla gözi gamaşýar. «Ynanjyň» üç stadiýasyny Şahabeddin Surhawerdi şeýle düşündirýär: 1. Ynanç aňyýeti — oňa ynsan aňy ýetýär, akyldan geçirilýär, şeýlelikde ol aýan bolýar. 2. Ynanç aňynyň barlygyna, durkyna — şübhesiz ynanylýar. 3. Ynanç aňynyň Hakykaty esasynda synlaýanyň hem synlanylýanyň birleşmesi bolup geçýär. Sopuçylyk ýoly gaty inçe ýol, onuň ýetiren aňyny, baran derejesini adaty ynsan diliniň sözleri bilen düşündirmek mümkin däl, şol sebäplem geçmişde gaty köp derwüşleri dinden çykmakda, panteizmde aýyplapdyrlar, jeza berlenlerem az däl. Şol sebäplem şeýle jümle döräpdir. «Görýän — göze öwrülýär, göz görýäne». Şol sebäplem ýönekeý akyl bilen ömrüni Hakyň ýoluna bagyşlap, onuň ýolunda ösen sopy aňyýetine baran sopa düşünmek kyn. Düşünmedik hakykatyny bolsa ynsan ogly ret edýär. Barlyk hem onuň şahsyýet bilen, kalp bilen arabaglanyşygy hakyndaky ylym —sopuçylyk ylmynyň esasy bölegi hasaplanýar. Oňa akyl ýetirmek üçin barlygy hem ikä bölýärler. Birinji görnüşi: — ol zadyň barlygy, hem-de şol zadyň içki (hakykaty), ýagny içki manysy. Hakykat bu ýerde zadyň barlygynda, daşky durkunda däl-de, onuň içki manysynda, içki hakykatynda. Meselem, çyra. Ol ýagty salýan zat. Adamlar ony şeýle görýärler hem şeýle akyl ýetirýärler. Emma çyrany ýylylyk beriji gural hökmünde hem peýdalanyp bolýar ahyry, üçünjiden, ony öý bezegi hökmünde görüp hem bolýar ahyry. Emma adamlar onuň beýleki funksiýalaryny duýmaýarlar, bilmeýärler, akyl ýetirmeýärler. Ýene bir mysal alyp göreliň. Pişik. Pişik Hudaýyň ýaradan san-sajaksyz jandarynyň biri. Adamzat ony syçan atly ýagysyndan goramak üçin öýünde saklaýar, çörek berýär. Pişigiň borjy hem manysy adamy syçan diýen beladan goramak. Ikinjiden, pişik ýeke galan adam üçin gürrüňdeş, höwürdeş bolup bilýärmi? Bilýär! Öýdäki çagalar bilen pişik oýnaýarmy? Oýnaýar! Häzir adamlar aýdýarlar. Pişik gije ýatanynda eýesiiň kesel ýerinde ýatyp, ony bejerip hem bilýär. Sopular barlygyň herki zadynyň ynsan akylyndan daşardaky zadyny, manysyny agtarýar. Şonuň üçinem olar aýdýarlar: adaty adam aňynyň gutaran ýerinden derwüşiň aňy başlaýar! Zadyň düýp manysyna akyl ýetirmäge synanyşyk Hudaýa akyl ýetirmäge synanyşykdyr. Şonuň üçinem derwüşler «Kim özüne akyl ýetiren bolsa, ol Hudaýa akyl ýetirendir» diýýärler. Adam bolsa akyl ýetirerden çylşyrymly, çuň, giň. Adam döräli bäri özüni öwrenip gidip otyr, ol özüni öwrendigiçe çuňlaşýar, öwrendigiçe çylşyrymlaşýar. Ýene bir hakykat bar: eger adam şu gün özüne akyl ýetirip «Adam diýmek ynha şeýle» diýip ynsan formulasyny düzse, ertirki dünýä gelen adamlar näme işlärler? Adama akyl ýetirmek mümkin däl! Dünýä akyl ýetirmek mümkin däl! Ol ikisine akyl ýetirmän Hudaýa akyl ýetirmek mümkin däl! Derwüşleriň ümzügi akyl ýetirmesi mümkin däle tarap! Şonuň üçinem olar sopuçylyk ylmyny-bilimini, aňyýetini döredipdirler. Derwüşler üçin din aýratynlygy ýok: olar biz musulman, biz yslam dinine uýýarys diýmeýär. Sopular «biz ähli dinleriň içki manysy, biz ähli dinleriň maňzy» diýip ynanýarlar. Derwüşleriň esasy işi ösüşiniň dürli stadiýalaryna baha bermek usuly, düýrmegine — durkuna baha bermek, kem-kemden päklenmek derwüşleriň wajyp işi bolýar. Derwüş şol sypaty bilenem teoretik alymdan parhlanýar.Teoretik alym «Hany men ony akyl eleginden geçirip göreýin» diýse, derwüş «Men aňyýetime päsgel berýän päsgelçiliklerden saplanyp, oňa akyl ýetirmäge özümi taýýarlaýyn» diýýär. «Päsgelçilik» bolsa az däl. Derwüşler olaryň on sanysyny hakyky «päsgelçilik» diýip hasaplaýarlar. 1. Isleg. Arzuw. Her bir adam arzuw-islegiň öýjügi. Arzuwyň aňyrsynda arzuw, islegiň aňyrsynda isleg ýatyr. Islegiň erkine berlen ynsan Ýokary Hakykata tarap däl-de, isleginiň ugruna tarap gidýär. Adamyň göwni jöwzaly tomusda gar, gyşyň aňzagynda şetdaly küýseýär. Derwüş bolsa akylly-başly zahydlyk — asketizm — terkidünýälik netijesinde öz arzuw-isleginiň erkine gitmän, Ýokary Hakykata tarap ýola rowana bolýar. 2. Bölünişik. Ikiýüzlüligiň bir görnüşi. Adam Ýokary Hakykatyň erkine berlip bilmän, özüniň logiki pikirlenmesiniň dogrulygyna ynanyp, özüni aklamaga başlaýar, ýogsa logiki pikirlenmäniň esasy çeşmesi onuň özi ahyry. Oňa diňe gaty çynyňy edip, garşy durup bolar. 3. Ikiýüzlülik, gözboýagçylyk. Adamyň tebigatynda üstünliklerine, baýlyklaryna buýsanmak derdi bar, ol özüni erkin duýýar. Ikiýüzlüligi buýsanç diýýän ynsan duýgusyny inkär edip, Hudaýa şan-şöhrat diläp, ýeňip bolar. Ikiýüzlüligi sadyklyk, sabyr-takatlyk pakyrlyk bilen ýeňip bolar. 4. Göwnüýetijilik hem söýgi. Özüňi söýmek, özüňe aşyk bolmak, özüňe aşa göwnüýetiji bolmak durmuşyň hakyky faktorlaryna baha bermäge, özüňi tanamaga päsgel berýär. Özüňe aşyk bolmak — özüňi ýigrenmegiň çöwre ýüzüdigine düşünmek, durmuşa real garap ýokarky keselden saplanylýar. 5. Illýuziýa, salgym Adam özüniň Alla tarapdan hut pylan iş üçin ýaradylanyna, özüniň aýratyn, beýik, keramatly ýaradylanyna ynanmak öz-özüňi aldamakdan başga hiç zat däldir. Bu päsgelçilikden özüňi terk edip, Allatagalanyň beýikligini wasp edip geçip bolar. 6. Açgözlük hem husytlyk. Açgözlük hem husytlyk bahyllygy, dürli ýaramaz häsiýetleri kemala getirýär. Bu päsgelçilikleri Allanyň ýanynda durandygyna, seni görüp durandygyna ynanyp ýeňip bolar. 7. Doýmaz-dolmazlyk hem ullakanlyga ymtylyş. Bu howp adamy perwana öwürýär, ol oduň yşkyna düşen perwana ýaly uly baýlyga, uly derejelere aşyk bolup, perwana ýaly oda özüni urýanyny bilmeýär. Bu päsgelçilikden zahydlyk, pakyrlyk, günüňe kaýyllyk bilen geçip bolar. 8. Jogapkärçiliksizlik. Ol akylyň isleglerine erkiňe aldyrmakdan döreýär. Ol isleg bolsa hemişe üýtgäp, globus ýaly aýlanyp durandyr. Ol islegiň başam, ahyram ýokdur. Ol päsgelçilikden sabyr-takat, dokmädelik bilen geçip bolar. 9. Çalt ýadamaklyk, argynlyk. Bu dert durnukly maksadyň, matlabyň ýok wagty döreýär. Ol keselden yzygiderli sežde etmek arkaly saplanyp bolar. Bu päsgelçilikden geçmek üçin derwüşleriň ýörite usullary bar. 10. Ünssüzlik. Adamyň zandyna çuňňur kök uran ýaltalyk, işýakmazlyk, özüniň takdyry etmeli işiňe düşünmezlikden, biparhlykdan gelip çykýar. Onuň melhemi hakyky derwüşlige ymtylmakda. Häzirki zamanyň adaty psihoterapiýasy bu dertleri, keselleri düzedip kadaly ýagdaý diýilýän çarçuwa salmaga jan edýär, emma derwüşler muny akylyň sazlaşyksyz ösmeginiň, köre-körlük bilen ösüşe hem ruhy deňagramlygyna getiren şertliligi hasaplaýarlar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, yzygiderli ösüş hereketi ýok ýagdaýyna ýönekeý ruhy deňagramlygy dikeltmek hem başartmaýar. Psiholog gyşyk-çaýşyk bolan tigiri göni aýlanmaga mejbur etjek bolýar. Derwüş bolsa ony diňe aýlanmaga däl, şol bir wagtda ýüki götermäge-de, äkitmäge-de mejbur edýär. W.Klarkyň derwüşler kitabynyň üçünji böleginiň ady «Ruha çuňňur akyl ýetirmek» bölegidir. Bu bölekde derwüşçiligiň nazary ylmy derňelýär. Dini adalgalar arkaly adam aňynyň ösüşini beýan edýär. Şahabeddin Surhawerdi Adam ata we How ene hakyndaky dini wakany yzarlap, şol waka baha berip, onda yzy üzülmeýän, täzelenip duran mistiki prosesi düşündirýär. «Ruhuň hem bedeniň birleşmegi esasynda her bir adamda başga adam döreýär. Adamyň gapyrgasyndan Howanyň döreýşi ýaly. Biziň ýürek diýip atlandyrýan zadymyz Adam bilen Howanyň, ýagny ruh bilen bedeniň, göwräniň birleşmegidir. Erkeklik elementi — uniwersal ruhdan, aýallyk elementi — uniwersal göwredendir. Hut şol göwre bilen Adam özüniň içinde arabaglanyşyga girýär, şeýlelikde Howa döreýär. Şeýlelikde, Adamyň synasyndan kemala gelen Howa adamyň içki göwräniň içki hakykatynyň akyl ýetirmegi aňladýar. Şol zerarlam Adamyň öňünde içki mümkinçilikler döreýär. Derwüşleriň Mugallymlary perişdeleri aňyň ýokary ukyplary hökmünde düşündirýär. Perişdeleriň birniçesi gözellikden Jemaldan döredilse, birniçesi beýiklikden — Jaraldan dörändir. Kitabyň üçünji babynda Jem we Tawrik hadysasy şu dünýä bilen başga ölçeglerde bolan dünýä, olaryň arasyndaky baglanyşyk yzarlanýar. Beýik akyla ýeten (kämil çykan sopy, derwüş) şu dünýäde ýaşap ýör, emma ol bu dünýäniň adamy däl, bu dünýäniň wakalary, zatlary ony gyzyklandyrmaýar. Kämil çykan adam Ýaradanyň ähli ýaradan zatlary bilen sazlaşykda ýaşaýar, onuň ruham, bedenem Ýaradanyň beýik dünýäsi bilen sazlaşykda. Kämil çykan derwüş Allanyň ýaradan zatlarynyň aňyrsynda absolýut hakykatyň bardygyny bütin süňňi bilen syzýar, duýýar. «Aýan bolmak hem gizlemek» adalgalary biri-biri bilen bagly, kämil derwüşlerde Hudaýy syzmak, duýmak ukyby kemala gelýär, adaty adamlarda bolsa ol ýok. Muny derwüşler Mežnunyň Leýlä aşyk bolup, akylyndan aýrylyp däliremek derejesine barşy bilen şeýle düşündirýärler. Mežnun Leýli gyzyň yşgyna düşüp akylyny ýitirip, çöle-beýewana çykyp gidýär. Mežnunyň garyndaşlary Leýliniň garyndaşlaryny yryp, Mežnun Leýlä gowuşaýmasa, görüşäýmese ymykly däliräp gitjekdigini aýdýarlar. Leýliniň hossarlary Mežnuna gyzy görkezmäge razy bolýarlar. Emma Mežnun gelip Leýliniň gapylyk eňsisini götereninden ýaňadan hakyky dälä öwrülýär. Derwüşler Hudaýa görmegi Leýli-Mežnun allegoriýasy bilen şeýle düşündirýärler. Bir gezek Şiwli — ol kämil çykan keramatly kişi — Hudaýa ençe ýyllap jemalyňy görkez diýip ýalbarýar. Perişdeler oňa gözli bolup, Hudaýyň gözelligini görmek, akylly bolup, Hudaýa akyl ýetirmegiň mümkin däldigini öwran-öwran aýdýarlar, emma Şiwli şol ýalbaryp ýatyr. Ahyry Hudaý arzylan keremli kişisine jemalyny görkezmäge razy bolýar. Hudaý özüniň ençeme perdesiniň bir gyrasyny çala açýar weli, Şiwliniň arkasyndaky keserip ýatan garly dag lowlap ýanyp başlaýar. Magtymguly Pyragynyň: «Şibli kimin bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?» diýen setirinde şol waka ýatlanylýar. Günleriň birinde keramatly sopy Şiwli öz dosty Jüneýidiň ýanyna gelýär. Jüneýidiň aýaly salyhatlylygy saklap, içki jaýa girjek bolýar. Emma Jüneýit: — Gerek däl, ol jaýa geçip oturma, Şiwli ýok — diýýär. Şiwli beýik akyldar Jüneýidiň öz beýik ahwalyna ýetikdigine begenip aglap başlaýar. Şondan soň Jüneýit: — Bar, içki jaýa geçäý, Şiwli geldi — diýip, aýalyna ýüzlenipdir. Biz ýokarda kämil çykan derwüşleriň başga dünýäde, başga ölçegde ýaşaýandygyny aýdypdyk. Şonuň üçinem derwüşleriň bir dana sözi bar: «Hudaý üçin bar bolanlar bendeler üçin ýokdur!» Indi ýokarky wakany yzarlap göreliň. Şiwli gelende Jüneýidiň aýaly içki jaýa geçjek bolýar, emma Jüneýit ony saklaýar, sebäbi kämil Şiwli kämil Jüneýidiň ýanyna geldi. Olaryň ikisem başga dünýäde ýaşap ýör. Haçanda Jüneýit Şiwli ýok diýeninde, Şiwli dostunyň beren bahasyna begenjinden aglaýar, sebäbi Jüneýit Şiwliniň hem özi ýaly başga dünýädedigini ykrar etdi ahyry! Şiwliniň öz belent mertebesini duýup aglamagy, şojagaz baha bozulmagy ony adamlaryň dünýäsine getirýär, ol bir pursat adaty adama öwrülýär, şonuň üçinem Jüneýit ikinji gezek aýalyna içki jaýa giräý diýýär. Derwüşleriň kämillige barýan ýolunda dürli-dürli usullary, ruhy maşklary bolýar. «Tejrid» we «Tewrid» Tejrid — bu daşky bölünişik. Tewrid — bolsa içki hylwat. Derwüşleriň bu dünýä bilen baglanyşykly arzuw-isleglerinden aýrylyp, bu dünýäde hem o dünýäde beriljek synaglardan ýüz öwürmek — tejriddir. Tewrid — hylwatda sežde edýän çagyň seždäňi artdyryp, onam Hudaýyň rehim-şepagaty, sahylygy üçin saňa berlen serpaýdyr ötmekdir. Söýgi derwüşçilik ýolunyň hamyrmaýasydyr, esasydyr, ganatydyr. Yşk — söýgi sopuçylygyň Ýolunda ýola düşen kişileri ugradyjy, ýol görkeziji çelgi bolup hyzmat edýär. Formasyna görä söýgi iki hili bolýar. Olaryň biri Adaty söýgi, ikinjisi, Aýratyn söýgi. Derwüşçilik ýolunda belli bir tapgyry geçmedik derwüş Adaty söýgi bilen Aýratyn söýgini bulaşdyrýar, ýagny herki zadyň daş görnüşine, formasyna aşyk bolýar, emma kämil çykan derwüşler herki zadyň düýp mazmunyna aşyk bolýar. Daş formasyna aşyk bolan adam öz hatasyny, ýalňyşyny logiki pikirlenme esasynda düzetjek bolup has gözgyny ýagdaýa düşüp biler. Adaty söýgi ýolunda kämil çykyp Aýratyn söýgä — yşka baryp bolýar. Bu barada derwüşçilikde bir tymsal bar. Bir kişi örän görmegeý zenany göreninden çyn aşyk bolýar. Ol zenana aşyklygyny bildirýär. Emma ol zenan «sen hakyky gözeli görmänsiň, meniň yzym bilen gyz uýam gelýär, sen ony görseň, şol dem meni unudyp, hakyky yşga sezewar borsuň» diýipdir. Aşyk kişi garaşýar, emma ony hak aşyk etjek gyz gelmeýär! Sopuçylyk ýolunda Aýratyn yşkdan — Hudaýa bolan yşkdan ýokarda hiç hili söýgi bolup bilmeýär. Serediň, sopular—derwüşler aslynda zahyd, terkidünýä, olary bu dünýäde ne baýlyk, ne beglik, ne owadan zenanlar gyzyklandyrýar. Olar diňe Hudaýa aşyk. Diňe Hudaýa aşyk bolan sopular bolsa Aýratyn söýgä duşan, ýagny kämil çykan sopulardyr. PAKYR — bu sözüň manysy garyp diýmegi aňladýar. Pakyr-pukara diýip biz garyp-gasara düşünýäris. Emma pakyr zahyt, terkidünýä bolman hem bilýändir. Baý kişi, beg kişem ömrüniň belli bir möwsümini pakyrlyga bagyş edip pakyr bolup bilýär. Pakyr bu dünýäniň baýlygynyň, gaýry jadylaýjy zadyna göwün ýüwürtmän süňňüni-sydkyny Allatagalanyň ýoluna bagyş eden adamdyr. Sufiý pakyrdan beýikdir. Pakyr sopuçylyk ýoluna düşmäge taýýar adamdyr. Pakyr — pakyr bolmagy isleýär, emma sufiý hiç zat islemeýär. Ynha, pakyrlyk bilen sopulygyň arasyndaky parh. Yslam dünýäsi pakyrlyga, derwüşlige, sopulyga uly hormat goýýar. XIX asyrda bir iňlis dindary Merkezi Aziýa gelýär. Ol Angliýanyň örän täsirli adamlarynyň tabşyrygy boýunça Buhara emirine ýesir düşen iki serkerdäni — Stoddardy we konollini gözläp gelýär. Özüňiz bilýäňiz, ol döwürlerde Günbatardan gelen gelmişekleriň nähili güne düşýänini. Emma iňlis dindary — keşişi Iozef Wolf özüni «hristian derwüşi» diýip atlandyrýar. Derwüşligiň hatyrasyna oňa hiç bir musulman, hiç bir emeldar azar bermändir. Derwüş — bu sufiý, sopy diýmekdir. Demirgazyk Afrikada arifdan (Akyl ýetirenden, akyldardan) gaty bir pes derejede durmaýan adamlara «derwüş» diýip hormat bilen ýüzlenýärler, çakdanaşa sylaýarlar. Emma sufiýlere — sopulara haýsydyr bir gizlin guramanyň agzasy hökmünde, pynhan dessurlary ýöredýän düpbozan adamlar hökmünde gyýa göz bilen seredýärler. Angliýada sufiýleri Muhammediň mistiki panteistik taglymatyna gulluk edýän adamlar hökmünde görýärler. Pakyrlary hindi fokusnikleri bilen bulaşdyrmaly däl. Pakyr — derwüşden, sufiýden pes derejede durýan, ýaňy Hakykatyň ýoluna düşen adamlar. Pakyr — adamyň baýlyk hem durmuş derejesini aňladýan söz däldir. Hatda patyşalaram pakyr bolup bilýändir. Sufizmiň adalgalaryny klassifikasiýa bölüp doly öwrenmek mümkin däl, sebäbi dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly musulmanlar ýaşaýar, musulmanlaryň ýaşaýan ýurtlarynda bolsa sufizm ýoluna düşen ýüz müňlerçe adamlar, olaryň ýüzlerçe akymy, müňlerçe mekdebi bar. Ýöne bir zady anyk aýdyp bolar: Derwüş — ýönekeý, mähir-mylakatly, Hakykatyň, Hakyň ýoluna wepaly adam. Pakyr — sadyklyk bilen tagat arkaly öz-özüni kämilleşdirmäge ymtylýan, ýola düşen adam. Sufiý — sopuçylyk ýoluna düşüp, ol Ýolda belli bir derejelere ýetip, üstünlik gazanan adam. Sufistik edebiýatda — sufiý, derwüş, pakyr sözleri örän az ulanylýar, olara «Akyl ýetiren — aryf, Aşyk, jahankeşde, yzarlaýjy ýaly atlar bilen atlandyrýarlar. Klark Şahabuddin Surhawerdi sufizmiň Surhawerdi bu mekdebi esaslandyran beýik pirdir. Onuň «Müridleriň adatlary» atly kitaby ähli sopuçylyk akymlarynyň arasynda hormatlanýan ylmy eser hasaplanýar. Ol 1167-nji ýylda aradan çykýar. Onuň köpsanly müridleri bolupdyr, olar dürli ýurtlara keşt edip öz taglymatlaryny ýaýradypdyrlar. Onuň iki sany müridi has belent derejelere ýetýär. Biri seýit Nureddin Balh şäherinden, Hindistanda Altamyş şanyň döwründe iň ýokary dini wezipäni eýeleýär. Ikinjisi — ildeşimiz Nejmeddin Kubra. Nejmeddin Kubra keramatly pir bolup, ömründe ençe-ençe gudratlary görkezýär. Onuň ady, abraýy şeýle bir beýik eken, hatda wagşyýana tatar-mongollaram oňa belent sarpa goýup ýörite ilçi ýollap «Tutuş neberesi bilen Köneürgenji taşlap gitmegi, öz penalarynda dini ýoluny dowam etmegi» ündeýärler. Emma Nejmeddin «Halkyň ýagşy gününde halk bilen bolup, halkyň ýaman gününde ony terk etmegiň şerigata-kowahada sygmajak zatdygyny aýdyp, Köneürgenji goraýjylaryň serdarlary bilen bile, halky duşmanlara garşy döwüşmäge çagyrýar. Emma Nejmeddin Kubra bu çakylygy kabul etmeýär. Özi hem esgerleriň biri bolup duşmana garşy söweşde şehit bolýar. Meger yslam dininiň taryhynda söweşe gatnaşyp, halky duşmana garşy ruhlandyran ýeke-täk pir Nejmeddin Kubra bolsun gerek! Nejmeddin Kubranyň duşmanlara garşy söweşde görkezen ýokary watançylygy, gahrymançylygy barada hem köp rowaýatlar biziň metbugatymyzda çap edildi. Surhawerdi mekdebiniň agzasy bolan, Surhawerdiniň bir müridi türk soltany Baýezidiň gyzy Nilufar hanyma öýlenipdir. Baýezidiň körekeni Şemseddin Huseýniň dört müň sany müridi bolýar. Nejmeddin Kubra beýik, kämil pirlige ýetişip, özüniň Kubrawylar ordenini — mekdebini döredýär. Kubrawylar mekdebini dowam etdiriji sufiýler Merkezi Aziýada, Owganystanda, Hindistanda, Pakystanda müňlerçedir. Gündogaryň beýik şahyry Sagdy Şirazy hem Surhawerdiniň mürididir. Hudaýa barýan ýollar we ýodalar Dinler — pygamberler tarapyndan açylan ylahy ýollardyr. Ybraýym pygamber ýahudylar dinini, Isa pygamber hristianlaryň dinini, Muhammet pygamber musulmanlaryň yslam dinini esaslandyran Hakyň resullarydyr. Her bir diniň Alla tarapyn iberilen keramatly kitaby, parzlary, däp-dessurlary bolýar. Haýsy dine uýsaň şol diniň parzlaryny hem berjaý etmeli. Emma hiç bir dine uýman özbaşdak ýoda-ýol agtarýan Hudaý gözleýjiler gadym zamanlarda hem bolupdyr, häzir hem bar. Sokrady alyp göreliň: ol gadymy Gresiýada ykrar edilen köphudaýlylyk dinine sygmandyr. Sokrat akyldar, ol öz akyl-paýhasy esasynda Hudaýa barýan ýodany, ýoly agtarýar. Şol zamanyň dindarlaram ony alaga-da Hudaýsyzlykda, käbir ylmy çeşmelerde bir Hudaýy ykrar edendigi üçin aýyplaýarlar, oňa ölüm jezasy berilýär. Bütindünýä meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoý belli bir ýaşa baranyndan soň hristian dinini inkär edip başlaýar. Tolstoý — dünýä meşhur ýazyjy, baý adam, özem graf, elbetde, ol Sokrat ýaly pukara däl, hristian dini oňa jeza bererden ejiz, şol sebäplem ony hristiançylykdan çykarýarlar. Hakykatda Tolstoýyň özi dinden çykýar, sebäbi näme? Sebäbi dünýäniň, adamzadyň döreýşini düşündirerden hristian dininiň taglymaty ýazyja ejiz, ýöntem görünýär. Ylym diniň hatalaryny açyp gidip otyr. Iki müň ýyl mundan ozalky dini garaýyşlar beýik ýazyjyny ruhy taýdan kanagatlandyrmaýar, ynandyrmaýar. Şeýle ýagdaýda dinler olar ýaly adamy dessine dinsizlikde, hudaýsyzlykda aýyplaýar, emma beýle bolmaly däl. Din dogma, ýöne adam parasady dogma däl! Sokradam, Tolstoýam Hudaýa bütin süňňi bilen ynanýar, emma olar dine şübheli seredip, täze din, täze ýol agtarýarlar! Häzir şeýle adamlar gaty köpelip gidip otyr. Birentek hristianlar yslam hakyky din bolaýmasyn diýip yslama uýsa, ýene bir topar adam buddizme geçýär.Olara dinini terk eden diýip bolar, emma hudaýsyz diýmek bolmaýar! Sufizm — diýmek ýoda-ýol diýmekdir! Geçmişiň sopulary yslam dininiň çäginde Hudaýa barýan hususy ýoluny agtarýarlar. Şol sebäpli olaryň köpüsi dinsizlik bile ylahylygyň arasynda öz ýodasyny gözläp sergezdan bolupdyrlar. Mansur Al Hallajy hudaýsyzlykda aýyplap jeza berýärler, onuň ähli poeziýasy bolsa Hudaý diýip gygyryp dur! Ymaduddin Nesiminiň hamyny soýýarlar, emma ol iň soňky demine çenli Hudaý diýip gygyryp dur! Hakyky sufistler sufizmi diniň maňzy, diniň esasy özeni hasaplaýarlar. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, sufistler bolsa Hudaýy agtaryp hudaýsyzlyga çenli baryp ýetýärler, Mansur Al Hallajy ýaly, Nesimi ýaly «Anal — Hak» — «Men Hudaý!» diýen töwekgel pikire çenli baryp ýetýärler. Hakyky dindarlar bilen sufistleriň arasynda elhenç gorp emele gelýär. Al Gazaly atly beýik akyldar, hakyky sopy şahyr şol gorpy aradan aýryp din bilen sufizmiň bütewi bir zatdygyny subut edýär. Din bilen sufizmi ýaraşdyrýar. Yslam dini çaýkanyp ýatan uç-gyraksyz, gözýetimsiz okean, sufistler bolsa şol okeanyň içindäki san-sajaksyz akymlardyr. Sufizm — düşünmesi, düşündirmesi gaty kyn ylym. Oňa içgin düşünmek üçin töweregimizdäki mysallara köp ýüzlenmeli bolarys. Ynha, köpçülik dine uýýar. Hudaýa bitýär. Bäş wagt namazyny okaýar, orazasyny tutýar, beýleki dini parzlaryny bitirýär. Olar mollalary diňläp başyny ýaýkap otyr. Emma başga hili adamlaram köp ahyry. Olar gije-gündiz okaýar, Gurhanam, Injilem, Zeburam, dünýäniň filosoflarynam okaýar. Pikirlenýän adam islendik zadyň köküne—damaryna ýetip, ýetilmedik beýikliklere akyl ýetirjek bolup synanýar. Ol adamlar bäş sany kitap okan molla-da, ahuna-da gaty bir pitiwa edip barmaýar, olar ýalňyşsa-da öz akyly bilen ýalňyşjak! Ynha, geçmişde şolar ýaly adamlar sufizmi döredýär, kämilleşdirýär, ylym derejesine göterýär. Musulmanlar sufizmiň Muhammet zamanynda dörändigini ykrar edýärler. Muhammet pygambere Alla tarapyn iki hili açyş berlipdir: birinjisi ylmy — safine, ýagny kitap ylmy. Ikinjisi, ylmy syna. Birinjisi tutuşlygyna Gurhanda beýanyny tapypdyr, Gurhan şonuň üçinem külli musulmanlar üçin mukaddes kitap. Ylmy syna — bolsa ýürek, kalp ylmy, oňa diňe haalatly adamlar baryp bilýär. Hudaýy agtaryp sopuçylyk ýoluna düşen adama salyh diýýärler, onuň ruhy ahwalatynyň ösüş prosesine bolsa Suluk diýilýär. Salyh diýmegiň manysy — syýahat etmek, keşt etmek diýmekdir. Salyh Hudaýy agtaryp ýola düşýär, onuň maksady Hudaýa barmak, Hudaý bilen birleşmek. Ýola düşen Salyha halypa gerek, ýolbelet gerek, mugallym gerek. Salyha ýolbeletlik etmekçi bolýan adam kämil çykyp öz tutan maksadyna ýeten adam bolmaly. Şeýle mugallymlara Mürşit ýa pir diýilýär. Ýola düşüp özüni Hudaýa bagyşlan Salyha bolsa sufizmde mürid diýilýär. Salyh — mürid — piriň ýolbaşçylygynda maaryfata tarap ugraýar. Maryfat — köne dilimizde magrypat — diýmek bolsa Ylahy ylym diýmekdir. Mürid öz piriniň ýolbaşçylygynda okap, öwrenip, tämizleniş proseslerini geçýär we kämilleşip magrypata — Hudaýa akyl ýetirmek ylmyna aralaşýar. Adam bilen Hudaýyň arasynda örän uly aradaşlyk ýatyr. Sufizm alymlary ol aralygy simwollar arkaly düşündirýärler, sebäbi Hudaý pylan ýerde diýip hiç kim aýdyp bilmeýär. Bir akyldardan sorapdyrlar: — Hudaýyň mesgen—mekany nirede? — diýip. Akyldar: — Hudaýyň ýok ýerem barmy? — diýip soraga sorag bilen jogap gaýtarýar. Al Gazaly şeýle mysal getirýär: «Hudaýyň ýetmiş müň sany şugladan hem tümlükden bolan nikaby bar. Eger ol nikabyny aýyraýsa nazary düşen adamy öldürer!» Hudaýyň her nikabynyň iç ýüzi şugladan, daş ýüzi tümlükden ybarat. Hudaýyň huzuryna ugran sopy ýedi duralgadan, makamdan geçmeli. Ýoluň makamlary (menzilleri) Alym kişiler «Jahanda näçe adam bar bolsa, Hudaýa barylýan şonça ýol-ýoda bar» diýipdirler. Hudaýa barylýan ýol köp. Magtymguly atamyz hem «Şehitler gyrmyzy ganyny saçyp Hakyň dergähine barsa, jomartlar aş-nanyn saçyp baradyr» diýip ýazýar. Sopuçylyk ylmynyň çeşmelerine laýyklykda Hudaýa barýan ýoluň ýedi makamy bar. Olar ynha şeýle: 1. Ubudiýýat — türkmen dilinde — ybadat. Sufizm ýoluna düşmäge ymtylýan adam, uzak hem nämälim syýahata ugran mürid ybadat arkaly özüniň ruhuny, kalbyny tämizlemeli. Ol toba gelmeli, bilip, bilmän eden işleri üçin gije-gündiz toba etmeli. Ol diniň ähli kada-kanunlaryny, düzgünlerini berk ýerine ýetirip, özüni Hudaýyň ýoluna bagyş etmek üçin gije-gündiz ybadat etmeli. Ybadat piriň görkezmesi bilen, müridiň islegi boýunça berjaý edilmeli. 2. Yşk. Ýola düşen adam özüni Allanyň yşkyna bagyş etmeli, diňe Allany söýmeli! Dünýäniň, ýaşaýşyň, adamyň özi söýgüden ybarat! Adam ene-atasyny, dogan-garyndaşyny, ilini-ýurduny, özüni, ogul-gyzyny söýýär. Baýlyga söýgi, zenana söýgi, wezipä söýgi, dünýä söýgi, garaz, adam dünýäniň ähli zady bilen söýgi arkaly baglanyşýar. Sopulyk ýoluna düşseň, Hudaýa bolan Söýgiň — Yşgyň ähli söýgiňden rüstem gelmeli. Söýgi seniň endikleriňi, gije-gündiz zikir etmeli. Bu ýola düşen adama ikirjiňlenmek, haýal-ýagallyk etmek bolmaýar. Onuň ýüreginde arzuw-isleglere, etsem-petsemlere orun bolmaly däl. Garyplyk — ýola düşen adamyň baýlygy bolmaly. Gündogaryň meşhur sufisti Faruddidin Attaryň uly, baý dükany bar eken, dükan oňa kakasyndan miras galypdyr. Günleriň bir güni Attar dükanynda otyrka bir sufist gelip, onuň baý dükanyndaky harytlary synlap, zol başyny ýaýkap durupdyr. Attaryň ol derwüşe gahary gelip: — Git! — diýipdir. Derwüş: — Men giderin, meniň ýekeje köýnegim bar, emma sen munça goş-golamyň, baýlygyň bilen nädip giderkäň? — diýipdir. Rowaýat edişlerine görä, Attar şondan soň toba gelip, ähli baýlygyndan geçip, derwüşlige baş goşupdyr diýýärler. Sufizm ýoluna düşen adamyň baýlygy — onuň garyplygydyr. Al Sarraj şeýle ýazýar: «Garyp adamlar Hudaýyň ýaradan baýlarynyň arasynda iň baýlarydyr, sebäbi olar baýlygy berip duran Ýaradanyň hakyna, baýlygyndan halas bolan adamlardyr». 3. Zuhd — öz meýliňe ählisinden geçmekdir. Ýola düşen adamlar Hudaýyň Söýgüsiniň, Yşgynyň täsiri bilen kalbyndan, ýüreginden dünýäniň ähli arzuw-isleglerini kowup çykarýar. Zuhduň birinji stadiýasy Ýola düşen adamyň — derwüşiň öňündäki ilkinji stadiýadyr. Sufist ylahy mistiki Ýola girmezden ozal ýüregini, kalbyny bu dünýä bilen baglanyşdyryp duran ähli zatlardan arassalaýar. Ony sufist alymlar «Ýalynyň öz tüssesinden saplanyşy ýaly saplanyp, tämizlenip Hudaýyň ýoluna düşmek» diýip ýazýarlar. Zuhduň soňky stadiýasynda ýola düşen adam Hudaýdan başga ähli zatdan saplanmalydyr, ol bolsa diňe saýlanan adamlara başardýar. 4. Maaryfat — magrypat. Maaryfat — ylym, yrfanlyk, aryflyk arkaly Hudaýyň Tebigaty, Hil — häsiýeti, Hereketi hakynda oýlanmak, akyl ýetirmekdir. Beýik sufist Al Hujwiri Hudaýa akyl ýetirmegiň iki görnüşi bar: biri ylym arkaly, ikinjisi duýgular arkaly, ýagny haaly» diýip ýazýar. Meşhur Ibn Sina bilen Mäne babanyň duşuşygyny ýada salyň. Lukman hekim bilen Mäne baba bir jaýdan çykman üç gije-gündiz gürrüňleşýärler. Soňra Mäne babadan Lukman hekimiň ylym derejesini soranlarynda, ol: — Lukman hekim meniň gözümiň ýetip duran ýerlerine ylymy bilen barypdyr — diýse, Lukmandan Mäne babanyň ylmy derejesi barada soranlarynda: — Ol meniň ylym bilen baran ýerlerime oturan ýerinden göz ýetirip dur — diýipdir. Diýmek, Hudaýa ylym, akyl-paýhas bilenem golaýlap bolýar, duýgulardyr haalat bilenem. Allatagala aýdypdyr: «Men geniýleri hem adamzady diňe maňa gulluk etsin» diýip ýaratdym, ýagny maňa akyl ýetirsinler» diýip ýaratdym ahyry» (Gurhan 51:56). Eger Hudaý bolmadyk bolsa adamzat bimaksat ýaşardy. Külli adamzat dürli eýýamlardan, uruş-gowgalardan, dürli zamanlaryň akyl-parasadyndan geçip, kämilleşip, tämizlenip beýik Maksada — Hudaýa tarap barýar! 5. Wejd — bu dünýäde ýeke-täk hakykata — Hudaýyň Haklygyna ekstaz arkaly barmakdyr. Siz öz ýanyňyzdan oturyp-turup oýlanyp görüň: Allatagalanyň ýaradan tükeniksiz älemlerini, jümle-jahany, owadan dünýädäki gözellikleri akyl-paýhas eleginden geçirseňiz — dünýäniň, älemleriň manysyna akyl ýetirersiňiz. Älemleriň, jümle-jahanyň ähli gözelliklerem, dal-daragtlaram, ot-çöplerem, daglary-derýalaram iň ahyrynda Adama gulluk edýär ahyry. Adam hem parasady arkaly Hudaýa gulluk edýär. Diýmek, dünýäniň düýp ýaradylyşynda bir bütewülik bar. Wejd stadiýasyna baran sufistler — derwüşler zikir bilen köp meşgullanýarlar. Zikir dartylyp, ekstaza baryp olar bir pursat Hudaý bilen birleşýärler. Professor Nikolson «Bütin sufizmiň pikiriçe, Adam öz barlyk indiwidini ekstaz arkaly ýitirip, Uniwersal barlyk bilen duşuşýar. Bu dini dilde Hudaý bilen baglanyşmagyň, aragatnaşyk saklamagyň ýeke-täk usulydyr, diňe ekstaz arkaly Adam Hudaý bilen birleşip bilýär» diýip ýazýar. 6. Hakykat. Hakykat — bu barlyk, hakyky barlyk. Bu ýagdaýa baran sufist — derwüş ruhy, kalby arkaly Hudaýyň tebigatyndan röwşenlenýär. Hudaýyň hakyky tebigatyna akyl ýetiren derwüşler Hudaýa garaşly bolan Tawakgul — türkmençe Töwekgel bilen meşgullanyp ruhy maşklary ýerine ýetirýärler. Al Gazaly Tawhit bilen Töwekgel biri-biri bilen aýrylyşmasyz baglanyşykdadygyny ýazýar. Hudaý bilen birleşip boljagynyň ikilenji sebäbine şirk diýip at berýärler. Al Gazaly özüniň pikiriniň dogrulygyny Gurhany sitirlemek arkaly düşündirýär. Hudaý olara ak ýol açýar, olaryň gämisi sag-salamat kenara barýar, olar bu haalaty ugurdaş ýeliň bolmagy diýip düşünýärler, emma hakyky dini ynanç ýeliň kimiň erkindedigine, ýele höküm edip oturanyň bardygyna ynanmakdyr. Al Gazaly «Bilip goý, töwekgel imanyň bir kysmy, ynanjyň bir kysmy, iman bolsa ylymdan, Haaldan, hem olary amalyýetde ulanylýan Amaldan ybarat — üçüsem jemlenende tawakgul, ýagny töwekgel bolýar. Şeýlelikde, Al Gazaly Tawakkul bilen tawhidiň bir zatdygyny düşündirýär. 7. Waşl. Waşl — diýmek mistik dindaryň Hudaý bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp birleşmesi diýmekdir. Bu stadiýa iň soňky amalyň, ýagny fana we bakanyň (pany hem bakynyň) öň ýanynda eräp, Hudaýyň barlygyna garylyp gitmekdir. «Waşl — bu Hudaýyň kararlaryndan ýüregiň kanagat tapmasydyr. Hudaý näme islese, şonam saýlaýar» diýen paýhasa bütinleý berilmekdir. Kanagatlanmanyň hem iki tarapy bolýar; Adam oglunyň Hudaýdan kanagatlanmasy, Hudaýyň Adam oglundan kanagatlanmasy. Meşhur sufist Abu Seýit Mäne baba: «Sopy derwüş Hudaý näme etse-de, şondan kanagat tapýan Adam ýa-da şol sopy Adam näme etse-de, Hudaý ondan kanagat tapýar» diýip ýazýar. Sufistik syýahatyň ähmiýeti Derwüşiň aşaky stadiýadan ýokarky stadiýalara — Adamyň Hudaýyň älemine geçiş stadiýalary bolsa, tersine Hudaýyň Adama geçiş stadiýalaryny hem aňladýar. Ýokarky ylahy stadiýadan aşaky stadiýalara geçiş syýahatyna Safar al Hakk diýilýär, aşaky stadiýalardan ýokarky stadiýalara Safar al Abd diýilýär. Derwüşçiligiň bu ýolunda dört sany esasy ýagdaý — haalat bolýar. Ynsan ýüregi dürli stadiýalarda kämilleşip, tämizlenip şol haalyň dördüsindenem geçýär. 1. Nasut — ynsançylyk. Bu her bir adamyň tebigy ýagdaýy, munda mürid şerigatyň ähli kada-kanunlaryny hökman berjaý edäýmelidir. 2. Malakut — perişdeleriň tebigaty. Sapara ugran derwüşler ruhy zyýaratyň ýodasynda tarikata düşýärler. 3. Jabarut — maarywfaty bar bolan hökmürowanlyga eýe bolmak. 4. Lahut — Ylahy hala geçip Hudaýyň tebigatyna garylyp, hakykata barmak. Sufistleriň üç beýik sapary Derwüşleriň birnäçesini sopuçylyk ýolunyň üç syýahaty, üç sapary şulardan ybaratdygyny kesgitleýärler. 1. Saýyr ilallah — Hudaýa sapar, Hudaýa syýahat. Ýola düşen derwüş Ýaradylan Dünýäden Hökmürowanlyk — Häkimlik dünýäsine sapar edýär. Derwüş saparynda Wahidiýat we Wahdat stadiýalaryndan, ýagny ylahy keremiň soňky iki stadiýasyndan geçýär. Bu syýahat — sapar Muhammediň Hakykatynda tamamlanýar. 2. Saýyr Fillah — «Hudaýda sapar etmek». Munda ýola düşen derwüş Hudaýyň Barlygy bilen, Hudaýyň tebigaty bilen garylýar. Muňa Ahdiýat stadiýasy diýilýär. Ynha, şu stadiýa baran Mansur al Hallajy «Anal — Hak» diýip gygyrýar. Mansuryň goşgusy: Men — ol, meniň söýýänim. Ol men, (Hudaý — men). Biz bir bedeniň iki ruhy. Eger sen meni görýän bolsaň, Hudaýy görýänsiň, Eger Hudaýy görýän bolsaň, Meni görýänsiň. 3. Saýyr ani illah. — «Hudaýdan sapara gaýtmak». «Sufist — derwüşiň Hudaýyň atributlaryny, kerem-keramatyny edinip, ýaňadan yza Ýaradylan dünýä gaýdyp gelmesidir. Derwüşler pany dünýäde özüniň indiwidini Hudaýyň dünýäsine barmak üçin ýok edip, Hudaý bilen garylyp, baka ýetýär, ýagny baky ýaşaýşa. Nebis hem ruh Derwüşler ruh bilen nebsi başga-başga zatlar diýip düşünýärler. Aslynda nebis diýmek ruhuň islegi, arzuwy diýmekdir. Nebis — adamdaky nejis başlangyçdyr, nebis arzuw-islegiň, hyjuwyň, azgynçylygyň öýjügi bolup adamy adamçylykdan çykarýar. Sopular kämillik ýolunda nebsini öldürýärler. Emma pikir edip görüň: adam arzuw-islegden, hyjuwdan, hyruçdan, gaýry duýgulardan ybarat ahyry. Olary öz kalbynda öldüren kişi hakyky derwüşiň ýoluna düşüp bilýär. Nebsi öldürmegiň hem öz ýollary bar: agyz beklemek, dymyp oturmak, ýalňyzlyk… Bu usullaryň maksady «özüňde ölmekdir». Sopular oňa aşaky barlyk diýýärler. Nebis aşaky barlyk, emma ony doly ýok edäýmek başardýan işem däldir, şol sebäpli ilki nebisiň hapa, haram, nejis zatlaryndan halas bolmaly. Ine şondan soň özüňde özüňi öldüriş prosesi başlanýar. Beýle ölümiň üç görnüşi, üç usuly bar. 1. Al-Mawt al-Abiýat — «ak ölüm». «Ak ölüm» iýmekden-içmekden saklanmaga endik etmek. Açlykdan ýaňa ölüp barýan bolsaň-da, iýmite göwnüňi bermän polat erk edinmeli. Nebisi tagam isleglerden halas etmeli. Tagam islegleri şeýle jadyly zat aç adam çörek tapsa, bal edip iýýär. Aç adamyň çöregi bolsa, ol hökman nahar isleýär. Eger hemişe onuň nahar iýmäge ýagdaýy bar bolsa, ol onsoň naharlaryň iň gowusyny iýmäge höwes edýär. Şeýdip, adam tagamlaryň pidasy bolýar. Hakyky derwüş bolsa tagamy islegini özünde ýok edýär. Ine, şol derwüşlere ak ölümde ýaşap ýören derwüşler diýilýär. 2. Al Mawt al-Aždar — «ýaşyl ölüm». Bu meýletin garyplyk halda köne-küşül jindelere kanagat etmekdir. Gowy geýim-gejimleri terk edip ýama-ýama jindä-jula giren adama «ýaşyl ölümdäki» adam diýilýär. 3. Al Mawt al-ashad — «gara ölüm». Bu ähli bedibagtlygy meýletin kabul etmekdir. Adamlar özi barada näme gürrüň edýärler? — Oňa gulak gabartmazlykdyr. Ynha, şeýle ýagdaýlary öz keýpine kabul edip, şondan kanagat tapan derwüşleri nebsini arassalap bilerler. Bu nebsiň nejis häsiýetlerini öldürmek prosesidir. Derwüş özüniň ýeten kämillik hem nebis päkligi esasynda aşakdaky basgançaklar arkaly hakyky kämillige baryp bilerler. 1. Nebis-Ammara — harap ruh. 2. Nebis-Lawwama — saýgarýan ruh. 3. Nebisi-Mulhama — ylhamlanan ruh. 4. Nebisi-Mutmaýyna — asuda ruh. 5. Nebisi-radiýa — kanagatly ruh. 6. Nebisi-Mardiýa — kanagat beriji ruh. 7. Nebisi-Safiýa wa kamila — sapaly hem kämil çykan ruh. Pir, şeýh, mürşit «Görogly» eposyny ýadyňyza salyň: Aşyk Aýdyň piriň üç ýüz altmyş sopusy bardyr. Derwüşçilik — sufistik ýola düşjek okuwçy — mürit özüne mugallym tutup bilmeýär. Mugallymyň özi okuwçyny müridi saýlaýar. Sufizmde maksada barýan ýoly ýolbaşçysyz özbaşdak geçmek bolýan däldir. Müridi — okuwçyny Hudaýa barýan sapar—syýahatda hökman Şeýh, pir ýa Mürşid alyp gitmelidir. Şeýh, pir — diýmek — ulug diýmek, Mürşid bolsa ýolbaşçy, lider diýmekdir. Mürid gepsiz-gürrüňsiz öz pirine uýmalydyr. Pir hatda şerigata — kowahada sygmaýan ters zady aýtsa-da, okuwçy — mürid hökman onuň aýdanyny edäýmelidir. Pir namazlygyňa çakyr-şerap dök diýse-de, mürid boýun towlaman piriniň aýdanyny hökman ýerine ýetirmelidir. Her bir mürid — pirine Muhammet pygambere uýan ýaly köre-körlük bilen uýmalydyr. Kim pirsiz sapar-syýahata ugrasa, ony alyp barýan Şeýtandyr diýilýär. Pirsiz, şeýhsiz ýola düşeni bagbansyz bag bilen deňeşdirýärler. Bagbany bolmadyk bag turşy, kiçijek, ýabany miwe getirer ýa onam getirmez! Pir özüniň ruhy energiýasyny tawaýuh arkaly müridine geçirýär. Pir haýsydyr bir müridine özüniň energiýasyny geçirjek bolsa, ony ýanynda oturdýar. Olar konsentrasiýa arkaly ýüregini ýürege, pikirini pikire çatýar. Tawaýuh, esasan, zikirden soň edilýär. Biz geçmişden bilýäris. Pirlige ýetişen adamlar keramatly, gudratly bolýar. Güýçli pirler diňe nazary bilen hem müdirine öz ruhy energiýasyny geçirip bilýär. Nejmeddin Kubra barada ummasyz rowaýat köp. Şol rowaýatlaryň birinde pir Nejmeddin Kubra özüniň pirlik nazaryny ite salýar weli, it öz itlik tebigatyny ýitirip ynsan tebigatyna eýe bolýar. Hut şu hili görnüşde pir öz müridine ruhy energiýasyny, keramatyny geçirýär. Pir zikir arkaly, gipnoz arkaly müridini müridiň içinde öldürip, oňa täze hil berýär. Piriň ylahy dünýäde Hudaýyň tebigatyna garylyşy ýaly, mürid piriň tebigatyna garylýar. Şondan soň pir müridiň tarikany esaslandyryjy pire ýykýar. Şeýlelikde müridiň Pire garylmagy bolup geçýär. Mundan beýläk ol Piriň bir bölegine, Pirem Müridiň bir bölegine öwrülýär. Şu stadiýadan soň mürid dünýäniň her bir zadynda öz pirini görýär. Mürid mydama aňynda, ruhunda pirini görýär. Ol piriniň dünýäsine garylýar. Üçünji stadiýada pir ony pygambere eltýär, pygamberiň ruhuny aralaşdyrýar. Şondan soň mürid dünýäniň her bir zadynda pygamberi görüp başlaýar. Bu halata Pygambere garylmak diýip at berýärler. Şondan soň mürid sapar-syýahatyň beýleki stadiýalaryna ýol salýar. Sopuçylyga özüňi bagyş etmegiň usullary Sufiý özüniň sapar-syýahatynda belli bir bagyş etmek amalyny başdan geçirýär. Özüňi bagyş etmegiň umumy häsiýetleri şulardan ybarat: 1. Namaz-namaz okamak, sežde etmek. 2. Tilawat — Gurhany okap ruhuňa, aňyna siňdirmek. 3. Awrad — belli dogalaryň toparyny köp gaýtalamak. Ýörite amallar aşakdakylar: 1. Mujahada — özüňde özüňi ýok etmek, öldürmek. 2. Zikir — ýörite dem alyş usullary bilen Hudaýy ýatlap zikir dartmak. 3. Murakaba — aňyň aýylmagy. Özüňi bagyş etmegiň umumy amallary Namaz ýa salat — yslamyň parzlarynyň biridir. Her kişi namaz okamak üçin tehäret kylýar. Sebäbi namaz okamak — Hudaý bilen gürleşmek üçin adamyň beden päkizeligi gerek, şonuň üçinem tähäret kylynýar. Edil şonuň ýaly-da adamyň ruhy tämizligem gerek. Adam bedenini ýuwup tämizleýşi ýaly, namazyň öň ýany ruhuny hem tämizlemelidir. Emma pikir, hyýal adamyň erkini şeýle bir alandyr, kimde bolsa bolsun, parhy ýok, ýekeje minut pikirleriň başyndan, hyýallaryňy gursagyňdan kowjak bol — başartmaz! Gaýtyp, arynyň öýjügini gorjalan ýaly pikirler süri-süri bolup üstüne çozar. Namazdan öň, namaz wagtynda pikir-zikiriňi Hudaýa jemlemek, Hudaýa gönükdirmek, örän kyn işdir. Özi namaz okap oturandyr, ýöne kellesi başga ýerdedir. Meşhur sufiý Al Hujwiri: «Adamyň içki-daşky tämizlenişi biri-birine bap gelmelidir. Adam elini ýuwup durka, elini päkläp durka, ol ýüregini hem dünýäniň derdi-aladasyndan saplamalydyr, ol agzyny suw bilen çaýkap, dahanyny ýuwýarka, aňyndaky Hudaýdan gaýry zatlary hem ýok edip taşlamalydyr. Ol ýüzüni ýuwup, bu dünýäniň özüne tanyş, özüne ýakymly zatlaryndan sowup, ýüzüni diňe Allatagala tarap öwürmelidir. Ol kellesini ýuwup-süpürýärkä, başyny durşuna Hudaýa bagyş etmelidir, aýaklaryny ýuwýarka, ol Hudaýyň erkine gabat gelmeýän zatlardan daş durmalydyr» diýip ýazýar. Bir pir şeýle ýazypdyr: «Namaz okamazdan ozal dört zady ýok etmek gerek: aşaky ruhy — nebsi ýok etmeli, tebigy güýjüňi ýitirmeli, ýüregiň çuňluklaryny päklemeli, akylyň aýylmagyny gazanmaly». Al Hujwiri aşaky ruhy — nebsi pikirleriňi diňe Hudaýda jemläp öldürmeli, tebigy güýçleriňi ýitirip, Hudaýyň beýikliginden ylahy güýje galmaly, ýüregiňi Hudaýa bolan yşkdan dolduryp, Hudaýdan gaýry ähli zady unutmaly, diňe yhlas, söýgi arkaly akylyň aýylmagyny gazanmaly» diýip ýol görkezýär. Al Gazaly bolsa: «Ýüzüňizi Mekgä öwüreniňizde pany dünýäniň ähli zadyndan geçip, ýüzüňizi diňe Hudaýa öwürmelidir…» diýýär. Bu ýönekeý dindarlar üçin ýörite kadadyr. Emma sopular — derwüşler kadadan çykyp, namazyň ruhuna berlip, namaz okap otyrka başgabyny hem ýere bulap urýarlar, ol derwüşleriň Hudaýyň ýolunda baş goýýandygyny aňladýar. Namazdan soň derwüşler salat hem edýär. Ýaşajyk Mäne babanyň gije öýünden çykyp, guýa başaşak özüni sallap doga okaýşyny ýadyňyza düşüriň. Derwüşler adatda gijeler guýudan başaşak sallanyp, ähli ünsüni, pikir-zikrini Hudaýa jemläp, haldan gidýänçä doga okaýarlar. Bu hem derwüşlikde bir kada. Tilawat — ýa-da Gurhany labyzly okamak. Tilawatda sufiý hem ortodoksal musulman ýaly, hut Hudaýyň sözlerini gaýtalaýanyna ynanýar. Şol pursat hem ol öz Aşygynyň — Hudaýyň sözlerini — jogabyny ýüregi bilen eşidýär. Derwüşler Allanyň sözüne, özüne aşyk bolup, labyz bilen Gurhan okap oturşyna ekstaza-da girip bilýärler. Derwüşleriň köp mekdeplerinde ekstaza barmak üçin Gurhan okalanda saz goýulmaýar, saz goýýan, ýagny sazyň astynda okamaga rugsat berýän derwüşler mekdebem bar. Derwüşleriň Çişti mekdebiniň meşhur bir derwüşi Gurhan okap otyrka, Hudaýyň jeza howpy barada okanynda öz gursagyna şeýle bir güýç bilen urup, özünden gidip köp mahal bihuş ýatar eken. Huşuna gelip ýaňadan Gurhan okap barýarka Hudaýyň rehim-şepagat bilen ýalkaýan ýerine baranynda begenjinden hoş bolup Haýrat halyna, ýagny ekstaza barýar eken. Çiştiler mekdebiniň başga bir meşhur derwüşi Baba Farid: «Tilawat — özüňi Alla bagyş etmegiň iň gowy formasydyr. Gurhan okamak — bu Hudaý bilen gürrüň etmekdir. Hudaý her günde özüni gözleýäniň ýüregine ýüzlenip: «Eger sen meni gözleýän bolsaň, gaýry dini çäreleriňi, serişdeleriňi, edim-gylymlaryňy goý-da, diňe Gurhan oka» diýermiş. Nyzameddin Delili bolsa: «Gurhan okamak iki hili eşret berýändir. Birinjisi, seniň gözleriňi bu dünýäniň günälerinden gorap, kereme duçar etse, ikinjisi, Gurhan okaýana müň ýylyň mynasyp mertebesi berler» diýipdir. Awrad — (ýekelik sanynda wird — gönükme, tejribe, tabşyryk) bu belli bir dogalary sesli okamak kadasydyr. Birnäçe dogalar toplumyny — awrady her günde sesli okamak sapar-syýahata çykan derwüşe Hudaýa golaýlamaga mümkinçilik berýär. Derwüşleriň arasynda iň meşhury — durud awradydyr. Bu dogalar toplumy gönüden-göni Muhammet pygambere ýüzlenilýär. Mundan başga-da dogaýy masura meşhur awraddyr. Bu dogalar toplumyny okaýanlar Allatagalanyň togsan dokuz, Muhammet pygamberiň togsan dokuz adyny yzygider gaýtalaýarlar. Olaryň yzyndan sufizm mekdepleriniň keramatlylarynyň ady hem sanalyp geçilýär. Dogalaryň arasynda: 1. Tesbyh — tesbi sanap, her sapar: «Subhan Allah — keramat Alladan»; 2. Tahmit — Alhamdulillag (Hudaýa şöhrat); 3. Tekbir — Allahu ekber (Allah beýikdir!) — diýip ýüzlenilýär… Özüňi bagyş etmegiň ýörite amallary Mujahada — özüňde özüňi öldürmek diýmekdir. Mujahad — jahad (ymtylyş) sözünden dörändir. Ondanam jihad sözi, ýagny gäwürlere garşy göreş manysyny berýän söz döräpdir. Jihad — mujahad bilen manydaş, sinonim söz. Gurhanda «Kim biziň üçin yhlasly söweşýän bolsa, biz ony öz ýolumyz bilen äkideris» diýen jümle bar. Mujahad diýmek keramatly söweşe gatnaşýan diýmegi aňladýar. Muhammet pygamber «Mujahad — gäwürlere garşy keramatly söweşe gatnaşýan kişidir, ol şeýle-de Hudaýyň ady bilen özüne garşy söweşýän kişidir» diýýär. Muhammet pygamber Bedir urşundan soň «Biz kiçi uruşdan «jihaddan» «jihad al asghar» gaýdyp geldik, indi uly urşa başlamagymyz gerek» diýipdir. Sahabalar onuň manysyna düşünmändirler, şonda pygamberimiz «Ol biziň öz-özümiz bilen, öz nebsimiz bilen uruşymyz (Mujahad an-nafs) Adamyň bütin ömri öz-özi bilen söweşden, ýeňişden hem ýeňlişlerden ybaratdyr. ZIKIR — ýatlamak. Zikir Hudaýa tagat kylnanda belli bir dem alyş maşklary, dem alşa gözegçilik arkaly ýerine ýetirilýär. Zikiri amala aşyrmagyň örän köp usullary hem görnüşleri bar. I. Zikri jaly. 1. 1. Tagat kylýan kişi adaty oturşynda oturyp, «Allah» sözüni gygyryp aýdýar, şonda ol ilki çep gursagyndan, soňra sesini bokurdakdan goýberýär. 1. 2. Tagat kylýan kişi «Allah» sözüni has gygyryp gaty aýdýar, şonda ol ilki sag dyzçanagyna daýanyp, soňra çep dyzçanagyna daýanyp gygyrýar. 1. 3. Aýbogdaşyny gurup ilki sag, soňra sol dyzçanagyna elini goýup «Allah» sözüni has çasly aýdýar. 1. 4. Ozalky ýagdaýda oturyp ilki penjesini sol, soňra sag aýagynyň dyzçanagyna goýup «Allah» sözüni has gaty gygyryp gaýtalaýar, soňra sag, soňra sol dyzçanagyna penjesini goýup, gitdigiçe gaty gygyryp aýdýar. 1. 5. Tagat kylýan kişi kybla, Mekgä bakyp gözlerini ýumýar, demi göbeginiň ýanyndan alyp La sözüni soluna garap, soňra «ilaha» sözüni hamana beýnisinden alýan ýaly edip aýdýar, ahyrynda ol soluna bakyp «Allalah» diýip güýçli depgin bilen aýdýar. «La — iläha i illalah» sözleri böwrüňden, göbegiň ýanyndan gaýdýan demiň bilen, beýniňden gaýdýan yhlasyň bilen zarply aýdylýar. Zikiri yhlasyňa görä gaýtalabermeli. Olar zikiri bir darbi, zikri iki darbi, zikri üç darbi diýen tertipde atlandyrylýar. II. Zikri Hafi. 2. 1. Tagat kylýan kişi gözlerini ýumup, agzyny ýumubrak «ýüreginiň dili bilen Allasamiun, (Hudaý eşidýär), Allahu bazirun (Hudaý görýär), Allahu alimun (Hudaýa aýan) diýip gaýtalaýar. Şonda birinji jümle göbegiň ýanyndan alýan demiň bilen gursagyňa, ikinji jümle gursagyňdan alýan demiň bilen beýniňe gönükdirip, üçünji jümle beýniňden asmana gönükdirilip aýdylýar. Soňra bu jümleler başdan aýaga, aýakdan başa gaýtalanylýar. 2. 2. Şondan soň pessaý äheňde sag dyzyňa gol urup, soňra sol dyzyňa gol urup «Allah!» diýilýär. 2. 3. Her gezek dem alanyňda la-ilaha, her demiňi goýbereniňde — illal-lah diýilýär. III. Sultan al adhar — zikirleriň zikiri. Zikirleriň zikiri möwsümleýin, belli bir maksat üçin ýerine ýetirilýär. Şonda tagat kylýan ünsüni, dykgatyny bir ýere jemläp, göwresini dürli lataifde — görnüşde saklap ýokarky zikirleri yzly-yzyna gaýtalaýar. Zikirleriň zikirini ýerine ýetirjek bolaňda öňünden kän toba etmeli, pir zikire ýolbaşçylyk etse, hasam gowy bolýar. Şonda Hudaýyň ady beýniňde işjeň halda janlanýar. IV. Hebs we dem — demiňi saklamak arkaly zikir. Bu zikir ýerine ýetirilende tagat kylyjy demini saklap, diniň simwoly bolan La-ilaha-illa-llah (Alladan başga Hudaý ýokdur) diýip gaýtalabermeli. Näçe köp gaýtalap bilseň, şonça-da gowy. Tagat kylýan bu zikire werziş bolsa bir demde La-illaha illallahy müňlerçe gezek gaýtalap bilýär. V. Pas we anfas — dem alman zikir etmek. Bu maşk ýerine ýetirilende tagat kylýan kişi özüniň sol gursagyndaky gürsüldäp urup duran ýüregini göz öňünde getirýär, onuň ýüregine arap hatynda Allah sözi oýulyp ýazylypdyr, ol ýazgy onuň ýüreginde nur saçyp dur. Ol dem alanda Allah, demini goýberende Hu diýip gygyrýar. Maşk ediji endik edensoň her bir hereketini Allah hem Hu sözleri bilen gaýtalaýar. VI. Mahmuda we nasira. Bu zikir ýerine ýetirilende iki gözüň göreji hem burnuň ujuna dikilmeli, ikinjide nazarlaryň beýniňe dikilmeli. VII. Nafi athbat — ret etmek hem tassyklamak. Tagat kylýan kişi Mekgä bakyp oturýar. Ol her dem alanda göbeginiň ýanyndan dem alyp La-ilaha diýen sözleri aýdyp, soňam sagyna çalt öwrülýär. Soňra ol başyny soluna — ýüregine tarap çalt öwrüp, illa-llah diýen sözleri kessir aýdýar. La-illaha — illal-lah sözi şeýle kessir hem çalt hereketler bilen aýdylýar. Murakaba /syn etmek — bu adalga oýa batyp, akyl ýetirmek manysyny aňladýar. Ol şeýle ýerine ýetirilýär: Tagat kylýan kişi gün ýaşyp barýan çagy şu sözleri ýürekden gaýtalaýar: Allahu hadiri (Hudaýym meniň bilen), Allahu naziri (Hudaýym meni görüp dur), Allahu şahidi (Allahym maňa şaýatdyr), Allahu maý (Hudaýym meniň ýanymdadyr) diýip gaýtalaýar. Şondan soň ol Gurhandan süre okaýar. Köpçülik bolup zikir dartmagyň usullary, görnüşleri Biz ýokarda sufizmiň köp mekdepleriniň, akymlarynyň bardygyny aýdypdyk. Her sopuçylyk akymynyň, mekdebiniň öz ýollary, ýol goýan läheň pirleri bolýar. Köpçülik bolup derwüşler Allatagala yktykadyny, ygraryny, yşk-söýgüsini beýan edýärler. Zikir dartmak arkaly kesellileri, ruhy ýarawsyzlary, ýagny akyly üýtgänleri hem bejerýärler. Derwüşler anna agşamyny has keramatly hasaplaýarlar. Şol sebäplem, köplenç, anna agşamy zikir dartýarlar. Ullakan jaý. Körejik ýanýan şemler jaýy ýagtyldyp bilmeýär. Orta on iki sany adam çykýar, olar alty-altydan ikä bölünip iki hatary emele getirýärler. Zikiri geçirýän derwüş şeýh zikire ýolbaşçylyk edýär. Zikirbaşy şeýh haýal çapak çalyp sagdan sola eginlerini çaýkap «Hu! Hu!» diýip gygyrýar. Alty adamdan ybarat iki topar hem onuň hereketini gaýtalap başlaýar. Gitdigiçe olaryň hereket edşi güýçlenýär, hem «Hu!» diýip gygyrmalary güýçlenýär. Bu soňabaka şeýle bir ritme ýetýär, adamlar haýsydyr bir takyk mehanizm ýaly sagdan gola, soldan saga çasly hereket edip, «Hu!» diýip hor bolup gygyrýarlar. Ritm güýçlenip-güýçlenip wagşyýana hala baryp ýetýär. Zikir dartýanlaryň ysgyny gaçyp dyzyna çöküp başlaýarlar, emma dyzyna çökenler hem oturan ýerinde şol hereketi bilen gykylygyny gaýtalaýarlar, olaryň içinde mejaly gaçyp özünden gidýänleri hem bolýar. Zikirçileriň hereketi hem gykylygy ýabany orgiýa baryp ýetýär. Ortadaky on iki adamyň köpüsi ýere ýykylýar, käbirleri özünden gidýär. Zikirbaşy şeýh çepine çasly öwrülip, «Hu!» diýip eýmenç gygyryp zikiri tamamlaýar. Şondan soň şeýh doga okamaga başlaýar, beýlekilerem oňa goşulýar. Bu ýönekeý zikr hasap edilýär. Zikiriň has çylşyrymly görnüşlerem bar. Anna gijesi. Ullakan jaý. Jaýyň töründe bäş sany kethuda, aksakgal zikir dartýan diwara ýakyn dur. Olaryň garşysynda ýene ýigrimi zikirçi otyr. Zikiriň ýolbaşçysy keremli sözleri aýdyp soldan saga çaýkanýar. Onuň ýanyndaky dört ýaşuly ýolbaşçy şeýhiň hereketini gaýtalap «Allah! Allah!» diýip gygyrýarlar. Olar şeýdip bir sagat çemesi tagat çekýärler. Ýolbaşçy şeýhiň iki tarapyndaky iki-ikiden adamlar aýdyşyk şekilli sözleri gygyryp aýdýarlar, beýlekiler kä eglip, kä dikelip hor bolup «Ýa Hu! Ýa Hu!» diýip gygyrýarlar. Olar kem-kemden nagra dartyp, gygyryp, guduzlan ýaly görnüşe girýärler, ritm güýçlenýär. Ýigrimi adam ortada halka bolup aýaklaryny tarpyldadyp pola urup, arkan-ýüzin gaýşyp tördäki bäş adamyň hereketini gaýtalaýarlar. Olar jaýyň içi bilen ikibaka sazlaşykly hereket edýärler. Gapdal diwarda bolsa hanjar, pyçak, gylyç ýaly sowuk ýaraglar asylgy dur. Hereketiň tempi adatdan daşary ýagdaýa eýe bolýar. Olaryň içinden birnäçesi sowuk demir ýaraglary gapynyň agzyndaky ullakan gapda gyzaryp duran közüň üstüne goýýarlar. Hanjarlaryň, pyçaklaryň, gylyçlaryň tygy ýaly çym-gyzyl bolýar. Zikirçiler olary getirip şeýhe berýärler, şeýh çym gyzyl tyga üfläp yzyna berýär. Şondan soň guduz açan zikirçileriň haýsy çym gyzyl hanjary ýalasa, haýsysy dişleri bilen gysýar, haýsysy bazyrdadyp endamyna bassa, başgalar gyzdyrylan-u-gyzdyrylmadyk sowuk tyglar bilen endamyna ýara salyp başlaýar. Birnijesi özünden gidýär, birnijesi mejalsyz ýykylýar, «Allah!», «Ýa Hu!» sözler bolsa gazap bilen ýaňlanýar. Zikir çeken ýigrimi adam özüne ýara salyp ýere ýykylýarlar, emma hiç birinden yza çekýän adamyň sesi çykmaýar. Ortadakylaryň hemmesi ýere ýykylansoň gykylyklar galyp, aýylganç dymyşlyk bolýar. Şeýh ýeke-ýeke baryp özünden gidenleriň, mejalsyz ýatanlaryň ýaralaryna tüýkülik çalýar, olar ýatyr, emma hiç biri yza çekýäne-de meňzemeýär. Olar zikirden ekstaza baran adamlar. Zikirbaşy şeýh, ýaşulylar güwä geçýärler, ýigrimi dört sagatdan soň elhenç ýaradar bolan adamlaryň bedenindäki ýaralar birkemsiz gutulyp, hatda tegmil yzy hem galmaýarmyş. (dowamy bar)... OSMAN ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |