05:46 Sufizm -3 / makalanyñ dowamy | |
Keramatlylary hormatlap...
Edebi makalalar
Öwlüýäleri (weli — birlik sanda, göni manysy dost) sylamak musulman ýurtlarynyň ählisine mahsusdyr. Keramatlylar bolsa gönüden-göni sufizm — sopuçylyk—derwüşçilik taglymaty bilen baglanyşyklydyr. Sufiýler — derwüşler Allanyň azyzlarydyr. Azyzlaryň içinden saýlananlaram Hudaýyň dosty hökmünde keramatly kişilere öwrülenleridir. Geçmişde ýaşap geçen sopularyň sany-sajagy ýok, ýöne olaryň halk tarapyndan sežde edilýänleri bolsa gaty azdyr, musulmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde olaryň sarpaly guburlary bardyr. Abu Seýit Mäne baba, Hoja Ýusup baba, Nejmeddin Kubra, Sarahs baba, Şibli ata… bular biziň topragymyzda sylanýan, sežde edilýän keramatlylardyr. Muhammet pygamber «Kim meniň welime azar berse, ol maňa garşy uruş yglan eden adamdyr» diýip olaryň mertebesini gaty göteripdir. Weli sözi — türkmen dilinde dost manydan başga-da köp manyda ulanylýar. «Pylany weli çykan, ol dünýäniň geçmişinem, geljeginem bilip dur» diýýändirler. Bu ýerde weli sözüniň manysy keramatly görnüşinde gelýär. «Özüni bilen — weli» diýen nakyl bar. Eger biz weli sözüne dost hökmünde düşünsek — nakylyň manysy hem bolmaýar. Bu ýerdäki özüni bilen weli — diýlen nakylda özüni bilen akyldar, özüni bilen bihaal adam däl, özüne akyl ýetiren keramatly kişi diýen manylary berýär. Kemine şahyryň ady hakykatda Mämmet, ýöne rowaýatlara görä ol weli çykypdyr. Ol Äraly işan bilen gidişip ýören adam. Äraly işan bolsa pir. Pir diýmek bolsa ylym-bilimiň aňyrsyna ýetip, keramata çenli göterilen adam bolýar ahyry. Baba Gambar pir — bedew atyň hem dutaryň piri. Aşyk Aýdyň pir — aýdymyň-sazyň piri. Baba Gambar piriň, Aşyk Aýdyň piriň kümmetlerinde mydama aýdym-saz ýaňlanýar. Geljekde bagşy boljak ýaş oglanlar halypasy bilen baryp piriň kümmedinde sadaka berýär, gije aýdym-saz edýär, agşam ýatanynda bolsa ol bir hikmet görýär. Eger birinji gije bir hikmet, alamat görmese, üç gije ýatýar. Bagşy boljak zehinli adamlar piriň gudraty bilen şol üç gijede hökman bir gudrat, alamat, yşarat, hikmet görýär. Ol piriň ýaş zehine ak pata berdigi hasaplanýar. Musulman dünýäsiniň görnükli sufiýsi Aly al-Hujwiri şeýle ýazýar: «Hudaý şonda burhani-nawaby görkezdi, ýagny pygamberler alamaty bilen Muhammediň pygamberligini tassyklanýan, onuň keramatlylarynyň Hakykaty aýan etmäge dünýä gelýändigini aýan etdi. Ol keramatlylary özüniň hak işini dowam etdirijiler hökmünde äleme hökmürowan saýlady. Keramatlylaryň haýyr dogasy bilen asmandan ýagyşlar ýagyp, ýerden ýaşyl otlar-nebatlar göterilýär. Keramatlylaryň haýyr dogasy bilen musulmanlar gäwürlerden hemişe rüstem gelýär». Musulmanlaryň arasynda «piri gaýyp» diýip bir düşünje bar: pirler diňe dergähine baranyňda däl, gaýypdan gelip hem kömek edip bilýär. «Görogly» eposyny ýatlaň: Görogly mydama kyna-gyssaga düşeninde pirlerini ýatlaýandyr, pirlerem oňa delalat eýleýändir. Piri gaýyplaryň atlary bellilerem bar, nämälimlerem bar. Aly al-Hujwiri dünýäde hemme zamanda, hemme eýýamda dört müň sany nämälim pir ýaşaýar. Olar biri-birinden habarsyz bolsa-da, hatda özlerinden, külli adamzatdan pynhan ýaşasa-da musulmanlaryň, umuman, dünýäniň abadan aýlanyp durmagy şol pirleriň yhlasy bilendir diýip ýazýar. Keramatlylaryň mertebe basgançagy Älem, jümle-jahan garamaty keramatly kişileriň üstünde durarmyş. Keramatlylar öz ylym-bilim, gudrat derejesi boýunça göze görünmeýän iearhiýa bölünýär. Keramatlylaryň güýçlisinden güýçlisi bolýar. Keramatlylaryň iň güýçlisine KUTB diýýärler (Kutb — çarhypelegiň esasy oky). Ol keramatlylaryň iň güýçlüsidir, iň zorudyr, iň görnüklisidir, dünýäniň aýlanyp durşy şoňa baglydyr. Keramatlylaryň arasyndan kutb çykan kişä Abd al-Lah diýip at berilýär. Abdallahyň iki kömekçisi, ýagny ymamy, serdary bolýar. Olaryň biri kutbuň sagynda, biri solunda durýar. Kutbuň sagynda durýan ymamyna Abdarrab diýýärler, ol Älemi malakuty goraýar (perişdeler dünýäsini). Solunda durana Abdylmälik diýýärler, ol fiziki dünýäni goraýany üçin oňa Älemi nasut diýip at berýärler. Birnäçe sopular kutb älemi dolandyryp oturmakdan başga dünýewi dünýäniň üstünden hem hökümini ýöredip bilýär diýip hasap edýärler. Aýdyşlaryna görä, Muhammet pygamberden soňky halyflar, Hasan, Huseýin, halyf Muwanýa. Omar ben Abdyl-eziz we Mutawakkil dagy kutb derejesini göteren keramatlylar hasaplanýar. Kutb çykan keramatly kişi mahal-mahal dünýäniň ähli ýerlerindäki keramatly kişileri geňeşe çagyrarmyş, şonda keramatly kişiler kutbuň emri bilen dünýäniň niresinde bolsalar-da, göz açyp-ýumasy salymda deňizleriň-daglaryň, çölleriň üstünden gudrat bilen geçip bararmyşlar. Kutbdan soň mertebesi, derejesi boýunça awtadalar durýar. Olar — dört awtada: Abd al-Hak — Gündogary saklap duran sütün. Abd al-alym — Günbatary saklap duran sütün. Abd al-mürid — Demirgazygy saklap duran sütün. Abd al-Kadyr — Günortany saklap duran sütün. Awtadalar wezipä bellenen soň ýokardaky atlary göterýär. Aly al-Hujwiri şeýle ýazýar: «Awtada bütin älemi aýlanyp çykýar, ol nirede kämil däl ýerini görse, şol ýer barada dessine Kutba habar berýär. Kutb öz keramaty, gudraty bilen dessine şol ýeri kämil ýagdaýa getirýär». Awtadalardan soň abdallar gelýär (abdal — birlik sany badl) Badlyň — çalyşýan diýen manysy bar. Sufizmiň ynanjyna görä dünýäde kyrk abdal barmyş, biri öldügi başga biri dessine onuň ornuny çalyşýarmyş. Käbir çeşmelere görä, abdallaryň sany ýedimiş, her biri hem bir yklymyň ykbalyna jogap berip, bir yklymyň garamatyny göterýärmiş. Abdallardan soň bäş awd gelýär. Käbir sufistik çeşmeler awdy abdallardan ýokarky derejede goýýarlar. Awd — direg manysy bar. Bäş awd älemiň bäş diregimiş. Awdan soň 70 nujuba (birlik sanda najyp) gelýär, (najyp sözüniň asylzada manysy bar) 70 najypdan soň 300 nukuba (birlik sanda nakyp — serdar manysy bar) durýar. Şu keramatlylardan soň öwlüýäler başlaýar. Keramatlylara zyýarat Öwlüýälere zyýarat etmek, ölen bendelere uly hormat goýmak yslam dininiň iň bir asylzada däp-dessurydyr. Musulmanlar ykrar edilen gudratlylara, keramatlylara, beýik pirleriň, işanlaryň mazaryna zyýarat edýärler, peýda tapýarlar. Golaýda şeýle keramatly gubur ýok bolsa, adaty öwlüýälere-de zyýarat edýärler. Şehit mazaryna zyýarat edip peýda tapýanlaram az däl. Umuman, musulmanlar ölen bendeleriň guburyna gymmatbaha ýadygärlik goýmagyň ýerine başga ýollar arkaly gubury hatyralaýarlar. Öwlüýäleriň başyna baran her bir adam umymy gonamçylygyň hakyna doga okaýar, soňra ýakyn dogan-garyndaşynyň guburynyň başujunda oturyp doga okaýar. «Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden». Sufizmiň, umuman yslam dininiň ynanjyna görä keramatly piriň, işanyň, weliniň ölüsi-dirisi bolmaýar. Sufizm «Keramatly şeýh ölmeýär, ol diňe başga ýagdaýa, hala geçýär» diýip düşündirýär. Keramatly piriň guburyna baryp, onuň kümmedinde şem ýakylýar, jemagat bolup doga okalýar. Mysal üçin, «Nejmeddin Kubranyň mazaryna baryp zyýarat etdimem» diýilýär. «Nejmeddin piriň dergahyna baryp zyýarat etdim hem» diýlip, onuň dergähi köşk bilen deňeşdirilýär. Guburda keramatly piriň jesedi bolup hem biler, bolman hem biler. Sebäbi keramatly kişileriň guburyny simwoliki ýasap, şoňa hem zyýarat edilýär. Keramatly guburlaryň başynda Gurhanyň birinji, bir ýüz on ikinji, we 114-nji süreleri okalýar. Pirden dileg edilýär. Keramat — gudrat Ulamalaryň düşündirişine görä gudratlar dört hili bolup bilýär. 1. Mugjyza — (göni manysy — gudrat). Mugjyza görkezmek. Allanyň keremi bilen diňe pygamberler mugjyza görkezýärler. (Musa pygamberiň hasasyny ýylana öwürmegi). Mugjyza — pygamberlik alamaty. 2. Keramat — Bu Alla taraplaýyn keramatly adamlara berlen gudratdyr. 3. Möwnet — Bu-da gudratdyr. Alla bolsun etse kämahal adaty adamlaram gudrat görkezip bilýär. 4. Istiraj — (ýalan, aldaw) Istirajy jadygöýler, tersokanlar, seýirkeşler görkezip bilýär. Pygamberler mugjyza görkezmeli, sebäbi Allatagalanyň eradasy şeýle. Ol Hakyň emri bilen halky Allanyň ýoluna salmaly. Emma keramatly kişiler gudratyny pynhan saklaýandyr, bukýandyr. Keramatly kişi Allatagala ýakyn adamdygyny häli-şindi gudrat arkaly görkezip ýörmeli däldir. Abu Ezid Bistami şeýle diýipdir: «Keramatly kişiler öz doga-dilegine, yhlasyna gudrat bilen jogap berilse, şady-horram bolup barmaýarlar. Suwuň ýüzünde ýöremek, asmanda ýöremek, uzak aralygy bir pursatda geçmek keramatlylaryň işi hem däldir, çünki o işleri jadygöý—tersokanlaryň hem başarýany bar. Zeminde adam bar, melgunam bar, suw — balyklaryň, asman — guşlaryň mesgeni. Her jandar öz ýaşaýan ýerinde ýaşasa ýagşy». Keramatly adamlar hemme zamanda hem bolupdyr. Olar bir gudrat görkezse, agyz agyzdan ýel alyp, myş-myşlar köpelip, keramatly kişä görkezmedik gudratlaram ýöňkeliberýär. Derýany tersine akdyryp bilýän mollalar, ýagyş ýagdyryp, harasat gopduryp bilýän ahun-pirler hakynda köp eşidensiňiz. Muhammet pygambere-de şeýle howaýy gudratlar ölen badyna köp ýöňkelip başlaýar. Gurhany belli tertibe getirip, redaktirlän halyf Omar şol zatlaryň köpüsini aýryp taşlaýar. Isa pygamber mugjyza görkezip deňziň üstünden ýöräp geçýär. Isa aleýhessalama hristianlar Hudaý ýa Hudaýyň ogly, onuň ejesi bibi Merýeme bolsa Hudaýdogran ene diýip ynanýarlar. Muhammet pygamber öz döwründe «Ata, ogluna, we keramatly Ruha» uýýan hristianlary köphudaýlylyk diýip düşündiripdi. Şol sebäplem musulmanlar Isany pygamber hasaplaýarlar, Yslam taglymaty boýunça Hudaýyň oglam, aýalam bolmaýar, Hudaý — ýeke-täklik. Yslam dininiň taryhynda Rabiýa atly bir zenan bar, ony bitiren işleri, keramaty boýunça Bibi Merýem bilen deňeşdirýärler. Rabiýa köp keramatly aýal bolupdyr. Bir gezek onuň jorasy, ýakyny Zulfa ondan: — Bibi Rabiýa, sen näme diýip zyýarata gelýänleri dergähiňe goýbermeýärsiň? — diýip sorapdyr. Şonda Bibi Rabiýa: — Men ölenimden soň adamlar meniň aýtmadyk zadymy aýtdy, etmedik işlerimi etdi diýerler öýdüp gaty gorkýan. Iller hamana men namaz okaýan ýerimden, ýagny namazlygymyň aşagyndan pul tapýamyşym, hamana men naharymy otsuz bişirýämişim diýýärler. — Sen iýjek owkadyňam, içjek suwuňam mydama öýüň içinden tapýamyşyňam diýýärler. — Diýýändirler. Eý, Agam gyzy, iliň aýdyşy ýaly, şol zatlar öýümden tapylýan bolsady, heý men olara elimi degrermidim. Hudaýa şükür, menem özgeler ýaly iýjegimi pul berip alýan, içjegimi getirýän… Adamlar gudrata zar, sebäbi gudrat bar bolsa adamlaryň ýaşaýşa umydy güýçlenýär. 1. Keramatly kişiler birnäçe gudraty görkezýär. Şolaryň biri hem suwuň üstünden ýöräp geçmek. Biz ýokarda Isa pygamberiň kölüň suwunyň üstünden ýöräp geçendigini aýdypdyk, Isa pygamber! Ol Hudanyň emri bilen her hili mugjyza görkezip biler. Emma taryhda Isadan soň şeýle gudratly işi amala aşyranlar az däl. Hindistanly derwüş — sopy Hwaýýa Huseýin keramatly Hoja Mömineddin Çiştiniň saz baýramçylygynda ekstaz ýagdaýyna barýar, soňra ol özüniň bir dindar kömekçisi bilen jeňňele gidýär, şol ýerde çaýkanyp ýatan ullakan suw bar eken, ol şol suwuň üstünden ýöräp geçýär. 2. Uzak aralygy bir pursatda geçmek. Aýtmaklaryna görä, Yragyň Ru şäherinde ýaşaýan sufiý Abdyl Kadyr Jylany bir keramatly piriň ýogalanyny eşidýär. Ol keramatly piriň depin edilişine gatnaşmak, ölen bendäniň aýat-töwirini etmek üçin Yrakdan başga bir ýurda ýarym sagatda barýar. Asly lahorly Miýan Mir atly keramatly sopy bolsa mahal-mahal Arabystana Hyry gowagyna şöwür çekmäge ozalagşam gidip, ertesi günortanlar gaýdyp geler eken. 3. Howada uçmak. Şeýle bir taryhy rowaýat bar, keramatly Abdyl Kadyr Jylany köpçüligiň öňünde namaz okaýar, soňundanam ol birden al-asmana göterilip: «Eý, ysraýyllylar, yslam taglymatyna gulak goýuň, uýuň!» diýip gygyrypdyr. Şondan soň esli aralygy uçup gelip, ýaňadan wagyz etmäge durupdyr. Ondan «niräk uçup gidip geldiň?» diýip soranlarynda, ol: — Men uçup barýarkam metjidimiziň ýanyndan geçip barýan Hydyry gördüm hem onuň ýanyna uçup baryp, meniň wagyz-nesihatymy diňle» diýip ony ýanymyza çagyrdym — diýipdir. 4. Jansyz zatlar bilen gürleşmek. Bu barada rowaýatlar gaty köp. Geçmişde daglar bilen, derýadyr çeşme bilen, düňle çöl bilen gürleşýänler barada rowaýatlary kän eşidensiňiz. 5. Adatdan daşary gudrat arkaly azajyk çörek, azajyk suw bilen köp adamyny doýurmak barada hem rowaýatlar köp. Injilde Isa aleýhessalam iki kakan balyk hem bäş sany çörek bilen müňlerçe adamy doýurýar. Çelekleriň suwuny şeraba aýlaýar. Şeýle gudraty görkezip bilen keramatly derwüşler hem köp bolupdyr. Şu ýerde Ostap Benderiň degişmesini ýatlap geçäýsek atrykmaç bolmasa gerek. Ostap Bender: — Men pygamber bolmasam-da bäş sany çörek bilen müňlerçe adamy kanagatlandyrdym, emma şeýle bir basa-baslyk, gowga bolandyr, aýdyp diýer ýaly däl — diýýär. 6. Geljekki boljak wakalary öňünden aýtmak, ýagny welilik etmek. Dürli döwürlerde dürli keramatly adamlar bolupdyr, olar geçmişde näme bolanynam bilipdir, geljekde näme boljagynam bilipdir. Gorkut ata-da geçmişe göz ýetirip, geljegi gören gudratly kişi hasaplanýar. Emma keramatlylaram, hatda Muhammet pygamberem bäş zady öňünden bilip bolmaýanyny aýdypdyr: 1. Kyýamatyň haçan gopjagyny. 2. Ýagşyň haçan ýagjagyny. 3. Özüňiň geljekdäki hereketleriňi. 4. Nirede dünýäden ötjegiňi. 5. Hamyla aýalyň ogul ýa gyz dogurjagyny… Ylym ösdi, bu bäş zadyň ikisini häzir öňünden bilýärler: Arş gämileri arkaly bulutlaryň, ýeliň ýagdaýyny yzarlap, ýagşyň haçan ýagjagyny takyk aýdyp bilýärler. Hatda gerek bolanda ýagyşy ýagdyryp hem bilýärler. Ylmyň gazananlarynyň kömegi bilen lukmanlar çaga bolmazyndan iki-üç aý ozal onuň ogul ýa gyz boljagyny takyk aýdyp bilýärler. Soñy. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |