15:14 Suhan gaty bilen Ene küti / satiriki hekaýa | |
SUHAN GATY BILEN ENE KÜTI
Satiriki hekaýalar
Arada bir gün biziň öýümizde tutuş obamyzy aýaga galdyran täsin bir waka boldy. ― Oglum, howla, öýe seret-de otur. Hiç kime hiç zat berme. Içerik del adam goýberme ― diýip, kakam maňa sargyt etdi. Ejemem, kakamam ýol şaýyny tutuşyp, ähli jigilerimem ýanlaryna alyp, köçä çykdylar. ― Goňşular zat diläp gelse, eger-eger, beriji bolaýmagyn, ýokdan başga söz aýtma ― diýip, ejemem kakamyň sözüniň üstüni ýetirdi. ― Keýwany, Gadyr janam ýanymyz bilen alyp gidäýeli-le?! ― diýip, kakam ejeme sala saldy. ― Goý, öýi saklasyn. Orazlar biziňkä ýedi bolup gelipdiler. Biz häzir olaryňka on dört bolup barýarys ― diýip, ejem ýeserlik bilen kakama gürrüň berdi. ― Ynsap ýagşy ― diýdi. ― Diýmek onda biz Orazlardan utulamzok-da? ― diýip, kakam begenjine bäs gelip bilmän güldi. Gepiň gysgasy, olar meni öýde goýup, özleri ýörite wizit bilen Oraz agalara gezmäge gitdiler. Wizitiň maksady düşnüklidi. Öýüňe biri gelip myhman bolsa, iýip-içip gitse, ýa-da biri seniň bir zadyňy alsa, senem şonuň bilen haklaşaýmaly, daş ýany bilen üzülişmeli. Ine, ejem bilen kakamyň düýp matlaby şeýledi, pygyllary şondan ybaratdy. Biziň köçämiziň beýle tarapynda uly-uly binalar gurulýardy. Ejem dagynyň biçäre Oraz agalaryň ykdysadyýetini tozdurmaga giden güni tomsuň jokrama yssy günleriniň biridi. Şol gün giç öýlänler wagty howluda oýnap otyrdym. Öýümiziň deňinde ýüküni özi düşürýän demir kuzowaly bir maşyn saklandy. Erbet bir parkyldy eşidildi. Seretsem, ýaňky maşynyň tigri ýarylypdyr. Orta boýly, horrak, garaýagyz, elli ýaşlaryndaky şofýor derini çalyp, maşynynyň tigrini çalyşdy. Menem seredip otyryn. Şofýor «öwf» diýip, uludan demini aldy-da, maşynyň kölegesinde oturgyjyny goýup, üstünde oturdy. ― Ýeri-ow, han ogul, öýüňiz haýsy?! ― diýip, ýaňky şofýor maňa seretdi. ― Hany, bir kürşgejik sowuk suw getirsene! ― diýip ýüzlendi. Menem diýen sowuk suwuny getirmäge öýe tarap düňk ýasadym. ― Me, daýy, içinde buzam bar ― diýdim. ― Berekella, berekella, adyň näme? ― diýip, sowuk suwa eňegini basdy. ― Adym Gadyr ― diýip jogap berdim. ― Tüweleme, sende gadyr bar ― diýip, şofýor suw owurtlap oturan ýerinden güldi. Onýança ejem bilen kakam giden ýerlerinden geläýdi. Ejem şofýoryň elinde ýaşyl kürüşgämizi görüp, tas çaşypdy. Içindäki buzly suwa seredip, kakamyň gözleri peträp çykaýjak boldy. ― Öýe seredişiňem şumy?! ― diýip, ejem derwezäni batly ýapdy. Demir derweze alazenzele turuzdy. ― Päheý-de weli, çaga zat ynansaň boljagy-da şü ― diýip, kakam içini hümledip içerik girdi. Şofýor köpi gören, düşünýän, giň göwrümli adam ekeni, zat bilmedik kişi bolup, buzly suwy hezil edip içýärdi. Ejem bilen kakam içerde uzak eglenmedi. Elbetde bir zadyň maslahatyny edip, belli bir netijä gelendirler-dä, derrew çykdylar. Olar şofýoryň ýanyna geldiler. ― Amanmy? ― diýip, ejem şofýora seretdi. ― Saglykmy? ― diýip, kakam hem şofýora elini uzatdy. ― Aryp-açmaň-da, gurluşyga zat daşaýaňyzmy? Biziň ýaly çöp kümelä-de arasynda bir maşyn, ýarty maşyn tagta-tugta, agaç-ugaç, aý garaz, näme-de bolsa, sementmi, hekmi, parhy ýok, oduk-buduk oklap duruň. «Bir gün duz iýen ýeriňe müň gün salam» diýen nakylam bar ― diýip, kakam şofýor görgüliniň ýüregine-bagryna düşdi. Onýança dik duran ýerinden ejem tükezzibana tutup başlady. ― Hawa-da, biz-ä iller ýaly gijede-girimde gurluşykdan zat alyp bilemzok, ogurlyga ýüzümiz garadyr, özüňiz ýaly, ynha, duz-emek bolşan adamlarymyz maşyny bilen gapymyza bir zat düşüräýmese, onuň ýaly zatdan gatumytdyrys ― diýdi. Şofýor biçäre sesini çykarman otyrdy. ― Käsi duzuňy iýer-de, saçagyňy depeläp gider. Soň seni tanamazam ― diýip, kakam tüýs ýeksurun gürrüňleri tapdy. ― Wah, hawa-da, kakasy, käsi duzuňy iýip, maşyny bilen susup, tüýnügiňi ýumrubam gidýär ― diýip, ejem Oraz agalardan getiren kädi çigidini çigitläp duran ýerinden zeýrenen boldy. Şofýor Köpetdag ýaly sarsman otyrdy. Ol emaý bilen ýerinden turdy-da, ýaşyl kürşgämizi maňa gaýtaryp berdi. Ýumşak oturgyjyny kabinasynda ýerleşdirip goýdy-da, maşynyny otlap, ugrajak wagty: ― Gadyr han, sag bol, hoş! ― diýdi-de, tozan turzup ötägitdi. Şondan soň meni ejem bilen kakam iki sany güýçli hokkeý komandasynyň ortasyna oklanan şaýba ýaly edip, söz bilen, käte-de silterläp, baý, «oýnadylar-a». ― Heý holodilnikdäki dişiňi döwüp barýan sowuk suwy bir ötegçä bererlermi diýsene?! ― diýip, ejem meni silterledi. ― Wah, onda-da içine buz atyp berşini diýsene, bu namartaýyň! ― diýip, kakam repide ýaly ýasy ýüzüni kürşertdi. ― Biz-ä nep üçin il gezýäs, bir döwüm çörek diýip ygýas, a bu bolsa hanaňy tozdurýar ― diýip, ejem çigitli agzyny hatap ýaly açdy. ― Boljak başda belli diýlen söz dogry ekeni. Iliňkiler arlykdan saýlanmanka garynja ýaly sürenine zat daşaýar. A bu bolsa öýi ýyldyrym urana dönderýär ― diýip, kakam howludaky beýik tut agajyndan çybyk döwmäge başlady. Göterdim ökjäni. Aglap gaçyp barýarkam hälki şofýor maşynyna signal berip, maňa seredip geçdi. Bu hadysalar ýatdan çykdy gitdi. Şondan on gün soň hälki şofýor agşamara gapymyzdan geläýdi. Öýde ejemem, kakamam ýokdy. Jigilerim bilen oýnap ýördüm. ― Gadyr han, aç derwezäňizi, men size gowy zat getirdim ― diýip, ol ýylgyrdy. Kakaňdan, ejeňden öýde haýsysy bar? Meniň getiren zadyma eliňizi degirmäň. Jigileriňe-de berk tabşyr. Golaýyna barmasynlar ― diýip, ol aýtdy. Ine, gözüňe söweýin, ýalpyldap duran bir ýumşak, pamyk ýaly täsin zat. Biz ony ilki düýäniň ýüňüdir öýtdük. ― Men şu zatdan özüme düşekçe, ýorgan, ýassyk gaplatjak ― diýip, gyz jigim Bahargül ýaňky pagta ýaly zadyň üstüne özüni oklady. ― Menem paýymy aljak ― diýip, jigim Öwezgeldi, bu-da esli bölegi alyp, öýe tarap göterip ugrady. Görsem, üleşip barýarlar. Menem saldym gujagy. Köpräk-köpräkden göterip podwala daşap başladym. Aý, garaz, az salymyň içinde bir maşyn ýüki zady jigilerim bilen içerik daşap gutardyg-ow. Howa yssydy. Çaltam işledik. Gowuja derlän ekenik. Ine, birdenem iň kiçijik jigim Şemşat: ― Waý, boýnum awuşaýa! ― diýip, aglamaga oturdy. ― Meniňem ellerim gijeýä ― diýip, jigim Mämi çyr-çyr çyrlamaga durdy. ― Waý-waý, endam-janym ot alyp barýa! ― diýip, menem gars-gars gaşanmaga başladym. Çirkin sesimize goňşular ýygnandy, ejem bilen kakama habar edipdirler, hatda «Tiz kömegem» geldi. Goh-galmagal, gykylyk, aglaşyk-eňreşik. ― A-how, adamlar, bu zat hol ýeriň aşagyndan geçýän turbalaryň daşyna dolanýan zat ýaly-la?! ― diýip, goňşymyz Gurt aga aýtdy. ― Edil özi, ýaşuly. Özem bu zat aýna kombinatda aýna gyýykdan ýasalýan bolmaly ― diýip, beýleki bir goňşymyz Aşyr aga onuň sözüni tassyklady. Bizi dyňzap duran suwly kranlaryň aşagynda ýuwdular. Şlanga bilen üstümize suw pürkdüler. Ejem bilen kakam hem gotur açan ýaly bolşup, baý, gars-gars gaşandylar-a. ― Neresse çagalara nebsim agyrýa, ýogsam, Suhan gaty bilen Ene küti ikisine-hä tüýs geregi şu ― diýip, goňşymyz Gurt aga Aşyr aga çalaja pyşyrdap gürrüň berip duranyny eşidäýdim. Dogrudanam, ejem bilen kakam halys goňşularyň gözünden düşdüler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |