22:33 Suhanyň jaý saldyryşy / satiriki hekaýa | |
SUHANYÑ JAÝ SALDYRYŞY
Satiriki hekaýalar
Gurluşyk uçastogymyzyň öňki naçalnigini hil meselesinde ýazgaryp wezipeden boşatdylar. «Ymaratlaryň hili juda pes, obýektler ulanyşa berilýänçä düýpli remont talap edýär» diýlip, ak kagyzyň ýüzüne gara hatlar bilen ýazyldy. Täze naçalnik işi düýbünden başgaça gurady. ― Prorab, hany, bäri gel ― diýip, ol meni ýanyna çagyrdy. ― Han ogul, indi gowuja işlemeli borsuň. «Menden gidýänçä, oňa ýetýänçä» diýen pikire gulluk ediji bolaýma. Öz arzam bilen boşaryn diýip umydam etme. Gaýdyp hiç bir edara işe almaz ýaly edip, üfläp goýbärin. Maňa hil gerek, hil. Hil gowy bolsa, ol hoşal bolar ― diýip, täze naçalnik Suhan işi pugta tutup başlady. Şol tutuşy ýalam dowam etdirdi. ― Ýok, ýok, bolmaz, asla ylalaşman ― diýip, Suhan ilki kerpijiň guýluşyndan özüniň närazydygyny aýtdy. Biz öň kompressoryň agzyna gum bilen suw guýaga-da beýlesinden taýyn kerpiç çykaryp alýardyk. Emma Suhan başga hili tehnologiýany ulanmagy bize teklip etdi. Kerpiç üçin gum alynmaly ýeriň topragyny ilki özi dadyp gördi. Soňra halwa iýýän ýaly çeýnedi, emma ýuwutman, agzy sakgyçly ýaly, esli salym gäwüşäp gezdi. ― Oglanlar, gülmäň, hilde ilden öňe düşjek, öwünjek bolsaň, baý, sakgyç çeýnärsiň-ä ― diýip, Suhan gülmän-yşman aýtdy. ― Ýoldaş naçalnik, biz laýy aýak bilen depeleýäs weli, bi köp işçi güýjüni talap edýär, özem ummasyz kän wagt alýar. Bu zatlara uçursyz pul-a çyksa gerek ― diýdim. ― Ýoldaş prorab, nokgy-nokgyňy az et-de işle. Eger laýy traktora basgyladyp eýlesek onuňam minus tarapy bar, traktordan laýa salýarka damjak. Ýag bolsa geljekki kerpijiň hilini peseldýär ― diýip, naçalnik aýtdy. Biz laýy açyk meýdanda, giň agaç sekiniň üstünde hepdeläp depeledik. ― Adamlar, işi bes ediň-de, duşda ýuwnuň. Görýän weli, derläpsiňiz. Eger ajy deriňiz laýa damaýsa kerpiç uzagyndan şorlar. Hil ugrundaky göreşde gaty hüşgär boluň ― diýip, Suhan uly joşgun bilen aýtdy. Biz laýy depeläp göwün solpudan çykdyk. Indi laýy dorožka kakýan ýaly näçe silkseňem silkiber, ýolunjak gümany ýok. Soňra biz laýy togalap, düýrläp tokurtga ýaly etdik. Ýene-de depelemäge başladyk bir günem Suhan bir goşawuç manatlyk metal puly laýyň üstüne seçdi-de, «depeläň» diýdi. Pul laýa siňip gitdi. Soňra-da «şol pullary laýyň içinden tapyp alyň-da, özüňize sowalga ediniň» diýdi. Hany ýaňky pullary laýdan alyp bolsa. Laý tüýs çig ham ýaly çeýneşip ýatyrdy. Nebsem bir erbet zat, aý, görgi ýamanyny gördüg-ow. Ähli laýy ýekeje çümmükden geçirdik. Ýene depeläp başladyk. Kerpiç kesdik. Ony kürä örüp, kömür ýa mazut däl-de, bir hepdeläp hyşa gulpak, soňra bir hepdeläp ýandak ýakdyk. Kerpiç diýseň kerpiç jan bold-ow. Ondanam şarňyldap duran ýedi otagly jaý gurduk. Jaýa sygyryp seredip durmaly boldy. Indi lenta kesip, jaýy degişli gurama tabşyraýmak galdy. ― Ine, ýigitler, hil diýip şuňa aýdarlar ― diýip, naçalnik söze başlady. ― Size, şu ymaratda ýaşamaly çagalaryň adyndan köp-köp sag bolsun aýdýaryn. Onsoňam, menden agyrap-ynjan bolsaňyz bagyşlaň. Men geljek nesliň hatyrasy üçin size gatyrganandyrynam. Olar indi biziň ata-babalarymyz jaý gurmaga ýüzi gara eken-ow diýmezler. Häzir lenta kesmek gezegini gelnejeňize berýärin. Şeýle diýip, Suhan gaýçyny öz aýalyna uzatdy. Olam gyňajyny düzedişdirip, bir ädim öňe süýşdi-de: ― Hawa-da, oglanlar, Suhan ikimize şu jaý besdir. Bir oglumyz bar, olam Aşgabatdaky howlymyzda ýaşap, selhozda okaýar. Ol garagol institutdanam opjit alypdyr. Hawa-da, artyk jaý myşaýyt etmeýär, kädi-köwer goýsagam peýda ― diýip, Tyllagözel daýza lentany kesdi. Bir hepde geçenden soň, men şol jaýda ýadymdan çykaran masterogymy almaga geldim. Görsem daşarda otuza golaý umywalnik kakylgy, 70-80 sany körpe çaga döwür gurap «Pişik-pişik» oýnaýar. Ak ýektaýly gyzlar, gelinler bar. «Bä, naçalnik işe gelenok diýýäs weli, bir bela uçran eken-ow» diýip, men pikirlenip gaýtdym. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |