15:44 Suluk Çabyş-Çor | |
SULUK ÇABYŞ-ÇOR
Taryhy şahslar
(715-737-nji ýyllar) Ýeñişli arap goşunlary VII asyrda Amyderýa ýetenlerinde edermen türkeşler olar bilen şu ýerde duşuşypdyrlar. Türkeşler türkmenleriñ ata-babalarynyñ biridir. Olar VI asyrda türk kaganatyndan bölünipdirler we Semireçýede öz döwletini gurup başlapdyrlar. Täze ýurduñ düýbüni tutan Üçelik bolupdyr, ol ençeme ýeñişli harby operasiýalary geçiripdir we täze kaganatyñ pozisiýasyny berkidipdir. Ýöne welin içerki oñşuksyzlyklar 711-715-nji ýyllarda türkeş kaganatynyñ synmagyna getiripdir. 715-nji ýylda özüni türkeş kagany diýip jar eden şöhratly serkerde Suluk Çabyş-Çor türklere baştutan bolupdyr. Suluk ozaly bilen gündogardan abanýan howpy bitaraplaşdyrmagy ýüregine düwüpdir. 717-nji ýylda ol Hytaýa barypdyr we şol ýurduñ basyp alynmak howpuny diplomatik ýol bilen aýrypdyr. Şol bir wagtyñ özünde ol günbatar türkeş kaganynyñ, gündogar türkeş kaganynyñ we Tibet patyşasynyñ gyzlaryna öýlenipdir. Suluk öz ogluny gündogar türkeş kaganynyñ dolandyryjysynyñ gyzyna öýlendiripdir. Ine, araplar häzirki Türkmenistanyñ territoriýasy boýunça geçip, şeýle garşydaş bilen duşuşypdyrlar. 728-729-njy ýyllarda Suluk Samarkandyñ we Buharanyñ ilatynyñ haýyşy boýunça ozalky Sogdyny doly azat edipdir, 732-nji ýylda bolsa arap goşunlary Samarkandyñ eteginde, soñra bolsa Kerminäniñ eteginde doly dargadylypdyr. Belli taryhçy L.N.Gumilýow türkeşleri türkmenler diýip, olaryñ serdary Sulugy bolsa (ol belli çeşmelerde Sul Çöl diýlip hem atlandyrylýar) türkmenleriñ baştutany diýip atlandyrýar. Omeýad halyfy Hişamyñ (724-743-nji ýyllar) türkeş kaganynyñ merkezindäki ilçihanasy hakynda gürrüñ beren Ibn al-Fakih hut ol hakda ýazypdyr diýip hasaplaýarlar. Sulugy öz tarapyna çekmäge çalşan arap häkimleriniñ ilçileri kagany yslama çekmek isläpdirler. Indi bolsa orta asyr geografy Ýakuda söz bereliñ, ol Ibn al-Fakihiñ aýdanlaryny gysgaça beýan edipdir: "Ilçi ol hakda şeýle gürrüñ beripdi: kagan öz eli bilen eýer ýasaýarka menden ondan (kagandan) duşuşyga ygtyýarnama alypdym. Kagan dilmaçdan: "Bu kim?" diýip sorady. Ol araplaryñ patyşasynyñ ilçisi diýip jogap berdi. Kagan ondan: "Meniñ raýatymmy?" diýip sorady. Dilmaç: "Hawa" diýip jogap berdi. Şonda ol meni öýe alyp barmagy buýurdy, öýde et köpdi, ýöne çörek az eken. Soñra ol meni çagyryñ diýdi we: "Saña näme gerek?" diýip sorady. Men oña ýaranjañlyk edip: "Meniñ jenabym, sen ýalñyşlyga ýol berýäñ, men saña gowy maslahat bermekçi ~ seniñ yslamy kabul etmegiñi isleýän" diýdim. Kagan: "Yslam diýýäniñ nähili zat?" diýip sorady. Men oña dini kadalar hakynda, yslamyñ ygtyýar edýän we gadagan edýän zatlary, dini borçlar we Hudaýa gulluk etmek hakynda... gürrüñ berdim. Suluk ilçiniñ aýdanlaryna özüne göwni ýetýän çöl adamlarynyñ erkinliginw howp salynmagy hökmünde baha berdi. Ol ilçä birnäçe gün garaşmaly diýdi we oña kaganatyñ güýjüni görkezmegi ýüregine düwdi. "Bir gezek kagan ata atlandy we onuñ töwereginde on adam bardy, olaryñ hersiniñ elinde bolsa baýdak bardy. Ol meni hem öz ýanlary bilen gitmäge çagyrdy. Tiz wagtdan biz töweregi depelik öleñlige ýetdik. Gün dogan dessine öñ ýanyndaky on adamyñ birine elindäki baýdagy parlatmagy buýurdy, baýdak parlap (gün şöhlesine) başlady. Şol wagt 10 müñ ýaragly atly esger peýda boldy, olar: "Çah! Çah!" diýip gygyrýardylar. Olar depäniñ eteginde nyzama düzüldiler. Olaryñ baştutany patyşanyñ öñüne çykdy. Baýdak göterijiler depäniñ üstünde biri-biriniñ yzyndan baýdagy parlatdylar, her baýdak parladylanda depäniñ eteginde 10 müñ atly esger nyzama düzüldi. Baýdaklaryń onusy hem parladylanda depäniñ eteginde başdan-aýaga çenli ýaraglanan ýüz müñ atly esger nyzama düzülipdi" diýip, Ýakut aýdýar. Türkeşleriñ goşunlarynyñ görnüşi şeýle bir haýbatlydy welin, araplar olar bilen gepleşikler geçirmäge soñra milt edip bilmediler. Arap serkerdeleri we serdarlary Sulugy "Abu Muzahim" (Zarba urujy) diýip atlandyrdylar, olar ony özleriniñ Orta Aziýadaky häkimligine esasy howp hasapladylar. Takmynan, 737-nji ýylda türkeşler arap otrýadlaryny Buharadan kowup çykardylar we gysga möhletde olary Toharystandan gysyp çykardylar. Üstünlik türkmenleriñ ata-babalaryny ruhlandyrypdyr we olar ýurda ýaýrap ownuk otrýadlara bölünipdirler. Araplaryñ Toharystandaky dikmesi Esad ibn Abdylla Sulugyñ kiçiräk otrýadynyñ üstüne duýdansyz hüjüm edipdir we oña weýrançylykly zarba urupdyr. Suluk öz ýurdunyñ jümmüşine gaçyp gidipdir. Şol ýerde 737-nji ýylda näkes Baga-tarkan tarapyndan dönüklik bilen öldürilipdir. Suluk ölenden soñ, kaganat ownuk böleklere bölünipdir we sary türkeşler bilen gara türkeşleriñ arasynda häkimiýet ugrunda ýigrimi ýyllyk göreş başlanypdyr, bu bolsa iñ soñunda türkeş kaganatynyñ dargamagyna getiripdir. Öwez GÜNDOGDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |