13:11 Sünbül saçly söýgülim / hekaýa | |
SÜNBÜL SAÇLY SÖÝGÜLIM
Hekaýalar
(Liriki romantik garyndy hekaýa) Eý, meniň bugdaý reňkli, sünbül saçly söýgülim! Şol köne aýdymda aýdylşy ýaly: tebigat saňa hiç kimde gaýtalanmajak bir ajaýyp görk beripdir. Men ummanlaryň düýbünden alynýan dür-merjen mysaly sadap dişleriň hakda aýtsammykam, ýa-da gijäniň tümünden, säheriň päkliginden ýasalançeşme deý dury dideleriň barada aýtsammykam?!. Eý, Hudaýym... sen nähili enaýy, gözel sen, söýgülim! Bolmasa-da bugdaýly meýdany ýada salýan, golaý barsaň asyl ýaňy süýde duran tümmülleriň ysy bark urýan tylla saçlaryň hakda gözlerimi ýumup oýlansammykam?! Asyl görüp otursam,tutuş tebigat seni döredip, sende özüni gaýtalaýan bolsa nätjek. Eger şeýle bolmasa seň tylla sary saçlaryň örümini edil bugdaý sünbüllerine meňzedip örüp bilmezdiň. Bu gün bolsa ikimiz süýr günortan çaglary jokrama yssyda bugdaýly meýdanyň içi bilen oba gaýtdyk. Tümmül bolan bugdaýlaryň arasy bilen uzalyp gidýän ýoldan barýardyk. Bu gün bugdaý tümmülleri birhili gamgyn-tukat ýaly. Olar iki gapdalymyzdan bize naýynjar garap galýan ýalydylar. Olar biziň gidip barýandygymyz üçin gussa batýarlarmyka ýa-da iki aşyk-magşugyň düşünişip bilmän, ýolboýy öýkeleşip, jedelleşip, tersleşip barýandyklaryna gynanýarlarmyka. Asyl meniň özüm hem senden aýrylşyp, baryndan beteri hem göwnüňi agyrdyp gidip barýandygyma gynanjymdan ýüregim bokurdagyma dykylyp duranokmy eýse?! Men öz bugdaý reňkli söýgülime indi obada bir minut hem durup biljek däldigimi aýdyp, okuwa bolan höwesimiň ýüregimi ýaryp barýandygyny düşündirjek bolýardym. Ol bolsa bu hakda asla eşitmek hem islänokdy. Ikiýan gyrasy bugdaýly meýdanlar bilen çäkleşýän ýol bizioba çenli ugradyp, yzymyzdan galman gelýän ýalydy. Her bir zadyň ahyry-çägi bolýar. Sabyr-takadyň bolsa ýaşlykda mydama käsesi püre-pür-dä. Şol gezek gitmek üçin gutarnykly netijä gelenimi aňdyňmy ýa-da şu wagta çenli ezizlenip, erkelenip saklanan gyz bolanyňdanmy derrew gaharyň geldi-de, başyňy aşak salyp, menden yza galdyň. Gözleriñe eýýäm ýaş tegelenendir, bilýän. Menem doňýüreklik etdim-de, saňa garaşman ýöräberdim. Ah, meniň sünbül saçly söýgülim! Seniň ýuwaş- ýuwaş menden yza galyp, başyňy sallap ädimleriň ädimleriňden geçmän gelýänine ýüregim gyýym- gyýym bolýardy.Nädip öýkäňi ýazyp, gussaňy unutdyryp bolarka, iň esasysy hem aramyza düşjek aýralyk hakyndaky pikirlerden seni niçik halas ederkäm? Şeýle ýagdaýda gidip barşymyza obamyzyň etegine geldik. Wagtal-wagtal gaňrylyp yzyma garaýan. Sünbül saçly söýgülim. Sen şol bolşuňy üýtgetmän, başyňy aşak salyp, tukat halda ýöräp gelýäň. Aramyz sesýetimden daş däldi. Şol wagt bugdaýly meýdanyň ortasyndan ötýän ýol bilen bezelip beslenme kemi galmadyk gelnaljy kerweni göründi. Bir hatara düzülip gelýän gyzylly-akly ulaglaryň çasly çykýan «düýtde-düýt» owazlary aýdym-saza meňzäp deňimden geçip ugranda bilniksiz bir gussa kalbymy gyýyp gitdi. Birden gapdalymdan hatar gurup geçip barýan gyzyl-ala şarlar, atgulaklar bilen bezelen gelnaljy ulaglaryň birirndenoklanan bir desse çemen bir pursat howada gaýdy-da meniň ellerime düşdi. Alabaharyň ysy bark urýan gül çemenini bagryma basyp durşuma tä sen yzymdan ýetip gelýänçäň butnaman durup saňa garaşdym, eý meniň sünbül saçlaryndan tümmül ysy kükeýän bilbil owazly söýgülim. Şatlyk-şowhunabeslenip, meniň kalbyma umyt oklap geçip giden gelnalyjy kerweniniň sesleri uzaklaşanda seniň aýak sesleriň arkamdan eşidilip ugrady. Sen golaýyma geldiň bugdaý meňizli mähribanym. Men hyrra yza öwrüldim. ymma aýak çekdiň. Başyňy galdyrayňda niredendir bir ýerden meniň ellerimde peýda bolan al-elwan güllere gözüň düşdi. Haýran galmakdan ýaňa ähli zady undup, ýylgyranyny duýman galdyň. Men elwan güllerden boglan toý çemenini saňa uzadýan. Sen entegem haýran galmakdan hem-de mährem duýgularyň täsirinden çykyp bilmän: «Bu güller nirden çykdy?» diýip, haýran galyp soraýarsyň sünbül saçlym. «Bu gül çemeni maňa hut päk söýgümiň özi berdi» diýip ýylgyrýaryn. Ine, şu pursatda meň üçin neneňsi gymmatlydygyňa düşünip galdym sünbül saçly söýgülim. Sylapberdi MUHAM. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||