13:50 Şundan-a ölen bolsamam gowy bordy / mini hekaýalar | |
ŞUNDAN-A ÖLEN BOLSAMAM GOWY BORDY
Hekaýalar
- Durmuşda iñ agyr gün nähili gün boldy? - Aytsam ynanmarsyñ. - Aýt hany, göreli. - Dostlarymy çagyrdym öýe. Gaty gowy taýýarlandym. Saçagyñ üstüni dagy şeýle bezedim. Barmak basara boş ýer goýmadym. Guşuñ süýdünem tapdym. Emma çagyrylan wagtda birçje dostumam gelmedi. Ana şol gün meñ üçin gaty agyr gün boldy. Dost, sende-de şuña meñzeş waka boldumy hi bir? - Boldy boldy. Yöne başga bir dostum hemmäni çagyrypdyr-da bir meni çagyrmandyr. Onsañ sopbaş özüm galyberdim ýekelik bilen. Iki dostuñ dialogy - Eeee-ýý, dost, men bar-a saña şeyle ynanýan. Uzak ýola aýalymy hem saña ynanyp goýberip biljek. - Estagfyralla, beý diyme dost. - Ýok, dosjan señ amanada hyýanat etmejegiñem bilýän. Saña kitabymam berip biljek. - Näme kitap? Gurhanmy? - Ýok-how, söwda edende algy-bergi depderime kitap diýýän-dä. Hasap kitabymy berjek diýdigim, hemme pullarymy berjek diýdigim. Garasaý sen tarhan! Saña hemme zadymy ynanýan. - Sag bol, dost sen maña gaty artykmaç baha berip goýbereñok dälmi? - Ýok. Men seniñ gaty arassa ahlakly, namysly ýigitdigiñi bilip hem guwanyp aýdyp durun bu gepleri. - Aýalymam ynanýan, hasap kitabymy pul-peçegimi hem ynanýan diýýäñ, birden bary tersine bolup çyksa näme? - Näme tersine bolup çyksa? - Aý ine meselem aýalyñy meñ bilen bir ýere ugratsañ. Onsañ gaýdyp gelenimizden soñ aýalyñ birhilije geñ häsiýetler çykaryp başlasa nätjek. - ... - Ýa-da hasap kitabyñy berseñ, menem rewizýa edenimde seniñ zyýanyña etsem, bankroda düşürsem. Pullaryñy dagy berseñ seni gaty lüt goýaýsam nätjek?! - Ýooo, dost, meni synajak bolma. Beýle bolgusyz zatlaram aýtma! Eger hakykatdanam saña ynanyp şeýle zatlar başyma geljek bolsa, goý gelsin. Barybir başga birinden aldanyp azara alandan, dostum kösesin meni. - Gel, bäri dost, seni bir bagryma basaýyn! Sylapberdi MUHAMOW. 21.11.23. Daşoguz. | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |