16:28 Süpük / satiriki hekaýa | |
SÜPÜK
Satiriki hekaýalar
Indi has gowy düşünip galdym, "süpük"* bir adamdan ybarat däl, biziñ hemmämiz ýeri gelende barypýatan süpük ekenik. Eger biziñ hemmämiz süpük bolmasadyk, aramyzdan munça süpükler çykmazdy. Her birimizde bolan az-owlak süpüklikler birigip, ynha, şu görşüñiz ýaly uly-uly süpükleri orta çykarýar. Çünki, süpüklik biziñ öz içimizde bar. Olary biz öz süpükligimizden döredýäris. Soñam öz süpükliklerimiziñ ýeke-täk bir uly Süpükde birigendigini görüp, oña gaharlanan bolýas. Bu süpükler hemme ýerde bar, biz süpükler nirede bolsak - olaram şol ýerde... Uly iş ýeriniñ aşakky gaty söwda merkezidi, ikinji gatynda bolsa ýazuw-pozuw işleri edilýärdi. Gyrçuw sakgallaryny üç ýyl öñ syrdyranam bolsa, sakgalsyz eñegine häzirem öwrenşip bilmändigi üçin, sakgalyny sypamak üçin elini her gezek uzadanda, sakgalyna eli ilmän birhili bolýardy. Üsti aýnaly stoluñ arkasyndaky towlanýan kreslosyndan öñe hemişeki ýaly bir aýagyny beýleki aýagynyñ aşagyndan geçirip goýupdy, aýagynyñ birini bolsa sallap durdy. Uly elsüpürgiji dyzyna ýazypdy, aram-aram bu elsüpürguç bilen ýüzüniñ, boýnunyñ, ýeñsesiniñ derini sylýardy. Döwrebaplaşmagyñ hajathana unitazy bilen ütüginden başga zadyndan zyýan görmedi. Ol hajathana unitazyna hiç öwrenşip bilmedi. Garynlakdygy üçin unitazda oturansoñ, agramyny saklamak kyn düşýärdi. Birem ütükden gönenenokdy. Aýagynyñ birini syrtynyñ aşagyna alyp oturmasa, ynjalyk tapmaýandygy üçin jalbarynyñ ütügi pozulýardy. Şonuñ üçin ütük bilen hajathana unitazyndan başga döwrüñ ösen tehnologiýasynyñ hiç birisi bilen arasy erbet däldi. Köpçülik ýerlerinde aýallara "Hanym" diýmegi öwrendi, galstugam dakynýardy, aý garaz!.. Galstuk dakynmak kyn düşýändigi üçin taýýar dañyly, ildirgiçli galstuk dakynýardy. Ol bu dünýäniñ işlerini ýola goýşy ýaly, o dünýäniñ işlerinem ýola goýdy. Döwrebaplaşmagyñ şertlerini nähili berjaý eden bolsa, yslamyñ bäş şertini-de berjaý etdi. Geçen ýyl hajy bolup geldi. Ýylda iki gezek bolýan dini baýramçylykda hökmany suratda metjide giderdi, hiç haçan baýram namazlaryny sypdyrmazdy. Iş-hysyrdlardan sypynan wagty, mahal-mahal juma namazlaryna hem giden wagty bolardy. Golastynda işledýän işgärlerine berýan aýlygyny zekat, döwlete berýän pajyny pitre, ýitiren puluny sadaka hasaplardy. Remezan aýlarynda yslamyñ dördünji şerti orazany berjaý etmese-de, horlanmak üçin berhiz tutup, agyz beklemek borjuny doldurmaga çalşardy. Emma yslamyñ bäşinji şerti bolan şahadat getirmekde rekord goýan bolsa gerek. Azyndan sagatda birnäçe gezek "kelemeýi şahadat" getirerdi, üstesine her gägirende "Estagpylla" diýmegi hiç unutmazdy. Geçen ýyl saçlaryny iñ gowy saç bejerýän maşynkada bejertdi. Başgabyny çykaranda aşagyndan ak tahýasyny hem çykarardy. Başgabyny stolunyñ gapdalyndaky diwardaky asgyja asardy, kellesindäki tahýasy bilen kreslosynda aýbogdaşyny gurup oturardy. Sakgalyny syrdyranyndan bäri, saçyny biraz uzaldandygy üçin indi tahýaly hem oturanokdy. Otagyñ dört diwarynda-da "Ýa Sabyr", "Erryzk-y alellah”, “Elkâsyb-ü Habiballah”, “Men sabere zafere”, “Ýa Hafyz" diýen ýaly ýazgylardan doldurylandy. Özem hiç tesbi sanamakdan ýadamaýardy. Ol elindäki kehribar** tesbisiniñ iri dänelerini şakyrdadyp, garşysyndaky kresloda oturan ýaş ýigit bilen gürleşýärdi: - Ýurtda beren sözünde tapylýan adam galmandyr. Bir söz berdiñmi, ölýänem bolsañ sözüñde durmalysyñ. Söz diýmek näme? Söz diýmek - namys diýmek... Bergimi şu gün üzerin diýip ant içip awy ýalaýarlar. Hany, nirede... Biz söz bermegi namys hasaplaýarys. Birisine pylança wagtdan pylan ýerde duşuşarys diýdikmi, rast, iki elimiz ganyñ içinde bolsa-da gideris. Söz bu, söz. Sözden dänmek bolmaz... Indi sözünde durýan adamam galmandyr. Öñler bular ýaly namyssyzlyk ýokdy. Allanyñ razylygy üçin biri kynçylykdan dynsyn diýip kömek edýärsiñ, aýdaly karz berýärmişim, ondan soñ yzyndan özüñ it ýaly ylgap ýörmeli. Eliñ bilen bermeli, aýagyñ bilen çöplemeli. Walla, sözünde durýan adam galmandyr!.. Ol sözüni heniz gutarmanka, gapdal gapydan eli telefonly kätibi göründi. Ol gelişine telefonda biri bilen gürleşip gelýärdi. Kätip telefonda gepläp oturan eşitmesin diýýän ýaly, trubkany eli bilen ýapyp: - Başlyk ependi, Hurşyt beý siziñ bilen görüşmek isleýär - diýdi. Aýbogdaşyny gurup oturan aýagyny çalşyryp: - Näme diýip görüşjekmişin meniñ bilen. Ýok diý, bärde ýok diý. Gabyr et, enesi ýalamadygy! - diýdi. Kätip telefonda gürleşip duran adamyna: - Hurşyt beg, ýañam bardy, eýýäm gidipdir... - diýdi. Telefondakyñ sözlerini diñländen soñra, ýene elindäki trubkany ýapyp: - Başlyk ependi, şu gün görşeris diýip söz beren ekeniñiz. Edil şu sagatda... Pul meselesimiş, pul berjek diýip randewu alanmyşyñyz. Ol tesbisini çalt-çaltdan şakyrdadyp gygyryp başlady: - Eý-hoo, ýok et diýdim-ä, nähil-aý sen?!. Syrkaw-pyrkaw diý. Birden syrkawlady diý, zat diý! Kätip elindäki telefonynyñ trubkasyny süýräp, gapyny daşyndan ýapansoñ, başlyk garşysyndaky oturan ýaş ýigide: - Ýeri, nirde galypdyk? Näme diýip durdum? - diýip sorady. Ýaş ýigit: - Bu zamanda hiç kim sözünde duranok diýip durduñyz... - diýdi. - Hä-ä, hawa. Şeý diýip durdum... Diñe sözmi? Alladan gorkmak diýen zat galmandyr. Bankirlik näme? Süýthorluk, arassa süýthorluk, özem kanuny süýthorluk... Haram diýýänem ýok, günä diýýänem ýok... Ahlak galmady, ahlak... Ýene gapy açyldy we ýañky kätip: - Ol işi sorap-idäp anygyna ýetipdirler - diýdi. Başlyk: - Haýsy işi? - diýip sorady. - Ýüz elli müñ lira karz soran... Ýigrimi bäş göterime çenli berýärmişin. - Şu döwürde ýigrimi bäş göterim bilen pul berilýärmi, oglum? Bar bolsa menem aljak... - Emma bu bary-ýogy alty aý üçin başlyk ependi. Başlyk sakgalynyñ ýoklugyny unudyp, ýene öwrenen endigini etdi-de, elini eñegini ýetirdi. Sakgalynyñ ýerinde ýoklugyny duýmagyñ gahary ýüzünden sowluşmanka: - Girewine goýjak jaýy bir oñly zatmy? - diýip sorady. - Hawa, binanyñ özi suwuñ içinde goýanda-da, bäş ýüz müñ çykarjak... - Onda bolýa. Allajan, bergisini üzüp bilmesin-dä, hernä. Kätip çekilensoñ başlyk gürleşip oturan ýaş ýigidine: - Näme diýip durduk? - diýip sorady. - Hiç kim Alladan gorkanok, ahlak galmandyr diýýärdiñiz. - Galmandyr haw-w-aaa... Diñe şomy näme? Ynsap barmy, ynsap? Olam ýok. Eý-hoo, giden ýurtda emel edilmedik ýekeje haryt tapyp bolanok. Süýt alýarsyñ, ýarysyndan köpüsi suw... Arassa suw diýip gaplanan suwlardan alýañ, hapa suw bolup çykýar. Ýüñden edilen diýen eşigi alýañ, pagta garylan keten bolup çykýar. Ynsanlarda ynsap galmandyr... Ýene gapy açyldy, añyrdan kätip göründi: - Başlyk ependi, iñ soñky tapgyr ugradan ýaglarymyzy seljeriş komissiýasy yzyna gaýtarypdyr. - Näme üçin? Kätip keseki adamyñ ýanynda aýtmak islemeýän ýaly ýaş ýigide bir seredip: - Neme... - diýdi. - Ýaglarda... - Garylan diýipmi? Bu gezek näçe göterip goşulypdy? - Öñki tapgyrda ýigrimi göterimdi, siz az görensoñyz, bu gezekde otuz göterim garyldy... - Tob-a-aa... Seljeriş komissiýasynyñ başlygyna näme berdiñiz? – Otuz müñ… – Tü-üüü… Indi düşündim, harydyñ näme üçin yzyna gaýtarylandygyna. Oñkam dogry. Bu döwürde otuz müñ lira näme bolsun?!. Jomart bolsañyzlañ, jomart... Biz näçe bersek, Alla hem bize şonça berer. Kätip, otagyna girenden soñ başlyk ýaş ýigitden sorady: - Näme diýýärdim-aý? - Ynsanlarda ynsap galmady diýipdiñiz... - Hawa.. Din-imanam galmady. Hiç kim o dünýäni ýada salmaýar. Garyp-gasaryñ aladasyny edýän ýok. Hüşür-zekat, pitre, sadaka berýän galmady. Mätäje bereñde-de kysmatyndan artyk bermeli dälsiñ, soñra mesirgär, hä-ää.. Alla oña nähili takdyr eçilen bolsa, şona görä bermelidir. Garyba kömek edýän galmady... Kätip gapdal gapydan kellesini uzadyp: - Bir hanym siziñ bilen görüşmek isleýär. - diýdi. Başlyk jogap berip ýetişmänkä iki sany aýal içeri girdi: Aýallardan biri: - Beýependi, Ýoksul çagalara hemaýat edýän guramanyñ adyndan haýyş bilen geldik - diýip, söze başlandan, başlyk: - Aýal dogan, häzir iş wagty, näme gerek bolsa, çalt aýt. Bir tonnadan aşak bolmasa ýüzden iki göterim kömek ederis. Ýoksul-moksul diýen zat, ondan aşak bolmaz. Atam gelse-de, bäş-on manat pul üçin göwnüne degmerin. Içerdäkilere aýdyñ, bererler... Beýleki aýal garyp çagalar barada bir zatlary aýtjak bolanyndan, başlyk: - Kelläñizi işlediñ-de, häzir alyñ - diýdi. - Meniñ etjek ýagşylygym şundan ybarat. Ertir näme boljagynyñ bellisi ýok, ýa bahalar galar, ýa haryt tapylmaz... - Ýöne biziñ haýyşymyz... - Estagpyrylla… Elimizde bary-ýogy iki dürli haryt galdy. - Satlyk harytlarymyzyñ elli liralygy-da bar, on liralygy-da... - Ýo-okk, ýok. Komissiýa düzdürip biljek däl. Bizde ýok. Aýallar çykansoñ, pyrlanýan kreslosyna ýazylan körpeçäni çekişdirip ornaşdyşdyr-da, ýaş ýigide: – Men näme diýip durdum? - diýip sorady. – Garyplara kömek edýän ýok diýýärdiñiz. - Hä-ä… Ýok, bolmanam… Ol elini ýok sakgalyna atyp, eñegini gysymlady-da: – Wyždan galmady, wyždan… - diýip haýkyrdy. - Parahorluk bar ýere ýaýrady. Hemme ýerde berim bilen ýol almaly. Para bermejegem bolup göräý, işiñ ugruna gidermikä? Gitmez. Hiç kimde wyždan galmady... Edil şol wagtam kätip gapyny açyp: – Germaniýa sargan harytlarymyzyñ konosamenti geldi. Harytlary daşabersinlermi? - diýip sorady. Başlyk kehribar tesbisini has gaty şakyrdadyp: - Garaşsyn - diýdi. - Mydam aýdýandyryn: gümrükde garaşdyrylan harydyñ her gün getirjek girdejisi artar. – Baş üstüne, başlyk. Teker lisenziýasynyñ çykmagy üçinem ýüz müñ lira soraýarmyşlar. – Ilki bir on müñüñ ujuny görkeziñ, soñuny görübereris... Kätip çekilensoñ: – Men näme diýýärdim saña? - diýip sorady. Ýaş ýigit: – Wyždan galmady diýýärdiñiz. - Ýalanmy? Ortada hiç zat galmady... Ahlakdan, namysdan, ynsapdan, merhemetden nam-nyşan galmady. Munuñ soñy gowluk däl... Ýurt çöküp barýar, çökerem... Elini eñegine ýetirdi, sakgalyny ýerinden tapmansoñ, tesbisini öñküdenem çalt şakyrdatdy. – Ahlak, namys, wyždan, merhemet, din, iman... hiç zat galmady! - diýip sesini gataldan badyna telefon jyññyrdady. Telefondan gelýän sesi eşden badyna, ýañky gygyryp duran özi däl ýaly sesem, ýüzem üýtgedi. Telefonda gürläp durany diñläp durşuna, arasynda dymyp, şeýle diýýärdi: - Salam, janym... Salam, geregim! Aýdyp otur! Estagpyrylla... Ýok, olar ýaly beterem ýaş bolmasyn... Ýaşajyk zatlar öwrenje bolýar, göwnüñi tapyp bilenok. Dullarda-da maza ýok garagöz, höwes bilen ýapyşanoklar, näçesini barlap gördük eýýäm… Sen meniñ aýdanyma görä tapjak bol, ärli bolsun, maşgalaly aýal hernäme-de bolsa... Nähili? Blondinkamy? Walla, ölýän-dä men, şolar diýip… Etli-ganly? Ine, onyñ bolýa... sen hemme zady taýýarla, men derrewjik barýan, janym... Görüşýänçäk, gülüm... Ol telefony goýdu-da, ýaş ýigide: – Näme diýip durdum saña? - diýip sorady. Ýaş ýigit: – Hiç zat galmady diýip durduñyz.. - diýdi. Ol ýerinden turdy we diwardaky asgyja asylgy başgabyny alyp durka: – Hawa, hawa - diýdi. - Hiç zat galmandyr… EZIZ NESIN. ("Zübük" romanyndan bölek) ______________________________________ *Zübük - öz peýdasy üçin hiç zatdan gaýtmaýan, halal-haramy saýgarmaýan adamlara berilen at. Käbir türk dilçileri bu sözüñ "zeýbek" sözünden ýasalandygyny aýdýanam bolsalar, bu pikir bizi şübhelendirýär, sebäbi "zeýbek" diýen söz "efe" (epe), ýa-da "kethuda" ýaly manylary berýär, ikinjidenem türkmen dilinde-de "zübük" sözi bilen meñzeş "süpük" sözüniñ duş gelmegi türki dilleriñ taryhyny öwrenijiler tarapyndan üns berilmäge we öwrenilmäge degişlidir. Mysal üçin, bizde-de haram keýpi üçin hiç zatdan gaýtmaýan, diñe çekjek keýpinden başga zady göz öñüne getirmeýän barypýatan neşekeşe "süpük neşekeş" (başga-da "süpük arakhor", "süpük jelep" we ş.m.) diýilýär. - terjimeçiniñ belligi.). **Kehribar - ýantar daşyndan edilen gymmatbahaly tesbih. Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |