11:43 Şygryýet we şahyrlar hakda kelam agyz | |
ŞYGRYÝET WE ŞAHYRLAR HAKDA KELAM AGYZ
Edebiýaty öwreniş
Käbir “edebiýata ýakyn adamlaryň” Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny ýöntem sýužetli, şygryýet gymmatlygy pes eser diýjek bolýan ýerlerine gabat gelipdim. Meniň pikirimç-ä ägirt roman. Türkmen edebiýatynda bolsa şygyr bilen şeýle uly göwrümli ýazylan ýeke-täk roman. Gurbannazar Ezizowdan, Annaberdi Agabaýewden, Halyl Kulyýewden, Ahmet Gurbannepesowdan, Orazguly Annaýewden, Nobatguly Rejepowdan, Italmaz Nuryýewden, Kerim Gurbannepesowdan, Berdinazar Hudaýnazarowdan, Atamyrat Atabaýewden, Çary Ýegenmyradowdan soňky, şu döwrüň türkmen şygryýetiniň, ýagny Seýitmyrat Geldiýewiň, Kakamyrat Rejepowyň, Suraý Babanyýazowanyň, Laçyn Pürjäýewanyň, Aşyr Hanowyň we beýlekileriň derejesinden “Söýgi” romanynyň stiline, ritmine, kapyýalaryna baha berjek bolmak – bu jyzmak bolýar. Edil, Deržawin bilen Lermontowam däl-de, Ýesenini, Blogy, Swetaýewany, Ahmadullinany, Wysoskiýni, Brodskini deňeşdiren ýaly. Her döwrüň öz edebi-çeper dili bolýar. Nurmyrat Saryhanowyň ýa-da Ata Gowşudowyň eserleriniň edebi-çeper diliniň Kömek Kulyýewiň eserleriniň diliniň derejesinde däldigi, olaryň häzirki döwürdäkem, öz döwründäkem ähmiýetini peseltmeýär. *** Şygyr näzik bolmalymy?! Ýa-da diňe proza (kyssa) durmuşyň dilinde, köçäň dilinde geplemeli-de, şygyr hakyky Melikelere mahsuslykda, diňe senemli-sonarly Çarbagyň bossanynda, gülleriň ysyndan beýhuş bolup, sähel şemala-da ülpüldäp duran köýneklerini sereşläp, gezen bolup ýörmelimi?! Her döwrüň edebiýatynyň öz sesi, her zamanaň şygryýetiniň öz akgynlylygy, kapyýasy, metaforasy bolýar. Mysal üçin, Maýakowskiýniň gunt düşen ýaly, onuň özi aýtmyşlaýyn: “çoýun setirler”, edil, şol döwürdäki jemgyýetçilik hadysalaryna laýyk gelen bolsa, hatda Puşkin bolanda-da, rus şygryýetiniň naýbaşy asyrynyň şygyrlary, geçen asyryň 17-20-nji ýyllarynda Maýakowskiýniňki ýaly döwrüň sesi bolmagyň hötdesinden gelip bilmezdimikä diýýärin. Sebäbi Oblomowlardan, Peçorinlerden soň özüniň alagaraňky geýimlerine, sypal başgaplarydyr çaklaňja hasajyklaryna duwlanyp, dekadans gelipdi. Dekadans bolsa - bu ilkinji nobatda, Çehowyň tukatlygy, Ýeseniniň owadan, näzik, gamgyn, nepis setirleri, Blogyň iňrik garalyp barýandaky süýtreňk garaňkylygy ýatladýan sözleri… …“Köçe, bildiriş, dükan...” ýa-da “Millionlar biz! Biz - tümen, tümen we ýene-de tümen...”… Swetaýewanyň humarly şygyrlarydy... Maýakowskiýniň setirleri bolsa, edil endam-jany gara der bolup, körükde ýanýan oduň ýalkymyna lowurdap duran ägirt uly, saçlary-sakgaly hüžžük demirçiniň mähnet ýekedabanynyň zarbyna demir sandalyň üstünde myžžaryp, biri-birine sepleşen, kapyýalaşan sözler ýalydy... Bu penjire-de döwrüň penjiresi... Loly dünýäniň syrtyndaky pohuny, öz pohuna garyp iýýän doňuzlar... (Kitapсy.com saýtynda goýlan Has Türkmeniň goşgusy). *** Magtymguly - Älem! Gurbannazar - Älem! Türkmen şygryýetiniň iki äleminiň arasynda-da ýyldyzlaram bar planetalaram, süýnüp geçip gidýän kometalaram, kosmos giňişliginiň tükeniksiz ägirtliginde göze görünmän galýan çaklaňja meteoritler hem... Deňeşdirme meselesinde bolsa filosofiýadan bir aksiomany hem-de bir durmuşy paýhasy agzap bolar: “Все познается в сравнении” we “О вкусах не спорять”. Özboluşly hem üýtgeşik şygryýet barada bolsa Saparmyrat Türkmenbaşynyň döredijiligini, Nobatguly Rejebowyň, Orazguly Annaýewiň, Çary Ýegenmyradowyň, Seýitmyrat Geldiýewiň, Mämmet Seýidowyň, Kerim aganyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligini agzamak bolar. *** Täze öwüşginler, kapyýalar, aýlawly metaforalar... Umuman şygryýete täzelik getirýän – şahyrdyr. Mysal üçin: Laçyn Pürjäýewa, Kakamyrat Rejebow, Aşyr Hanow, Has Türkmen, Seýitmyrat Geldiýew, Suraý Babanyýazowa dagylar... *** Gurbannazar Ezizow barada megerem, ondan soňky türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ýazmadygy, oýlanmadygy ýok bolsa gerek. Türkmen edebiýatynda Gurbannazar Ezizowyň fenomeni barada meniň şahsy pikirim: Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň edebi-çeper beýany, Edebiýat Tükeniksizliginde Täze Älem; Gurbannazar Ezizow hem şeýle. Magtymguly Pyragydan soň türkmen şahyrlarynyň hemmesi şonuň ýolundan ýörediler, Mämmetweli Kemine aýtmyşlaýyn onuň orup giden şygryýet meýdanynyň hoşasyny çöplediler. Gurbannazar Ezizowdan soň her bir türkmen şahyrynyň diýen ýaly döredijiliginde şonuň äheňlerini duýmak bolýar. Ol ýa-da beýleki bir derejede... Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynyň terjimesi barada bir zat belläsim gelýär. Mysal üçin: Düýşler Günde näçe düýş görülýär jahanda? Müňmi? Millionmy? Aslynda kim ony sanap bilipdir. Düýş bize gerekli iň zerur zatlaň Ýüzün açyp bilýän mümkinçilikdir. Towuk dary görermişin düýşünde, Asman ýeri görermişin düýşünde; Söýmedikleň görýäni söýülmedik bir juwan, Şäherleriň görýäni çyg basan uzak meýdan, Planeta şol aýlanar ýörermiş Hem düýşünde rahatlygy görermiş. Her kimiň öz iň zerur Düýşi bolýar. Geň zatlar! Geçen uly uruşdan gaýdyp gelýär düýşünde Ölen soldatlar. Terjimesi: Эзизов Курбанназар Сны Сколько еженочно видят снов: Сотни, тысячи, миллионы?.. Отзвуки неизречённых слов, Зеркала поступков несвершённых… Небосводу грезится земля, А земле — бездонность небосвода. Ночью бредят городом поля Или снится городу природа. Только матерям и вдовам сны Бесконечно дороги и святы: В грёзах возвращаются с войны Наяву убитые солдаты. Перевод с туркменского Анисима Кронгауза Dogry, şygyr, manysyny has anyk bermek maksady bilen terjime edilipdir. Ýöne, onuň asyl nusgasynda “aýdylmadyk sözleriň ýaňy”, “gaýrylmadyk işleriň aýnadaky salgymy”, “asmanyň düýpsüzligini düýşünde görýän zemin”, “gijelerine şäher bilen samraýan meýdan”, “tebigaty düýşünde görýän şäher”, “eneleriň we dullaryň düýşi”, “olaryň tükeniksiz gymmatlygy hem mukaddesligi” barada hiç hili sözler ýok. Dogry, asylky şygryň ritmi, gussaly pafosy birazajyk saklanyp galypdyr. Emma, hakdan içen şahyryň genial hem üýtgeşik setirleri adaty bir, öňem köp gaýtalanandygy sebäpli ýitiligini ýitiren setirlere öwrülipdir. Ýer bilen gök ýaly. Türkmen dilinde jadyly mukam bolsa, başga dile geçýär welin, adaty bir kapyýalaşdyrylan, bogun sany, sazlaşygy saklanan setirlere öwrülýär. Özem bu terjimeçiniň günäsi däl. Bu ýerde başga bir zat bar. Şahyryň şol setirleri ýazandaky başyndan geçiren duýgulary ýitýärmi nämemi... Terjimede bolsa, hany, “düýşleriň bize gerekli iň zerur zatlaň ýüzün açyp bilýän mümkinçilikdigi”, “düýşünde dary görýän towuk”, “söýmedikleň görýän söýülmedik bir juwany”, planeta, rahatlyk, her kimiň öz zerur düýşi hakdaky çuňňur pelsepeden doly setirleri?! Aslynda, bu goşgy diňe, ýönekeý bir, öňem köp gaýtalanan eneleriň we dul zenanlaryň uruşda wepat bolanlar baradaky agysymyka?! Ýok, asyl nusgasynda bu şygyr has çuňňur mana eýe. Üns berilse, hakdan içen şahyr “iň zerur düýşler”, “iň zerur zatlar” diýen sözleri ýönelige gaýtalamaýar. Bu şygyrda wepat bolanlaryň hakydasyny mukaddes tutmakdanam has aňyrda ýatan has uly ideýa bar: Uruş bu - Aýylganç bela! Unutmaň! Wepat bolanlar düýşleriň üsti bilenem bolsa size - nesillerine iň zerur zadyň parahatçylykdygyny ýatladýarlar! Gynandyrýan ýeri, hakdan içen şahyrlaryň setirlerini näçe güýçli terjimeçi bolanda-da, ene dilindäki ýaly “jadysyny” saklap galyp terjime edip bolmaýar. Ine şol hem, biziň Gurbannazarymyzyň dünýä meşhur bolmagyna biraz bökdençlik döredýär... Ýöne, Magtymguly Pyragynyň adynyň dünýä jar bolýan döwri gelip ýetdi. Gurbannazar neressäniň hem adynyň jahana doljak öz wagty bardyr-da... *** Şygryýeti haýsydyr bir diňe ýeke-täk öwüt-ündew, edep-terbiýe, dünýägaraýyş temalarynyň çygrynda çäklendirmek, dogram gelmez welin, mümkinem dälmikä diýýärin. Şygryýet – bu edil çyrpynyp, çar ýanyna urnup duran däli Umman ýaly bir zat. Ummanyň tolkunlarynyň diňe Aýyň, Günüň, Ýeliň hem-de Zemin togalagynyň dartyş güýjünden başga hiç zada tabyn bolman, islän ugurlaryna garşy urnuşlary ýaly, şygryýetiň tolkunlaram, bir görseň Dowzahy şekillendirse, birden Jennetiň keşbini çyzýar. Bir görseň aşygyň elindäki gargy tüýdüge dönüp hünibirýan zarynlasa, birdenem söweş depleriniň gümmürdisi bilen nagara dartyp başlaýar. Bir görseňem şygyr, Göroglynyň atyny ogurlan kempiriň töwereginde bökejekleýän masgarabaz şatyrlar deýin, gotazly sopbaçlaryny jyňňyrdadyp, hemmeleriň üstünden kikirdäp gülýär... Bularyň hemmesem gerek. Sebäbi haýsydyr bir ugra gabalan şygryýet, şygryýet bolmagyny bes edýär. Şygryýet – bu Tarhan Hatyn Melike! Ol tarhan. Islän zadyny beýan edýär, islän ugruna-da ýöreýär. *** Türkmen dilindäki dürli saýtlarda, esasanam kitapсy.com saýtynda eserlerini yzygiderli “Has Türkmen” tahallusy bilen ýerleşdirýän awtoryň şygyrlary barada şulary belläsim gelýär. Has Türkmeniň şygryýeti Maýakowskiýniň, Gurbannazar Ezizowyň sintezi ýaly bolup dur. Şol bir wagtda-da Ýewropa, rus şygyr düzüş äheňleri bilen birlikde gündogar şygrynyň sazlaşygy hem ýiti duýulýar. Täze, öň ulanylmadyk metaforalar, liriki gahrymanyň duýgusy bolsa edil daşy hamsyz ýalaňaç nerw damary ýaly ganjaryp durana çalym edýär. Ýiti ýazylýar. Goşgularyň setirlerinde sözleriň hem-de setirleriň özara sazlaşygy (ritmi) barada aýdylanda bolsa, täsin galdyryjy, gödeňsi lokgalygy syzmak bolýar. “Betnyşanlygyňam öz gözelligi bar” diýlişi ýaly gödeňsi tagaşyksyzlygyňam öz sazlaşygy bar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa okyjylaryň “gulagy” öwrenişýär-de, ol gödeňsi tagaşyksyzlyk barypýatan, aňrybaşy klassyky (nusgawy) nepislige öwrülýär. Mysal, Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Orazguly Annaýew... *** Adamlar, näme üçin Kerim agany (Kerim Gurbannepesowy) has köp okaýarlar? Oňa derek Orazguly agany (Orazguly Annaýewi) esasan edebiýatyň muşdaklary kän okaýar? Sebäbi, Kerim aga, aglaba köpçüligiň dilinde, adamlaryň agramly bölegini gozgaýan duýgulary hem pikirleri beýan edýär. Orazguly aganyň täsirine düşünmek üçin bolsa, Gurbannazar şahyryň aýdyşy ýaly, ilki: “million setir” okamaly. Şol “million setiri” okamagam zähmet. Ol zähmedem diňe söýüp ýerine ýetirmeli. Ýogsa ol zähmet Sizifiň daş togalaýşyna öwrülýär. Özüňe zor salyp näçe oka, näçe ýat tut, barybir Wladimir Wysoskiýniň reinkarnasiýa hakyndaky meşhur aýdymynda aýdylyşy ýaly: “şol baobablygyňa-da galarsyň”. Şu deňeşdirilenine çalymdaş ýagdaýlar türkmen edebiýatynda-da, dünýä edebiýatynda-da näçe diýseň bar. Mysal üçin, “Wagzy-Azat” bilen Pyragynyň şygyrlary. Ýa-da Pyragynyň sopuçylyk şygyrlary bilen dünýewi şygyrlary. Ýöne, edebiýatyň taryhynda “belent şygryýet” bilen “sada şygryýeti” utgaşdyrmagyň hötdesinden gelýän ägirtlerem kän. Mysal: Magtymguly, Zelili, Kemine, Mollanepes, Seýdi, Gurbannazar Ezizow, şeýle-de, Annaberdi Agabaýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Nobatguly Rejepowyň, Şähribossan Geldimämmedowaň, Seýitmyrat Geldiýewiň, Kakamyrat Rejepowyň käbir şygyrlary. *** Bir hekaýat bar: Oraz Ýagly Keýmir kör döwrüniň yz ýanlary Marydaky tekeleň hany-kethudasy bolupdyr. Ine bir gün şol Keminä sataşypdyr. Oň şorta adamdygyna-da il belet. Onsoň Oraz Ýagly: “Ýer-ow, molla Kemine, Magtymguly gökleňiň ekip giden şygyr meýdanyny orup bilýäňmi?” diýip degşipdir. Kemine-de gep alyp galjakmy? Jogap beripdir: “Wah, Magtymguly halypa, şygryýet meýdanyny ekipdirem, orupdyram. Bize diňe hoşasyny çöpläýmek galdy”. Soň ýene-de bir gezek gabatlaşanlarynda Oraz Ýagly şo gürrüňi ýatlap, ýene-de degişmek isläpdir. “Ýeri-how, molla Kemine, bu günler nädýär, hoşa çöpläp bilýäňmi?” diýse, onda Kemine-de aýdypmyş: “Wah, başymy galdyrman çöplejek-le welin, şu taýda bir oglanjyk teý aýaga çolaşyp, çöplemäge maý bermeýär. Özem bü oglanyň aýdasy gelýän zad-a juda kän welin, entek nädip aýtjagyny doly bilenok”... Soň Kemineden şol oglanyň kimdigini sorasalar, ol Mollanepes bolup çykypdyr ekeni... Anekdot: Ýaş şahyr uly joşgun bilen kärdeşine aýdýar: -Dos, men-ä ylhamym joşup, hasam gowy ýazyp başlar ýaly, Beýik Pyragynyň dogduk ülkesine zyýarat-seýle gidip geljek. Kärdeşi hüňürdäp, jogap berýär: -Gözel göwnüň. Ýöne ýazyşyňdan çen tutsaň-a, sen ol-a seýil edip gaýtmak ekeni, Garrygalaň gumuna suwa düşüp gaýtsaňam peýda etmezmikä diýýän...:-) *** Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň 2 tomunda 50 müň söz bar. Ondan başga-da gadymy türkmen sözleriniň düşündirişli sözlüginde-de, anyk bilemok welin, takmynan 25-30 müň söz bardyr. Diýmek jemi 80 müň söz bolýar. Bar, bilmeýänimiz, undulanam ýene-de 10 müň diýeli. Jemlesek 90-100 müň söz bolýar. Şolardan işjeň ulanylýanam takmynan 5 müňe golaý sözdür. Gündelik (köçe) dil-ä ondanam dar, garyp. Indi, şu uzyn “moh-moh” bilen diýjek bolýan “juk-jukym”, dildäki şol sözleň köpüsini (ýa-da az bölegini) köpümiz eşidýäs, bilýäs. Ýazýanlar, düzýänler mümkin boldugyndan şol sözleri sepläp, gelşirip, olary has aňa, ýürege ýetiji, duýgy gyjyklap, pikir oýaryjy edýärler. Ýöne birdenkä, haýsydyr bir düşnüksiz sebäbe görä, ýazýanlaň-düzýänleň arasynda täze bir zehin döreýär-de, ol şol köpe mälim sözleri öňki köpe aýan usullaň kömegi bilen däl-de, täzeçe, başgaça seplemäge, gelişdirmäge başlaýar. Ine şolam, söz seplemek sungatynda öň eşidilmedik täze heňi, täze owazy, täze täsiri döredýär duruberýär. Ýene-de diýenimi düşündirsem, Magtymgulydan öňem ýazýan kändi. Hatda onuň kakasy Döwletmämmet Azady hem ýazýardy. Ýöne, Magtymguly söz sepläp başlady – şygryň ruham, kaddy-kamatam üýtgedi oturyberdi. Elbetde: “şygryň kaddy-kamaty” diýenimde, ölçegi ýa-da topbagyň gurluşyny (murapbag, muhammes, museddes, gazal, rubagy, kasyda, mersiýe we ş.m.) göz öňünde tutmaýaryn. Soň Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji, Gaýyby, Magrupy...üýtgeşik ýazýan şahyrlar kän boldy. Emma, şygryň tebigaty bilen ruhy öňküligine durdy. Elbetde, ýigriminji asyrda türkmen edebiýaty Günbatar edebiýatyny özleşdirip başlanda, başgaça ýazylmaga başlanypdy. Ýöne, meň pikirimç-ä, şol ýazylanlar özgäňkini özüňkä adaptasiýa etmekdi, täzelik däldi. Emma, Gurbannazar geldi. Ýene-de şygryň zanny, mukamy, tebigaty üýtgedi. Ondan soň Nobatguly Rejep, Atamyrat Atabaý, Annaberdi Agabaý, Orazguly Anna bar. Soň Çary Ýegenmyrat. Häzir, ömürleri uzak bolsun, Seýitmyrat Geldi, Kakamyrat Rejep, Aşyr Han, Laçyn Pürjäýewa bar. Ýöne, kitapcy.kom saýtynda okanlarymdan Suraý Babanyýazowanyň öňki ýazanlarynda-da bildirýär welin, soňky şygyrlarynda-ha hasam şol duýulýar. Göwnüme bolmasa, söz seplemek sungatynda ýene-de nobatdaky bir gezek şygryň tebigaty, äheňi üýtgejek bolýan ýalymy? Ýa men ýalňyşýarmykam?! Şu sowal bilen bagly Puşkinde “Ädikçi” atly bir hekaýat-goşgy bar. Mazmuny şeýle: Suratçy örboýuna galyp duran adamyň suratyny çekýär-de, şol suratdaky ädigiň şekili barada maslahatlaşmak üçin, ädikçini çagyrýar. Ädikçä suratyň ädigini görkezýär. Senetkär ädik barada degerli pikirlerini aýdýar. Nakgaş onuň aýdanlary bilen ylalaşyp, suratdaky ädigiň şekilini üýtgetjekdigini habar berýär. Şonda “ýüz berilse iki ýüz soraýan” ädikçi, suratyň ýüz-keşbi, sypaty barada-da pikirlerini aýtmaga girişýär. Onsoň nakgaş oňa diýýär: “Dostjugym, ädikden ýokaryk baha kesmesene!”. Meňem diýjek bolýanym, belki menem: “ädikden ýokaryk baha kesjek” bolýandyryn?! Ýöne, şonda-da Suraý Babanyýazowanyň soňky döwürde (awt. 2020-2021-nji ýyllar) ýazan şygyrlary täsirli bolandygy üçin, pikirlerimi gepläp galaýyn diýdim. Zyýany bolmaz-la. *** Bilemok, belki özümiň bolup bilmänligim sebäpli, (nähili akmak eşidilýänem bolsa) akýürekli, tämiz bahyllyk bardyr. Ýöne, “şahyr” diýlende adatça, tolkun atyp duran, pessaýrak gaýly, gomlaryny eýläk-beýläk oklap-gapdy oýnaýan Mähnet Umman göz öňüme gelýär. Hamana, şol Umman – Şygryýet Ummanymyş. Şahyrlar bolsa, şol Ummanyň gomlaryny “eýerlän” serfingistler. Umman çyrpynyp, äpet gomuny kenara sürýär. Suw bilen Topragyň ebedilik gapma-garşylygynyň hatyrasynamy ýa-da başga bir, diňe özlerine aýan, özgelere güman sebäpdenmi, aýrylmaz hemrasy hem ganym garawuly Kenara hüjüm edýär. Şol pille-de, serfing tagtasynyň üstünde ýüzin ýatyp, Kenardan tolkuny “tutmak” üçin, gulaçlap ýüzüp barýan göwrä gözüň düşýär. Ummandyr Kenaryň, öz üstüne sürnüp gelýän äpet Tolkunyň ýanynda ojagaz göwre kindiwanja. Göwnüňe bolmasa, öz gursagynda Ummanyň ähli gazabynam, kuwwatynam jemläne çalym edýän Gom ony düýrläp holtumyna dykaga-da, ýuwdup, mynjyradyp, gark edip taşlaýarly görünýär. Emma, birdenkä şol gaýratly göwrejik, tagtasynyň üstünde dikelip, örboýuna galýar-da, Tolkuny eýerleýär. Astynda däli Umman. Depesinde tükeniksiz Mawulyk. Arkasynda Kenar. Alnynda Gözýetim. Gollaryny ganat deýin, giň gerýär-de, Tolkunyň badyna hem ugruna, tagtajygynyň üstünde leňňer atyp, haýsydyr bir näbelli alyslyga garşy myçyp barýar, uçup barýar... Şol pursadam gözüňe şol tagtajykdyr, oň üstünde hallan atýan göwrejik äpet Tolkunyň däl-de, tersine, şol Tolkun şol göwräň erkine tabynlykda, oň süren ugruna sürünýän ýaly bolýar. Belki şeýledirem... Indi, meň göz öňüme getirişimçe, bujagaz allegoriýaň manysy: Umman – bu Şygryýet (Döredijilik); Serfingist – Şahyr; Serfing tagtasy – Şahyryň zehini, hyjuwy, yhlasy, zähmetsöýerligi; Tolkun – Jemgyýetiň pikiri, duýgusy, aňy, kalby; Kenar – Durmuş, ykbal; Gözýetim – Şahyryň ynanjy, uýýan zatlary; Mawulyk – elýetmez arzuw, ideal... Indi, özi “Kenarda galyp” diňe “hakyky serfingistleri” gözigidijilik bilen synlamagy halaýan, Puşkin aýtmyş: “ol-bu zatlary eýdip-beýdip öwrenen” biri hökmünde, şu allegoriýany getirmek bilen diýjek bolan zadymy aýdaýyn: Hakykatdanam “serfingist” bolup, şeýle “Tolkuny” “eýerlemek” bagtyna-da, ýüküne-de her bir söz sepleýän mynasyp bolup bilmeýär. Ýöne, şol däli Ummanyň Tolkunyny eýerläniňden soň, başarsaň, ondan düşmejek bolmalymyka diýýän. Elbetde, “Tolkundan düşüp, täze Tolkunam eýerläp” bolar-la welin... *** Özüm üçin türk şahyry Jan Jüjeliň “25 ýaşly, 35 ýaşly, 40 ýaşly we bugünki men” atly goşgusyny okap bir zady belledim – öň diňe pars dilini şeýle owadan, gulaga ýakymly, mukama meňzeş tüýs şygryýetiň dili diýip hasap edip ýördüm welin, türk dilem gaty owadan, şirin dil ekeni. Ýa, biziň dilimizdäki Magtymgulyň, Zeliliň, Mätäjiň, Gurbannazaryň goşgulary, beýleki milletler üçin şoň ýaly süýji owazly eşidilýärmikä?! Belki öz dilimize halys gulagymyz öwrenişendir?! Sesli oýlanma hökmünde: Şygyrda minimalizm: Pro et contra Öz-özüme: - Ilki bilen düşünjek bolaly: Şygyr näme? Impuls. - Gepbaşy edinen minimalizmiňe eýerjek bolup, ölüp ýatman, sähelçe giňişleýinräk aýtsaňam, begenjimizden öler öýtme! - Impuls-da. Şol sanda pikiriňem, duýgyňam impulsy. Edil tüm-garaňky tomus gijesinde, ümmülmez ýaz sährasynda, ýyldyzlary gyrpyldaşýan asman gümmeziniň astynda ýanyp duran alawdan syçran uçgun ýaly, bir “ýylp” etdi-de, okanyň (okaýanyň, okajagyň) göwnüni ýagtyldyp goýberdi. Bolany. Döreýşi bilen sönşüniň arasy göz açyp-ýumasy salym. - Näme: “ýylpyldansoň yzsyz-tozsuz ýitip gidýä” diýjek bolýaňmy? - Ýo, gepi çepbesine çöwürjek bolup dyzap ýatma. Düşünmeýän bolsaň özüňden gör. Şygryň ähli jadysam şol dem salymlyk ýylpyldysynda ahyry. Çary Ýegenmyrat neressäň aýdyşy ýaly: “hiç zat ýitmeýä, diýýä himiýa...”. Şygram, hakyky şygyr bolanda, hut şol sähel pursatlyk ýylpyldysy bilen göwünleri ýagtyldyp sönende, eýýäm ýagtyldan göwnünde öz nurjagazyny galdyrmaga ýetişýär. - Düşnükli. Ýöne, bu aýdýanlaňda minimalizm kaýda? - Temaň jylawyny özüň ýoldan ýaba sowduň-da, indem meni günäleýäňmi?! Gürrüňi öňki hanasyna dolasam, “impuls” diýmegiň özi özeninde, zanny-ýasawynda gysgalygy, sähel pursatlygy saklaýar. Şygram şoň ýaly. Ol dörän badyna minimalizmiň bagryndan önen perzendi. Kyssaň minimalizmi näçe gysby bolsa-da ony barybir şygyr bilen deňäp bilmersiň... - Näme üçin? Ine, nebir-nebir tom-tomluk... - Dur, dur. Näme diýjek bolýanyňa düşünýän. “Göterer ýaly däl, has dogrusy okap-okap-okap soňuna çykmaga sabryň ýetmejek “çoýun setirlerden” sepläp, küt-küt jiltlik poemalar ýazýanlaram ba” diýjek bolýaň. Bärde olaň gürrüňi däl. Poeziýasy, şygryň tebigatyna şap bolýan setirler barada kelamlaşylýa. -Onnoň? -Onnoňy şo. Hakyky şygyr, islese-islemese minimalizme eýerýär. Hemingueýiň alty sözlük hekaýajygyny ýa-da beýleki sanaýmaly sözlüje kindiwanja hekaýalary göz öňünde tutmaňda, şygyr iň gysgajyk kyssaň üç-dört sahypada beýan etjek duýgusyny, pikirini, ideýasyny, ynanjyny, hasratyny, şatlygyny, aşyklygyny-magşuklygyny, tragediýasynam, komediýasynam, aňry gitse üç-dört topbaga sygdyrmagyň hötdesinden gelmeli. Şeýlelikde, şygyr eýýäm minimal göwrümli (ýa-da möçberli) dünýä inmäge mejbur. Onsoň, dünýäde islendik närsede bolşy ýaly, şol bolşuna-da ony hasam minimallaşdyrmagyň oňyn taraplaram bar, amatsyz taraplaram. Oňyn tarapy: Gysbylygy, ýaldur-ýuldur bezegsizligi, edil hamy sypyrylyp, trepanasiýa edilen kelleçanakda beýniň aksowult-gyzgylt halda ýalaňaçlanyp ýatyşy ýaly, minimalizm usulynda ýazylan şygram – öz mazmunyny, özenini, hiç hili artykmaç duýga, owadanja “jäjek” sözlere bukman, açyp görkezýär. Amatsyz tarapy: Şablondan çykýar. Bu bolsa endikli köpçülige ýaramaýar. Klassyky formalara eýik bolan köpçülik, şeýle şygry ýa düýbünden kabul etmeýär, ýa-da kynlyk bilen, müňlerçe näz-kereşme bilen kabul edýär. Düşünmek üçin okumyş okyjysynyň, has dogrusy estet okyjysynyň – şygryýeti güýmenje däl-de, hyjuw hökmünde kabul edýän okyjysynyň bolmagyny talap edýär. Oň ýaly okyjyň bolsa, hany, nirede: “Me saňa, näçe gerek bolsa, göterip äkidip bileniň özüňki?” diýip, hiç kese gerekmez, isledigiňçe çaşyp ýatan ýeri barmy? Galyberse-de, bu usulda ýazmak hem-ä aňsat, hemem kyn: Aňsatlygy, kähalatda ýazýanyň özüne-de samyrdama ýaly bolup görünýär. Her bir kapyýany kebşirlejek bolup, kän kelle döwmek zerurlygy ýok. Kelläňe gelenini sähel taraşlap, eňteribermeli. Ne saňa bogun ölçegi badak atýar, ne-de setiriň içki ses, äheň ritmi. Kynlygy, aňk etmek kyn, köpe düşnükli etmek kyn, şygryň klassyky formalaryndan tapawutlylykda, kän oýlanylyp, ölçerilip-dökülip ýazylman, adatça, özüniň impuls zannyna laýyklykda, duýgy impulsy bilen ýazylýandygy sebäpli, setirler kagyza geçirilende, özüňe jylaw salmak, zehiniňe badak salmak we şonuň netijesinde-de ýazýan zadyň däliň samyrdysyna däl-de, esere “meňzemegini” üpjün etmek kyn. - Onna, nä, şygryň owalbaşda zanny minimalizmiň laýyna eýlenen bolsa, öňem gysby zadyň örüsini hasam daraltmak zerurmy?! - Hökman gerek. Sebäbi, birinjiden-ä edebiýat näme bilen baý, gyzykly? Köpdürlüligi bilen. Ikinjidenem, eksperiment, gözleg ýok ýerinde kämilleşmek kaput. Üçünjiden, her gülüň öz ysy bar. Dördünjiden, minimalizme eýerilip ýazylýan şygyrlar şowly çykanda, olar ynsan paýhasynyň kwintessensiýasyna öwrülýär. Sadaçalasaň, nakyla, tymsala. Wessalam, oýlanma tamam. *** Ha goşgy bolsun, ha kyssa, ha-da sungat eseri – çeper eserleriň häsiýeti şonuň ýaly – aýdylan (ýazylan) zatdan aýdylmadyk (ýazylmadyk), ýöne göz öňünde tutulan hem-de okyjyň (tomaşaçyň) özüniň düşünmeli, duýmaly zady köp bolýar. Munuň sebäbem – alymlar: “Ynsan beýnisiniň diňe 10%-i işleýär, galan 90%-i uklap ýatyr” diýip aýdýarlar. Diýmek, adamyň beýnisiniň “oýa” böleginden şunça üýtgeşik zehinler – miweler önýän bolsa, onda oň “ukudaky” böleginde, gör nähili ukyp-başarnyklar gizlenip ýatandyr? Döredijiligem ynsan beýnisiniň naýbaşy miweleriniň biri bolany üçin, belki, döredijiligiň islendik “miwesinde” aç-açan zatlar-a 10%, pynhan, ýöne “aç-açanyndan” has gyzykly, has düýpli zatlaram 90%-dir?! Elbetde, ynsanyýetiň döredijilik işiniň esasy görnüşleriniň biri bolan şygryýet – şygyr düzmek sungatam, adamzat işjeňliginiň islendik görnüşi ýaly, şu günki güne çenli yzygiderli özgerip, üýtgäp gelýär. Kämillikmi, dälmi? Bu başga gep. Ilkinji nobatda-da, haýsydyr bir zadyň gadymky görnüşiniň ýa-da şu günki şekiliniň kämillikdigi ýa-da dälligi, şol zady synlaýanyň, okaýanyň – umuman, ol ýa-da beýleki bir görnüşde özleşdirýäniň şahsy kabul edişine bagly. Şygryň has irki döwürlerde, esasan kapyýasyz, içki sazlaşyksyz (ritmsiz), bogun ölçegsiz, setirgurluş galypsyz bolandygy hemmämize mälimdir. Günbatar edebiýaty öwreniş ylmynda, şeýle goşgulara, ýagny ak goşga, erkin goşga, mynajat goşga – “dosillabiki goşgular” ýa-da “dismetriki goşgular” diýlipdir. Kapyýaly, içki açyk bogun – ýapyk bogun ritmli (sazlaşykly), bogun we setir ölçegli goşgulara bolsa, “sillabo-toniki goşgular” diýlipdir. “Sillabo-toniki” adalgasy, “συλλαβή (syllable) - bogun” we “τόνος (tonos) - basym” diýen grek sözlerinden gelip çykýar. Elbetde, dosillabiki goşgulardan tapawutlylykda, sillabo-toniki goşgular, uzak wagtyň dowamynda dosillabiki (dismetriki) goşgulardan, şygryýetiň has kämil görnüşi diýlip ykrar edilipdir. Muňam sebäbi öz-özünden düşnüklidir. Sebäbi sillabo-toniki goşgular: 1. Ýeňil we akgynly okalýar; 2. Nepis hem şüweleňli sözlerden, setirlerden, jümlelerden ybarat; 3. Aňsat ýatda galýar; 4. Dismetriki goşgular, çala sepleşdirilen, tagaşyksyz owadanlanan adaty gürrüňe çalym etse, sillabo-toniki goşgular, ilkinji setirinden özüniň akgynly okalyşy, heňe çalymdaşlygy bilen özüniň çeper döredijiligiň miwesidigini, ýagny şygyrdygyny bildirýär. 5. Distmetriki goşgyň “heňini” (mukamyny) duýmak juda kyn, aglaba köp ýagdaýda bu “heň” onda ýogam diýen ýaly. Adamyň beýnisi bolsa ýakymly owazyň – heňiň müdimilik ýesiri. Şoň üçinem ol sillabo-toniki goşgyny has içgin seslenme bilen kabul edýär. Mysal üçin, sallançakda üwrelýän garny dok bäbejigiň ejesiniň hüwdüsini diňleýşi ýaly. Dismetriki goşgy bolsa, aglaba köp ýagdaýlarda adamyň beýnisine edil agyr rok, hewi-metall ýa-da psihodeliki rok sazyny diňlän ýaly täsir edýär. Ýöne, sillabo-toniki goşgynyň häzirki döwürde bir kemçiligi bar – Onda eýýäm ençeme asyr bäri ýazylan hakdan içen hem ajaýyp şygyrlar şeýlebir köp welin, şeýle galypda we görnüşde şygyr ýazyp, adamlary aňk etmek, haýrana goýmak üçin Hudaýtarapyn juda üýtgeşik, hakdan içen zehiniň bolmaly. Sebäbi şol giden genial şygyrlaryň içinde, öz setirleriň göwher kimin ýalpyldap durmagy üçin, halkyň seniň setirleriňi toýunda şatlygyny ýaýmak, ýasynda-da hasratyny egismek üçin hiňlener ýa-da hümürdär ýaly etmek üçin... Umuman, men-ä bilmedim, näme etmelidigini... Ýöne, şuny şeýtmegi öz döwründe Magtymgulydan soň Zelili başarypdyr, Seýdi başarypdyr, Kemine başarypdyr, Mollanepes başarypdyr... Soňra olardan soň Kerim Gurbannepes başarypdyr, Berdinazar Hudaýnazar başarypdyr, Annaberdi Agabaý, Atamyrat Atabaý, Orazguly Anna we beýlekiler başarypdyrlar... Gurbannazar Eziz hakda-ha sözem ýok. Özbaşyna özi bir giden – Şygryýet Älemi. Ýa-da Maýakowskiý dismetriki goşgyň gödeňsizligini sillabo-toniki goşgyň nepisligi bilen utgaşdyryp, üýtgeşik bir stili emele getirmegiň hötdesinden gelipdir... Ýene-de bir bellemeli zat: Dismetriki formalaň birinde goşgy ýazanyň hem-de syrly, matally jümleleri ulananyň bilen-ä bada-bat – tutuş Adamzat siwilizasiýasynyň aňrybaşy tükenen genial şahyry bolmaýaň. Edil şoň ýaly, sillabo-toniki formada goşgy ýazmanyň bilenem poeziýaň ýüzüne “köz basdygyň” bolmaýar. Poeziýa – bu adatça, diňe forma ýa-da kapyýa bagly däl-de, adamlaň göwnüne aralaşyp bilşiňe, şolaň duýýan duýgularynyň “jarçysy” hökmünde çykyş edip bilşiňe bagly bolaýmasa. Çürt-kesik gutarnyklylyk bolsa – diňe ölümde bar. Sebäbi diriligiň başlanýan pursatyndan başlap, tä ol tamamlanýança gutarýan zat ýok. Döredijilik meselesinde bolsa, hatda şondan soňam hiç zat tamamlanmaýar diýen ýaly. Sebäbi awtoryň amanadyny tabşyrany bilen oň döreden zatlarynyň kazasy dolmaýar ahyry. Hatda: “ikinji, üçünji...on ýedinji derejeli” diýilýän eserler babatda-da şeýle. Sebäbi köpçüligiň ykrar etmedik eserleriniňem okyjylary, seljerijileri tapdyrýar. Alymlar, edebiýatşynaslar, talyplar, edebiýatyň ölemenleri – garaz, ýazylan zat, az bolsun, köp bolsun, okalman galmaýar. Onsoňam döredijilik çuňňur subýektiw häsiýetli bolandygy üçin oňa obýektiw baha bermek düýbünden mümkin däl. Hatda, özleri ykrar edilen awtorlaram beýleki biriniň döredijiligi hakda ýalňyşyp bilýärler. Mysal üçin, Marina Swetaýewa, Anna Ahmatowa, Wladimir Maýakowskiý, Iwan Bunin, Aleksandr Blok dagylar Sergeý Ýeseniniň döredijiligini halamandyrlar we ony: “mähelläň gysga wagtlaýyn şüweleňinden peýdalanmagy başaran şahyrsumak” hasaplapdyrlar. Ondan bäri 100 ýyla golaý wagt geçdi – S.Ýesenin eýýäm rus edebiýatynyň klassigi, dünýä belli şahyr. Başga-da şoň ýaly, howul-hara baha kesmeleriň uzagyndan puja çykmasy örän köp bolupdyr. Ýa-da tersine, öz wagtynda Karamziniň sentimental kyssa eserleri rus okyjylarynyňam, Ýewropa okyjylarynyňam arasynda şowhun turzupdyr, ürç edilip okalypdyr. Häzir bolsa, Karamziniň döredijiliginiň rus orta mekdeplerinde-de, ýokary okuw mekdeplerinde-de öwrenilýändigine garamazdan, onuň näçe okyjysy barka? *** Köp adamlaň seniň ýazýan “öz göwnüňe jaý eserleňňi” kabul edip bilmezligi, saňa, seni gozgaýan zatlara, seniň janyň-teniňden, ähli özüňden syzdyryp aýdýan zatlaňňa düşünmezlikleri – bu tebigy hadysa! Jemgyýetde: “paradigma” diýen bir düşünje bar. Göni manysynda, bu adalga (termin), ýeke agyz sözde aýdaňda, jemgyýetiň belli bir döwürdäki köpçülikleýin aňynda (коллективное сознание), aňyýetinde (идеология), dünýägaraýşynda (мировозрение) agalyk edýän, esasy, baş pikiri aňladýar. Şeýlelikde ortatap şahsyýet (indiwidium), hernäçe akylly, bilimli, zehinli, ylymly, dünýägaraýşy giň, edepli-terbiýeli bolsa-da, ol öz ýaşaýan döwründe, öz ýaşaýan jemgyýetiniň paradigmasyndan, paradigmanyň çarçuwasyndan “böküp” daşyna çykyp bilmeýär. Näme üçin?! Çagalykdan alan edep-terbiýesi, ýaňky ýokarda agzalan: “bilimgähligi” (şol sanda “köpbilmişligem”:-)), onuň dogup-döräli bäri aňly-aňsyz (özi düşünip-düşünmän) özleşdiren medeni skriptleri (durmuşy ssenariýasy, özüňi alyp baryş algoritmi), ganyndan geçen endiklerdir-häsiýetler, aňyna ornaşan mentalitet, dünýägaraýyş oňa şol paradigmadan çykmaga päsgel berýär. Sebäbi adamyň aňynyň kadaly hereket etmegi, onuň durnukly ýaşamagy üçin, daşyny gurşaýan dünýä-de, içki özüni duýşam, oýlanyşam tertipli hem düşnükli bolmaly. Şol tertip bilen düşnükliligi bolsa, hemmeler (ýa-da aglaba köpçülik) üçin ortalyk düşnükli hem hökmany bolan, şeýle-de hemmeler (ýa-da aglaba köpçülik) tarapyndan “dürs, dogry” diýlip ykrar edilýän paradigma üpjün edýär. Bu akyl satmalaň “özboluşly (täzeçil, üýtgeşik)” ýazyş stiline näme dahyly bar? Mysal üçin, bu aýdylanlar goşgy babatda ulanylanda, häzirki döwürde, takmynan milady ýyl hasabynyň VIII-IX asyrlaryndan bäri adamzadyň aglaba köp bölegi şygyr sungatynyň naýbaşy “miwesi”, usuly hökmünde sillabo-toniki, ýagny mese-mälim kapyýaly, içki bogun sazlaşykly, bogun we setir ölçegli goşgy formasyny ykrar edip gelýär. Hut şol goşgy formasynam aglaba köpçülik şunça asyrlar bäri kämilleşdirip, ýonup gelýär (ondan öň dismetriki goşgyň has ýörgünli bolandygy bolsa başga gep). Şeýlelikde, jemgyýetleriň aglaba köpüsiniň şygryýet paradigmasyny iki agyz sözde beýan etseň, şu aşakdaky ýaly kwintessensial kesgitleme emele gelýär: Goşgy — bu kapyýaly, içki ses sazlaşykly (ritmli), bogun we setir ölçegli söz düzümi (jümleler). Şu häsiýetli alamatlary bolmadyk jümleler — goşgy däl. Ine şu paradigma-da, biziň okyjylarymyza täzeçil ýazylan goşgulary (werlibr, prozadaky goşgy we ş.m.) doly, käbir ýagdaýlarda bolsa, hatda kem-käsleýin kabul etmäge-de päsgel berýär. Sebäbi şeýle formadaky (galypdaky) goşgular, biziň okyjylarymyzyň köpüsiniň edebiýat, şygryýet paradigmasyna laýyk gelmeýär. Onsoňam, munuň ýaly, ol ýa-da beýleki bir eseriň okyjylar tarapyndan kabul edilip bilinmezligi, olaryň edebiýat paradigmasyna çapraz gelmegi, diňe bir ýazylan eseriň formasy bilen baglylykda däl-de, onuň mazmuny, ideýasy bilen baglylykda-da ýüze çykýar. Şahsy pikirim: Edebiýatda we sungatda bir täsin hadysa bar ekeni — jemgyýetiň edebiýat paradigmasyna laýyk gelmeýän hem-de şol paradigmanyň özgermegi üçin we jemgyýetiň aňynyň özgerişiniň indiki tapgyry üçin gönezlik bolup hyzmat etjek eserler, diňe özleri ýazylyp, adamlaň dykgatyna ýetirilenden 50-100 ýyldan soň, aglaba köpçülik tarapyndan ykrar edilýän ekeni. Dogry, käbir seýrek bagtly ýazarlaram adamzadyň taryhynda bolupdyr. Şeýle bagtyýarlaň ýazan zatlary, ýazylan pursadyndan soň kän wagt geçmänkä, adamlaň aglaba köpçüliginiň ünsüni çekip, jemgyýetiň şol döwürdäki ideologiýasyna, dünýägaraýşyna ornaşmak bijesi çüwüpdir. Şoň üçinem, “ýürekden çykan söz ýüreklere ýol tapar” diýlişi ýaly, şu pursatda ýazanlary okyjylar tarapyndan ykrar edilmeýän ýa-da ret edilýän ol ýa-da beýleki bir awtoryň “janyndan syzdyrýan” setirleri, uzagyndan öz möwritinem, okyjysynam taparmyka diýip çaklaýaryn. Wagt hemme zady ýerbe-ýer goýýar. Meň şahsy pikirim bolsa, goşgy diňe forma ýa-da ýaldyr-ýuldurja, owadanja, gelşiklije jümlejik – sanawaçjyklar däl. Ol – janyň-teniňden syzdyryp aýdylan, öz şatlygyňam, gam-gussaňam, kyn hem iňňe bilen guýy gazan dek gözlegli we hupbatly pikirleňňem, oslagsyz “aýanlyk” deý aňyňa “inen” täsin açyşlaňňam... – özgeler bilen mugtuna, keýpine, hiç zat hantama bolman paýlaşmak. O ukyp-başarnyk bolsa ýazýan adamlaň käbirinde bar, aglaba köpüsinde ýok. Onsoňam şygry samrama deňäp, ony kemsitjek bolmagam, ýöntemlik ýa-da poh içinden monjuk gözläp, köpbilmişsirän bolmagyň bir görnüşimikä diýýän. Sebäbi ýene-de şahsy öz pikirime görä: Şygyr — bu samrama! Älem samraýar — setirler bilen… Älem samraýar — dili bilen “şahyr” diýilýän düňläniň… Samraýar Älem, öz dilinde… Gaýrat ediň, diňläýiň! *** Awtoryň sözi onuň dodagynyň aňyrsyndaka onuňky! Söz awtoryň dahanyndan (ýa-da: galamyndan) sypdygy, ol oňky bolmagyny bes edýä. Şondan soň aglaba köp ýagdaýlarda, eserde aýdyljak bolunýan pikir, awtoryň aýtmak islegine, göz öňünde tutýan manysyna däl-de, okyjynyň kabul edişine, okaýşyna bagly bolýa duruberýä. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |