19:27 Syrly mikrobiologiýa jenaýatlary | |
SYRLY MIKROBIOLOGIÝA JENAÝATLARY
Geň-taňsy wakalar
2020-nji ýylyñ 2-nji maý güni. ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatynyñ Pittsburgh şäheri. Polisiýanyñ rasiýalarynda McKnight Roadyñ bir çetinde Elm Ct-däki "The Mews of Town North"-da atylyp öldürilen iki sany erkek adamyñ jesediniñ tapylandygy barada howsalaly habar ýañlandy… Olaryñ biri öýünde otyrka kellesine, boýnuna we kükregine degen okdan ölüpdi. Beýlekisi şol öýe bir kilometr daşlykda duran awtoulagda kellesinden atylyp öldürilipdi. Öýünde jesedi tapylan kişiniñ otuz ýedi ýaşly hytaýly bolup çykmagy metbugatyñ ünsüni özüne çekdi. 11-nji sentýabr teraktyndan soñ ABŞ-da musulmanlara garşy gönükdirilen jenaýatlar artypdy, bu-da şolardan birimidi? Hawa, hawa... Tramp her gün diýen ýaly koronawirus sebäpli Hytaýy günäkärlemärmi näme?!. Şondan soñ käbir ýerlerde “gyýyk gözlülere” kast edilip başlandy… Ölenleriñ biri kömekçi dosent bolup işleýän Bing Liu diýen bir hytaýlydy… Işleýän ýeriniñ nirededigi belli bolansoñ-a işler hasam bulaşdy: Ol Pittsburg uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ kompýuter tehnologiýasy we ulgamlaýyn biologiýa bölüminde mikrobiolog bolup işleýärdi! Hasam beteri: onuñ işleýän ugry “SARS-CoV-2”, ýagny koronawirus! Ol infeksion komplikasiýalaryñ öýjükleýin düýp gurluşyna degişli möhüm açyşlary etmegiñ öñüsyrasynda durdy… • TÜRK PROFESSORY Professor Iwet Bahar... 1957-nji ýylda Stambulda dünýä indi. Bosfor uniwersitetini tamamlandan soñ, şol uniwersitetiñ bakalawr derejesini gorady. Fizika-himiýa ulgamynda doktorlyk dissertasiýasyny gorandan soñ, polimer fizikasyna gyzyklandy. 1986-njy ýylda Stambulyñ Tehniki uniwersitetinde assistent bolup işe başlady. Bosfor uniwersitetinde professor derejesine ýetdi. UNESCO-nyñ ýörite kursuny tamamlap, ABŞ-na gidip, ylmy-barlag işlerini şol ýerde dowam etdirdi. Molekulýar biologiýada täze sepgitleri gazanyp, ABŞ-nyñ iñ öñdebaryjy alymlarynyñ hataryna girdi... 2004-nji ýylda Pittsburg uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ kompýuter tehnologiýasy we ulgamlaýyn biologiýa bölüminiñ esaslandyryjy başlygy boldy. ABŞ-nyñ Ylymlar akademiýasynyñ ilkinji türk zenan professory Iwet Bahar 2016-njy ýylda Prezident Obamanyñ ýörite çakylygy bilen Ak Tamda çykyş etdi. Professor Baharyñ soñky alyp barýan ylmy işi koronawirus boýunçady we onuñ assistentleriniñ biri-de öldürülen Bing Liudy! (Professor Baharyñ toparynyñ aglabasy hytaýly ýaş alymlar…) • HYTAÝLYLAR YNANANOK Awtoulagynda öli ýagdaýda üstünden barylan beýleki bir hytaýly bolsa Hao Gu atly biridi. Ol ýigrimi ýyl bäri Amerikada ýaşaýardy. Ýokarda ady agzalan uniwersitetde ýazuw inženeri bolup işleýärdi. Entek öýlenmändi. Polisiýanyñ aýtmagyna görä, iki erkek gepleşip dur eken. Hao Gu, öýe kildi urulmadyk gapydan girip Bing Liuny oka tutupdyr we yzyndanam awtoulagyna münüp öz janyna kast edipdir. Hiç hili şaýat ýok. Pidanyñ aýaly Liu şübheli jenaýat bolup geçen wagty öýde ýok eken. Iki kişiniñ ölümüne sebäp bolan ýaragyñ nireden alynandygy belli bolman galdy. Olaryñ ikisem birnäçe ýyl bäri Amerikada ýaşaýandygyna garamazdan, bu ýurduñ raýaty däldi… Polisiýa jenaýatyñ COVİD-19 boýunça alyp barýan ylmy-gözleg işlerine dahylly däldigini mälim etdi. Hukuk goraýjy edaranyñ işgärleri munuñ şahsy meselä degişli hasaplaýardylar. COVİD-19 boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan we “iññän möhüm açyşlaryñ bosagasynda” durandygy aýdylan Pittsburg uniwersitetiniñ doktory Bing Liunyñ ölümi bilen baglanyşykly derñew işinde hiç hili üýtgeşme ýok… Emma sferalaýyn komplimasiýa teoriýalary howada ikiýana uçuşmaga başlady. Mysal üçin, hytaýlylaryñ sosial paýlaşym platformasy "Weibo" bu barada: "Eý Tañrym! Belki-de, Liu wirusyñ amerikan laboratoriýasyndan çykandygyny anyklady!” diýip ýazdy. Meniñ ýadyma bolsa başga bir jenaýat düşdi: • MEÑZEŞ JENAÝAT 2002-nji ýylyñ 1-nji marty. ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştaty. Mountain Wiew. "Domino's Pizza"-nyñ paýlaýjy işgäri sagat 20:45-de "Windmill Park Lane" salgysyndaky iki gatly öýüñ gapysyny kakdy. Gapyny öýüñ eýesi kyrk alty ýaşly asly rus dul aýal, mikrobiolog Tanýa Holzmaýer açdy. Ol özüniñ pizza buýurmandygyny aýtdy. Pizza paýlaýjy salgyny görkezdi.… Edil şol wagtam bir hytaýly elindäki sapança bilen Tanýa Holzmaýere, onuñ ogly Alekse pizza paýlaýjynyñ gözüniñ öñünde ok ýagdyryp gaçdy… Ertesi gün… Foster Siti köçesiniñ gyrasynda oka tabşyrylan hytaýlynyñ jesedi tapyldy. Jesediñ ýanynda 38 kalibrlik sapança ýatyrdy. Ol mikrobiolog Tanýa Holzmaýeri öldüren otuz sekiz ýaşly molekulýar biolog doktor Guýang Huangyñ jesedidi! Huang aýalyna jañ edip: “Öñki başlygymy öldürdim, şindem özümi öldürmekçi” diýipdir! Aýdyşlaryna görä Huang işden kowandygy üçin Holzmaýeri pizza bahanasy bilen gapa çykarypdyr. SSSR-iñ çagşamaga başlan 1989-njy ýylynda ABŞ-na göçüp gelip, Silikon jülgesinde genetiki barlaglary geçiren Holzmaýer, ABŞ-nyñ genetika ugrundan iñ saýlama hünärmenleriniñ biridi. Ol hususanam AIDS boýunça birentek möhüm işleri amala aşyrdy. Şeýle-de global "PDD" (Pharmaceutical Product Development) derman barlaglary şereketiniñ genomiki barlaglar boýunça başlygynyñ orunbasarydy. Huang bolsa molekulýar biologiýa bölüminiñ direktory bolup işleýärdi. Onuñ näme üçin wezipesinden pyzylandygy belli bolman galdy. "PPD" şereketiniñ adminstrasiýasy işgärlerine metbugat serişdeleriniñ sowallaryna jogap bermezligi berk tabşyrdy. Işleýän ugry boýunça üstünlikli netijeleri gazanan bu iki alymyñ pajygaly ölümi nä derejede aýdyñlyga gowuşdy, belli däl. Derñew işi togtadyldy… Mikrobiologiýa jenaýatlary diñe şu iki hadysa bilen gutaraýanok… Öldürülen mikrobiolog Bing Liu professor Iwet Baharyñ toparyndandy. Onuñ iş alyp barýan ugry bolsa COVİD-19-dy... Mikrobiologiýa - wiruslar, bakteriýalar, mikroplar ýaly mikro ölçegli organizmleri öwrenýän ylmyñ pudagydyr… Laboratoriýada bu işi alyp barýanlara mikrobiolog diýilýär… Koronawirusa ilteşikli - iñ soñkusy iki hepde öñ bolup geçen ganly jenaýat soñky ýyllarda amala aşyrylan mikrobiologiýa jenaýatlaryny gaýtadan üns merkezine saldy. Biologiki ýarag önümçiliginde işleýän mikrobiologlaryñam öldürilmegi tötänlikmi? Ýogsa-da, käbir ýurtlaryñ arasynda üsti ýapyk söweş gidýärmi? • ÖZ JANYNA KAST ETMEMI ÝA JENAÝAT? Mikrobiologiýa ylmy biologiki ýaraglary öndürmek üçinem köp üns üns berilýän ugurlaryñ biridir. Dewid Kristofer Kelli (1944 – 2003)… Kelli mikrobiologiýanyñ we biologiki uruşyñ ýaka tanadan hünärmenlerindendi. Ol Bilim parky-Porton Down Gorag mikrobiologiýasy bölüminiñ başlygydy. Gizlin birnäçe maksatnamanyñ taýýarlyk işlerine gatnaşdy. Geçen asyryñ 90-njy ýyllarynyñ başynda Russiýanyñ raýat biotehnologiki binalaryna gözegçilik etmäge giden amerikan-iñlis delegasiýasynyñ delegatlarynyñ biridi. Yrakdaky ýadro ýaragynyñ gözegçiligi üçin 1991-nji ýylda düzülen BMG-nyñ ýörite komissiýasynyñ (UNSCOM) başlygy wezipesine bellendi. 1998-nji ýyla çenli şol wezipede oturdy. Ol şarbon bioýaragy boýunça ökde hünärmendi… 2003-nji ýyl. BBC-li žurnalist Endrýu Gilligan iñlis hökümetiniñ Yrakdaky köpçülikleýin gyryş ýaraglary baradaky maglumatlary göz-görtele ýoýýandygyny paş etdi. Žurnalist Gilligan maglumaty "BBC Radio 4 Today" gepleşiginde Kelliniñ adyny bermän mälim etdi. Premýer-ministr Toni Bleýr maglumatlaryñ çeşmesiniñ mikrobiolog Kellidigini anyklady ww Kellini jogapkärçilige çekmek üçin mejlis komitetiniñ döredilmegini talap etdi. "Nobel" baýragyna hödürlenen Kelliniñ gezim etmäge çykan Southmoor-daky öýüniñ golaýynda Harrowdown depesinde 17-nji iýul güni öz janyna kast edendigi mälim edildi. Jesedini birnäçe sagat geçensoñ zordan tapdylar… Ölüm Angliýany sandyratdy. Angliýanyñ premýer-ministri Toni Bleýr Lord Hattonyñ ýolbaşçylygynda derñew işini başlatdy. Olaryñ mälim eden beýannamalaryna ynansañ-a, Kelli “çep bileğini kesip öz janyna kast edenmiş” we “ölümini "Koproksamol" gerdejiklerini içip hasam çaltlandyranmyş”... Emma bu görnüşdäki “özüñe kast etme” beýanlary jemgyýetçiligi o diýen kanagatlandyrmady. Mysal üçin, jesediñ üstünden baran her iki polisiýa işgäriniñ-de Kelliniñ meýdiniñ ýatyş pozisiýasyny aýdyşlary biri-biriniñkiden tapawutlydy! Biri “jeset agaja söýelip goýlan ýagdaýdady” diýdi, beýlekisi bolsa “ýerde ýüzinligine ýatyrdy” diýdi… Jeset boýunça alnyp barylýan derñew işine bu gezek 2010-2011-nji ýyllarda baş prokuror Dominik Griew seretdi. derñeldi. Ol Kelliniñ öz janyna kast edendigini tassyklaýan güýçli delilleriñ toplanandygyny, şeýle-de bolsa “subutnamalaryñ ýetmiş ýyla çenli gizlin saklanmagynyñ gerekdigini” aýtdy. Häzir mikrobiolog Kelli hakynda dokumental filmler, çeper kinofilmler surata düşürilýär… • Hemmeleri aýaga galdyran kitap Iñlis ýazyjysy Aýan Gerni… 1999-njy ýylda “Kassandranyñ weliligi. Armageddon” kitabyny ýazdy. Ol Injildäki yşaratlara salgylanyp, 2023-nji ýylda kyýamatyñ gopjagyny öñe sürdi. Ol muña biologiki urşuñ sebäp boljagyny ýazdy. Yzyndanam okyjylaryna seslendi: "Maña mikrobiologiýa boýunça näme bilýän zadyñyz, maglumatyñyz bolsa ugradyñ!” Ýazyja ugradylan maglumatlaryñ arasynda on bir sany mikrobiologiýa jenaýaty bardy! Mysal üçin... Garward uniwersitetinde işleýän belli mikrobiolog professor Don Kreýg Uili (1944-2001) dynç almak (otpuskasynda) üçin Islandiýa gidipdi. Yzyna gaýdyp gelende birdenkä ýitirim bolýar. Onuñ açary häzirem kontakta ötürilip goýlan awtoulagy köprüniñ üstünden tapylýar, özüne bolsa “epilepsiýasy bardy, şonuñ üçin suwa gaçdy” diýildi… Mysal üçin… Mikrobiolog doktor Dewid Şwars Wirjiniýa ştatynyñ Loudoun County şäherindäki öýünde pyçaklanyp öldürüldi. Öýe zor bilen girilendigini tassyklaýan hiç hili yz ýokdy, muña garamazdan polisiýa ony “Satanistler öldürdi” diýdi. Soñra doktoryñ gyzy we gyzynyñ gezýän oglany tussag astyna alyndy… Mysal üçin… Mikrobiologiýa ulgamynda iş alyp barýan Russiýanyñ Ylymlar akademiýasynyñ agzasy doktor Aleksi Bruşlinskiý Moskwada urlup öldürildi. Şondan iki hepde geçensoñ mikrobiologiýa ulgamynda iş alyp barýan rus alymy doktor Wladimir Korsunowyñ soñy hem Moskwada şolar ýaly tamamlandy. Nähili tötänlik… Rus mikrobiolog Wiktor Korsunow Moskwadaky öýüniñ golaýynda kellesine urlup öldürildi. Munuñ bilenem gutaranok… Sowet raketalaryny biologiki ýaraga öwren mikrobiolog Wladimir Paseçnik London köçeleriniñ orra-ortasynda tarpa-taýyn aradan çykdy. "Paraliç (ysmaz) geçirdi" diýlen boldy. Soñra... MRU-nyñ (CIA) jansyzlary bilen şarbon boýunça ýaşyryn gepleşik geçirendigi ýüze çykdy... Iñlis ýazyjysy Aýan Gerniniñ eserleri uly çekişmeleriñ, gyzgyn jedelleriñ döremegine getirdi. Mysal üçin… Ölüm howply wirus ýokanjy boýunça iş alyp barýan mikrobiolog Robert Lesli Burghoff trotuara bilkastlaýyn çykan miniawtobusuñ aşagynda galyp öldi. Ýene-de: mikroplar boýunça iş alyp barýan Dewid Waýn-Williams hem Kembrižde öýüniñ golaýynda gezim edip ýörkä, geçip barýan bir awtoulag kakyp ölmeli boldy… Sanawy uzatsañ uzadyp oturmaly… Jedeller bolsa gutararly däl… Iñlis ýazyjysy Aýan Gerni eýýäm ikinji kitabyny okyjylara hödürledi: “Dowzaha barýan ýol”. Eýse... Mikrobiologiýa ölümleri tötänlikmikä? Kimler üçin tötänlik, kimler üçin - däl… 15.05.2020 ý. Soner ÝALÇYN, "Sözcü" gazetiniñ žurnalisti, ýazyjy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |