▶ SYRYÑ UJY
Palaw bişdi. Uly otagdaky tegelek stola saçak ýazyldy. Öten-geçenden gürleşip, palawy halalladyk. Gap-çanak ýygnalansoň, pesejik etažerkanyň üstünde diwara söýegli duran dutary alyp, Muhtaryň eline berdim-de:
- Hany dost, talyplyk ýyllarmyzda çalýan lezzetli mukamlaryňdan birini göndersene-diýdim. Muhtar maña gizlin bir syr aýtjak adam ýaly bolup seretdi-de:
- Gowusy, entek seniň hiç ýerde eşitmedik bir mukamyňy çalyp bereyin diýdi. Menem:
– Şeýle üýtgeşik mukam bolsa jan gulagym bilen diñläýin - diýdim.
Ol dutaryň gulaklaryny buruşdyryp düzdi-de, mukamy çalmaga başlady. Mukam ilki bada agraslyk bilen başlansa-da, soň ol kem-kemden derýa ýaly möwç alyp, joşup ugrady. Bir hili jadyly heňleriň akymy ýüregimde duýgular tolkunyny emele getirdi.
Muhtar zaryn perdä geçeninde, aşaky dodagyny kemşerdip, gözlerini mäkäm ýumdy. Onuň başy bolsa heňiň tolkunyna görä iki ýana ýaýkanýardy. Perdeleriň üstünde arkaýyn oýnaýan ezber barmaklary onuň dutar çalmaga biçak ökdeländigine güwä geçýärdi. Mukam has batly ýaňlandy. Muhtar ýumuk gözlerini açyp, dişlän dodaklaryny goýberdi. Indi onuň öllenen dodaklary öz çalýan heňiniň tarypyny edýän ýaly, birgeňsi gymyldaýardy, gözleri bolsa enaýy ýaldyraýardy.
Bu mukamyň näçe wagt çalnanyny bilmeýärin. Çünki men sazyň täsiri bilen ähli zady undypdyryn. Bir seretsem, Muhtar maňa bakyp, birtüýsli gamgyn ýylgyryp otyrdy. Meniň tutyş göwräm doňup galan ýalydy. Älhepus! Heň-de adama şeýle täsir edýän ekeni!
- Ajaýyp heň eken! Hakykatdanam, men muny ozal hiç ýerde eşitmändim. Kimden öwrendiň-how, muny? – diýip, Muhtara ýüzlendim.
- Şu ýerli bir adamdan. Bu mukam gadymy horezm mukamlaryndan bolmaly. Aýtmaklaryna görä, bu mukam ýetmiş iki heňden ybarat bolupdyr, meniň ýaňky çalyp berenim şonuň kiçijik bir bölejigi, biziň günlerimize diňe şol bölejik gelip ýetipdir – diýip, ol biraz dymdy, soňra maña mähirli seretdip :
- Men saña syrymyň ýene bir bölegini açmakçy. Eger meniň alyp barýan işim başa baraýsa, şol ýitirlen mukamlar hem gaýtadan dünýä iner - diýdi.
- Meni oýnamaga başladyň-ow – diýip, ynanmazlyk etdim.
- Ýok, dostum, seni oýnamok, çynymy diýýän.
- Eýsem seniň işiň haýsy ugyrdan özi? Medisinadanmy? Ýa-da sazdanmy?
- Ikisindenem – diýip, Muhtar ýylgyrdy.
- Howlukma, dostum, sabyr et. Saglyk bolsa, basym hemmesi aýdyňlaşar.
- Ol şeýle diýip, ýerinden turdy. Uzak pikirlendi. Soňra maňa seredip:
- Syrymyň ýene bir azragyny aýtmasam, içime sygdyryp biljek däl öýdýän. Sen taryhçysyň, filosofiýa gowy düşünýäň. Şonuň üçin, muny saňa filasofiýa üsti bilen düşündirsem, has oňat bolar. Gulak sal: ,"Dialektiki materializmde zatlar bardan ýok bolmaýar, ýokdanam bar bolmaýar. Olar diňe bir görnüşden ikinji görnüşe geçýärler" diýen kanun bar gerek – diýdi.
- Hawa, bar – diýip, men onuň sözüni tassykladym.
- Diýmek, tebigatda ozaldan bar zat hiç haçan ýok bolman, diňe şekilini üýtgedip durýan bolsa, bu hadysa belli bir tebigy täsiriň netijesinde bolýar. Diýmek, tebigy täsiriň netijesinde bir görnüşden ikinji görnüşe geçen zady, emeli täsir bilen ýene-de birinji görnüşine getirmek mümkin. Fizika ylmy bolsa bireýýäm muny gazandy. Mysal üçin, suwy alyp göreli. Ony emeli täsir bilen wodoroda we kisloroda öwrüp, göze görünmeýän, elde tutulmaýan zat halyna getirmek mümkin. Islän wagtyň ony ýene-de ozalky görnüşine getirmek, ýagny suwa öwürmek hem mümkin. Emma biologiýa ylmy entek beýle dabaraly ýeňiş gazanyp bilenok. Men şu ugurda biologiýany fizikanyň yzyndan ýetirmekçi bolýan. Azda-kände muny ele saldym diýsem-de boljak.
- Dogrusyny aýtsam, men seniň näme diýjek bolýanyňа düşünemok - diýip, Muhtaryň ýüzine synçy nazarymy dikdim.
- Sen, gör, nähili mekir, asyl sen gözüň bilen görmeseň ynanjak dal-ow –diýip, ol bilindäki kemerini eline aldy:
- Ynha, şuny görýäňmi?
- Hawwa. görýän.
- Nämeden edilen bu?
- Teletinden-dä!
- Şu teletiniň ilkinji görnüşi nähili bolandyr diýýaň?
- Haýwanyň bedenini ýapyp duran tüýli ham bolandyr.
- Hany düşünmäniň? Düşünmän aňyrsyna-da geçýärsiň –diýip, ol güldi.
- Indi meniň aýtmakçy bolýanymy-da aňansyň.
Men birsellem pikirlendim. Soň:
- Birazyrak aňan ýaly boldum. Diýmek, sen şu teletini ilkinji halyna getirmek, ýagny oňa gaýtadan tüý çykarmak mümkin diýmekçimiñ?
- Edil üstünden bardyň. Onuň birinji biologiki ýagdaýyny emeli usul bilen gaýtadan dikeltmek, ýagny onu gaýtadan janlandyrmak mümkin.
- Aý, goýa –diýip, men ynanmazlyk etdim.
Muhtar hiç zat aýtman, laboratoriýasyna girip gitdi. Birnäçe minutdan soň, ol bir çüýşe gap göterip çykdy. Çüýşäniň içindäki mawy reňkli suwuklykda bir bölek teletin ýüzüp ýördi. Muhtar kiçijik jübdek bilen teletini alyp, ýaňky kemeriň ujuna deňedi. Soňra:
- Kemeriň kesilen ýerine laýyk gelýär gerek? – diýip sorady.
- Gelip dur-eý
- Bu, şu kemeriň ujyndan kesilip alnypdy. Indi ikisini deňeşdirip gör, nähili tapawudy bar?
Men teletine siňe seretdim. Hakykatdan-da, onuň ýüzünde gysgajyk-gysgajyk tüýler peýda bolupdyr.
- Munyň gaty geň zat how! –diýip, Muhtara gözümi tegeläp seretdim.
- Meniň oýlap tapan zadymyňam biri, ine şu mawy suwuklyk. Ony ,"Durmuş suwy" diýip atlandyrsaňam bolýar. Çünki ol her niçiksi hem bolsa, öli dokumany direldyär – diýip, bir hili buýsançly ýylgyrdy.
- Sen, hakykatdanam, "Durmuş suwy" diýilýän zady tapypsyň, dostum! – diýip, onuň ellerini gysdym. - Emma seniň maksadyň adamlaryň ýylmanak kemerine gaýtadan tüý çykarmak däl bolsa gerek.
Muhtar güldi:
- Juda hemme zadyň anygyna ýetjegem bolmazlar. Hazirlikçe şu aýdanlarym ýeterlik saňa- diýip, otaga bakan ümledi-de: - Hany, indi girip ýat. Men bir salym işlejek – diýdi.
Men onuň aýdanyna boýun egip, otaga girdim. Ýatalga düşek ýazyp, çyrany öçürdim. Meniň ýatanyma gözi ýetensoň, Muhtar laboratorýasyna girip, gapyny içinden şakyrdadyp gulplady. Biraz wagtdan soň, nähilidir birhili apparatlaryň zarňyldaýan sesleri gulagyma ildi.
▶ TARYHY ŸADYGÅRLIKLERE GEZELENÇ
Şol günüň ertesi dynç alyş günüdi. Muhtar ir bilen Aýsenemi çagyrdy, meni taryhy ýadygärliklere aýlap gelmegi ondan haýyş etdi-de, näme üçündir özi biziň bilen gitmekden boýun towlady. Biz Aýsenem bilen ýola düşdik. Şäherden çykyp, gündogar tarapa birazyrak ýörenmizden soňra, göz öňümizde gadymy şäheriň galyndylary peýda boldy. Köneürgenjiň dünýä belli minarasy, Törebeg hanymyň ajaýyp kümmeti, başga-da birnäçe syrça nagyşly ymaratlar ýalaňaç meýdanda birgeňsi somalyşyp dyrdylar. Hemme ýerde gadymy kerpiç bölekleri göze ilýär. Taryhy şäheriň orny aňyrsy-bärisi görünmeýan uly bir giden meýdany tutup ýatyr.
Bu gadymy topraga gadam basyp barýarkam, kalbymda dürli duýgular möwç urýardy. Hyýalym asyrlardan aşyp, bu beýik şäher hakynda eşiden ençeme rowaýatlarym göz öňümden ýekän-ýekän geçýärdi. Biz kerwensaraýa, Horezmşa Tekeşiň kümmetine aýlanyp, minaranyň ýanyna geldik. Men bu minaranyň beýikligine haýran galyp:
- Megerem, dünýädäki iň beýik minara şu bolsa gerek – diýdim.
- Minara aslynda mundan hem beýik bolupdyr. Teýmirleñiñ çozuşy döwründe onuň ýokary ujundan kyrk gezi urlup düşürilipdir – diýip, Aýsenem düşündirdi. Hakykatdan-da, minaranyň ujundan aýrylan ýeri görnüp durdy.
- Bu minaranyň gurluşygy hakyndaky rowaýaty eşidipmidiňiz? - diýip, Aýsenem menden sorady.
- Ol nähili rowaýat?
- Aýtmaklaryna görä, bu minarany Ussa guş diýen adam gurupmyş – diýip, Aýsenem gürrüňe başlady:
- Dogrusyny aýdanda, Ussa guş diýen at oňa soň dakylypdyr. Minaranyň gurluşygy gutaryp barýarka, patyşada bir ýaman niýet peýda bolupdyr. Patyşa başga hiç bir ýurtda şunuň ýaly beýik minara bolmasyn diýen maksat bilen, onuň gurluşygy tamam bolansoň, ussany öldürmegi ýüregine düwüpdir. Patyşanyň niýetini ussa ýetiripdirler. Ussa bolsa minarany salyp bitirensoň, aşak düşmezden, kagyz we gamyşdan ganat bejerip, uçup gidipdir. Şundan soň halk onuň adyna Ussa guş dakypdyr.
- Geň rowaýat ekeni, emma hakykata meňzänok – diýdim.
- Kim bilýär. Emma Muhtar muňa doly ynanýar – diýip, Aýsenem birsalym dymdy. Soňra maňa birhili seretdi-de, sözüni dowam etdi: - Muhtar örän täsin adam, işe täze gelen günleri boş wagtyny şu harabalyklaryň içinde geçirýärdi. Şonda gözüne bir zatlar görnüpmi-nämemi, biraz däliräbem gezdi.
- Aý, ýog-a – diýip, men onuň gepine haýran galdym.
- Hawa. Ýöne bu hakda size gürrüň berenimi oň özüne aýdaýmaň.
- Ýok, aýtmaryn – diýip, men ony köşeşdirdim: - Anygrak gürrüň beriň. Nähili beýle boldy?
- Nähili beýle bolanyny bilemok – diýip, Aýsenem dowam etdi: - Şol gün men tä ýary gijä çenli çykyp, äpişgesine seredýän. Yşk ýok. Başga bir zatlary göwnüme getirip, gabanjaňlygam edipdirin. Bir gezek ol uzyn günläp işe gelmedi. Men keselläp dagy galaýdymykan diýip, öýüne barsam, öýünde-de ýok. Gapysy gulply. Men ynjalyksyzlanyp, ondan-mundan soraşdyryp başladym. Bir okuwçy oglan ony düýn garaňky düşen mahaly taryhy ýadygärlikler tarapda görenini aýtdy. Men beter ynjalyksyzlanyp, işgärlerimize habar etdim. Dört adam ony iki günläp, ,"Kyrk gyz" diýen ýerden huşsuz halda tapyp geldi. Biz ony keselhanada aýratyn otagda ýatyrdyk. Gyzgyny gaty ýokarydy. Onuň elinde bolsa ýogyn taýaga berkidilen täsin apparat bardy. Ol ony şeýle bir mäkäm gysyp ýatyrdy welin, asla çekip hem alyp bolmady. Üç sanjydan soň gyzgyny biraz peseldi. Emma huşuna gelibilmedi. Gijesi bilen ýanynda dik oturyp çykdym. Ol wagtal-wagtal: "Taparyn! Nirede bolsaň-da taparyn!" – diýip samraýardy. Men Aýsenemiň gürrüňini örän gyzyklanyp diňleýärdim. Emma Muhtaryň bu gylygynyň däliremekden däl-de, başga bir sebäbiniň bardygyny aňdym.
- Ol ertesi daň atanda özüne geldi – diýip, Aýsenem gürrüňini dowam etdi: - Men ondan näme bolanyny sorasam, "Gumda azaşdym" diýip, gysgaça jogap berdi-de, başga zat aýtmady. Onuň elinden ýazdyrman ýatan apparatly taýagyny almakçy bolup: - Göýber munyňy, beýlede goýaýyn – diýdim. Ol maňa düýrügip seretdi-de, elindäkini göýberdi. Men ony krowatyň aşagynda goýup: "Näme bu?" diýip soradym. Ol: "Hiç zat" diýdi. Soňra birhili gülümsiräp: "Gömlüp goýlan hazynany tapýan zat. Horezmşanyň altynlaryny tapyp, baýajak bolýan" diýdi. Men ondan başga hiç zat soramadym, sorasam hem aýtmajagyny bilip: "Toba!.." diýdim. Ol: "Tobaň näme?" diýip, gaharlanjak ýaly etdi: "Bilýàn, sen meni dälirändir öýdýänsiñ" diýdi. Men geplemedim. Her niçik-de bolsa, ol bäş-üç günden soň sagalyp, aýaga galyp gitdi. Emma ol gijesine öýden gitmesini goýmady. Şeýlelikde, bir ýarym ýyla golaý wagt geçdi. Ahyrsoňy, nämedir bir zat sebäp boldu-da, ol gijesine öýden gitmesini bes etdi. Indi onuň tersine, sagat üçe-dörde çenli öýünde yşyk sönmeýär.
Aýsenemiň bu gürrüňi meni gyzyklandyrdy. Muhtaryň bu bolşy, onuň alyp barýan ylmy işi bilen bagly bolaýmasyn diýen pikire geldim. Biz gepe gyzyşyp, minaranyň düýbünde esli wagt durupdyrys. Soñra Törebeg hanymyň kümmeytine tarap ugradyk. Men bu kümmetiň tarypyny ozallaram köp eşidipdim. Onuň petigindäki nagyşlar orta asyr nagyşbentlik sungatynyň seýrek duş gelýän nusgasy diýýärdiler. Indi muny öz gözüm bilen bilen görmäge howlugýardym.
Biz kümmete ýakyn gelenimizde, ol ýerden dutaryň sesi gulagymyza ildi. Biz gümmetiň içine girdik. Onuň töründe ýatan ullakan mermer daşyň üstünde çuw-ak sakgaly gursagyna düşüp duran bir garry gözlerini ýumup, dutar çalyp otyrdy. Ol özüniň çalýan heňinden özi beýhuş bolýan ýaly, gümmeziň nagyşly petigine ýumuk gözlerini dikip, iki tarapa ýaýkanýardy. Çalynýan mukam maňa tanyşdy. Ol düýn Muhtaryň çalyp beren mukamydy. Garry ony Muhtara garanda-da has oňat çalýardy. Bu heñi Muhtaryň kimden öwrenendigini indi aňdym.
Garrynyň ýumuk gözleri dikilen petige seretdim. Nagyşbentlik sungatynyň bu nepis nusgasy aklymy haýran etdi. Ussat nakgaşyň eli bilen bejerilen bu ajaýyp çemenzarlyk üstünden geçip giden näçe asyrlary pisint etmän, edil düýn çekilen ýaly lowurdap dur. Hamana, onda ruh gözelligi, hyýal giňişligi suratlandyrylýan ýalydy. Garrynyň dutaryndan çykýan ses onuň altyn reňkli nepis nagyşlarynda özüne meňzeş gözellik agtaryp gezip ýören ýalydy. Garry mukamy soňlap, gözüni açdy. Biz edep bilen salam berdik. Ol salamymyzy alyp, gadymy horezm dutaryny diwara söýäp goýdy. Soňra bize gülümsiräp seretdi-de:
- Bu harabalykda ýeke özi dutar çalyp otyran bu nähili çaşan garryka diýip pikir edensiňiz? – diýdi. Men:
- Ýok, ýaşuly. Biz hezil edip diňledik. Ajaýyp heň eken – diýdim. Garry:
- Bu heňiň nähili ajaýypdygyny ussat sazandar çalanda bilerdiňiz. Meňki bir ýöne gazaşdyrmak – diýdi.
- Beýle däl, ýaşuly. Siz hem örän ussatlyk bilen çalýan ekeniňiz – diýip, Aýsenem gürrüňe goşuldy.
- Aý bizde ussatlyk nämişlesin, gyzym. Aýtmaklaryna görä, bu heňi Rugsar bany çalanynda, asmanda uçup barýan guş hem gelip, onuň dutarynyň gulagyna gonar eken – diyip, garry sakgalyny sypalady.
- Rugsar banu diýeniňiz kim? – diýip, men gyzyklandyp soradym.
- Rugsar banu hakynda hiç zat eşitmänmidiňiz?
- Ýok, eşitmedik ýaşuly. Kyn görmeseňiz, ol hakda gürrüň beräýseňiz – diýip, oňa ýüzlendim. Garry "bolýar" diýen manyda, başyny yrap, bize oturmak üçin ýer görkezdi. Biz oturdyk. Garry gürrüňe başlady.
▶ GARRYNYÑ GÜRRÜÑİ
- Gadymy Horezmde Rugsar bany atly ýurdy özüne bendi eden sazandar geçipdir – diýip, garry uzyn sakgalynyñ ujuny gysymlady. – Ol gyzyñ saz çalmakda öňüne çykan bolmaýşy ýaly, gözellikde hem deň-taýy bolmandyr.
Rugsar banu ýaşap geçen döwürde Horezm ülkesi güýçli hem-de uly bir döwlet bolan ekeni. Onuň paýtagty Gürgenç köp milletli, şagalaňly şäher bolupdyr. Dünýäniň ähli ýurtlaryndan getirilen dürli harytlar gözüňi gamaşdyryp, olary satmak üçin bogazlaryna sygdygyndan gygyrýan söwdagärleriň göçgünli sesi gulagyňy kamata getirýän ekeni.
Ýurduň hökümdary Horezmşanyñ şeýle uly hem-de baý ülkäniň eýesi bolanyna buýsanjy çäksiz bolup , şol buýsanç bilen birlikde "täji-tagtymy elimden almak niýetinde ýören adamlaram ýurtda bar bolaýmasyn” diýen howatyry hem ýok däl ekeni.
Günleriň birinde Horezmşa öz ýanyna Mehduny diýen baş wezirini çagyrypdyr-da:
- Soňky wagtda, näme üçindir, meý, meýlis hem göwnümi göterip, keýpimi sazlanok – diýip, zeýrenýär.
– Şu gün agşamky boljak meýlisi irräk dargat. Özüňem hiç ýaňa gitme, sen bilen aýratyn gürrüňim bar.
- Alyhezret, Siziň hökümiňiz biziň üçin kanundyr – diýip, Mehduny tagzym edip, şanyň huzuryndan çykýar.
Agşamky meýlis adatdakysy ýaly, şagalaňly başlandy. Köşgüň şeýle meýlisler guramak üçin ýörite bejerilen eýwanynyň zer hem tylla suwy çaýylyp nagyşlanan diwarlary şahandazlyk şowhunyndan lerzana gelýän ýalydy. Emma meýlisde şanyň özi görünmeýärdi. Märekäniň sussuny basýan hökümdaryň ýoklugyndan peýdalanyp, köşgüň şahandaz ýigitleri meý süzüp, keýp çekýärdiler, donlaryna bürenip otyran, sakgallary çalaran gojalaram rakkasa gyzlara hyrydar gözi bilen seredişip, oňaýy gelende olaryň şaram zülplerini ogrynça sypap göýberýärdiler. Birden perwanaçynyň surnaýyň owazy ýaly çirkin sesi ýaňlandy.
- Kyblaýy älem, Iskenderi zaman, Horezmşa hezretleri bezmi jemşida gelýär!
Ähli şagalaňa, şowhuna suw sepilen ýaly boldy. Mähelle harmandan göterilen torgaý toplumy ýaly, gürre ördi, duran-duran ýerinde baş egip doňdy. Meýlisler eýwanynyň altyn halkaly gapylarynyň biri açylyp, içerik Horezmşa girdi. Ol şalara mahsus bolan salyhatlylyk bilen özi üçin törde goýlan tagtyrowana tarap ýöneldi. Şanyň kellesindäki ak gar ýaly ýüpek sellesine sanjylan tylla jygasy, zer donunyň ýakasydyr ýeňiniň ujuna bentlenen lagly-merjenler, altyn suwy çaýylan nagyşly petikdir diwarlara asylan şemdanlardaky şemleriň şöhlesine lowurdaýardy, ýöne onuň ýüzi gamaşykdy, ünji-aladasynyň ýetikdigi ýüz-gözünden görnüp durdy. Şa baryp ýerinde oturýança jemagat aýak üstünde edep saklap durdy.
Şa ýerine geçenden soň, adamlar ýerli-ýerinde oturyp, meýlisi dowam etdirdiler. Horezmşa şol bir bolşuny bozman tukatlanyp, çuň oýa çümdi oturdy, ne ýürekleri meýmiredip ýaňlanýan hoşowaz saza gulak asdy, ne-de gyzlaryň näz-kereşmä ýugrulan nepis raksna üns berdi. Şanyň keýpiniň bozukdygyny aňan meýlisçiler irgözünden dargaşanlaryny kem görmediler. Meýlis tamamlanansoň şagalaňly köşk suw sepilen ýaly boldy. Horezmşa bilen Mehduny wezir ikiçäk galdy. Şa wezirine:
- Mehduny, biziň hazynamyzda altyn-kümüş, lagly-merjen näçe diýseň tapylar. Ýöne häzir mäňa iki sany galandar lybasy gerek, şol tapylarmyka? – diýdi.
Wezir baş egip çykyp gitdi. Ol bir çäýnek çaý içiler-içilmez pursadyň içinde iki sany galandar lybasyny getirdi.
- Aly hezret, buýrugyňyz berjaý edildi. - diýip, tagzyma eñildi.
Patyşa wezirine maksadyny beýan etdi:
- Mehduny, men halkyň arasynda gep aňtap ýören seniñ jansyzlaryňa gaty bir ynanamok. Men halkyň ýüregindäki sözlerini öz gulagym bilen eşidip, edýän işlerini öz gözüm bilen görmekçi. Şonuň üçün bu gije ikimiz, ine, şu derwuş lybasyna girip, şöwür çekeris. Bu äpet şäherde gijelerine-de durmuş joş urýar. Biz kerwensaraýlarda näme gürrüň edilýändigini, köçelerde nämeler hakda jedel gidýändigini, galandarhanalarda kimleriň gybaty edilýändigini bileris. Şeýdibem ýurduň ýagdaýyndan habarly bolarys, hemem täji-tagta garşy adamlary anyklarys.
- Alyhezret näme işi makul bilse, biz gullarynyň däl diýmäge haky ýokdur – diýip, wezir başyny egdi.
Ine, şu gürrüňden soň gijäniň gara perdesine örtülen Gürgenjiň köçelerinde iki sany täsin derwüş peýda boldy. Olaryň biri uzyn boýly, giň ýagyrnly, daýanykly pyýadady, beýlekisi orta boýly, şemalda gaýyşyp duran derek ýaly inçedi. Ýogyn bilen inçäniň arasynda ýaş jähetdenem, tapawut bolsa-da, ýogunyň onuň ýanynda sarpasynyñ belentdigi görnüp durdy. Bu "derwüşler" 0şäheriň kerwensaraýlarydyr köçelerinde edilýän gürrüňlere assyrynlyk bilen gulak salýardylar. Eger biri olara üns berse, hiç zat bilmediksirän bolup, ýene ýollaryna rowana bolardylar Köçeleriň birinden geçip barýarkalar, mejaly gaçan inçe derwuş ätiýaçlygy unudyp, dillendi:
- Alyhezret, men-ä halys ysgyndan düşdüm, ýuwaşyrak ýöräliň-le.
Onuň bu sözleri köçäniň ugrunda asylan içi daş çyraly panuslaryň birisiniň ýagtysynda öz peýwagtyna gürleşip duran adamlaryň gulagyna ilýär. Olaryň biri:
- Toba, etdim, tagsyrlar. Olara bir serediň, ikisiniňem başynda kulah egninde jinde, bilinde betbagt kädi, şonda-da biri-birine "Aly hezret" diýen bolýarlar – diýip, geň galyjylyk bilen gürledi. Başga birisi bolsa:
- "Gedaýlaryň köňli şalykny islär” diýenleri-dä – diýip, hemmesini gülüşdirdi.
Derwuş eşigindäki şa bilen wezir uly şäheriň köçelerini ýekeme-ýeke söküp baryşlaryna daş görnüşi özleriniňkä meňzeş iki sany galandara duş gelýärler. Olaryň biri kör bolmaga çemeli, beýlekisi ony idip gelýärdi. Kör derwüş ýakymly owazy bilen aýdym aýdyp gelýärdi.
- Eý, Hudaýyň bendeleri, nireden gelip, nirä barýarsyňyz - diýip, şa olara söz gatdy.
Kör derwüş aýdymyny kesip, diňşirgenýän adam ýaly, bir salym dymdy, soňra ýanyndaky ýoldaşyndan "Kimdir bular?" diýip sorady. Onuň ýoldaşy on alty, on ýedi ýaşly görmegeý ýaş ýigitdi. Ol : "Özümiz ýaly iki sany derwüş” diýip jogap berensoň, kör arkaýyn dillendi:
- Eý, Hudaýyň didaryna aşyk gullar, biz galandarhana – derwüşleriň meýlisine barýarys, isleseňiz, biziň bilen ýöräberiň.
Şa bilen wezire-de geregi şudy. Şoňa görä olar kör derwüşyň teklibine razy bolup, tirkeşip, şäheriň bir çetinde ýerleşen galandarhana geldiler. Olar içeri girenlden, serhoş derwüşlar uly şowhun bilen gygyryşdylar:
- Ýaşasyn biziň beýik sazandarymyz!
- Onuň senetkär elleri dert görmesin!
- Şeýle ogly dünýä getiren atanyň gözlerine taňry şypa bersin!
- Hany, hany ataly ogul ikiňizem töre geçiň! Bu sözlere gulak salyp duran şa bilen wezir öz ýoldaşlarynyň kimlerdigini bildiler. Diýmek, köri idip gelen oglan onuň ogly, özem sazanda ekeni. Galandarlar kör bilen oglana seredişip, beýleki iki galandara ünsem berenokdylar.
Horezmşa pursatdan peýdalanyp, dünýäniň ähli iş-aladasyny terk edip, şu ýeri özlerine mesgen edinen pukaralary synlamaga durdy. Galandarhananyň içi giň bolup, onda kyrk-elli adam ýerleşip otyrdy. Uly otagyň diwarlary, gamşy görnüp duran petikleri çilimiň, beňiň tüssesine gara keçe ýaly bolupdyr. Emma bu ýerde otyran adamlaryň şähdi köşgi-eýwanda otyranlaryňkydanam açykdy. Çaýdyr çilimden, beňdir neşeden keýplerini mazaly köklän galandarlar dünýäni bir pula satyp, han özleri, soltan özleri bolup otyrdylar. Kör bilen oglany hezzet-hormat bilen töre geçirip oturtdylar. Diňe şondan soň gapynyň öňünde duran iki sany täze derwuşe üns berdiler. Meýlisiň ketdesi - şagalandar sakgaly ýaňy çalaran, garaýagyz, süňklek piýada olara habar gatdy.
- Ah-ow, adamlar, siz nireden bolarsyňyz? Biz bu ýurtda size meňzeş galandarlara sataşmandyk?
- Şagalandar, bizi sorasaň aslymyz Horasan ýurdundan – diýip, wezir ýaýdanman jogap berdi. – Horezminiň mukaddes topragyny togap etmäge geldik. Şu gije-de siziň meýlisiňizde myhman bolmakçy.
- Onuň ýaly bolsa, baş üstüne! Geçiň oturyň – diýip, şagalandar ýer görkezdi, hyzmatda duranlaryň birine buýruk berdi. – Bu mysapyr derwüşleriň çaýdan-çilimden keýplerini kökläň!
Şol wagt şagalandaryň gözi aýagyrakda oturan gyzyl ýüzli, daýaw ýigide düşdi.
Galandarlara garanda has tapawutly geýnen bu ýigidiň özüni tutuşy barlyrak adama meňzeýärdi. Şoňa görä ol jindä çolanan galandarlaryň içinde mesaňa göze ilýärdi. Şagalandar bu ýigidiň näme üçin bu ýere gelenini öz ýanyndan çaklasa-da, onuň kimdigini bilesi geldi.
- A-how ýigit, sen-ä saz diňlemäge gelen bolmaga çemeliň!
- Hawa , tagsyr – diýip, ol ýigit edep bilen iki elini gowşurdy.
- Sen özüň kim borsuň? – diýip, Şagalandar ýene sorag berdi.
- Men bir özüňiz ýaly sazyň, sungatyň muşdagy. Adyma Isgender diýýärler. Eşiden bolsaňyz, meşhur binagär ussa Semenderiň şägirdi. Semender ussanyň adyny eşidenden kör galandar ýerinden bir gozganyp oturdy.
- Semender ussanyň adyny Horezmiň ýurdunda eşitmedik ýokdur, oglum. Ussanyň taplary neneň? Gurgunmy?
- Ussa gurgun, jany sag, ýaşuly.
- Oňa menden salam aýt. Mahmyt nakgaş salam aýtdy diýgin . Ol meni gowy tanaýar. Seniňem adyň – owazaň gaty tanyş, ýöne mende indi ýat galmandyr, oglum – diýip, kör galandar hamsygyp gepledi.
Isgender kör galandaryň Mahmyt nakgaşdygyny bilýärdi. Ony öňden gowy tanaýardy. Mahmyt nakgaş öz döwrüňde ýurdy baglan nakgaş ussady. Onuň bezän köşklerine girip gören hytaýdyr pereň ilçileri hem beýle inçe sungaty entek hiç ýerde görmändiklerini aýdyp, ussanyň hünärine biçak uly baha berýärdiler. Günleriň birinde Horemşa atasyndan galan köne köşgi timarlamagy Mahmyt nakgaşa tabşyrýar. Nakgaş bolsa ylhamy joş urup duran mahaly köşküň uly eývanynyň depesiniň dört burçuna enaýy gülleriň ortasyna göwsi ýarym açyk suw perisiniň suratyny çekip göýberýär. Altyn suwy çaýylyp çekilen bu surat köşke girenleriň ünsüni şol bada özüne çekýärdi.
Köşküň timar işleri gutarandan soň, ol ýere döwlet emeldarlarynyñ hatarynda gelen Horezmşanyň piri Şeýhulyslam ol surata gözi düşenden gazap atyna atlanyp, bu küpür suraty çeken ussany jezalamagy talap edýär. Şeýlelikde onuň buýrugy bilen Mahmyt nakgaşyň iki gözine mil çekilýär.
- Biziñ zamanymyzda ine şeýle işler hem bolýar, oglum - diýip, Semender ussa şägirdi Isgendere ol wakany gürrüň beripdi. – Ine indi on ýyl bäri biçäre galandarlyk edip gün geçirýär. Meniň eşitmişime görä, soňky wagtda onuň ýanynda bir sazandar oglan peýda bolupdyr. Ol saz çalanda Horezminde ouñ öñüne çykjak ýokmuşyn. Emma meniň bilşimçe, Mahmyt nakgaşyň ogly ýokdy. Onuň ýekeje bir gyzy bardy. Nakgaşyň ol oglany nireden tapanyna men-ä haýran.
Isgender sazyň, sungatyň ölemen aşygydy. Halypasynyň bu gürrüňi onuň ýüreginde şol sazandaryň sazyny diňlemäge gyzgyn höwes döretdi. Ine şol höwes hem ony galandarlaryň meýlisine getiripdi.
Howa, Isgender özdiýenli, göwnüne düwen niýetini gaýra goýman ýerine ýetirmäge çalyşýan ýigitdi. Ol binagärçilik kärine bolan höwesi zerarly Semender ussany tapdy, oňa şägirt bolup, meşhur ussanyň söýgüsini gazandy.
Isgenderiň Semender ussa sataşmagy gaty täsin bir ýagdaýda bolup geçipdi.
(dowamy bar)...
Reýimbaý SABYROW.
Mistika we fantastika