SYRLY MUKAM
Horezm ülkesiniň gadymy paýtagty Köneürgenje gelenimde, gün öýleden agypdy. Bu ýere meniň ilkinji gezek gelşim bolany üçin, taryhy şäheriň gadymy görkünden nyşan agtaryp, töweregime göz gezdirýärdim. Emma ozaldan göwnümde nagyş bolup duran minaradyr kümmetleriň hiç biri göze ilmeýärdi. Hazirkizaman görnüşindäki owadan şäherdi.
Sorap-idäp, dostum Muhtaryň işleýän keselhanasyny tapdym. Keselhananyň öňünde ak halatly bir gyz bahar güneşine ýylanyp durdy. Men oňa ýakynrak baryp:
- Maňa Muhtar gerekdi – diýdim.
Gyz owadan goňur gözlerini gyrpyldadyp, maňa siňe seretdi-de:
- Doktor Rahmanowmy? – diýip sorady.
Men gyzyň bu ady aýdyşynyň äheňinden Muhtaryň onuň üçin diňe ,, Doktor Rahmanow” däldigini aňdym. Oňa jogap berdim:
- Hawa, Rahmanow.
Gyz mylaýym ýylgyryp:
- Bar, ÿörüň – diýip, içeri bakan ugrady.
Ol ,,Baş wraç” diýen ýazgyly gapyny görkezdi-de, özi başga bir otaga girip gitdi. Men gapyny ýuwaşjadan kakdym. Içerden Muhtaryň
- Giriberseň bolmaýamy.
Aýsenem, şundanam degişme bolýamymy? – diýen gaharly ses eşidildi.
Men ýuwaşja ädip, içeri girdim. Giň, ýagty otagyň töründäki ullakan stola egilip, bir zatlar ýazyşdyryp oturan Muhtara mylaýymlyk bilen:
- Ýeri, näme gepiň bar? Ayt - diydi.
Men gülip:
- Agşam teatra gidyasmi? - diydim.
Muhtar başyny göterip, maňa gözi duşenden, yerinden zöwwe galdy:
- Bu senmidiň, haý şeýtanyň ogly-diyip, maňa garşy topuldy.
Görşup, soraşyp durşumyza, iki ýyllap görmedik dostuma syn edýardim. Iki-üç ýyl ozal onuň örän sagdyndygyna güwä geçip duran nar ýaly gyzyl ýüzi indi solup, agymtyl reňke giripdir. Ozallar hemişe gülüp duran gözleri bolsa, birhili gamgyn bakýardy. Giň maňlaýy, gözleriniň aşagynda wagtyndan öň peýda bolan ýygyrtlary hem bularyň üstüne goşulyp, ony akyldar adamyň keşbine girizipdir. Bu görnüşinde ol maňa özünde beýik bir maksady gizläp gelýän adama meňzeş göründi. Belki, hakykatdan-da, şeýledir. Paýtagty taşlap, bu ýere biderek gelen däldir.
Ylmy merkezleriň birinde onuň örän gowy işi bardy, ýaş bolsa-da kärdeşleriniň arasynda uly abraýa eýedi. Onuň uly ylmy iş alyp barýandygy hakynda her hili myş-myşlar bardy. Emma ol işiň näme hakdadygyny hiç kim anyk bilmeýärdi. Emma näme üçindir, ol bu zatlaryň hemmesinden geçip, paýtagtdan çykyp gaýtdy. Iki ýyldan bäri-de şu çetdäki şäherde güzeran gerýärdi. Muhtaryň beýtmegi ilki-ilkiler kärdeşleriniň arasynda uly gep-gürrüňe sebäp boldy. Wagtyň geçmegi bilen ähli könelen wakalar ýaly, hemmäniň ýadyndan çykyşdy gitdi. Muhtara ylmy iş saparyna barjakdygym hakynda öñ hat ýazanymy nazarda tutup:
- Diýmek, taryhyň sahypalaryny agtaryp görmäge gelipsiň-dä. Näçe wagtlyk?
- Bir aý.
- Gaty gowy. Bizde ýaşaberersin.
- Saña pàsgel bermesem..
- Diýýäniñ näme! Işleriň nähili?
- Oňküsy ýaly.
- Ýalan sözleme, gelinlik tapypsyň-a.
- Kim aýtdy?
- Özi.
- Seniň gözüňgen hiç zat sypmaýar-ow-diýip, Muhtar güldi. Şol mahal eli byr petde kagyzly Aýsenem geldi. Muhtar oňa bakyp:
- Tanyş bol, Aýsenem, saňa ozal tarypyny ýetiren taryhçy dostum, ine, şu ýigit bolmaly – diýdi.
Aýsenem birneme gyzaryp, maňa elini uzatdy. Muhtar oňa seredip ýylgyrdy-da:
- Seniň kimdigiňi aýdyp durmasam-da bor. Özüň hemmesini aýdyp beripsiň.
Gyz çym-gyzyl boldy, gözlerini geň galyjylyk bilen gyrpyldatdy.
- Men hiç zat aýdamok.
- Bu aýdylmadyk gepe-de düşünýän adam – diýip, Muhtar ýene ýylgyrdy.
Aýsenem elindäki kagyzlary Muhtaryň stolunda goýup, otagdan çykdy. Men dostumyň elini gysdym:
- Gutlaýaryn, gaty gowy gyz.
- Gowulygyna gowy-la, ýöne birneme gabanjaňrak.
- Gabanjaň?.. O nähili? Bir sebäbi bolaýmasyn?
Muhtar birhili dymdy. Dil ýarmady. Men muňa geň galdym:
- Seni ozal bir ygrarly ýigitmikäň diýýädim.
-Henizem şeýledirin.
- Onda Aýsenemiň gabanjaňlygy ýerliksiz eken-dä?
- Ýerliksizem däl.
Men oňa siňe seretdim:
- Saňa nähili düşünmeli?
Muhtar geplemedi. Onuň menden-de gizlin saklanmaly bir syrynyň bardygyny aňdym. Iş wagty gutarandan soň, Muhtar bilen onuň öýüne gitdik. Ýolda men daş-töweregime bilesigelijilik bilen bilen göz gezdirýärdim. Meniň näme gözleýändigime düşünen Muhtar:
- Entek howlugyberme – diýdi. – Taryhy ýadygärlikler şäherden daşarda. Bu gün giç, ertir Aýsenemiň boş güni, bile baryp göräýersiňiz.
▶ MUHTARYÑ SYRY
Muhtaryň öýüne ýetip geldik. Ol şäheri deň ikä bölüp geçýän ýabyň golaýynda, töweregi belent haýatly bagyň içindedi. Muhtaryň aýdyşyna görä, köçäniň aňry çetindäki kiçem bolsa, gelşiklije jaý Aýsenemleriňkidi. Men:
- Gelinligi goňşyňdan tapaýypsyň-ow – diýip degişdim.
Ol jübüsinden owadan zynjyra düzülen bir sygym açar çykaryp, olaryň biri bilen bagyň gapysyny, biri bilenem öýüň gapysyny açdy. Giň, uzyn däliz bilen ýöräp, sag tarapdaky uly otaga girdik. Bu otaga başga-da iki otagyň gapysy bakyp durdy. Men baryp, otaglaryň biriniň gapysyny açdym. Ol oňat bezelen,ýatylýan otag eken . Ikinji gapyny açmakçy bolup çeksem, açylmady:
- Näme muny gulplap goýupsuň, ýada içinde hazynaň barmy ? – diýip, degişdim.
– Aç , göreli bu otagyňam. Otagy açyp görkezmegi islemeýändigi görnüp durdy. Bu bolşuny görüp, gülküm tutdy:
- Horezmşanyň altynlaryny tapyp, bu otaga gizläp goýan bolmaga çemeliň-ow- diýemde, Muhtar:
-Ýör, aşhana baraly. Ikimiz bir palow bişireli-le diýip, gurrüňi başga ýana sowdy. Bu ýerde nähilidir bir syryň bardygyny aňdym.
Aşhana girdik. Birimiz käşir-sogan, birimiz et dogramaga başladyk. Birsalym geçensoň, men öýkelän bolup, söz atdym:
-"Dost bolan dostundan syryn gizlemez" diýipdirler. Seniň bolsa mendenem gizlin syryň bar eken .
Ol maňa ýaş çagany köşeşdirjek bolýan ýaly garady-da:
- Näme diýsemkäm saňa – diýip, gaşlaryny çytdy. - Meniň artykmaç bir gizlin syrym ýok-la... Ýöne edip ýören bir kiçijik işim bar. Ony entek hiç kime aýtmazlygy ýüregime düwdüm.
- O nähili iş? Ylmy işmi?- diýip soradym. Muhtar birhili ýylgyryp:
- Bilmedim, dostum, ylmy işmi, ýa-da ylmy dälmi. Muny işiň netijesi görkezer. Şol gulply otagam iş geçirýän labaratoriýam. Ony örän kynlyk bilen guradym. Häzirlikçe oňa hiç kim, hat-da seni-de göýberip biljek däl - diýdi. Onuň bu sözüne haýran galyp, gözlerimi tegeledim :
- Gaty geň. İş edýän bolsaň, ony gulpuň astynda, adamlardan gizlin saklamagyň näme hajaty bar.
- Munuň iki sany sebäbi bar. Birinjiden, men iliň gözüniň öňünde, ylmy iş bolsa-da, şu işim ýaly adamyň akylyna sygmajak işi edip biljek däl. Ikinjidenem, bu işimiň amala aşjakdygyna ynanjak adam entek tapylmazmyka diýýän. Adamlar özleriniň ynanmaýan zatlarynyň üstündenem gülýärler. Men ile gülki bolmak islämok. Emma özüm bu işiň amala aşjakdygyna ynanýan. Häzirki gazanan netijelerim ynamymy öňküdenem berkitdi.
-Akyla sygmajak iş ?! Onda-da, eýýam esli netije gazandym hem diýýäňmi? – diýip gaty geň galmak bilen soradym.
- Uly däl, ýöne örän oňat netijeler, bu işiň amala aşjakdygyny doly subut edýän netijeler gazandym, dostum!
Bu sözleri aýdýarka, onuň ullakan gara gözleri birhili şöhlelenen ýaly boldy.
- Beýle bolsa gutlaýaryn! – diýip, men onuň elini mäkäm gysdym: - Indi onuň nähili işdigini hem, belki menden gizlemersiň?!
Muhtar öýkeli seretdi:
- Häzirlikçe aýdyp biljek däl. Wagty ýetende bilibirsiň.
- Bä! seniň bolaýşyňy. Men näme, syryňy paş eder öýdýäňmi? – diýip, mylaýymsyradym.
Bu mylaýymlyk-da Muhtara täsir etmedi.
- Goýsana, ýürege düşmesene. Bilesigeljilikde sen Aýsenemdenem ötüren ekeniň – diýip gülümsiredi.
- Aýsenem nätdi? Bir gezek sendenem beter ýürege düşdi. Tas ikimiz käýişipdik. Häli gabanjaň diýmedimmi? Işi başlan günlerimiň birinde, gije gelip, aýnany kakdy. Çykyp açdym otaga girdik. Seretsem, labaratoriýanyň gapysy çala açyk galypdyr. Men ony ýapmakçy bolamda, Aýsenem :
- Näme bar ol otagda? –diýip sorady. Men biraz aljyraňňyrak ýagdaýa düşüp :
- Hiç zat-la – diýdim. Ol şübheli seretdi:
- Şeýlemi? Onda açyň, göreli. Bu nähili otagka?
Men nätjegimi bilmän, hasam aljyradym. Şeýdibem, Aýsenemiň şübhesini artdyrdym. Ol labaratoriýanyň gapysyna ýakynlaşdy. Men öňüne geçip, ýoluny kesdim.
- Açma gapyny. Oňa girmek bolmaýar! Aýsenem, haýyş edýän, maňa beýle gahar etme. Bu laboratoriýa.
-Adama görkezilmeýän, o nähili laboratoriýamyşyn? Ýalan! Sen hazir şu ýerde menden birini gizlediň – diýip, Aýsenem öýi göçürere getirdi.
Muhtaryň bu gürrüňinden soň, onuň labaratoriýasyna hasam gyzyklanyp başladym.
- Diýmek, ol ýere söýýän gyzyñy-da göýbermänsiň-dä – diýdim.
- Hawa, aýal-gyzlaryň agzynda gep durýarmy! – diýip, Muhtar güldi.
- Aýal-gyzlar barada hemme alymlaryň pikiri hem şeýlemikä? Barybir ol ýere men ya-da Aýsenem giräýenimizde-de, seniň däridir dermanlaryňdan düşünjek zadymyz ýok ahyryn. Ýa-da ol ýerde hiç kime görkezip bolmaýan başga bir zat barmy? – diýip soradym.
- Bar... Ýeri, indi sen meni öz günüme goýjakmy, ýokmy?- diýip, Muhtar gaharlanan yaly boldy.
(dowamy bar)...
Reýimbaý SABYROW
Mistika we fantastika