12:39 Syýahatnama: Horezm | |
HOREZM[1]
Ýol ýazgylary
Maňa Abdylla ibn Buşty we beýleki ýoldaşlarymyz öňümiziň gyşdygyny ýatladansoň, Buharadan yzymyza, Jeýhun derýasyna tarap ýola düşdük. Biz Horezme barmak üçin bir gämini kireýine tutduk. Bu ýerden Horezme çenli aralyk iki ýüz parsahdan gowrakdy. Sowugyň ýowuzlygy sebäpli ýolumyzy uzakly gün dowam edip bilmezdik. Gündiz biraz ýol alýardyk. Ahyrsoňy Horezme baryp ýetdik. Biz Horezmiň emiri Horezmşa Muhammet ibn Yragyň gaşyna bardyk. Ol bize sylag-hormat edip, bir öýde myhman aldy. Muhammet ibn Yrak üç günden soň, bizi öz ýanyna çagyrdy. Ol türk ülkelerine syýahat etmek barada biziň pikirimizi diňläp: «Men bu meselede size rugsat bermerin. Başyňyzy howp astyna salyp, ganyňyzyň ýerliksiz dökülmegine ýol bersem, dogry bolmaz» diýdi. Soňra Tegini göz öňünde tutup: «Men hemmesini bilýärin. Bu iş şujagaz çaganyň hileli toslamasydyr[2]. Tegin kapyr ýurtlarynda demir söwdasyny öwrendi. Ol Neziri aldap, ony möminleriň emiri bilen duşuşdyrdy we Bulgar hökümdarynyň hatyny halypa ýetirmäge hemaýat etdi» diýdi. Muhammet ibn Yrak Horasan emirini (Samanly hökümdaryny) göz öňünde tutup: «Beýik emiriň[3] türk ülkelerinde halypanyň adyna hutba okatmaga we dini ýaýratmaga has uly mümkinçiligi bar. Üstesine bu ülkede müňlerçe kapyr taýpalary ýaşaýar. Olary musulman etmek has ýerlikli bolar. Halypa bu meselede aldandy. Men size dogry zady maslahat berýärin. Beýik emir bu meseläni maslahatlaşmak üçin halypa hat ýazmaly. Siz hatyň jogaby gelýänçä garaşarsyňyz» diýdi. Soňra biz onuň ýanyndan gaýtdyk. Şol gün ýene-de ýanyna bardyk. Biz oňa diýseň mylaýym sözler bilen çemeleşip, razy etmäge synanyşýardyk. Oňa: – Ynha, halypanyň beren buýruk haty. Bu mesele boýunça gaýtadan oňa ýüz tutmagyň näme derkary bar? – diýdik. Ol ahyrsoňy ýolumyzy dowam etmäge rugsat berdi. Biz Horezmden Jürjanyýa[4] tarap ýola rowana bolduk. Jürjanyýa bilen Horezmiň aralygy elli parsahlyk ýoldy. Horezm dirhemleriniň käbiri galpdyr. Olar gurşundan, dürli magdanlardan we sary misden ýasalan. Olar dirheme «täzije» diýýärler. Onuñ agyrlygy 4,5 danga deňdir. Horezm halky dili we tebigaty boýunça irki döwrüň adamlarydyr. Olaryň gepleşik dili garasar gurşunyň sesine meňzeýär. Şähere bir günlük ýol galanda Ardaku[5] atly oba bardy. Onuň ilatyna kerdeliler diýýärler. Olaryň gürleýişleri gurbaganyň owazyna meňzeýär. Olar her namazyň soňunda möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyba nälet okaýarlar. Biz Jürjanyýada birnäçe gün bolduk. Jeýhun derýasy doňdy. Buzuň galyňlygy on ýedi garşa golaýdy. At, gatyr, eşek we arabalar buzuň üsti bilen geçýärdi. Ýörelende buz hiç hili üýtgänokdy. Doňaklyk şu ýagdaýda üç aý dowam etdi. Biz göýä dowzahyň sowuk gapysyndan bir gapy açylandyr öýtdük. Şeýle derejede aňzakly sowuk ülkäni [ilkinji gezek] gördük. Ol ýerde gar ýagmaga başlan wagty, hökman bir ýerlerden gaý turýar. Bu ýeriň ýerli ilaty tanyş-bilişlerine hormat ýa-da kömek etmek isleseler, oňa: «Bize gel, söhbetdeş bolaly. Öýde ýyly ot bar» diýýärler. Bu sylagy-da kömek hökmünde edýär. Allatagala bu bendelere rehim edipdir. Olaryň bol odunlary bar. Tag[6] odunynyň bir arabasy olaryň dirhemi bilen iki dirhemdir. Bir araba odun bolsa, takmynan 3000 ratl[7] agyrlygyna barabardyr. Jürjanyýada dilegçiler öýüň gapysynyň öňünde garaşyp durmaýarlar. Olar gönüden-göni öýe girip, oduň başynda biraz oturýarlar. Soňra bolsa «pakent», ýagny «çörek» diýip soraýarlar. Eger bir zat berseler alýarlar, bermeseler çykyp gidýärler. Biziň Jürjanyýada bolmaly wagtymyz uzady. Ol ýerde Rejep aýynyň ýarsyny, Meret, Oraza we Baýram aýlaryny tutuşlugyna bolduk. Aýylganç sowuk sebäpli birnäçe aý ol ýerde galmaly bolduk. Jürjanyýada eşidişime görä, iki sany adam on iki düýe bilen tokaýdan odun getirmäge gidipdirler. Olar ýanlaryna çakmak daşyny we pelte almagy unudypdyrlar. Bu iki kişi gijeot ýakyp bilmändirler. Olaryň özleri we düýeleri aýylganç sowukdan doňup ölüpdirler. Men bu ýerde sowuk sebäpli bazarlaryň we köçeleriň boş durandygyny gördüm. Gür ilatly Jürjanyýada bazarlaryň we köçeleriň köpüsine aýlanyp gördüm. Ýöne hiç bir kişä gabat gelmedim. Hammamdan çykyp öýe girýärdim. Öýe çenli aralykda sowukdan ýaňa sakgalym doňýardy. Sakgalymy oduň ýanynda durup eredýärdim. Içki öýüň içinde üsti keçe bilen örtülen türk çadyry bardy. Sowuk zerarly bu çadyryň içinde possuna, içmege girip ýatsam-da, birnäçe gezek ýaňagym ýassyga ýapyşdy. Jürjanyýada toýun küýzeler ýarylaýmasyn diýip, küýzeleri içmege dolap ýatýarlar. Onuň bolsa, hiç hili peýdasy ýok. Gazaply sowukdan ýaňa ýerde emele gelen uly ýaryklary, uly bir agajyň ikä bölünişini gözüm bilen gördüm. _____________________________________ [1] Horezm – bu ýerde Horezm sözi ýurt, ülke manysynda ulanylýar. Şol döwürde Horezmiň merkezi Kät şäheri eken. Kät şäheriniň häzirki ady Şaapbas. Ir döwürde Kät şäherine Şähristan hem diýlipdir. [2] Bu ýerde Tegin göz öňünde tutulýar. [3] Beýik emir – bu ýerde agzalyp geçilýän Samanly hökümdarydyr. Samanly hökümdary Ibn Fazlanyň döwründe Horasanyň hökümdarydy. [4] Jürjanyýa – Köneürgenç şäheriniň gadymy ady. Jürjanyýa Ibn Fazlanyň döwründe Horezmiň söwda merkezi bolup, Kätden has ähmiýetli hasaplanylypdyr. Ol ýurduň esasy şäherleriniň biridir. Bu ýer yslam dünýäsiniň iň uly söwda merkezi hasaplanylýardy. Köneürgençden Oguz, Hazar, Bulgar, Horasan, Mawerannahr hat-da Ýewropa ýurtlaryna, Çine we Hindistana söwda kerwenleri we gämiler gidýärdi. Netijede, demirgazyk we tropiki ýurtlaryň harytlary üçin esasy söwda merkezi bolup hyzmat edýärdi. [5] Ardaku – Köneürgençden günorta tarapa gidýän ýoluň ugrunda ýerleşen obanyň ady. Kerdeliler barada anyk maglumat ýok. Kerdelileriň namazdan soňra Aly ibn Abu Talyba nälet okamaklary olaryň mugtazyla akymyndandygyny görkezýär. [6] Tag – sazak, ojar. [7] Ratl – 429,28 gram. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |