18:52 Syýahatnama: Oguzlar | |
OGUZLAR
Ýol ýazgylary
Bu dagdan geçip, oguz atlandyrylýan türkmen taýpasynyň oturan ýerlerine bardyk. Olar çadyrlarda ýaşap, göçüp-gonup ýören taýpady. Oguzlar örän agyr şertlerde ýaşaýardylar. Olar dine ynanmaýardylar, öz akyllaryna görä hereket edýärdiler. Hiç zada ybadat etmeýärdiler. Tersine kethudalaryna «rebb» diýýärdiler. Olaryň içinden biri kethudalaryna maslahat salsa, oňa: «Eý «rebbim», şeýle ýagdaýda näme edeýin?» diýip sorardy. Olar işlerini biri-birleri bilen maslahatlaşyp edýärdiler. Emma öz aralarynda ylalaşylan işi bir akmak hem bozup bilýärdi. Bu taýpanyň arasynda Alla ynanýandyklary sebäpli däl-de, diňe musulmanlara ýagşy görünmek, ýagny göwnüni awlamak maksady bilen «Lä ilähe illalla» diýen kişileri hem gördüm. Olar kynçylyga duçar bolsalar ýa-da halamaýan zadyny görseler, başyny asmana galdyryp «Bir Taňry!» diýýärler. Bu türk dilinde «Bir Alla» diýmekligi aňladýar. Türk dilindäki «bir» arapça «wahyt», «Taňry» bolsa «Alla» diýmekdir. Olar kiçi ýa-da uly täretden soň arassalanmaýarlar. Jynsy gatnaşyk ýa-da başga ýagdaýlarda ýuwunmaýarlar. Esasan-da gyş aýlarynda suw bilen aralary ýok. Türkmenler goňşy halklary ýaly aýal-gyzlarynyň ýüzlerini nikap ýapdyrmaýarlar, olaryň zenanlary has erkin, ýöne şol bir wagtda hem olar azgynlyk diýen zady asla bilmeýärler. Zyna edenleri subut etseler, ikä bölýärler. Olar zyna eden adamy iki agajyň başyny egip bir ýere ýakynlaşdyryp daňýarlar. Soňra goýberýärler. Agaçlaryň öňki ýagdaýyna gelmegi netijesinde, ol adam ikä bölünýär. Olaryň biri maňa «Gurhan oka diýdi. Gurhan oňa ýarady. Ol dilmaja «okamagy dowam et diý» diýdi. Bir gün ol adam dilmajyň üsti bilen maňa «Bu arapdan sora. Rebbimiziň aýaly barmy?» diýdi. Men onuň bu sözüni agyr günä hasaplap toba etdim we estagfyrulla» diýdim. Ol hem meniň ýaly toba etdi we «Estagfyrulla» diýdi. Olaryň adaty şunuň ýalydyr. Olar bir musulmanyň tesbi1 sanany görse, ony gaýtalaýar. Öýleniş dessurlary şu aşakdaky ýalydyr. Olar öz aralarynda biriniň gyzyny, aýal doganyny ýa-da bir aýaly «Şu hili mukdarda Horezm matasyny berjek» diýip gelinlige soraýarlar. Galyňy gyzyň hossaryna berenden soňra, ony öýüne alyp gaýdýarlar. Köp halatlarda galyň düýe, dowar we başga zatlar bolup bilýär. Gyzyň ene-atasy bilen galyňyň puluny ylalaşman, hiç kim gyza öýlenip bilmeýär. Eger galyňy geçirse, gyzyň bolýan öýüne çekinmän gelýär we gyzy ene-atasynyň we doganlarynyň ýanynda alyp gidýär. Olar oňa garşy çykmaýarlar. Eger bir adam ölüp, yzynda aýaly we çagalary galsa, öz ejesi bolmadyk halatynda uly ogly kakasynyň dul aýalyna öýlenip bilýär. Täjirler we başga del adamlar oguzlaryň ýanynda suwa düşüp bilmeýärler. Diňe gije olardan uzak bir ýerlerde ýuwunardylar. Sebäbi olar şeýle ýagdaýda birini görseler gaharlary gelýär. Olar: «Bu adam bizi dogalajak bolýar ol suwa girdi» diýýärler. Eger şeýle ýagdaýda birini görseler, salgyt alýarlar. Musulmanlar bu ülkede myhman bolar ýaly dost tutunýardylar. Olar musulman ýurtdan dostuna köýnek, aýalyna ýaglyk, gara burç, dary, kişmiş we pisse ýaly zatlary sowgat etmän üstünden geçmeýärdiler. Olar gelen musulmany hormatlap, onuň üçin gupbaly çadyr gurýarlar. Şeýle-de olar öz ýagdaýlaryna laýyklykda myhmany hormatlap goýun berýärler. Musulmanlar goýnuň damagyny çalýarlar. Emma oguzlar malyň damagyny çalmaýarlar. Olar goýny kellesine urup, öldürýärler. Eger myhman bolan musulman ýola düşjek wagty düýesi ýola ýaramajak bolsa ýada-da başga bir zada mätäçlik çekse, ol ýarawsyz malyny oguz dostunyň öýünde taşlap gidýär. Soňra onuň düýesinden, malyndan geregini alyp ýola düşýär. Ol dolanyp gelende, oňa harytlaryny, düýelerini we mallaryny yzyna gaýtaryp berýär. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, oguzyň ýurdundan gaýry ýurtly nätanyş geçip barýarka oguza: «Men seniň myhmanyň. Maňa şu mukdarda dirhem, düýe, mal gerek» diýse, oňa gysganman näçe gerek bolsa berýärler. Eger täjir bir sebäp bilen ýolda ölüp, kerwen yzyna dolanyp gelse, ol oguz kerwendäkilerden: «Meniň myhmanym nirede?» diýip soraýar. Olar «öldi» diýse, kerweniň ýüküni düşürdýär. Soňra ol has abraýly täjiriň ýanynda ýüki çözýär. Ol ýükdäki täjiriň pulundan zerre mukdary ýaly artykmaç zat alman, beren puluny alýar. Edil şonuň ýaly, ol täjiriň düýelerinden we malyndan näçe beren bolsa, şony hem alýar. Ol bu täjire: «Ol seniň doganoglanyň. Seniň onuň bergisini ödemegiň talaba laýykdyr» diýýär. Eger karz alan adam gaçsa-da, şonuň ýaly edilýär. Ol beren karzyny yzyna alanda täjire: «Ol hem seniň ýaly musulmandy. Bu mukdary sen ondan al» diýýär. Eger ol oguz yzyna gaýdyp gelen kerwende musulman myhmanyny görmese «Ol nirede?» diýip soraýar. Onuň nirä gidendigini bilse, gözlegine çykýar. Oňa beren zatlaryny we sowgat eden zatlaryny yzyna alýança, yzyndan aýrylmaýar. Şu aşakdaky düzgün türkileriň däp-dessurlaryndandyr. Her bir türk Jürjanyýa giren badyňa öň öýünde myhman bolan musulmanyň nirededigini soraýar. Ony görse, näçe günlük galjakdygyna garamazdan öýüne myhman alýar. Ol tä yzyna dolanjak wagtyna çenli, onuň öýünde bolýar. Eger bir türk bir musulmanyň öýünde myhman bolup ýörkä öläýse, onda bu musulman ol türküň ýaşaýan ýerinden geçip barýan wagty ol türküň kowumyna gabatlaşaýsa, olar ony öldürýärler. Oňa: «Sen ony tussag edip öldürdiň. Eger beýle etmedik bolsaň, ölmeli däldi» diýýär. Edil şunuň ýaly, musulmanlaryň biri türkmene nebiz-şerap içirse, onuň netijesinde türkmen üçekden düşüp ölse, oňa nebzi içiren musulman öldürilýär. Eger ol musulman kerwende ýok bolsa, onuň ýerine kerwende iň uly adamy öldürýärler. Olar beçebazlygy agyr günä hasaplaýarlar. Bir gezek türkmen hökümdarynyň wekili Gözergeniň[2] ýanyna horezmli biri gelýär. Ol goýun satyn almak üçin bir türküň öýünde birnäçe gün myhman bolýar. Bu türküň heniz ýüzüne tüý çykmadyk ogly bar eken. Horezmli bu oglanyň başyny-gözüni aýlap, islegini kanagatlandyrmak isleýär. Ahyrsoňy çaga onuň islegini kabul edipdir. Türk onuň üstünden barýar. Ol bada-bat bu meseläni Gözergene ýetirýär. Gözergen oňa «Türkleri ýygna» diýdi. Ol türkleri ýygnady. Türkler ýygnanyşan wagty, çaganyň kakasyna: — Dogry karar bereýinmi ýa-da nädogry karar bermegime garaşýarmyň? - diýdi. Türk: — Dogry karary beriň? - diýdi. Gözergen: — Onuň ýaly bolsa, ogluňy getir. Ikisi-de öldürilmeli - diýdi. Türk onuň bu karary bilen ylalaşmady. Ol: — Men oglumy berip biljek däl - diýdi. Netijede Gözergen: — Onda täjir girewine bir zat berip, janyny halas eder – diýip, jogap berdi. Täjir türke bu eden nädogry işi sebäpli töleg hökmünde Gözergene dört ýüz goýun berdi. Soňra bu ülkeden çykyp gitdi. Türk hökümdarlarynyň we ýolbaşçylarynyň arasynda ilki görenimiz Kiçi Ýynaldy[3]. Ol musulman bolup, yslam dinini kabul etdi. Ýöne taýpasy «Musulman bolup, bize ýolbaşçy bolmarsyň» diýipdirler. Netijede Kiçi Ýynal musulmançylygy taşlapdyr. Biz onuň ýurduna baranymyzda ol: — Sizi geçirmäge rugsat berip biljek däl. Sebäbi biz munuň ýaly zatlary hiç haçan eşitmedik - diýdi. Biz ahyrsoňy, ony on dirhem baha ýakyn Jürjan telpegini, bir bölek paýbaf[4] matasyny, birnäçe çörek, kişmiş, ýüz sany hoz berip razy etdik. Bu zatlary berenimizden soňra ol bize sežde etdi[5]. Bu türkleriň adatydyr. Olar bir adam kömek etse, ony hormatlap sejde edýärler. Ýynal bu sylag-hormatymyza: «Öýüm uzakda, ýogsa size goýun bererdim» diýdi. Soňra biziň ýanymyzdan gitdi. Biz-de ýola düşdük. Ertesi gün öňümizden bedroý, üsti-başy weýran, hapysa, erbet häsiýetli bir türk çykdy. Ýolda-da güýçli ýagyşa ezilipdik. Bu adam bize: «Duruň!» diýip gygyrdy. Üç müňe golaý mal we bäş müňe golaý adamdan ybarat bolan agyr kerwen durdy. Ol: — Hiç kim geçmez - diýdi. Biz oňa: — Gözergeniň dostlary - diýdik. Ol gülmäge başlady we: — Gözergen kim bolýar? Men Gözergeniň sakgalyny hapalaýyn! - diýdi. Soňra Horezm dili bilen «Pakend!», ýagny «çörek» diýdi. Men oňa birnäçe çörek berdim. Olary alyp: — Bolýar gidiberiň. Size ýüregim awady - diýdi. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Oguzlardan biri kesellese, oňa hyzmatkärleri seredýär. Onuň ýanyna başga hiç kim barmaýar. Olar näsag üçin uzak bir ýerde çadyr gurýarlar. Ol soňkydemine çenli ýa-da aýak üstüne galýança, şol çadyrda bolýar. Eger nähoşlan adam garry ýa-da gul bolsa, ony çöle taşlaýarlar. Olar öz aralarynda biri ýogalsa, onuň üçin öý ýaly çukur gazýarlar. Soňra jesede hyrka geýdirýärler, gulakhalkasyny ildirip, guşagyny guşap, ok-ýaýyny biline baglaýarlar. Eline içi nebizli agaçdan ýasalan käse berip, öňünde içi nebizli agaç gap (küýze) goýýarlar. Soňra ähli goş-golamyny getirip öý ýaly gazylan çukura taşlaýarlar. Merhumy çukurda oturdyp, üstüne toprak dökülmez ýaly edilip gömülýär. Mazaryň üstüni toprak bilen gupba ýaly depe edýärler. Soňra merhumyň malynyň ýagdaýyna görä, birden ýüze ýada iki ýüze çenli mal gurbanlyk edýärler. Bu mallaryň etini iýýärler. Öldürilen malyň kellesini, aýagyny, derisini we guýrugyny mazaryň başynda agaçdan asyp goýýarlar. Olar: «merhum jennete giren wagty bu mallar oňa ulag bolýar» diýýärler. Eger ölen adam diri wagty adam öldürip ýören garadangaýtmaz bolsa, onuň öldüren adamsynyň sanyna görä, agaçdan heýkel ýasap gabryň üstüne dikýärler. Olar: «Bular onuñ hyzmatkärleridir. Oňa jennetde hyzmat edýärler» diýýärler. Kähalatlarda mal öldürmäni birki gün gijikdiräýseler, aralaryndaky ýaşululary tiz mal öldürmeklerini tabşyrýar. Ol: «Men merhumy düýşümde gördüm. Göreňokmy, dost-ýarlarym meniň deňimden geçip gitdi. Olaryň yzyndan ýetjek bolup, aýagymyň aşagy ýara boldy. Olaryň yzyndan ýetip bilemok. Ynha, ýeke özüm galdym» diýýär. Netijede, mallarynyň bir bölegini öldürip, guburyň ýanynda asyp goýýarlar. Birki gün geçen soň, ýaşuly gaýtadan gelýär we: – Pylan merhumy düýşümde gördüm. Maňa «Maşgalama we tanyş-bilişlere aýt, men olaryň yzyndan ýetdim, ýadawlygym gitdi» diýdi – diýýär. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Türkleriň ählisi sakgalyny syryp, murt goýberýär. Men olaryň arasynda sakgalyny ýolup, eňeginiň aşagynda sanaýmalyja tüý goýan egni possunly ýaşuluny gördüm. Oňa uzakdan seretseňiz, geçidir öýdersiňiz. Oguz türkmenleri özleriniň hökümdaryna «ýabgu» diýýärler[6]. Bu söz hökümdarlyk derejesini aňladýar. Oguz kowumyna hökümdar bolan adam bu ady alýar.Onuň wekiline bolsa, «gözergen» diýilýär. Edil şonuň ýaly hökümdaryň weziri bolan adama hem «gözergen» diýilýär. Soňra goşun serkerdeleriniň[7] ýanyna bardyk. Oňa Katagan ogly Etrek diýýärler. Etrek bizi sylap türkmen öýüni[8] dikdi. Bizi myhman aldy. Onuň maşgalasy agyr bolmak bilen bir hatarda, gelim-gidimli ýer eken. Onuň birnäçe öýi bar eken. Ol bize huruşlyk mal, müner ýaly at berdi. Şeýle-de maşgalasyny, dogan-garyndaşlaryny çagyryp, söwüş edip mal öldürtdi. Biz oňa egin-eşik, kişmiş, hoz, gara burç we dary ýaly sowgatlar berdik. Onuň aýalyny gördüm. Ol öň kakasynyň aýaly eken. Onuň maşgalasy beren sowgatlarymyzdan bir bölegini alyp, gyra tarap gitdi. Ol bir çukur gazyp, alyp giden zatlaryny oňa gömdi. Soňra bir zatlar diýdi. Men dilmaja: «Näme diýýär» diýip soradym. Dilmaç: «Bu araplaryň Etregiň kakasy Katagana beren sowgatlarydyr diýýär» diýdi. Gün ýaşandan soňra dilmaç bilen bilelikde Etregiň ýanyna bardym. Ol gupbaly çadyrda otyrdy. Nezir Haramynyň oňa ýazan haty biziň ýanymyzdady. Nezir bu hatynda ony musulman bolmaga çagyrýardy. Mundan başga oňa musaýýyby altyndan elli sanysyny, üç mysgal müşk, eýlenen deri, Merw matalaryny, eýlenen deriden tikilen aýakgap, birnäçe egin-eşik, bäş gatly ýüpek köýnek iberdi. Bu sowgatlaryň ählisini oňa berdik. Maşgalasyna bolsa, çargat bilen ýüzük sowgat etdik. Soň oňa haty okap berdim. Ol dilmaja: «Siz yzyňyza dolanyp gelýänçäňiz, bir zat aýdyp biljek däl. Men nähili netijä gelendigim barada halypa hatýazaryn» diýdi. Etrek biziň beren sowgatlarymyzy geýmek üçin üstündäki ýüpekden taýýarlanylýan eşigiçykardy. Onuň eşiginiň aşagyndaky hyrkanyň gat-gatkirini gözüm bilen gördüm. Olaryň adatlaryna görä, bir adam geýen eşigi bölek-bölek bolup dargaýança çykarmaz eken. Etrek sakgalyny we murtuny syryp, hyzmatkär ýaly bolupdyr. Türkler onuň ussat çapyksuwardygyny belleýärler. Ol bir gün biziň bilen bile barýarka üstümizden bir ördek uçup geçdi. Etrek bada-bat ýaýyny eline aldy we atyny onuň yzyndan sürdi. Ördegi bir okda urup, ýere gaçyrdy. Ol birnäçe gün geçenden soňra adam iberip, yzyndan gelýän serkerdeleri çagyrtdy. Olar Tarhan, Ýynal we agasynyň ogly Ilgiz dagylardy. Olaryň arasynda Tarhan örän akylly we parsatly kişidi. Ol agsak, kör we çolakdy. Etrek olara: – Bular arap hökümdarynyň sihri[9] Almyş ibn Şilkä ýollanan ilçilerdir. Size maslahat salmazdan olary goýbermek islemedim – diýdi. Tarhan[10]: – Bu biziň gören-eşiden zadymyz däl. Biziň ata-babalarymyzyň döwründe bu ýerlerden ilçi geçmändir. Meniň pikirimçe, halypa olary bir hile-mekirlik bilen hazarlara hüjüm etjek bolup iberen bolmagy ähtimal. Geliň, gowusy ilçileri iki bölege bölüp, ýanlaryndaky harytlary we başga mallary alalyň – diýdi. Olaryň içinde başga bir adam: – Ýok, olaryň eşiklerini alyp, çuw-ýalaňaç goýbereliň – diýdi. Başga biri bolsa: – Ýok, biziň hazar hökümdarlygynda ýesirlerimiz bar. Biz bu adamlary hazarlylara berip, öz ýesirlerimizi alarys – diýdi. Olar ýedi günläp biri-birleri bilen dawalaşdylar. Biziň gorkymyzdan tas zährämiz ýarylypdy. Ahyrsoňy olar bizi goýbermegi karar etdiler. Şol sebäpli Tarhana Merw kaftany[11], iki bölek paýbaf, adam başyna bir hyrka sowgat berdik. Ýynal bilen Tarhana birmeňzeş sowgat berdik. Mundan başga-da gara burç, dary, birnäçe çörek berenimizden soňra ýanymyzdan gitdiler. Bu ýerden ýola düşüp, Ýagyndy derýasyna baryp ýetdik. Kerwendäki adamlar, düýe derisinden taýýarlanylan gaýyklaryny çykaryp ýazdylar. Türk düýeleriniň üstündäki gaýyklara goş-golamlaryny aldylar. Soňra gaýygyň üstüne bäş-alty, ondan az ýa-daköp adam bolup mündüler. Ellerine buk agajynyň[12] böleklerinialyp, kürek edip ullandylar. Dem-dynç alman kürek çekýärdiler, tegelek görnüşindäki gaýygy bolsa, suw öz akymyna alyp barýardy. Ahyrsoňy derýany kesip geçdik. Düýe mallar bagyrýardy. Olar hem derýadan geçýärdi. Kerweniň asudalygy üçin ýaragly toparyň ilkinji geçmegi zerurdy. Sebäbi başgyrt galtamanlaryndan gorkýardyk. Bu şeýle hem edildi. Ýagyndy derýasyny kesip geçenimizden soňra, gaýyklar bilen Jam (Emba), Jahş (Sagyz), Uzyl (Oýyl), Erden (Zagsybaý), Warş (Wahş), Ahti (Uly Ankati), Webiga (Kiçi Ankati) derýalaryny yzly-yzyna kesip geçdik. Bu derýalaryň ählisi uly derýalardy. ______________________________________ [1] Tesbih we tehlil – «Subhanalla» we «Lä ilähe illalla» sözleriniň gysga görnüşi. [2]Gözergen (Gözerkin) – Ibn Fazlanyň düşündirişine görä, Ýabgunyň wekiline berlen çiniň ady. [3] Ýynal Sagyr – bu söz ýabgunyň mirasdüşerine berilýän at. Oguzlar soňra ähli ýolbaşçylaryna bu ady bermäge başlapdyrlar. [4] Paýbaf – tara, aýagyň bilen işledilýän guralda dokalan mata. [5] Sejde – bulgarlarda we hazarlarda minnetdarlyk sejdesi bar. Ol butparazçylygyň adatlaryndandyr. [6] Ýabgu – oguz we garlyk hökümdarlaryna berlen bir derejäniň ady. Ol taryhy kitaplarda «jebbuýe», «jemguýe» görnüşinde-de geçýär. Käbir ýerlerde hanyň ogluna, erkek doganyna we ýakyn garyndaşyna «ýabgu» diýilýär. Ibn Fazlan «ýabgu» sözüni «beýgu» ýagny «beýik» manyda ulanan bolmagy mümkin. [7] Asyl nusgada «Subaşy» – ol oguzlaryň serkerdebaşa berýän derejesiniň ady. Mälim bolşy ýaly subaşynyň derejesi ýabgudan has ýokarydyr. [8] Asyl nusgada gupbaly çadyr – türkmen öýleri gupba görnüşinde bolýar. Orta asyrda türk çadyrlary diňe türkler tarapyndan ulanylman, başga goňşy ýurtlarda-da peýdalanylypdyr. [9]Sihr – bu söz giýewi, gaýyn ata, gaýynene manysynda ulanylypdyr. Bulgar hökümdary bilen oguz subaşysynyň sihr bolandygy kän bir ynandyryjy däl. Belki-de bu ýerde umumy manyda ulanylandyr. Çünki şol döwürde oguzlar bilen bulgarlaryň arasynda gatnaşyk has ýakyndy. Bu ýagdaýy has oňat bilýän Bagdat häkimiýeti oguzlar bilen bulgarlaryň arasyndaky gatnaşygy has ýokarlandyrmak bilen bir hatarda yslamyýeti ýaýmak isleýärdi. [10] Tarhan – subaşydan soňky derejäni eýeleýän bege bu dereje berilýärdi. Ümewiler döwründe Mawerannahrdaky özbaşdak beglikleri dolandyrýan beglere hem «Tarhan» diýilýärdi. [11] Kaftan – don, geýim. [12] Asyl nusgada haşbul huzenek – çalymtyl gabykly uly we berk agaç. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |