18:15 Syýahatnama: Türk ülkelerine syýahat | |
TÜRK ÜLKELERINE SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
Hijri ýyl hasaby bilen 309-njy ýylyň Şowwal aýynyň[1] ortalarynda howa maýlamaga başlady. Jeýhun derýasynyň buzy eredi. Biz ýola zerur bolan zatlarymyzy taýýarladyk. Türk düýelerini satyn aldyk. Türk ülkelerinde ýerleşen derýalardan geçer ýaly düýäniň derisinden gaýyk ýasadyk. Azyk önümlerinden üç aýa ýeterlik çörek, dary we şorja et gowurmasyny ýanymyza aldyk. Bu ýeriň ýerli ilatyndan tanaýan adamlarymyz ätiýaçdan ýanymyza köpräk geýim almagy maslahat berdiler. Olar bu meseläni ulaldyp, «sowukdan gorkaýmalydyr» diýdiler. Biz öz gözümiz bilen görenimizden soňra, olaryň aýdýanyndan hem sowugyň bäş esse elhenç aýazdygyny gördük. Men ýola düşmezimiň öň ýanynda: — Ýaranlar! Ýanyňyzda Bulgar hökümdarynyň iberen ilçisi bar. Ol ähli zady bilýär. Şeýle-de ýanyňyzda halypanyň haty bar. Hat-da bolsa, hökümdara dört müň musaýýyby[2] altynyň iberilendigi aýdylýar. Biz nätanyş hökümdaryň ýanyna barýarys. Ol hökman bu puly sorar - diýdim. Olar: — Ony alada etme! Puly bizden soramaz -diýdiler. — Olar meniň duýduryşymy diňlemediler. Men: — Hökümdar hökmany suratda puly sorar -diýdim. Kerwene taýýarlyk işleri görüldi. Biz Jürjanyýe halkynyň arasyndan «ýolbelet» atlandyrylýan «delili» hakyna tutduk.[3] Soňra Alla bil baglap, ýola rowana bolduk. Hijri ýyl hasaby bilen 309-njy ýylyň Baş aýynyň 2-sine[4] Duşenbe güni Jurjanyýadan çykyp, ýola düşdük. Biz şol gidişimizden Zamjan[5] atly kerwensaraýa baryp ýetdik. Bu ýer Türk gapysy diýip atlandyrylýan ýerde ýerleşýär. Ertesi gün bu ýerden hereket edip Git[6] atly başga bir ýerde düşledik. Gitde üstümizi gar basdy. Gar şeýle bir ýagdy welin, hatdadüýeleriň dyzyna çenli baryp ýetdi. Bu ýerde ikigünden soň, giden boşluk dagsyz gyr ýerde adama sataşman, agyr ýöriş bilen türk ülkeleriniň içine aralaşdyk. On günläp gyrda ýöredik. Bu on günüň içinde agyr kynçylyklary başdan geçirdik. Aýylganç sowugy we yzygiderli garyň ýagyp durandygyna şaýat bolduk. Horezmiň sowugy onuň ýanynda bahar ýalydy. Biz başymyzdan geçiren ähli kynçylyklarymyzy unudyp, şu derejä gelip ýetdik. Bir gün örän aýylganç sowuga duçar bolduk. Tegin meniň bilen bile barýardy. Teginiň ýanyndaky türk, onuň bilen türkiçe gürleşýärdi. Bu gürrüňiň arasynda Tegin güldi. Tegin maňa: — Bu türk bizden: «Rebbimiz näme isleýär. Bizi sowukdan öldürjekle. Ah, näme isleýändigini bilip, ýerine ýetirsek» diýýär - diýdi. Men Tegine: — Oňa, Alla sizden «Lä ilähe illalla» diýmegiňizi isleýär diý - diýdim. Türk muňa gülüp: — Bilsek aýdardyk - diýdi. Biz ýol ugrunda tag odunynyň bol ýerine bardyk. Ol ýerde düşledik. Kerwendäki adamlar ot ýakyp ýylandylar. Olar egin-eşiklerini otda guratdylar. Soňra ýola düşdük. Her gün gijäniň ýaryndan öýläne ýa-da ikindä çenli özümize jebir berip ýöreýärdik. Ondan soň düşlärdik. On bäş gün diýlende daşly, bol suwly, çeşmeli beýik bir daga baryp ýetdik. ______________________________________ [1] Milady hasaby bilen 922-nji ýylyň Fewral aýynyň 16-sy. [2] Musaýýyby - Gytryf bin Attabyň erkek dogany Musaýýyp tarapyndan çykarylan pul birligi. [3] Ibn Fazlan ýolbelet (kylawuz) bilen «deliliň» (ýolbelet) bir meňzeş many aňladýandygyny bilmeýän bolmagy mümkin. [4] Milady senesi boýunça 922-nji ýylyň Mart aýynyň 4-ne. [5] Rybaty Zamjan – bu kerwensaraý Hazar deňzi bilen Aral kölüniň aralygynda Üstýurt düzlüginde ýerleşýär. Şeýle-de oňa Türk derwezesi hem diýilýär. Bu ýerde Samanlylara degişli serhet birikmesi bolupdyr. [6] Git – Ibn Hawkal we Istehri Jit görnüşinde belläp geçýär. Bu ýer oguz ülkelerine tabyn eken. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |