13:00 Syýahatnama: Hazarlar | |
HAZARLAR
Ýol ýazgylary
Hazarlaryň hökümdaryna hakan diýilýär. Ol her dört aýdan bir gezek halkyň arasyna çykýar. Oňa beýik hakan, wekiline bolsa han beg diýilýär[1]. Hakan beg goşuny dolandyrýar, ýurduň işini ýöredýär we halkyň arasyna goşulyp, söweşe gatnaşýar. Töweregindäki hökümdarlar oňa garaşlydyr. Ol her gün aýakýalaňaç eli taýakly uly hakanyň huzuryna barýar. Içeri giren wagty ol agajy ýakýar. Ony ýakyp hanyň sag tarapyndaky tagtda oturýar. Hakan bege Gundur hakan atly biri wekilçilik edýär. Gundur hana bolsa Jawşigir wekilçilik edýär. Uly han adaty mejlis gurap, halk bilen pikir alyşmaýar. Ýokarda belläp geçen adamlarymyzdan başga adamlar onuň huzuryna girip bilmeýärler. Döwletara ylalaşyk, adamlara temmi bermek, ýurdy dolandyrmak ýaly işler bilen meşgullanmak han begiň wezipesi bolup durýar. Däp bolup gelşi ýaly uly han ölenden soň onuň üçin ýigrimi otagly uly köşk gurulýar. Otaglaryň herbirinde beýik han üçin mazar gazylýar. Daşlary döwüp owradýarlar. Guburyň içi daş bilen düşelýär. Onuň üstüne ýanmadyk hek taşlanylýar. Öýüň eteginden geçýän uly derýa bar. Derýany bu gabryň üstünden geçer ýaly edýärler. Bulary şeýtan, adam, gurt we mör-möjek ýaly zatlar oňa zyýan bermesin diýip edýärler. Han jaýlanandan soň guburynyň haýsy otagdadygy bilinmez ýaly, ony jaýlan adamlaryň kellesi alynýar. Onuň mazaryna jennet diýýärler. Olar gubura ýerlenen wagty jennete girdi diýip ynanýarlar. Mundan başga ähli otaglar altyn bilen garylyp dokalan ýüpek bilen düşelýär. Hazar hanynyň däpleriniň ýene biri hem köşkde hemişe ýigrimi bäş sany aýal saklanýar. Olaryň her biri goňşy ülkeleriň hökümdarlaryndan biriniň gyzydyr. Ol käbirlerini öz razylygy bilen, käbirlerini hem zor bilen alypdyr. Mundan başga-da örän owadan altmyş sany gyrnagy bar. Azat aýallaryň we gyrnaklaryň, ýagny bularyň her biriniň aýry-aýry saraýy, gupbaly çadyry bar. Her bir gupbaly çadyryň ýanynda başga-da bir çadyr gurlan. Şeýle-de gyrnaklary goraýan hyzmatkärler bar. Eger han bu gyrnaklaryň biri bilen jübütleşmek islese, ol hyzmatkäre habar berýär. Ol ony onuň düşegine çenli getirip berýär. Hyzmatkär gupbalyçadyryň öňünde garaşyp durýar. Han işini bitirenden soň, gyrnagy ýene gupbaly çadyra alyp gidýär. Soñy. Ibn FADLAN. [1] Goşuna buýruk berýän, ýurduň işini ýöredýän, halkyň arasyna çykyp söweşe gatnaşýan han beg bolupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |