23:58 Syýahatnama: Bulgarlar | |
BULGARLAR
Ýol ýazgylary
Ilçi hökmünde iberlen ülkämiz bolan Bulgar hökümdarynyň ýurduna bir gün ýol galypdy. Hökümdar öz garamagyndaky dört sany begi[1], doganlaryny we perzentlerini bizi garşy almak üçin çykarypdyr. Olar öňümizden çörek, et we dary[2] alyp mähirli garşyladylar. Biziň bilen bile ýörediler. Hökümdaryň oturýan ýerine iki parsah ýol galanda, bizi hökümdaryň özi garşy aldy. Ol bizi gören badyna, Alla şükür edýärin diýip sejde etdi we ýeňişde düşenkümüş pullary üstümize seçdi[3]. Biziň üçin aýratyn gupbaly çadyr gurdurdy. Biz bu çadyrda ýerleşdik. Biz hökümdaryň ýanyna 310-njy hijri ýylynyň Aşyr aýynyň 12-sine[4] Ýekşenbe güni bardyk. Jürjanyýadan onuň ülkesine çenli ýetmiş iki gün ýol ýöredik. Biz Ýekşenbe, Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe günleri çadyrda bolduk. Hökümdar halypanyň ýollan haty okalan wagty begleriniň, serkerdeleriniň we maşgala agzalarynyň bolmagyny tabşyrypdy. Olaryň ählisi jemlendi. Penşenbe olar ýygnanyşanlaryndan soňra ýanymyz bilen getiren iki sany sowgatly bukjamyzy açdyk. Ilki bilen halypanyň iberen eýeri bilen hökümdaryň atyny eýerledik. Hökümdara gara don geýdirip, sellesini orap berdik[5]. Soňra halypanyň iberen hatyny çykardym. Men hökümdara: «Halypanyň haty okalýan wagty ýerimizde otursak gelşiksiz bolar» diýdim. Hökümdaryň özi, döwlet işgärleri ýurduň belli adamlary ör turdular. Hökümdar garynlak semiz adamdy. Haty okamaga başladym. Hatyň giriş bölümini okamaga başladym: «Saňa salam bolsun! Seniň bilen bilelikde, ondan başga Taňry bolmaýan Alla öwgi we alkyşlary aýdýaryn» diýen sözlemi okap, oňa: «Möminleriň emiriniň salamyny al» diýdim. Ol we ýanyndaky egindeşleri salamy kabul etdiler. Men haty okamagy dowam etdim. Dilmaç bolsa sözme-söz terjime edýärdi. Haty tamamlanymdan soňra, bu ýerde oturanlaryň ählisi bir agyzdan tekbir aýtdylar[6]. Bu getirilen tekbirden ýaňa ýer titräp gitdi. Soňra hökümdaryň ör turup duran wagty, wezir Hamyt ibn Apbasyň[7] hatyny okamaga başladym we oňa (hökümdara) oturmagyny haýyş etdim. Nezir Haramynyň ýollan hatyny okanymda, hökümdar oturyp diňledi. Bu hat tamamlanandan soňra, egindeşleri hökümdaryň üstüne ummasyz kümüş pullary seçdiler. Iň soňunda hökümdara we maşgalasyna getiren gymmatbahaly sowgatlarymy çykardym. Bu sowgatlar atyr, egin-eşik, hünji ýaly zatlardy. Sowgatlary ýeke-ýekeden oňa we maşgalasyna berdim. Bu amanaty berenimden soňra, halkyň öňünde hökümdaryň aýalyna don geýdirdim. Olaryň däp-dessurlaryna görä, hökümdaryň hatyny[8] ýanynda oturýardy. Hatyna halat-serpaý ýapylandan soňra, aýal maşgalalar onuň üstüne kümüş pul seçdiler. Biz hem çadyrymyza gaýtdyk. Bizi hökümdar az salymdan soňra gaşyna çagyrdy. Hökümdaryň ýanyna girdik. Ol gupbaly çadyrdady. Perzentleri bolsa, onuň öňünde otyrdy. Hökümdaryň ýeke-täk özi Rumuň ýüpek matasy bilen örtülen tagtda oturýardy. Adamlar ýygnanyşanda, ol: «Saçagy getiriň» diýdi. Onuň öňünde gyzardylan etli saçagy getirip goýdular. Ol eline pyçak aldy. Bir lukmany iýdi. Ikinji, üçünji gezekde hem şol bir zady gaýtalady. Soňra etiň bir bölegini kesdi. Ony ilçi Söwsene berdi. Söwsen bu et bölegini alan dessine, saçak getirilip onuň öňüne ýazyldy. Olaryň şeýle däp-dessurlary bar eken. Hökümdar lukma berýänçä, hiç kim nahara elini uzatmaýar. Hökümdaryň beren lukmasyny alan adama saçak getirilýär. Hökümdar maňa hem bir lukma berdi. Maňa-da saçak getirdi. Etden bir lukmany sag tarapynda oturan begine berdi. Oňa hem saçak geldi. Soňra ikinji bege lukma berdi, oňa-da saçak ýazyldy. Soňra üçünji, dördünji beglerine lukma berildi. Olara hem aýry-aýrylykda saçak geldi. Perzentlerine ýeke-ýekeden berdi. Olara-da aýry-aýry saçak ýazyldy. Her kim özöňündäki saçakdan nahar iýýärdi. Başga adamyň saçagyna el uzatmaýardylar. Her kim öz saçagyndaky nahardan artanyny öz öýüne alyp gidýärdi. Hökümdar nahar iýip bolanymyzdan soň, bir gije-gündiz öň taýýarlanylan bal şerbetini sorady. Olar oňa sujuw[9] diýýärler. Hökümdar we biz bir gadak sujuw içdik. Ol ýokary turup: «Alla, möminleriň emirine uzak ýaş bersin! Bu günki ýygnanyşyk, oňa bolan minnetdarlygymyzyň alamatydyr» diýdi. Hökümdar aýaga galan wagty, dört sany begi we perzentleri ör turdular. Biz-de ýokary turduk. Hökümdar bu hereketi üç gezek gaýtalady. Soňra ýanyndan gaýtdyk. Men gelmezimden öň hökümdaryň metjidiniñ münberinde onuň adyna «Eý, Allam, Bulgarlaryň hökümdary Ýiltiwary bagyşla» diýlip hutba okalar eken. Men hökümdara ýüzlenip: – Hökümdar ýeke-täk Alladyr. Münberde Allanyň adyndan başga at aýdylmaýar. Möminleriň emirine Gündogar we Günbatar münberlerinde: «Eý, Allam! Seniň biçäre guluň bolan halypa möminleriň emiri Japar Ymam Muktadyr Billäni bagyşla» diýýärler. Pygamberimiz Muhammet Mustapa (s.a.w) «Ysaýylaryň Bibi Merýemiň ogly Isany öwüşleri ýaly, meni öwmäň! Men bir biçäre gul. Şol sebäpli maňa Allanyň guly we Resuly diýiň» – diýip tabşyrypdy diýdim[10]. Hökümdar: – Onuň ýaly bolsa, meniň adyma nähili hutba okamaly? – diýdi. Men oňa: – Seniň we kakaň ady bilen okalsyn – diýdim. Hökümdar: – Kakam kapyrdy. Hutbada onuň adynyň tutulmagy gerek däl. Meniň adymy-da kapyr dakandygy sebäpli, adymyň hutbada okalmagyny halap baramok. Bagyşlaň, möminleriň emiriniň ady näme? –diýdi. Men: – Japar – diýdim. Hökümdar: – Men onuň adyny alsam bolýarmy? – diýdi. Men oňa: – Hawa, bolýar – diýdim. Ol: – Onda men öz adymy Japar, kakamyň adyny Abdylla diýip üýtgedýärin – diýdi. Ol hutbaça: «Hutbany bu at bilen okamaly» diýip, tabşyrdy. Hutbaçy bu buýrugy ýerine ýetirdi. Mundan soňra onuň adyna hutbada: «Eý, Allam! Möminleriň emiriniň möwlasy we biçäre guluň Bulgar hökümdary Japar ibn Abdyllany bagyşla» diýlip okalýardy. Hatyň we sowgatlaryň berlen gününden üç gün geçenden soňra, hökümdar maňa çapar ýollap öz ýanyna çagyrdy. Ol halypanyň iberen dört müň altyny bilen baglanyşykly meseläni we gijä galmagynyň sebäbini eşidipdir. Bulgar hökümdary onuň ysaýy Fazyl ibn Musanyň hilesidigini bilýärdi. Hatda altyn barada hem aýdylýardy. Ol giren badyma, «Geç, otur» diýdi. Men geçip oturdym. Hökümdar halypanyň hatyny öňüme taşlap: — Bu haty kim getirdi? - diýdi. Men: — Men alyp geldim - diýdim. Soňra weziriň hatyny berdi hem-de: — Bu haty kim getirdi? - diýdi. Men ýene-de: — Men – diýdim. Hökümdar: — Iki hatda-da aýdylýan pullar nirede?- diýdi. Men: — Ýygnap bolmady. Wagtyň azlygy we bu ýere gelip bilmeris diýen pikir bilen «yzymyzdan ýetişdiriň» diýip, gyssanmaçlyk bilen gaýtdyk – diýdim. Hökümdar: — Siziň hemmäňiz bile geldiňiz. Halypa bizi öz garamagyna geçirjek bolýan ýehudylara garşy, goranar ýaly gala gurdurmak üçin şeýle çykdajy etdi. Sowgady meniň iberen ilçim hem getirip bilýär - diýdi. Men: — Hawa, dogry. Biz elimizden gelen kömegi etdik. Näme edeli, netije şeýle boldy - diýdim. Ol dilmaja: — Oňa aýt! Men olary tanamok, diňe seni tanaýaryn. Olar nadan adamlardyr. Eger wezir seniň etmeli işiňi olaryň başarjakdygyny bilsedi, seni hat okap jogabyny diňlemek üçin bu ýerlere ibermezdi. Senden başga adamdan bir dirhem-de soramaryn. Puly çykar. Bu seniň üçin has amatlydyr - diýdi. Bu ýagdaýdan soň hökümdaryň ýanyndan alada edip, gorkup gaýtdym. Ol adamy çekindirýän, haýbatly, daýaw adamdy. Gürleşende serhoş deýin gürleşýärdi. Onuň ýanyndan çykyp, ýoldaşlarymy ýygnadym. Men hökümdar bilen aramyzda bolan gürrüňi olara aýtdym. Ýoldaşlaryma «Bu adamdan gorkup başladym» diýdim. Hökümdaryň azançysy kamat[11] aýdan wagty azanyň sözlerini iki gezek gaýtalaýardy. Hökümdara: «Möminleriň emiri öz köşgünde kamatyň sözlerini bir gezek gaýtalaýar» diýdim. Ol azança: «Näme diýse şony et, hiç garşy çykma» diýdi. Azançy birnäçe günläp meniň aýdyşym ýaly kamat aýtdy. Hökümdar bolsa menden puly soraýardy. Bu puluň üstünde meniň bilen dawalaşýardy. Men bolsa ony puldan tamasyny üzdürmäge synanyşýardym. Ahyry hökümdar puldan umydyny üzensoň, kamatyň sözlerini iki gezek aýtmaly diýip, buýruk berdi. Bu buýruk ýerine ýetirildi. Muny şeýtmek bilen bir hatarda, maňa bir zat diýdirjek bolýardy. Men azançy kamatyň sözlerini öňki ýaly aýdýandygyny eşidip, oňa gygyrdym. Hökümdar muny eşidip, meni we ýoldaşlarymy çagyrdy. Ählimiz ýygnanyşanymyzdan soňra, dilmaja meni görkezip: — Oňa aýt! Iki sany azançy bar. Azançynyň biri kamatyň sözlerini bir gezek, beýleki azançy bolsa iki gezek gaýtalaýar. Ýöne bir jemagatda bile namaz okaýarlar. Olaryň namazy dogrumy ýa-da nädogry? Bu barada näme diýersiň? - diýdi. Men onuň soragyna: — Namazy dogrudyr – diýip, jogap berdim. Ol: — Yjmag[12] bilenmi ýa-da yhtylaplymy?[13]- diýdi. Men: — Yjmag bilen - diýdim. Dilmaja: — Ondan sora bir adam daşy gabalan kowuma kömek etmek maksady bilen birinden pul iberse, ol adam hem amanata hyýanat etse, onuň bu hereketi nähili bolar? - diýdi. Men: — Onuň bu hereketi dogry däldir. Beýle işe baş goşýan adam erbet adamdyr – diýdim. Ol: — Yjmag bilenmi ýa-da yhtylaplymy - diýdi. Men: — Yjmag bilen - diýdim. Soňra dilmaja: — Ondan sora! Halypanyň (Alla onuň halypalygyny uzak etsin) biziň üstümize goşun ibermäge kuwwaty ýokmy? - diýdi. Men: — Ýok - diýdim. Ol: — Ol näme Horasanyň hökümdary dälmi? - diýdi. Men ýene: — Ýok - diýdim. Hökümdar: — Onuň sebäbi aranyň uzaklygy we aramyzdaky kapyr taýpalaryň köplügi dälmi näme? - diýdi. Men: — Hawa - diýdim. Ol dilmaja garap: — Oňa aýt! Alladan ant içýärin, men şunça aralykdan hem möminleriň emirinden gorkýaryn. Ol bizden halamaýan hereketiniň çykandygyny eşidip, aranyň daşlygyna seretmezden gargyş eder. Bu gargyş bolsa bizi weýran eder diýip çekinýäris. Siz bolsa onuň çöregini iýýärsiňiz, eşigini geýýärsiňiz, her gün özüni görýärsiňiz, siz şonda-da maňa we hor-homsy halka iberilen ilçilik wezipesinden peýdalanyp, oňa we musulmanlara hyýanat etdiňiz. Maňa gepi-sözi ýerinde, dogruny aýtmagy başarýan adam gelmese, sizden eşiden dini gürrüňlerimi kabul edip biljek däl. Eger meniň diýýän adamym gelse, onuň aýdany bilen bolaryn - diýdi. Bu sözleri bilen ol bizi geplemez ýaly etdi. Oňa jogap bermäge söz tapmadyk we ýanyndan çykyp gaýtdyk. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Bu söhbetdeşlikden soňra, hökümdar ýoldaşlaryma kän bir ähmiýet bermedi. Meni olaryň arasyndan saýlap, öz ýanyndan aýyrman başlady we maňa Abubekr Syddyk diýýärdi. Bulgar hökümdarynyň ýurdunda sanardan köp täsin zatlary gördüm. Olardan biri bolsa şudur. Bu ülkä gelen ilkinji gijämiz gün batmazyndan bir sagat çemesi öň, asmanyň ýüzüniň gyp-gyzyl bolup duranyny gördüm. Asmandan aýylganç ses, goh-galmagal eşidilýärdi. Kellämi galdyrdym. Golaýymda ot ýaly gyzyl bulut bardy. Bu ses ondan çykýardy. Bu buluda üns berip seretdim. Buludyň içinde adama meňzeş hyýaly kişiler, olaryň elinde ýaý, naýza we gylyç bardy. Men buluda içgin seredip, olary has aýdyňlaşdyrmaga synanyşýardym. Edil şol wagt, bu buluda meňzeş başga bulut peýda boldy. Ol buludyň içinde-de adamlar, haýwanlar we ýarag görünýärdi. Atly goşunyň beýleki tarapa hüjüm edişi ýaly, bu toparyň içinden biri beýleki topara hüjüm etmäge başlady. Biz bu hadysadan gorkduk. Alla ýalbarmaga we doga etmäge başladyk. Ýerli halk biziň üstümizden gülýärdi, olar biziň halymyza haýran galýardylar. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Biz bir toparyň beýleki toparyň üstüne edýän hüjümine seredýärdik. Iki topar biri-biri bilen çaknyşýar, az wagtdan soňra aýrylýarlar. Bu ýagdaý gijäniň ýarymyna çenli dowam etdi. Soňra iki topar hem ýitip gitdi. Biz hökümdardan onuň nämedigini soradyk. Ol: – Olar mömin we kapyr jynlardyr – diýdi hem-de olaryň ir döwürlerden bäri her gije şol bir görnüşde çaknyşýandygyny gürrüň berdi. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Hökümdaryň asly Bagdatly, saý-sebäp bilen tötänden bu ýerlere düşen tikinçisi bilen gürleşmek üçin gupbaly çadyra girdik. Gurhandan ýarym subug[14] okar ýaly wagt geçenokdy. Gürleşip otyrys. Ýassy namazyň azanyna garaşýardyk. Azan sesini eşidip, çadyrdan çykdyk. Bir görsem, ertir bolupdyr. Men azança: – Sen haýsy namazyň azanyny aýtdyň? – diýdim. Azançy: – Ertir namazyň azanyny – diýdi. Men: – Ýassy namazynyň azanyna näme boldy? – diýdim. Ol: – Biz ýassy namazyny agşam namazynyň yzyndan okaýarys – diýdi. Men: –Bäh, gije nähili boldy? Gije nirä gitdi? – diýip soradym. Ol: – Görşüň ýaly. Siz gelmänkäňiz gije, has gysgady. Ýakyn günlerden bäri gije uzap başlady – diýdi. Soňra ol ertir namazyny sypdyraryn öýdüp, bir aýa golaý wagt bäri gije ýatmaýandygyny aýtdy. Agşamara gazany oda goýan adam, gazanyň içindäki nahar bişmänkä ertir namazyny okamaly bolýardy[15]. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Bu ýerde gündiziň has uzak bolýandygyny gördüm. Ýylyň bir böleginde gündiz uzap, gije gysgalýar. Soňra gije uzap, gündiz gysgalýar. Baran günümiň ikinji gijesi çadyrdan daşary çykyp asmana seretdim. Asmanda örän az ýyldyz gördüm. Çak edişime görä, her ýerräkde on bäşe golaý ýyldyz bardy. Agşamyň öň ýanyndaky gyzyl şapak hiç aýrylyp gitmeýär. Gije aý-aýdyň bolýar. Gije ok atymlyk ýerden ýa-da ondan uzakdaky adamy tanap bolýar. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Aýa seretdim. Aý asmanyň ortasynda däl. Tersine, aý asmanyň gözýetime ýakyn böleginde bolup, tiz daň atýar. Ol gözden ýitip gidýär. Hökümdar demirgazykdaky üç ýurdundan pyýada üç aýlyk ýol bolan wisu[16] atly kowumyň ýaşaýan ýerinde gijäniň bir sagatdan-da gysga bolýandygyny aýtdy. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Bu ýerde gün dogan wagty ýeriň, dagyň ýüzi we gözüňe görünýän ýerleriň ählisi gyzyl reňk bolýar. Gün doganda howa bulutly ýaly bolýar. Ol asmanyň ortasyna gelýänçä, gyzaryp durýar. Ýerli ilat maňa: «Gyş aýlarynda gije gündiz ýaly uzaýar. Gündiz bolsa gije ýaly gysgalýar. Hatda bir parsahdan hem ýakyn bolan Itil derýasyna gitmek üçin säher bilen ýola düşülse, Itil derýasyna ýetilmänkä gün ýaşýar. Ýyldyzlar dogup, asmany tutýar» diýdiler. Biz gaýdan wagtymyz bolsa, gije uzap gündiz gysgalypdy. Olar it üýrse, gowy görýärler. Şeýle ses eşitseler begenýärler. Şol ýylyň bol, bereketli we ylalaşykly ýyl boljakdygyna ynanýarlar. Bulgar ýurdunda örän köp ýylan bar. Hatda agajyň bir şahasynda on ýa-da ondan köp ýylan bolup bilýär. Şeýle ýylan köp hem bolsa, ony öldürmeýärler. Ýylan hem olara hiç zat etmeýär. Men bir ýerde ýalňyşmasam, ýüz zyragdan[17] uzyn, ýykylyp ýatan agaja gabat geldim. Agajyň göwresi örän ýogyndy. Oňa aýak üstünde seredip durdum. Az wagtdan soňra agaç gymyldamaga başlady, geň galdym. Oňa üns berip seretdim. Birdenkä, agajyň ýogynlygyna we uzynlygyna barabar ýylan çykdy. Ol meni görüp tokaýyň içine siňip gitdi. Bu howsalaly wakany hökümdara we mejlisde oturan adamlara aýtdym. Olar meniň bu gürrüňime üns hem bermediler. Hökümdar: «Gorkma, saňa hiç zat etmez» diýdi. Günleriň birinde hökümdar bilen bir ýerde düşledik. Men, ýoldaşlarym Tegin, Söwsen, Boris we ýanymyzdaky hökümdaryň adamlaryndan biri bilen tokaýa girdik. Seg[18] ýaly inçe we uzyn, kiçiräk göm-gök agaç gördük. Bu agajyň içinde ýaşyl damar, ol damaryň ujunda bolsa ýerde biten ýaly ýaýrap ýatan ýapraklary bar eken. Onuň içiniň däneleri bar eken. Bu däneden iýip gören adam onuň «narpyzdygyna» hiç hilli şübhe etmez. Ondan iýdik. Onuň tagamy örän oňatdy. Bu agajy gören ýerimizde iýýärdik. Olaryň göm-gök, şerabyň sirkesinden hem turşy bolan almalary bar. Bu almany gyzlar iýýär. Olar iýseler semreýärler. Men bu ülkede pisse agajyndan köp agaja gabat gelmedim. Kyrk parsah giňişliginde bolan pisse tokaýlaryny gördüm. Bu ýerde adyny eşitmedik agaçlaryma-da gabat geldim. Ol agaçlar uly bolup, şahalarynda ýaprak ýokdy. Başy hurma agajy ýaly, ýapraklary bolsa, hurma ýapragyna meňzeşdi. Emma bu agajyň ýapraklary gürdi. Olar agajyň şahasynyň bir ýerini oýup, aşagynda gap goýýarlar. Bu ýarykdan gabyň içine baldan süýji suw akýar. Adam ondan köp içse, şerap ýaly serhoş edýär. Olar bugdaý we arpanyñ bollugyna garamazdan, esasan dary we at etini iýýärler. Eger bir adam bir zat ekse, onuň hasylyny özi alýar. Hökümdaryň ondan paýy ýokdur. Her bir hojalyk ýylda bir gezek, hökümdara samyr derisini berýär. Hökümdar esgerlerini haýsydyr bir ýere basyp almak üçin iberýär. Eger goşun olja alyp gelse, olara paýyny berýär. Toý tutýan ýa-da öýüne çagyrýan her bir adam zyýapatyna görä, hökümdara bir paý aýyrmalydyr. Ol bir sahrej[19], bal şerbetini we azrak bozulan bugdaýy hökmany suratda bermelidir[20]. Olaryň ýurdy çyg we howasy agyrdyr. Azyk önümlerini saklar ýaly ýerleri ýokdur. Ýöne ýerdöle gazyp, azyk önümlerini oňa goýup bolýar. Ol hem birnäçe günden soňra yslanýar we bozulýar. Peýdalanyp bolmajak derejä baryp ýetýär. Olar zeýtun ýagyny, künji ýagyny, ösümlik ýagyny ulanmaýarlar. Bu ýaglaryň deregine balygyň ýagyny ulanýarlar. Şol sebäpli ähli ulanýan zatlarynyň erbet ysy bar. Arpadan çorba bişirýärler. Bu çorbany ýaş ýigitler we gyzlar iýýärler. Käwagt arpa et bilen bişirilýär. Erkekler onuň etini, gyzlar bolsa arpany iýýärler. Eger çorba tekesakgal bilen bişirilse, onuň etinden gyzlar-da iýýär. Olaryň ählisi diýen ýaly telpek[21] geýýärler. Hökümdar ata hyzmatkärsiz ýeke özi münýär. Onuň ýanynda goragçy bolmaýar. Köçeden we bazardan geçip gitse, her kim ýerinden turýar we telpeklerini çykaryp goltugyna salýarlar. Hökümdaryň huzuryna baran her bir adam özüni şeýle alyp barýar. Kiçi, uly bolsun ýa-da çagalary, doganlary bolsun tapawudy ýok, hökümdary görseler telpegini çykaryp goltugyna salýarlar. Soňra hökümdara baş egip, salam berilýär. Ýene-de olar aýak üstüne turup, hökümdar tä otur diýýänçä aýak üstünde durýarlar. Onuň öňünde adamlar dyza çöküp oturýarlar. Hergiz telpegini goltugyndan çykarmaýarlar. Hökümdaryň huzuryndan çykýançalar, telpegini goltugynda saklaýarlar. Onuň ýanyndan çykandan soňra geýýärler. Bulgarlaryň ählisi gupbaly çadyrda ýaşaýardylar[22]. Hökümdaryň öýi has uludy. Ol çadyra müň adamdan hem köpräk adam sygýardy. Bu çadyryň içi ermeni matalary bilen düşelipdir. Onuň ortasynda rum ýüpegi bilen örtügli tagt bardy. Olaryň däp-dessurlaryna görä, bir adamyň oglunyň ogly, ýagny agtygy bolsa, ony kakasy saklaman, atasy saklaýar. Atasy: – Bu çagany kakasy saklanyndan, ýigit çykýança meniň ýanymda terbiýe alany dogrudyr – diýýär. Bir adam ölse, oňa çagalary däl-de, doganlary mirasdüşer bolýar[23]. Men hökümdara yslam dinine görä munuň dogry däldigini aýtdym. Oňa mirasyň kime düşüp, kime düşmeýänligini giňişleýin düşündirdim. Bu ülkede esasy gören zatlarymyň biri-de ýyldyrymdy. Eger bir çadyra ýyldyrym düşse, oňa ýakynlaşmaýarlar. Onuň içinde galan adamy, goş-golamy we başga zatlary bilen taşlaýarlar. Olar wagtyň geçmegi bilen ýitip gidýär. Bulgarlar: «Bu öýüň ýaşaýjylary Allanyň gazabyna duçar bolan adamlardyr» diýýärler. Bir adam bilkastlaýyn adam öldürse, onuň jezasy ölümdir. Eger ýalňyşlyk bilen adam öldüren bolsa, öldürendigi sebäpli buk agajyndan sandyk ýasalýar we ol ganhory bu sandygyň içine salýarlar. Ýanyna üç sany çörek, bir küýze suw goýlup çüýlenýär. Soňra düýäniň howduna meňzeş üç agaç dikilýär. Günäkäri bu agajyň arasynda asýarlar. Olar: «Biz ony asman bilen zeminiň arasynda goýýarys. Goý, ol güne we ýagşa duçar bolsun! Belki-de, Allanyň merhemeti bilen günäden halas bolar» diýýärler. Ol sandyk wagtyň geçmegi bilen çüýräp ýa-da ýel gaçyrýança şol durkuna asylgy durýar. Bulgarlar ýiti zehinli we alym adamy görseler, «Ol Rebbimize hyzmat etmeli» diýýärler hem-de ony tutup, boýnundan ýüp dakyp, agaçdan asyp goýýarlar. Ol bölek-bölek bolýança, asylgy durýar. Maňa hökümdaryň dilmajy şulary aýdyp berdi: - Sint derýasynyň guýýan ýerinden bir adam saý-sebäp bu ýerlere düşdi. Ol az wagt hökümdaryň hyzmatynda boldy. Ol ýiti zehinli we akylly adamdy. Ýerli ilatdan käbir adamlar onuň bilen söwda gitmekçi boldular. Ol sintli hem söwda gitmek üçin hökümdardan rugsat sorady. Hökümdar ilki onuň bilen razylaşmady. Ýöne sintli ýer depip duransoň, rugsat berdi. Gämidäki adamlar onuň ýiti zehinli we parasatly adamdygyna göz ýetirýäler. Olar öz aralarynda dildüwşüp: «Bu Rebbimiziň hyzmatyna laýyk adamdyr. Biz bu adamy oňa ibereliň» diýýärler. Olaryň ýoly derýanyň kenaryndaky tokaýlygyň üstünden düşýär. Olar sintlini gämiden düşürip, boýnuna ýüp daňypdyrlar. Bu adamy uzyn agaçdan asyp gidipdirler. Eger öz aralarynda biri ýaragly ýöräp barýan wagty buşuksa, ony öldürýärler. Onuň üstündäki eşigini, ýaragyny we ähli zadyny alýarlar. Olar onuň bu hereketini nadan we ukypsyz diýip hasaplaýarlar. Bu olaryň adatlarydyr. Eger bir adam ýaragyny aýryp, kenarda goýsa we soňra peşew etse, bu hereketi üçin ony başarjaň we akylly diýip hasaplaýarlar. Oňa hiç zat degmeýärler. Aýallar we erkekler bilelikde derýa girip, çüw ýalaňaç halda suwa düşýärler. Olar biri-birlerinden gaçmaýarlar. Şeýle-de bolsa, hiç hili zynany etmeýärler. Sebäbi zynany olar iň uly günä hasaplaýarlar. Eger biri zyna etse, kimligine garamazdan aýaklaryny we ellerini dört sany gazyga daňýarlar. Soňra onuň boýnundan başlap tä uýluklaryna çenli palta bilen ikä bölýärler. Aýal-gyzlara-da şu jezany ulanýarlar. Aýal we erkegi ikä bölenlerinden soňra, onuň beden lukmalarynyň her birini bir agaçdan asyp goýýarlar. Aýal maşgalalar ýüzýän wagty erkeklerden aýry bolsun diýip, köp synanyşdym. Emma bu başa barmady. Olar ogryny hem zyna eden kişi ýaly öldürýärler. Tokaýlaryndaky ary öýlerinde köp bal bar. Olar bu ary öýlerini bilýärler we bal almak üçin ýörite tokaýa gidýärler. Kähalatlarda arylaryň hüjümine sezewar bolup, heläk bolýan halatlary-da bar. Olaryň aralarynda örän köp täjir bar. Bu täjirler türk ülkelerine gidip goýun, Wisu ülkesinden samyr we gara tilki derisini satyn alýarlar. Bulgarlaryň arasynda biz bäş müň aýal we erkekden ybarat baranjer atly tiräni gördük. Olaryň ählisi musulman eken. Namaz okamak üçin agaçdan metjit gurupdyrlar. Ýöne Gurhany okap bilmeýänekenler. Men olaryň käbirlerine namaz okap bilmekleri üçin Gurhan okamagy öwretdim. Meniň kömegim bilen Palut atly bir adam musulman boldy. Oňa Abdylla diýip, at goýdum. Ol: – Maňa, sen öz adyňy dakaýsaň! – diýdi. Onuň adyny derrew Muhammet diýip üýtgetdim. Bu adamyň aýaly, ejesi we çagalary musulman boldy. Olaryň hemmesi Muhammet adyny aldylar. Oňa «El-hamdu lillä»[24] we «Kul huwallahu ahat»... sürelerini öwretdim. Bu iki süräni öwrenenligi üçin begenjimiň çägi ýokdy. Meniň şatlygym Bulgar hökümdarynyň begenjinden has ýokarydy. Hökümdaryň ýanyna gitdik. Ol görsek Hallaja[25] atly kölüň kenarynda goşunyny ýygnapdyr. Bu köl üç sany kölden emele gelýär. Olaryň ikisi uly, biri kiçidir. Ýöne kölüň üçüsiniň hem suwy çuňdur. Hazar ülkelerine akýan derýanyň arasy bu ýerden uzakdyr. Ol derýa bolsa Itil atlandyrylýar. Bu derýanyň kenarynda örän ýygy-ýygydan bolup duran we örän gymmatly zatlar satylýan bazar ýerleşýär[26]. Tegin maňa öňräk hökümdaryň ýurdunda örän daýaw adamyň bardygyny aýdypdy. Men ol ýere baran mahalym hökümdardan bu adam hakynda soradym. Hökümdar: «Hawa, ýurdumyzda şeýle adam bardy. Ýöne ol öldi. Ol bu ýurduň adamlaryna we adaty adamlara meňzemeýärdi» diýdi. Onuň hekaýasy şeýledir: Hemişeki bolşy ýaly, käbir ýerli täjirler bir günlük uzaklykda ýerleşýän Itil derýasyna gidipdi. Şol döwürde derýanyň suwy köpelip, joşupdy. Bir gün duýdansyz halda täjirler gelip: – Eý, hökümdar! Derýanyň içinde bir daýaw adam bar. Eger ol golaýymyzda ýaşaýan milletleriň birinden bolsa, bu diýarda ýaşap bilmeris. Biziň mekanymyzy üýtgetmekden özge çärämiz ýok – diýdiler. Gepiň keltesi, olar bilen bile ata münüp men-de gitdim. Bir görsem, meniň zyragym[27] bilen takmynan on iki zyrag boýly, gazan ýaly uly kelleli, bir garyşdan hem uzyn burunly, iki sany uly gözli we bir garyşdanam uzyn barmakly bir adam öňümizde dur. Onuň daşky keşbi meni hopukdyrdy. Olaryň içine aralaşan gorky duýgusy, maňa-da täsir etdi. Biz oňa bir zatlar aýdyp başladyk. Ol hiç hili jogap bermän, diňe ýüzümize seredýärdi. Ony alyp gaýtdyk. Men bizden üç aý uzaklykda ýerleşýän Wisu halkyna hat ýazyp, ol barada maglumat soradym. Hatyň jogabynda şeýle diýilýärdi: «Bu adam Äjit we Mäjit kowumyndandyr[28]. Olar bizden üç aýlyk uzaklykda ýalaňaç halda ýaşaýarlar. Biz bilen olaryň arasynda bir deňiz bar. Olar deňziň beýleki tarapynda ýaşaýarlar. Haýwan ýaly biri-birleri bilen jübütleşýärler. Her gün Allatagala olar üçin deňizden balyk çykarýar. Bu kowumdan her kim gelip, balygy pyçak bilen öz maşgalasyna ýeter ýaly kesip alýar. Eger özüne gereginden köp alsa, onuň we maşgalasynyň içi agyrýar. Kähalatlarda onuň özi we maşgalasy gyrylýar. Her kim balykdan özüne zerur mukdardaky eti alandan soňra, balyk gaýtadan deňize gidýär. Şeýle ýagdaý her gün bolup durýar. Biz bilen olaryň arasynda deňiz bar. Beýleki tarapyny bolsa daglar gurşap alandyr. Ýajuç-mäjuçlaryň ir döwürlerde daşary çykýan iki dagynyň aralygynda, häzirki wagtda Ýajuç we Mäjuç atly bir diwar bar. Allatagala olary oturymly ýerlere çykarjak bolsa, diwaryň açylmagyüçin bir zady sebäp edýär. Aramyzdaky deňiz guraýar ýa-da balygyň gelmegi kesilýär». Ibn Fazlan şeýle diýýär: Men bu adam barada hökümdardan soradym. Ol şeýle jogap berdi: – Ol az wagt ýanymyzda ýaşady. Ýöne ony gören çaga ölýärdi, göwreli aýalyň çagasy düşýärdi. Ol bir adamy tutsa, ony öldürýänçä bogýardy. Onuň bu ýaramaz işleri üçin ony uly agaçdan asdyrdym. Ol şol ýerde-de öldi. Eger onuň süňklerini we kellesini görmek hyýalyň bar bolsa, ýör gidip göreli – diýdi. Men: – Alla kasam bolsun, görmegi arzuw edýärin – diýdim. Hökümdar bilen bilelikde ata münüp, sümme tokaýa gitdik. Meni bir agajyň aşagyna alyp bardy. Agajyň düýbünde şol adamyň süňkleri we kellesi ýatan eken. Onuň kellesi ullakan aryň öýi ýalydy. Gapyrgasynyň süňkleri bolsa uly hurma agajynyň şahasyna meňzeýärdi. El-aýagynyň süňkleri-de şonçarak bardy. Men geň galyp yzyma dolandym. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Soňra hökümdar, Hallaja kölüniň başyndan, Jöwşiz[29] derýasynyň kenaryna gitdi. Iki aý şol ýerdeýaşady. Bu ýerden göçmekçi bolanda, suwar[30] atly kowuma adam ýollady. Olara hem özi bilen bile göçmegi tabşyrdy. Bu kowum hökümdaryň buýrugyny kabul etmediler. Olar iki topara bölünipdi. Bu kowumyň bir bölegi halkyň iň pes adamsynyň yzyna eýeripdi. Wyrag atly bu adam, adamlary zor bilen boýun egdirip, olara beg bolupdy. Hökümdar olara wekil iberip: – Meni Allatagala yslam dinine we halypanyň döwletine goldaw bermek üçin ýaratdy. Men halypanyň hyzmatkäri. Ol bu milletiň hökümdarlygyny maňa ynandy. Kim-de kim sözümi diňlemese, garşysyna gylyjym bilen çykaryn – diýdi. Beýleki topar bolsa, Eskil[31] diýlip tanalýan beg bilen bilelikdedi. Bu beg heniz musulmançylygy kabul etmedik hem bolsa, Bulgar hökümdaryna tabyndy. Hökümdar ýokarda nygtap geçen habaryny ýollandan soň, iki topar hem gorkup, onuň bilen bilelikde Jöwşiz derýasynyň kenaryna göçdüler. Bu derýa bäş zyrag giňişliginde bolup, suwy göbege çenli ýetýär. Onuň käbir ýerleriniň suwy pilçe süňküne çenli ýetýärdi. Köp ýerinde suwuň çuňlugy adam boýundan hem geçýär. Onuň daş-töwereginde birnäçe buk we beýleki agaçlar bar. Bu derýanyň golaýynda giň gyr meýdanlyk bar. Aýdyşlaryna görä, bu ýerde düýeden kiçi, öküzden ulykellesi düýäniňki ýaly, guýrugy öküziň guýrugyna meňzeş, göwresi gatyryň göwresi ýaly, toýnagy öküziňkä meňzeş bir haýwan barmyş. Onuň depesinde ýeke-täk ýogyn we burum-burum şahy barmyş. Bu haýwanyň şahynyň ujy inçeräk bolup, gylyjyň ujy ýaly galyňlykdamyş. Onuň şahynyň uzynlygy üç-bäş zyrag aralygyndamyş. Bu haýwan göm-gök agaçlary iýýärmiş. Bir atly görse, üstüne hüjüm edýärmiş. Hüjüme duçar bolan atlylaryň arasyndan diňe ýyndam atly kişiler zordan halas bolýarmyş. Ol atyň yzyndan ýetip üstündäki adamy şahy bilen alyp, asmana zyňyp, yzyna gelýän wagty gaýtadan şahyna ildirer eken. Bu hereketi adamy öldürýänçä gaýtalar eken. Ölen adamyň atyna degmezmiş. Bu ýeriň halky gyrlarda, tokaýda bu haýwany awlar ekenler. Bu jandary şu görnüşde awlapdyrlar. Birnäçe awçy ellerine zäherli oklar alyp, şol haýwanyň ýaşaýan ýerindäki agaçlaryň üstüne çykýar. Bu jandar olaryň ortasyna gelen wagty, olar hüjüm edipdirler. Ony ýaralap, tä ölýänçä ok atypdyrlar. Hökümdaryň ýanynda Ýemeniň gymmatbahaly daşlaryna meňzeş zatdan ýasalan üç sany uly tabak gördüm. Onuň nämeden ýasalandygyny soranymda, onuň şol haýwanyň şahyndan ýasalandygyny mälim etdiler. Ýerli ýaşaýjylaryň biri maňa, bu aýdylýan haýwanyň kergedandygyny aýtdy. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Olaryň arasynda gyzyl ýüzli adama gabat gelmedim. Olaryň köpüsi kesellidi. Bu kowumyň adamlarynyň birnäçesi içi sanjyp ölýär. Bu kesel hatda süýt emip ýören çagada-da bar. Olar öz aralarynda bile ýaşaýan musulmanlardan ýa-da horezmlilerden biri ölse, musulmanlaryň merhumy ýuwşy ýaly ýuwýarlar. Soňra üsti merhumly araba baýdak dakyp, jaýlanjak ýerine alyp gidýärler. Olar merhumyň daş-töweregini çyzýarlar. Soňra merhum çyzygyň daşyna çykarylýar. Bu çyzgyň çäginde merhumyň gubury gazylýar we şol ýerde jaýlanýar. Olar ýerli adamlary-da şu görnüşde jaýlaýarlar[32]. Merhuma aýal maşgalalar aglamaýar, erkekler aglaýar. Bir adamyň ölen güni erkekler gelip, merhumyň çadyrlarynyň öňünde durýarlar. Olar batly ses bilen wagşy görnüşde gygyryp, aglap başlaýarlar. Bu ses edýän adamlar azat adamlardyr. Olar sesini goýan badyna, elleri deriden örülen gamçyly hyzmatkärler gelýär. Bu hyzmatkärler yzygiderli aglap, deriden örülen gamçy bilen özleriniň arkasyna we açyk ýerlerine urýarlar. Gamçynyň degen ýeri göm-gök bolup yz goýýar. Mundan başga-da hökmany suratda merhumyň çadyrynyň depesinde baýdak dikilýär. Şeýle-de merhumyň ýaraglaryny getirip guburyň töwereginde goýýarlar. Iki ýyllap ýas tutulýar. Iki ýyl dolandan soň, baýdak aýrylýar. Merhumyň hossarlaryhudaýýoly berýärler. Bu zyýapat bilen ýasdan çykandygy mälim bolýar. Merhumyň yzynda dul galan aýaly bolsa, şondan soňra başga bir adam bilen nikalaşyp bilýär. Şu görnüşdäki ýasy gurply adamlar edýär. Halk köpçüligi bu düzgünleriň käbir bölegini ýerine ýetirýär. Bulgar hökümdary her ýyl ýurduň ähli hojalyklaryndan salgyt alýar. Ol Hazar hökümdaryna mejbury ýagdaýda salgyt hökmünde samyr derisini berýär. Eger Hazar ýurdundan Bulgar ülkesine söwda gämisi gelse, hökümdar gämide gelen harydy sanap, gözden geçirýär. Ol harydyň her birinden gümrük salgydyny alýar. Edil şunuň ýaly ruslar ýa-da beýleki milletlerden bolan täjirler gul getirseler, hökümdar on sany guldan birini öz paýy hökmünde alyp galýar. Bulgar hökümdarynyň ogly Hazar hökümdarynyň ýanynda girewine alnan ýalydy. Günleriň birinde Hazar hökümdary, Bulgar hökümdarynyň owadan gyzynyň bardygyny eşidipdir. Ol gyzy dilemek üçin sawçy iberipdir. Hökümdar onuň bu islegini ret edipdir. Emma Hazar hökümdary özüniň ýehudylygyna garamazdan, musulmanyň gyzyny zor bilen alypdyr. Bu gyz onuň bilen ýaşaşyp ýören döwri ölýär. Ol hökümdar ýene ilçi ýollap, beýleki gyzyny talap edýär. Hökümdar bu habary eşidip, ýene-de gyzyny zor bilen alar öýdüp, ony özüne tabyn Eskil begine durmuşa çykarýar. Bulgar hökümdarynyň halypa hat ýazmagynyň we ondan gala gurup bermegini haýyş etmeginiň esasy sebäbi Hazar hökümdaryndan gorkusy sebäpli eken. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Men hökümdara: – Ýurduň uly, mallaryň köp, alýan salgydyň bimöçber. Näme üçin halypadan az mukdarda pul ibermegini we gala gurup bermegini haýyş etdiň? – diýdim. Ol maňa: – Halypanyň döwletiniň bagty açyk, sebäbi ol halal salgyt alýar. Men şulara göz ýetirenimden soňra, halky höweslendirmek üçin etdim. Biz mal-mülkümiz bilen gyzyldan ýa-da kümüşden gala gurjak bolsak-da, kynçylyk çekmeris. Bu puly halypanyň malynyň hasda zyýada bolmagyny arzuw edip soradym – diýip, jogap berdi. ___________________________________ [1] Dört beg - türki-mongollardaky dört sany hökümdarlyk ulgamy, hökümdarlygyň dört taýpasyny ýa-da dört bölegini görkezýär. Çingiz hanyň dört sany agyr goşunynda-da şunuň ýaly ýagdaý bar eken. Bu zatlaryň düýp maksady dünýä häkimiýetine eýe bolmak bilen baglanyşyklydyr. Ibn Fazlan bu dört taýpadan diňe üçüsiniň adyny belläp geçýär. Dördünji taýpa, Ibn Hawkal tarapyndan agzalýan bursula taýpasy bolmalydyr. [2] Çörek, et we dary – gelen myhmany şunuň ýaly nazy-nygmatlar bilen garşy almak däbi bar. [3] Seçgi däbi – bu däp esasan durmuş toýy tutulanda ýa-da baýramçylyklarda giňden ýaýrapdyr. Seçgi her bir taýpanyň özüniň halal zähmeti bilen gazanan zatlaryndan edilýärdi. [4] Milady senesi bilen 322-nji ýylyň maý aýynyň 12-sine. [5] Baýdak, halat, eýer, selle – halypa tarapyndan ýollanan bu sowgatlar hökümdarlygyň alamatydyr. Musulman ülkesinde halypalar hökümdary kanun esasynda belländen soňra oňa baýdak, eýer, halat we selle beripdirler. [6] Tekbir aýtmak – Allahu ekber, ýagny Alla örän beýikdir diýmek. [7] Hamyt Apbas – hijri ýyl hasaby bilen 306-311-nji (milady ýyl hasaby bilen 918-923-nji ýyllar) ýyllar aralygynda halypa Muktadyryň weziri bolupdyr. [8] Hatyn – aýal maşgalanyň umumy meýlislere gatnaşmak däbi ir döwürlerden bäri türkmenlerde bar eken. Bu araplar üçin örän geňdi. Şol sebäpli Ibn Fazlan «bu olaryň däbidir» diýýär. [9] Sujuw – şerbet. Bu söz süýji suw sözüniň gysgalan görnüşi ýa-da Ibn Fazlanyň säwlik bilen «süýji suwa» derek «sujuw» diýip, ýazan bolmagy mümkin. [10] Buhary Jamy, Kitab-ul-enbiýa, 48. [11] Kamat – parz namazynyň öňünden aýdylýan azan jümleleri. [12] Yjmag – deň garaýyşlylyk. Bir meselede alymlar toparynyň bileleşip ylalaşmagy, bir netijä gelmegi. [13] Yhtylap – şekli, şübheli, dawaly. Bir meselede alymlaryň belli bir netijä gelmän dürli pikileriň bolmagy, her mezhebiň özüçe netijä gelmegi. [14] Subug – ýediden bir bölek. [15] Azan – Ibn Fazlan bilen azançynyň arasyndaky düşünişmezlik hanapy we şapygy mezhebiniň täsiridir. Bulgarlar musulmançylygy Mawerannahryň we Horezmiň üsti bilen kabul edendikleri sebäpli hanapy mezhebiniň ýoluny tutýardylar. Ibn Fazlanyň özi şapygy mezhebindendir. [16] Wisu – olar Laduga kölüniň gündogarynda Ak kölüň töwereginde ýaşaýan rus-wiýes taýpasydyr. [17] Zyrag – tirsekden orta barmagyň ujuna çenli bolan aralyk, gez, gary. [18] Seg – agajyň ady. [19] Sahrej – bu söz türki dilindäki «sagrak» sözüniň üýtgän görnüşidir. Ibn Rustah «Hökümdar toý tutulýan ýerden bir at salgyt alýar» diýip belleýär. Bu ýerde salgyt alynýan paý hökmünde bolmaly. [20] Üýtgän bugdaý – bugdaýdan taýýarlanylýan içgi. [21] Telpek – golýazmada «kalansuwa» görnüşinde gelýär. Bu söz «keçeden edilen uly türki halklaryň geýýän telpegi» diýlip düşündirilýär. Ibn Rustah «Olaryň eşikleri musulmanlaryň egin-eşiklerine meňzeş» diýýär. [22] Gupbaly çadyr – Ibn Fazlanyň döwründe bulgarlarda heniz şäher bolmandyr. Olar çadyrda ýaşaýardylar. Bu çadyr «gupba» we «beýt» sözleri bilen beýan edilýär. Gupba sözi esasan tegelek keçe bilen örtülen gupbaly çadyry, ýagny gara öýi aňladýar. Çadyryň ýokarsynda tüýnügi bolsa, olar has gymmat hasaplanypdyr. [23] Doganyň mirasdüşerligi – bir adam ölse, çagalary mirasdüşer bolmaýar. Onuň dogany mirasdüşer bolýar. [24] Bu ýerde Gurhany Kerimiň birinji süresi bolan «Fatyha», ýagny «Alham» süresi göz öňünde tutulýar. [25] Hallaja – Wolga bilen Kama derýalarynyň birleşýän ýeriniň ýakynyndaky kölüň ady. Bu üç kölüň ady çuwaş dilinde bolup, gyşlag manysynda ulanylýar. [26] Bu derýanyň kenarynda ýerleşen bazaryň ornunda soň-soňlar Bulgar şäheri peýda bolýar. [27] Zyrag – tirsekden barmagyň ujyna çenli aralyk, gez, gary. [28] Äjit-Mäjit – Gurhan we Töwratda geçýär. Bu kowumyň haýsy kowumdygy barada dürli rowaýatlar bar. Töwrada görä olar Ýafesiň ogullaryndan biriniň ady. Töwratda bu kowumyň ady Gök we Magag görnüşinde gelýär. Gurhanda olaryň Gündogarda, kyýamata golaý wagtda çykjakdygy aýdylýar. [29] Jöwşiz – Kama derýasynyň bir golunyň ady. Bulgar şäheriniň demirgazygynda ýerleşýär. [30] Suwar – çuwaş taýpasynyň gadymy ady. [31] Eskil – dört sany bulgar taýpasynyň biriniň ady. [32] Musulman bulgarlar merhumlary ýokarky usulda jaýlaýarlar. Emma butparaz bulgarlar merhumy dik oturdyp jaýlapdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |