21:04 Syýahatnama: Mawerannahr | |
▶ MAWERANNAHR
Ýol ýazgylary
Biz Jeýhun derýasyndan geçip, Tahyr ibn Ala degişli Afyrabra[1] kerwen saraýyna bardyk. Bu ýerden Beýkende[2] tarap ýola rowana bolduk. Beýkentden Buhara bardyk. Soňra Horasan hökümdarynyň kätibi (weziri) Jeýhanynyň[3] ýanyna girdik. Jeýhany Horasanda şyh Amyt diýlip tanalýardy. Ol bize badabat otag taýýar edilmegini tabşyrdy. Şeýle-de hyzmat eder ýaly bir adamy jogapkär edip belledi. Bu ýerde birnäçe gün bolduk. Soň wezirden Samany hökümdary Nasr ibn Ahmediň[4] huzuryna girmäge rugsat aldyk. Biz onuň ýanyna girenimizde, heniz ýüzüne tüý çykmadyk bir ýaş oglany gördük. Oňa hökümdarlyk salamyny berdik. Ol «Geçiň, oturyň» diýdi. Onuň biz bilen ilkinji sözi şu boldy: — Möminleriň emiriniň ýagdaýlary nähili? Goý, Allatagala oňa, raýatyna we ýaranlaryna saglyk we uzak ýaş bersin! Biz: — Jany sag - diýdik. Ol: — Goý, Alla saglygyny uzak etsin! - diýdi. Soňra biz oňa halypanyň hatyny okap berdik. Onda Artahuşmasandaky ekerançylyk ýerlerini Ibn Furatyň wekili bolan Fazl ibn Musa Nasranynyň elinden alyp, Ahmet ibn Musa Horezmä[5] berilmelidigi, Horezmşanyň biziň ilçilik wezipämize hiç hili päsgelçilik döretmezligi, tersine Baby türkdäki[6] serkerdesine biziň ýanymyza bir goşun bölümini goşmak we syýahatymyza goldaw bermek barada görkezme berilmelidigi nygtalýardy. Hökümdar bizden: — Ahmet ibn Musa nirede? — diýip sorady. Biz: — Ol bizden bäş gün soňra ýola düşerin diýip Bagdatda galypdy — diýdik. Ol: — Goý, Alla oňa uzak ömür bersin! Möminleriň emiriniň buýrugy başymyzyň täjidir - diýdi. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Ibn Furatyň wekili Fazyl ibn Musa Nasrana ekerançylyk ýerlerini Ahmet ibn Musa berilmelidir diýen habar ýetirildi. Ol şol sebäpli Ahmet ibn Musa duşman boldy. Sarahsdan Beýkende çenli bolan Horasan ýolunyň ugrundaky ähli düzgün-nyzama serediji işgärlerine Ahmet ibn Musany tutmak barada görkezme berip: «Ol zyndana taşlanmaga laýyk adamdyr. Eger kimde-kim ony tutsa, nähili jeza berilmelidigi barada ýazmaça hat gelýänçä garaşsyn» diýip hat ýazdy. Ahmet, Merwde saklandy. Biz Buharada Ahmede ýigrimi sekiz gün garaşdyk. Fazyl ibn Musa, ýoldaşlarymyzdan Abdylla ibn Buşty we başga birnäçe adamlar bilen ylalaşypdyr. Olar: «Biz bu ýerde köp garaşsak öňümiz gyş, şol sebäpli Horezme girmek kyn düşer. Ahmet ibn Musa bolsa, yzymyzdan özi geliberer-dä» diýdiler. Ibn Fazlan şeýle diýýär: Buharada dirhemleriň birnäçe görnüşini gördüm. Olaryň arasynda gytryfyýa[8] atly sary misden zikgelenen dirhemler hem bardy. Bu dirhemler çekilmän satylýardy. Onuň ýüz sanysy bir kümüş dirheme deňdir. Buhara halkynyň gyzlarynyň galyňy bilen baglanyşykly «Pylanyň ogly pylany pylanyň gyzyny müň gytryfy dirheme aldy» diýip aýdýardylar. Haryt ýa-da haryt däl zatlarda, aluw-satuwda hem şeýle gürrüňler bar. Pul birliginiň arasynda köp agza düşýäni gytryfyýa dirhemidir. Bu ýerde dirhemleriň diňe sary görnüşi bar. Onuň kyrkysy bir danga[9! deňdir. Mundan başga-da, sary reňkli samarkandyýa atly dirhem bar. Onuň altysy bir dang ölçegindedir. _________________________________ [1] Afyrabr ýa-da Firebr - şol bir wagtyň özünde bu kerwensaraý Rybaty, Tahyr bin Aly we Tahyryýe atlary bilen hem bellidir. Bu ýer Horezmiň serhediniň çet nokadydyr. [2] Beýkent (Baýkent) - Buhara bilen Jeýhun derýasynyň aralygynda ýerleşen uly şäheriň ady. Häzir onuň harabalary bar. [3] Jeýhany - Samanlylaryň meşhur weziri. Onuň doly ady Abu Abdylla Muhammet bin Ahmet Jeýhanydyr. Ol «Kitabul memalik wel mesalyk» atly biziň döwrümize gelip ýetmedik eseriň awtory. [4] Nasr bin Ahmet bin Ysmaýyl - hijri ýyl hasaby bilen 301-331-nji ýyllar aralygyndaky (milady 914-943-nji ýyllar aralygy) Samanly döwletiniň hökümdary. [5] Ahmet bin Musa Horezmi - bu şahs barada maglumat ýok. Ol halypanyň köşgünde wezipeli adamlaryň biri bolan bolmagy mümkin. [6] Baby türk - Türk gapysy diýen manyny berýän bu ýer, eserde soňra Rybaty Zamjan ady bilen gaýtadan gelýär. Bu ýer gönüden-göni samanlylara bagly serhet galasy bolmaly [7] Gytryfyýa – Harun Reşidiň döwründe Horasanyň häkimi Gytryf ibn Attap tarapyndan çykarylan dirhemiň bir görnüşi. Onuň dogany Musaýýyp tarapyndan kakdyrlan dirhemlere «musaýýyby» diýilýär. Mawerannahrda ulanylýan «muhammediýe» atly dirhem yslam dini kabul edilenden soň ýüze çykýar. [8] Dang - dirhemiň (umuman her bir zadyň) altydan bir bölegi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |