19:56 Syýahatnama: Başgyrtlar we peçenegler | |
BAŞGYRTLAR[1]
Ýol ýazgylary
Biz başgyrtlardan hem erbet gorkýardyk. Olar türkleriň arasynda urşujy, adam öldürmegi halaýan taýpa hökmünde tanalýar. Başgyrtlardan biri del adama sataşsa, başyny alýar. Olar sakgallaryny syrýarlar we bit iýýärler. Hyrkalarynyň tikilen ýerlerinden bit gözleýärler. Eger bit tapsa, dişi bilen ýenjip iýýär. Biziň ýanymyzda hyzmat edýän bir başgyrt musulman bardy. Men bir gün onuň eşiginden bit alyp oturanyny gördüm. Dyrnagy bilen biti ýenjip, soňra ýalady. Meniň seredip duranymy görüp, «örän süýji» diýdi. Olar agajyň bölegini erkeklik agzasyna meňzedip boýnundan asýarlar. Eger bir adam ýola gitmekçi bolsa, ýa-da duşman bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaly bolsa, şol agaç bölegini ogşaýar we öňünde sejde edýär hemde: «Eý, rebbim! Meniň üçin şeýle şeýle et» diýýär. Dilmaja: «Olardan sorap gör, beýle etmeklerine subutnama barmy? Näme üçin olar erkeklik agzasyny ýaradan hasaplaýarlar?» diýdim. Bu soraga sowal berlen adam şeýle jogap berdi: «Men şoňa meňzeş zatdan döredim. Ondan başga meni ýaradan zady bilemok». Olaryň arasynda käbirleri on iki sany «hudaýyň» bardygyny aýtdy. Olar gyşyň, tomsuň, ýagşyň, ýeliň, agajyň, adamlaryň, haýwanlaryň, suwuň, gijäniň, gündiziň, ölümiň, ýaşaýşyň we ýeriň aýry-aýry «hudaýy» bar diýýärler. Asmandaky «hudaý» olaryň ählisinden uludyr. Ýöne, ol beýleki «taňrylar» bilen ylalaşyp hereket edýär. Olaryň ählisi biriniň edenine beýlekisi razy bolýar. «Allatagala, kapyrlaryň pikir edişlerinden düýpgöter başgadyr»[2]. Mundan başga-da başgyrtlaryň arasynda ýylana, balyga çokunyp ýören kişileri hem gördük. Olaryň käbirleri durna çokunýarlar. Maňa aýdyşlaryna görä, durna çokunýanlar bir wagt ýagy bolan kowumlaryndan ýeňlişe sezewar bolan duşman goşunynyň yzyndan gagyldamaga başlapdylar. Şonda duşman goşuny howsala düşüp, ýeňip duran wagty hem gaçyp, ýeňlişe sezewar bolupdyr. Soňra bular durnalara ybadat etmäge başlapdyrlar. Olar «Durnalar biziň «hudaýymyzdyr». Ynha, olaryň eden işleri. Duşmanymyzy ýeňlişe sezewar etdi» diýýärler. Ynha, durna çokunmaklygyň sebäbi şeýle eken. Başgyrtlaryň ýurdundan ýola düşüp Jirimsan, Uran, Urem, Baýnah (Maýana), Watyg (Utka), Niýasna, Jaşşiz (Agtaý) derýalaryny geçdik. Bu derýalaryň arasy iki, üç, dört günlük ýa-da şondan azrak ýa-da köpräk ýoly bar. ▶ PEÇENEKLER[3] Mundan soňra peçenekleriň ülkesine baryp ýetdik. Olar deňze meňzeş uly kölüň kenarynda ýurt tutunypdyrlar. Peçenekler has garaýagyzrak. Olaryň ählisi diýen ýaly sakgalyny syrýarlar. Peçenekler oguzlaryň tersine örän garyp adamlar. Men oguzlaryň arasynda malynyň baş sany on müň, ýüz müň goýunly adamlary görüpdim. Garyň güýçli ýagan wagty goýunlary toýnaklary bilen gury ot gözleýär. Eger ot tapyp bilmese, gar iýýär. Muňa garamazdan goýunlary örän semiz bolýar. Olar tomus aýlary biraz horlanýar. Peçenekleriň ýanynda bir gün bolup, ýolumyzy dowam etdik. Ol ýerden Ýaýyk derýasyna[4] baryp ýetdik. Bu derýa şu güne çenli gören derýalarymyň içinde iň ulusydy. Bol suwly we suwuň akyş tizligi has ýokarydy. Bu derýadan geçen wagtym, gaýygyň agdarylyp ters öwrülenini gözüm bilen gördüm. Bu kelegiň (gaýygyň) içindäki adamlaryň we düýeleriň we mallaryň suwa gark bolanyna şaýat boldum. Ural derýasyndan azar ýamanyny görüp, ahyr geçmegi başardyk. Birnäçe gün ýöräp, yzly-yzyna Jahl (Jagan), Erhaz (Irgiz-Talwaka), Bajag, Samyr (Samara), Kinal (Kimel), Siz (Son), Konjuly (Kindirtpeka) derýalaryny geçdik. Türki milletlerden bolan başgyrtlaryň ülkesine baryp saklandyk. ______________________________________ [1]Başgyrt – Ibn Hawkal «Başgyrtlar iki topardyr. Olaryň bir bölegi oguzlar bilen bulgarlaryň arasynda ýaşaýarlar. Başgyrtlaryň bulgar hökümdaryna tabyn iki müňe golaýy tokaýda ýaşap ýören topardy. Olaryň esasy bölegi peçenekler bilen goňşy bolup, günorta Orsýetde ýaşaýarlar» diýip belleýär. Başgyrt wenger (majar) sözleri biri-birinden düýpgöter başga görünseler-de, geçirilen ylmy derňewleriň esasynda olaryň diliniň birmeňzeş dildigi anyklanylypdyr. Günbatar tarapa giden başgyrtlar musulman bolupdyr. Ýakut Hamawy hem Ymam Agzam mezhebiniň fykhyny (yslam hukugyny) öwrenmäge gelen talyplar bilen gürrüňdeş bolupdyr. Ibn Fazlan başgyrtlary türki kowumdan hasaplaýar. [2] Gurhanyň «Ysra» süresiniň 42-nji aýaty. [3] Peçenekler – peçenekleriň öňki ýaşan ýurdy barada anyk maglumat ýok. Ibn Fazlan olara Ýaýyk derýasynyň demirgazyk tarapynda duşýar. Abu Dulaf bolsa, has gündogarda peçenekleriň bir toparyny görendigini nygtaýar. Peçenekleriň esasy bölegi IX asyrda hazarlaryň we oguzlaryň zory bilen Wolga derýasynyň günbatar tarapyna geçipdirler. Olar milady ýyl hasaby bilen 899-njy ýylda wengerleri günbatara çekilmäge mejbur edip, Dunaý derýasyna çenli uzap giden günorta Russiýanyň içine siňýärler. Musulman syýahatçylary esasan günbatara giden peçenekler barada gyzyklanypdyrlar. Olar X asyryň ahyrynda Dunaý derýasyndan geçip, balkanlara barýarlar. Peçenekler wizantiýalylaryň başyna dert bolýar. Ahyrsoňy XII asyryň başynda Alekses tarapyndan olar ýok edilýär. Galanlary Wizantiýa hökümdarlygynyň gullugyna alynýar. Ibn Fazlan we taryhçy alym Idrisi olaryň sakgalsyz we murtsuzdygyny belläp geçipdirler. Abu Dulaf bolsa, gündogar tarapda ýaşaýan peçenekleriň uzyn sakgalynyň we murtunyň bardygyny nygtap geçipdirler. [4] Ýaýyk – Ural derýasynyň türkmençe ady. Ol şamana ynanýan türkleriň bela-beterden goraýjy hudaýlarynyň biriniň adydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |