22:09 Tanymal adamlaryñ durmuşyndan komplimasiýa teoriýalary | |
TANYMAL ADAMLARYÑ DURMUŞYNDAN KOMPLIMASIÝA TEORIÝALARY
Geň-taňsy wakalar
Koronawirus belasynyñ durmuşymyza aralaşmagy bilen birlikde komplimasiýa teoriýalary-da dünýä jemgyýetçiliginiñ üns merkezine ymykly girdi. “Komplimasiýa teoriýalaryna ynanamok, ýöne...” diýip başlaýan köp kişi metbugatda öz pikirlerini paýlaşdylar. Paýlaşylýan pikirleriñ näçerägi komplimasiýa teoriýasy, näçerägi hakykat, bulary wagt görkezer. Men size baýram pişmesiniñ tagamynda başga aktual komplimasiýa teoriýalaryny gürrüñ bereýin... Inkär etjek bolup özüñizi aldamañ, hökmany suratda her kesiñ ynanýan bir komplimasiýa teoriýasy bar! Durmuşyñ gyzygy şularda dälmi näme? Onuñ latyn dilindäki manysy-da "dem almak"… Komplimasiýa teoriýasy diýlende, ýadyñyza diñe syýasat düşmesin. Tanymal sungat işgärleriniñ durmuşynyñ komplimasiýa teoriýasy ýokmy? Bolmazmy, heý? Birnäçe ýyllap Hülýa Awşaryñ Heliniñ özünden uly uýasy däl-de, ejesidigi dilden-dile geçmedimi näme? Amerikalylaryñam bir bölegi meşhur aýdymçy Beýonsyñ Solange Knowlesiñ uýasy däl-de, ejesidigine ynanýar! Hamala Beýons 1981-nji ýylda däl - 1974-nji ýylda doglanmyş we on üç ýaşynda çaga dogranmyş! Ýa-da aýdymçy Stew Wonder aslynda kör hem dälmiş, on alty ýyllap kör ýaly bolup, adamlary aldap gezenmiş! Ýygy-ýygydan basketbol duşuşyklaryna gatnaýan, fotosuratçylyk bilen gyzyklanýan, mikrofony howada gapyp alýan biri nädip kör bolup bilýämiş? Aýdymçy Metin Şentürk üçinem ýurdumyzda wagtal-wagtal şuña meñzeş çaklamalar orta atylmaýarmy näme? Käbirleri Ahmet Kaýanyñ ölenine ynananok. Daşary ýurtda öñümden çykdy, bir türk meni görkezip, ýanyndaka "Seret, çyn ekeni, Ahmet Kaýa ölmänmiş!" diýipdir! Häzirem şu komplimasiýa teoriýasyna ynanýanlar bar: "Beatles" aýdym-saz toparynyñ sazandasy Pol Makkartniniñ 1966-njy ýylyñ 9-njy noýabrynda awtoulag heläkçiliginde aradan çykansoñ, gizlinlikde şotland ýetim - meñzeş biri bilen çalşyrylanmyş! Özem bu barada amerikan ýazyjysy Alan Goldşer ýöriteläp kitap ýazdy! Üstesine kinofilmler surata düşürildi, aýdymlar düzüldi. "Time" žurnaly muny 2009-njy ýylda dünýäniñ iñ ýatda galyjy komplimasiýa teoriýasy diýip yglan etdi… • IKINJI MELANIÝA TRAMP “Ýerine geçme” komplimasiýa teoriýasy kanadaly punk-pop ýyldyzy Awril Lawigne üçinem aýdylýar. Aslynda Awril ölenmiş we ýerine “Melissa” atly biri geçenmiş! Käbir amerikanlaryñ aýtmagyna görä, "First Lady" Melaniýa Tramp böwreginden ýarawsyzlyk tapynyp ölenmiş we ýerine plastiki operasiýa geçiren MRU-nyñ (CIA) işgäri geçirilenmiş! Muña ynanýanlaryñ pikirine görä, ABŞ-nyñ Prezidenti Donald Tramp aýaly bilen özara gatnaşyklarynda öñküsi ýaly mähirli dälmişin! Hususanam sosial mediýada eýýam üç ýyl bäri "öñki Melaniýa" bilen "täze Melaniýanyñ" arasyndaky fiziki tapawutlyklar barada nämeler ýazylmady... Diñe bular däl… Käbir nigeriýalylar şuña ynanýar: Nigeriýanyñ Prezidenti Muhammadu Buhari ölenmiş we onuñ ýerine sudanly bir kezzap geçirilenmiş! Ýakyn Gündogar komplimasiýa teoriýalaryna iñ köp ynanýanlaryñ ýurdy. Sebäbi bu ýurtlarda komplimasiýa teoriýasyna ynanmak delile däl-de, ynanja esaslanýar… Käbir müsürlileriñ pikirine görä iki ýyl owal pankreas düwnüginden ölen - "Apple" şereketiniñ düýbüni tutujy Stiw Jobs dirimiş we Müsürde ýaşaýarmyş. Delil bolsa Jobsa meñzeşräk biriniñ uzak aralykdan düşürilen fotosuraty… Bular düýn ýa şu gün çykan täze zatlar däl: baryp biziñ eýýamymyzyñ başynda 68-nji ýylda öz janyna kast eden Neron ölmänmiş we hökümdarlygyny gaýtadan ele geçirmek üçin "ölme" planyny gurnanmyş! Birnäçe ýyl geçensoñ şuña meñzeş pikir Adolf Gitler üçinem orta atylmadymy? Awraam Linkolndan Martin Lýuter Kinge çenli nijeme şahsyýetler hakynda ölüm komplimasiýalary ýokmy? 1963-nji ýylda Jon Fisjerald Kennediniñ janyna kast edilende orta atylan pikirler "komplimasiýa teoriýalaryñ hamyrmaýasy" düşünjesini döretdi! Dogrumy, ýalñyşmy - seljermek kyn, ýöne bu barada müñe golaý kitap ýazyldy… Eý-ho! Myş-myşlaryñ nähilisi ýok: MRU "Reggae" toparynyñ legendar aýdymçysy Bob Marleýi zäherläp kem-kemden öldürenmiş. Çünki Marleý halk köpçüliginde MRU-nyñ goldawyndaky Ýamaýkanyñ Prezidenti Maýkl Manleýi agdarmak pikirini döredýärmiş! 1976-njy ýylda MRU-nyñ başlygy Uilýam Kolbiniñ ogly Karl Kolbi Marleýi görmäge gelende muny açyk aýdypdy! Melike Dianany-da bir musulmana äre çykarmajak bolup, 1997-nji ýylyñ 31-nji awgustynda iñlis kontrrazwedkasy öldürenmiş! Muny aýdýanam Diananyñ halaşan ýigidi Dodo Al-Faýediñ kakasy Muhammet Al-Faýed! Dogrumy, ýalñyşmy - belli däl. Jedeli welin, häzirem dynanok… Bob Marleý • DÜNÝÄ KUBOGY ÝALANY Absurd komplimasiýa teoriýalary sanawynda ilkinji onluga goýjaklarymyzdan birini ýazaýyn: 1958-nji ýyl. Futbol boýunça FIFA-nyñ Dünýä kubogyny almak boýunça dünýä çempionaty şol ýylyñ 8-29-njy iýunynda Şwesiýada geçirildi. Kubogy öý eýesi Şwesiýany 5-2 ýeñen Braziliýa gazandy. Emma, size ýalan bize çyn, bu ýeñişe ynanmadyklaram boldy! Hamala bu "Sowuk urşuñ" oýnudy, futbol duşuşyklary galpdy. Amerikan we şwed telewideniýesiniñ, MRU-nyñ we FIFA-nyñ ýaranlygy bilen 1958-nji ýylyñ Dünýä çempionaty ýalanyny durmuşa geçirenmiş! Çünki Şwesiýanyñ şol wagtlar bular ýaly dünýä möçberli sport çäresini geçirmäge ykdysady we tehniki mümkinçilikleri ýokmuş. Futbol meýdançasyndaky futbolçy sudurlary şol wagt Şwesiýada Günüñ ugruny hasaplanyñda mümkin däl şekildemiş. Pylanmyş, pysmydanmyş… Aslyýetinde bolsa bu… Komplimasiýa teoriýalaryny tankyt etmek maksady bilen şwed jemgyýetçilik ýaýlymy "Sveriges Television" tarapyndan režissýor Ýohan Löfstedte düşürdilen dokumental filmdi! Emma dokumental filme ynananlaryñ bolmagyna olaryñ özleri haýran galdylar… Stenli Kubrik ýaly meşhur kinorežissýoryñ ady-da komplimasiýa teoriýasyna bulaşdy: amerikanlar Aýa çykmanmyş, olar Kubrige düşürden wideoýazgylary bilen dünýä jemgyýetçiliginiñ gözüne çöp atanlarmyş! Bu gürrüñ dünýäde iñ köp gepi edilen jedelli gürrüñ bolup galdy… Soñky ýyllaryñ gepbaşysy şu: Isa pygamber we söýgülisi Merýem Magdalena Ýewropada gizlenenmiş. Den Braun 2003-nji ýylda neşir edilen "Da Winçiniñ kody" romanynda şol gürrüñi gozgady. Muña köpüñiz ynanmadyñyzmy näme? Komplimasiýany toslamadan, habardan we real durmuşdan aýyl-saýyl etmegiñ tragiki ýagdaýda mümkin däl döwründe ýaşaýarys… Komplimasiýa teoriýasy hakynda şunça gepiñ başyny agyrdyp, syýasatdan söz açmasak aýyp bor: Haçanda Türkiýede Erdogan Prezidentlige saýlandy welin, jedel başlady: "Uniwersiteti gutarmadyk adam Prezident bolup bilmez!” Muña meñzeş waka ABŞ-da hem bolup geçdi: "Obama ABŞ-da dogulmady, onuñ Prezident bolmaga hukugy ýok!” Soñky ýyllarda Obama ýaly komplimasiýa teoriýalaryna tema bolan başga syýasatçy az-az bolsa gerek… Herhal Tramp ýaly komplimasiýa teoriýalaryny köp agzaýan başga syýasatçy-da ýokdur! Mysal üçin... Obamanyñ Gawaýda däl-de, Keniýada doglan gizlin musulmandygyny orta atýanlaryñ başyny Tramp çekýärdi! Bu temada Tramp bilen hiç kim bäsleşip bilmese gerek. Meselem, ol yklymara maýlamanyñ komplimasiýa teoriýasydygyna ynanýar! Onuñ pikiriçe COV-19 (koronawirus) hem Hytaýyñ ýörite ýaýradan zadymyş… Türkiýede zol-zol dile düşýän "gizlin döwlet" (“derin devlet”) düşünjesini ABŞ-da Tramp köp agzaýar. Şeýle-de, "ABC News" we "Washington Post" tarapyndan 2017-nji ýylda geçirilen pikir soralşykda amerikanlaryñ 48%-niñ ABŞ-da komplimasiýaçy "gizlin döwletiñ" bardygyna ynanýandygy ýüze çykdy. Erdogan bilen başladyk, şonuñ bilenem gutaralyñ: Dünýädäki komplimasiýa teoriýalaryna berilen mysal: "ýokarky akyl" (“üst akıl”) düşünjesi! Erdoganyñ pikiriçe ýurdumyzy güýçden düşürmek, böleklemek isleýän gizlin "ýokarky akyl” bar! Çynmy, ýalanmy - bilýän ýok, emma komplimasiýa teoriýalarynyñ arasynda iñ gülkünji Melih Gökçege degişli! “Çanakkaleniñ günbataryndaky ýer titremeler türk ykdysadyýetini "emele ýer titremeler" arkaly ýok etmegi maksat edinen garañky daşarky güýçleri!” Bu bölümi “subliminal signal” bilen jemläliñ! Yagny, adamyñ özi bilmezden, onuñ añastyna täsir edýän signal! Türkiýede bir döwür bu “signal görnüşi” ýoñ boldy. Dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni muña Wilson Brýan Keý “Subliminal Seduction” we Wens Pakkard bolsa “The Hidden Persuaders” kitaplary bilen çekdi… Ýurdumyzda “subliminal signal” temasy syýasatda şeýle bir täsirli boldy welin, 2011-nji ýylyñ 15-nji fewralynda kabul edilen N"6112 belgili "Radio we teleýaýalymlaryñ tehniki we ýaýlym hyzmatlary hakyndaky" kanunyñ 9-njy maddasynyñ 2-nji punktuna "Söwda gatnaşygynda añasty tilsimler ulanmaly däldir" diýen jümle düşdi… • ROMEO JİHATÇYLAR Komplimasiýa teoriýalary diñe birküç sany adamyñ toslap tapýan akyla sygmajak pyrryldaklarymy? Muny döwletler etmeýärmi näme? Saddam Hüseýiniñ "11-nji sentýabr" teraktynda rol oýnandygy hut döwlet eli bilen dünýä jemgyýetçiligine ýaýradylan komplimasiýa ýalany dälmi? 2001-nji ýyl. "Yellowcake/uranyum" kezzapçylygyny undup bolarmy? Hamala Saddam Hüseýniñ ýadro urşuny turuzmak üçin Nigerden uran satyn aljagyny görkezýän resmi maglumatlar barmyş. Hemmesi-de SISMI (italýan harby konrrazwedkasy) tarapyndan ýöriteläp ýasalan galp resminamalardy. 2001-nji ýylyñ 18-nji oktýabrynda her jümlesi ýalandan doly 90 sahypalyk "Yrak. Ýadro bilen baglanşykly satyn alma geleşikleri" ady bilen MRU-nyñ taýýarlan habarnamasy bu ýalan propogandanyñ ýaýramagyny hasam güýçlendirdi. Soñky ýyllarda SISMI-niñ başlygy Nikolo Pollariniñ ABŞ-nyñ Döwlet howpsuzlygy boýunça geñeşçisiniñ kömekçisi Stefen Hadleý bilen bile bu gorkunç komplimasiýany gurnandygy beoli boldy… Şeýle-de... Iñlis we fransuz kontrrazwedkasy Saddam Hüseýniñ çepçileriñ häkimiýetde oturan Somali we Kongo Demokratik Respublikasynyñ arasynda gatnaşygyñ bardygyny ýüze çykaran komplimasiýa teoriýasy habarnamalaryny taýýarlady. Iñlis hökümeti-de Saddamyñ ady näbelli bir "Afrika ýurdundan" uran satyn aljak bolýanyny mälim etdi. ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Kolin Pawel, MRU-nyñ başlygy Jorj Tenet bu ýalanyñ meýletin şärikdeşidiler… Günbatar ýurtlarynyñ maksady - Yragyñ BMG-nyñ duýduryşlaryna boýun egmeýändigini, ýaraglanmaga dowsm edýändigini dünýä jemgyýetçiligine ynandyrmakdy. Olaryñ düýp maksady bolsa, Yragyñ nebit ýataklaryny eýeläp biljek harby ekspansiýa şert döretmekdi… Ýadyñyza salyñ, köp kişi bu ýurtlaryñ orta goýan galp maglumatlaryna ynanmadymy? Kezzapçylyga garşy çykyp, Yraga garşy imperialistik çozuşy oñlamadyk Bülent Ejewit ýaly ýolbaşçylar şol döwür häkimiýetden çetleşdirildi… Ýagny: Her komplimasiýa teoriýasynyñ gürrüñi gidende, onuñ añyrsyndan "bäş-üç kakabaş adam" gözleýänleriñ ünsünde hiç wagt Günbatar döwletleri bolmandy! Global metbugat nämäni öñlerine oklasa, adamlar şony gepsiz-gürrüñsiz dogry hasapladylar. Ýazyp, sanap soñuna çykar ýaly däl. Meselem: "11-nji sentýabr" terakty bilen bile orta çykan “Love Cihat” düşünjesi. Hamala “Romeo Jihatçylar" musulman däl gyzlara özlerini halatdyryp, olary urşujy bolmaga razy edýärlermiş! Öñdenem her gözüniñ görýän zadyna şübhe bilen garaýanlaryñ düşünşine görä musulman ýurtlaryñ bosgunlarynyñ Günbatar ýurtlaryna gelmeleriniñ düýp maksady-da akýagyz jynsy ýok etmekmiş! Soner ÝALÇYN, "Sözcü" gazetiniñ žurnalisti, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||