11:14 Tanyşlyk keseli / satiriki hekaýa | |
TANYŞLYK KESELI
Satiriki hekaýalar
Soñky döwürlerde tanyşlyk diýen äteñet bir kesel uly ile ýoñ bolupdyr. Biri düwünme keselinden ölse; "Aý, onuñ lukmanlardan tanşy ýokdur" diýýärler. Iki maşyn çakyşyp, iki tarapam mähum bolsa, "GAI-ler bilen arañ bolmasa, ir-u-giç boljagyñ şol" diýýänler tapylýar. "Pylankes kosmosa uçupdyr" diýilse, "Aý, onuñ süýregi bar. Ýokardan elinden çekýärler" diýmekdenem çekinenoklar. "Abhaziýada biri 172 ýaşapdyr" diý-de zut gaç-da göräý, jogabyñy yzyñdan maşynly ýetip nagt ederler. "Aý, olmy, ol 272 hem ýaşar. Sebäp näme üçin diýseñ, otüki onuñ ýokarda garyndaşy bar. Anyklap soraberseñ, şol obanyñ arçyny bilen daýhan birleşiginiñ başlygy hut şonuñ öz kowçumyndandyr" diýip, sakgally-sarmykly hiri ýeñdirmän oturandyr. Ýañy-ýakynda ýanyma garyndaşym Esen geläýdi. Oña Esen tanşam diýýärler. Onuñ Esen eñek, Esen yñdarma diýen lakamlaram bar, Esen gele-gelmäne: - Heý, "Eşretde" tanşyñ ýokmy? - diýdi. - Şondan bir zar alaýjakdym - diýip, maña soragly nazaryny dikdi. - Gaty zerur gerek - diýdi. - Ol dükanda-ha tanşym ýokdy, walla. Näme, oña gyt zat gelipmi, et ýa mesge barmy? - diýdim. Esen hiç zat aýtmady. Uludan demini alyp, aşak bakdy. Görsem, garyndaşymyñ derdi agyr ýaly, oña kömek etmeki boljak öýdýän diýen pikire geldim. - Garyndaş, ýüzüñi galdyr, "Eşretiñ" müdiriniñ tanşynyñ tanşyny gözlemeli bolarys - diýdim. - Wah, şeýtsene, garyndaş. Zerur bir zat gerekdi-dä. Gaýrat et - diýip, Esen maña seretdi. Men saglygy saklaýyş ministrliginiñ epidemiologiýa we aýratyn howply infeksiýalara garşy göreşiji bölüminiñ başlygynyñ mergi hem çuma keselleriniñ öñüni almak boýunça orunbasaryna jañ etjek boldum. Telefon apparatyna elimi uzatdym weli Esen elime ýapyşdy. - Dur, saklan. Gidip hut özümiz elin gürleşmeli, onuñ bilenem tanşarys. Çumaçynuñ hem, mergiçiniñ hem gerek ýeri bolar. Birden bize mergi degäýse, ýa çuma ýoluksak tanyş gerek bolar - diýdi. Men oña: - Gitmäge maşyn ýok - diýdim. Eden hezil edinip güldi. - Taksi tutarys. Barýançak, gelýänçäk ýola ýigrimi bäşlik pul düşäris - diýip, Esen jübüsine kakdy. Döwür şeýle-dä, indi döşe kakylanok, gapjyga kakylýar. Diýýän bölümimize bardyk weli, bize gerekli adamyny tapmadyk, orunbasar ýerinde ýok ekeni. - Ol-ä düýnden başlap zähmet rugsadyna çykaýypdy. Özem etraba, garry enesiniñ ýanyna gitdi. Enesiniñ melleginiñ üzümi ýetişipdir. Şonu satyp, kurort puly edinýär. Ýalñyşmasam, ertirem irden Kislowodskä dynç almaga uçmaly öýdýän diýip, sekretar-maşinistka gyz aýtdy. Uzak oýlanyşyp durmadyk, taksiçä "sür" diýdik. Orunbasary etrapdan tapdyk. - Ýýak, walla, bu-ýa keçje bold-ow. Men "Eşretiñ" müdiri bilen tersleşäýipdirim-dä Arada üstümden akt ýazdym. Dükanymyzda gemrijiler köpelipdir, özüñem biri diýdim. Birküç sagatlap "Eşreti" ýapdyrtdymam. Sebäbi nebsi öñüne düşüpdir. Eçilenok. "Eşretden" ýeke özi haýyrlanýar. Ol menden öýkelidir. Akt ýazyp, häzirki döwürde edilmeýän iş etdim-dä. Akt ýazsañ, atasyny öldüren ýaly görýärler diýip, orunbasar garry enesiniñ mellegindäki üzümi dadyp ýören ýerinde aýtdy. - Heý onuñ müdiriniñ başga tanşynu bileñokmy? - diýip, Esen özelenip, orunbasara ýüzlendi. - Bilýän - diýip, orunbasar üzüm iýip oturan ýerinden söze başlady. Arada şol magaziniñ müdiri rentgenologiýa, raduologiýa we onkologiýa ylmy-barlag institutymynyñ işiginden girip barýardy. Siz şol institutyñ onkologiýa boýunça ylmy işgäri Muhammediñ ýanyna baryñ diýip, orunbasar elindäki üzümine gonan aryny kowup durka aýtdy. - Gowy bolaýdy, onkologlar bilejem tanyşlyk açarys - diýip, Esen taksä tarap ýeñsäni titredäýdi. Menem yzyna düşdüm. Bize garaşyp duran taksä münüp, Muhammediñ ýanyna eñdik. Olam bizi psihonewrologik dispansere ugratdy. - Edil şol ýerde "Eşret" dükanynyñ müdiriniñ atasy, ýalñyşmaýan bolsam, garawul bolup işleýändir - diýdi. Haýal etmän dispansere ýetdik. Garawul ýaşulyny gözledik. - Siz ýalñyşyp gelipsiñiz. Ol diýýän ýaşulyñyz 1-nji psihologik keselhanada bagbandyr, hem şol ýerde özüni bejerdýändir - diýip bir ylmy işgär bize aýtdy. - Dälihana-da gerek bolar - diýip, Eseniñ ökjesi ýeñledi. Dälihana eñdik. Biziñ bolup ýörşümizi gören bize sag adam-a diýjek däldi. - Diýýän ýaşulyñyz, otüki, "Eşret" dükanynyñ kakasy bireýýäm pahyr bolandyr, haý, kysmat-da, gowy adamdy - diýip, ak ýektaýly ýaşuly wraç demini aldy. Bizem birhili bolduk. - Men häzir şol "Eşrete" jañ edeýin. Müdiri tanyş oglandyr. Kakañ pahyry sorap birki adam geldi diýeýin, hoşal bolar - diýip, ak ýektaýly ýaşuly wraç trubkasyna ýapyşdy. Kimdir biri bilen-ä telefonda birsalym gepleşensoñ, ýaşuly wraç bize ýüzlendi. - "Eşretiñ" müdiri mazarçylykdamyş. Bu gün üçünji günümiş, şol ýerde diýdiler. Biz howpurgap, Esen ikimiz bir-birimize seretdik. - Gorkmañ, kakasynyñ üstüne ýadygärlik galdyrýamyş diýip, ýaşuly wraç bize teselli berdi. - Haýsy öwlüýädekä?! - diýdim. - Şony soramandyryn - diýip, ýaşuly wraç aýtdy. Biz dälihanadan çykdyk. Köçede telefon-awtomata girdik. Men ölüleri jaýlaýan býuro jañ etdim. Onuñ garawuly bar eken. Içgili öýdýän. Gepleýşi wazzyk-wuzzugrak. - Hany ulyñyz?! - diýip soradym. - Gonbasynyñ ýanyna bazyp gaýdazyn diýib-ä çykyp gitdi - diýdi. - Geljekmikä, ýa ymykly gitdimi?! - diýip, gygyryp soradym. - Şondan çykybam "Jennete" bazjag-a diýdi. Sagat on bizde "Jennetiñ" azak satýan bözümi açylýaz - diýip, garawul aýtdy. - Ölüleri jaýlaýan býuro baryp, ýakyndan tanşaly-la. Gowy, seleñ ýerden ýer almaga kömegi deger - diýip, Esen maña ýüzlendi. Biz lapykeç halda öýe gaýtdyk. Ol gün-ä işimiz bitmedi. Sebäbi ähli edaralar ýapyldy. Taksiçiniñ degişli we degişli däl hakyny berip, onuñ bilen hoşlaşdyk. Oña "Ertir irden sekiziñ ýarynda şu ýere ýene gel" diýdik. Ahyrsoñunda, gepiñ gysgasy, "Eşret" dükanyñ müdirini tapdyk. Men çeträkde durdum. Müdir Essne bir zad-a dolap berdi. - Näçe tölemeli - diýip, Esen jalataýlyk bilen goñur gapjygyna ýapyşdy. - Alty teññe - diýip, müdir ýylgyrdy. Esen hamana diýersiñ, özüne sögülen ýaly, ýüzüni kürşertdi. - Köpükleşip ýörmäli, tanyş bolduk. Me, şuny al - diýip, Esen gök ýigrimi bäşligi müdiriñ jübüsine saldy. Gaýdyberdik. Ýadaw halda Eseniñ öýüne gelip, ýük ýazdyrdyk. Emma Eseniñ keýpi kökdi, şähdi açykdy. - Kakasy, size çaý demläýinmi, ýa nahar guýaýynmy? - diýip, Eseniñ aýaly sorady. - Çaý getir. Hol günki, tanyşlyk üsti bilen alan çaýymdan demle. Taýyn naharyñy bolsa bize guýma. Biziñ üçin täzeden nahar bişir. Ýañky "Eşretden" getiren zadymdan oñatja atarsyñ - diýip, Esen, tanyşlyk üsti bilen edinen ýaşyl reñkli pijamasyny geýip durka joşup gürledi. Biz çaý içdik. Birki sagatdan soñ täze nahar geldi. Esen dadyp görüp agzyny şapbyldatdy. - Garyndaş, bu nahary nähili?! Ap-aýrydyr, üp-üýtgeşikdir görseñ - diýip, Esen tanyşlyk üsti bilen oturtdyran gyzyl dişlerini lowurdadyp güldi. - Ýañky alan zadymyzdan atylypdyr. Hut müdiriñ özüne goýanjasyny alyp gaýtdym. Esen joşup gürledi. - Eger döwlet ähmiýetli gizlin syr bolmasa, maña-da aýtsana, menem bileýin-le. Ýañky 6 teññelik zat nämedi? - diýdim. - 6 teññelik diýip, ony kemsitmesene, garyndaş, ol-a ýigrimi bäş manatlyk gyt zat, haw. Düşünýärmiñ, defisit haryt. Eseniñ birki günläp heläk bolup, ahyrynda alan zady duz ekeni. Ýönekeý, dökülip ýatan duz. Ine, käbir söwda işgäriniñ ünsden düşürýän zady. Olar, bilseler, ilkinji nobatda duzy gyt etmeli. Sebäbi şonsuz oñup bolmaýar. Uny, çöregi, çigit ýagyny, otluçöpi, makarony haýdan-haý gizlemeli. Şonda Esen ýaly diñe tanyşlyk üsti bilen zat almasa ynjalmaýan tanyşpurş adamlar üçin hezillik boljak ahyry. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |