22:48 Taryh hasraty | |
TARYH HASRATY
Taryhy makalalar
Her asyr özüniñ buýsançly wakalary bilen bir hatarda gussasy ýüzlerçe ýyllap ýürekleri elendirýän faktlary bilen taryh gatyna siñýär. XX asyryñ şeýle wakalaryny ýatlanyñda, ençeme weýrançylyklar, adam pidalaryna getiren uruşlar, awariýalar, ýangynlar bilen birlikde ýer titreme diýen agzasañ iniñi jümşüldedýän bela hem biygtyýar añyñy eýeleýär. Çiliniñ, Italiýanyñ, Hytaýyñ, Ýaponiýanyñ, Ermenistanyñ, goñşy Eýranyñ, doganlyk Türkiýäniñ müñläp-müñläp maşgala oduny söndüren betbagtçylyk türkmen iliniñem deñinden sowlup geçmedi. Käşgä bu bela bir sapar inip oñan bolsa. Halkymyz onuñ yzasyny diñe XIX asyryñ aýagy bilen geçen asyryñ dowamynda ençeme gezek çekmeli boldy. 1895-1928-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyñ günortasynda 80-e golaý ýer titreme registirlenýär. Olaryñ 12-si Aşgabatda, 24-si Krasnowodskide bolup geçýär. Bu sarsgynlaryñ aglabasynyñ güýji Rihteriñ şkalasy boýunça 3-4 baldan geçmeýär. Diñe üç ýer titremäniñ güýji 7 bala golaýlaýar. Güýçli ýer titremeler 1895-1897-1898-1903-nji ýyllarda Krasnowodskide, 1904-nji ýylda Kakada, 1929-njy ýylda Aşgabatda, Gökdepede, Pöwrizede, 1946-njy ýylda Gazanjykda, 1949-njy ýylda Bäherdende bolup, uly weýrançylyklara, adam pidalaryna elýär. Ýer titremäniñ hijisem zelel-zowalsyz sowlanok. Iñ bärkisi, çala duýlup geçýänem adamyny ölüp-direlene dönderýär. Hatda üm bilmez çaga-da esli salym bu wakanyñ girdabyndan çykyp bilmän, "Näme üçin ýer beýtdi?", "Kim meni yralady?", "Içeri girsek, ýene bolarmyka?" diýen ýaly gorky-howsala ýugrulan sowallaryny hatarlap, gözüni petredýär. Bu elhenç bela, 48-iñ ýer titremesi bary-ýogy 10 sekunt dowan edýär. Wagtyñ göräýmäge ujypsyzja şo böleginde-de şäher çepbe çöwrülip ýetişýär. Ol aýylganç gijeden çöregi bitin çykanlaryñ ýatlamalaryny diñleýärkäñ, betbagtçylygyñ yz ýany düşürilen suratlary, filmleri synlaýarkañ, arhiwiñ küti-küti kitaplaryndaky maglumatlar bilen tanyşýarkañ, bu tragediýa gaýdyp o dünýe-bu dünýe ynsan bendeleriniñ ýolukmazlygyny Biribardan öwran-öwran dileýärsiñ. Jesetleri 6 gonamçylyga zordan ýerleşen gapyllykda galan bendeleriñ ruhunyñ öñünde baş egýärsiñ. Ýaşalmadyk ömürler, tutulmadyk toýlar, ýüreklere sygmadyk arzuw-umytlar, belent tutumlar, dogulmadyk çagalar, aýdylmadyk hüwdüler, aýdymlar... Eý-ho-o! Bu betbagtçylygyñ ýitgilerini sanap soñuna çykar ýalymy? Tebigatyñ ýowuz oýunlaryna gaýtawul berip, "sussuny" basmaga ynsan ejiz gelýär. Ýöne onuñ betbagtçylyklary sapak edinip, ondan goranmaga welin mümkinçiligi bar. Emma hemme adam birmeñzeş bolýamy näme? Biperwaý, biagyry adamlar hiç wagt öz geljegini oýlanok. Töwerek-daşynyñ gaýgysam ondan daşda. Şeýle adamlaryñ soñky döwürde salýan jaýlaryny görüp gynanýarsyñ. Arada goñşularymyzyñ biri jaý gurdy. Enek içine girmeg-ä añyrda dursun, suwap ýetişmänkä, ýylanyñ yzy kimin, diwarlary egri-bugry bolup çökdi. Öwrenje ussalaryñ elinden çykýan şeýle jaýlar heý-de bardy-geldi betbagtçylyk döräýse, onuñ öñünde döz gelip biljekmi? Beýik binalary gurýan gurluşykçylaryñ käbiri gurýan jaýynda ýaşamaga özüniñ-ä ýürek edip bilmeýändigini gizläp duranok. Gurluşyk materiallarynyñ köpüsi harçlanman, ogurlanýan, satylýan bolmaly. Döwlet jaýlaryny salýanlaram, hususy jaý galdyrýanlaram, hemmesi 48-iñ ýer titremesinden, onuñ ýetiren ýitgilerinden habarly adamlar. Türkmen topragynda doglan adamyñ bu betbagtçylykdan habarsyzy bardyr öýdemzok. Ýeri, jaý babatdaky biagyrylygyñ neneñsi howply netijelere eltýändigini göre-bile gelýän adamlaryñ eldengider iş tutmasyna nähili düşünmeli. Berk salmaga materiallar ýok ýa-da ýetenok diýip, aýratynam hususy jaý salýanlaryñ biz bilen ylalaşmazlygy mümkin. Ynsana añ-düşünje näme üçin berlen - akylly-paýhasly iş tutmak üçin, elbetde. Düşünjäñ kemterlik edýärmi, bilýänden sora, öwren. Bir garyş fundamentli galdyrylan jaýyñ üstüni demir ýoluñ reýsleri bilen örtseñ, onsoñ şeýle bina tebigat hadysasyndan seni gorarmy? Gadym döwür ata-babalarymyz ýokdan bar edip, asyrlaraşa ençeme tebigy belalara döz gelýän binalary galdyrypdyrlar-a! Olaryñ miras galdyran binalarynyñ berkliginiñ ilkinji alamaty - HALAL ZÄHMET, ZANDY PÄKLIKDIR! Aldawçylyk, biperwaýlyk ol adamlara ýat bolupdyr. Bu temany näçe uzatsañ uzadybermeli. Jaý ynsan durmuşynda uly rol oýnaýar. 48-iñ ýwr titremesinde palçykdan galdyrylan jaýlaryñ üstüniñ gat-gat saman suwagly agralyp giden üçegi köp adamyñ ömrüniñ solmagyna sebäp bolupdyr diýýärler. Goý, geljekde bu meselede hiç perwaýsyzlyk, säwlik goýberilmesin. (Köp gatly belent binalary we ýaşaýyş jaýlaryny gurýan gurluşykçylarymyzdyr, degişli wezipeli adamlar hem gurulýan binalara sarp edilmeli gurluşyk materiallarynyñ ujundan kör alaka kimin kertýän wagtlary wyždanlarynyñ sesine gulak goýup, iki dünýe yzynda durup bolmajak nähili zowalyñ astynda galýandyklaryna düşünsediler -t.b.) Ylahym, betbagtçylygam bolmasyn! Goý, 6-njy oktýabrdaky hasrat taryh hasraty bolup geçmişde galsyn. Aşakdaky makalada ýurdumyzyñ territoriýasynda dürli ýyllarda bolup geçen ýer titremelerine degişli käbir arhiw materiallaryny okyjylara hödürleýäris. • KANSELÝARIÝANYÑ HÖKÜMDARYNA ZAKASPIÝ OBLASTYNYÑ NAÇALNIGINE Zakaspiý oblastynyñ çäklerinde ýer titremäniñ häli-şindi gaýtalanyp durmagyny, soñky sapar şu ýylyñ (1895-nji ýyl göz öñünde tutulýar -P.Ç.) 27-(1)-nji iýunyndaky ýer silkinmesinden birnäçe adamyñ heläkçilik başlanýan wagtyny kesgitlemek üçin ulanylýan guraly bizde-de synap görmegi teklip edýärin. Munuñ üçin magnit almaly-da, ony ýiti ses çykarýan gong atly legeniñ ýokarsyndan asmaly. Magnite bolsa demir plastinka goýulýar. Ýaponiýada çak edilişine görä, ýer titremeden biraz wagt öñräk magnitiñ hereketi gowşaýar-da, oña ýelmeşip duran plastinka ýañky legene gaçyp, zenzele turuzýar. Içerde oturan adamlar bu ýagdaýy synlap, wagtynda özüni halas edip ýetişýärler. Bu guraldan birnäçesini gyssagly edinip, olary synag hökmünde Krasnowodskide, Gyzylarbatda, Asgabatda goýmaly. Şeýle-de birini ulanyş düzgünini düşündirmek bilen, Kuçandaky içalymyza ibermeli. Oblastyñ naçalnigi, general-gubernator Kuropatkin. 1895-nji ýylyñ 5-nji iýuly. • GYSSAGLY. HALK KOMISSARLAR SOWETINE Türkmenistanda bolan ýer titreme Pöwrizedäki Maýyplar öýüni bütinleý weýran edensoñ, onda ýaşamak asla mümkin däl. Tehniki barlaglaryñ netijesinde bu jaýyñ remontynyñ smetasy 2.228 rubly düzdi. Sosial üpjünçiligiñ halk komissarlary bu puluñ gyssagly goýberilmegini soraýar. Häzirki wagtda maýyplar ýaşaýan ýeriniñ ýykylanlygy sebäpli daşarda gün görýärler. Ýarawsyzlara wagtlaýyn tünek hökmünde 80 adamlyk çadyr zerurlygam ýüze çykyp dur. Sosial üpjünçiligi halk komissarlygy, 1929-njy ýylyñ 18-nji maýy. • 1929-njy ÝYLYÑ MAÝYNDA MOSKWA IBERILEN TELEGRAMMALARDAN BÖLEKLER Ýer titreme mahaly bir ýogaldy, 26 adam ýaralandy. Pöwrizäniñ kurort posýologyndaky jaýlaryñ 255-sine zyýan ýetdi. Tas hemme kişi diýen ýaly, tebigy betbagtçylykdan heläkçilik çekdi. Ýer titremäniñ zyýany habar berýäris: döwlet jaýlarynyñ 98-si, hususy jaýlaryñ 43-si ýykyldy, döwlet jaýlarynyñ 351-sine, hususy jaýlaryń 1870-sine zeper ýetdi. Jemi çykdajy 1 million 397 müñ rubl... • SSSR MINISTRLER SOWETINIÑ HÖKÜMET KOMISSIÝASYNDA 1948-nji ÝYLYÑ 7-nji OKTÝABRY Ýer titremäniñ netijesinde Aşgabadyñ demir ýol aragatnaşygynyñ 8-nji oktýabr ir ertire çenli kesilmegi zerarly ýaralylary ewakuasiýa etmek işi transport samolýotlary arkaly amala aşyryldy. 6-7-8-nji oktýabr günleri samolýotlaryñ 120-si ýaralylary daşamak işi bilen meşgul boldy. Jebir çekenler Türkmenistanyñ Mary, Çärjew, Krasnowodsk, şeýle-de Baku, Daşkent, Buhara we Samarkand şäherleriniñ keselhanalaryna, gospitallaryna ýerleşdirildi. Hökümet komissiýasynyñ buýrugy bilen ýaralylara gyssagly kömek bermek üçin 6-7-8-nji oktýabrda Aşgabada Moskwadann Bakuwdan, Almaatadann Daşkentden we beýleki şäherlerden lukmanlaryñ we medisina işgärleriniñ müñden gowragy geldi. Şeýle-de şähere zerur dermanlar, şol sanda bürmek, gangrena kesellerine garşy syworotkalar, ýara dañylýan we dezinfisirleýän serişdeler ýeterlik mukdarda getirildi. Häzirki wagtda SSR Soýuzynyñ baş döwlet sanitar inspektory Boldyrew we Gyzyl Goşunyñ baş hirurgy ýoldaş Ýelanskiý Aşgabatda. • TSSR MINISTRLER SOWETINIÑ KARARYNDAN 1948-nji ÝYLYÑ 7-nji OKTÝABRY Maliýe ministrligini şu aşakdakylara borçly etmeli: a). 10 günüñ dowamynda 25 müñ ýarawsyzlar kontingentiniñ hersine gününe 15 manatdan, 15 günüñ dowamynda 75 müñ adamyñ her birine gününe 10 manatdan jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy arkaly bermek üçin söwda ministrliginiñ ygtyýaryna 15 million manat geçirmeli. b). ilatyñ aýratyn mätäçlik çekýänlerine birwagtlaýyn posobiýe bermek üçin Ministrler Sowetiniñ Işleri dolandyryş uprawleniýesiniñ garamagyna 10 million manat goýbermeli. w). Aşgabadyñ hem-de Gökdepe raýonlarynyñ ilatynyñ jemgyýetçilik iýmitini ýola goýmaga, şeýle-de azyk we senagat harytlarynyñ söwdasyny gyssagly ugrukdyrmaga söwda ministrligini we "Türkmenbirleşigi" borçly etmeli. Söwda ministrligine 1500 tonna uny, 700 tonna daryny, et we konserw şertlu bankalarynyñ 1500-sini, goýaldylan süýdüñ 15 tonnasyny, 100 ýaşşik ýumurtgany, 100 tonna hojalyk sabynyny şu maksatlar üçin harçlamaga rugsat bermeli. SSSR Ministrler Soweti tarapyndan goýberilen standart jaýlaryñ 50 müñ kwadrat metrini, gurluşyk faneriniñ 20, şiferiñ 30, ýumşak üçegiñ 20, sementiñ 100 wagonyny... ýük awtomaşynlarynyñ 300-sini kabul edop almaga "Türkmen taýýarlaýyş, üpjün ediş söwda edarasyny" borçly etmeli. Ilatyñ pasportynyñ köpçülikleýin ýitirilmegi sebäpli, 15-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli pasport dokumentlerini ýitirenlere 6 aýlyk möhlet bilen wagtlaýyn şahadatnamalary bermegi Içeri işler ministrligine tabşyrmaly. Aşgabadyñ zähmetkeşler deputatlarynyñ şäher we raýon Sowetlerini 15 günüñ dowamynda kwartal wekilleri institutyny döretmäge borçly etmeli. • Kitaphanalar we muzeýler barada Kitaphanalaryñ kitap fonduny gazyp agtatmagy we goramagy ýola goýmaly. Kitaplary çalt gazyp tapmak we olary "Gülüstan" restoranynyñ podwalyna ýerleşdirmek üçin medeni-añ bilim işleri baradaky komitetiñ ygtyýaryna awtomaşynlar bilen birlikde 60 adamy berkitmeli. Şekillendiriş sungaty muzeýiniñ eksponatlaryny gazyp agtaryş işleri üçin awtomaşynlary we işçidir inženerleriñ 100-sini bermeli. Muzeýiñ has gymmatly eksponatlaryny ülkäni öwrenişi muzeýinde ýerleşdirmeli, galan gymmatlyklary saklamak üçin bolsa wagtlaýyn jaý salmaly we şol bir wagtyñ özünde eksponatlaryñ ählisini hasaba almaly. • Teatrlar barada Puşkin adyndaky teatry Krasnowodskdäki gurluşykçylar klubynyñ jaýyna, opera we balet teatryny Marynyñ oblast teatrynyñ jaýyna, Stalin adyndaky teatry Çärjewiñ oblast teatrynyñ jaýyna geçirmeli. Ýaş tomaşaçylar we gurjak teatryny ýapmaly. Çünki olaryñ jaýlary bütinleý ýykylypdyr. Atly artistleri-de ýer titremede wepat boldular. Üstesine bu teatr girdeji-de getirenokdy. • TSSR Ministrler Sowetiniñ ýörite orta we ýokary okuw jaýlary babatda çykaran kararyndan: Medisina, pedagogik we oba hojalyk institutlaryny, senagat demir ýol we kommunal-gurluşyk tehnikumlaryny Aşgabatda galdyrmaly. Mugallymlar institutyny, gidromelioratiw tehnikumyny Çärjewe, nebit tehnikumyny Krasnowodskä, maliýe, statistika tehnikumlaryny Mara, zooweterinar tehnikumyny Kerkä, ýuridik mekdebini Daşkende, sazçylyk we çeperçilik uçilişelerini Bakuwa... geçirmeli. 48/49 we 49/50-nji okuw ýyllarynda ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyñ talyplaryny okuw üçin töleýän töleglerinden boşatmaly. Olara 48/49-njy okuw ýyly üçin bellenen stipendiýalary saklamaly. • Şäheri dikeltmäge gönükdirilen çärelerden: 1951-nji ýylda Aşgabady doly diklemeli. Şäher gurluşygynyñ 50%-ni bir gat, galanynam iki gat jaýlardan amala aşyrmaly. Gurluşyk-dikeldiş işleri bilen meşgullanýan işçilere progressiw-premial zähmet hakyny şu aşakdaky tertipde ýola goýmaly: normasyny 10% artyk ýerine ýetireniñ her prosent artyk işini 2% hasaplamaly, normasyny 110%-den geçireniñ bolsa her prosent artyk işi 3% hökmünde kabul edilmeli. Parahat ÇERKEZOWA, žurnalist. Ogultar ATDAÝEWA, Türkmenistanyñ kino, surat we ses ýazgylarynyñ Merkezi döwlet arhiwi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |