23:58 Taryhy prozamyzyñ poetikasy | |
TARYHY PROZAMYZYŇ POETIKASY
Edebiýaty öwreniş
Türkmen söz ussatlarynyň ölmez-ýitmez joşgunly setirleri ençeme asyrlardan bäri adamlaryň kalbyny joşa getirip, arzuwlaryna ganat bitirýär. Dolup-daşyp ýaşamaga ruhlandyrýar. Onuň ähli syram inçeliginde, näzikliginde. Eliňizdäki kitap hem dür dänelerine deňelýän şol setirleriň çuňluklaryna aralaşmaklyga çagyrýar. ▶ GIRIŞ Çeper hakykat öz köküni durmuş hakykatyndan alyp gaýdýar. Durmuş hakykaty islendik edebi prosesiň, islendik çeper hakykatyň diriliginiň, ýaşamagynyň baş şerti bolup durýar. Durmuşyň ýok ýerinde edebiýatyň bolup bilmeýşi ýaly, durmuş hakykaty ýok ýerinde çeper hakykat hem bolup bilmez. Biziň bilşimiz ýaly, edebiýat durmuşyň önümi, onuň çeper şöhlelenmesi. Şol bir wagtyň özünde bolsa edebiýat näçe çuňňur, näçe köptaraply bolanda-da durmuşyň ähli etapyny, durmuşyň ähli beýikligini, çuslugyny beýan edip bilmeýär. Ol durmuşyň dowam edýän janly akymynyň diňe belli bir bölegini tipleşdirip, anyk taryhy, tipiki, belli bir mesele bilen bagly ýagdaýda beýan etmäge ukyply. Durmuşyň öz kanunlary, hiç haçan üýtgedip bolmaýan öz dialektiki şertleri bar. Ol kanunlar, şertler tebigatyň dialektiki kanunlary bilen berk baglanyşykly. Adamzat ykbaly, onuň özboluşly durmuşy şol kanunlaryň, şol şertleriň özara gatnaşygynyň belli bir etaplaryna baglanyşykda dowam edýär. Tutuş adamzadyň, tutuş bir jemgyýetiň täsin ykbalynyň bolşy ýaly, durmuşda ýaşaýan, ömür sürýän her bir adamyň hem öz durmuş aýratynlyklary, hiç kimiňkä meňzemeýän ykbaly, hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly taryhy bolýar. Durmuş özüniň täsin pursatlaryndan, garaşylmadyk öwrümlerinden ybarat. Şol pursatlar bolsa üýtgäp, ösüp, özgerip, ýok bolup, döräp dur. Adam öz durmuşyny örän sada kategoriýalar: geçmiş, şu gün, geljek diýen düşünjeler boýunça bölýär. Ol özüniň eýýäm ýaşan pursatlaryna, bitiren işine geçilen etap hökmünde garaýar. Hakykatdan hem onuň hut häzir edip oturan işine, häzir ýaşap ýören pursatlaryna garanyňda, eýýäm eden işi, ýaşan ömri, duşundan geçiren pursady onuň üçin geçmiş bolýar. Adam şol geçen pursadynyň gaýdyp gelmejekdigine düşünýär. Şonuň üçin şol geçen günlerinden özüni indi daşlaşan hasap edýär. Ol geljege ymtylýar. Ýaşap oturan pursadysy ömrüniň esasy durmuşy hasap edýär. «Adam tebigat bilen ýaşaýar...»1 Ol tebigatyň kanunlaryna boýun egmek bilen, olaryň emrine boýun egmek bilen özleriniň durmuşlaryny ýöredýär. Şeýdibem: «Adamlar öz taryhyny özleri döredýärler...»2 Çeper hakykat bolsa adamlaryň ykbalynyň, olaryň häsiýetleriniň, olaryň ömrüniň, döwrüniň belli bir häsiýetli taraplaryny yzarlaýar. Bu barada Gündogaryň belli ýazyjysy, jemgyýetçilik işgäri Faiz Ahmet Faiz özüniň «Ösýän ýurtlarda hudožnigiň roly» diýen belli işinde şeýle belleýär: «Что есть художническая истина и в каком мере она действительственно? Художннк живет и движется в трех конценгрических кругах бытня; первый – это круг его искусства, его второй – его окружение и третий – это вся огромность современного ему человечества. Кроме того, существует три измерения времени – прошлое, настоящее и будущее. Три круга бытия и три измерения времени складываются в сумму реальности, полноту истины для художника любого времени. Степенью истины, отражеиной его искусстве, измеряется степень осознание художником действителыюсти, с которой сталкивается он и его окружение. Это – познание художником объективного мира взаимосвязи, истории и причиненности, рождение и упадка, столкновения и синтеза, гармонии и дисгормонии».3 Hut şeýle bolany üçin-de çeper hakykat durmuşa ýakyn bolýar. Adamlar çeper hakykatdan durmuş hakykatynyň meselelerini, problemalaryny gözleýärler. Şonuň üçin-de durmuş hakykatyna garanyňda, çeper hakykat adamlary has çuňňur gyzyklandyrýar. Olaryn ruhuna, aňyna has çuňňur täsir edýär. Elbetde, bu ýerde durmuş hakykaty bilen çeper hakykaty tipik, ynandyryjy utgaşdyrmak, belli bir döwrüň durmuş hakykatyny dogruçyl görkezmek ýazyjynyň ussatlygyna hem bagly bolup durýar. Durmuş hakykatynyň üýtgedip bolmaýan kanunlarynyň bolşy ýaly, çeper hakykatyň hem öz kanunlary bolýar. Ol kanunlar, elbetde, çeper hakykatyň süňňünden däl-de, durmuş hakykatynyň süňňünden syzylyp çykýar. Şonuň üçin-de durmuş hakykatynyň döwürlere bölünip baha berlişi ýaly, çeper hakykat hem durmuş hakykatyna laýyklykda döwürlere bölünýär. Eger eýýäm ýaşalan, bolup geçen wakalar «geçmiş» diýlip atlandyrylýan bolsa, onda çeper hakykatyň geçmişi beýan edýän eserleriňe «taryhy» eserler diýlip baha berilýär. Eger çeper hakykat şu günüň meselelerini gozgaýan bolsa, şu günüň wakalaryndan söz açýan bolsa, diýmek, ol eserler, ol hakykat häzirki zaman eserleri hasan edilýär. Häzirki zaman eserleriňe garanynda, taryhy eserleriň özboluşly aýratynlygy nämelerden ybarat?! Taryhy proza eserleri taryhyň belli etaplaryny, şol etaplaryň taryhylygyny, şol döwürlerde ýüze çykan möhüm meseleleri, şol meseläniň çözlüşini, şol meseläniň çözülmeginde belli-belli şahsyýetleriň roluny, olaryn häsiýetiniň şol taryhy wakalar bilen baglylykda, şoňa gatnaşykda açylyp görkezilişini beýan edýär. Taryhy proza durmuş hakykatynyň belli bir etapynyň çeper, janly beýany bolup, ol şol döwür barada durmuş hakykatyna ýakyn, şonuň janly hakykatyna kybapdaş düşünje berip biler. Mysal üçin, L.N.Tolstoýyň «Uruş we älem», A.N.Tolstoýyň «Petr – 1», Şolohowyň «Ýuwaş Don», D.A.Furmanowyň «Çapaýew», L.Lenowyň «Sot», M.Şaginýanyň «Gidrosentral», M.Auezowyň «Abaý», Aýbegiň «Nowaýy», B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanlarynda, şeýle hem şoňa meňzeş onlarça taryhy powestlerde, hekaýatlarda, drama eserleriňde taryhyň belli bir taplary janly, ynandyryjy suratlandyrylýan bolsa-da, şol eserleri durmuşyň ýa-da taryhyň fotasintez beýany hökmünde kabul edil bolmaz. Islendik taryhy-çeper eser ilki bilen taryhy anyklyga däl-de çeper tipleşdirmä, çeper hakykatyň öz kanunlaryna boýun egýär. Şonuň bilen birlikde-de ol taryhy dokument däl-de, taryhyň bir parçasyny tutýan çeper eser bolup galýar. Şeýle-de bolsa islendik taryhy – çeper eserde taryhyň beýan edilýän döwrüniň ruhuny, taryhyň anyk wakalaryny, taryhyň belli döwürlerine mahsus bolan gahrymanlaryň häsiýetli aýratynlyklarynyň, şol döwrüň durmuş, medeni, sosial, syýasy, jemgyýetçilik meselelerini, şertlerini, garaýyşlaryny, däplerini, egin-eşikdir, gylyk-häsiýetlerini duýmak bolar. Ýöne çeper hakykat ilki bilen taryhy hakykaty gahrymanlaryň tipleşdirilişi, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen açyp görkezýär. Islendik taryhy-çeper eserde çeper poetikanyň esasy alamatlarynyň biri bolan häsiýet ilkinji planda goýulýar. Döwrüň, durmuşyň taryhy alamatlary, şertleri bolsa şol möhüm alamatyň – häsiýetiň açylmagyna kömek edýär. Häsiýet köptaraply açylanda, durmuşyň beýleki taraplary hem köp ugurly, çuňňur görkezilýär. Bu ýerde, elbetde häsiýetiň açylmagy şol taryhy döwrüň belli-belli ýagdaýlaryna, wakalaryna, şol wakalaryň töwerekleýinligine, çuňňurlygyna hem-de gahrymanyň şol wakalara, ýagdaýlara nähili derejede gatnaşýandygyna hem belli derejede bagly bolup durýar. Hut şonuň üçin-de K.Marks we F.Engels özleriniň «Keramatly maşgala» diýen belli işin-de «Eger adam häsiýetini ýagdaýlar döredýän bolsa, onda, diýmek, ýagdaýlary adamkärçilige mahsus etmeli»4 diýip belleýärler. Elbetde edebiýatyň taryhylygy ýa-da taryhy edebiýat diýen düşünje indi gaty köp wagtlap bäri diňe bir ýazyjylary däl, edebiýat öwrenijileri, şol sanda okyjylaryda çuňňur gyzyklandyrmagyny dowam etdirýär. Çünki taryh nireden başlap, nirede gutarýar, taryh bilen şu günüň araçägi nirede, taryhyň şu güni ýa-da şu günüň taryhy näme? Häzirki zaman we taryh diýen düşünjelere nähili kesgitleme bermeli? Eýsem olar aýry düşünjelermi ýa-da olaryň arasynda bitewilik, organiki baglanyşyk barmy? Eger şeýle bolsa olar nämelerden durýar? Taryhy we şu güni beýan etmekde edebiýatyň roly we orny nähili we nirede bolmaly? Taryhy şahsyýet, taryhy roman, taryhy sýužet näme? Edebiýatyň, ýazyjynyň oňa gatnaşygy nähili bolmaly? Ine, şu we şuňa meňzeş onlarça sowal düýnki we şu günki edebiýatçylaryň, edebiýaty öwrenijileriň, ýazyjylaryň öňünde öz çözgüdine garaşyp geldi. Dikkensiň taryhy romanlaryndan şu günleriň iň soňky taryhy eserleriňe çenli şeýle uzak ýoly geçen bu çylşyrymly ugra baha bermek, ony seljermek, aýdyňlaşdyrmak ýeňil iş däl. Hut şonuň üçin-de bu ugurda edebiýaty öwrenijileriň arasynda jedelleriň, çekişmeleriň bolmagy kanuny zat. Ylaýta-da žanr meselesi ir döwürlerden bäri edebiýatçylaryň gyzgyn jedelleriniň obektine öwrülip geldi. Şol jedellerde esasan üç mesele anyklanjak bolýardy. Birinjiden, taryhy eseriň žanry nähili bolmaly, ikinjiden, taryhylyk bilen dokumentallyk nähili utgaşmaly, ýagny taryhy eserler ýazylanda dokumentallyk meselesi nähili çözülmeli, üçünjiden, taryhy eserleriň, şol sanda taryhy romanyň özeninde haýsy mesele durmaly? Ine, hut şu ýagdaýlar taryhy we taryhy rewolýusion prozanyň töweregindäki jedeli mahal-mahal gyzdyryp goýberýärdi. Bu meseleler barada dürli pikirleriň ýüze çykýan pursatlary az bolmandy. Meselem, edebiýatçy G.W.Makarýewiç özüniň «Типи исторического повествования» (Саратов, 1972г.) kitabynda diňe roman we roman epopeýa taryhy eserleriň hakyky žanry bolup biler diýip, taryhy temanyň çygryny diňe romana direýär. Edebiýatyň taryhylygyny öwrenýän başga bir alym G.Lenobl bolsa: «Taryhy-çeper edebiýatyň giň gözýetimlerinde her bir žanryň öz wekiliniň bolmagynyň bolup biljegi gümanadyr...»5 diýmek bilen, taryhy wakalary beýan etmegiň žanry roman, powest hem-de pesa bolup biler diýen pikire gelýärdi. Edebiýat öwreniji, «Җанры советской литературы» (Вопросы теории и истории. Горький, 1968г.) atly belli kitabyň şeýle hem edebiýat teoriýasyna degişli ençeme monografiýalaryň hem-de teoretiki kitaplaryň awtory L.I.Timofeýew bolsa şeýle diýýär: «Будучи конкретно глубоко различны по содержаишо, и по форме, они сходны функционалыю, они показывают человека на том или ином уровне исторического процесса: в том или пном момента его духовной жизни (лирическое стихотверение), в том или ином жизненном эпизоде (рассказ), рисуст судьба человска п относительно законченном цикле жизненных событни (повесть, роман) судьбу человека в потоке народнои жизни (эпинея), воссоздают прошлое в судьбе человека и народа (исторический роман, историческая драма). В этом их сходство. Но все эти уровни каждый раз являются уровиямы конкретного и своеобразного исторического процесса, т.е. всегда находят в нем свое особое, неповторимое выражение, придающее им всегда новый характер. В этом их различие»6. Taryhy eserleriň taryhy dokumentallygy baradaky mesele hem gaty köp edebiýatçynyň, ýazyjynyň, alнmyň çekişmeleriniň merkezine öwrüldi. Bu barada dürli ýyllarda, dürli žurnallaryň sahypalarynda, dürli edebiýat öwrenijiler, ýazyjylar tarapyndan çekişmeler guraldy. Belli roman öwrenijileriň biri A.I.Pautkin: «С документальной природой жанра связано требование, чтобы в основе повествования лежали действительные исторические события и факты. обычно значительные, закрепленные в памяти поколений, а среди героев его находились и действовали подлинные лица истории»7 diýip belleýär. Dünýä belli ýazyjy, «Çingiz han», «Baty», «Soňky deňze çenli» atly belli taryhy romanlaryň awtory W.Ýan bolsa: «Грош цена тому историческому произведению, которое изврашает точно установленные факты, даты зафиксированные на страницах памятников»8 diýip ýazýar. Belli ýazyjy, alym S.Zalygin bu çekişmä goşulmak bilen: «Если бы я был военным специалистом, я бы Бородинское сраженис все-таки изучал не по Толстому, а по спеинальным источникам, то есть по работам тоже военных историков. А вот создать живой и понятный всем образ выдающейся исторической личности историки уже ме могут. Это должна сделать художественная литература. Сколько исторнков писало о Петре – 1... А живого Петра, его сложный характер мы видим у Алексея Толстого. Это тоже, может быть, не последнее слова, другой романист создает другой обрал, но пока что мы воспринимаем Петра по Толстому. Короче, говоря, если поделить объязанности, человек – объект литературы, событие – истории. И, понимая это, мы писатели м историки – должны, как инача принята говорит, координировать своих усилия. Мы должны верить свои усилия. Мы должны верить историкам в описанни событий, а они должны доверять нашему пониманию человеческого сердца»9 diýip, janygyp aýdýar. Bu barada belli rus sowet ýazyjysy A.A.Fadeýew hem şeýle pikiri aýdypdy: «В работе над историческом материалом, над историческим прошлым писатель, во-первых, изучать н жизнь ее героев по материалом, письмом из исторических архивов, во-вторых, понять мотивы поступков и действия героев ему помогают наблюдення над жизныо людей современных»10. Taryhy romanlaryň ýagdaýy barada hem köp pikirler aýdyldy. Bu barada belli roman öwreniji W.D.Oskoskiý şeýle belleýär: «Исторический роман – это роман об истории, который, однако, не дублирует научный труд, не довольствуются повторением данных исторической науки, но постигает общий с нею материал по законам художественного пересоздания действительности»11. Edebiýat öwrenijileriň köpüsiniň pikiri W.D.Oskoskiniň pikiri bilen gabat gelýär. Sebäbi taryhy romana bolan garaýyş rus edebiýatynda baryp XIX asyryň ortalarynda formirlenipdi. Muny tassyklamak üçin W.Belinskiniň sözlerine salgylanmak ýeterlikdir. «Исторический роман есть как бы точка, в который история, как наука, сливастся с искусством, есть дополнение истории, ее другая сторона. Когда мы читаем исторический роман... то как бы делаемся сами современпиками эпохи, гражданами страны, в которых совeршаeтся событие романа...»12. Rus edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen «Petr – 1», «Jebirli ýöriş» ýaly ajaýyp taryhy romanlary ýazan Alekseý Tolstoý hem taryhy romanlaryň, umuman taryhy prozanyň baş şerti barada şeýle diýýär: «Что-же в историческом романе является осповным? Становление личности в эпохе. «Очень часто историческая личность действовала вне атмосферы, ее могло быть можно было бы поместит в любую эпоху – она могла бы в ней совершать те самые поступки. Такое построенне романа неверна... становление личности в эпохе – это болшая задача для художннка»13. Belli roman žanryny öwreniji, roman žanrynyň döwürleýin, etaplaýyn ösüşi, kämilleşişi bilen içgin gyzyklanan S.M.Petrow bolsa bu pikiri has hem ösdürýär: «Величайшей заслугой советского исторнческого романа является и изображение народных движений в их исторически обусловленных формах, раскрытие психологии масс в различные эпохи, изображение народа как субъекта истории»14. Edebiýatyň internasionallygyny öwreniji belli alym Georgiý Lomidze bolsa bu möhüm meseläniň üstünde ýene bir gezek döwmek bilen: «Строгое соответствие художественной правы правдедокумента, не обязательно. Правда документа – застывшая до правда. Художественная правда шире, объемнее конкретных фактов истории, ибо она охватывает явления в их движенииб станолении во взаимном столкновении. Она «разжимает» локальные гранины событий, воссоздает не только то, что было но что могло быть в предпологаемых обстоятельствах. Возможное, но не случившееся порой лучше раскрывает существо исторического бытия, создает иллюзию достовериости, продолжая и углубляя жизнь фактов»15 diýip belleýär. Belli alymyň bu pikiri umuman taryhylyk, dokumentalyk, taryhy romanlar, onuň meseleleri we problemalary baradaky çekişmeler jemleýän esasy pikir bolup bilýär. Taryhylyk, taryhy proza, taryhy romanlar taryhy eserleriň gahrymanlary barada türkmen edebiýatçy alymlary, ýazyjylary, öwrenijileri, tankytçylary hem öz wagtynda dürli-dürli garaýyşlary, pikirleri aýdyňdyrlar16. Ýöne olaryň pikirleri biri-birine garşy gitmän, biri-birini inkär etmän, gaýtam biri-biriniň ýetmezçiligini ýetirip, boşlugy doldurýardy. Şol pikirler hem esasan, «taryhy žanr näme?», «taryhy tema nähili çemeleşmeli, taryhy eserleriň taryhylygy nähili bolmaly?» diýen ýaly sowallara jogap beripdiler. Şeýle-de bolsa şol aýdylan pikirlerde mesele dogry goýulýardy. Mysal üçi, filologiýa ylymlarynyň doktory R.Rejebow özüniň «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly kitabynda bu barada şeýle diýýär: «Taryhy žanr – taryhy wakalary we şol wakalaryň içinde hereket edýän taryhy şahslary ýazyp görkezýän dürli žanrlardaky eserlerdir. Taryhy temany işlemek üçin, awtor ilki bilen şol döwrüň ykdysady we syýasy ýagdaýyny miras galan dokumentleriň üsti bilen pugta öwrenmelidir ýa-da onuň özüniň görkezýän taryhy hadysalarynyň gatnaşyjysy bolmagy gerek. Şu esasda ýazylan taryhy eseriň uly öwredijilik ähmiýeti bar. B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany, Aýbegiň «Nowaýy» diýen eseri, A.Tolstoýyň «Petr – 1», Ýanyň «Çingiz han» romany we ş.m. şu zeýilli eserlerdir»17. Edebiýatçy Kaka Salyh bolsa özüniň «Taryhy romanlarda ussatlyk problemasy» atly monografiýasynda bu mesele barada şeýle diýýär: «Taryhy temadan çeper eser döredilende, hut bolup geçen taryhy hakykat bilen çeper toslamanyň haýsy birine daýanmalydygy hakyndaky mesele hem ýazyjyny kän oýlandyrýan meseleleriň biri bolup durýar. Bu meselede ýazyjy wakalary taryhy taýdan takyk material bilen çeper toslamany utgaşdyryp suratlandyrmak prinsipinden ugur almalydyr»18. Tankytçy Saýlaw Myradow bolsa: «Taryhy prosesleri köki bilen yzarlamak, aýry-aýry wakalary emele getiren güýçleri herekete getiren sebäpleri, delilleri obrazlar üsti bilen ýüze çykarmak taryhy tema bilen iş salyşýan sowet ýazyjylarynyň mydama-da üns merkezinde bolupdy. Şonda olar taryhy dokumentsiz oňmandy»19 diýip, ýazyjynyň taryhy dokumentallyga bolan gatnaşygy şeýle hem taryhy temany beýan etmegiň problemalary barada pikir ýöredip aýdýar. Professor Öde Abdyllaýew özüniň «Türkmen prozasynda däp we täzeçillik» atly monografiýasynda täze ideýany, umumy taryhylyk hem-de anyk taryhylyk ideýasyny öňe sürdi we bu problemanyň türkmen prozasynyň mysalynda çuňlaşdyrdy. Alym: «Öňki döwürlerde döredilen realistik häsiýetli obrazlaryň taryhylygy nähili?» diýip, oňa şeýle düşündiriş berýär. «Obrazyň realistik häsiýetli bolmagy entek onuň konkret taryhylygyny aňlatmaýar. Gahrymanyň häsiýetiniň konkret taryhy bolmagy üçin diňe bir onuň ýaşan döwrüniň anyk bolmagy ýeterlik däldir. Gahrymanyň obrazynda jemlenýän häsiýetleriň şol konkret taryhy döwrüň şertleri bilen kesgitlenýändigi, şol şertlere laýyklykda formirlenýändigi görkezilsede, ol taryhy konkret bolup biler»20 diýip belleýär. Şondan soň bolsa umumy taryhy we anyk obrazlar, häsiýetler barada pikir ýöredip: «Gahrymanyň häsiýetiniň anyk taryhylygyny düşünjelilik bilen suratlandyrmaklyk türkmen edebiýatynda Oktýabr rewolýusiýasyndan soňky döwürde başlandy»21 diýip dogry belleýär. Türkmen edebiýatynda taryhy we taryhy rewolýusion temada döredilen proza eserleriňi ýeke-ýekeden sanamak mümkin däl. Durmuş dowam edýär. Durmuş zehinli ýazyjylaryň täzeden-täze wekillerini orta çykarýar. Şolaryň döredýän taryhy eserleri barada bolsa täzeden-täze tankydy, çeper derňewli makalalar ýazylýar. Zerurlygy ýüze çykanda ine, şol we beýleki eserler barada işimiziň dowamynda durup geçeris. * * * Türkmen edebiýaty bu gün deňli-derejeli edebiýat hökmünde orta çykdy. Türkmenistanda milli galkynyşyň we garaşsyzlygyň gazanylmagy diňe bir türkmeniň halk hökmünde, milli döwlet hökmünde formirlenmegine çynlakaý täsirini ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen halkynyň medeniýetiniň hem halk medeniýeti, döwlet derejesindäki medeniýet hökmünde formirlenmegine şert döretdi. Şu ýagdaý öň diňe halk döredijiginiň žanrlarynyň derejesinde belli bolan türkmen edebiýatynyň uly rowaçlyga eýe bolmagyna uly täsir etdi. Türkmen edebiýatynyň beýleki, giň diapazonly ugurlaryny almanynda-da, diňe bir taryhy we taryhy rewolýusion prozanyň alyslyklary-da, bu ugurda gazanylan üstünlikler-de, döredilen eserler-de görlüp-eşidilmedik üstünlige öwrüldi. «В дооктябрской туркменской литературы не было прозы в совремеином нашем пониманииб она была представлена неболшими рассказами, связанымы с именами Кемине, Мирали, Солтан Союна, братьев Джапаков, анекдотов хитреца Косе, Эфенди, Солтан-полата и др...»22. Türkmen edebiýatynyň asyrlar boýy dowam edip gelen şeýle ykbalynda özüniň professional edebiýaty, ylaýta-da professional proza eserleri bolmadyk halk, soňky döwürde köp asyrlyk edebi ykbala, edebi rowaçlyga eýe boldy. Öň halk döredijiliginiň iri eserleriňden başga, şeýle hem klassyk şahyrlarymyzyň dür dänesine öwrülen poetik (bu ugurda prozamyz bilen deňeşdirip bolmajak beýik basgançaga galynandygyny ýatlamak bilen çäklenýäris) eserlerden başga mirasy bolmadyk edebiýat bu gün dünýä derejesinde sarpasy tutulýan romanly, roman-epopeýaly, proza, poeziýa, dramaturgiýa eserleriňiň eýesi boldy. Beýle diýmegiň özi, geçen uzak asyrlarda professional proza eserleri bolmadyk halkyň juda gysga döwürde ösen, kämil, professional edebiýatly halklara deňleşendigini aňladýar. Dogrudan hem türkmen edebiýatynda professional proza bolmandy. Ol diňe bir Oktýabr rewolýusiýasyndan öňki döwürde ýaşan türkmenlerde däl, hatda rewolýusiýa ýeňip üstün çykandan soňky on ýyllykda hem bu ugurda gazanylan netije bolmandy. Çünki kyssaçylyk däbi, proza ýazmak endigi, durmuş wakalaryny hekaýawy terzde gürrüň bermek endigi biziň ýazuwly edebiýatymyzda-da, birlän-ikilän şahyrlarymyzda-da ýokdy. Şonuň üçin rewolýusiýanyň yzysüre edebiýata gelen edebiýatçylar hem özleriniň ýörjen-ýörjen ýoluny prozadan başlaman, şygyrdan başlapdylar. Çünki olar eýýäm il arasynda şahyr lakamy bilen tanalýan adamlardy. Türkmenistan özbaşdak döwlet bolandan soň, bu ülkede juda uly işler alnyp barylýardy. Ýurdy dikeltmek, gazanylanlary gorap saklamak, ak gwardiýaçylara we interwentlere garşy göreş, synpy duşmanlar bilen barlyşyksyzlyk, adamlara bilim bermek, mekdepler, kooperatiw ýer açmak, gurluşyklar ýaly köp-köp işler özüniň çeper hakykatyň üsti bilen beýan edilmegini talap edýärdi. Öňki döwür bilen häzirki döwrüň aratapawudyny aýdyňlaşdyrmalydy. Adamlaryň durmuşyndaky we aňyndaky özgerişleri düşündirmelidi. Ine, şu zatlary diňe kyssa, onda-da şu günüň wakalaryny anyk, akylly-başly beýan edip bilýän çeper kyssa eserler başarjakdy. Ol eserler bolsa ýokdy. Ýaňy durmuşa gadam goýan ilkinji türkmen professional edebiýatçylary bolsa heniz durmuşy şeýle kämil usulda beýan etmek-hä beýlede dursun, olary gözli-başly goşga salmagy-da gaty bir başaryp baranokdy. Tutuş ýigriminji ýyllaryň dowamynda döredilen we halka ýetirilen proza eserleriňi sanamak üçin iki eliň barmaklary ýeterlik boljakdy. Ýöne olary-da çeper, taryhy ýa-da beýleki temadan diýip bölüp-biçip oturmak gülkünç boljakdy. Çünki ol döwürde ýazyjy-şahyrlar žanr saýlamak, žanr seljermek, şol žanrlar boýunça eser döretmekden heniz daşdadylar. Olaryň bar ýapyşalgasy poeziýady. Ýöne hut şol ýazyjylaryň özleri-de indi poeziýa bilen bu durmuşy beýan edip bolmajakdygyna gowy düşünipdiler. Muny: «Täze döreýän durmuşa täze forma, ylaýta-da täze žanr zerurdy... Täzeden-täze çykýan gazet-žurnal sahypalaryny diňe goşgy bilen doldurmak mümkin-de däldi, käbir weçden biri-birine çalym edýän diňe bir žanryň (ýazyjy bu ýerde poeziýany göz öňünde tutýar – Ö.N.) okyjy üçin gyzygy-da ýokdy...23 – diýip ýazyjy Berdi Kerbabaýew soň ýatlaýardy. Dogry döwürde birlän-ikilän proza eserleri ýok hem däldi. Bu barada edebiýatçy B.Şamyradow özüniň «Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty» diýen işinde «Şu döwre çenli eýsem Türkmenistanda proza bilen ýazylan eserler bolmanmydy? Elbetde, metbugatda has öňräkki ýyllarda hem hekaýalardyr oçerkler çap edilipdir. Mysal üçin, 1922-nji ýylda «Türkmenistan» gazetinde Manafzade Sabytyň «Fontan», Gasan Kişiniň «Açlyk» hekaýalary, 1923-nji ýylda ýene Manafzade Sabytyň «Bir ýüzlügiň dilinden», «Pyçaksyz kowaler» (Mahmyd bek), Ýa.Nasyrlynyň «Aýlaw» hekaýalary, «Ýaňy ýyl gijesi» ýaly käbir oçerkler çap edilipdir. Ýöne bu hekaýalaryň hiç birin-de türkmen prozasynyň eseri diýip tassyklamak mümkin däl»24. Bu hakykatdan hem şeýledi. Gazet-žurnallarda hekaýalar, oçerkler çykýardy. Ýöne olaryň temasy-da, dili-de, ruhy-da türkmen dessançylyk, ertekiçilik däplerine, türkmen halkynyň kabul edip biljek edebiýatyna meňzemeýärdi. Olar haýsydyr bir dilden türkmençä terjime edilen esere meňzeýärdi. Bu ýagdaýlar bolsa ol hekaýalary türkmen hekaýalary diýmäge bognuň ysdyranokdy. Türkmen ýazyjylarynyň özlerem bu ýagdaýy, bu zerurlygy duýup başlapdy. Onsoň olar bu ýagdaýdan çykmagyň alajyny gözläp başlapdylar. Berdi Kerbabaýew türkmen ýazyjylarynyň arasynda ilkinji bolup durmuşy kyssa usulynda, ýagny prozanyň ilkinji, başlangyç usulynda beýan etmäge başlapdy. Ýöne onuň ol hekaýa-oçerk eserleri türkmen sowet edebiýatynda proza žanrynyň dörändigini aňladyp bilenokdy. 1925-nji ýylyň aýagynda ýaş ýazyjy Agahan Durdyýewiň iki hekaýasy ýagny «Daýhan Hojamyrat»25 we «Taňrygulynyň emir zulmy astynda horlanyşy» hekaýalary «Daýhan» gazetinde çap edilýär. Şondan ýyl öwrülensoň, ýagny 1926-njy ýylda bolsa Berdi Kerbabaýewiň «Obada bolan waka» hekaýasy çap edilipdi. Ine, şu hekaýalary türkmen professional prozaçylyk däbiniň başlangyçlary diýip pikir etmek bolar. Çünki, birinjiden-ä bu hekaýalarda türkmen temasy, türkmen durmuşynyň wakalary beýan edilýärdi, ikinji bolsa bu ýazyjylaryň ikisi-de soňra türkmen edebiýatynyň uly sütünlerine öwrülip, proza eserleriňi döretmegiň ajaýyp mekdebini emele getirdiler we özleriniň zehini bilen türkmen edebiýatynyň klassyklary hökmünde ykrar edilmegini gazandylar. Bu ýazyjylar ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymynda has önjeýli işläp başladylar. Ýazyjy Agahan Durdyýewiň «Bal tutan barmagyny ýalar», «Annagözel hak-hukugynyň üstünde», «Bürgüt penjesinde bir gözel», «Bagtly gyz Bagdatda» hekaýalary hut şu günüň, ýigriminji ýyllaryň türkmen obasynyň, onuň adamlarynyň durmuşynda, aňynda bolup geçýän özgerişler barada söz açýardy. Bu hekaýalar diňe bir durmuşylygy bilen däl, wakalary beýan etmekde, gahrymanlaryň obrazyny tipleşdirip görkezmäge edilýän synanyşykda, häsiýeti synpy pozisiýadan aýdyňlaşdyrmakda hem barha kämilleşýärdi. Şu jähtden garanyňda, indi olar mundan bäş-üç ýyl öňki hekaýa, oçerk däldi. 1928-nji ýylda bolsa metbugatda ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň «Garşa guda» atly uly publisistik eseri peýda bolupdy. Munuň özi türkmen powestiniň dörändigini habar berýärdi. Şeýle hem bu ýagdaý türkmen professional prozasynyň geljekki badalgasyna uly ýoluň açylandygyny habar berýärdi. Mundan başga-da bu ýagdaý geljekki ýyllarda türkmen edebiýatynyň adyny arşa göterjek türkmen taryhy prozasynyň pajarlap ösmeginiň başlangyjy bolupdy. * * * Türkmen taryhy prozasynyň kökleri hut ýigriminji ýyllaryň ahyrlaryndan, ýagny Berdi Kerbabaýewdir, Agahan Durdyýewiň ilkinji hekaýalarynyň dörän döwründen başlanypdy. Çünki şol döwrüň ýazyjylary edebiýata Türkmenistanyň özbaşdak respublika bolmagy bilen bile gelipdiler. Respublikanyň gadamy, täze durmuşyň gadamy olaryň edebi ýörelgeleri bilen deň goşulyp öňe barýardy. Bu bolsa ýazyjylary köp zada borçly edýärdi. Çünki durmuş gitdikçe çylşyrymlaşýardy. Ine, şol durmuş hakykatyny proza eserleriňde görkezmäge ilkinji synanyşyklar başlanypdy. Şeýle-de bolsa, «1925 – 1926-njy ýyllarda A.Durdyýew, B.Kerbabaýew, G.Burunow we beýlekiler tarapyndan döredilen hekaýadyr oçerklerde hem entek hakyky manysyndaky täze gahrymany, sosialistik jemgyýeti gutarnykly binalamakda aktiw çykyş edýän gahrymanlary görmek kyn. Her halda bu ýyllarda hekaýalar jemgyýetiň sosialistik formasynyň türkmen zähmetkeşlerine beren bagtyny ykrar edýän ideýany ündemäge gönükdirilen hekaýalaryň döredilipdi»26. Ýigriminji ýyllaryň aýaklarynda, otuzynjy ýyllaryň başlarynda bolsa B.Kerbabaýewiň «Garşa guda» (1928), «16-njy ýyl» (1929), «Açlyk» (1930), A.Durdyýewiň «Zarpçylar tolkunyndaky» (1933) hekaýalarynda, A.Nyýazowyň «Iň soňky gije» (1933) powestinde we beýleki proza eserlerde öňki döredilenlere garanda, durmuşy giňişleýin suratlandyrmak barada netijeli işlenildi. Bu eserlerde durmuş hakykatyny çuňňur yzarlamaga edilen ilkinji synanyşyklar öz položitel netijelerini berip başlapdy. «Türkmen sowet prozasy otuzynjy ýyllaryň ortalaryndan başlap ideýa-mazmun, çeperçilik tematiki gerim taýdan kämilleşdi... Şu ýyllarda döredilen «Meret», «Bagtly ýigit» (A.Durdyýew), «Watan ogly» (A.Gowşudow), «Şirin», «Söýgi», «Ak tam», «Arzuw» (N.Saryhanow) ýaly eserlerde kolhoz gurluşygyny, ýurdy industrializasiýalaşdyrmagy, medeni rewolýusiýany üstünlikli amala aşyrmakda geçen gahrymançylykly ýoly, şu göreşde kämilleşen SSSR halklarynyň doganlyk dostlugy janly gahrymanlaryň obrazlary arkaly, konkret duýarlykly formada suratlandyryldy»27. Şu eserlerde günüň wakalaryny beýan etmek bilen birlikde, çeper poetikanyň möhum obekti bolan gahrymanlaryň çylşyrymly häsiýetlerini görkezmäge, eserde çylşyrymly kompozisiýany, köp ugurly sýužet liniýalaryny gurmaga belli derejede synanyşyk edilýärdi. Elbetde, munuň özi ýöne ýere bolmandy: birinjiden, B.Kerbabaýew, A.Durdyýew, A.Gowşudow, N.Saryhanow, A.Nyýazow ýaly ýazyjylar bu ugurda, ýagny durmuşy köptaraply beýan etmekde, gahrymanlaryň häsiýetini töwerekleýin açyp görkezmekde azda-kände tejribe toplapdylar; ikinjiden, sosialistik durmuş hakykatynyň belli derejede ösmegi durmuşy giň planda, real suratda beýan etmegi talap edýärdi. Sebäbi döwrüň möhüm, aktual temalaryny durmuşyň özi ýazyjylara salgy berýärdi. Köp eserler hut, durmuşda bolan wakalaryň esasynda ýazylýardy; üçünjiden, 1930-njy ýyllarda Türkmenistana rus ýazyjylarynyň ýörite brigadalarynyň gelmegi, olaryň türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen özara tejribe alyşmaklary, ýerlere bile aýlanmaklary, türkmen temalaryndan eserler döretmekleri biziň ýazyjy şahyrlarymyz üçin görelde almagyň mekdebi bolupdy; dördünjiden, türkmen ýazyjylary tarapyndan dünýä hem-de rus ýazyjylarynyň ideýa-mazmun babatda iň genial eserleri türkmen diline terjime edilip başlanylypdy. Ine, bu işlere türkmen edebiýatynda monumental prozanyň gülläp, ösüp başlamagyna belli derejede kömek edipdi. Otuzynjy ýyllar bilen kyrkynjy ýyllaryň sepgidinde türkmen ýazyjylary halkyň sosializm ugrundaky göreşiniň, gahrymançylykly geçmişimiziň möhüm wakalaryny giň planda suratlandyrmaga mümkinçilik berýän uly epika hem aýgytly gadam basdylar. Talantly ýazyjymyz A.Gowşudow özüniň «Perman» atly uly taryhy romanyňy ýazmaga girişdi... Ussat hekaýaçy N.Saryhanow bolsa «Gyrnak» hem «Şükür bagşy» atly uly powestlerini döretdi28. Hydyr Derýaýew «Ganly penjeden» atly taryhy romanyňyň birinji kitabyny 1934-nji ýylda ýazyp gutarmak bilen, şol ýylyň özünde ony çap etmek üçin Türkmenistan döwlet neşirýatyna tabşyrýar»29. Berdi Kerbabaýew özüniň «Aýgytly ädim» romanyňy ýazýar. Romanyň birinji kitaby 1940-njy ýylda çap bolup çykýar30. Epikanyň şeýle ösüşe eýe bolmagy ýöne ýerden däldi. Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda sosializm gurluşygy has netijeli, has güýçli depginler bilen ösdürilýärdi. Öň dagynyk ýaşap, indi bir respublika jebislenen türkmen halkynyň kolhoz gurup, yhlasly zähmet çekip, parahat durmuşa eýe bolmagy kollektiwleýin ruhubelentlik döredýärdi. Geljege bolan ullakan söýgini uly hyjuwy edebiýatda görkezmän boljak däldi. Şol bir wagtyň özünde türkmen ýazyjylaryny şu günki durmuşyň meseleleri bilen birlikde, taryhy wakalar, türkmen halkynyň taryhy, ýagny geçmişde gören kyn we bagtly günleri, ýagşy güni umyt ede-ede ýetilen durmuş, häzir tutuş türkmen halkynyň durmuş, ýaşaýyş derejesi we beýleki wakalar hem köp gyzyklandyryp başlapdy. Ýokarda agzalyp geçilen eserleri döreden ýazyjylar hakykatyna garanyňda, taryhy temada galamy has gowy ýöredýärdiler. Bu bolsa eýýäm otuzynjy ýyllaryň başyndan taryhy prozanyň gülläp başlamagyny alamatlandyrypdy. Otuzynjy ýyllardan şu güne gelýänçä taryhy temada ýazylan proza eserleriňiň onlarçasy döredildi. Hut şonuň üçin-de biziň türkmen taryhy prozasynyň poetikasyny ylmy derňewiň obekti edip almagymyz ýöne ýerden däldir. Çünki geçen ýyllarda bu temada döredilen proza eserleri aýratyn derňewe mätäç. Dogry, bu ugry döwürleýin matlapda şeýle hem aýrylykda derňän alymlar boldy. Emma bu möhüm ugur henize çenli tutuş alnan ylmy derňewiň obekti bolanok. Eýsem, poetika, prozanyň poetikasy, onda-da taryhy prozanyň poetikasy näme?! Poetika (grek sözi bolup, ol poetik sungat diýen manyny aňladýar) edebi eseri düzmek, estetiki serişdeleriň sistemasy we olary ulanmak baradaky ylymdyr. Ol çeperçilik serişdelerini, islendik eseriň sazlaşmagynyň kanunlaryny düzýän umumy poetikadan, aýratyn bir awtoryň anyk eseriniň strukturasyny ýa-da tutuş döwri öwrenýän beýan ediş poetikadan, edebi-çeper serişdeleriň ösüşini öwrenýän taryhy poetikadan ybaratdyr. Poetikanyň wezipesi has giň manysynda edebiýatyň teoriýasyny, gysgaça bolsa çeper dili, çeper gepleýişi öwrenmek bilen laýyk gelýär. Bir söz bilen aýdanyňda, Poetika: eseriň çeper sazlaşygynyň syryny, ýagny eseri eser edýän serişdeleriň jemini öwrenýär. Çeper eseriň 1.Ideýa, 2. Tema, 3. Sýužet, 4. Kompozisiýa, 5. Obraz, 6. Häsiýet, 7. Çeper dil ýaly möhüm serişdelerini, 8. Anyk taryhylyk, 9. Döwür, durmuş, 10. Tebigat bilen baglanyşygyny yzarlaýar. Olaryň sazlaşygyna, jebisligine baha berýär. Türkmen edebiýatynda taryhy prozanyň ösüş gadamlary bilen birlikde, onuň belli etaplaryny, belli-belli eserleriňi öwrenmek işi hem deň derejede dowam etdi. Taryhy, şol sanda taryhy-rewolýusion proza özüniň täzeligi bilen, halka düşnükliligi bilen okyjylarda uly täsir galdyrýardy. Şonuň bilen birlikde, bu temany poetikanyň döreýiş, ýüze çykyş, ösüş, özgeriş derejesi bilen utgaşykly derňemek hem möhüm bolup durýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |