00:22 Taryhy prozanyñ döreýiş etaplary | |
TARYHY PROZANYŇ DÖREÝIŞ ETAPLARY
Edebiýaty öwreniş
Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, Türkmenistan özbaşdak respublika diýlip jar edilse-de, türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň ösmegine belli derejede şertler dörese-de, heniz professional edebiýat, milli žurnalistika barada gürrüňem bolup biljek däldi. Çünki heniz Türkmenistanyň halk hojalygynyň içerki derdi özüne ýetikdi. Rewolýusiýanyň duşmanlary, ak gwardiýaçylar, täze gurluşdan närazy adamlaryň yzyna düşüp düze çykan basmaçylar täze gurluşyň maksadyndan gorkýan we oňa düşünmezden, onuň manysyna düşünmezden ot gorsaýan adamlar edebiýat-ha däl, adaty durmuşyň öz akymy bilen ýöremegine hem ýol bermejek bolup çytraşýardylar. Galtamançylygyň ösmegi, täze döwre ynamsyzlyk adamlaryň elini işden sowadýardy. Bu bolsa belli derejede milli professional edebiýatyň formirlenmegini-de gijikdirýärdi. Türkmenistanyň özbaşdak respublika diýlin jar edilmegi türkmen halkynda üýtgeşik galkynyş, täze durmuşa uly ynamy oýarypdy. Respublikanyň ykdysadyýetini, sosial-syýasy derejesini ýokary götermek baradaky planlar, bu ugurda alnyp barylýan ilkinji işler özüniň başlangyç netijelerini berip başlady. Türkmen işçileriniň zawod-fabriklerdäki zarpçy zähmeti, oba ýerlerindäki ynamly zähmete, bolçulyga bolan ymtylyşlar, halky sowatly etmek, respublikada magaryfy, medeniýeti, sungaty ýokary götermek baradaky gürrüňler, umuman türkmen durmuşyna täze, görlüp-eşidilmedik batyrgaý, joşgunly ruhuň aralaşmagy türkmen professional edebiýatynyň döremeginiň juda golaýlandygyny duýdurýardy. «Türkmenistan» gazetiniň, «Türkmen ili» žurnalynyň döredilmegi, bu gazet-žurnallaryň her bir nomerinde halky redaksiýalar bilen aragatnaşyk saklamaga, özleriniň işleri, durmuşy barada ýazmaga çagyryp durmagy, şeýle hem edebiýata çagyryş, edebiýat baradaky gündelik gürrüňler bu prosesi has hem çaltlandyrýardy. Dogry, şu döwre çenli Körmolla özüniň «Bolşewik» (1918ý.), Baýram şahyr «Söweşer men siz biläni» (1919ý.), Durdy Gylyç «Zalymlar» goşgularyny ýazypdyrlar. Ýöne bu şygyrlar, bar bolan ýagdaý türkmen professional edebiýatynyň emele gelendigini aňladýan alamat bolup biljek hem däldi. Gazet-žurnallarda çykýan hekaýalar, goşgular bolsa köplenç terjimedi, ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milletiň wekilleriniň döreden eseriňi. Diňe ýigriminji ýyllaryň ortalarynda täze durmuşy täze edebiýat bilen beýan etmäge zerurlyk döräp başlady. Bu bolsa täze ýazyjy-şahyrlaryň edebiýat meýdanyna gelmegini çaltlaşdyrdy. Şol döwürde Mollamurt, Durdy Gylyç, Ata Salyh, Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Amandurdy Alamyşow, Oraz Täçnazarow ýaly ýazyjy-şahyrlaryň täze tolkuny edebiýat meýdanyna kürsäp urdy. Ine, şu edebiýatçylaryň ilkinji şygyrlarynda türkmen halkynyň rewolýusiýadan soň emele gelen ruhuny beýan etmäge bolan meýiller duýulyp ugrapdy. Eýýäm ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymynda sosialistik durmuşyň başlangyçlaryny liro-epik žanrda, has töwereklenin formada beýan etmäge ilkinji synanyşyk hem edilip başlanypdy. Amandurdy Alamyşowyň «Söndi» poemasynyň döredilmegi we halka ýetirilmegi ýigriminji ýyllaryň türkmen poeziýasnda özboluşly öňe gidişlik boldy. Könäniň täze durmuş üçin peýdaly bolup biläýjek taraplaryny öwrenmek, özleşdirmek, täze däpleri, ylaýta-da täze durmuşa peýdaly däpleri ösdürmek, milli edebiýatyň žanrlaryny ösdürmek barada möhüm mesele öňe sürülýärdi. Mundan başga-da, täze žanr üçin täze temany durmuşyň özi salgy berýärdi. Ine, şu we beýleki ençeme ýagdaýlar türkmen professional prozasynyň hökman döräýmeginiň möhüm şertleri bolup durýardy. Şondan soň türkmen ýazyjylary hem ilkinji proza eserini döretdiler. Olardan Berdi Kerbabaýewiň «Obada bolan waka» (1926ý.), «Daýhan Hojamyrat»1 ýene-de şonuň «Taňrygulynyň emir zulmy astynda horlanyşy»2 hekaýalaryny görkezmek bolar. «Taňrygulynyň emir zulmy astynda horlanyşy» atly hekaýa türkmen edebiýatynda taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň başynyň başlanýandygyny ilkinji bolup buşlan eserdir. Çünki garyp daýhan Taňryguly hiç bir gunäsi bolmasa-da emiriň zyndanynda üç ýyllap ýatmaly bolýar. Ol zyndandan çykandan soň, Gyzyl Goşun bilen aragatnaşyk saklaýar. Ol Gyzyl Goşuna arka diräp emir zulmuna garşy batyrgaý pikirini aýdýar. Hekaýadan görnüşi ýaly, Oktýabr rewolýusiýasy bir wagt ýeňip üstün çykan hem bolsa, ýurt täze durmuşa okgunly göreşenem bolsa, köp ýerde henizem köne durmuş dowam edýärdi. Ýöne öň durmuşda rewolýusiýa bolan bolsa, indi täze durmuşyň täsiri bilen Taňryguly ýaly öň ezilip ýören garyp daýhanlaryň aňynda rewolýusiýa bolýar. Ine, şu ýagdaýy görkezeni üçin bu hekaýanyň taryhy ähmiýeti bar. Ýogsa ony taryhy ýa-da taryhy-rewolýusion prozanyň gözbaşynda goýup bolmaz. Sebäbi ýigriminji ýyllaryň ortalarynda, hatda ahyrlarynda-da heniz taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň talaplaryna jogap berip bilýän professional proza eseri döräp ýetişenokdy. Şol ýyllar döredilen proza eserleriňiň hemmesi diýen ýaly täze durmuşyň adamlaryň aňyna eden täsiri, öz hakugyňa eýe bolmak ýaly täzeçe düşünjeler bilen baglanyşyklydy. Şeýle-de bolsa, «1925-1926-njy ýyllarda A.Durdyýew, B.Kerbabaýew, G.Burunow we beýlekiler tarapyndan döredilen hekaýalardyr oçerklerde hem entäk hakyky manysyndaky täze gahrymany, sosialistik jemgyýeti gutarnykly binalamakda aktiw çykyş edýän gahrymanlary görmek kyndy. Her halda bu ýyllarda döredilen hekaýalar jemgyýet sosialistik formasynyň türkmen zähmetkeşlerine beren bagtyny ykrar edýän ideýany ündemäge gönükdirilen hekaýalaryň ençemesi döredilipdi. Şeýle ideýany ündeýän hekaýalarda proza eserleriňde rewolýusiýadan öňki döwürlerden söz açanlarynda häzirki zaman temasyndan gürrüň berýänlerine garanda, mesele oňat çözülýärdi»3. Alymyň belleýşi ýaly, Agahan Durdyýewiň hut ýigriminji ýyllaryň ortalaryndan söz açýan «Bürgüt penjesinde bir gözel», «Bagtly gyz Bagdatda», «Annagözel hak-hukugynyň üstünde», «Bal tutan barmagyny ýalar» ýaly hekaýalarynda hem biz şeýle ideýanyň aýdyňlaşdyrylyşyny görýäris! Bu hekaýalara ýigriminji ýyllaryň gözi bilen garanyňda, durmuşy şeýle ideýalaryň üsti bilen real görkezýän çeper eser hökmünde baha berip bolar. Ýigriminji ýyllaryň edebi prosesindäki birneme öňe ilerlemeler, proza eserleriňi döretmekdäki, tema gözlemekdäki batyrgaýlyklar hekaýa žanrynyň beýan edijilik çygry bilen ylalaşyp biljek däldi. Çünki bu döwürde Ýa.Nasyrly tarapyndan «25 ýyldan soň» atly powest döredilipdi. Bu barada edebiýatçy alym R.Rejebow: «Bu döwürde türkmen edebiýatynda ilkinji proza eserleri ýüze çykdy. 1925-nji ýylda Ýa.Nasyrly «25 ýyldan soň» diýen ylmy-hyýaly powestini ýazyp başlady. Awtoryň powestde öňe süren arzuwlarynyň bir topary biziň durmuşymyzda ýüze çykanda bolsa, onda düýpli kemçilikleriň bardygyny aýtmak gerek. Awtoryň esasy ýalňyşlygy 1950-nji ýylda otrisatel hadysalaryň we ahlaklaryň bolmagyny inkär etmekligidir»4 diýip belläpdi. Şondan köp wagt geçmänkä, «Türkmen medeniýeti» žurnalynyň sahypalarynda ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň «Garşa guda» atly powesti çap edilip başlanypdy. «...Ýazyjynyň «Garşa guda»5 esseri türkmen prozasynyň täze görnüşiniň, powestiň ýüze çykandygyny alamatlandyrdy. Şeýle hem proza žanrynyň Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyndan öňki türkmen durmuşyny işlemeginiň zerurdygyny görkezdi»6. Edebiýatçy alymyň belleýşi ýaly, bu eseriň döredilmegi iki ýagdaýy: a) türkmen prozasynda powest žanrynyň dörändigini, b) taryhy temanyň işlenilip başlanylandygyny alamatlandyrdy. Hakykatdan hem B.Kerbabaýewiň «Garşa guda» powesti türkmei professional prozasynda taryhy prozanyň ilkinji eseri bolup dünýä indi. Mundan başga-da hut şu temada täze uly eserler döredilmäge-de şowly synanyşyklar başlandy. Şolaryň biri hökmünde «Gul ogly Myrat»7 powestini hem görkezmek bolar. Bir döwürdäki ýazylan bu iki powestiň temasynda-da, ideýasynda-da meňzeşlik bar. Olaryň ikisi-de taryhy, özem umumytaryhy temadan ýazylypdyr. Olary okanyňda belli bir taryhy waka ýa-da belli bir taryhy döwür göz öňüne gelenok. Ýöne olaryň ikisinde-de bir ideýa, «öňki zamanda öň garybyň güni it görse, gözi agarar diýenleri boldy» diýen ideýa öňe sürülýär. B.Kerbabaýewiň bu powestinde waka Türkmenistanda gidýän bolsa, A.Ahundow özüniň powestini «Gürgende», ýagny Gürgende bolan waka hökmünde suratlandyrýar. Emma Oktýabr rewolýusiýasyndan ozal, şeýle wakany islendik obadan tapsa bolardy. Şu ýerde ýene bir zady bellemeli. Eger «Garşa guda» powesti hut 1928-nji ýylda çap bolup çykan bolsa, «Gul ogly Myrat»8 powesti has soň, 1934-nji ýylda özbaşdak kitap bolup halka ýetirilýär. Kitabyň sözbaşysynda awtor bu powestiň 1928-1929-njy ýyllarda ýazylandygyny, emma käbir pantürkist adamlaryň onuň çykmagyna kes-kellämi garşy bolandygyny aýratyn nygtaýar. Şundan çen tutsaň, bu powest gönüden-göni ýigriminji ýyllaryň aýaklaryna degişli. Şonuň üçin bu eseri B.Kerbabaýewiň «Garşa guda» powesti bilen bir hatarda goýup deňeşdirsek ýalňyş bolmaz diýip pikir edýäris. «Garşa guda» powestinde Çerkez atly garybyň kyn durmuşy barada, «Gul ogly Myratda» bolsa Myrat atly batrak ýigidiň gün-güzerany, durmuşy, başyna düşen muşakgatlary beýan edilýär. Ilkinji powestde Çerkez aganyň ogly Durdyny öýerip bilmän oda galyp ýörşi, bu ýagdaýa bolan, umuman durmuşa bolan gaharyny şu meselä baglanyşdyryp, öz oglundan çykarjak bolýan ýaly ony öýünden kowmagy, ogly telim günläp öýüne gelmänden soň ony uly alada etmegi, Durdy öýe dolanandan soň, ahyry çydaman, Annanyýazlar bilen garşa guda bolmagy, giýewleri ýogalandan soň, gyzy Ajabyň başga bir aýally adama durmuşa çykmaga razy bolmazlygyny yzarlanyňda, rewolýusiýadan öňki döwürde güzeranyny zordan dolaýan adamyň başdan geçirýän ýagdaýyny göz önüne getirýärsiň. «Gul ogly Myrat» powestinde hem ýagdaý şondan enaýy däl. Güzeranyny zordan dolaýan Myrat: «ýerime galla eksem, olam gowy bitse üzerin» diýip goňşusy Aýmämmet söwdagärden pul karz alýar. Emma ýyl gurak geleni üçin gallasy bitmeýär. Şonuň üçinem özi aty bilen söwdagäre öýdeniçer hyzmat etmeli bolýar. Onuň atynyň ogurlanmagy ýigidiň gününi has hem kynlaşdyrýar. Ol atyndan habar bilmek üçin Durdy jarça ep-esli pul berýär. Soň atyny Atabaý galtamanyň ogurlandygyny anyklaýar. Olam «Guwanç galtaman meniň maýamy ogurlady, sen şondan maýamy alyp berseň, men atyňy bereýin» diýýär. Öňem güzeranyny zordan dolaýan Myrat golaýrak garyndaşlary Hajy süýthordan otuz bäş tümen alyp Guwanç galtamandan maýany alýar. Onam äkidip atyny ogurlan galtamana berip Akbilegini alýar. Şondan soň onuň işi has hem uly çoçgaraga çolaşýar. Ol ýaşlygyndan halaşyp ýören Döndi atly gyzyna duşýar. Oňa öz ýagdaýyny gürrüň berýär: – Men ol gün gelnejeme aýtdym hem Baýram dädäniň aýalyny ölsem-de aljak däl hem, Döndini aljak diýdim. Döndi howlukmaç halda Myradyň elinden tutup: – Soň ol näme diýdi – diýip jogap berdi. – Ol ahyr sözünde: «Olar ig we gurplydyrlar, biz ýaly gul we garyp daýhana gyzyny bermezler» – diýdi9. Şeýle gürrüňden soň, ol Döndi bilen gaçmagy wadalaşýar. Olar Nazar çopanyň goşuna barýarlar. Gyz bilen ýigide nika gyýylýar. Ertesi bolsa nyzamylar Myrady ýenje-ýenje zyndana alyp gidýärler. Zyndanda Myrat Hydyr atly gowy adam bilen tanyşýar. Hydyry öz ogly türmeden alyp çykýar. Hydyr Myradyň hem zyndandan çykmagyny guraýar. Ol bu meselede ahuny yrýar. Oňa: «Sen Myrady zamunlyga alsaň onuň Akbilek diýen atyny saňa berdireýin» diýýär. Myradyň türmede urlup-horlanyşyny göreniňde başga çykalga ýokdy. Ahun bu şerte ylalaşýar. Ol Myrady zamunlyga alyp türmeden çykarýar. Şondan köp wagt geçmänkä, Myrat belli netijä gelýär. «Ol şol taýda atdan düşüp, atynyň bilini makul çekip, ýaňadan ata münüp, gaýra tarapa garşy jarlaryň arasy bilen, Akbilegiň başyny boşadansoň düz meýdandan çekilen Etregiň ak ýoluna düşdi»10 diýip, awtor eseri jemleýär. Görnüşi ýaly, Gürgende bolanda-da Myradyň güni Türkmenistandaky Çerkez aganyňkydan ybaly däl. Durdynyň öýlendirmändikleri üçin ata-enesine gahar etmegini, kakasynyň ýüzüne gelmegini, öýden gitmegini, baýa talaban durmagyny, soň eden işine ökünmegini görkezmek bilen, awtor geçmişde garyp maşgalalaryň çagalarynyň maşgala gurmak üçin nähili kyn ýagdaýa düşýändigini suratlandyrýar. Şol bir wagtda bolsa Durdynyň namysjaňlyk, gözsüz batyrlyk, dözümsizlik häsiýetini hem açyp görkezmäge synanyşýar. Durdy kakasyna gahar edip, onuň ýüzüne gelse-de, onuň sözüni göwnüne alyp, başyny-aýagyny alyp, öýden çykyp gitse-de, soňra ol eden işine puşman edýär. «Gul ogly Myratda» hem awtor Myradyň sapýüreklidigini, ýöne kyn durmuşyň öňünde alaçsyzlygyny, mertligini açmaga synanyşýar. Myrat çagalygyndan gowy görýän gyzyna her hili garşylyk bolsa-da öýlenýär. Ýogsa ony adamsy ýogalan dul aýala dakjak bolýarlar. Myrat ondan kes-kellämi boýun gaçyrýar. Şeýle hem ol eseriň ahyrynda kyn güni bilen, durmuşyň başyna salan agyr ýagdaýy bilen ylalaşyp oturyp bilmeýär. Dosty Hydyr bilen derdinişýär: «Bir gün ikisi çolalykda çolaja otagda Hydyr Myrada: – Myrat jan, nähili bolar, bu zalymlar seni ýene tussag alarlar, sen şindi ýagşy bolup barýaň. – Ah, şolaryň-da (gelnejesi we agasyna goluny uzadyp ýatany, bir-de seniň ara düşeniň bolagaýýar-da ýogsam... – Hawa, agam...»11. Şu ýerden görnüşi ýaly, Myradyň hyýalynda nähilidir bir gazap, bu durmuş, baýlar, begler, süýthorlar bilen ylalaşmazlyk bar. Emma ony agyr syrkaw ýatan agasy, ýalňyz gelnejesi biynjalyk edýär. Bolmasa ol onuň nähilidir bir etjegi bar. Şeýle-de bolsa bu powestleriň ikisinde-de wakany yzarlamakda, gahrymanyň obrazyny açmakda, dil meselesinde, kompozisiýa gurmakda, sýužet ýordumlaryny myradyna ýetirip jemlemekde bärden gaýtmalar bar. Meselem, «Garşa guda» powestinde awtor Durdynyň gyňyr özdiýenli häsiýetini anyk detallar bilen görkezýänem bolsa Durdy öýlenensoň, onuň häsiýetinde emele gelen üýtgeşikligi yzarlamaýar. Sebäbi powesti okanyňda Durdynyň öýlenmekden özge maksady ýok. Ol maksadyna ýetenden soň, onda nähili üýtgeşmeler bolýar? Onuň maşgala durmuşynda nähili garaýyşlar emele gelýär? Ine, şeýle ýagdaýlary görkezip boljak pursatlar powestde az bolanok. Dogry, powestiň ahyrynda onuň gelnini Hally mirabyň adamlary alyp gitmek üçin gelenlerinde, Durdy Abadany gorap ýaralanýar. Ol öz doganynyň aýal üstüne berilmegine-de garşy bolýar. «Ajap, sen arkaýyn bol! Seni Annanyýazlara iberip, ömrüňi kül edip, men dik gezip bilmen»12 diýýär. Bu ýerde Durdynyň häsiýetinde ýigitlik, hossarlyk, namysynyň güýçlüdigini görmek bolýar. Emma bu ýagdaý awtoryň gürrüň bermegi esasynda bolup geçýär. Çünki okyjy Durduda şu sözleri diýmäge moral taýýarlygy duýup bilenok. Durdynyň häsiýetindäki şeýle gowy sypatlar wakadan-waka ösüp, eseriň ahyrynda ol has hem güberçekli ýüze çykmaýar. Şonuň üçin-de Durdynyň obrazy okyjylaryň aňynda batyrgaý gahryman hökmünde däl-de, solaksy obraz hökmünde galýar. «Gul ogly Myrat» powestinde-de obrazy işlemekde, gahrymanyň häsiýetini açmakda bärden gaýtmalaryň bardygyny bellemek gerek. Ilki bilen bu powestde köptemalylyga ýol berlipdir. Arassaçylyk meselesi, galtamançylyk meselesi, süýthorlyk, söýgi meselesi, at meselesi, türme, soňra baýlardan başyňy gutarmak meselesi biri-biri bilen kän bir sepleşdirilmeýär. Mysal üçin, Myrat Döndi bilen halaşýar. Emma gudaçylyga gitmezden, gyzyň ata-enesiniň agzyny «ysgamazdan», gelnejesiniň gepine gidip, «Biz gul, garyp, şonuň üçin Döndini maňa bermezler» diýip oýlanýar. Gyzy alyp gaçýar. Ol tutulýar. Soň zyndandan çykýar. Emma şonda alyp gaçan gyzy, nikaly aýaly Döndi onuň ýadyna düşmeýär. Iň bärkisi, ol Etrege gaýtjak bolanda-da Döndini ýatlamaýar. Munuň üstesine Myratda göreşijilik, söweşjeňlik häsiýeti duýulmaýar. Ol haýsy galtaman näme et diýse edip ýör. Ol türmeden çykyp söweşäýmeli ýerinde, çaknyşaýmaly ýerinde-de başgaça hereket edýär. Ýogsa okyjy ol Hydyr bilen çolaja jaýda oturyp derdinişende «wah, şular bar, ýogsam...» diýip hyrçyny dişlände, ahun bilen, ýa-da özüni ezýänler bilen başa-baş söweşe girse gerek diýip oýlanýar. Emma ýene-de Myrat hiç kime duýdurman, atyny münüp, Etrege tarap gaýdyberýär. Powestde Myrat özüniň duşmanlary bilen ýekeje ýerde-de çaknyşmaýar. Şonuň üçin-de onuň mertlik, söýgä wepalylyk, adamkärçilik häsiýeti ýekeje ýerde-de açylyp, onuň hereketinden, edim-gylymyndan belli bolmaýar. Emma «Garşa guda» powestindäki Durdy Myrada garanda nähilem bolsa, aktiw çykyş edýär. Ol powestiň başynda öz ýagdaýy barada kakasy bilen pert-pert gepleşýär. Powestiň ahyrynda welin öz aýal doganynyň mertebesini berk goraýar. Dogry, bu iki sany taryhy eserden türkmen professional prozasynyň ilkinji eserleriňden juda köp zat talap edip oturmagyň özi-de bolmajak zatdyr. Çünki bu eserleriň özi nähili bolanda-da ilkinji eserlerdi. Şeýle eserleriň özboluşly kemçiliginiň boljagy gümansyz. Şeýle-de bolsa, bu eserler türkmen edebiýatynda proza žanrynyň güllejekdigini ilkinji buşlan eserler bolupdy. Munuň üstesine bolsa, bu eserler ilkinji umumy taryhy eserler bolup biziň edebiýatymyzyň taryhyna giripdi. Bu iki powestiň tema saýlamakda, sýužet-kompozisiýa gurmakdaky täzeçilligi geljekki uly eserler üçin ýörelge bolup biljekdi. Çünki Oktýabr rewolýusiýasyndan öňde-soňda awtory belli proza eserleriňiň arasynda bulary iň saýlama eser hökmünde şol döwürde ýüze tutup boljakdy. Elbetde, «Gul ogly Myrada» garanda «Garşa guda» powesti sýužet-kompozisiýasynyň gurluşy boýunça aýratyn ähmiýete eýedir. Bu powestde ähli waka diňe bir meseläniň garşa guda bolmak ýaly zyýanly köne däbiň adamlara salýan derdi barada meseläniň daşynda jemlenilýär. Eseriň ahyrynda bolsa bu meselä bolan gatnaşyk, aýdyljak bolunýan ideýa doly aýdyňlaşdyrylýar. Eseriň dili hem diýseň halky hem-de obrazly beýan edilýär. Emma «Gul ogly Myrat» powestiniň sýužet-kompozisiýasy «Garşa gudadaky» ýaly beýle bir şowly çykmandyr. Onuň üstesine, gahrymanlaryň gatnaşygynda hem çeper esere mahsus bolan inçeligi duýup bolanok. Bu ýagdaýy Myrat bilen Döndiniň, Myrat bilen Hydyryň, Myrat bilen galtamanlaryň gatnaşygynda hem aýdyň görüp bolýar. Eseriň dili bolsa awtoryň emri bilen has tagaşyksyzlandyrylypdyr. Gahrymanlaryň dilinde, özüni alyp barşynda ýasamalyk güýçli duýulýar. Bu bolsa eseriň çeperçilik derejesine ýaramaz täsirini ýetirýär. Şeýle ýagdaýlara garamazdan, B.Kerbabaýewiň «Garşa guda» powesti A.Ahundowyň «Gul ogly Myrat» powesti ýigriminji ýyllaryň iň iri we edebiýatymyzyň proza dolanyşygyň has güýçlendirýän möhüm eserleri diýip doly aýtmak bolar. * * * Türkmen halky otuzynjy ýyllaryň başlarynda durmuşa täze hyjuw bilen gadam basdy. Oktýabr rewolýusiýasyndan soňky geçen on-onki ýylda adamlarda täze durmuşa bolan ymtylyş güýjäpdi. Şu döwürde Türkmenistanda sowatsyzlygy ýok etmek ugrundaky uly işler alnyp barylýardy, şeýle hem ilkinji bäşýyllygyň miweleri, köp ýerlerde GEOLRO planynyň amala aşyrylmagy, barly gatlagyň synp hökmünde ýok edilmegi, ýerlerde kollektiw hojalyklaryň, daýhan birleşikleriniň güýçli depgin bilen başlanylmagy, bu ugurdaky belli-belli üstünlikler adamlaryň aňynda täze özgerişleriň şineläp başlamagy mümkinçilik döredýärdi. Sosialistik durmuş ugrundaky hyjuwly hereket adamlary islese-islemese-de öz dünýäsine dolap alýardy. Ýurduň durmuşyndaky şeýle öňe gidişlikler, adamlaryň aňyndaky öwrülişikler, ruhundaky galkynyş edebiýata hem özüniň täsirini ýetirmän duranokdy. Ylaýta-da öň professional iş laboratoriýasy, professional ýazyjy-şahyry bolmadyk türkmen edebiýaty üçin bu ýagdaý has hem täsirli dowam edýärdi. Çünki geçen on-on iki ýylyň içinde zehinli ýazyjy-şahyrlaryň uly topary onuň hataryna gelip goşulypdylar, Geçen ýyllaryň içinde olar kämillige we bu ugurdan durmuş tejribesine eýe bolupdylar. Türkmen edebiýatynyň fondunda eýýäm «Annagözel hak-hukugynyň üstünde», «Bagtly gyz Bagdatda», «Obada bolan waka», «Garşa guda», «Gul ogly Myrat» ýaly proza eserleri, «Söndi», «Gyzlar dünýäsi», «Dakylma», «Tirekkeş», «Batrak» ýaly professional, kämil poeziýa eserleri bardy. Mundan başga-da ýigriminji ýyllaryň edebi döredijiliginiň netijelerini seljerilip ýazylan tankydy, şol bir nagtyň özünde ugrukdyryjy eserler hem bardy. Muňa esasan Oraz Täçnazarowyň «Duşmanyň ýüzi»13, «Öwrülişik»14 makalalary mysal bolup biler. Bu makalalar15 öz wagtynda juda dişli makalalar bolup, türkmen edebi tankydynyň, türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň, türkmen edebiýatynyň öňe gitmeginiň ornuny, roluny, ideýa sagdynlygyny kesgitlemeginiň taryhynda uly waka hasaplanylýardy. Bu makalalary O.Täçnazarow peýwagtyna ýazmandy. 1932-nji ýylda türkmen çeper edebiýatyny barlamak üçin BK (b) P Merkezi Komitetiniň we TK (b) P Merkezi komitetiniň ýörite brigadasy döredilip, onuň baştutanlygyna O.Täçnazarow bellenipdi. O.Täçnazarowyň ýokarda agzalan makalalary hem şol brigadanyň geçiren barlaglary esasynda ýazylypdy. Şoňa görä-de olara belli derejede şol brigadanyň işiniň netijesi hökmünde garamak ýalnyş bolmaz, çünki bu makalada Täçnazarowyň öňe sürýän düzgünleri şol brigadanyň ýörite barlag esasynda çykaran netijelerine bap gelýär. «O.Täçnazarowyň makalalarynyň esasy gymmaty olarda 20-nji ýyllaryň türkmen edebiýatyndaky synpy göreş hakynda düýpli gürrüň edýändiginden ybaratdyr»16. Edebiýatçy K.Baýrammyradowyň dogry belleýşi ýaly, şol makalalar türkmen ýaş ýazyjy-şahyrlarynyň synpy pozisiýagyny aýdyňlaşdyrmakda uly rol oýnapdy. Hakykatdan hem ýigriminji ýyllaryň başyndan bäri ýazylýan eserlerde awtoryň synpy, partiýalaýyn pozisiýasy juda gowşakdy. Çünki türkmen ýazyjy-şahyrlary bu mesele nähili çemeleşmelidigini aýdyňlaşdyryp bilenokdylar. Olaryň birtoparynyň syýasy gözýetimi juda dardy, birnäçesi bolsa köre-körlük bilen ters pikir ýöredýänlere öýkünýärdiler. Ýöne, şonuň üçin şeýle makala türkmen sowet edebiýaty üçin juda zerurdy. Dogry, bu makalalaryň, kemçilikleriniň hem bolandygy kanuny zat17. Ýöne her näme-de bolsa, bu makalalaryň türkmen sowet edebiýatynyň sagdynlygyna, öz döwrüniň ideologiýasyny goldamaga itergi bolandygyny hiç babatda inkär etmek bolmaz. Ine, şu ýagdaýlar türkmen sowet prozasynyň ösmegine, kämilleşmegine-de hemaýat beripdi. Ylaýta-da şeýle proza eserleriňiň halk durmuşy bilen aýakdaş gitmegine kömek edipdi. «Mälim bolşy ýaly, 30-njy ýyllaryň başy türkmen sowet edebiýatynyň realistik proza žanrynyň döreýiş, kemala geliş ýyllary hasaplanýar. Ol ýyllara çenli edebiýatda çeper prozaiki eserler ýokdy ýa-da ýok diýerlikdi»18. A.Kerimowyň bu pikiri ýigriminji ýyllaryň prozasyny inkär etmäge howlugylýan bolsa-da, onuň aslynda hakykat ýogam däldir. Çünki türkmen sowet prozasy ýigriminji ýyllarda heniz esasy ösüş ugruny kesgitlemändi. Bu ýagdaý diňe otuzynjy ýyllarda mümkin bolupdy. Ylaýta-da taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň ýagdaýyna göz aýlanyňda edebiýatçy dogry pikir ýöredýärdi. Sebäbi bu temadan eser döretmek üçin amatly ýörelge indi emele gelipdi. «30-njy ýyllaryň birinji ýarymynda taryhy-rewolýusion temada ýazylan rus edebiýatynyň birnäçe eseri türkmen diline terjime edilipdi, şol sanda Fadeýewiň «Derbi-dagyn», Furmanowyň «Çapaýew», Ostrowekiniň «Polat nähili taplandy», Iwanowyň «Bronepoýezd 14-69» eseri we ş.m. Bu eserleriň türkmen diline geçirilmegi türkmen edebiýatçylarynyň ünsüni bu tema gutarnykly çekdi»19. Şeýle-de bolsa türkmen ýazyjylary otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap taryhy we taryhy-rewolýusion tema hem ýüzlendiler. Munuň özi prozanyň ähli görnüşlerinde hem bolup geçdi. Şol temalara degişli eserlerden N.Saryhanowyň «Kitap», A.Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» A.Gowşudowyň «Azaşan yzyny tapdy» ýaly hekaýalaryny görkezse bolar... Bu ugurda ýekeje powest hem ýazyldy. Ol «Şükür bagşy»20. Ýöne, näme diýilse-de edebiýatçy alym R.Rejebowyň ýokarda dogry belleýşi ýaly: «Tema durmuşda ýüze çykan döwründen (bu ýerde diňe taryhy-rewolýusion tema barada gürrüň gidýär – Ö.N.), takmynan, 20 ýyl geçenden soň, türkmen edebiýatynda ol öz beýanyny tapdy»21. Çünki şol döwürde diňe Agahan Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» hekaýasyny bu tema bagyşlanan «ilkinji eser» diýip aýtmak bolar. Bu hekaýa baryp 1932-nji ýylyň 16-njy noýabrynda «Şuralar Türkmenistany» gazetinde çap edilipdi. Bu tema bagyşlanan ýene bir hekaýa, Kemal Işanowyň «Şatlykly habar» hekaýasy bolsa otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymynda ýazylypdy. «Graždanlyk urşy gutarandan takmynan on ýyl geçenden soň, 30-njy ýyllaryň başynda A.Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» diýen hekaýasynda temany orta atýar, onuň işlenmegini mesele edip goýýar, emma temany ýazyjynyň özi işläp bilmeýär»22 – diýip, edebiýatçy alym R.Rejebow belleýär. Bu ýagdaýyň hakykatdan hem şeýle bolmagy mümkin, ýöne ýazyjynyň bu tema ýüzlenmegem, ony bir hekaýanyň möçberinde işlemegem öz döwri üçin uly hadysady. Çünki bu temany işlär ýaly görüm-görelde heniz türkmen edebiýatynda emele gelenokdy. Munuň üstesine, şol döwürlerde «hakyky ýazyjy-şahyr öz döwrüniň ogly bolmaly, öz durmuşyny, öz döwrüni beýan etmeli» diýen düşünje ýazyjylaryň arasynda agdyklyk edýärdi. Beýleki şahyrlar bilen birlikde, Agahan Durdyýew hem öz döwrüniň ýazyjysydy. Edebiýatçy alym K.Jumaýew otuzynjy ýyllarda «Şükür bagşy» powestiniň ýazylandygyny belleýär. Bu mesele hem heniz jedellidir. Çünki «Şükür bagşy»23 powestiniň otuzynjy ýyllarda ýazylanyny subut edýän anyk delil henize çenli ýokdy. N.Saryhanowyň döredijilik laboratoriýasyna belet, onuň bilen duz-emek bolup, hut «Şükür bagşy» powestiniň halka ýetmegine öz şahsy goşandyny goşan ýazyjy A.Aborskiý özüniň bu ýazyjy baradaky ýatlamalarynyň birinde şeýle ýazýar: «...Самая обьемистая из них, пожалуй, самая популярная впоследствии – «Шукур бахши», – при жизни Сарыханона не публиковалась. Товариши знали о работе над «маленкой повестью (так он сам называл ее) о туркменском музыканте. Работа уже завершилась, когда автор ушел на фронт. О ней случайно вспомнили в его отсутствие. Лиш на третем году войны у него на квартире в пыльном чулане, среди рукописей, фотографий и писем, мне удалос найти последний вариант «Шукура бахши». Тогда в журнале «Совет эдебияты» после незначительной редакции ее и опубликовали»24. Şu ýerden belli bolşy ýaly, bu powest esasan kyrkynjy ýyllaryň başyna degişlidir. Çünki, eser taýýar bolan bolsady, onda awtor ony kyrkynjy, kyrk birinji, kyrk ikinji ýyllarda, heniz fronta gitmänkä çap etdirip bilerdi. Ýöne Nurmyrat Saryhanow ýaly ussat, bu powesti ýazandan soň, onuň täze wariantyny ýazmak üçin hem saklan bolmagy ähtimal. Şeýle-de bolsa bu powesti kyrkynjy ýyllaryň başynda döredilen taryhy eserleriň hataryna goşmak adalatly bolar diýip hasap edýäris. Agahan Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» atly kiçijik hekaýasy barada gürrüň edende, awtoryň obada ýaýbaňlanýan rewolýusion özgerişe bolan simpatiýasyny bellemek gerek. Hekaýa sygyr çopany bolup ýören batragyň, ýa-da awtoryň adyndan gürrüň berilýär. Ol bu wakany uly buýsanç bilen okyja gürrüň berýär. Okyjy awtoryň şol wakanyň şaýady bolanyna begenýänini, «eger men şol wakanyň şaýady bolmadyk bolsam gaty köp zady ýitirjek ekenim» diýýän ýaly täsin duýgyny başyndan geçirýänini duýýar. Awtor: «Ol günler iki dagyň çakyşmasyndan toplaryň dynman sesleri gelip duran bolşewik-menşewik eýýamydy. Otlap ýören sygyrlaram otdan başyny galdyryp, gäwüşlerini kesip, diňşirgenip durýar. Men-de ýap boýunda jahana göz aýlap durýardym. Top sesleri ilki çykanda, meniň ýüregim tirsen bolsa-da, soň bütin duýgym ol ses bilen öwrenişdi. Gün agyberenden soňra, ol uly ýoldan aşak tarapa yzy üzülmän, düýeli göçler geçip başlady. Şäher ýakynynda bolan obalar iki günden bäri ol ýoldan geçýärler. Biziň obamyz şäherden açygrak bolandan soňra, häli gopman otyrdy»25. Awtor bu ýerde bolşewik topunyň sesiniň tutuş halka edýän täsirini beýan edýär. Ol öz obasyndaky ýagdaýy, özüni we obadaşlaryny ezen, bu erkinlik, häkimlik bakydyr öýdüp, edenini edip ýören baýlaryň häzirki halyny öz gözi bilen görmäge howlugýar. Şeýle hem okyjyny bu tomaşany synlamaga özleriniň obasyna alyp barýar. Şol ugur-da şol «häkimsiräp» ýörenleriň iň belli-ýakasy gaýyşlysy barada okyja gürrüň berýär. Öz ýanyndan Nazar baýyn üstünden gülýär. «Obamyzdaky iň uly baýlardan Nazar baý, özi göräýmäge aýakly garpyz ýaly bolsa-da, ol şu çaka çenli batraklaryň güýjünden peýdalanyp, arkan ýatyp gün geçirýän adamdy. Bu adam öz golunda bolan döwletini, mal-mülküni Alladan özüne ömürlik berlen bir zat diýip arkaýynsyraýardy. Emma bu gümürdäp çykan bolşewik toplarynyň sesleri Nazar baýyň depe saçlaryny üýşürip, içip oturan çaýly käsesini elinden gaçyryp, gözüni tegeleýändigi mälimdi»26. Awtoryň bu göz öňüne getirmesi nädogry däldi. Obada diňe bir Nazar baý däl, obanyň ähli barly adamlary metjide üýşüp «Alla, özüň bu beladan dep et!» diýip hudaýýoly berýärdiler. Olar halys surnugyp gelýän sygyr çopanyny hem ahyrsonuňda görüp galýarlar. «Çopan, bärik gelip git» diýip, oňa bir çapady berýärler. Awtor çapadysyny iýýär hem-de obadaşlarynyň ýagdaýyny synlamaga durýar. «Şol wagt şäher tarapdan bir atly atyny gamça basyp, garader, aty ak köpük bolup gelýändigini duran jemagatlar görüp: «Bolşewigiň öňi gelýär» diýip sandyramaga başladylar. Nazar baý has hem aýagy bişen pişik ýaly, bir ýerde durup bilmän, gelýän atlylary tanajak bolýarmy, ýa bir gep atjak bolýarmy, bazzy-buzzy edip, gepini düşündirip bilmän durdy»27. Atly kän bir gürläp durmaýar. Ol täze eýýamyň buşlukçysy. Diňe jübüsinden gat-gat kagyzy çykaryp, onuň birini ýygnananlara berýär. Ol Jarnama: «Bütin Ýer ýüzüniň zähmetkeşleri, birleşiň! Patyşany tagtyndan taýdyrdyk. Kerenskiň hökümetini ýykdyk, onuň ornuna işçi-daýhan hökümetini gurduk. Daşkent zähmetkeşleri!» diýen sözler bilen başlanýardy. Bu sözler Nazar baýyň gonjuna gor guýýar. Bar zat düşnükli. Indi döwran halkynky. Emma Nazar baý üçin hemmesi düşnüksiz. «Nädip ak patyşany ýykyp bilýärler? Nädip döwran garamaýaga dönýär? Heý, olar hem bir döwleti dolandyryp bilermi? Bary düşnüksiz! Ol özüne erk edip bilmän, hat getiren ýigitleriň atyny jylawlap: – Şäherde näme gep-gürrüň eşitdiňiz, bu ikisiniň haýsy basylýar?28 – diýip, henizem bolsa çalaja umyt bilen sorap galar. – Bolşewikler eýgertjek däl, bular şu gün şäheri aldylar! Nazar baýyňam, beýleki barly-barjamly adamlaryň hem haýýaty düňderilýär. Olar indi öz janlaryny gaýgy edip başlaýarlar. Nazar baý durup bilmän: – Bolşewikler obalara-da çykarlarmyka? – diýdi. – Elbetde, oba çykarlar, olar şäheri alany bilen bütin ýurdy aldygy bolmaýar, obalary hem almagy dogry gelýär. – Inim, indi biz näme etmeli: gaçmalymy-tezmelimi, ýa oturmalymy? – Gaçyp gutuljak gümanyň ýok, hiç ýana gaçman oturmak gerek. Bu görnetin kümeleriň, tamlaryň üstünde dikilen ak baýdaklary ýok ediň, onuň ýerine gyzyl baýdak dikiň! Ikinji, döşleriňize gyzyl mata dakyň. Şeýtseňiz, size bolşewikler zat diýmez. Gyzyl esgeriň sözi aýaklanyp-aýaklanmanka Nazar baý öýüne tarap ylgaýar. «Baryp, tamynyň üstünden ak baýdagy aýyrdy-da, gyzyl baýdak dikdi. Döşüne gyzyl mata dakdy»29. Awtor rewolýusion ruhuň diňe bir garyplarda däl, öň halkyň gözüniň ak ýagyny iýip, garyp-gasaryň arkasyndan mes ýaşap ýören käbir baý süýthorlaryň hem anyna uly zarba urýar. Öňki-önkülik bolan bolsa, Nazar baýmy öýüniň depesinde gyzyl baýdak dikjek, ýa-da döşüne işçi-daýhan birliginiň nyşany bolan gyzyl mata dakjak. Ol juda zora galyp, gidere ugur, ýapyşara alaç tapmandan soň şeýle edýär. Ol günüň ertesem Nazar baýyň tolgunmasy galmaýar. Ol her sapar top sesi çykanda tisginip, kelemesini öwürýär. «..Top sesi köp dowam etmedi, dynçlandy... «...Çopana meýlis haram» diýipdirler diýip, obany aşak çetinden egnime taýagymy atyp, sygyrlary sürüp ugradym... Obalar derrew bolşewikleriň eline geçdi. Oktýabr ynkylabynyň tolkunlary obada bolan agyr zulmatlary ýok etdi...» A.Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» hekaýasy diňe bi obanyň, diňe bir baýyň psihologik ýagdaýy barada gürrüň etse-de okyjy ony tutuş türkmen obalarynyň baýlaryny şol döwürde başyndan geçiren ýagdaýy hökmünde kabul edipdi. Awtor heniz öwrenjeräk ýazyjy bolsa-da baýlaryň şo günlerde başdan geçiren tipik häsiýetlerini bu hekaýadaky Nazar baýyň häsiýetine jemlemegi başarypdyr. Bu howply beladan dyndarmagyny Alladan towakga edip, barly adamlaryň metjide üýşmegi, olaryn sadaka bermegi, baýlaryň oda-köze düşmegi, kümeleriň, jaýlaryň üstünde gerlen ak baýdaklar, baýlaryň döşlerine gyzyl mata dakyp ýörmesi, kerwen gurap barýan kowçum-kowçum bosgunlar – bularyň bary birleşip şol döwrüň özboluşly kartinasyny okyjynyň göz öňüne getirýär. Mundan başga-da awtor şol döwrüň adamlarynyň häsiýetine has bolan ýagdaýlary açyp görkezmäge şowly synanyşyk edýär. Bu synanyşyk belli derejede netijesini beripdir. Bu hekaýada çopanyň obrazy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Awtor öň sadakada san ýetmedik çopanyň adyndan gürrüň berip, özüne sütem eden baýlary paş edýär. Ol şol sarkazm arkaly özüniň belent mertebä eýe bolanyny jar edýär. A.Durdyýew otuzynjy ýyllaryň däl, hut ýigriminji ýyllaryň prozasyny alanyňda-da, bu hekaýasynda ilkinji bolup diýen ýaly, rewolýusiýa, şura, bolşewik, menşewik, ak baýdak, gyzyl baýdak, bolşewik topunyň sesi diýen ýaly düşünjeleri edebi dolanyşyga batyrgaýlyk bilen girizmegi başarypdyr. Ine, şu we beýleki ýagdaýlary nazara alanyňda hekaýa aýratyn gymmata eýedir. Otuzynjy ýyllaryň taryhy-rewolýusion prozasy barada gürrüň edilende, Kemal Işanowyň «Şatlykly habar» atly hekaýasy hem aýratyn bellemäge mynasypdyr. A.Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» atly hekaýasynda esasan bir ýagdaý barada, rewolýusiýanyň eýýäm amala aşyp, indi onuň sarsgynynyň şäherlerden çykyp, obalara gelşi, rewolýusiýanyň esgerleriniň – gyzyllaryň obalary öz taraplaryna geçirişi, şol ýagdaýy oba adamlarynyň kabul edişi, rewolýusion sarsgynyň oba adamlarynyň psihologiýasyna täsiri barada gürrüň edilýär. Awtor bu ýerde türkmen edebiýatynyň taryhynda bar bolan otrisatel tip döretmegiň tejribelerine hem ýüzlenýär. Mysal üçin, Nazar baýyň häsiýetindäki gorkaklyk, was-wasylyk, gorkan öňürtilän etmeklik türkmen halk döredijiliginiň žanrlarynda näçe diýseň bar. Emma rewolýusion situasiýany döredýän adamlaryň obrazy, türkmen professional rewolýusionerleriniň obrazy henize çenli türkmen edebiýatynda döredilmändi. Beýle obrazy biz heniz A.Durdyýewiň ady agzalan hekaýasynda-da görüp bilmeýäris. Emma Kemal Işanowyň «Şatlykly habar» hekaýasy gönüden-göni şeýle adamlar, ýagny professional rewolýusionerler baradadyr. Bu hekaýanyň esasy gymmaty hem şundan ybaratdyr. Çünki, bu hekaýa çenli heniz taryhy we taryhy-rewolýusion temada ýazylan monumental proza eserleri heniz halka ýaýramandy. Diňe şol romanlarda professional rewolýusionerleriň obrazynyň döremegi, kämilleşmegi, häsiýetiniň hemme taraplaýyn formirlenmegi üçin mümkinçilik bolup biljekdi. Ýöne bu meseläni hekaýa žanrynyň mümkinçiliginde beýan etmek türkmen sowet professional prozasynyň tejribesinde heniz ýokdy. Dogry, rus edebiýatynda, beýleki halklaryň edebiýatynda bu tema doly işlenilip gelinýärdi. Şol halklaryň edebiýatynda bu meseläni dürli žanrlaryň tejribesinde görmek bolýardy. Ylaýta-da A.M.Gorkiniň «Ene» romany bu temany beýan etmekde klassyky ýörelge bolup bilýärdi. Şeýle-de bolsa bu eser hem monumental prozalygy bilen tapawutlanýardy. Kemal Işanowyň bu hekaýasy hem ilki okap başlanyňda A.M.Gorkiniň «Ene» romanyňa çalym edip başlaýar. Bu romanda öň ärinden sütem, horluk görüp, gara günden bili bükülen Pelagiýa Nilowna ogly Paweliň ýnyna gelýän işçileriň çaýyna, suwuna seredip gijäniň bir wagtyna çenli oturýar. Olar barada, olaryn baş goşan işi barada pikir ýöredýär. Olaryň patyşa baradaky gürrüňlerini ýakasyny towlap, ilki-ilkiler gorka-gorka diňleýär. Bu hekaýadaky Bagty eje-de şeýle aýal. Ol agyr günden, ýeter-ýetmezçilikden bez-bez bolan aýal. Diňe ogly Myrat ussa Petrowyň kömegi bilen demir ýola gara işçi bolup ýerleşensoň, gün-güzeranlary birneme ganymatlaşyp başlapdyr. Ol hekaýa başlananda-da täzeje et gowrup otyr. Etiň tagamyny duýup, ogly Myrat gelse, ony lezzet bilen iýjegine juda begenýär. Oglunyň köp wagt bäri ýagly-ýüzli iýmändigi, şeýle ýaglyja eti gowy görýändigi barada oýlanýar. Onuň pikiri soň ogly, onuň edýän işi, onuň ýoldaşlary baradaky oýlara sapyp gidýär. «Meniň oglum adam boldy. Ol her ýerde hem gün görmegi oňarar, ony iki daşyň arasynda-da goýsaň aman çykar...»30 diýip, buýsanç bilen oýlanýar. Emma Myrat geliberenok. Onsoň Bagty eje ýene-de oýa batýar. Umuman, şu hekaýada gahrymanyň häsiýetini onuň oý-pikirinde açmaga edilýän synanyşyk uly. Bu ýagdaý hem türkmen professional prozasynyň ilkinji üstünlikleriniň biridir. Bagty eje şol oýlarynyň arasynda Petrowy ýatlaýar. «Şu adam ors bolsa-da birnäçe musulmandan gowy»31 – diýip oýlanýar. Çünki Petrow onuň oglunyň adam hatarynda görülmegine hemaýat edip, onuň demir ýolda işçi bolup işe girmegine kömek edýär. Soň hem Myrady ýeke goýmaýar. Her gije onuň öýüne gelip, ondan habar tutýar. Soň-soň ol Myratlara özüniň ýoldaşlary bilen gelýär. Bagty eje hem edil A.M.Gorkinin «Ene» romanyndaky Pelagiýa Nilowna ýaly, olaryň çaýyna-suwuna seredip ýörşüne, olaryň sözlerine gulak asýar. Gürrüňiň ak patyşanyň eden-etdiligi barada barýanyna akyl ýetirensoň, bu pikiri ýüregine sygdyryp bilmeýär. «Bular meniň oglumy azdyrýan bolaýmasyn, bularyn bu gürrüňi başymyza bir bela getiräýmesin» diýip howeala düşýär. Öz ýanyndan ak patyşa dil ýetirmegiň gaty uly günädigini tekrarlaýar. Bir gün bolsa Petrowyň «Hawa, patyşany ýok etmeseň deňlik alyp bolmaz!» diýen sözüni eşidip oda-köze düşýär. Ugruny tapyp, Petrow bilen gürrüňdeş bolup, oňa öz howealasyny duýdurýar: – Petrow, men seni oglum Myratdan kem görmeýän. Emma Petrow, biziň öýde şunuň ýaly söz aýtmak ýagşy däl. Patyşada näme günä bar. Patyşa dil ýetirip bolmaz. Patyşa welidir. Ol Allanyň ýerdäki birden-bir goýan adamsydyr. Patyşa ýerdäki adamlaryň atalarydyr. Olary hudaýyň özi goýýar. Dil ýetirmäň! – diýýär. Petrow bu ýaşuly aýalyň göwnüni ýykmaýar, onuň garşysyna-da gitjek bolup durmaýar. Gaýta: «Bagty eje, ak patyşa dil ýetirmek bolmaz. Ýok, ýok, ol şeýle patyşa ahyryn. Gürrüň ol hakynda däl, adamlar hakynda. Adamlaryň ýaşaýşy hakynda...» diýýär. Bagty eje has hem gazaplanýar. «Siziň näme işiňiz bar. Siz işiňiz bilen boluň!» diýip, olara käýeýär. Bagty eje şeýdip, oýlara gark bolup otyr, emma ýalňyz ogly Myrat gelenok. Onuň höwes bilen bişiren tagamy sowap galýar. Hekaýanyň ikinji bölüminde Myrat türmede ýatyr. Ol ýalňyz. Ol hem edil garryja ejesi ýaly, agyr oýlara batypdyr. Ol ejesi, durmuş, gün-güzerany barada oýlanýar. Geçen günlerini ýekän-ýekän akyl eleginden geçirýär. Onuň hakydasy gaýtalap-gaýtalap Petrowyň ýanynda saklanýar. Petrow ony bir sapar öz öýüne alyp barýar. Baryp öz gyzy Mariýa Wasilýewna bilen tanyşdyrýar. Myrat gyzy öz kakasynyň bir keseki adam bilen şeýle ýakyndan tanyşdyrýanyna haýran galýar. Çünki türkmençilikde bu ýagdaý gaty aýyp hasap edilýär. Emma ol ap-akja elini uzadyp duran owadan gyza elini bermän bilmeýär. Şeýlelikde Myrat bilen Marusiýanyň arasynda söýgi duýgusy ýüze çykýar. Myrat şol süýji duýgularyny uzak satlap bilmeýer. Ol özüniň düşen bu gününe, ejesiniň halyna gynanýar. Kyn ýagdanyny göz öňüne getirýär. Puşman edýär. Aryny kimden çykarjagyny bilmän elenýär. – Ölmän çykaýsam, bizi tussag edenleriň...32 diýip, sögünýär. Emma Petrow ony köşeşdirýär. – Ölmek, ol agyr iş däl. Gorkaklar bu ýere gelmeýärler. Işçiniň işi ugrunda, açlaryň azatlygy ugrunda Leniniň, hawa hut şu beýik adamyň aýdan sözleri ugrunda janyny aýamaýanlar bu ýerlere gelip bilerler... diýip, maslahat berýär. Öýde bolsa Marusiýa Bagty ejä patyşanyň nähili haýyndygyny düşündirýär. – Bagty eje, düşün! Kakam dagyny patyşa hökümeti halamaýar. Olary tussag eden patyşa hökümeti. Bütin günä patyşa hökümetinde. Şonuň üçin biziň diwanlardan haýyş edip soramagyňyzyň hiç peýdasy ýok... Bagty ejäniň gansyz dodaklary tamşandy: – Eýsem bolsa, günä patyşada-da?! Eýýäm Marusiýanyň kömegi bilen Bagty ejede nähilidir, ynanja derek, has ynandyryjy oýlanmalar başlanýar. Şeýle ýagdaýy biz A.M.Gorkiniň «Ene» romanyndaky Pelagiýa Nilownanyň obrazynda-da görýäris. Romanda Paweliň ejesi hem oglunyň okaýan kitaplaryndan, onuň ýoldaşlarynyň edýän gürrüňlerinden juda gorkýar. Ýöne ogly Paweliň düşündirmeleri, onuň ýanyna gelýän professional rewolýusionerleriň düşündirmeleri, aýdýan hakyky sözleri enäniň ahyr soňunda uly rewolýusioner bolup ýetişmegine getirýär. Bu hekaýadaky Bagty eje-de Marusiýanyň gürrüňlerinden soň patyşa barada, oňa ynanmak, ony goramak barada ýekeje söz hem aýdyp bilmeýär. Gaýta, ogly Myradyň zawodyň işçileriniň öňüne çykyp: «Ýok bolsun patyşa, ýaşasyn deňlik!» diýen sözlerini eşidip buýsanýar. Myrady bolsa işçileriň demonstrasiýasynda münbere çykyp aýdan şu sözleri üçin tussag edýärler hem-de sürgüne iberýärler. Hekaýanyň üçünji bölüminde Bagty eje ogluna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Marusiýa onuň ýanynda. Ol oňa ähli meselede kömek berýär. Oňa bolup geçýän wakalary düşündirýär. Bir gün bolsa ol örän şatlykly habar alyp gelýär. Marusiýa Myratdan hat alypdyr. Myrat öz hatynda Gyzyl Goşunyň komandiri bolandygyny, patyşanyň galan-gaçan dikmelerinden ýurdy arassalap, ýetip gelýändiklerini ýazypdyr. Bagty eje oglunyň diriligine juda begenýär, Ol begenjine: – Oglum, oglum, komandir oglum! Azat bolupdyrlar diýsene! – Hawa, Bagty eje, olar zulumdan gutulypdyrlar. Patyşany çym-pytrak eden bölekler bilen birlikde bu ýerleri hem menşewik – garageýimden arassalamak üçin gelýärmişler. Bagty eje: – Gelsin – diýdi we – Meniň balama munça azaplar beren patyşalar ýok bolsun! – diýýär. «Ene» romanynda-da Paweliň ejesi köp külpet görenden soň, oglunyň, rewolýusionerleriň göreldesi bilen rewolýusioner bolup ýetişýär. Eseriň ahyrynda oglunyň ýetişmedik işini dowam etdirýär. Bu hekaýadaky Bagty eje-de oglunyň, Petrowyň, onuň gyzy Marusiýanyň täsiri bilen patyşa bolan gazap, ýigrenç döreýär. Awtor bu hekaýasynda türkmen temasynda rewolýusionerleriň obrazyny döretmäge synanyşyk etmek bilen birlikde, sada, zähmetkeş adamlaryň wekilinde rewolýusion düşünjäniň kemala gelip başlamagynyň ýollaryny ýazyp beýan edýär. Bagty eje ogluna zulum edýän patyşany ýigreniän bolsa, oňa nälet okaýan bolsa, onuň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýan bolsa, diýmek, ol oglunyň, Petrowyň, Marusiýanyň tutýan ýoluny makullaýar. Diýmek, onuň özem şolaryň tarapynda. Eger Myradyň, Petrowyň, Marusiýanyň alyp barýan göreşleri Bagty ejäniň makullamasyna mynasyp bolýan bolsa, ol Bagty eje ýaly müňlerçe-müňlerçe adamlaryň göwnüne jaý. Ine, awtor hekaýanyň podtekstinde şu ideýa agram salýar. Eger-de A.Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» atly hekaýasynda awtor esasan Nazar baý tetellileriň rewolýusiýanyň zarbasyny kabul edişini beýan edýän bolsa, bu hekaýada awtor sada türkmen aýalynyň aňynda rewolýusion özgerişiň, öwrülişigiň bolup geçişini suratlandyrýar. Şeýle hem rewolýusion türkmen ýigidiniň ejesiniň häsiýetini diňe onuň içki oýlary bilen açyp görkezýär. Ýokarda agzalan hekaýalaryň ikisinde-de obraz döretmekde-de, häsiýeti beýan etmekde-de heniz bärden gaýtmalaryň bardygyny hem bellemek gerek. «Bolşewik topunyň sesinde» waka awtoryň sözi arkaly beýan edilýär. Şonuň üçin-de personažlaryň dili aýyl-saýyl edilmeýär. Ýogsa, Nazar baýyň ruhundaky aljyraňňylyk, gorkaklyk onuň diline hökman täsir etmeli. «Biz şeýle ýagdaýy Kemal Işanowyň «Şatlykly habar» hekaýasynda-da görýäris. Bu hekaýada Petrow hem, Marusiýa hem türkmençe gepleşýär. Munuň üstesine olar bilen awtoryň özi hem şol bir stilistik hem-de garym-gatym ýalňyşlyklar bilen gepleýär. Bu hekaýada-da gahrymanyň häsiýetini açmaga aýratyn üns berilmeýär. Petrow, Myrat, Marusiýa hekaýa taýýar girişi ýaly, ondan şol görnüşlerine-de çykýarlar. Bu ýagdaýlar hekaýanyň professionallyk derejesiniň heniz bärden gaýdýandygyndan habar berse-de, taryhy-rewolýusion wakalary ilkinji beýan edýän eserler, hökmünde türkmen edebiýatynyň professional prozasynda eýeleýän orny aýratyn bellemäge mynasypdyr. Otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymy türkmen sowet professional prozasynyň taryhynda uly öwrülişigiň bolan döwri bolupdy. Çünki şol ýyllar Hydyr Derýaýewiň «Ganly penjeden», Ata Gowşudowyn «Perman», Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanlary ýazylyp başlanypdy. «Hydyr Derýaýew «Ganly penjeden» atly taryhy romanyňyň birinji kitabyny 1934-nji ýylda ýazyp gutarmak bilen, şol ýylyň özünde ony çap etdirmek üçin Türkmenistan döwlet neşirýatyna tabşyrýar. Emma roman wagty bilen çapdan çykmaýar. Ahyrda «Tokmak» žurnaly 1937-nji ýylyň mart aýynda çykan 6/406-njy sanynda «Tussag eserler» atly ýiti tankytly makala bilen çykyş edýär. Mundan başga-da birnäçe eser bilen birlikde Hydyr Derýaýewiň romanyňyň hem hiç birsebäpsiz, diňe neşirýatyň çeper edebiýat bölüminiň işgärleriniň geleňsizligi zerarly üç ýyldan hem köp wagtdan beri çykarylman ýatandygy berk tankytlanýar. Diňe şondan soň, 1937-nji ýylyň oktýabr aýynyň başlarynda, «Ganly penjeden» romany çapdan çykýar. Şeýlelik bilen, şol ýyl türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji gezek ýazylan realistik roman peýda bolýar»33. Edebiýatçy alym Kaka Salyh bu pikirini «Türkmen romanlarynda ussatlyk problemasy»34 atly monografiýasynda hem dowam etdirip şeýle diýýär: «..lürkmen edebiýatynda epopeýa döretmeklik 1933-nji ýylda H.Derýaýewiň «Ganly penjeden» romanyndan başlanýar». Şu ýerde başga bir zady hem bellemeli. Alym bu ýerde esasan, roman-epopeýalaryň döreýiş etapy, olary döretmäge girilişi barada gürrüň edýär. Ine, şu meseläniň bir ujy bolsa «ilkinji romany kim döredipdir» diýen kanuny sowala hem gelip direnýär. Çünki, bizde kim ilkinji diýen ýaly sowal goýmak, esasy meseläniň däl-de, şeýle meseleleriň daşynda jedel gurmak hem ýoň bolup barýar. Şu nukdaýnazardan garanyňda H.Derýaýewiň «Ganly penjeden» romany barada hem jedelleriň gitjegi ikuçsuzdyr. Çünki şu işiň awtory «B.Kerbabaýewiň döredijiliginde monumentallyk» diýen dissertasion işini gorajak bolanda, şeýle hem şol iş ara alnyp maslahatlaşylanda, şeýle hem ol işiň birinji oppanenti, Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň A.S.Puşknn adyndaky Edebiýat institutynyň edebiýat teoriýasy bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory E.A.Karimow, TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýaty institutynyň edebiýat teoriýasy sektorynyň uly ylmy işgeri A.Mämmedow, şol bölümiň uly ylmy işgäri K.Salyh we beýlekiler «türkmen edebiýatynda ilkinji türkmen romanyňy H.Derýaýew döretdi» diýip resmi ýagdaýda pikir aýtdylar. Umuman, şol pikir henize çenli hem dowam edip gelýär. Şonuň üçin-de bu soňy görünmeýän jedele goşulmazlyk maksady bilen şeýle diýesimiz gelýär. Dogry, H.Derýaýewiň «Ganly penjeden» romany 1937-nji ýylda çap edildi. Bu dogry. Ýöne, ol roman çap bolup çykandan soň, tussag edilenligi sebäpli edebi dolanyşyga girizilmedi. Elbetde, bu ýerde awtoryň günäsi ýok. Şeýle-de bolsa awtory ilkinji romany döretdi ýa-da döretmedi diýip gep uzaldyp oturmagyň ähmiýeti hem ýok hasap edýäris. Sebäbi ol roman ilkinjimi, ýa-da ikinjimi, ol haçan, nähili döredileni bilen däl-de, edebiýata näme berendigi, nähili obrazlary döredendigi, sýužeti-kompozisiýany gurmakda, häsiýeti açmakda, obraz döretmekde, problemany çözmekde, täze ideýany aýdyňlaşdyrmakda edebiýata goşant goşandygy bilen ölçenilýär. Türkmen edebiýaty hem, türkmen okyjysy hem tä 1960-njy ýylda, «Ykbal» romany çapdan çykýança bu roman barada hiç hili düşünje alyp bilmedi. Şonuň üçin biz hem «Ykbal» romany barada otuzynjy ýyllaryň taryhy-rewolýusion prozasynda däl-de, altmyşynjy ýyllaryň taryhy we taryhy-rewolýusion prozasy derňelende gürrüň etmegi makul bildik. Ine, şu ýerde ýene-de bir mesele gelip çykýar. Köp alymlar A.Gowşudowyň «Perman» romanyňyň birinji, ikinji kitaplary otuzynjy ýyllarda ýazylypdy diýip pikir ýöredýär. Bu barada edebiýatçy alym K.Salyh: «...Ata Gowşudowyň «Perman» epopeýasy döredilmäge girişilýär, 30-njy ýyllaryň aýaklaryna çenli onuň birinji-ikinji kitaby ýazylyp gutarylýar...»35 diýip belleýär. «Türkmen edebiýatynyň taryhy» atly oçerkler kitabynyň dördünji tomunyň «Otuzynjy ýyllaryň prozasy» bölüminde. «1939-njy ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň sahypalarynda Ata Gowşudowyň «Perman» atly ilkinji romanyndan bölekler çap edilip ugralýar»36 diýilse, «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» bäşinji tomunda, «Ata Gowşudowyň döredijiligi» diýen bölümde «...A.Gowşudowyň «Perman» romany 30-njy ýyllaryň prozasyna uly goşantdyr»37 diýilýär. Elbetde, A.Gowşudowyň «Perman» romanyňy hut otuzynjy ýyllarda ýazyp başlany dogrudyr. Oňa söz ýok. Muny «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1939-njy ýyldaky 2-nji, 4-nji, 7-nji, 8-nji, 11-nji, 1940-njy ýylyň 8-nji, 9-njy nomerlerinde onuň parçalarynyň çap edilmegi hem hatasyz güwe geçýär. Emma onuň tutuş eser hökmünde türkmen okyjysyna-da, edebi prosese-de näbelli bolmagynda galýar. Eýsem, heniz çap edilmedik, okyja ýetirilmedik, edebi dolanyşyga girizilmedik eser nädip «30-njy ýyllaryň prozasyna uly goşant» bolup bilýärkä? Şu ýerde, «Perman» romany çap edilýänçä onuň nähili eserdigini bu ýazyjyny öwrenen alymlaryň-da, otuzynjy, kyrkynjy ýyllaryň prozasyny öwrenen alymlaryň-da özlerine obekt edip almandyklaryny aýtmak gerek. Şonuň üçin-de tä «Perman» romany tutuşlygyna çap bolup çykyp, edebi dolanyşyga girýänçä, tankytçy Nargylyç Hojageldiýew özüniň belli «Ömür kitaby» – Sözsoňy» makalasyny ýazýança bu romanyň nähili eserdigi barada diňe çak edilipdi. Şol sebäplem, esere ýokardaky ýaly baha bermek hem şeýle çaklamalardan gelip çykýar. Çünki: «Şu ýerde bir zada üns bermegimiz gerek. Ýazyjynyň aýaly Bossan Gowşudowa-da, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täçmuhammet Durdyýew hem awtoryň «Perman» romanyňyň üstünde ýigriminji ýyllaryň aýaklarynda, otuzynjy ýyllaryň başlarynda işläp başlamak bilen, uruşdan soňky döwürde tamamlandygyny tassyklaýarlar. Urşuň başlanmagy bilen «Permanyň» üstünde işlemegiň kesilendigini aýdýarlar» diýip N.Hojageldiýew belleýär-de şeýle bir ýagdaý barada pikir ýöredýär38. «..Näme üçin ýazyjy ikinji kitabyň «Gümanly ýazgyt», «Gyrguş», «Kim-kimi awlamak ýolunda» ýaly soňky bölümlerini «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1939-njy ýyldaky sanlarynda çap etdirýär-de, onuň «Myş-myşlar we hakykat» diýen birinji bölümini žurnalyň 1940-njy ýylyň nomerlerinde çap etdirýär? Bu zatlaryň hemmesi romanyň Permana degişli bölümleri ikinji kitabyň «Myş-myşlar hem hakykat» diýen birinji babyndan, hatda romanyň tutuş birinji kitabyndanam öň ýazylan bolaýmasyn diýen pikire iteklemeýärmi näme?»39. «Perman» romanyňy jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda täzeden ilikdüwme gözden geçiren, onuň her sözüni, her sözlemini syntgylap ýüreginden, ganyndan geçiren ýazyjy N.Hojageldiýew şunuň şeýledigini duýýan bolsa, syzýan bolsa, onda, dogrudan hem roman otuzynjy ýyllarda ýazylyp gutarylan bolmaly däl. Eger bu roman otuzynjy ýyllarda tamamlanan bolsa, onda B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňa çenli çap etmäge hem mümkinçilik bolupdyr. Munuň üstesine, awtor 1940-njy ýylda näme işlejekdigi barada gürrüň berende: «Bu roman («Perman» – Ö.N.) birinji bölümi türkmen halkynyň kolonial döwründen öňki döwrüni suratlandyrýar we Zakaspi oblastynda graždanlyk urşunyň gutarmagy bilen roman gutarýar. Şu jümleden 16-njy ýylyň gozgalaňyndan bir görnüşini şu roman öz içine alýar...» diýip, «Sowet edebiýaty» žurnalynda40 ýazýar. Ine, şu ýagdaýlar, soňra romanyň bölumleriniň biriniň ýitirilmegi eseriň edebi dolanyşyga girmegini gijikdirýär. Hut şonuň üçin-de bu roman barada hem otuzynjy ýyllaryň edebi prozasy barada gürrüň edilende jikme-jik durup geçmän, onuň edebi dolanyşyga girizilen döwründe gürrüň edilse, maksada laýyk bolar diýip pikir edýäris. Bu bölümde diňe şol ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilen bölümler barada durup geçilse we şol bölümleriň şol döwrüň edebiýatyna näme berendigi barada pikir ýöredilse dogry bolardy. Çünki, «Perman» romanyňyň döredilenden halka ýetirilen wagtyna çenli bolan aralygy, ine, şu bölümler birleşdirýär. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1939-njy ýyldaky 2-nji, 4-nji, 7-nji, 8-nji, 11-nji nomerlerinde bu romanyň häzirki derejesindäki ýagdaýyndaky ikinji bölüminiň «Gümanly ýazgyt», «Gyrguş», «Kim kimi awlamak ýolunda» bölümleri çap edilipdir. «Gumanly ýazgyt» atly bölümde rewolýusiýadan öňki türkmen obasy göz öňüne gelýär. Şol obada Öwezmyrat atly ýaşuly adam ýaşaýar. Onuň Perman atly agtygy bar. Ýaşuly nämüçindir gyzyny birwagt öýünden kowupdyr. Soň köp wagtlap onuň ogluna eýe bolmandyr. Indi agtygy ýigit çykyp, babasynyň ýanyna gelipdir. Olar bileje ýaşaýarlar. Günleriň bir güni Perman ýüzüni sallap öýe gelýär. – Näme, beýle tukat görünýäň? – Bilmedim, baba!...» Şeýle gürrüňçilikden soň Öwezmyrat batyr Permanyň getiren şum habaryny diňleýär. Görlüp oturylsa, obanyň ähli erkegi – düýesi, esasan hem garyp-gasaryňky ýygnalypdyr. Indi bolsa obanyň ähli aty alynjakmyş diýlen habar bardy. Öwezmyrat batyr bu habary anyklamak üçin oba arasyna aýlanýar. Şol habaryň çyndygyny bilenden soň, Permany aty bilen uzak ildäki tanşynyň öýüne ugradýar. Ine, bu bölüm şunuň bilen hem tamamlanýar, «Gyrguş» bölümi-de «Gumanly ýazgyt» böluminiň gös-göni dowamy. Bu bölümde Öwezmyrat batyryň Gyrguş atly aty barada gürrüň berilýär. Bu at öz wagtynda bu etraplary baglan at. Ol aty öz agramyna bara-bar pula-da sorapdyrlar. Onda-da ak patyşanyň polkownigi Mazana baýar. Mundan başga-da Hal molla, Seýitmyrat beg, Allak pişik, Mazana baýar dagy hem bu aty garawullap, eger bu at birbahana bilen gola salynsa, onda ony özi bilen bara-bar pula aljak bolup ýörler. Ahyr soňy, beýdip yzarlap ýörensoňlar, Garaguşuň obada ýoklugy belli bolýar. Allak pişik bu habary baryp diwana ýetirýär. Şonuň üçin-de Öwezmyrat batyry diwana çagyrýarlar. Şoňa çenli Öwezmyrat batyr öz atyny, onuň nähili atdygyny, öňüne at geçirmän, köp-köp atyň eýesini armanda goýanyny ýatlaýar. Düýşünde agtygy bilen atynyň kyn ýagdaýa düşüşini görýär. Emma ony aýaly köşeşdirýär. Öwezmyrat batyr arçyna-da, atyň nirä gidenini soraýan beýleki adamlara-da belli zat aýtmaýar. Netijede, onuň işi kynalýar. Onuň üstüne zyndana düşäýmek howpy abanýar. Ine, şu ýerde-de dilmaç onuň halyna ýüregi awan bolan bolup, özüniň kömegini hödürleýär. Ýaşuly ilki onuň eline on manat, soň elli manat, soň otuz manat berýär. Emma olaryň ber-beri tükenmeýär. Olar iş bitirmeden geçen, gaýta ýüzlerini sallaşyp, «sen ertir gel-de, pylan gün gel» diýip başlaýarlar. Bu ýagdaý ýaşulynyň gaharyny gaty getirýär. Şonuň üçin olara beren puluna, eden ynamyna juda puşman edip, ýaşuly öüne gelýär. «Kim kimi awlamak ýolunda» atly bölüm hem ady agzalan iki bölümiň gös-göni dowamy. Bu bölümde Öwezmyrat batyryň gyz beren obasyna barýan Permanyň ýagdaýy yzarlanylýar. Perman dagyň etegine sag-aman ýetýär. Ol dagdan aşsa, howpdan sypýar. Emma daglaryn zawlary galtamançylyk edip ýörenlerden doly. Ine, Agamyrat we onuň alty sany ýoldaşy hem Permany tutup pristana getirmek üçin ýola salnan galtamanlar. Agamyrat dagy Permany alys ýoldan tanaýarlar. Perman Gyrguşy suwa ýakmakçy bolýar. Emma Gyrguş gizlenip ýatan duşman leşgerinem, olaryň pirimlerinem duýýar. Şonuň üçin-de çeşme suwuna tarap garanogam. Edil şol wagtam Agamyrat atyň üstüne topulýar. Emma Gyrguş Permany şol howply beladan alyp çykýar. Ýedi at, bäşataryň, at aýagynyň tapyrdysy ýaly çasly sesi hem Gyrguşa-da, Permana-da kär edip bilmeýär. «Perman» romanyňyň «Myş-myşlar we hakykat» bölüminde bolsa Öwezmyrat batyryň maşgala ýagdaýy, onuň bu meselede çekýän namysy-ary, hasraty barada gürrüň berilýär. Bu bölümde Öwezmyrat batyryň ýekeje oglunyň tragiki ölümi barada aýdylýar. Seýitmyrat begiň ogly Begli awda «tüpeňi özüne degdi» diýen bolup, onuň oglunyň meýdini alyp gelýär. Seýitmyrat beg ahuny we beýleki kethudarak adamlary yzyna tirkäp, ýaşulynyň oglunyň ýerine gelýär. Şeýdibem batyr birneme köşeşýär. Emma gyzynyň oňa salan zulmy oglunyň ölmünden hem agyrrak degýär. Ol gyzyny Permanguly diýen bir garyp ýigide berýär. Ol ýigit hiç zat geçirmänsoň, gyzyny öýünde ep-esli saklaýar. Ahyrynda-da gyzy öz adamsy bilen gaçyp gidýär. Oba arasyna çykanda Begli we onuň ýanyndaky talyplar «Gyzy äri bilen gaçyp gidipdir, bu bolsa utanman oba-da çykyp ýör» diýip, onuň namysyna degýärler. Ine, şu ýerde-de Öwezmyrat batyryň gazaby tutýar. Onuň «Oglumy Begliniň özi öldürendir» diýen betgümanlygy has möwjeýär. Ol Beglinem, gyzynam, giýeweinem öldürmegiň kül-külüne düşýär. Emma aýaly oňa bu işini amala aşyrmaga mümkinçilik bermeýär. Şonda Öwezmyrat batyr öliniň kepenini soýýan müjewür barada hem-de onuň kakasyndan hem beterräk ogly barada rowaýat aýdýar. Seýitmyrat şol müjewüriň ogluna deňeýär. Soňra birneme köşeşensoň Beglini, Seýitmyrat begi gözläp gidýär. Olar gizleneni üçin, öýüne armanly gaýdýar. Ahun billen demirçi töwella gelensoň bolsa atyny eýerläp, birýerlere gidýär. Kim: «Öwezmyrat batyr däliräp düze çykypdyr» diýse, kim: «Öwezmyrat batyr öwlüýä baryp, toba edýärmiş» diýip gürrüň çykarýar. Ine, şulardan görnüşi ýaly, «Perman» romanyňyň «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilen böleklerinden romanyň tutuş süňňi, onuň gahrymanlary, obrazlar barada belli bir düşünje alyp bolanok. Biz şol bölekler barada mundan beter jikme-jiik gürrüň edenmizde-de, okyja şundan artyk zady aýdyp bilemizok. Diňe «Perman» romany edebi dolanyşyga girenden soň, okyjylar hem, edebiýaty öwrenijiler hem bu romanyň «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilen bölekleri barada pikir ýöretmäge, netije çykarmaga mümkinçilik alyp bildiler. Şeýlelikde, türkmen sowet edebiýatynyň otuzynjy ýyllardaky profesional prozasy, onuň taryhy we taryhy-rewolýusion prozasy uly ösüşiň basgançaklarynyň erňegine geldi diýip aýtmak bolar. Bu döwürde roman žanrynyň adynyň köp agzalyp başlanmagy tebigy ýagdaý boldy. Şu geçen döwürde roman döretmäge ähli mümkinçilik emele geldi. Hydyr Derýaýewiň «Ganly penjeden» romanyňyň döredilmegi, emma belli sebäplere görä onuň halka ýetirilmezligi, A.Gowşudowyň «Perman» romanyňyň bölekleriniň žurnalda çap edilmegi, elbetde, türkmen okyjysynda türkmen romany şeýle eken-ow diýen düşünjäni emele getirip bilmese-de, türkmen edebiýaty şu romanlar: hasabyna obraz, häsiýet, durmuşy köptaraply beýan etmek, häsiýeti töwerekleýin açmak taýdan täze bir üstünliklere eýe bolmadyk hem bolsa, prozamyzyň poetikasyna önjeýli goşant goşulmadygam bolsa, okyjyda bu gün bolmasa-da ertir türkmen professional romanyňyň dörediljekdigine uly ynaç emele geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |