00:17 Taryhy prozanyñ folklor hem-de edebi gözbaşy | |
TARYHY PROZANYŇ FOLKLOR HEM-DE EDEBI GÖZBAŞY
Edebiýaty öwreniş
Juda gysga döwürde uly üstünlige eýe bolan türkmen prozasyny taryhy we taryhy-rewolýusion žanrsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Eger-de şu gün türkmen edebiýatynyň uly hazynasyndan taryhy we taryhy-rewolýusion temada ýazylan proza eserleriňi saýlap aýyrsaň, şol hazyna abyrsyz zarba urlardy. Ine, türkmen edebiýaty bu uly žanryň eserleri bilen şeýle derejede baýlaşdy. Şu wagta çenli Oktýabr rewolýusiýasyndan ozal, hatda ýigriminji ýyllarda-da professional prozanyň bolmaýşy ýaly, taryhy temadan ýazylan proza eserleri-de bolmandygyny edebiýaty öwrenijileriň ençemesi subut etdi. Ýöne şu günki uly proza baýlygymyzyň, ylaýta-da taryhy temadan ýazylan prozanyň kökleriniň geçmişiň gatlaryna gidýändigini-de edebiýaty öwreniş ylmynyň eýýäm belläp geçendigini aýtmak gerek. Hakykatdan hem şu günki taryhy we taryhy rewolýusion prozanyň kökleri halk durmuşynyň taryhynyň jümmüşine tarap uzalyp gidýär. Taryh hemişe halkyň geçmiş ruhunyň hazynasyny aýap saklaýjy bolmak bilen, şol durmuşyň dialektikasyny ýörediji hem bolup hyzmat edip gelipdi. Şonuň üçin halk durmuşynyň ruhy gymmatlyklarynyň taryhy hemişe geçmişiň sahypalaryndan agtarylypdy. Halkyň edebi ruhy barasynda-da bu şeýledir. Diýmek, biz şu günki ösen prozamyzyň taryhy we taryhy-rewolýusion pudagyny yzarlamakçy bolsak, onda taryhyň edebi ruhunyň – halk döredijiliginiň sahypalaryny agdarmaly bolýarys. Dogry, biz näçe agtarsak hem halk döredijiliginiň žanrlaryndan taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň aýdyň alamatlaryny tapyp bilmeris. Bu dogry. Ýöne halk döredijiliginiň her bir žanrynyň arkasynda şol taryhy döreden janly adamyň durandygyny unutmak bolmaz. Şol janly adam taryhyň çarhyny aýlaýanlaryň biri. Ol taryhyň zynjyryny biziň günlerimize çenli getirmek bilen, döreden eserinde özüniň taryhyny dogruçyllyk bilen beýan etmegi-de başarýar. Biz şol eserlerde taryhy we taryhy-rewolýusion matlaplary görmesekde, şeýle demi duýup bilýäris. Munuň üçin halk döredijiliginiň uly eserleriňi däl, iň kiçijik eserleriňi mysal almak ýeterlikdir. Mysal üçin, folkloryň esasy görnüşleriniň biri bolan atalar sözüni we nakyllary alyp göreliň. Olarda durmuşyň gaty köp meselesi özüniň beýanyny tapypdyr. Elbetde, halk döredijiliginiň bu žanrynyň özboluşly spesifikasy bar. Ol durmuşy görkezip duranok-da, durmuşdaky haýsydyr meseleden gelip çykýan pikiri, pähimi, netijäni jemläp, beýan edip goýberýär. Ine, hut şu ýerde-de bir ýagdaý barada ylalaşyjylykly ýa-da ýazgaryjy, makullaýjy ýa-da protest bildiriji demi, pähimi, ýagny uly durmuş tejribesiniň jemini we göze ilmeýän ynsap ölçegini, adalatlylyk ölçegini duýup galýarys. Meselem, «Ýakma-bişersiň, gazma-düşersiň», «Egri azar-dogry ozar», «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» ýaly nakyllary alyp göreliň. «Egri-azar, dogry-ozar» – ine, şu nakylyň süňňünde durmuşyň özboluşly tejribesiniň taryhy ýatyr. Bu ýerde dogrynyň ozýandygyny berk ynanç bilen makullama hem-de egriniň azýandygyna berk ynanç bar. «Ýakma-bişersiň, gazma-düşersiň» nakylynda bolsa şol bir meselä bolan protest iki basgançakly tymsal bilen beýan edilýär. Şol protesti has anyk duýmak üçin «Ýakma-bişersiň, gazma-düşersiň» atly ertekini görüp geçäýmek dogry bolardy. Şol ertekide şeýle diýilýär: «Öň zamanlarda bir baý adam garyp-gasarlary talaban tutup, olary ymgyr çölüň jümmüşine alyp gidýän eken. Şol ýerde-de bir öküzi öldürip, talabany aldap, öküziň hamynyň içine salyp, agzynam pugta daňýan eken. Soň şol öküziň hamyny äpet gara guşlar gapdaldaky dagyň çür başyna alyp çykýan eken. Dagyň depesi bolsa altyn-kümüşden dolumyş. Onsoň, guşlar ýiti dyrnaklary bilen şol hamy parçalaýarlar. Netijede, ol garyp talaban şol hamdan çykýar, ondan gorkan guşlar bolsa dyr-pytrak bolup, uçup gidýärler. Hälki garyp töwereginde çagraşyp ýatan adam süňklerine haýýaty göçüp, baýa ýalbarmaga başlaýar. Baý bolsa aşakdan: «Şol ýerde altyn-kümüş kändir, şolardan aşak taşlabileniňi taşla, onsoň özüm seni aşak düşürmegiň bir alajyny ederin» diýýär. Baý gerek altyn-kümşüni edinenden soň, şol adamyň ganyna galyp, yzyna gaýdýan eken. Ahyry bir talaban ol ýerden aman-sag dolanyp gelip, soň baýyň özüni öküziň hamyna salýar. Guşlar onuň özüni-de şol dagyň çür depesine alyp çykýarlar. Baýyň özi ile beren ýowuz jezasyny çekmeli bolýar. Erteki bolsa: «Ýakma-bişersiň, gazma-düşersiň» diýip tamamlanýar. Ine, şu ýerde diňe bir hälki talabanyň jebirli durmuşynyň taryhy däl, onuň adalat ugrundaky özboluşly göreşiniň hem jemi görkezilýär. Munuň üstesine, şol rewolýusiýanyň jeminden gelip çykýan berk protest hem ýaňlanýar. Erteki žanrynda bu ýagdaý has giň suratlandyrylandyr. Muny synlamak üçin ilki bilen sadaja ertekilerden mysal almak ýeterlikdir. «Ýylan we garga» diýen gysgajyk halk ertekisinde şeýle gürrüň berilýär: «Bir garga dagyň gaýasynda ýaşaýan eken. Şol ýerde bir ýylanyň hem öýi bar eken. Garga çagalan wagty ýylan gelip, onuň çagalaryny iýýän eken. Garga bir gün ýylandan görýän jebirlerini şagala aýdýar. Şagal oňa maslahat berýär. Bir gün garga oba gelip, kir ýuwup oturan aýalyň ýaglygyny alyp gaçýar. Munuň yzyndan birnäçe adam kowýar. Ahyry garga ýaglygy getirip ýylanyň üstüne oklaýar. Adamlar hem gelip, ýylany öldürip, ýaglygy alyp gidýärler. Garga-da şagalyň maslahaty bilen ýylandan gutulyp, döwran sürmäge başlaýar». Bu ertekide adamyň öz ganym duşmanyna bolan protesti haýwanlaryň üsti bilen berilýär. Özi-de indi jebir gören ýeke däl. Ol kimdir biri bilen (şagal bilen – Ö.N.) birleşýär. Şeýdibem özüniň duşmanyny ýeňýär. Ondan aryny alyp, «döwran sürmäge başlaýar». Türkmen halk ertekilerinde sýužet-kompozisiýanyň hem has çylşyrymlaşyp, durmuş meseleleriniň bir däl-de birnäçesi bilen iş salşylýan wagtlary hem az däl. Mysal üçin «Eneň uny tükenendir» atly erteki «Ýylan we garga» ýaly sadaja däl. Onda eýýäm durmuşyň möhüm meselesi, ynsanyň häsiýetini seljermek meselesi öňe sürülýär. Mollanyň ahlaksyzlygy, kezzaplygy durmuşy detallar bilen açylyp görkezilýär. Bu ýerde toslama-da, haýwanlaryň durmuşy-da ýok. Şeýle ýagdaýy biz «Akylly gelin», «Ýetim gyz», «Çapyk molla», «Dogruçyl oglan» ýaly durmuşy ertekilerde-de görüp bilýäris. Bu ertekilerde ynsanyň ýalançylyga, ahlaksyzlyga, kezzaplyga bolan çuňňur protesti beýan edilýär. Adam, dogruçyl, ynsaply, zähmetkeş, sada adam sütemhoryndan, ýagny özi ýaly adam hem bolsa, özüne hile, al gurjak bolýan, özüne jebir etjek bolýan adamdan gutulýar. Ony ýeňip ondan aryny alýar. Ady agzalan ertekilerde durmuşyň bir wakasy diňe bir epizodda görkezilýän bolsa, «Hudaýberdi gorkak» ýaly ertekilerde sýužetiň, häsiýetiň, kompozisiýanyň has çylşyrymlaşýandygyny görmek bolýar. Bu ertekide eýýäm iki sany sýužet arkaly gahrymanyň başdan geçirmeleri beýan edilýär. Onda adamyň ýagdaýy, kiçijik duşmanyndan hem gorkup, oňa elgarama bolup ýörşi beýan edilýär. Ýagny, Hudaýberdi diýen adam gorkusyndan ýaňa tilkä özüni aldadýar. Aýalynyň-gyzynyň dokan alaçasyny oňa berip goýberýär. Ertekiniň ikinji epizodynda Hudaýberdide bolup geçen psihologik öwrülişigi synlaýarys. Bu ýerde öň tilkiden gorkup ýören Hudaýberdi aýalynyň, gyzynyň igenjine çydaman, öýden çykyp gidýär. Barybam adamzadyň ýeke-täk garşydaşy bolan äpet döwler bilen bil tutuşýar. Bu ertekide adamyň özüniň sütemkärinden gorkup, çekinip, onuň öňünde bil büküp ýörmeli däldigi nygtalýar. Munuň üstesine-de, agzap geçen ertekilerimize garanda durmuşa has çuň aralaşylýar. Durmuşyň, güzeran dolamagyň anyk detallary agzalýar. Şeýle hem, ýöntem bolsa-da adamyň durmuşyndaky, aňyndaky öwrülişigi görkezmäge synanyşyk edilýär. Ine, adam şeýdip, haýsydyr bir umyt-arzuwyny beýan etmek üçin durmuş bilen hyýaly utgaşdyrmagy, şeýdibem özüniň ar almak ideýasyny beýan etmegi, düşündirmegi başarypdyr. Çünki, biz şu ertekide bolup geçýän wakalary synlap, birinji sýužetde Hudaýberdiniň tilkiden aldanandygyna, ikinji sýužetde bolsa onuň äpet döwleri-de ýeňendigine ynanýarys. Ynsanyň adalat, adamkärçilik, ynsap ugrundaky göreşini, başdan geçirmelerini has çylşyrymly sýužetler arkaly açyp görkezmek hem ýöne ýere emele gelen zat däl. Ertekide nygtaljak bolunýan gahrymançylyk, göreş ideýasyny, ar almak ideýasyny has düşnükli, onuň beýlekilere has düşnükli bolmagy baradaky pikir şeýle ertekileriň emele gelmeginiň esasy şertleriniň biri bolupdyr. Çünki köp sýužetli, çylşyrymly wakaly ertekilerde durmuş detallary has aýdyň görünýär. Munuň üstesine bolsa, garşylyk näçe köp bolsa, adam häsiýetleri şonça çuňňur açylýar. Biz şeýle ýagdaýlary «Akpamyk», «Garaja batyr» ertekilerinde aýdyň görýäris. «Akpamyk» ertekisinde bir kompozision gurluşda üç sýužet bolsa, «Garaja batyr» ertekisinde dört sany sýužet liniýa bar. Munuň özi bu ertekide durmuşyň şeýle köp mesele barada gürrüň edilýändiginden, personažlaryň häsiýetini köptaraply açmaga synanyşyk edilýänliginden habar berýär. Ertekiniň birinji sýužetinde Garaja batyr öz taýyny halas edýän bolsa, ikinji sýužetde ol döwlerden üstün çykýar. Şu ýerde bu erteki tamam bolaýmaly ýaly. Emma äpet-äpet döwleri ýeňen Garaja batyry özüniň süýtdeş doganlary maýyp edip taşlaýarlar. Ine, şondan soň ertekiniň üçünji sýužeti başlanýar. Bu sýužetde Garaja batyr boýy bir garyş, sakgaly iki garyş adam bilen söweşmeli bolýar. Ol ony-da ýeňýär. Ine, şonuň kömegi bilenem özüniň agalaryndan ar alýar. Bu ertekide Garaja batyryň gahrymançylygynyň dördünji etapyny synlamak bilen birlikde, adam ykbalyny kyssada beýan etmegiň çylşyrymly usulynyň hem başlanýandygyny görýäris. Mundan başga-da ertekiniň indi özüniň garaýşyny protestini ýekeje ýerde däl-de has köp sýužetde beýan edip ugraýar. Durmuşyň gaty köp meselesini yzly-yzyna beýan etmek her bir ertekiniň yzyndan ondan gelip çykýan netijäni beýan etmek, çylşyrymly kompozisiýa, köp sýužetlilik ähli halkyň, şol sapda türkmen ertekilerine-de mahsus ýagdaýdyr. Şol ýagdaýy biz «Totynyň hekaýalary», «Müň bir gije» ýaly dünýä belli ertekilerde-de görýäris. Halk döredijiliginiň dessan žanry kyssaçylyga, durmuş hakykatyny prozada beýan etmäge, şeýle hem durmuşy has töwerekleýin suratlandyrmaga mümkinçilik döräpdir. Eger ertekilerde durmuşyň diňe bir meselesi görkezilýän bolsa dessanlarda bu mesele has töwerekleýin çözülýär. «Türkmen dessanlarynyň üç hili häsiýetine duş gelmek bolýar: «gahrymançylykly, yşky-gahrymançylykly, yşky häsiýetde»1. «...Dessanlary okanymyzda položitel hem-de otrisatel gahrymanlaryň arasynda esasan hususy meselede – söýgi meselesinde bolýan garşylygyň döreýşi, ösüşi, çözülişi gönüden-göni göz öňümize getirýäris. Emma başga meselelerde ýüze çykýan garşylyklary welin başlanýan ýerinden gutarýan ýerine çenli göz öňümize getirip bilmeýäris»2. Şeýle hem bolsa dessanlarda ertekilere garanda durmuş meselelerine has çuň bolmasa-da çynlakaý deglip geçilýär. Dessanlarda-da sýužet edil ertekilerdeki ýaly ösýär. Ýöne olarda wakalar ertikelere garanda birneme köpelýär, ertekilerde garşylyk esasan bir adam bilen baglanyşykly bolýan bolsa, dessanlarda ol iki sany toparyň arasynda ösýär. Diýmek, dessanlarda şer işlere, adalatsyzlyga bolan proteste haýyr işiň dabaralanmagyna gatnaşýan gahryman hem köpelýär, şol gahrymanlaryň häsiýetem ertekilerdäkä garanda köptaraply açylýar. Şundan ugur alyp synlanymyzda «Leýli-Mežnun» dessanynda diňe söýgi meselesinde, iki sany toparyň arasynda garşylygyň döreýändigini görýäris. Bu dessanda adamyň haýyr işe bolan ynanjy, adalatsyzlyga bolan gararýşy, Leýli bilen Mežnunyň arasyndaky mukaddes söýgi duýgusynyň üsti bilen berilýär. Söýgi meselesine bolan ynsan gatnaşygy arkaly adam psihologiýasyny, ynsanyň öz mukaddes duýgusy ugrundaky jebir-jepasyny açyp görkezmäge synanyşyk edilýär. Ynsanyň gahrymançylygy, onuň adalatsyzlyga protesti söýgi meselesiniň üsti bilen açylyp görýär. Emma «Huýrlukga-Hemra» atly türkmen dessanynda başga bir ýagdaýy synlaýarys. Bu dessanyň 1952-nji ýyldaky neşirine ýazan sözbaşysynda professor B.A.Garryýew şeýle belleýär: «Dessanyň içki gurluşyna, ýagny kompozisiýasyna geçenimizde, iki sany kompozision liniýanyň bardygyny görýäris. Olaryň birinjisi, (Hemranyň – Ö.N.) Çyn-maçyna gidişi, ikinjisi bolsa – şazadalaryň guş gözlegine gidişleri»3. Bu dessanda bir kompozision gurluşda iki sany sýužetiň bardygyny A.Mirbadalýewa dessanyň 1963-nji ýyldaky neşirine ýazan sözbaşysynda ýene-de tassyklaýar. Hakykatdan hem bu dessanda iki sýužet bolup, ol sýužetleriň biri mertlik, ynsanperwerlik, watansöýujilik barada, beýlekisi bolsa esasan söýgi we gahrymançylyk barada ýüze çykýar. Bu dessanyň esasy gymmaty, onda gahrymanyň adamkärçilik, ynsaplylyk, adalatlylyk arkaly özleriniň garşydaşlaryny ýeňýändiginden, şeýdibem adalaty dikeldýändiginden ybaratdyr. Ýöne ertekilerdäki ýaly, gahryman maksadyna ýetmek bilen oňmaýar. Ol täze gahrymançylygyň ugruna çykýar. Gaty köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup, maksadyna ýetýär. Aý ýaly gyza öýlenýär. Özüniň duşmanlaryny dyza çökerýär, olara eden işine puşman etdirýär. Üç sany sýužet ýordumy bolan «Zöhre-Tahyr» dessanynda, dört sýužet liniýasyny özünde jemleýän «Nejeboglan» dessanynda has köp garşylyklary synlaýarys. Şol garşylyklar dessanlaryň gahrymanlaryňy uly synagdan geçirýär. Şol gahrymanlaryň häsiýetini gaty köp meselä gatnaşykda aýdyňlaşdyrýar. Mysal üçin, «Zöhre-Tahyr» dessanynda Tahyr özüniň söýgüsi üçin telim aýlap sandykda ýatmaly bolýar, ýedi ýyllap ýat illerde sergezdançylyk çekmeli bolýar. Garakçylaryň synagyndan geçip, suwsuz çölleri sökmeli bolýar. Iň soňunda-da ol ölüme sezewar edilýär. Ýöne, ol şonda-da ýeňilmeýär. Ölmek bilen öz söýgüsine gowuşýar. Oňa zulum eden patyşa bolsa onuň mazarynyň başyna gelip, gan aglap, eden işine puşman edýär. Ine, şu ýerde-de biz gahrymanyň halkylygynyň, onuň halkyň söýgüsine mynasyp bolmagynyň sebäbine düşünip galýarys. Halk ölende-de ýeňilmeýän, goý, ol şiri janyny pida berse-de tutan maksadyna ýetmän goýmaýan, wepaly gaýduwsyz gahrymany halaýar. Hut şonuň üçin-de şeýle gahrymany dessana salýar. Proza eserleriňiň çeper-poetikasynyň esasyny tutýan suýužet-kompozisiýany, ideýany we durmuşyň gaty köp meselesini gahrymanlaryň köp taraply, çylşyrymly häsiýeti arkaly aýdyňlaşdyrmak halk döredijiligiň iri eserleriňde has güberçekleýin ýüze çykýar. Şolardan türkmen halkynyň iň gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň hem-de taryhy ýazgylarynyň esasylarynyň biri bolan «Gorkut ata» ýa-da «Kitaby däde Gorkut» eseriniň tutuş özeni halk gahrymançylygy bile ýugrulandyr. Bu ajaýyp eser diňe bir türkmen prozasyny gaty gadymdan kök alyp gaýdýandygyny subut etmek bile çäklenmän, türkmen taryhy kyssasynyň, onuň poetik esasyny gaty gadymdan gaýdýandygyny subut edýär. Belli edebiýaty öwreniji, uly türkmen alymy, professor Mäti Kösäýew bu halk eposynyň 1950-nji ýylda taýýarlanylan, emma belli sebäbe görä çap edilmän galdyrylan kitabyna ýazan sözbaşysynda şeýle diýýär: «Eserdäki baş ideýa gahrymançylykdyr. Bölümleriň aglabasynda türkmen taýpalarynyň keseki ýurt basybalyjylaryna garşy gaýduwsyz göreş alyp baryşlary, şol aýgytly söweşlerde ýigitleriň gahrymançylyk bilen öz eziz ýurtlaryny gorandyklary suratlatlandyrylýar. Kitapda Watana, il-güne söýgi, ýoldaşa wepalylyk mertlik, uruş hünärini türgen bilmek ýaly durmuşyň talap edýän ýagdaýlary örän ýiti goýlupdyr. Hatda, oglan ýigit ýetip bir gahrymançylyk görkezmese, oňa at hem dakylmaýar. Meýlislere gatnaşyp, gürrüňe goşulýan ýigitden haýsy-da bolsa bir ugurdan göz görkezmeklik talap edilýär...»4. Gündogar edebiýatyny öwreniji alymlaryň biri Halyk Görogly bolsa bu eposyň taryhylyk gatanjynyň güýçlüdigini bellemek bilen şeýle diýýär: «В двенадсатом «Огузнаме нашла отражение огузская древност. Оно сохранило до нашиx дней некоторые элтементы истории, в противовес другим сказаниям, где очен трудно отделит эпическое от исторйческого»5. Bu ýagdaý ýöne ýerden däl. Çünki dine bu eserler halk taryhynyň çuňňur ruhuny saklamak bilen çäklenmän, ol halk durmuşynyň, halkyň taryhynyň belli bir etapynyň şaýatnama kitaby hem bolup durýar. Çünki olaryň baş gahrymany, köp alymlaryň çaklamalaryna görä onuň awtory Gorkut taryhy şahs bolupdyr. Ine, bu barada H.Görogly şeýle maglumat berýär: «Интересен труд Имад-ад-дина Мухаммеда ибн Мухамeдa ал-катиба ал-Исфахани (1125-1201). В своем сочинении он описывает события, участником которых был сам. Он тоже в числе огузских эмиров упоминает имя Горкута. Захир ад-дин Нишапури (ум. 1186) и его современник Абу Хамид Мухаммед ибн Ибрахим (ум. 1202) проводят историю борьбы и пленения султана Санджара огузами при участии Коркута. Имя Коркута как эмира огузов приводятся еще рядом персоязычных авторов. Другая группа историков сохранила домусульманский образ эгического Коркута...»6. «Mundan başga-da Gündogaryň meşhur taryhçysy Reşidetdin Tebip (XIV asyr), Alyşir Nowaýy (1441-1501), görnükli türkmen taryhçysy Salyr baba Gulaly ogly (XVI asyr), hem belli taryhçy Abulgazy Bahadyr han (VII asyr) dagy oguzlardan Garahoja diýen adamyň Gorkut ata diýen oglunyň bolandygyny, onuň haýsy hanyň döwründe ýaşandygyny hatda Gorkut atanyň oguz türkmenleriniň baýat tiresinden bolandygyny aýdýarlar. Mysal üçin, Nusaýly türkmen taryhçysy Salyr baba Gulaly ogly özüniň taryhy kitabynyň «Oguz we öwlad we etbag we bari etrak taryhyndan» atly bölüminde Gorkut hakynda şeýle ýazýar: «...Gorkut Garahoja ogly... örän akylly, dana we keramatly bolupdyr. Onuň döwründe Ynal syrmawkoýhon bolupdyr. Bu hekaýany rowaýat edeniň aýtmagyna görä, Gorkudyň ömri ýüz togsan bäş ýyl bolan eken...»7. Professor Mäti Kösäýewiň belleýşi ýaly, bu kitabyň esasynda taryhy hakykat ýatyr. Şonuň üçin-de bu kitaby taryhy kyssa diýmezlige hakymyz ýokdur. Munuň üstesine-de bu kitap ata-babalarymyzyň durmuş, adalatlylyk, kämillik ugrunda formirlenişiniň aýdyň nyşany hökmünde bize ýetipdir. «Gorkut ata» kitabynyň iň gymmatly tarapy onuň türkmen durmuşynyň taryhyny esasan kyssaýy formada beýan edilenligidir. Bu eser diňe bir taryhy we taryhy-rewolýusion prozamyzyň gözbaşy bolman, tutuş türki halklaryň taryhy we taryhy-rewolýusion prozasynyň çeşmesiniň gözbaşydyr. Türkmen halkynyň ýene-de bir ajaýyp eposy, bu halky taryhynyň sahypalaryny özünde jemleýän «Görogly» eposy hem türkmen monumental prozasynyň, şol sanda taryhy prozasynyň ähtibarly gözbaşlarynyň biri bolup durýar. Bu epos diňe bir gahrymançylyk, mertlik, watanparazlyk barada gymmaty egsilmez eser bolmak bilen çäklenmän, ol halk durmuşynyň taryhynyň hem ýyl ýazmasy bolup durýar. Mundan başga-da, epos tutuş bir halkyň adalatsyzlyga, ezizilige, basybalyjylyga, süteme garşy uly protesti bolup durýa. Şu nukdaý nazardan garanyňda, bu esere taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň ilkinji ygtybarly eseri diýmek bolar. Elbetde, biz bu eposda taryhy elementleri, taryhy dokumente gaty golaý durmuşy sahypalary görsegem, halky rewolýusiýasyny görüp bilmejegimiz kanuny ýagdaý. Şeýle bolsa, kyrk ýigidiň Göroglynyň ýolbaşçylygynda halk watany goramak üçin, adalatlylygy dikeltmek üçin alyp barýan göreşlerinde halk rewolýusiýasynyň sadaja elementlerini görýäris. Göroglynyň kyrk ýigidiniň arasynda türkmen halkyň taýpalarynyň ählisiniň diýen ýaly wekili bar. Mundan başga-da, Görogly gyssaga düşende türkmen taýpalarynyň ählisini ýygnamagy başarýar. Mysal üçin, eposyň «Kyrk müňler» şahasynda ummasyz duşman Çandybile çozýar. Ine, şonda Görogly: Çandybilde çekdim zar, Barabar namysy-ary. Ol ýemreliň serdary, Sapa ogly Çakan gelsin. Keser gylyç dagy dawly, Ýaşyl naýzasy ýalawly. Il içinde atly-çawly, Teke begi Zaman gelsin. At salyp gezer her ýanda, Men bolsam başyna bende. O Gökleňde, o balkanda, Bir neper nägehän gelsin. Nezir etdim Çandybilim, On dört ýaşda tutdum elim. Görogly diýir, zabun halm, Kyrk müň öýli türkmen gelsin. – diýip, külli türkmen iline habar ýetirýär. Halk bir ýere güýjüni jemläbem watanyň üstüne çozan duşmany kül-peýekun edýär. Diňe ýekeje şu mysalyň özem Görogly eposynda wakalaryň ählisiniň taryhy we gahrymançylykly, özem adalatyň dabaralanmagy ugrundaky gahrymançylykly ruhda gurlandygyny görmek bolýar. Bu eposyň ýene bir bellemeli ýeri, onuň hem esasynda taryhly faktlar, şeýle hem halk azatlygy ugrunda göreşen şahsyýetiň obrazy ýatyr. Bu barada belli gündogarşynas H.Görogly8, akademik B.A.Garryýew9, Görogla bagyşlan belli işlerinde, ermeni taryhçysy Arakel Tawrizskiniň, türk syýahatçysy Ewliýa Çelebiniň, şeýle hem Türkiýäniň döwlet arhiwinde 1580-nji ýyldan saklanyp galan taryhy dokumentlere salgylanyp, Görogly diýen serkerdäniň ýaşap geçendigini, onuň töweregine özleri ýaly söweşjeň ýigitleri alyp, döwlet ýolbaşçylarynyň adalatsyzlygyna garşy göreşendiklerini subut edýärler. Diýmek, diňe şu faktyň özi-de «Görogly» eposynyň diňe bir halk eposy bolman, halkyň azatlyk, adalat ugrundaky rewolýusion ruhunyň ilkinji başlangyçlarynyň hem ýylýazgysydygyna güwä geçýär. Dogry, bu ýerde «rewolýusion» diýen söz juda şertli ýagdaýda ulanylýar. Rewolýusiýanyň öz taryhy şertleri, onuň jemgyýetçilik aňy bilen ugurdaş kanunalaýyklyklary bar. Elbetde, biz bu ýerde adalat ugrundaky göreşi göz öňünde tutýarys. Ýöne «Görogly» eposynda hem halkyň adalatsyzlyk, ejizlik, diýdimzorluk, ynsapsyzlyk, sütemhorluk bilen oňşyp bilmezliginiň, şoňa garşy göreşiň uly mysallary bar. Ine, şu elementleriň özi-de taryhy-rewolýusion göreşleriň esasy alamatlarynyň biri bolup gelipdi. Mundan başga-da «Görogly» eposy türkmen edebiýatynyň taryhynda halk durmuşyny beýan edýän, onuň gahrymançylykly göreşlerini suratlandyrýan iň uly eserdir. «Görogly» eposynyň 1941-nji ýyldaky neşirine ýazan sözbaşysynda belli ýazyjy Ata Gowşudow: ...«Görogly» dessany bagşylarymyzyň aýtmagyna görä kyrk dört şaha bolmalydyr. Ol dogruda Pälwan bagşy şeýle diýdi: – «Görogly» kyrk dört şahadyr. Emma meniň atam pahyr şu on iki şahada tälim berdi. «Saňa şular bir märeke güýmärlik bolar. Hemmesi saňa agyr bolar» – diýip, bölüp berdi. Menem şony berk belläp, aýdyp ýörün – diýdi»10 diýip, belleýär. Şu mysala salgylansaň «Görogly» dessanynyň kyrk dört şahasy bolupdyr. Ine, şol şahalaryň her biri hem halk durmuşynyň bir meselesini açyp görkezmäge bagyşlanypdyr. Ýa-da olary Göroglynyň başyndan geçiren kyrk dört sany gahrymançylykly wakasy diýip aýtmak bolar. Ine, şeýle uly başdan geçirme wakalary bolsa halk durmuşyny üsütünde guralan kyssa hem-de şygyr elementleri arkaly beýan edilipdir. Ýöne bu ýerde şygryň kyssa garanda çäklidigini hem bellemek gerek. Bu eposda şygyr esasan gahrymanyň ruhy sözi, begenji, gynanjy, umyt-arzuwy hökmünde berilýär. Bu ýagdaýy biz gadymy türkmen eposy bolan «Gorkut atada» hem görüp bilýäris. Mysal üçin, eposyň «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» diýen bölüminde Derse hanyň ogly bolup ulalýar. Ýanyna kyrk ýigidini alyp döwran sürýär. Emma onuň «Ol kyrk ýigit oglany ýigrenip başlady, olar biri-birine: «Geliň, oglany kakasyna ýamanlalyň, ol belki, ony öldürer, ýene biziň hezzetimiz-hormatymyz onuň kakasynyň ýanynda hoş bolar, artyk bolar» diýişdiler»11 – diýip, oglany kakasyna ýamanlaýarlar. Derse han olaryň sözüne ynanyp ogluny çapym-çapym edip gaýdýar. Öýüne gelende Derse han bolan wakany aýalyndan gizleýär. Emma ol aýalyň ýüregi bu agyr derdi syzyp, ol adamsyna şeýle diýýär: Bäri gelgil, Bagtym başy, Öýüm tagty, Han babamyň giýewsi, Gaýyn epemiň söýgüsi, Atam-enemiň berdigi, Göwün açyban gördügim, Göwün berip söýdügim, Derse han! Galkyban ýeriňden turduň, Ýaly gara kazylyk atyňy bütin mündüň, Göwsi gözel guba daga awa çykdyň, Iki bardyň, bir geler sen, Ýawrum kany? Gara gerdunda boldugym ogul kany...12 «Görogly» eposynda-da kämil kyssa uly orun berilýär. Hatda, sen gahrymanyň ruhuny, pikir duýgusyny bilmegi hökman hasan etmeseň, onda eposyň goşgularyny okaman, kyssasyny nazarlabam bu eposyň manysyny yzarlap, Göroglynyň batyrlygyna, edermenligine göz ýetirip bolar. Emma şygyr bu eposa-da gahrymanyň ruhy ýagdaýyny beýan etmek üçin işe girizilýär. Muny subut etmek üçin, eposyň «Kempir» şahasyndaky wakany yzarlamak hem ýeterlikdir. Bu şahada Zulman Kempir Göroglyny aldap-ogşap, kyýamatlyk ogul bolan bolup, onuň kyrk ýigidini we beýleki adamlaryny beýhuş edip, Gyratyny ogurlap gidýär. Görogly Agaýunusyň aýdanyny etmänine bir utansa, Gyratyň gidenine iki gynanýar. Ýöne ol Gyratyny yzarlap gitmeli bolýar. Ine, şonda onuň göwnüne her hili gümanlar gelýär: «Al-la janlarym, men atyň yzynda sergezdan bolup gidenimde, gelerim-gelmezim gümana, bilip bolmaz, birden men hakda bir sowuk habar eşitse, ýagşy ýigidiň ýasy ýedi ýyl bolýandyr» diýip oturarmyka ýa-da ýedim geçip-geçmänkä, birboýny ýogyn bilen boluberermikä?»13 – diýip, betgüman bolup Agaýunusyň ýanyna gelýär. Bu gürrüňi aýalyna aýdýar. «Men Gyratyň yzyndan Nyşapura baranymdan soň, tanalyp tutulsam, olar hem meni öldürseler, sen ölemde nähili edip aglajak, hany, şony aýt, men eşidip gideýin»14 diýýär. Şonda Agaýunus: Sen boý bolsaň kimler gelmez ýanyma, Bedew atly, demir donly Görogly. Köp ganymlar suwsamyşdyr ganyňa, Bedew atly, demir donly Görogly. Bedew aty üç gün-dört gün saklarlar, Goç ýigidiň saýasynda uklarlar, Garyp ölse üç aýdan soň ýoklarlar, Bedew atly, demir donly Görogly. Ýunus diýir ogluň ýok, bile gitmäge, Gyzyň ýokdur seniň ýasyň tutmaga. Kararym ýok sensiz ýalňyz ýatmaga, Bedew atly, demir donly Görogly – – diýip aglaýar. Ine, şu ýagdaý hem Agaýunusyň aýdymy bolman, Göroglynyň öz aýalynyň wepalylygy baradaky ynanjy, şeýle hem Agaýunusyň Görogla bolan mizemez wepalylygynyň ruhy ahwala Agaýunusyň wepalylyk häsiýeti bolup okyjynyň aňyna guýulýar. Ine, şu mysallardan görnüşi ýaly, bu iki sany halk eposyny esasan kyssa bilen ýazylan taryhy-gahrymançylykly kyssa-eposy diýip aýtmak bolar. Bu iki halk eposyny deneşdireniňde türkmen edebiýatynyň taryhynda halkyň taryhyny beýan etmekde emele gelen özboluşly däpleri, şol däpleriň eserden esere, eposdan eposa kämilleşdirilendigini duýmak bolýar. «Gorkut ata» eposy esasan on iki boýdan, ýagny gahrymançylykly on iki hekaýatdan ybarat. Şol boýlaryň her biri özbaşdak hekaýa bolup bir gahrymançylykly wakany gürrüň berýär. Ýöne şol hekaýalaryň ahyrynda Gorkut ata peýda bolýar-da «Oguznama» hekaýasyny düzýär. Mysal üçin, «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýy» diýen bölüminde Şükli melegiň adamlary Salyr Gazanyň ahmallygyndan peýdalanyp, onuň mal-mülküni olja edip, aýal-gyzlaryny ýesir edip alyp gidýär. Şonda Garaja çopan diýseň uly edermenlik görkezip, Salyr Gazapa hemaýat edýär. Ine, şol çozha-çozlukda Şükli melek Salyr Gazanyň namysyny depgilemek üçin nökerlerine: «Baryň, Salyr Gazanyň aýalyny alyp geliň, biz oňa şerap süzdürip, masgara edeliň» diýip aýdýar. Emma ol ýerdäki gelin-gyzlaryň ählisi «Men Salyr Gazanyň aýaly-da, men Salyr Gazapyň aýaly» boluşansoň, Şükli melegiň diýeni bolmaýar. Şondan soň Şükli melek has mojugyna tutýar. «Baryň, Salyr Gazanyň oglunyň etinden gowrup, olara beriň. Ine, şonda oglanyň ejesi ol etden iýmez. Biz şeýdibem Salyr Gazanyň aýalyny tanap, onuň bilen keýpi-sapa gurarys» diýýär. Emma onuň bu pyglam başa barmaýar. Oňa çenli Salyr Gazan bilen Garaja çopan ýetişip ýesirleri halas edýär. Ine, şu ýerde-de Gorkut ata ýetişýär. «Dädem gorkut gelip, boý boýlady, söz sözledi. Bu «Oguznamany» düzdi, goşdy, şeýle diýdi: hany, diýdigim beg, erenler, dünýä meniň diýenler, – ajal aldy, ýer gizledi, – pany dünýä ýene galdy. Gelmeli, gitmeli dünýe, ahyrsoňy ölmeli dünýe. Ýom bereýin, hanym: garly daglaryň ýykylmasyn, kölegelije agajyň ýykylmasyn, kesilmesin, akgynly suwuň guramasyn. Taňry seni namarda mätäç etmesin. Çapanda gyratyň büdremesin. Çalşaňda, uz gylyjyň gädilmesin. Ak alnynda bäş keleme söz doga kyldyk, kabul bolsun»15 diýýär. Emma «Görogly» eposynda öň kyrk dört şaha bolan bolsa, häzirem bize elýeterli on dört şahasy bolýan bolsa, olaryň ählisinde Görogly baş gahryman bolup orta çykýar. Şol bir wagtyň özünde-de kyrk ýigidiňem, Sapar Kösäniňem, Gyratyň hem obrazy bilelikde, parallellikde ösdürilýär. Şu ýerde «Gorkut ata» eposy bilen «Görogly» eposynyň arasyndaky beýan edişdäki meňzeş we tapawutly ýerlerini görüp geçmek has gyzyklydyr. Ilki bilen «Gorkut ata» eposynyň beýan edilişiniň sadadygyny, diliniň «Görogly» eposyna garanda birneme öwrümlidigini bellemeli. Ylaýta-da bu eposyň çowdur we beýleki dialektlerde saklanyp galan wariantlarynyň dili juda agyr. Ikinjiden, kyssa bölüminden şygyr bölegine geçende, düşünmesi has kyn ýerleriniň bardygyny bellemeli. Munuň özi eposyň juda gadymylygynyň hem-de soňky ýyllarda ulanyşa goýberilmän saklanylandygynyň alamatydyr. Emma «Görogly» dessany kyssa boýunça-da, goşgusy boýunça-da juda şireli hem-de akgynly. Megerem, «Görogly» eposynyň ähli şahasynyň, ähli goşgusynyň geçmişde-de, şu günem bagşylarymyzyň repertuaryndan düşmändigi şonuň üçin bolsa gerek. Ylaýta-da ussat bagşylar «Görogly» eposyny aýdanlarynda, onuň auditoriýasyna garapdyrlar. Eger diňleýjileriň köpüsi ýaşlar bolsa dessanyň şahasyny ýaşlaryň göwnüne ýarar ýaly edip, eger ýaşulurak adamlar diňleýän bolsa, onda birneme paýhasa garap, eger takwarak adamlar bolsa, onda olaryň göwnünden turar ýalyrak, din-şerigaty, gynanç-gussany artygrak edip aýdyp bilipdirler. Ine, munuň özem bu dessanyň halkylygynyň bir alamatydyr. Emma «Gorkut atany» beýle aýtmak boljak däl. Çünki bu eposyň dili, onuň aýdymlary «Görogly» eposyna garanda birneme agyrrak, arhaizmleşen bolup görünýär. Bu ýagdaý bolsa eseriň aýdyma-saza galyplygyny peseldýär. Ikinji ýagdaý, «Gorkut ata» eposyna garanda «Görogly» eposynda gahrymanlaryň obrazynyň yzygiderli beýan edilip, olaryň häsiýeti ösüşde, özgerişde görkezilýänligidir. «Gorkut atada» Gorkut ata eseriň başynda nähili bolan bolsa, eseriň ahyrynda-da şonuň ýaly obrazda bolup galýar. Eseriň beýleki gahrymanlary hem eposda belli takdyrly, şol bir galypda, şol bir häsiýetde getirilýär. Şonuň üçin biz gahrymanlaryň häsiýetini, olaryň obrazynyň ösüş etaplaryny, olaryň durmuş meselelerine bolan gatnaşygyny yzarlap bilemizok. Emma «Görogly» eposynda ýagdaý başgaçarak. Onda Göroglynyň hut çagalygyndan tä ýüz ýigrimi ýaşaýança başyndan geçirýän wakalaryny yzarlamak, onuň namartlygynyň, mertliginiň, söýgüsiniň, hasratynyň şaýady bolmagy başarýarys. Mysal üçin, «Gorkut ata» eposynyň üçünji boýynda, ýagny «Baý Bugra beg ogly Bamsy birek boýunda» Bugra begiň perzendi bolmaýar. Baýandar hanyň toýunda ona «ogluň bolsun», Begjan bege bolsa «gyzyň bolsun» diýip gol götirilýär. Ine, onsoň Bugra begiň ogly, Begjan begiň hem gyzy bolýar. Bu oglan bezirgenleri zulumdan halas edýär. Özüne Bamsy birek adyny alýar. Soň Banu Çeçek gyzyň şertlerini berjaý edip, oňa öýlenmekçi bolýar. Ine, şonda Baýbürd galasynyň Banu Çeçege öýlenjek bolup ýören soltany gapyllykda ony ýesir edip alyp gidýär. Ine, Bamsy Birek zyndanlykda on alty ýyl oturýar. Şu ýerde biz bu gaty gaýratly ýigidiň nähili ahwaly başyndan geçirenini ýa-da onuň bendelikden boşajak bolupmy ýa-da adagly edilip, toý tutuljak bolnup durlan gyzyna, söýgüli ýaryna, iline-gününe goşuljak bolupmy? edýän hereketlerini görüp bilmeýäris. Emma «Görogly» eposynda wakalar edil gylyjyň galkana degjek ýerinde guralýar. «Gorkut atada» bu ýagdaý: «Ýarymansyn-ýarjymasyn, ol melgul ýedi ýüz atly bolup ýöriş etdi, Birek hem onuň ýigitleri bihabar oturardy. Gije gapyllykda duşman atlylary guýuldy. Naýyp: – Meniň başym Birege gurban bolsun! – diýip, gylyjyny syryp eline aldy. Naýyp ýaralanyp, şehit boldy. Otuz dokuz ýigit bilen Birek tussag bolup gitdi». Biregiň gidişi-gidişi boldy. Ine, şunuň bilen onuň gahrymançylygy-da, edermenligi-de gutarýar. «Bu wakadan soň «Bu wakanyň üstünden on alty ýyl geçdi. Biregiň öli-diriliginden habar bolmady» diýilibem dessanda Banu Çeçek baradaky waka geçilýär. Soň görlüp oturylsa, Birek bendelikde öz ugruna gezip ýör. Diňe bezirgenler onuň halaşýan gyzy baradaky habary ýetirensoň, onda oba dolanmak pikiri ösýär. Şonda-da ol ýerden ýoldaşlaryny taşlap, gaçyp gaýdýar. Özem muňa aşyk bolan han gyzyna soň gelip seni alyp gitmesem: «Gylyjyma dogralaýyn, okuma sanjylaýyn, ýer kibi kertileýin, toprak kibi sowrulaýyn» diýip ant içýär. Emma «Görogly» eposynyň islän şahasyny alsaň hem onda diňe Göroglynyň edermenligini synlamak bolýar. Muňa mysal edip «Öweziň halas edilişi» diýen şahany alyp göreliň. Bu şahada Görogly beg Hüňkaryň Mustapa diýen serkerdesiniň ummasyz goşunyny kül-peýekun edýär. Ýöne Mustapa serkerde Göroglynyň Öwez ogluny bendi edip Hüskaryň eline berýär. Hüňkar hem Öwezi öldürjek diýip jar çekdirýär. ýöne Öweziň duşman eline düşenini aňan kyrk ýigit ýola düşýär. Ine, şonda olaryň ýoly bir galanyň üstünden düşýär. Görseler bu galada Hüňkaryň atlylarynyň bir bölegi bar. Olar hem Öwezi tutup, Görogludan ar alany üçin Hüňkary gutlamaga gitjek bolup şaýlaryny tutup otyrlar. Görogly beg asmandan uçup barýan durnalar barada aýdym aýdan bolup: «adama birini alyň» diýen manyda ýüzlenýär. Onuň ýigitlerem aljyraşyp durman, şol bada duşmanyň adamlarynyň janyny jähenneme iberýärler. Soň olaryň eşigine giribem Hüňkaryň gaty bekden gurlan, «birden Görogly gelip, Öwez ogly üçin söweş edip, ony alyp gidäýmesin» diýip, ätiýaçlygy uludan tutulan galasyna girýärler. Ýowa girilýänini duýan Gyratam: «Peşaplaryň biriniň garnyndan basyp, beýlekisiniň ýeňsesinden dişläp, öňünden geleni gapyp, yzyndan geleni depip, silkip-silterläp ber-bibat edip barýar. Göroglynyň bu zeýilli at sürşüni görüp, Hüňkaryň peşaplarynyň biri: – Haý sähraýy zaňňar! Dar köçede adamlaryň dykylyşyk ýerinde sen atyňy ýaman batyrgaý sürýäsiň-le – diýip, elindäki aýpaltasy bilen Göroglynyň çekgesine kakyp goýberdi welin, Göroglynyň gözünden ýalpa ot çykyp gitdi. Muňa Göroglynyň gahary gelip: – Haý seniň zeniňi... peşap, sen aýpalta bilen urmasyny bilmeýän ekeniň, aýpaltany beýle urmazlar, ine, şeýle urarlar – diýip, peşapdan aýpaltany gaňryp aldy-da kellesiniň çykan ýerinden kakyp goýberdi. ...Uly gala, patyşaly şäher: «Bu zaňňar adam öldürdi» diýşip, peşaplar gyr-gygyryşyp: «Tut-ha tut, öňünden bolh-a, öňünden bol» diýşip, Göroglyny şapba jylawlap tutdular-da, Hüňkaryň gaşyna eltdiler...»16. Soň olar ony Hüňkara ýamanlaýarlar. Hüňkar hem ile belli ganhor, emma Görogly şonda-da aljyrap oturmaýar. Hüňkaryň gulagyna ýaraýjak sözleri tapýar. « – Tagsyr, patyşahym... Men Häzirbegjandan, tagsyr, özümem uly baýdym, kärimem söwdagärçilikdi. Men Balhy-Bedahşan, Harazmin gapdallaryna söwda etmäge giderdim. Şonda türkmen il-ulusynda Çardagly Çandybil galasynda düşläp, bezirgenlik edip geçirdim. Çandybil galasyna baramda, meniň hemişe düşleýän ýerim, myhman jaýym hut Göroglynyň öz meýhanasy bolardy. Men ol ýere her hili tüýsli zatlary alyp elterdim. Göroglynyň tylla gaýyşly eýerini, zerefşan seçekli köýnekçesini, ýelek küdüri küpjesini, jüp aýly tegmesini, ganjygasyny, ýantanapyny, uýan-gamçysyna çenli men bererdim. Günlerde bir gün Görogly Öwezi ogul edinmek üçin Weýeňňäm şäherinden ony alyp geldi. Soňabaka Öwezi men azdyryp alyp gider öýdüp, Görogly meni ýanap başlady. Bir sapar baramda, paç diýip horlady, ýene bir sapar baramda hyraç diýip horlady... Ahyry Görogly meniň bar baýlygymy tozduransoň, içimiň ýangynyna elimde galan barja baýlygymy ata-ýaraga berip, söwdagärligi taşlap, at-ýaraga şaýlanyp, Görogly bilen uruşmaga aýlanyşdym. Häzir-de günümiz bir bolsa, urşumyz ikidir, tagsyr... Men bu ýere özümi urdurmaga, horlatmaga gelmedim, tagsyr, size salama geldim, tagsyr, gulluk...17 – diýip, Hüňkaryň gulagyna ýakaýjak sözleri tapýar. Onuň ynamyna girýär. Onuň mäteri derejesine eýe bolandan soň bolsa nama arkaly Öwez bilen, kyrk ýigidi bilen dilleşýär. Iň soňunda-da: «Haý, zaňňar patyşa, «nama aýt, nama aýt» diýip, asyl goýmadyň-la. Men seniň kesana tutan bagşyňmydym. Ine, saňa nama gerek bolsa! – diýip, düýrme gylyjy eliniň tersi bilen bir aýlap, kakyp goýberdi...» Ine, şeýdibem Öweze at, ýarag berip, Hüňkaryň nökerleri bilen söweşip, Öwezi agyr ýygynly uly şäherden alyp çykýar. Başgasyny hasap etmäniňde-de, diňe şu bölümiň özünde-de uly, professional prozanyň gahrymanyň häsiýetini açmak ugrundaky ussatlyk tärleriniň elementlerini görmek bolýar. Göroglynyň batyrlygy, mertligi, ugurtapyjylygy, gaýduwsyzlygy, pähim-paýhaslylygy, ogluna, lebzine wepalylygy, Hüňkaryň pöwhe, akmaklygy, emelsizligi çeper diliň ähli serişdeleri arkaly açylyp görkezilýär. Elbetde, bu ýerde diňe Göroglynyň edermenligi, gaýduwsyzlygy barada ertekiçilik däpleri esasynda gürrüň edilýär. Ýöne şeýle-de bolsa bu ýagdaý halk ertekilerine, dessanlara, şol sanda «Gorkut ata» eposyna garanda has kämilleşendir. Bu eposda gahrymanyň içgepletmesini bermek, onuň tebigat bilen gatnaşygyny häsiýetiniň açylyşy bilen utgaşykly bermek ýaly ýagdaýlar has aktiw ulanylýar. Gahrymanyň häsiýeti esasan garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz duranda, uly çaknyşyklarda ýüze çykýar. Şu nukdaý nazardan garanyňda-da beýleki ertekilere dessanlara, «Gorkut ata» eposyna garanyňda «Görogly» eposynda bu ýagdaý has aýdyň görünýär. «Mysal üçin, «Gorkut ata» eposynda Däde Gorkudyň söweşlerde gahrymançylyk görkezip, özüniň edermenligini görkezýän epizodyny görüp bolanok. Dogry, eposyň «Bugaç han Derse han oglunyň boýynda» Derse hanyň oglunyň bugany ýeňip at alyşy, kakasynyň elinde ýaradar bolşy, iň soňunda kakasyny halas edişi beýan edilse-de, onuň gahrymançylyk häsiýetiniň açylyşyny ertekiçilik däpleriniň derejesinden has çuňlukda görüp bilemzok. «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýynda» hem Salyr Gazanyň edermenligini söweşleriň dowamynda görüp bolanok. «Baý Bugra beg ogly Bamsy birek boýunda» hem Bamsy biregiň nähili ýagdaýa düşendigi barada öň durup geçipdik. «Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy boýunda» bolsa Orazyň duşman goluna düşmegi bilen oguzlaryň ony halas edişleri barada aýdylýar. Ine, şonda: «Onuň yzyndan hemme oguz begleri ýetip geldiler. Olar Gazanyň töweregine ýygnandylar. Soňra duşmanyň üstüne birden at goýdular. Ol gün är ýigitler özüni tanatdy, namartlar sypara ýer gözlediler. Bir kyýamat söweş boldy. Meýdan doly läş boldy. Kyýamatyň bir güni boldy – beg nökerden, nöker begden aýryldy. Oguz begleri bilen Döner saga depdi. Çalasyn ýigitler bilen Garapudak sola depdi. Gazan beg aralykdan at depdi. Ol Şükli melege duş gelip, oňa gylyjyny howala edip, bögürdip, atdan ýykyp, alja ganyny ýer ýüzüne dökdi»18. Şeýle ýagdaýy eposyň «Döwhe goja goly Däli Dumrul boýunda-da», «Gaňly goja ogly Hantöreli boýunda-da», «Kazylyk goja ogly Ýegenek», «Besediň Depegözi öldürmek boýunda-da», «Salyr Gazapyň tussag bolup, ogly Orazyň çykardygy boýunda-da» beýleki boýlarda-da görmek bolýar. Şeýlede bolsa bu hekaýalardaky wakalarda gahrymanyň häsiýeti edil «Görogly» eposyndaky ýaly her taraply, giňden açylanok. «Görogly» eposynda Göroglynyň häsiýetiniň şeýle köptaraply açylmagynyň ilkinji sebäbi, birinjiden-ä bu eposyň tutuş süňňi Görogly bilen baglanyşykly. Ikinjiden, eposyň her şahasy Göroglynyň bir başdan geçirmesi. Üçünjiden bolsa eposyň her bir şahasynda Göroglynyň häsiýetiniň bir tarapy açylýar. Mysal üçin, «Göroglynyň öýlenişi» şahasynda bu batyr ýigidiň Agaýunus perizady almak üçin çeken azaplary, onuň äpet aždarhany öldürişi, «Ar alyşda» Hüňkardan atasynyň-babasynyň aryny alyşy, «Öwezde» Öwezi ogullyga almak üçin çeken jebirleri, Öwezi halas etjek bolup gelen duşman sülsadyny parçalaýşy, «Öweziň halas edilşinde» Öwezi Hüňkaryň darynyň astyndan mertlik bilen alyp gaýdyşy, «Öwez öýlenende» öz ogluna Gülruh perini alyp berişi, ýeke özüniň çeken jepalary, «Arapreýhanda» Arap bilen güýç synanyşy, onuň eline düşüşi, ondan halas bolşy, «Kyrk müňlerde» külli türkmen ilini ýygnap, gelen duşmany kül-peýekun edişi, onuň duşmanlara it oýny, it urşy oýunlaryny görkezen bolup, olary paýhynlaýşy, «Kempirde» atyny halas edişi, «Bezirgende» onuň namartlygy, puşmany, «Göroglynyň ölmünde» bolsa onuň ölmezinden öň özüniň ganym duşmanlary bilen söweşip ölşi görkezilýär. Özem okyjy şol söweşleriň ählisine Görogly bilen deň gatnaşyp, Göroglynyň edermenligine, onuň Öweze bolan atalyk yhlasyna, Agaýunusa bolan päkizeden çuňňur söýgüsine, watanyna, kyrk ýigidine söýgüsine, duşmana bolan ýigrenjine, Bezirgeni öldürende onuň puşmanynyň tüýs ýürekdendigine şaýat bolýar. Şol wakalarda okyjyda Görogla bolan guwanç, onuň edermenligine bolan buýsanç, onuň gaýduwsyzlygyna dabara duýulýar. Ol Göroglynyň edermenligi, adalatlylyk ugrundaky göreşleri we ýeňişleri bilen hyjuwlanýar. Göroglynyň başyndan geçirýän gahrymançylygy, hasraty, gynanjy onuň hem gynanjyna, hasratyna, begenjine öwrülýär. Bu ýagdaý taryhy eseriň halkylygynyň nyşanydyr. «Gorkut ata» eposy bilen «Görogly» eposyny deňeşdireniňde, taryhy prozanyň emele gelmeginde gözbaş bolup biljek tejribe köp çeşmeleriň bardygyny synlamak bolýar. Mysal üçin, ynsaplylyk meseleleri bu iki eposyň hem özeninde ýatan goýazy ideýalarynyň biridir. «Gorkut ata» eposynda ine şeýle sözler bar: «Gaçany Gazan beg kowmady, aman diýenleri öldürmedi»19. «Görogly» eposynda Jygaly beg hut agtygynyň ýaşlygyndan başlap, «gaçany kowujy bolma» diýip onuň gulagyna guýýar. Görogly şol pendi gaty pugta tutýar. Şol pendi tutmadyk çagynda-da onuň başyna bela gelýär. Umuman, «Gorkut ata» eposy bilen «Görogly» eposyny ýakynlaşdyrýan esasy ideýa, esasy obraz Jygaly beg obrazy bilen Gorkut ata obrazydyr. Bu iki obrazda ynsanperwerlik, adamkärçilik, dili senalylyk gaty güýçli. «Gorkut ata: «Taňry seni namarda mätäç etmesin. Çapanda gyratyň büdremesin...» diýen pähimli sözleri okanyňda Jygalybegiň: Gyraty besle jul bile, Oturşgyna ähli il bile, Ölinçäň bedasyl bile Mähriban bolujy bolma20 ýa-da Özünden egsik namardyň Minnetin çekiji bolma – – diýen parasatly sözleri ýadyňa düşýär. Mundan başga-da kyrk ýigit düşünjesi bu iki taryhy eseriň kökleriniň bir akabadan gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. «Gorkut ata» eposyny okanyňda men-men diýen ýigitleriň kyrk sany ýigidiniň bolandygyny bilýärsiň. Eposyň «Bugaç han Derse han oglunyň boýunda» Derse han özüniň ogluna oguz ýigitleriniň kyrk sanysyny toplap berýär. «Berse han ogluna beglik berdi, tagt berdi, oglan tagta çykdy. Ol kakasynyň öňki kyrk ýigidine ünsem bermedi. Ol kyrk ýigit oglany ýigrenip başlady, olar bir-birine: «Geliň, oglany kakasyna ýamanlalyň, ol belki ony öldürer, ýene biziň hezzetimiz-hormatymyz onuň kakasynyň ýanynda hoş bolar, artyk bolar»21 diýýärler. Şeýdibem olar Derse hanyň oglunyň başyna ýetýärler. Şeýle kyrk ýigit Gazan begiň ogly Oraz begde-de bar. Eposyň «Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy boýunda-da» kyrk ýigidi görýäris. ýöne bu kyrk ýigit eýýäm Derse hanyň oglunyň kyrk ýigidi ýaly däl. Bu kyrk ýigit Oraz beg bilen aldym-berdimli ýowlarda mert durup söweşýär. «Orazyň ýoldaşlary gylyçlaryny syryp, Orazyň üstünde köp söweşdiler. Emma duşmanlar köpelip, köpläp, sagdan-soldan çozup, kyrk ýigidi şehit etdiler»22. Ine, şondan görnüşi ýaly, bu iki kyrk ýigidiň arasynda tapawut bar. Olaryň biri öz hanyňy ýamanlap, onuň janyna kast edilmegine sebäp bolýan bolsa, ikinji kyrk ýigit özüniň hanyňyň jany ugrunda şirin jandan geçip, şehit bolýar. «Görogly» eposynda bu ýagdaý has çuňlaşdyrylýar. Görogly babasy Jygaly begiň patasy bilen at-ýarag edinýär. Ildeşleri ony kakasy Adybege derek han saýlaýarlar. Şonda-da onuň ýanynda ýygynçagy ýok. Diňe şondan soň: – Han bolan adama genji-hazyna, döwlet gerekdir – diýip, ilat maldan, puldan, galladan getirip berýär. – Han bolan adama nöker gerekdir – diýip, muňa nöker jemläp berýär... Özüňe belli, il arasynda her hilisi bolýar. Iş hoş ýakmaýan, kölege söýer, ýaltalar hem bolýar. Gepiň gysgasy, enesi gargap, atasy urup kowanlaryň her bir topary nökerler bilen gatyşyp gelipdirler. Görogly-da özüňize belli, öz atasynyň gylygynda bolan ýigit, ol bu günlügini tapsa, ertesini gaýgy edýärmi? – Ýigitler, aýdyjy bagşy bolsa, çalyjy sazanda bolsa äkeliberiň, palawy hem günde üç-dört wagtyna bişiriberiň – diýip, derýa ýaly joşdy»23. Şeýdip onuň kyrk ýigidiniň düýbi tutulýar. Emma Genjim; begiň gyjalaty bilen ol öz aryny Hüňkardan almaga gitmeli bolanda ol ýigitleriň başyna gowga, ýüregine howul düşýär. – Eý, ýigitler! Munuň aýdan sözüne düşündiňizmi? – diýip, biri sorady. Onda beýleden biri: – Düşdük. – Düşen bolsaň aýt näme diýip gitdi? – Hüňkar patyşa munuň agasyny öldüripdir, atasynyň hem gözüni oýupdyr. Ine, bu şondan ganyny, aryny almaga gitjek bolýar. Onda biri bu ýandan çykyp: – E-eý, ýigitler, ýigitler! – diýdi. O ýandan ýene biri: – Hä, näme bolupdyr? – diýdi. – Näme bolanyny görmän durmusyňyz? Bu zaňňaryň iýip, içip, turşusy depesine çykypdyr. Otuz-kyrk atly bilen kyrk dört derwezeli şähere degip, abraý tapjakmyş bu. Muňa gyzaryp, düze düşen aga diýerler. Bu ýandan ýene biri çykyp: – Eý, ýigitler, alajyňyz näme, gideliň diýse gidäýmeli bolar-da. Ýogsa näme, ine bir ýanyňyzda palaw, bir ýanyňyzda şüle, ýene bir ýanyňyzda ýahna, ýene bir ýanyňyzda çaý, gant, temmäki, keýpi-sapa. Eýsem, bu zatlary iýip-içip, hiç bir hyzmat görkezmän, çäşerilip ýatjakmydyňyz? Elbetde, süýji-süýji iýmäniň düýbüniň bir çöpi bolmaly... – diýdi. Emma janyna iş hoş ýakmaýan ýaltalar, kölege söýer lewentler özüňize belli. ...Olaryň birnäçesi maslahat edip: – Biz-ä şu gije gaçjak, sizem halanyňyzy ediň, biziň öňki iýenlerimiz janymyza noş bolsa bolýar. Biziň atamyzyň gözi oýulmandyr. Oýulsa Göroglynyň atasynyň gözi oýulypdyr, öldürilse, Göroglynyň agasy öldürilipdir – diýip, ýakymsyz gürrüň etdiler. Bu ýigitleriň arasynda ýagşa-ýamana düşünýän, agy garadan saýlaýanlaryň biri-de Handan batyrdy. Ol şeýle diýdi: – ...Ýadyňyzda bolsa, Hüňkaryň şol çozuşlarynda siziň hem ene-atalaryňyzam öldürilip, ýitirim edileni az däldir... Il-gün bizi hem şonuň üçin Görogla nöker edip berdi. Indi biz munuň diýenini edip, arkasynda durmasak, onda ol namartlyk bolar. Beýle edenimizden ýatyp ölenimiz gowudyr, ýigitler»24. «Ertesi Görogly atyny eýerläp gelse, Nökerleriniň birtopary ýok. Görogly: – Hany, ýigitler, buýankylaryňyz nirede? – diýip sorady. Ýigitleriň biri: – Eý, Görogly aga, jygba-jyga gezek gelende adam saýlanýar, seniň bilen deň durup ölüşmäge taýýar şu ýigitler – diýdi»25. Ine, şu görlüp geçilen epizodlardan belli bolşy ýaly, birinjiden-ä, bu eposda kyrk ýigidiň ynsap, ahlak özenini aýyklaşdyrmaga, bu ýygynçagyň döremeginiň zerurlygyny açmaga has çuňňur synanyşyk edilýär. Ikinjiden bolsa, kyrk ýigidiň döremegi üçin taryhy zerurlygyň, şeýle hem durmuşy zerurlygyň bolandygy beýan edilýär. Üçünjiden, bu ýygynçagyň döreýiş taryhynda tüýs bolaýjak ýagdaýyň, namartlaryň, mertleriň, aşýagylaryň, mugtiýenleriň, ýaltalaryň üýşüşini dogry kesgitleýär. Iň ahyrynda bolsa, halkyň içinde Handan batyr ýaly, namys-ar diýip, il-gün, watan üçin janyny bermäge taýýar, akylly ýigitleriň hem bardygy dogry suratlandyrylýar. Ine, ahyrsoňunda kyrk ýigit şeýle gerçek ogullardan döreýär. Şol ýigitler gerek ýerinde Göroglynyň, il-günüň arkadagy bolýar. Olar ömrüniň ahyryna çenli Göroglynyň ýanyndan gitmeýärler. Emma beýle ýagdaýy biz «Gorkut ata» eposynda görüp bilemizok. Bu eposda diňe «kyrk ýigit», «kyrk ýoldaş», «kyrk namart» diýen düşünjeler ulanylýar. Emma «Görogly» eposynda «kyrk ýigit» diýlende Görogludan başga-da Sapar Köse, Handan batyr, Ärhasan, Öwez, Weli Hyrtman, Hajy Sumsar ýaly anyk gahrymanlary aýry-aýrylykda synlaýarys. Eposda bu gahrymanlar şahadan-şaha kämilleşip, tipik obraz derejesine ýetirilýär. Biz Kösäniň iýmek-içmek bolsa bol-bol sözläp, joşup, söweş bolanda-da buýtar-suýtarlyga salsa-da, ýeri gelende ärlerçe, durmuşa, gerek ýerinde Görogla ata maslahatyny berşine şaýat bolýarys. Şeýle hem Weli Hyrtman, Hajy Sumsar dagynyň kyrk ýigidiň aradan san bolup, ondan aýrylyşsa, namartlaberýäninem görüp bilýäris. Ine, şu ýagdaýlaryň özem taryhy prozanyň möhüm elementleriniň, ýagny gahrymanyň häsiýetini onuň hereketinde, ösüşde-özgerişde bermek baradaky ilkinji şertleriniň işlenilip başlanandygyna şaýatlyk edýär. «Görogly» eposynda Gahrymanyň häsiýetini esasan duşman, ýa-da dürli tipler bilen gatnaşykda, dialog arkaly açmak, olaryň kämilligini, taplanyşyny söweşlerde, çaknyşyklarda bermek bilen birlikde, adam bilen tebigatyň, adam bilen haýwanlaryň, şeýle hem hyýaly güýçleriň arasyndaky gatnaşyklar bilen utgaşyklykda açmaga-aýdyňlaşdyrmaga-da uly üns berlipdir. Beýle ýagdaý «Gorkut ata» eposynda-da duş gelýär. Ýöne ol ertekiçilik däplerindäki ýaly juda ýöntem hem-de juda simwoliki häsiýetdedir. Eposyň «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýunda» Salyr Gazan öýi talanandan soň, ony yzarlap gidýär. Şonda ol: – Çagnam-çagnam gaýalardan çykan suw, Agaç gämileri oýnadan suw, Hasan bilen Hüseýniň hesreti suw, Bag bilen bossanyň zynaty suw, Äşe bilen Patmanyň nikasy suw, Şabaz atlaryň içdigi suw, Gyzyl düýeler gelip geçdigi suw, Ak goýunlar gelip, çöwresinde ýatdygy suw, Ordamyň habaryn bilermiň sen – – diýip, suwdan habar alýar. Emma suw oňa habar bermeýär. Soň ol gurda duşup, ondan soň bolsa gara köpekden özüniň öýüniň obasynyň nirä sürlendiginiň habaryny soraýar. Emma olar hem Salyr Gazana habar bermeýär. Şeýle habar alma «Owşan goja ogly Segregiň boýunda» hem duş gelýär. Bu boýda Segregi tutýarlar. Şonda Owşan goja «gara-gara daglardan habar alyşýar, ganly-ganly suwlardan» habar alýar. Emma oglundan derek tutup bilmeýär. «Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýunda» Birek on alty ýyllap zyndanda bolup iline dolanýar. Ine, şonda: «Açyk-açyk meýdana meňzär seniň alynjygyn, Iki şeb çyraga meňzär seniň gözjagazyň, Ibrişime meňzär seniň ýaljygyň, Iki goşa gardaşa meňzär seniň gulajygyň, Äri myrada ýetirer seniň arkajygyň, At diýmezden saňa gardaş diýerem, Gardaşymdan ýeg, Başyma iş düşdi ýoldaş diýerem, Ýoldaşymdan ýeg – – diýip, ol öz aty bilen söhbetleşýär. Biz «Görogly» eposynda hem şeýle ýagdaýy görýäris. Mysal üçin, eposyň «Göroglynyň öýlenişi» şahasynda Görogly Agaýunus periniň ýoluny saklap oturan äpet aždarha bilen duşuşýar. Şonda Aždarha: «Bu ýerlere guş gelse – ganatdan, gulan gelse – toýnakdan aýrylýandyr, sen neneň düşdüň?» diýip çyrpynyp başlaýar. Görogly aždarha ýalbarýar. Aždarha töwellasyny almany üçinem oňuň bilen ganly jeňe girýär. Aždarhany ýeňip, Agaýunusyň bagyna barýar. Onuň bilen söhbet edip, ony öz iline ýetirýär. Görogly ömrüniň ahyryna çenli Gyraty bilen pikirdeş ýolup geçýär. Onuň ata bolan gatnaşygy «Gyrat» şahasynda has hem açylýar. Gyrat onuň wepaly ýoldaşy bolup galýar. Diňe Görogly jan berenden soň, onuň duşmanlary bilen gazaply söweşe girip, heläk bolýar. Gerek ýerinde Görogly ýyldyz dagy bilenem, daglar, derýalar bilenem gepleşýär. Erenlerden güýç-gurbat dileýär, ýyldyzly asmana garap, ýyldyz görende ýaralary bitýär. Ýöne, bu ýagdaýlar «Gorkut ata» eposyndaky ýaly ýüzugra sanalman, oňa okyjynyň özi gatnaşýar. Diňe şu ýagdaý hem beýan edişiň kyssa formasynyň bu eposda has kämilleşendiginiň netijesidir. Obrazlaryň durmuşa bolan gatnaşygyny has detallaýyn açyp görkezmek, tipleriň dürli-dürlüsini wakalaryň dolanyşygyna girizmek, durmuşyň köp meselelerine degip geçmek meselesiniň has kämilleşendigini şu iki eposy synlanyňda aýdyň görmek bolýar. Otrisatel, položitel tipler, olaryň edermenligi, ýalňyşy bu iki eposda öz stiline, bolşuna görä suratlandyrylýar. Ylaýta-da aýal-gyzlaryň obrazyny mertebeläp görkezmäge bu eserlerde aýratyn yhlas edilipdir. «Gorkut ata» eposynda gelin-gyzlar juda edermen, batyr, wepaly edilip görkezilýär. Eposyň «Ganly goja goly Hantöreli boýunda» Hantöreli öýlenmegi maslahat beren kakasyna: «Kaka, sen meni öýereýin diýer sen, emma maňa laýyk gyzy nähili tapjak? Maňa şeýle bir gyz alyp ber: men ýerimden turmankam, ol eýýäm turup dursun, men atyma münmänkäm, ol eýýäm atlansyn, men gandöküşikli duşman üstüne barmankam, eýýäm baş getirsin! Kakasy: – Aý, oglum, sen gyz islemän, arkasyndan iýip-içip ýatmaly bir çalasyn batyr islär sen – diýdi. – Hawa, şeýlesini islär men. Ýogsa sen barar sen, bir ýarar-ýaramaz türkmen gyzyny alyp berer sen, ol meniň bir şatyma-da çydamaz – diýdi»26. Şondan soň Hantöreliň özi gyz gözlegine çykýar. Ol Taňyra hanyň gyzy Sylyjana aşyk bolýar. Emma bu hanyň garyndaşlary bu ýigidi synaman gyzy bermeýärler. Hantöreli ilki buga (öküzçe) bilen, soň güýçli arslan bilen, soň bolsa esrek düýe bilen başa-baş söweşe girip, olary ýeňip gyzy iline alyp gaýdýar. Şonda han «üç sany haýwany ýeňdi diýip, gül ýaly gyzymy berip goýberdim» diýip, puşman edip, bularyň yzyndan uly ýygyn bilen kowup başlaýar. Şonda Hantöreli ýaraly bolýar. Görse bir atly duşmany paýhynlap ýör. Soň görüp otursa öz gelinligi Sylyjan eken. Ine, şeýle epizodlary Salyr Gazanyň öýi talanyp, gelin-gyzlary ýesir düşende, duşmanlar onuň aýalyny tanap, onuň bilen keýpi-sapa sürjek bolanlarynda-da, «Owşan goja otly Segregiň boýunda-da» gyz özüniň söýgüli oglanyna wepadarlygyny bildirip: – «Gadamy gutsyz gelin» diýilýänçä «uýatsyz gelin» diýsinler, gaýyn atama, gaýyn eneme aýdaýyn27 – diýýär. Şeýle wepadarlyk Burla hanymda-da, beýleki gelin-gyzlarda-da bar. Ine, şeýle täsir tutuşlygy bilen «Görogly» eposyna geçipdir. Bu eposda Agaýunus peri diňe bir wepaly aýal ýa-da päklik, wepadarlyk häsiýetine eýe bolman, eýsem Görogly ýaly edermen, gaýratly serkerdäniň ýakyn maslahatçysy hökmünde hem çykyş edýär. Eposyň «Bezirgen» we «Harmandäli» şahalarynda Görogly Agaýunusyň diýenini etmäni üçin uly ýalňyşlyga ýol berýär. Bu eposda aýal-gyzlar diňe bir aýal, maslahatçy obrazynda däl, ursa çapýan, bil tutuşsa ýykýan batyr pälwan derejesine-de görkezilýär. Mysal üçin, «Bezirgen» şahasyndaky Aýsoltan öz agasy Bezirgeni idäp Çardagly Çandybile gelýär. Ol agasyny Göroglynyň öldürenini bilenden soň, Görogly bilen söweşe girýär. Tä agasynyň aryny jaýyna salýança ýolundan gaýtmaýar. «Gülaýym we Ärhasan» şahasyndaky Gülaýym hem söýgüsi üçin ýary bilen duşman leşgeriniň arasyna kürsäp urmaga gaýrat tapýar. «Harmandäli» şahasyndaky Harmandäli bolsa Görogly ýaly pälwany ýeňip, diňe özüne mynasyp ýigide durmuşa çykýar. Aýal-gyzlaryň obrazynyň şeýle mertebelenmegi, umuman türkmen halk döredijilik žanrlarynyň iň asylly däpleriniň biridir. Ýöne olar halk döredijiliginiň hiç bir eserinde-de «Görogly» eposyndaky ýaly kämil, häsiýeti köptaraply açylmaýar. Ine, şu tarapdan, şeýle hem halk döredijiliginiň proza eserleriňde poetikanyň ýokarda garap geçen elementleri bolan sýužet-kompozisiýany aýdyňlaşdyrmakda, gahrymanlaryň häsiýetini köptaraply görkezmekde durmuşyň gaty köp meselesiniň üsti bilen ideýany bermekde «Görogly» eposy professional proza ýakynlaşmakda aýratyn gymmata eýedir. Görlüp geçilen mysallardan belli bolşy ýaly, şu günki professional proza, onuň taryhy we taryhy-rewolýusion şahasy birden-biri emele gelmedi. Türkmen sowet professional prozasynyň kökleri, türkmen taryhy prozasynyň poetik esasy türkmen durmuşynyň taryhy çuňluklaryna tarap uzalyp gidýär. Bu usul durmuşy beýan etmegiň iň gowy däplerini özünde jemlemek bilen, türkmen halk döredijiligini, halk durmuşyny beýan etmegiň özboluşly hazynasy bolup durýar. «Görogly» eposy bolsa şol hazynalaryň ählisini özünde jemläp bilipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |