00:09 Taryhy prozanyñ hem-de onuñ poetikasynyñ öwrenilişi | |
TARYHY PROZANYŇ HEM-DE ONUŇ POETIKASYNYŇ ÖWRENILIŞI
Edebiýaty öwreniş
Türkmen edebiýatynda taryhy temanyň, ylaýta-da bu ugruň proza eserleriňiň täze bolşy ýaly, bu žanryň öwrenilişi hem ýaňy başlanýardy. Türkmenistan özbaşdak respublika bolmazyndan öň, professional prozanyň bolmaýşy ýaly, türkmen edebiýatynda henize çenli professional edebiýaty öwreniş ugry, professional tankyt hem ýokdy. Ýigriminji ýyllaryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýatynda türkmen ýazyjylarynyň ilkinji hekaýalary gazet-žurnallarda peýda bolup başlandygyny öň belläpdik. Şu ýagdaý hem olara bolan çeper we tankydy synyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy. Bu ýagdaý ilki bilen «Türkmenistan» gazetiniň sahypalarynda göze ilip ugrady. 1928-nji ýylda bu gazetiň 20-nji, 22-nji, 23-nji nomerlerinde jogapkär redaktoryň orunbasary A.Gulmuhammedowyň «Türkmenistan» gazetiniň «Edebiýat sahypasy we ýaş şahyrlar hem ýazyjylarymyz» atly uly makalasy ýerleşdirilipdir. Bu hem ýöne ýere däldi. 1925-nji ýylyň 18-nji iýunynda RK (b) P MK-nyň «Partiýanyň çeper edebiýat baradaky syýasaty hakynda» atly belli rezolýusiýasy çykypdy. Şondan bäri şu rezolýusiýanyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek barada köp gürrüň edilýärdi. Ylaýta-da, milli, ýaş edebiýatçylary ösdürip ýetişdirmek, olaryň kämilleşmegine ýardam etmek, olary dogry ýola ugrukdyrmak baradaky alada bu rezolýusiýanyň beýanyndan eriş-argaç bolup geçýärdi. «Türkmenistan» gazetiniň edebiýat sahypasy hem şol belli rezolýusiýadan soň döredilip, onda ýaňy edebiýat meýdanyna gelen ýazyjy-şahyrlara uly orun berilýärdi. Gulmuhammedowyň bu makalasy bolsa şol rezolýusiýadan bäri dörän eserleri analizleýärdi. Ol analiz ilkinji bolşy ýaly, aç-açan matlaplaýyndy. Ine, şol makalada-da ilkinji türkmen hekaýalarynyň biri, özem şowly hekaýalaryň biri, Agahan Durdyýewiň «Bagtly gyz Bagdatda» hekaýasy çeperçiliginiň we ideýasynyň gowşakdygy üçin tankyt edilýär. Ýene şol ýylyň özünde bu gazetiň 267-nji, 271-nji, 272-nji nomerlerinde G.Gurtmyradow «Türkmen proletar medeniýetini döretmekdäki, çeper edebiýatyny döretmek meselesindäki şu günki ýumuşlar» atly makalasy bilen çykyş edýär. Ol hem edil Gulmuhammedow ýaly köne edebiýatyň şu gün juda zyýanlydygy barada gürrüň etmek bilen, özi duýman şeýle diýýär: «Ynha, türkmenleriň täze edebiýatyny düzetmek üçin köne edebiýatyň söz çeperçiliginden we dil baýlygyndan peýdalanmak zerur...»1. Soň bolsa bu pikirini ösdürip bilmeýär-de ýene-de köne edebiýatyň juda zyýanlydygyna dolanýar. Otuzynjy ýyllaryň başynda Oraz Täçnazarowyň «Duşmanyň ýüzi»2, «Şahyr B.Kerbabaýewiň eserleri hakynda»3, «Ýaşlaryň ýoly»4, «Öwrümde»5 makalalary çap edilýär. Bu makalalarda esasan şahyrlar hem-de poeziýa žanryndaky tendensiýalar barada gürrüň edilýär. Şeýle-de bolsa O.Täçnazarowyň bu makalalary indi döwre nähili ugruň, nähili edebiýatyň nähili eserleriň gerekdigini salgy berýärdi. Çünki şol wagta çenli türkmen ýazyjylary, näme barada, nähili ýazmaly, ýa-da eseriň synpylygy, partiýalaýynlygy barada, şol döwrüň möhüm temalaryny nähili saýlap almalydygy barada maslahata juda mätäçdiler. Dogrusyny aýtsaň, A.Gulmuhammedowyň, G.Gutlymyradowyň ýokarda ady agzalan makalalary hem şeýle niýetden ugur alnyp ýazylan bolmaly. Şeýle-de bolsa ol makalalar ýaşlara nähili ýazmalydygyny öwretmän, olara okyjyda nägilelik döredipdi. O.Täçnazarowyň bu makalalary türkmen edebiýatynyň şol döwürdäki taryhynda uly hadysa bolmak bilen birlikde, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň hem döredijilik ugruny kesgitlemegine täsir edipdi. Ylaýta-da şahyrlaryň proza eserleriňi, ýazmaga ýykgyn etmegine badalga bolupdy. 1935-nji ýylda «Türkmenistan şuralar edebiýaty» žurnalynyň 3-4-nji nomerinde Ruhy Alyýewiň «A.Durdyýewiň döredijiligi hakynda» atly makalasy çap edildi. Bu makalada ýazyjy Agahan Durdyýewiň «Bolşewik topunyň sesi» ýaly hekaýalary awtoryň mümkinçiliginiň derejesinde töwerekleýin derňelýär. Sýužet-kompozisiýadaky, gahrymanlara häsiýet bermekdäki, obrazy tipleşdirmekdäki bärden gaýtmalar barada gürrüň edilýär. Ine, şu makalany türkmen professional prozasyny, ylaýta-da taryhy prozany derňeýän ilkinji professional tankyt hasaplamak bolar. Dogry, makala şu günleriň gözi bilen garasaň ören ýüzleý hem-de ýöntem görünse-de, öz döwründe proza ýykgyn edýän ýazyjylaryň kämilleşmegine özboluşly täsir edip bilipdir. Mälim bolşy ýaly, 1934-nji ýylda SSSR Ýazyjylarynyň birinji Bütinsoýuz gurultaýy bolup geçipdi. Oňa Türkmenistandan hem ýazyjy-şahyrlaryň birnäçesi gatnaşypdy. Gurultaýdan dolanyp gelenden soň, TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy şahyr Hojanepes Çaryýew «Türkmenistan şuralar edebiýaty» žurnalynda «Şuralar ýazyjylary gurultaýynyň jemleri hakynda»6 atly makala bilen çykyş edipdir. Ol şonda tutuş sowet, şol sanda türkmen sowet ýazyjy-şahyrlarynyň öňünde durýan meseleler barada giňden durup geçipdir. Ol öz çykyşynda türkmen ýazyjylaryny sosialistik durmuş barada uly epiki eserleri, sosialistik hakykaty açyp görkezýän dogruçyl, täsirli eserleri döretmäge çagyrýar. Olara ýazyjy nähili işlemelidigi, olaryň çeper eseriniň sosialistik durmuş üçin nähili eser gerekdigi barada, gurultaýyň, sowet ýazyjylarynyň halypasy A.M.Gorkiniň sargytlary barada gürrüň berýär. Şondan soň, otuzynjy ýyllaryň ortalarynda uly epika bolan ymtylyş has güýçlenip başlanýar. Hydyr Derýaýew «Ganly penjeden» atly taryhy romanyňyň birinji kitabyny 1934-nji ýylda ýazyp gutarmak bilen, şol ýylyň özünde ony çap etdirmek üçin Türkmenistan döwlet neşirýatyna tabşyrýar... 1937-nji ýylyn oktýabr aýynyň başlarynda, «Ganly penje» romany çapdan çykýar... Emma... ýazyjynyň başyna düşen agyr ýagdaý sebäpli romanyň soňky kitaplaryny ýazmak oňa miýesser etmeýär»7. «1937-nji ýylda B.Kerbabaýew hem halk duşmanlarynyň spisogyna goşulyp, döredijilik talantynyň gülläp ösen döwrüniň iki ýarym ýylyny oturyp geçirdi. Bu ýowuz hadysa bolsa diňe bir romanyň döredilmegine däl, ýazyjynyň tutuş döredijiligine, saglygyna-da uly zeper ýetirdi. 1937-nji ýylda köpçülige ýaýramaly roman üç ýyl gijigip, 1940-njy ýylda çap edildi»8. Roman çykan badyna-da metbugatda Ýakup Nasyrly bilen Ata Nyýazowyň «Aýgytly ädim» hakda» atly uly makalasy çap edildi. Şu günüň gözi bilen garanyňda, bu makala edebi-çeper tankyda däl-de, ar almak üçin kast bilen ýazylana meňzeýär. Onda türkmen edebiýatynda dolanyşyga ilkinji giren iri, taryhy esere juda çuňňur gahar-gazap bilen çemeleşilýär. Ol makalada Tejende bolup geçen 1916-njy ýyl wakalarynyň ýalňyş görkezilendigi baradaky gazaply ýepbeklemeden başga-da, romanyň baş gahrymanlaryňyň juda lellimligi, onda taryhylyga derek söýgä ýüz urýanlygy baradaky aýyplar hem ýükdenilýär. Gepiň gysgasy, bu makala romany püçege çykarmak bilen oňman, onuň awtoryna hem türkmen sowet edebiýatyna ýat bolan eseri halka hödürleýändigi üçin agyr günä ýükleýär. Olar makalalaryny: «Şu eseriň häzirki jemgyýetimize hyzmat edip bilmejekdigini aýtmaga mejbur bolýarys» diýen sözler bilen tamamlaýarlar. Ilkinji türkmen tankytçylarynyň biri, «Aýgytly ädim» romanyňyň halka ýetmeginde abyrsyz uly rol oýnan adam, uly alym Mämmetdurdy Annagurdow özüniň «Çeper eserler nähili döreýär?» atly ýatlama kitabynda bu romanyň çykmagy bilen edebiýat jemgyýetçiliginde emele gelen pikiri şeýle beýan edýär. «...1940-njy ýylyň 5-nji we 10-njy noýabrynda roman («Aýgytly ädim» romany – Ö.N.) ýazyjylaryň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Şol ýygnagyň ýaýbaň ýazgyly protokolynyň bir ekzemplýary (rus dilinde) meniň şahsy arhiwimde saklanyp galypdyr»9. Şol ýygnakda gaty köp adam, ýagny şol döwrüň belli ýazyjy-şahyrlary, edebiýatçylary çykyp roman baradaky pikirini aýdýar. Şol pikirler edebiýat ylmy üçin hem, romany öwreniş üçinem, taryhy-rewolýusion prozanyň öwrenilişi, ilkinji monumental eseri türkmen sowet edebiýat jemgyýetçiliginiň kabul edişiniň öwrenilşi üçin-de juda uly gymmata eýe bolup durýar. Şonuň üçin şol ýazyjylaryň pikirini M.Annagurdowyň ady agzalan kitabyndan bolşy-bolşy ýaly getirmegi makul bildik. «Çykyp geplänlerem az däl. Olaryn hemmesi diýen ýaly roman barada erbet pikirde, ony neşir etmek, okyjylara hödür etmek gerek däl, ony ýatyrmak-ýygnamak gerek diýip hasap edýärler. Kitabyň ýaýradylmagy gadagan edilýär... Ata Nyýazow: «Aýgytly ädim» kitaby taryhy roman däl. Ona durmuş powesti diýilse has dogry bolardy, çünki awtor taryhy 1916-njy ýyly beýan etmäge synanyşyp, gozgalan wakalaryny umumylaşdyryp bilmändir, hatda umumylaşdyrmaga synanyşmandyram... Kitap çeperçilik taýdan örän emelsiz ýazylypdyr. Onuň sýužeti gowşak, kitabyň personažlary işlenilmändir, köp baplar gereksiz we ýürege düşgünç...» Beki Seýtäkow: «Kerbabaýewiň romany 16-njy ýylyň gozgalaňy hakynda dogry düşünje bermeýär. Men şu wagta çenli Eziz hany kellekesen, ganhor, sowet häkimiýetiniň ganym duşmany diýip düşünýärdim. Roman bolsa başgaça öwredýär... Tutuşlygyna roman partiýasyz bolup çykypdyr. Awtor öz halkynyň taryhyna marksistik-leninçilik ylmy nukdaý nazarda garamadyk bolarly... Romanda hiç hili položitel pikir ýok. Romany okyja hödürlemeli däl ekeni we hödürlemeli däl». Gurbanmyrat Eýemberdiýew: «Aýgytly edim» patyşa samoderžawiýesine we baý-han agalygyna garşy halk gozgalaňyna töhmet atmakdan başga zat däl... 16-njy ýylyň rewolýusion gozgalaňy romanda talaňçylyk ýörişi ýaly görkezilipdir, ol ýörişi başyna giden galtamanlar şaýkasy amala aşyrýar... Roman ideýa-çeperçilik taýdan zyýanly». Ýakup Nasyrly: «...Roman partiýalaýyn däl, syýasy taýdan durnuksyz. Şonuň üçin-de sowet okyjysyna hödürlenilip bilinmez». Baýmuhammet Garryýew: «Eziz han 16-njy ýylyň gozgalaňynyň hereketlendirijisi, merkezi figurasy edilip görkezilipdir... Awtoryň indiki kitapda Ezizi erbet şekilde görkezmek isleýärin diýmegi gülkünç zat...» Rehmet Seýidow: ...«Aýgytly edim çeperçilik taýdan ynandyryjy däl. Tipler birmeňzeş we bir kysymly... «Aýgytly ädim» ady laýyk gelmeýär. Munda hiç hili aýgytly ädim ýok». Hajy Ysmaýylow: ...«Aýgytly ädim» roman däl, ol ýöne etnografiýa. Onuň çeper eser hökmünde çeperçilik ähmiýeti ýok, ters, zyýanly täsir ýetirip biler». Garaja Burunow: «Men ozal çykyp geplän ýoldaşlaryň, hususan-da G.Eýemberdiýew we Hajy Ysmaýylowyň pikiri bilen doly suratda ylalaşýaryn. Kitabyň çeperçilik taýdan esasy nogsany diýip, awtoryň sözüň bütin çeperçilik ýitiligini, bütin maňzyny otrisatel personažlara beripdir diýip hasap edýärin... Kitabyň kä ýerinde položitel tipajy bezäýjek ýaly aýry-aýry owadan sözler duş gelýär, emma kitaby tutuşlaýyn gözden geçireniňde, ýaňky bezeýji sözler, ýerler gözboýagçylykdan başga zat däl diýen pikire gelýärsiň... Roman syýasy taýdan durnuksyz». Amandurdy Alamyşow: «...Romanyň ähli tekstiniň bolaýsa 25 prosentini edebiýat hasap etmek bolar, Galany edebiýat jähtden derde ýaramaýar», Ata Gowşudow: «Kitap halky söýmezden ýazylypdyr. Beýle kitaplar bize gerek däl. Ýoldaşlaryň adalatly çykyşlary boýunça diňe bir netije çykarmak boljak: romany ýatyrmaly, ony sowet okyjysyna teklip etmek bolmaz». Berdi Soltannyýazow: «Romany okanynda onuň esasy gahrymany Artyk däl-de, Halnazar diýen netijä gelýärsiň... Romanda göreş musulmanlaryň ruslara garşy göreşi hökmünde görkezilipdir». Durdy Haldurdy: «Eziz han dine bir bandit, kellekeser bolup durman, ol iňlis içalysy. Romanda bolsa ol örän rehimdar, hatda halk gahrymany we rewolýusioner ýaly görkezilýär... Çykyş edenleriň hemmesiniň diýen ýaly pikiri bir we kitaby ýatyrmagy haýyş etmeklige syrygýar. Menem şeýle etmek zerur diýip hasap edýärin...» Annaguly Mämmetgulyýew: «Gahrymanda hiç hili rewolýusion zat we öňde baryjy ideýa ýok. Gahrymanlaryň ählisi kynçylyklara sezewar bolan batlaryna galtamanlaryň tarapyna geçmek bilen bolýarlar. Partiýanyň ýolbaşçylygy we täsiri juda gowşak görkezilipdir. Romanyň Iwan ýaly personažy şu halatda ýagdaýy düzedip bilmez». «Ýygnaga başlyklyk ediji Nurmyrat Saryhanowam olaryň pikirini goldap, üstüni ýetirip, jemlemek bilen: «Men «Aýgytly ädim» kitabyny sowet okyjysyna hödürlemeli däl eken diýen ýoldaşlaryň pikirini doly suratda makullaýaryn» diýip aýdýar...»10. «Agahan Durdyýew položitel gahrymanlar sölite, gowşak diýýär. B.Seýtäkow roman partiýalaýyn däl diýýär. Men olaryn çykyşlaryny esassyz diýip hasap edýärin, çünki hiç bir roman partiýalaýyn däl bolup bilmez. Ol biziň ideologiýamyza ýugrulan bolmaly ýa-da biziňkä duşman ideologiýa ýugrulan bolmaly. «Aýgtly ädimiň» ideýasy biziňkä garşy gönükdirilipdir diýmek, romana we onuň awtoryňa töhmet ýüklemek bolar»11. Şondan soň dawa ula gidýär. TK (b) P MK-nyň býurosy «Aýgytly ädim» romanyňyň ideýa-çeperçilik derejesini ýagşy seljermek, emele gelen dawany adalatly çözmek üçin ýörite komissiýa düzýär. Şol komissiýanyň gelen netijeleri býuroda we Merkezi komitetde ara alnyp maslahatlaşylýar we ahyr soňunda şeýle netijä gelinýär: «...Býuro mejlisi 1941-nji ýylyň 20-nji martynda bolupdyr. Býuro TK (b) P MK-nyň romany barlamak baradaky komissiýanyň çykaran netijeleri bilen razylaşyp, romanda aýry-aýry kemçilikleriň bardygyna garamazdan, onuň türkmen çeper edebiýatyna täze goşantdygyny belleýär. Şunuň bilen birlikde, býuro Kerbabaýewe roman täze elipbiýde neşir edilende komissiýanyň belliklerini nazara almagy hem-de romanyň ikinji bölegini ýazmaklygy çaltlandyrmagy tabşyrýar. TSSR HKS-niň ýanyndaky Metbugat işleri uprawleniýesine bolsa romany rus dilinde neşir etmekligi planlaşdyrmaklyk tabşyrylýar. Býuronyň kararynda Ata Nyýazow we Nasyrly ýoldaşlaryň romanyň awtoryny nädogry günäkärländikleri, «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaktory K.Işanowyň bolsa žurnalda çap edilen materiala tankydy nazar bilen garamandygy görkezilýär»12. 1941-nji ýylyň ýanwar nomerinde «Sowet edebiýaty» žurnaly A.Aborskiniň «Nurmyrat Saryhanowyň hekaýalary» diýen sözbaşyly çaklaňja makalasyny çap edýär. Makalada ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň hekaýalary barada, onuň bu ugurdan barha kämilleşýändigi barada gürrüň edilýär. Awtor N.Saryhanowyň hekaýalaryna ýokary baha berýär. Şol hekaýalar, olaryň gahrymanlary barada pikir ýöredýär. Ylaýta-da hekaýaçynyň öz ideýasyny açmakda köne bilen täzäni diýseň jüpüne düşürip ulanýandygyny ýerlikli belleýär. 1943-nji ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 6-njy nomerinde ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň «Watançylyk urşy günlerinde Türkmenistan sowet edebiýaty» diýen sözbaşyly makalasy çap edilýär. Bu makala ýazyjylary front we tyl gahrymançylygy, ýeňşe bolan ynam barada poeziýa we proza eserleriňi döretmäge çagyrýar. Bu makalanyň gymmaty geçmiş edebiýatymyzyň, atalarymyzyň watany goramak ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşini, her bir eseri şol gahrymançylygyň ruhuna gaplamaga çagyrýanlygyndadyr. A.Aborskiniň «Nurmyrat Saryhanow» atly makalasy hem aýratyn gymmata eýe boldy. Ol makalada Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda wepat bolan belli türkmen ýazyjysy yň hatyrasy belende göterilýär. A.Aborskiý bu türkmen ýazyjysynyň hekaýasy barada 1941-nji ýylda aýdan pikirlerini ösdürýär. Bu makalada ony rus edebiýatynyň belli klassygy A.P.Çehow bilen, onuň döredijilik belentligi bilen deňeşdirýär. N.Saryhanowyň hekaýa ýazmakda A.P.Çehowdan görelde alandygyny özboluşly deliller bilen subut etmäge synanyşýar. Türkmen ýazyjylaryny haýsydyr belli ýazyjy bilen täsirlenen hökmünde görkezmek, olaryň eserleriňden, gahrymanlaryňyň edim-gylymyndan haýsydyr bir meňzeşligi köre-körlük bilen gözlemegiň şol döwürlere mahsus bolan ýagdaýyndan halas däl bolsa-da, bu makala Nurmyrat Saryhanowyň juda uly zehine eýe bolandygyny, onuň «Kitap», «Soňky öý» ýaly ençeme hekaýasynyň, «Gyrnak», «Şükür bagşy» powestleriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmata eýedigini ilkinji bolup aýdany üçin bu makala şu günler hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. W.Popowyň «Туркменская художественная проза» atly makalasy («Sowet edebiýaty», 1945ý., 6-njy nomeri.) hem beýik ýeňşe çenli döredilen professional prozamyz barada gürrüň edýär. Bu makalanyň esasy aýratynlygy, onda Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňyň baş gahrymany Artyk Babalyny M.Şolohowyň «Ýuwaş Don» epopeýasynyň baş gahrymany Grigoriý Melohow bilen, A.Durdyýewiň, N.Saryhanowyň hekaýalaryny A.M.Gorkiniň, A.P.Çehowyň eserleri bilen deneşdirýändiginden ybaratdy. W.Şklowskiniň «Dessandan romana ýetilmegi» («Sowet edebiýaty» žurnaly, 1945-nji ýyl, 9-10-njy nomerler) diýen makalasy hem türkmen edebiýaty öwrenişiniň taryhynda türkmen monumental prozasynyň esasy kökleriniň türkmen dessanlaryndan başlanýanlygyny aýtmagy niýet edinýär. Emma awtor özüniň bu makalasynda türkmen dessanlary barada has köp gürrüň edip, şu günki prozamyzyň problemalary barada sözüni aýtmaga ýetişmän galýar. Ýazyjy B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňyň rus diline terjime edilmegi bilen baglanyşykda, rus ýazyjylary, tankytçylary bu romana seslenip başladylar. Olardan G.Weselkowyň «B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňyň ikinji kitaby» diýen makalasyny görkezmek bolar13. Awtor bu makalasynda türkmen sowet edebiýatynda emele gelen edebi hadysa barada gürrüň berýär. Ol «Aýgytly ädim» romany bilen türkmen edebiýatynda durmuşyň monumental beýanynyň taryhynyň başlanandygyny dogry belleýär. G.Şangeliniň «Ilkinji ädim» makalasynda hem «Aýgytly ädim» romany ilik-düwme derňelýär. Awtor romanda durmuşy beýan etmekde bitewi sistemanyň ýokdugyny belleýär. Ol Artyk Babalynyň, Halnazaryň obrazlaryny deňeşdirýär. Romanyň çeperçiligine, ýagny türkmen prozasynyň taryhynda ilkinji bolup, türkmen prozasynyň poetikasyna aralaşmaga synanyşyk edýär. Netijede bolsa «Aýgytly ädim» romanyňyň türkmen edebiýatynda uly hadysadygyny belleýär. Şol döwürde «Дружба народов» žurnalynda romanyň bir bölegi «Artyk» ady bilen berilýär. 1948-nji ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 8-nji nomerinde Aman Kekilowyň «Taryhy roman» atly makalasy çap edilýär. Mälim bolşy ýaly, A.Kekilow «Aýgytly ädim» romanyňyň ilkinji kitabynyň redaktory bolupdy. Şonuň üçin hem-de romanyň gönezliginiň gowudygyna edebiýatçy hökmünde ýagşy düşüneni üçin ol «1941-nji ýylda ýazyjylaryň «Aýgytly ädim» romanyňa bagyşlanylyp geçirilen ýygnagyna romanyň gowulygy, bu eseriň türkmen sowet edebiýatynyň taryhynda gaty uly ornunyň bardygyny, ýöne ony entek işlemelidigini batyrgaý aýdan ýazyjylaryň biridi. Roman ilkinji gezek çykandan soň ol ine, şu makalasyny ýazdy we türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda ilkinji bolup «Aýgytly ädim» romany barada dogry pikir ýöreden ýazyjy boldy. Mämmetdurdy Annagurdowyň «Aýgytly ädim» romany14 atly taryhy makalasy hem türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna, şeýle hem türkmen taryhy we taryhy-rewolýusion prozasyna, «Aýgytly ädim» romanyňy öwreniş ylmyna juda uly goşant boldy. M.Annagurdow önde belleýşimiz ýaly, bu romanyň döreýşine, onuň ilkinji kitabynyň taryhyna we rus diline geçirilişine, ikinji sapar çap edilişine, işleniş taryhyna juda beletdim. Çünki, ol bu prosesleriň içinde bolupdy. Şonuň üçin ol roman barada doly, dogry pikir aýdyp biläýjek ýeke-täk adamlaryň biridi. Ine, şu nukdaýnazardan alanyňda-da bu makala bellemäge mynasypdy. Makalada «Aýgytly ädim» romany tankydy nazarýet bilen, ýöne juda dostlukly we dogry nazarýet bilen derňelýär. Romanyň gahrymanlary aýyl-saýyl edilýär. 1916-njy ýylda Tejende bolup geçen wakalar hakynda, onuň «Aýgytly ädim» romanynda beýan edilişi, Eziz hanyň obrazy, Halnazar baý barada çuňňur gürrüň edilýär. Makalada romanyň baş gahrymanlaryňyň biri Iwan Çerinyşewiň obrazynyň juda gowşakdygy dogry bellenilýär. Munuň şeýledigini G.Şangeli hem özüniň «Ilkinji ädim» atly makalasynda ýerlikli belläpdi. Onuň sebäbini M.Annagurdow has anyklaşdyrýar. Ol Artygyň rewolýusion ýola düşmegine Iwan Çernyşýew täsir edýän bolsa, onda Iwan görelde almaga mynasyp adam bolmaly. Emma ol şu durşuna beýle derejede kämil obraz bolup bilmändir. Şol döwürde «Дружба народов» žurnalynda romanyň bir bölegi «Artyk» ady bilen çap edilýär. Ine, şondan soň merkezi neşirlerde ýene-de makalalar peýda bolup başlaýar. Olardan L.Pasynkowyň «Watan duýgusy» («Литературная газета», Ýu.Lukiniň «Aýgytly ädim»), («Огонёк», 1948ý, 20-nji nomer.) makalasyny, P.Ýegorowyň «B.Kerbabaýewiň romanynda türkmen halkynyň ykbaly we arzuwy» («Дружба народов» 1947ý, 5-nji nomer.), L.Pasynkowyň, S.Liskiniň «Geljege ädilen ädim» («Литературная газета», 1948-nji ýylyň 7-nji apreli.) makalalarynda esasan şol bölüm boýunça gürrüň edilýär. Munuň üstesine-de Artyk bilen M.Şolohowyň «Ýuwaş Don» romanyňyň baş gahrymany Grigoriý Melehowy deňeşdirmek tendensiýasy, eseriň kompozision gurluşy barada umumy gürrüň etmek duýulýar. W.Permýakowyň «Aýgytly ädim»15, B.Morozowyň «Aýgytly ädim»16, A.Aborskiý bilen B.Jürmenegiň «Galkym»17, P.Manuýlow bilen N.Potapowyň «Ilkinji türkmen roman» makalalarynda romanyň sýužetine dolanylýar. Her bir awtor şol bir aýdylan pikiri özüçe gaýtalaýar. Romanyň ilkinji türkmen romanydygy, onda halkyň kyn gününiň görkezilendigi, Artygyň obrazynyň halkyň geçmişi bilen rewolýusion gahrymanyň aralygynda duran adamlaryň dogry obrazydygy nygtalýar. Şonuň bilen birlikde-de, adatça edilişi ýaly, nähilidir bir bellik aýdylýar. Ine, şeýle ýagdaý Ýu.Karasewiň «Aýgytly ädim»18 makalasy üçin hem häsiýetlidir. Ol hem edil ýokarda belleýşimiz ýaly, bu romanyň sowet edebiýatynda ilkinji aýgytly ädim bolandygyny, onuň Beýik Oktýabr rewolýusiýasy, graždanlyk urşy ýyllaryňy öz içine alýandygyny nygtap, soň romanyň sýužetini gürrüň berýär. Soň hem: «Характер главного героя произведения Артитка сложен: его пут – это «пут горячего стремления к свободе, к счастью народа, пут ошибок, раскаяния, испытания кровю, борбы вместе в народом и несказанного счастя победы», пут котором прошел не один Артик...»19 diýip, soň Aşyra we beýleki gahrymanlara geçýär. Olar barada hem öň gaýtalanan pikirleri aýdýar. Ahyr soňunda bolsa: «Правда, подчас Берды Кербабаев увлекается бытописательством. Отвлеченные от идейно-сюжетной основы бытовые зарсовки, сами по себе, может быть и денные, встречаются, кстати, не только в романе «Решающий шаг», но и в произведениях других среднеазиатских писателей, и, значит, это уже характерный, типический недостаток. В «Решающем шаге» немало место отведено, например, описанию похорон Халназар бая. Похоронный обряд изображен подробно и красочно. Но что нового прибавляет эта сцена к нашему знанию о героях и их отношениях? Раскрывает ли она глубже идею произведения? Нет...»20 diýip belleýär. Şol awtorlar ýokardaky ýaly, we bellik edilen, romanyň artykmaç tarapy diýip bellenen detallaryň romanyň ideýasyny aýdyňlaşdyrmaga gös-göni gatnaşmasa-da, onuň süňňüni düzýän organiki elementlerdigini, poetiki gymmatlykdygyny, hut şonuň ýaly detallaryň üsti bilen türkmen durmuşynyň ruhunyň açylyp görkezilýändigini duýmak hem islemeýärler. Şeýleräk ýagdaýy A.Turkowyň «Uzak garaşylan zaman»21 atly makalasynda hem şeýleräk pikir ýöretmelere gabat gelýäris. Ata Kerimowyň «Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynda halklaryň dostlugynyň görkezilişi» atly makalasynda türkmen edebiýatynda halklaryň dostlugynyň görkezilişi nazarlanylýar. Makalada «Aýgytly ädim» romanyňyň baş gahrymanlary Artyk bilen Iwan Çernyşýewiň arasyndaky dostluk gatnaşyklary, onuň Artygyň rewolýusion ýola düşmegindäki roly barada ilkinji bolup ynandyryjy pikirler aýdylýar. Umuman, şu ýerde bir zady bellemeli. Tankytçy we edebiýatçy Mämmetdurdy Annagurdowyň öz makalasynda «Aýgytly ädim» romanyňy jikme-jik derňändigi barada gürrüň edipdik. Şondan soň çap edilen rus we türkmen dilinde bu roman barada çap edilen makalalaryň hemmesinde diýen ýaly, bu edebiýatçynyň pikiri, onuň aýdan bellikleri gaýtalanýar. Şeýle ýagdaýy ýazyjy Beki Seýtäkowyň «Türkmen çeper prozasy» atly makalasynda hem görmek bolýar. Awtoryň bu roman barada aýdan bellikleri, esasan bu eser hakynda öň aýdylan pikiri çuňlaşdyryp bilmeýär. Ellinji ýyllaryň ahyrlarynda, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň ilkinji miweleri okyjylara özbaşyna kitap bolup gowşup başlady. Olardan edebiýatçy R.Rejebowyň «Urşuň öňüsyrasyndaky türkmen sowet edebiýaty» diýen monografik kitabyny görkezmek bolar. Awtor onda otuzynjy ýyllaryň poeziýa we proza eserleri barada çuňňur derňew bilen yzarlaýar. Ol şu kitabynda türkmen prozasynda taryhy temanyň işlenişi, umuman edebiýatymyzyň bu ugurdaky ýagdaýy barada şeýle diýýär: «30-njy ýyllaryň birinji ýarymynda taryhy-rewolýusion temada ýazylan rus sowet edebiýatynyň birnäçe eseri türkmen diline terjime edildi, şol sanda Fadeýewiň «Derbi-dagyn», Furmonowyň «Çapaýew», Ostrowskiniň «Polat nähili bişişdi», Iwanowyň «Bronepoýezd 14-69» eseri we ş.m. Bu eserleriň türkmen diline geçirilmegi türkmen edebiýatçylarynyň ünsüni bu tema gutarnykly çekdi... 1939-njy ýylda K.Işanowyň «Şatlykly habar», N.Pommanyň «Ýeňiş», A.Kekilowyň «Soňky duşuşyk» hekaýa we poemalary, A.Gowşudowyň «Juma» pesasy, B.Seýtäkowyň «Ot içinde» poemasy, B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňyň birinji kitaby ýazylyp, neşir edildi. Tema durmuşda ýüze çykan döwründen takmynan, 20 ýyl geçenden soň türkmen edebiýatynda öz beýanyny tapdy»22. Alym bu kitabynyň soňky baplaryny B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňy jikme-jik derňemäge başlaýar. Edebiýatçy A.Taýymow bolsa «Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany» diýen temada alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa gorady. Ol bu romanyň dürli ýyllarda çykanlaryny derňemek bilen, romanyň geçen ýoly barada, gahrymanlaryň obrazynyň kämilleşdirilişi, sýužet-kompozisiýadaky monumentallyk barada gürrüň etmek bilen, ilkinji türkmen romany bolan «Aýgytly ädimiň 28 ýylyň içinde üç gezek çapdan çykyp, hekaýadan epopeýa çenli ösdürilendigini belleýär23. 1957-nji ýylda ýazyjy P.Skosyrewiň «Листья и светы» atly kitaby Moskwada, merkezi neşirýatda24 çapdan çykýar. Şol kitapda «Türkmenistanyň aýdymçysy «Aýgytly ädim» we onuň awtory» atly uly göwrümli makalada «Aýgytly ädim» romany jikme-jik derňelýär hem-de Berdi Kerbabaýewiň döredijilik ykbaly barada gürrüň edilýär. Awtor bu uly göwrümli makalada «Aýgytly edim» romanynyň türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji monumental eserdigini, şu möhüm hadysanyň diňe sosialistik Watanda hasyl bolup bilýändigini nygtaýar. Ýazyjy B.Seýtäkowyň «Doganlar»25 romanyňyň birinji kitabynyň çykmagy bilen metbugatda edebi-tankydy makalalar çap edilip başlanýar. Tankytçy A.Myradowyň «Gaýda dörän doganlyk» atly makalasy hem şolaryň biridir. Awtor bu makalasynda esasan birinji kitabyň gürrüňini edýär. Ol Ýefimowyň obrazynyň diňe bir «Doganlar» romanynda däl, tutuş türkmen sowet edebiýatynda täze obrazdygyny belleýär. Ol makalanyň esasy ugruny bu obraz baradaky öwgüli sözlerde jemleýär. M.Nikitiniň «Роман о братство народов»26 atly makalasynda hem esasy gürrüň Ýefimowyň obrazyna, onuň romanyň özenidigi baradaky gürrüňe syrykdyrylýar. B.Sergeýewiň «Братя» atly makalasynda «Doganlar» romany barada, birneme doly gürrüň edilýär. Awtor öz makalasynda, esasan eseriň sýužetini gaýtalamak bilen Jüneýit hanyň obrazy barada romandaky wakalar esasynda gürrüň etmäge synanyşýar. Ýöne bu makalada-da roman barada çuňňur, obektiw derňewi görüp bolanok. Şol döwürde çap edilen synlaryň, makalalaryň arasynda ýene-de A.Myradowyň «Häzirki zaman prozasynyň käbir meseleleri»27 atly makalasy göze ilýär. Ol türkmen ýazyjylarynyň obraz döretmekdäki artykmaçlygy, kemter taraplary barada gürrüň edýär. Awtor şonda ýene-de «Doganlar» romanyndaky Ýefimowyň obrazyny şeýle solgun görkezeni üçin awtory tankytlaýar. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal», Berdi Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanlarynyň döredilmegi bilen türkmen sowet edebiýatynda taryhy we taryhy-rewolýusion temada ýazylan eserleriň ýetmez ýerini doldurdy. Şonuň bilen birlikde, bu şerler barada synlar, makalalar hem ýazylyp başlanyldy. K.Berdiýewiň «Halk ykbalynyň beýany»28 atly tutumly makalasy Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyňy derňemäge bagyşlanypdyr. Awtor makalada bu romanyň türkmen taryhy we taryhy-rewolýusion prozasynda tutýan ornuny kesgitleýär. Romana uly baha berýär. Mundan başga-da romanyň käbir epizodlarynyň süýndürilýändigini belleýär. Şu döwürde tankytçy Hanguly Taňryberdiýew «Aýgytly ädim» romany barada makalalar tapgyryny çap etdirip başlaýar. Ol şol makalalaryny «Edebiýatymyzyň gül-gunçalary»29 atly kitabynda ýerleşdirilen «Irginsiz zähmetiň miwesi» atly tutumly makalasynda jemleýär. Onuň «Neşirden neşire aýdyňlaşýan obrazlar»30, «Aýgytly ädim» romanynda sýužet, kompozisiýa we gahrymanlaryň häsiýeti»31 makalasynda, öňki makalalarynda aýdylan pikirleri ösdürýär. A.Myradow «1961-nji ýylyň prozasyna nazar»32 atly uly makalasynda B.Seýtäkowyň «Doganlar», «Çölüň ýüregi», N.Pommanyň «Seýdi hakynda söhbet» powesti barada pikir ýöredýär. Tankytçy S.Myradowyň «Döwür bilen deňeşdireniňde»33 atly makalasynda taryhy eserlerimiziň şol bir taryhy döwri beýan ediş ýagdaýy, bu ugurda artykmaçlyklar hem-de kemçilikler barada gürrüň edilýär. Edebiýat öwreniji Z.Muhammedowanyň «Taryhy roman»34 atly makalasynda ýazyjy Gylyç Kulyýewiň «Ýowuz günler» romany barada, bu romanda Magtymguly-Pyragynyň obrazynyň döredilişi, onuň döwrüniň görkezilişi barada gürrüň edilýär. S.Myradowyň «Epikanyň ýagdaýymy? Böwrüňi diňlenýär»35 atly makalasynda taryhy we taryhy-rewolýusion temadan döredilen «Doganlar», «Ykbal», «Sumbar akýar», «Gatakar» romanlary barada gürrüň edip, şol romanlaryň akabasynyň birdigini, olaryň kompozision gurluşyndaky, garşylyklaryň, çözlüşiň meňzeşligi barada, garşylygyň söýgi meselesinden başlanýandygy barada täsirli detallar bilen gürrüň berýär. Öde Abdyllaýewiň, Hanguly Taňryberdiýewiň, Jora Allakowyň bileleşip ýazan «Uly prozanyň gürrüňi»36 atly düýpli makalalarynda B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim», H.Derýaýewiň «Ykbal», Beki Seýtäkowyň «Doganlar», B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanlary barada, bu eserleriň türkmen edebiýatynda tutýan orny, olaryň biri-birinden tapawudy hem-de meňzeş taraplary barada gürrüň edilýär. Şeýle hem bu romanlaryň birgalyplylygy, obrazlaryň, sýužetiň biri-birine meňzeşligi barada dürli edebiýatçylaryň aýdan pikirleri seljerilýär. Tankytçy J.Allakowyň «Türkmen edebiýatynda işçiniň obrazy»37 atly monografik işiniň çap edilmegi bolsa türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna, türkmen taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň öwrenilişine uly goşant boldy. Çünki awtor bu kitabynda şu wagta çenli türkmen romanlary, şeýle hem taryhy romanlar, taryhy-rewolýusion romanlar barada ýazylan synlary ýekän-ýekän seljerdi we deňeşdirdi. Ol M.Annanurowyň B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim», «Nebitdag», H.Derýaýewiň «Ykbal» romanlary barada ýazan düýpli synlary şu çaka çenli ýazylan edebi-derňewli tankydy makalalarynyň iň obektiwi hem-de iň ynandyryjysy diýip dogry belleýär. Hanguly Taňryberdiýewiň «Berdi Kerbabaýew – söz ussady»38 atly kitaby bolsa türkmen edebiýatynda aýratyn alnan bir ýazyjynyň döredijilik laboratoriýasyny öwrenmäge bagyşlanan ilkinji kitap boldy. Bu kitapda awtor «Aýgytly ädim» romanyňyň döreýşi, kämilleşişi, obrazlar, sýužet-kompozisiýa, dil, tema meselesi barada düýpli gürrüň etmäge synanyşýar. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda ilkinji bolup bularyň hersi barada jikme-jik hem-de anyk gürrüň etmek bolar. Ö.Abdyllaýew «Döwür, gahryman, halk» ýaly makalalarynda gönüden-göni taryhy we taryhy-rewolýusion temada ýazylan proza eserleriňiň kemala gelşindäki, ösüşindäki, kämilleşişindäki, onuň obrazlar galareýasynyň derejesi, häsiýeti... barada ylmy-derňewli pikir ýöredýär. Bu awtoryň «Türkmen prozasynda däp we täzeçillik»39 atly monografik işi türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda bahasyna ýetip bolmajak hadysa boldy. Awtor bu monografiýasynda çeper obraz döretmek, häsiýetiň açylyş tärlerinde rewolýusiýadan soň, türkmen sowet edebiýatynda emele gelen däp we täzeçillik barada ynandyryjy gürrüň berýär. Awtoryň iň bir utuşly tarapy, ol makalalarynda her bir eser barada şu güne çenli dürli pikirler aýdyp gelen alymlar bilen ýiti jedele girip, özüniň ylmy pozisiýasyny okyjynyň şaýat bolmagynda berkidip bilýändiginden ybaratdyr. Awtor: «Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyndaky Iwan Çernyşýew düşünjeli, ugur tapyjy, öwüt-nesihat beriji, sowuk ganly, guramaçy rewolýusioner. Taryhy-rewolýusion temada ýazylan beýleki eserlerdäki rus rewolýusionerleriniň – Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romanyndaky Ýefimowyň, Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyndaky Sergeýiň, Berdi Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanyndaky Andreý Andreýewiçiň obrazlarynda-da Iwan Çernyşýewyňki ýaly sypatlar jemlenýär. Dogry, olaryň gatnaşýan aýry-aýry wakalarynda tapawut hem bar. Emma şol wakalarda olaryň ýüze çykýan gylyk-häsiýeti düşünjesi welin biri-birine gaty ýakyn»40 – diýip, jedele başlaýar-da ol öz sözüni subut edýär. «B.Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda obrazlaryň aýratynlyklary dogrusynda»41 atly makalasynda hem bu romana onuň obrazlarynyň özboluşlylygyna uly baha berilýär. Professor Jora Allakowyň «Monumental prozanyň görnükli eseri» atly makalasy hem B.Seýtäkowyň «Doganlar» atly taryhy-rewolýusion temadan ýazylan epopeýasyny derňemäge bagyşlanan belli işleriň biridir. Bu makalada awtor bu monumental eseri jikme-jik derňemek bilen çäklenmän ony B.Kerbabaýewiň belli «Aýgytly ädim» romany bilen hem deňeşdirip derňeýär. Ylaýta-da bu eseriň gahrymanlaryňy «Aýgytly ädim» romanyňyň gahrymanlary bilen deňeşdirende awtor köp utuş gazanýar. Ol Artyk bilen Saparmyradyň, Iwan Çernyşýew bilen Ýefimowyň häsiýetindäki aýratynlyklary derňemek bilen bu ýazyjylaryň türkmen sowet edebiýatyna özboluşly obrazlaryň ençemesini getirendigini ynandyryjylykly subut edýär. Ol muny şeýle belleýär «Saparmyradyň obrazyny «Aýgytly ädim» romanyňyň bas gahrymany Artygyň obrazy bilen deňeşdirmek gyzyklydyr. Olaryň durmuş derejelerinde-de, häsiýetlerinde-de, duýgy-düşünjelerinde-de, rewolýusiýa geliş ýollarynda-da, başdan geçirýän wakalarynda-da düýpli aýratynlyklar bar... Saparmyradyň häsiýetinde agraslyk güýçli bolsa, Artygyň häsiýetiniň ganygyzgynlyk tarapy has güýçli. Hut şol häsiýet bilen birlikde, Artygyň rewolýusion hem-de kontrrewolýusion güýçleriň maksatlaryna haýal göz ýetirmegi onuň Eziz han ýaly reaksion güýjüň tarapyna aldanyp geçmegine sebäp bolýar. Şeýlelikde, «Aýgytly ädim» romanynda Artygyň iki sany sosial güýjüň arasynda ikirjiňlenmelerine, ençeme wakalardan soň onuň hakyky göreş ýoluny tapyşyny görkezmeklige uly ýer berilse, «Doganlar» romanynda Saparmyradyň Ýefimow, Şaýdakow ýaly professional rewolýusionerler bilen egin-egine alyp barýan rewolýusion göreşlerine has giň orun berilýär. Artyk Iwan Çernyşýew bilen wagtal-wagtal duşuşmak netijesinde rewolýusion düşünjeler bilen ýaraglanyp başlan, Saparmyrat rewolýusioner Ýefimow bilen bir ýerde işlemek arkaly rewolýusion düşünjesini ösdürýär»42. A.Myradowyň «Sumbaryň ugry bilen»43 atly makalasynda B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romany barada gürrüň berýär. Awtor bu romanyň şowly taraplaryny bellemek bilen, ýumanyň baş gahrymany Ýusubyň passiwligi, onuň özünden başga zady bilmeýänligi, romanda taryhylygyň juda gowşak görkezilendigini adalatly belleýär. H.Muhyýew bilen S.Güjikowyň «Sumbar uýgun akýar»44 atly makalasynda bolsa bu roman barada mahabatlandyryjy sözler köp göze ilýär. Näme-de bolsa, awtorlar «Sumbar akýaryň» obrazlarynyň gowşak çykandygy, onda ertekä meňzeş beýan edişiň obrazlaryň reallygyny gowşadýandygyny belleýärler. Edebiýatçy M.Gurbansähedowyň «Türkmen romanlarynda Oktýabr epopeýasy»45 atly monografik işi türkmen monumental eserleri bolan «Aýgytly ädim», «Doganlar», «Ykbal» baradaky aýratyn derňewli, tutumly iş boldy. Awtor bu kitabynda «Oktýabr rewolýusiýasy hem türkmen daýhanynyň ykbaly», «Taryhy-rewolýusion romanlarda aýal-gyzlar azatlygy meselesi», «Taryhy-rewolýusion romanlarda sosial çaknyşyk» ýaly bölümlerde türkmen taryhy-rewolýusion romanlarynyň döredilmegi bilen türkmen sowet edebiýatynda emele gelen edebi hadysalar barada pikir ýöredýär. Awtor öz işinde türkmen roman-epopeýalaryny durmuşyň özüniň öz zerurlygy üçin döredendigini, türkmen taryhy-rewolýusion romanlarynda sosial çaknyşygyň edebiýatymyzyň beýleki žanrlaryna garanyňda düýpli hem-de töwerekleýin görkezilendigini aýratyn nygtamak bilen dogry belleýär. M.Gurbansähedowyň «Hydyr Derýaýew»46 atly monografiýasy «Ykbal» atly epopeýany döreden belli türkmen ýazyjysynynyň döredijilik portretini bermäge bagyşlanylýar. Awtor H.Derýaýewiň eserleriňi her tarapdan derňemäge, degşirmäge synanyşýar. Ol monografiýada «Ykbal» romany barada, bu romanyň türkmen sowet edebiýatynda tutýan orny barada oňat pikirleri orta atýar. Şeýle-de bolsa awtor bu roman barada, onuň gahrymanlary, sýužet-kompozisiýasy, kitabyň çakdan aşa süýndürilendigi barada belli tankytçylaryň aýdan pikirleri bilen jedele girip, bu romanyň şol kemçilikleri esaslydygyny ýa-da esasly däldigini subut edip, ony gorap bilmeýär. Ylaýta-da bu roman barada delillendiriji pikileri nygtamakçy bolsa höwesjeň «tankytçylaryň» ilkinji täsir esasynda ýazan synlaryna köp salgylanýar. S.Myradowyň «Rewolýusiýa hem-de romanlardaky realizm» atly makalasynda durmuş hakykaty bilen çeper hakykaty taryhy we taryhy rewolýusion eserlerdäki ýagdaýyna hem degilip geçilýär. Bu makala sosialistik realizm prinsipleriniň türkmen sowet edebiýatynda işlenilmän duran künjeklerini görmäge edilen ilkinji synanyşyklaryň biri bolupdy. Halyk Göroglynyň «Тyркменская литература» atly kitabynda türkmen edebiýatynyň kemala geliş döwürleri yzarlanylýar. Alym bu kitabynda ýerleşdiren «Berdi Kerbabaýew» atly bölüminde ýazyjynyň «Aýgytly ädim» romany we bu eseriň türkmen edebiýaty üçin uly itergi bolandygyny bellemek bilen şeýle diýýär. «Roman «Решаюзщий шаг» оказал способствовал творческому росту туркменских писателей. Роман «Братья» Б.Сейтакова, повесть в стихах «Конес кровававого водораздела» Чары Ашырова во многом явилис развитием темы «Решающего шага»47. Professor Jora Allakowyň «Durmuş hakykaty we çeper hakykat»48, «Döwür we gahryman»49 atly kitaplarynda taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň meselelerine deglip geçildi we taryhy eserleriň gahrymanlaryňyň obrazyndaky, häsiýetindäki meňzeşlikler we özboluşlyklar barada saldamly pikirleri orta atdy. Tankytçy Durdymuhammet Nuralyýewiň «Romanlarymyzyň çeperçilik derejesi» atly makalasynda bolsa M.Hydyrowyň «Öwrümli ýollar» romanyňyň çeperçilik derejesiniň heniz biziň häzire çenli gazanan tejribämiziň derejesine-de ýetip bilmändigini ýerlikli belleýär50. H.Taňryberdiýewiň «Prozamyzyň käbir problemalary» atly kitabynyň51 «Taryhy şahs we gahryman» atly makalasynda taryhy şahslaryň obrazynyň käbir problemalary barada inçe pikirleri orta atýar. Edebiýatçy Kaka Salyhyň «Türkmen romanlarynda ussatlyk problemasy»52 diýen monografiýasy taryhy romanlaryň problemasyna bagyşlanypdyr. Kitabyň birinji bölümi «Romanda taryhy wakalary tipleşdirip görkezmegiň ýollary», ikinji bölümi bolsa «Romanda çeper obraz döretmegiň tärleri» diýip atlandyrylypdyr. Bu romanda taryhylyk, taryhy romanlar barada pikir ýöredilýär. Ýöne kitabyň sözbaşysynda türkmen romanynda diýse-de, bu monografiýada öňe iki sany taryhy roman – Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romany bilen Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romany derňelmäge bagyşlanylýar. Monografiýany okap çykanyňda bir zada, türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň bu ugurda gazanan tejribesi we tutuş sowet edebiýatynyň edebiýat öwreniş ylmynyň bu meselä bagyşlanan tejribesi utgaşykly seljerilmändigi üçin monografiýanyň juda sadalaşdyrylandygyny duýup galýarsyň. Şeýle-de bolsa, bu monografiýa türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna mynasyp goşant bolup bilipdi. Ýaş tankytçy Oraz Ýagmyrowyň «Täze döwür, täze gatnaşyklar»53 atly makalasy hem romanlarymyzda täze obrazlar, olaryň durmuşa bolan gatnaşygy, olaryň ynandyryjylygy ýaly ýagdaýlaryny seljermäge bagyşlanýar. Awtor öň ençeme sapar dürli adamlar tarapyndan derňelen, aýdylmaly zat aýdylan Nowçenko obrazynyň üstünde döwneýär. Okyja düşnükli bolan pikirleri ýene-de düşündirip başlaýar. Bu awtoryň «Türkmen romanyňyň öwreniliş taryhyndan»54 atly makalasy aýratyn gymmata eýe. Çünki, henize çenli her bir awtor, her bir alym öz işiniň, öz ylmy temasynyň töweregindäki gollanmalary, çeper eserleri gözden geçirmek bilen, sistemalaşdyrmak bilen, beýleki bir meseläni, şu özgerişler güne çenli biziň romanlarymyzyň öwrenilişiniň yzygiderliligi nähili? diýen sowala jogap bermek hem islemeýärdi. O.Ýagmyrow romanlar barada ýazylan işleri diňe bir sistemalaşdyrmak, hasaba almak bilen çäklenmän, olaryň kemter hem-de artykmaç taraplary, edebi prosese goşan goşandy hakynda-da pikir ýöretmäge synanyşýar. Professor Öde Abdyllaýewiň «Roman žanrynda ösüş tendensiýalary»55 atly makalasynda ýetmişinji ýyllaryň tema žanr özboluşlyklary, ýazyjylaryň bu ugurda edebiýatymyza getiren täzeçilligi barada giňden gürrüň edilýär. Awtor makalasynda Nowçenkonyň obrazy barada tankytçy Jora Allakow bilen jedele girýär. Şeýle hem edebi prosese saldamly goşant goşan ýazyjylar barada gürrüň edýär. Ş.Täşliýew bilen B.Jürmenegiň «Beýik halkyň wepaly ogly»56 atly makalasynda, S.Myradowyň «Wagtyň synagyndan geçjek obraz»57, Öde Abdyllaýewiň «Beýik özgerişleriň çeper beýanynyň taryhy»58 atly makalalarynda B.Kerbabaýewiň «Gaýgysyz Atabaý» romanyňyň mertebesi, türkmen edebiýatyndaky orny barada gürrüň edilýär. J.Hojageldiýewanyň «B.Kerbabaýewiň romanlary rus tankydynda» atly tankydy-bibliografik makalasy hem bellmäge mynasypdyr. Awtor türkmen sowet edebiýatynyň klassygy B.M.Kerbabaýewiň romanlary barada rus edebiýatçylarynyň, tankytçylarynyň, ýazyjylarynyň ýazan makalalaryň aýdan pikirlerini ýekän-ýekän derňeýär. Awtoryň iň bir utuşly tarapy, şol makalalary türkmen tankydy, şol sanda türkmen edebiýatçysy M.Annagurdowyň makalalary bilen utgaşykly deňeşdirýänligindedir. Şeýle deňeşdirme türkmen edebiýatçysynyň edebiýat öwreniş ylmyna goşan goşan bilen birlikde, rus edebiýatçylarynyň sözüniň agramyny aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Olaryn B.Kerbabaýewiň romanlary barada diýseň täze, düýpli pikirleri aýtmak bilen, käbiriniň öň aýdylanlary täzeden gaýtalaýandygy hem duýmak bolýar. Edebiýatçy Şamuhammet Gandymowyň «Şapagyň gözlegide» atly makalasynda ýazyjy Ýazmyrat Mämmediýewiň «Şapak» romanyňyň artykmaç hem-de kemter taraplary bara, gürrüň edilýär. Awtor bu taryhy romanyň obrazlarynyň süňňüne aralaşmakda ýaýdanjaňlyk edýär. Şonuň üçin bu roman barada çynlakaý pikirleri orta atyp bilmeýär. Ýogsa roman okyjylara ýaýran badyna onuň çeperçilik derejesi barada çynlakaý jemgyýetçilik pikirini döredýän ýiti makala ýazmak boljakdy. Bu awtoryň makalasy bolsa bu eser barada öwgüli, adaty syn bolup galýar. Edebiýatçy Aba Gylyçdurdyýew metbugatda türkmen romanyňyň ýagdaýy barada dürli makalalar bilen çykyş edip geldi. «Roman we ussatlyk»59 kitaby onuň romanlara bagyşlanylan makalalarynyň ýedisini öz içine alýar. Onuň «Türkmen romanynda durmuş hakykaty» atly makalasy türkmen taryhy romanlarynyň durmuş hakykatyny nä derejede beýan edip bilýändigini derňemäge bagyşlanypdyr. «Ýusup «Sumbar akýar» romanyňyň baş gahrymany, bu birinjiden, ikinjiden, Ýusubyň häsiýeti awtor tarapyndan logiki yzygiderlikde berilýär. Bu romanda Alymuhammet barada az gürrüň gitmeýär. Şeýle-de bolsa, onuň obrazy öňe saýlanmaýar, sebäbi ýazyjy onuň hereketlerini geregiçe suratlandyrmaýar. B.Soltannyýazow Alymuhammednň görkezýän edermenliklerini beýleki personažlaryň dilinden bermek bilen çäklenýär. Hakykatyna garasaň welin, Alymuhammediň hereketlerini suratlandyrmak zerur, sebäbi onuň taryhy prototipi bar. Allaýar Gurbanow Garrygala sebitinde Sowet häkimiýetini gurmaklyga işeňňir gatnaşan şahsyýetdir. Şonuň synpy duşmanlara garşy alyp baran söweşlerini çeperçilik serişdeleri arkaly ýaňadan dikelden bolsa, B.Soltannyýazow diňe utuş gazanardy»60 diýip dogry belleýär. Bu ýygynda jemlenen makalalarda, ine, şeýle, türkmen taryhy romanlarynyň ösüşini ölçäp bilýän degerli pikirleriň aýdylýan ýerleri bar. «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» IV – V – VI kitaplarynyň bäş tomlugynda türkmen sowet edebiýatynyň tä ýigriminji ýyllardan segseninji ýyllar aralygy döwürlere, žanrlara, aýry-aýry portretlere bölünip derňelýär. Ine, şol bäş kitaby öz içine alýan üç tomda türkmen taryhy we taryhy-rewolýusion prozasynyň döreýşi, ösüşi hem öz-özünden ýüze çykýar. Bu tema boýdan-başa yzarlanylmasa-da, sistemalaşdyrylyp, aýratyn derňewe sezewar bolmasa-da bu ugra degişli gürrüň isleseň-islemeseň hem bolup geçýär. Ylaýta-da B.Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň edebi portretleri berlende, Hydyr Derýaýew barada gürrüň edilende, türkmen prozasynyň meseleleri gözden geçirilende şeýle meselä-de deglip geçilýär. Ine, şeýle gürrüň türkmen döwlet uniwersitetiniň alymlary tarapyndan çapa taýýarlanylan, «Türkmen edebiýaty», TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýaty institutynyň alymlary tarapyndan çapa taýýarlanylan «Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler» atly kitabyň ikinji bölüminde hem edilýär. Tankytçy D.Nuralyýewiň «Şahsyýet we edebi proses»61 atly monografiýasynda hem taryhy we taryhy-rewolýusion eserleriň edebi prosesi janlandyrmakdaky roly çuňňur derňelýär. «Şahsyýetiň halk häsiýetini özünde jemleýşi diňe ýerli wakalar, hadysalar bilen däl, hakyky taryhy şahslaryň täsiri bilen baýlaşýar. «Aýgytly ädimde» Artyk W.W.Kuýbyşýewiň täsirli gürrüňlerini eşidýär, ony höwesli diňleýär, hak iş üçin göreşe galkynanyna guwanýar. «Gaýgysyz Atabaýda» Gaýgysyz Eliwa, Frunze, Kuýbyşýew ýalylardan tälim alýar, sosial çaknyşyklarda gaýnaýar. Şeýle mysaly doganlyk halklaryň edebiýatlarynda-da görmek bolýar. «Çarkandakly ýolda» Saken, «Doganlarda» Şaýdakow, «Mukaddes ganda» Ýulçi şu hili jemgyýetçilik sredanyň ýetişdiren adamlarydyr»62 – diýip, taryhy özgertmekde, rewolýusiýany amala aşyrmakda aýry-aýry şahsyýetleriň rolunyň juda uludygyny, möhümdigini, ýöne şol şahsyýetleriňem beýleki bir şahsyýetleriň göreldesiniň täsiri astynda kemala gelýändigini awtor dogry belleýär. Ine, bu monografiýanyň gymmaty hem şondan gelip çykýar. «Gorkiý we türkmen edebiýaty» atly monografiýasy bilen edebiýaty öwreniş ylmynda özni tanadan edebiýatçy Kaýum Jumaýewiň «Türkmen sowet prozasynyň döreýşi we ösüşi»63 atly monografiýasy hem taryhy we taryhy-rewolýusion prozany öwrenmekde edebiýatymyzy öwreniş ylmymyza önjeýli goşant bolup durýar. Bu monografiýada hem edil K.Baýrammyradowyň «Söweşjeň edebiýat ugrunda»64, B.Şamyradowyň «Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty», R.Rejebowyň «Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty» we «Urşuň öňüsyrasyndaky türkmen sowet edebiýaty» ýaly monografiýalaryndaky ýaly, türkmen sowet edebiýatynyň ýigriminji, otuzynjy ýyllarda döredilen prozasy barada gürrüň edilýär. Ýöne bu kitap durşy bilen prozanyň döreýşini we ösüşini öwrenmäge bagyşlanandyr. Munuň gymmaty-da şundan ybarat. Çünki henize çenli şol döwürleriň tutuş prozasy aýratyn ylmy dernewiň obekti bolup bilmändi. Awtor bu monografiýasynda türkmen prozasynyň emele geliş ýollaryny yzarlanda, türkmen sowet taryhy we taryhy-rewolýusion prozasynyň döreýiş we emele geliş, ösüş ýollaryny hem yzarlamaly bolýar. Çünki bu iki düşünjäni biri-birinden aýyrjak gümanyň ýok. Taryhy we taryhy-rewolýusion proza türkmen sowet prozasynyň aýrylmaz sostaw bölegi bolmak bilen, kyrkynjy, ellinji ýyllarda bolsa onuň özeni bolup gelipdi. Professor Jora Allakowyň «Türkmen edebi tankydynyň taryhy» atly okuw gollanma kitaby türkmen edebi tankydynyň emele geliş we ösüş döwürlerini yzarlamaga bagyşlanylypdyr. Bu kitapda Oktýabr rewolýusiýasyndan tä 1985-nji ýyla çenli aralygyň edebi-tankydynyň eserleri jikme-jik yzarlanylýar hem-de olaryň artykmaç hem-de kemter tarapyna ser salynýar. Bu kitapda türkmen tankydynyň ösüş tendensiýalaryny yzarlamak bilen birlikde, taryhy we taryhy-rewolýusion prozanyň edebi proses tarapyndan yzarlanylyşy, taryhy we taryhy-rewolýusion eseriň döremegi bilen edebiýat jemgyýetçiliginiň ony kabul edişi, şol eserler barada döredilen tankydy makalalar, garaýyşlar hem öz ugruna yzarlanylýar. Bu ugurda haýsy tankytçynyň nähili ornunyň we rolunyň bardygyny, olaryň türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna nähili pikirleri getirendigini yzarlamak bolýar. Professor J.Allakow özüniň bu okuw gollanma kitabynda, edil «Türkmen romanlarynda işçiniň obrazy» atly kitabynda belleýşi ýaly, M.Annagurdowyň belli taryhy makalalarynyň mertebesini dolulygyna görkezýär. Ol professor Öde Abdyllaýewiň uly prozanyň ösüşini, taryhy roman-epopeýalaryň gahrymanlaryňy, sýužet-kompozisiýasyny, çeperçilik serişdelerini, dilini – bir söz bilen aýdanyňda, poetikasyny öwrenmäge goşan goşandyny, tankytçy Hanguly Taňryberdiýewiň B.Kerbabaýewiň romanlaryny jikme-jik öwrenmekdäki roluny dogry belleýär. Muňa garamazdan, bu kitapda K.Baýrammyradowyň, B.Şamyradowyň, R.Rejebowyň ýigriminji, otuzynjy ýyllary öwrenmäge bagyşlanylan monografiýalaryndaky käbir pikirler, sitatalar şol durşuna alynýar. Munuň üstesine A.Kekilowyň, K.Jumaýewiň, R.Rejebowyň «Türkmenistanda tankydy pikiriň ösüşi» atly belli kitabyndaky käbir pikirler, dürli eserlerden alnan sitatalar şol durşuna alnypdyr. Ine, şu ýagdaýlar, şeýle hem türkmen sowet edebiýatyny öwreniş ylmynyň ilkinji kerpijini goýujylar M.Annagurdowyň, Aman Kekilowyň, şeýle hem türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna saldamly goşant goşan, tankytçy Durdymuhammet Nuralyýewiň özbaşdak portret hökmünde girizilmezligi we beýleki bärden gaýtmalar bu okuw gollanmasynyň geljekde has kämilleşdirilmegine umyt bagladýandygyndan habar berýär. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1987-nji ýylyň 9-10-11-nji nomerlerinde Ata Gowşudowyň «Perman» romanyňyň tutuşlygyna çap edilip başlanmagy türkmen sowet edebiýaty üçin uly hadysa bolupdy. Çünki okyjylar bu esere indi elli ýyla golaý wagt bäri garaşýardylar. Şeýle-de bolsa belli we näbelli sebäplere görä bu kitap okyja ýetmän galypdy. Elbetde, «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1939-njy ýylyň 2-nji, 4-nji, 7-nji, 8-nji, 11-nji, 1940-njy ýylyň 8-nji, 9-njy nomerlerinde bu romanyň aýry-aýry bölümleri çap edilipdi. Ýöne, ol bölümler okyja heniz bu eser barada belli bir garaýyş berip bilenokdy. Muny öz wagtynda awtoryň özi-de aňan bolsa gerek. Çünki ol «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1940-njy ýylyň 1-nji nomerinde roman barada şeýle diýýär: «...Bu romanyň birinji bölümi türkmen halkynyň kolonial döwründen öňki döwrüni suratlandyrýar we Zakaspi oblastynda graždanlyk urşunyň gutarmagy bilen roman gutarýar. Şu jümleden 16-njy ýylyň gozgalaňyndan bir görnüşini hem şu roman öz içine alýar. «Perman» romany barada nämeüçindir edebiýaty öwreniş ylmynda däl-de, agyzdan-agza geçip gelýän gürrüňlerde gaty köp ýatlanylýardy. Şeýle hem bolsa «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» IV we V tomlarynda «Otuzynjy ýyllaryň prozasy» we «Ata Gowşudow» diýen bölümlerde, mundan başga-da edebiýatçy K.Jumaýew «Ata Gowşudowyň eserleri» atly makalasynda giňişleýin durup geçdi. «Perman» romany «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap bolup çykandan soň ýazyjy, tankytçy, bu romanyň okyjylara gowuşmagynda abyrsyz zähmet çeken Nargylyç Hojageldiýewiň «Ömür kitaby»65 atly sözsonuňysy çap edildi. Bu makalany «Perman» romany barada ýazylan iň ilkinji we düýpli işleriň biri hasaplamak bolar. Bu makalada awtor «Perman» romanyňyň näme üçin şu çaka çenli okyja ýetmän gelendigini, näme üçin «Sowet edebiýaty» žurnalynyň sanlarynda onuň doly çap edilmändigini hem-de şol çap edilen bölekleriň romanyň haýsy kitaplaryna degişlidigini, «Perman» romanyňyň çap edilen we edilmedik bölümleri barada edebi-çeper tankytda aýdylan bellikler hem-de olaryň hakykata laýyklygy, «Perman» romanyňyň türkmen sowet edebiýatyndaky orny hem-de onuň gahrymanlary barada pikir ýöredýär. «Ata Gowşudowyň «Perman» romany onuň iň köp işlän, naýbaşy eseridir» diýip hasap edýäris. Ol ýazylyp gutarylandan kyrk ýyl geçenden soňam biziň edebiýatymyza uly hadysa bolup girdi. Romanyň tutuşlygyna «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilenden soň, okyjylar köpçüliginde döreden täsiri şeýle diýip tassyklamaga esas berýär. «Perman» romany halk durmuşyny, halk häsiýetini çuňňur, her taraplaýyn, masştablaýyn görkezýänligi bilen şu günki döredilen taryhy romanlardanam saýlanyp dur. Romanda gahrymanlaryň häsiýeti, ruhy dünýäsi, dartgyply wakalar arkaly açylyp görkezilýär. Gahrymanlaryň obrazy halkyň ykbalyna ösüp geçýär...»66 – diýip, N.Hojageldiýew bu romanyň mertebesi barada aýdyp geçýär. Awtor şeýle hem: «Ata Gowşudowyň «Perman» romany halkyň durmuşyny her taraplaýyn açyp görkezýär. Onda birnäçe romana ýeterlik baý material bar. Onda Öwezmyrat batyr, Kany batyr, Garry batyr, Gara batyr, Gutlymyrat, Nepes, Ilmyrat, Stepan ýaly özboluşly obrazlaryň giden bir galereýasy döredilipdir...»67 – diýip, romanyň obraz dünýäsi barada hem ýüzleýrägem bolsa durup geçýär. Şeýle-de bolsa bu romanyň çeperçilik derejesiniň, onuň dil gurşawynyň geçen kyrk ýylyň içinde birneme gowşandygyny belläp geçmek bilen, bu awtoryň eseriň dilini timarlamakda, ony jemgyýetçilik başlangyjy esasynda sulba getirmekde köp işiň edilendigini agzap geçýär. Bu uly eseri halka ýetirmekde abyrsyz işiň edilendigine, bu eser barada ilkinji çynlakaý makalanyň ýazylandygyna garamazdan, awtoryň belleýşi ýaly, roman düýpli ylmy-derňewe mätäç. Çünki, awtoryň belleýşi ýaly: «...roman uzak ýyllaryň dowamynda ýazylypdyr. Onuň käbir bölümleriniň dürli wariantlarynyň bolandygyna şübhe ýok. Mysal üçin, elimizdäki golýazmada hem «Gümanly ýazgyt» diýen bölümiň biri-birinden tapawutlanýan iki warianty bar. Onsoň romanyň aýry-aýry bölümleriniň dürli wariantlarynyň garjaşan bolmagy ýa-da onuň käbir bölümleriniň bize gelip ýetmedik bolmagy mümkin, golýazmada, aýratynam onuň ikinji bölüminde kitabynda bölümleriň arasynda üzlem-saplamlyk, böwşeňlik, çaprazlyk gabat gelýär. Öň bir hili gürrüň berlen waka soňra başgaçarak bolup çykýar. Ýa-da wakalaryň gidişinde wagt birliginiň, ýer birliginiň bulaşdyrylýan ýerleri bar. Käbir gahrymanlaryň atlary dürli-dürli berilýär»68. Ine, şol ylmy derňew şeýle nogsanlyklary seljermek, bu romany düýpli öwrenmek bilen onuň türkmen edebiýatyndaky ornuny anyk kesgitlemäge kömek berip biler. Ýaş alym Muhammetgurban Orazowyň «Taryhy romanlarymyz hakynda söhbet» (A., Magaryf, 1990ý.) atly ylmy eseri segseninji ýyllarda döredilen taryhy romanlary derňemäge bagyşlanýar. Awtor kitabynda soňky ýyllarda döredilen taryhy romanlaryň 13-nde taryhy hakykatyň çeper hakykatdaky beýany hem-de gahrymanlaryň häsiýetiniň taryhy döwür bilen baglanyşykda aýdyňlaşdyrylmagyny derňemegi maksat edipdir. Awtoryň derňemegi romanlaryň ylmy-çeper derňewine däl-de, mazmunyny yzarlamaga köp üns berýändigini, ikinji bölümde bolsa gahrymanlaryň häsiýeti hökmünde olaryň başdan geçirmelerini her taraplaýyn ýanjaýandygyna göz ýumsaň, bu ylmy eser soňky ýyllaryň taryhy romanlaryny bitewilikde derňemäge bagyşlanan saldamly işdir. Türkmen edebiýatynyň taryhy we taryhy-rewolýusion proza žanry ösmegini dowam etdirýär. Sözüň dogrusy, şol žanr, bu ugur soňky döwürleriň ylmy-çeper tankydynyň iň az üns berýän meselesine öwrüldi. Soňky döwürlerde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyç Kulyýewiň, Allaberdi Haýydowyň, Tirkiş Jumageldiýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Ýazmyrat Mämmediýewiň taryhy romanlary okyjylara gowuşdy. Emma käbir gysgaça gazet synlary diýäýmeseň, bular barada henize çenli agyz dolduryp aýdarlyk ylmy-derňew işleri ýok. Muňa garamazdan, biz bu eserler barada bu ugurda ýazylan, sähel ähmiýetli hasap edilen ylmy we tankydy işleri seljerip geçdik. Şeýlelikde, bu ugurda edilen işler gözden geçirilende, iki ýagdaýyň bardygyny seljermek bolýar. Olaryň birinjisi, türkmen taryhy romanlary barada synlaryň köpüsiniň, ylaýta-da rus dilindäkisiniň şol bir galypda ýazylyp, ol neşirden bu neşire düşüp ýörmegidir. Ikinjiden bolsa, şol eserler öwrenilende onuň poetiki baýlygyny tutuşlygyna öwrenmege üns berilmänligidir. Şol bir wagtda bolsa taryhy prozanyň çeper poetikasynyň diňe häsiýet, sýužet, kompozisiýa ýaly bölümleriniň kem-käsleýin öwrenilenligidir. Bu ýagdaý türkmen taryhy prozasynyň, onuň poetiki arsenalynyň geljekde çuňňur öwrenilmege mätäçdigini aňladýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |