12:10 Taryhyñ ýañy | |
TARYHYŇ ÝANY Häzirki döwürde ata-babalarymyz tarapyndan bize miras galdyrylan milli baýlyklarymyz bolan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, olarda rejeleýiş, öňki durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge hem-de täze nesle abat ýagdaýynda ýetirmäge, olar barada nesihat işlerini alyp barmaga giň ýol açyldy. Diýarymyzyň islendik welaýatyny alyp görseň -de, binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan meşhur taryhy ýadygärlikleri we aramgähleri görmek bolýar. Ol ýadygärliklere wagtyň geçmegi bilen weýran bolmak howpy abanypdyr. Daşoguz welaýaty hem taryhy we medeni ýadygärliklere oran baý ýerlerin biridir. Ol ýerde orta asyrlarda salnan ajaýyp ýadygärlikler diň e bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty hem ýadygärlikleri rejelemäge we gorap saklamaga öz goşandyny goşup gelýär. Rejeleýiş işleri halkara ylmy hyzmat-daşlyklar esasynda geçirilýär. Taryh instituty ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň yglan eden «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilginiň gaznasy» atly halkara maksatnamasynyň bäsleşigine gatnaşyp, 2005-nji, 2008-nji,2011-nji, 2014-nji ýyllarda ýeň iji boldy. Şonuň netijesinde hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän, biziň günlerimize gözgyny halda ýeten Aksaraýdiň ýadygärliginde we Ysmamyt ata binagärlik toplumynda rejeleýiş işleri geçirildi. ...Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumynyň rejeleýiş işleri halkara hyzmatdaşlygy esasynda guraldy. Köp ýyllaryň dowamynda Daşoguz welaýatynyň ýadygärliklerini rejelemeklige gatnaşan özbegistanly tejribeli arhitektorlar Wladimir Artemýewiň we Aliýa Urmanowanyň takyk ölçeg alýan gurallaryň kömegi bilen çyzan çyzgylary esasynda köneürgençli we ýerli rejeleýji ussalar tarapyndan alnyp baryldy. Taryh institutynyň «Gadymy döwrüň taryhy» bölüminiň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda Ysmamyt ata ýadygärlik toplumynda 2008-nji ýyldan şu günlere çenli 3 tapgyrda rejeleýiş we dikeldiş işleri ýerine ýetirildi. Birinji tapgyrda toplumyň iki sany uly gümmezli, Ysmamyt atanyň mazarynda we zyýaratçylar üçin namaz, Gürhan okalýan, dileg edilýän otagly jaýda we ýedi gümmezli, uzynlygy 40 metre barabar däliz görnüşinde salnan «Daşköçe» diýlip atlandyrylan desgada rejeleýiş işleri alnyp baryldy. Ikinji tapgyrda rejelenen binalar «Daşköçeden» demirgazyga uzaýan üsti dört gümmezli, günbatar tarapy kiçiräk baş gümmezli, uzynlygy 14,70 metrden ybarat dälizden namaz okalýan giň merkezi jaýyň töweregi dört otagly, üsti penjireli bir uly we dört sany kiçi gümmezli, öň i peştakly gyşky metjitden we aşhanadan ybarat. Üçünji tapgyrda üsti bassyrmaly, iki sany oýma nagyşly agaç sütünü ýazky metjit, 12 sany üsti gümmezli hüjreli, iki sany üsti bassyrmaly eýwanly howluly we üsti uly gümmezli peştagy bolan daşky bassyrmaly medrese rejelendi. Rejeleýiş işleri toplumyň günortasyndan we demirgazygyndan uza-boýuna binýadynyň başlanýan ýerine çenli çukur gazylyp, inedördül bişen kerpiçden ini 80 santimetr, boýy 1,5—2 metre barabar binýady täzeden tutuldy we yzgar geçmez ýaly berkidiş işleri geçirildi. Ýadygärlikde dürli ýyllaryň dowamynda ýerli ilat tarapyndan birnäçe gezek rejeleýiş işleri alnyp barlypdyr. Emma rejelemek baradaky kada-kanunyň yzarlanmandygy sebäpli, soň ky döwürlerde edilen bejergileri, ýagny diwarlaryň daşyndan we üstüne guýlan galyň , ini 50—60 santimetre barabar bolan betonlary aýryp, öň ki kaddyna getirmek üçin taýýarlaýyş işleri geçirildi. Ýadygärligiň daş-töweregini gömlen toprakdan arassalamak işleri arheologlaryň we antropologlaryň gözegçiligi astynda alnyp baryldy. Şeýle hem köne diwaryň örtükleri-suwaglary we kerpiç arasyndaky gumlary arassalandy hem-de onuň ýeri berkligi bilen tapawutlanýan, düzümine angidrit, owradylan hekdaşy we katalizator garylan berk erginden dolduryldy. Soň ra ýumrulan ýerleri dikeltmek işleri dowam etdirildi. Uly jaýryk atandygy zerarly diwarlaryň kabir ýerleri gyşarypdyr. Şol ýerler hem sökülip, täzeden dikeldildi. Gyşky metjidiň , aşhananyň we hüjreleriň oýma nagyşly 23 sany gapylarydyr penjireleri ýerli neçjar ussasy tarapyndan täzelendi. Köneürgençli ussalar gümmezlerde we hüjrelerde bar bolan gezden ýasalan nagyşly penjireleriň 22 sanysynyň öň ki durkuny dikeltdiler. Bassyrmalaryň 3-si sökülip, doly täzelenip dikeldildi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem ýerli ýaşulularyň maslahaty bilen rejeleýiş işlerinde ulanýiýan derek agajynyň pürsleriniň arassalanmadyk pagta ýagyna ýatyrylmagydyr. Şeýtmek bilen pürsleriň berkligi we olara zyýan beriji garynjalaryň degmezligi gazanylýar. Rejeleýiş işlerinin 3-nji tapgyrynda medresäniň dört hüjresinde ozal gömlüp galan täsin görnüşli nagyşly tekjeleriň üstünden barlyp, täze açyşlar edildi. Arassalaýyş işleri geçirilende, gezden ýasalan geometrik, ösümlik we zoomorf şekilli oýma nagyşly täsin bezegleriň bardygynyň üsti açyldy. Köneürgençdäki XIV asyrda gurlan diýlip hasaplanýan Ibn Hajybyň medresesinin gurluşy we Bütünlerinin bezegi hut Ysmamyt atadaky medresäniň ki bilen meň zeşdir. Bu medreseler XX asyryň başlarynda hem öz wezipesini ýerine ýetirip, okuwçy okadylypdyr. Obanyň ýaşulularynyň gürrüň bermegine görä, XX asyryň başlaryna Nurjan ahun, Mätnyýaz ahun ýaly sowatly adamlar talyplara ders beripdir. Medresede gyzlar hem okapdyr. Olardan Gurban enäni, Ra-biýa halypany ýatlamak bolar. «Halypa» diýmek «sowatly, mugallym» diýildigidir. Rabiýa halypa gyzlary okadyp, olary sowatly etmekde uly işleri bitiripdir. Ähli rejeleýiş işleri tamamlanandan son, ýadygärligiň daş-töweregine, 12 hüjräniň içine, gapylarynyň daş işigi-ne, bassyrmalaryň aşagyna, medresäniň howlusynyň düşegine iki hatar, çetleri dandanaly — dikligine goýlup jäheklenen inedördül kerpiçler düşeldi. Şeýle hem ýadygärligiň töwereginde abatlaýyş işleri geçirildi we sazak, ýylgyn ýaly duza-şora çydamly ösümlikler ekildi. Ýadygärlikleri halkara hyzmatdaş-lygy arkaly öwrenmegiň we dikeldiş işlerini geçirmegiň taryh ylmynda, binagärçilikde, şeýle hem syýahat-çylygy ösdürmek babatda ähmiýeti uludyr. Taryh instituty Paryzdepede we beýleki ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini, arheologik ýadygärlikleriň elektron kartasyny düzmegi dowam etmek, ýurdumyzyň muzeýlerinde ýerleşýän arheologik tapyndylar bolan metal önümleriniň bezeglerini öwrenmek, Institutyň gaznasynda saklanylýan arheologik tapyndylarymyz bolan baý medeni mirasymyzy rejelemek we täzeden dikeltmek, olaryň himiki düzümini kesgitlemek, olar barada makalalar we çykyşlar gurap, wagyz işlerini alyp barmagy, täze enjamlaryň kömegi bilen Türkmenistanyň häzirki zaman ilatynyň antropologik keşbini öwrenmegi maksat edinýär. Halkymyzyň taryhyny, edebi we medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary halkara giň işligine çykarmakda döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Nurgözel BÄŞIMOWA, # turkmenistan_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |