TÄSIN HOLODILNIK
Döredijilik öýüne gelenime ýarym aý töweregi bolanam bolsa, ruçkam edil garaçy mal ýaly hiç ýöränokdy. Her zat edip gördüm bolmady.
Mundan boluş bolmaz, bir zad-a etmeli. Iki eliñi burnuña sokup boş barsañam bir hili gelşiksiz how, işsiz adam köpdür, her kim bir zat diýer, milletiñ diline duruw barmy.
"At çapanyñdan-a geçdik, eýeriñ gaşyndan bir bek ýapyş" diýişleri ýaly, täze zat ýazandan-a elli bizar boldum, ýöne öñki ýanym bilen getiren romanymyñ golýazmasyny bir ýitiräýmäýin. Holodilnik öñi-soñy boş dur, şoña salaýaýyn-la. Dagaşyp ýatsa tam süpüriji aýalyñ äkidip ýakaýmagam mümkindir.
O zatlary birýan ýüzli edişdirip ýene-de iş stolumyñ başyna geçdim. Nämedir bir zatlar ýazjak bolup ruçkamy elime alanymam şoldy welin, arka ýüzümde duran holodilnij erbet takyrdap tutuşlygy bilen sandyrady. Zähräm ýarylan ýaly bolup yzyma öwrüldim. Ol ýuwaşan ýaly etdi-de, birki minutdan ýene-de ala-zenzele bolup şakyrdady.
Be, bi ne boluş?! Öñem zat ýazyp bilmän otyryn, ýeri indi señki nämäniñ görgüsi diýsene?! Bu ýagdaý soñabaka meniñ gaharymy getirip başlady. Halys degnama degdi. Ýok, mundan boluş bolmaz, ugruna çykmaly, düzetdirmeli.
Döredijilik öýüniñ direktorynyñ hojalyk işleri baradaky orunbasarynyñ ýanyna bardym. Ol salamymy aldy-da:
- Holodilnikli mesele bolsa onda direktoryñ hut öz ýanyna baryñ. Ol meselä biz gatyşyp bilmeris... Elbetde, bagyşlañ - diýip, ol hoşamaýlyk bilen meni yzyma dolady.
"Atylan ok daşdan gaýdýan däldir", direktoryñ hut öz ýanyna ugradym. Sekretar gyzyñ alçaklygy meni haýran galdyrdy.
- Hormatly ýazyjy! Geçip oturyñ, ynha, bir stakan gyzgynjak kofe bereýin. Bagyşlañ welin, başlyk bun bolmaz, ony ýap-ýañyja ýygnaga çagyrdylar.
Bu adamlara ýüz bererligi barmy diýsene, düşegim ýumşady. Ol gelniñ guýup beren kofesini işdämenlik bilen içip özümiñ näme üçin gelendigimi aýtdym.
- Her hepdäniñ anna güni direktoryñ kabul edýän güni. Ertir irdenjik geläýiñ. Onuñ ýanyna gelip heniz ýumuşy bitmän giden adam ýok - diýip, ol ýagdaýy düşündirdi.
Men sekretar gyza minnetdarlyk bildirip baş atyp çykyp gitdim. Edil, walla, ýaga depjek ýaly, jaýyma tarap aýagym ädilmedi. Holodilnigiñ şol bir takyrdysy gulaguma gelip duran ýaly boldy. Onda-munda gezmeläp gün geçirjek boldum. Alajyñ näme, iru-giç tünegiñe dolanmaly ahyryn!
Uzyn gije basyrganyp ýatyp bilmedim. Dogrusy dañyñ ataryna howlukdym.
Ertirlik edindim-de, etek alty-ýeñ ýedi direktoryñ ýanyna eñäýdim. Ol meni güler ýüz bilen garşylady. Öwrümli gürrüñ edip oturman arzy-halymy aýtdym.
- Şakyrdap ýatyrmaýan bolsa, işlemäge goýmaýan bolsa, oña hökman seretdireris - diýip, direktor ýylgyrdy, soñra stolunyñ üstünde duran apparatlaryñ biriniñ düwmejigini basdy.
Ol ýüzüni apparata tarap öwürdi-de:
- Otyrmysyñyz? - diýip sorady.
Görýän welin, başlykda oýun köp öýdýän, näme, meniñ oturanymy görmeýämikän. Kabinetde ikimizden başga adam-a ýok. Men ýuwaşlyk bilen ýerimden turdum. Ol "oturyñ" diýen äheñde elini hereketlendirdi. Men özümi ýene-de aşak goýberdim.
Direktor gürrüñini dowam etdirdi:
- Holodilnik bejerýän oglanlañ birini meñ ýanyma iberiñ, garaşýan.
Edil daşky otagda garaşyp oturan ýaly direktoryñ sözüni soñlap-soñlamanka bir ýigit gapydan girdi.
- Başlyk, diñleýän - diýip, ol elindäki demir gapyrjaklara seretdi.
Biz holodilnik ussasy bilen tirkeşip öýe geldiler. Ol ýañky gapyrjagyndan bir guraly çykardy-da, onuñ bir ujuny holodilnigiñ arka ýüzüne degirdi, bir ujuny bolsa gulagyna geýdirdi. Holodilnik sandyrap ses etdi.
Ýañky ýigit meniñ ýüzüme seredip ýylgyrdy.
- Agam, bagyşlañ welin, muñ içindäki öz eseriñizmi? - diýip sorady.
"Be, açyp görmän onuñ içinde näme bardygyny nä bilýäkä" diýip men geñirgendim.
- Dagy näme, ogurlyk edýändir öýdýäñmi? Hawa özümki. Täze ýazan romanymyñ golýazmasy. Şundan bardygym neşirýata tabşyrmaly. Planda dur. Gyssagy özüm bilen.
Ol ýañky gurallaryny ýygnaşdyryp durşuna başyny ýaýkap hyrçyny dişledi.
- Ýazyjylaryñ döredijilik öýündäki holodilnikler täsindir, agam. Eseriñiz eser şekilli bolmasa, ol gygyrybir. Onuñ şakyrdysyny ýatyrjak bolsañyz romanyñyzy täzeden gowja edip işläñ ýa-da başga ýerde goýuñ. Düşnüklimi, ýaşuly? - diýip, ol çykyp gitdi.
- Bäý-bä-ä, her hili täsin zat bar-ow dünýäde. Bular beýläk, neşirýata bir habar beräýmäkäler çaltyrak ugradaýyn romanymy - diýip, men zöwwe ýerimden galdym.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar