07:09 Täsin synag / satiriki hekaýa | |
TÄSIN SYNAG
Satiriki hekaýalar
Biziñ redaksiýamyza etraplardan birnäçe täsin tapyndylar iberipdirler. "Ylmy-barlag, eksperimental institutlaryñ laboratoriýalarynda derñäp görüñ, netijesiji bize habar berersiñiz" diýipdirler. Iberilen tapyndylaryñ biri biziñ ünsümizi özüne çekdi. Biz ilkinji nobatda, turuwbaşdan iberilen sapajyk şekilli tapynda ýapyşdyk. Barlag başlandy. Häzirki zaman tehnikasy ýetişibildiginden, aýagaldygyna işläp ugrady. Depe saçlary bireýýäm düşen alymlar ylmy derñewe gümra boldular. - Garaja sapagyñ ýogynlygy 0,07 millimetr ekeni - diýip, paýtagtymyzyñ himiki institutynuñ elektrohimiýa kafedrasynyñ müdiri aýtdy. - 0,07 millimetr ýogynlykdaky zat türküläp aýtsak näme ýalyrak bolýar?! - diýip, biz alyma sowal berdik. - Adam saçynyñ ýogynlygyny göz öñüne getiräýiñ - diýip, ol jogap berdi. - Bu täsin garaža sapajykda mehaniki, fotohimiki, elektrik, ýa bolmasa, magnit ýazgysy bar bolaýmasyn - diýip, ökde bir alym mikroskopdan gözüni aýryp aýtdy. Başga biri mikroskopa çyny bilen seredip, başyny galdyrdy-da: - Bu garaža sapajyk örän berk kremniden ediläýen ýaly, içki bir gatynda iññän inçejik elektroprogod bar-a meñzeýär. Ýene bir gaty termoplastik özenden ybarat bolsa gerek. Bu täsin tapyndy bilen tehniki kibernetiki institutyñ alymlary, lingwistler, psihologlar, fiziologlar gyzyklanyp başladylar. Paýtagtymyzyñ neýrokibernetika institutynuñ işgärleri: - Şu garaja sapajygyñ ýüzündäki signallary okap görmeli. Belki, bu täsin tapyndy älemiñ başga bir ýerindäki añly-düşünjeli adamlaryñ Ýere iberen zadydyr - diýdiler. Her kim bir pikiri orta atdylar. - Munda örän ýokary çastotatnyñ üýtgeýän impulslary termoelektrik usuly bilen ýazylaýan ýaly. - A-haw, munuñ her millimetrinde ýedi milliona golaý signal bar şekilli, adamlar. - Bu ýazgylary millionlarça ýyk saklap bolýar, öçjek gümany ýok. Ahyrsoñunda alymlar belli netijä geldiler. Garaja sapajykdaky täsin ýazgy signallary okamaly diýen pikirde durdular. Iş neýrokibernerika institutynyñ işgärlerine tabşyryldy. Garaja sapajykdaky ýazgy signallaryny elektromagnit impulslaryna öwürdiler. Soñra şol termoelektron ýazgy güýçlendirilip, omega-şöhle geçirildi. "Omega-şöhle näme?" diýmegiñiz mümkin. Omega şöhle adam beýnisiniñ pikirlenýän wagtyndaky çykarýan şöhlesijiñ kolebaniýesi. Neýrokibernerika institutynyñ omega generatoryny alym gyzlaryñ biriniñ kellesime berkitdiler. Hälki garaja sapajygy metal elektroda berkidip, onam omega-generatora galtaşdyrdylar. Ýañky alym gyz bilbil ýaly saýraberdi. - Meniñ adym Gyzylgül - diýdi. Biz geñ-tañ galdyk. Sebäbi bu alym gyzyñ ady Gyzylgül däldi. - 8 çagam bar - diýip, ol aýtdy. Tas pyñkyrypdyk. Sebäbi bu gyz entek durmuşa-da çykmandy. - Özümem etrapda, obada ýaşaýan - diýäýdi. Aşgabat nire, etrap, oba nire. - Adamym Kemal Durdyýew. Ol etrapda baş zootehnik, kiçi wezipeli kiş däldir. Ol malyñ zootehnigi däl-de aragyñ zootehnihidir. Erbet içegendir. Özümem, çagalarymam hor-homsy ýaşaýan. Artyp "Akmämmet", jähennem bolmuş "Çemen", sähne edýän "Sähra" biziñ rysgalymyza şärik. Horluk, açlyk-ýalañaçlyk bilen bir mydar etse boljak. Beterinden beteri bar. Ol alkaş meni urýar. Her 20-nji asyrda-da aýalyny urýan gördüñizmi?! Görenem, eşidenem dälsiñiz. Şu sözlerden soñ alym gyz möññürip aglamaga başlady. Sesinden durar ýaly däldi. Bizem gamgyn bolduk. Alym gyz ejire çydaman gözlerini ýumdy. Ýüreginiñ urşy peseldi. Gan basyşy haýallady. Biz muny ýa öler, ýa dälirär öýtdük. Berekella Gyzylgülüñ janyna diýdik. Alym gyzyñ kellesinden omega-generatoryñ şlýomyny aýyrdyk. Asyl, görüp otursak, şol garaja sapajyk Kemal Durdyýewiñ görgüsi ýaman aýaly Gyzylgülüñ saçynyñ bir tary eken. Kemal arak içip-içip, tüýs esrik ner bolup joşup, aýaly Gyzylgülüñ saçyndan penje-penje ýolýan bolsa nätjek. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |