TÄSINDEN AJAÝYP YKBAL
Onuň şeýlekin zähmetsöýerligi hemmeleri haýran galdyrypdyr.
Georgiý Iwanowiçiň elinde işlän, milli ylmyň ägirtleriniň biri, soňra Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti bolan akademik Pygam Azymow öz ýatlamalarynda halypasynyň ýazmakdan, göçürmekden, gaýtadan işlemekden ýaňa barmaklarynyň inçelip gidendigini, doly syýadanyň bir güne ýetmeýändigini, diňe günüň dowamynda 4-5 sagat ukudan galan wagtyny diňe zähmet çekmäge bagyşlardy. „Beýle köp işlemňn arasynda dynç alaýsaňyz bolanokmy, halypa?!“ diýseňem, mylaýym ýylgyrar-da, „zähmetden gowam bir dynç bolarmy?“ diýer, wessalam!
Öz döwründe çap edilen „Türkmen sowet ensiklopediýasynda“ dört sany Karpow familiýalaryna duşýarsyň. Şolaryň birem Georgiý iwanowiç Karpow.
1890-njy ýylda doglan bu şahsyýetiň 1930-1947-nji ýyllar aralygyndaky ömri gönüden-göni türkmen topragy bilen baglydyr. Şol 17 ýylyň içinde bitirilen işleriň agramy weli... Ölçäp görseň „älhepus“ diýdirýär. Ykbal uşlybynyň yzyna düşüp 30-njy ýyllaryň başynda Türlmenistana aýagy degen adam 1922-nji ýylda ilki Türkmen oblastynyň ispolkomynyň başlygynyň orunbasary, yzýanam başlygy wezipelerinde işleýär. Şondanam TSSR-iň Prezidiumynyň agzasy, Merkezi Ýerine Ýetiriji Komitetiniň (SIK) sekretary bolup işleýär. Soň ykbal ony Baýramala zyňýar. Bu ýerdäki pagtaçylyk tehnikumynda ýönekeý mugallym bolup öýrkň, ykbal başyna apat salýar-ýanýoldaşy egindeşleri Gaýgysyz Atabaýew, Oraz Täçnazarow dagy hemaýata ýetişýärler.
Georgiý Iwanowiç Aşgabada dolanyp, paýtagtda ýaňyja döredilen ylmy-barlag institutyna ýolbaşçy bellenýär. 1936-njy ýylda bu institit bölünip, özbaşdak Taryh instituty döredilende bolsa, şol ylym jaýynyň ilkinji direktory bolýar. Ylym-bilim işlerini „ýörjen-ýörjenlikden“ ýaňy ýola goýup ugran Respublikda bu ugurda bitirilmeli işlere aýdylyşy ýaly bilek çermäp girişýär, kynçylyklaryň öňünde hergiz müzzerilmeýär. Ýeri gelende, Taryh institutyna ilkinji direktor bellenmeginiňem tötänlik däldigini bellemeli. Karpow 1923-nji ýylda ilkiji bolup „Türkmenistanyň taryhyny, etnografiýasyny we arheolohiýasyny öwrenmek krujogyny“ açýar, oňa ýolbaşçylyk edýär. 1925-nji ýylda bolsa türkmen tire-taýpalarynyň düzümine bagyşlanan broşýurasy çap bolýar. 1927-nji ýylyň ahyrynda-1928-nji ýylyň başynda işe başlan Türkmenistanyň medeniýeti Institutyny hem-de şonuň neşiri bolan „Туркменовединение“ ülke jurnalyny döretmegiň başyny başlanlaryň biridir.
1937-nji ýylyň taryh gatyna „represiýalar“ ady bilen giren pajygaly döwri bu guramaçy ýolbaşçynyň hem töwereginde „tüweleý“ turzupdyr.
...Gije sagat 3-lerde kakylan gapyny Georgiý Iwanowiçiň 12 ýaşly gyzy Lida eşidip, düňküldňp işige barýar. „Kimsiňiz?“ diýlen sowala „Myhman“ diýlen tutuksy jogap eşidilýär. Wolganyň kenaryndaky sümme tokaýly mekanda dünýä inen hem bolsa soň nijeme ýyllap Ferganada ýaşap, indem Aşgabada gelen Karpow özbek dilinem, türkmen dilinem suwara bilipdir. Özem Gündogar däbine eýerip, elmydama öýi mynmanly bolan, Bu ojaga gündiz ýa-da gije, tapawudy ýok, akademik W.W.Bartolddan başlap, iň get obalardan gelen daýhanlar hem, alymlardyr ýazyjylar hem kürtdürmän gelip bilýän eken. Ýagşy pälli myhmanlara işigem, saçagam, öý eýeleriniň göwün gapysam açyk eken. Ýöne bu gezekki myhmanlaryň matlaby-pygly başgaça bolup çykan. „Bar, sen ýatyber!“ diýip, ony gapdaldaky otga itip salan „myhmanlar“ kakalaryny äkidipdirler. Ertesi irden gijesi bilen ýatman, aglap çykansoňlar, gözleri çişip duran çagalary ejeligi köşeşdiripdir: “Kakaňyz hijem günňli däldir, görersiňiz, şoň üçinem derrejik geler“. Haýp, şol „derrewjik“ bolsa dokuz aýa çekipdir. Ahyram aýp tapylmansoň, iň esasam, psihologik hem fiziki taýdan diýseň durnukly, ýanbermez adamyň çydamlylygy ony halas edipdir.
Ýene-de Taryh institutynyň direktory bolup,bar küýüni-übütigini ylma berýär. 1941-nji ýylda Respublikanyň taryhynda unudylmaz waka bolýar. SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistan filialy döredilýär. Şoňa ilkinji bolup wise-prezidentlik etmek bagtam Georgiý Iwanowiçe miýesser edýär. Beýik Watançylyk urşunyň haý-haýly wagtynda-1942-1943-nji ýyllarda ol soň öz ýatlamalarynda ýazyşy ýaly, ylmy-derňeň işi üçin diýseň ajaýyp hem ýatdan çykmajak sapar bolýar. Ol tutuş Türkmenistana, şeýle hem Eýranyň Türkmensähra, Horasan, Mazendran welaýatlaryna aýlanyp, türkmen tire-taýpalarynyň gelip çykyşy barada diýseň gyzykly hem gymmatly maglumatlary toplaýar. Şol temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Bitiren hyzmatlary üçin „Hormat nyşany“ ordeni bilen sylaglanýar.
Alym irginsiz zňhmet çekmegi başaran hem-de şondan lezzet almagy başaran adam bolupdyr. Bilýňn adamlaryň ýatlamalaryna görä, Georgiý Iwanowiç hemişe ýa-ha okap ýa-da ýazyp oturmasa, ynjalmandyr. Ylaýta-da ony türkmenleriň etnografiýasy aşa gyzyklandyrypdyr. Tagma, ýaşmak, däp-dessurlaryň milli aýratynlyklary hakda maglumatlary toplamak, olaryň gelip çykyşyny öwrenmek meselerine ömrüniň soňky ýyllarynda has uly üns beripdir. Bu meňzeşlikleriň ýa-da aýratynlyklaryň goňşy ýaşaýan buluçlar, parslar, aýmaklar, ýa-da has alysdaky gögoguzlar hem-de beýleki milletlerdňkiden tapawutlaryny içgin seljermegi, ylmy taýdan delillendirmegi aňryýany bilen başarypdyr.
Alymyň ýene-de bir bitiren unudylmaz hyzmaty, türkmen nusgawy edebiýatynyny, ylaýta-da folklor janryny içgin öwrenenligi, oňa diňe ylmy düşündiriş bermek bilen çäklenmän, eýsem, terjime edip, rus okyjylaryna, ylmy jemgyýetçiligine hem ýetirenligidir.
Bu işleri bitirmekde diňe bir türkmen dilini suwara bilmegiň ýeterlik däldigi düşnüklidir. Karpow islendik gürrüňdeşini özüne imrindirip bilýän alçak, päk göwün kişi bolubam görenlere özüni aldyrypdyr. Şeýle bolansoň bir gezek duşanlaram soň oňa Marydan, Kerkiden, pendi töwereklerinden, Daşoguzdan, Kakadan, Duşakdan, hat-da iň çet hasap edilýän Gyzylgaýa, Jamal guýy taparlardanam taryha, etnografiýa, folkora degişli maglumatlary ýollap durupdyrlar. Olam bu maglumatlary gyzylyň gyryndysy deýin peýdalanypdyr.
Eli boşaşdygy bazara, şol döwrüň „kluby“ hasaplanan, ýagny gürrüňçiligiň, saz-söhbediň, del gürrüňleriň, degişmeleriň aýdylýan ýeri bolan çaýhanalara baryp, „gulagyny gandyrypdyr“ Karpow ölemen küştçi bolansoň, türkmenleriň ürç edipm oýnaýan bu pişesi bilenem adygypdyr, çaýhanalarda köplenç „hany, Grişa gelmedimi?!“ diýilmegi adaty ýagdaý bolupdyr.
Belli alym Mäti Kösäýew 1988-nji ýylyň 15-nji iýulynda „Edebiýat we sungat“ gazetinde çykan makalasynda täsin bir wakany ýatlapdyr. Ol şeýle: 1926-njy ýylda Baýramaly şäheriniň ýolbaşçylary şňheriň köçeleriniň tozanyndan-çaňyndan dynmak üçin Soltan Sanjar ýadugňrligini ýykyp, kerpijini ýola düşemek kararyna gelýärler. Bu habar Respublikanyň Merkezi Ispolnitel komitetiniň ýolbaşçy wezipesinde oturan G.I.Karpowyň gulagyna ýetýär. Orta asyr taryhy we medeni ýadygňrlikleriniň Ňlem ýüzünde iň naýbaşylarynyň biriniň beýle harap edilmeginiň öwezini dolup bolmajak ýitgi, tytyş nesillleriň öňünde ötülmejek günň boljagyna anyk düşünýän adam beýle gödekligiň derrew öňüni alýar. „Şeýle aýgytly hereket bolmadyk bolsa Soltan Sanjaryň mukaddes kerpiçleri ýola düşek bolmalydy“ diýip, Mäti aga ýatlaýar.
Ylmyň, sungatyň öňünde bitirilen hyzmat asyrlara aşyp gidýär. Ylaýta-da halkyň ruhy-ahlak, taryhy, medeni mirasynda öçmejek bolup galjak hyzmatlary bitirmek ör işini bitirmek diýmekdir. Has agzalmaly, hemişe nygtalmaly tarapy-da, ilkinji bolup ýol salmakdyr. Ine, Georgiý iwanowiç Karpowyň şöhleli ýyldyza meňzeş ykbalyna şeýle bagt ýazylypdyr. Beýle täsinden manyly ömür bilen at goýup giden adamlar mydama ýatlanmaga, nusgalyk edilmäge mynasypdyr.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
Edebi makalalar