21:14 Täze Birleşen Milletler Guramasy | |
TÄZE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY
Publisistika
Hemme zatdan ötri deñlik prinsipini we ownuk döwletleriñ hak-hukuklaryny awtomatiki ýagdaýda aradan aýran "synpylygy" ýa-da "weto warwarlygy" aradan aýyrmak gerek Doktor Abdylla el Muallimi 12 ýyllap Saud Arabystanynyñ BMG-daky hemişelik wekili bolup işledi. BMG-nyñ problemalaryny başdan geçirdi we syrlaryna şärikdeş boldy, yzygiderli çylşyrymly we jeñ ýagdaýyndaky dünýäde guramanyñ mümkin bolan bilen mümkin däliñ arasynda nähili göreş alnyp barylýandygyny ýakyndan gördi. Muallimi BMG-nyñ Baş sekretary Antoiu Guterrişiñ halkara guramada şu günki güne çenli işlän iñ gowy baş sekretardygyny, onuñ Gaza urşundaky görkezen batyrgaýlygy, beýanatlary we tutýan pozisiýasy bilen uruş bilen baglanyşykly meseleleri öñe sürmekde uly adamkärçilik duýgisy we uly batyrgaýlyk görkezendigini aýdýar. ABŞ-nyñ Ysraýyla berýän goldawynyñ ýetjek derejesine ýeten döwri portugaliýaly diplomat zalym bilen gurbanyñ arasyndaky çägi kesgitlemek üçin "Refah" araçäk nokadyna geldi. Emma BMG-nyñ nähili başarnyklydygy bilen näderejede kemçiliklidigi birýana, dünýä başga bir formulanyñ ýa-da guramanyñ gözlegine çykana meñzeýär. Häzirki gurama Milletler Ligasynyñ binýadynda nädip dörän bolsa, häzirki guramanyñam bulam-bujar ugurlary dolandyrma, çaknyşyklara gözegçilik etme we şumatky bolşy ýaly ýaýylmagynyñ öñüni almak üçin çaknyşyklary çäklendirmek babatda has güýçli gurama döräp biler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyñ korona ýokanjy wagtyndaky tejribesinde munuñ bir mysalyny görýäris. Efiopiýaly Tedros Adhamom Gebresius özüne berilen ygtyýarlyk we pullar bilen diñe oazis ýerlerinde ýatlanylýan guramany heläkçiligiñ zarbyna täsirli we çakgan döş gerip duran gurama öwürmegi başarypdy. Dünýäniñ indi uly krizisler bilen, köne syýasatlar we mümkinçilikler bilen ýüzleşmesi mümkin däl. Şol sebäpli Koreýadan Wýetnama, Owganystandan Yraga we 1967-nji ýyldan şumada çenli dowam edip gelen palestin uruşlaryna çenli biri-biriniñ yzyndan gelen sebitleýin uruşlar bilen parahatçylyk we ösüş ýer bilen ýegsan boldy. Elbetde, bu harby kararlylygyñ añyrsynda durjak syýasy güýje we uly maliýe goýumlaryna zerurlyk duýulýar. Ikisinde-de täze guramanyñ gurluşynda we ygtyýarlygynda düýpli üýtgeşmeleri geçirmeli bolar. Şol bir wagtyñ özünde, hemme zatdan ötri deñlik prinsipini we ownuk döwletleriñ hak-hukuklaryny awtomatiki ýagdaýda aradan aýran "synpylygy" ýa-da "weto warwarlygy" aradan aýyrmak gerek. Häzirki wagtda Gaza üçin teklip edilen çözgütlerden biri - Gaza sektoryny ýewropaly organlaryñ biriniñ gözegçiligine bermek bolup durýar. Muny aýratynam Russiýanyñ ýa-da Hytaýyñ weto etmek ähtimallygy bolansoñ, teklibiñ ýol aljagyna ynamym ýok. Şol sebäpli bular ýaly guramanyñ halkara kwalifikasiýada bolmagy has gowy bolar, aýratynam Hindistan ýaly ýurduñ oña gerekli harby güýji üpjün edip durjakdygy göz öñüne tutulanda. Bu tejribe BMG-nyñ parahatçylyk güýçlerini we "mawy beretkalylary" durnukly ýagdaýda janlandyrjak täze işlere badalga bolup biler. Guramanyñ parahatçylyk güýçleri Hindistandan, Hytaýdan, Nigeriýadan we guramaçylykly goşunlara we umuman alanda bitarap syýasata eýe beýleki "uly" döwletlerden gelen güýçlerden düzülip biler. Şeýlelikde, amerikan wekili ýa-da rus wekili indi Howpsuzlyk geñeşiniñ nobatdaky ýygmanyşmalaryna ýeke söz aýtmak, ýagny "ýok" diýmek üçin gatnaşmaz. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 10.11.2033 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |