14:54 Täze harabalar / Bet iş | |
14. Bet iş
Romanlar
Hommat daň atanda oba ýetdi. Gara öýüň sokma gapysyny itmezden öňinçä sägindi. - Eje... Içerden Aýnanyň sesi eşidildi: - Hommat?.. Hommat, senmi? - Hä... men. Aýna gapyny açdy. - Ejem Ýok, Mele daýymyň aýaly ölüpdir, üçüni geçirip gelerin diýdi. Hommat ejesiniň Ýokdugyna begendi, daýzasynyň ölümine ünsüni bölmedi. - Aýna, bäri gel--öýüň öňündäki üstüne telär galdyrylan ojaga tarap ýöneldi. - Eýgilikmi, Hommat? - Mamana habar ýetirmeli, kakasynyň iberen habaryny, tiz ýetirmeli. - Tuwak daýza aýtmaly dälmi? - Aýna, hiç zat sorama. - Bolmaz iş boldumy? Näme boldy7 - Sorama diýdim, sorama. Häzirlikçe ejesem bilmeli däl, Maman bilmeli.--Ýüzüni kese sowup gepledi.--Bir bahana tap-da, Mamany gör. - Waý, oglan, daňdan nähili bahana tapaýyn? - Bireýýäm daň atdy, gözüňi aç, Gün dogup gelýär. Seret, adam bary aýak üstünde. Bahana gytmy, sorana: pylan gaýtarmaň geýmini tikişmäge gidýäris diý. - Bahanany özüň tapyp gelipsiň-ä. Hommat, bolan zady aýdaý, näme boldy? - Sapby çopan saňa aýt diýmedi, Mamandan başga kişä aýtmaly däl men. Mamana-da diňe men aýtmaly, kakasynyň aýt diýenini aýtmaly. - Mamana bize bar diýeýinmi? - Bärde işi Ýok, öwlüýäň ýeňsesindäki gara depänä bilýäň. - Bilýän. - Depäň gapdalynda goşa garagaç bardyr. - Hawa, bar, bilýän. - Garagajyň aşagyna barsyn. Kakasynyň salgy beren ýeri şol ýer, özümden tapamok. Kakaň salgy beripdir diý-de aýdaý. - Sorasa aýdaryn. - Sorar. - Sorajagyny näbilýäň? - Bilýän-dä. Barlyp ýörlen ýer däl, çola ýer, şoň üçin sorar. Men garaşyp duraryn, ýeke özi barsyn, çekinmesin, aýtgyn. Sen Mamanyň ýanynda görünme, eglenme-de gaýt. Ejesine-de duýdurmasyn, duýdursa murtar bolar, kakaň sargydy diý. - Hommat, ýüregimi ýarýaň-la sen, ýüzüň-gözüňe sereder ýaly däl-ä! - Uzak gijäni düýäň üstünde geçiren adamyň ýüzi-dä. - Daşaryk düşek ataýyn, saçak ataýyn, dişiň kirini bir aç. - Sapby çopana bergimi bereýin, ol bolmasa, duzuň tagamyny bilmen. Hommat ajy güldi. - Bolşuň-a şat habar aýtjaga meňzänok, gülmäň näme? - Bäý, köp biljek bolýaň-aý,.. bar, git indi, eglenme. - Elime-ýüzüme suw çalaýyn-da... Maman barjak däl diýse? - Garamaty öz boýnuna, kakasyna jogap bermeli bolar. - Göni şeý diýip aýdaýynmy? - Barjak däl diýse, aýt, ýöne diýmejegini bilýän. Men barsyn diýemok, Sapby çopan barsyn diýdi. Aýna Mamanlara ugrady, Hommet öe girip, zerurdyr öýden zatlaryny aldy, düwünçege düwüp, salgy beren ýerine ugrady. Gabat gelen adam bolmady, muny gowulyga Ýordy. Ýolda howsaladan saplanypdy, paýhasy durlanyp, etmeli işlerini ýekän-ekän anyklapdy, dodaklaryna uçuk gaýnanyny teni awap başlandan soň duýupdy. Goşa garagaja ýetende-de howsala duýmady, arkaýynlygyndan hoşal boldy. Barşyna bir goltuk gamyş ýygyp, rejeläp ýere ýazdy. Getiren zatlaryny seljerdi, hemmesi ýerbe-er. Indi Mamanyň gelerine garaşmaly. Geljegine şübhesi Ýok. Sapby çopanyň gyzy Maman jan, geliber, saňa göwün beren ýigidiň Hommat garaşýar! Derdime derman bol!.. Hommat ajy güldi, gülende Maman göz öňüne gelmedi, Sapby çopany gördi: Sapby çopan goşaryny tutup, çabalanyp ýatyr. Entek seniň teniň awady, indi ýüregiň awar, Sapby!.. Maman gelende Gün adam boýy galypdy. Hommat onuň ýüzüne garamady, Maman howsala düşüp geldimi, ýa-da Hommat bilen pynhan duşuşygy arzuwlap geldimi, parhy Ýok, Maman geldi, Hommatyň islegi şol. -- Homat, näm boldy? Bolmaz iş boldumy? -- Boldy. -- Kakam aman-sagmy? -- Kakaň itdenem sag. -- Gepiň maňa ýaranok, Hommat, ejemi çagyrman, maňa gel diýipsiň. Aýnaň aýdany dogrumy? -- Näme diýdi? -- Sen näme diýen bolsaň, şony diýendir-dä. Kakaň sargap goýberipdir diýdi, Hommadyň ýanyna täk özüň barmaly, ejeňem bilmeli däl diýdi. Ynanar ýaly däl-ä, Hommat, kakam öz dili bilen şeý diýdimi? -- Şu ýerde otyr, ynanar ýaly edip aýdaýyn--Gamyş ýazylan ýeri görkezdi.-- Otur, duranymyzy adam ogly görmesin. Maman göwünsiz, dogrusy, özüni mejbur edip oturdy. Hommat salymyny bermän, ony arkan ýykdy, agzyna ak esgi dykdy, daşyndan inçe ýüp aýlap daňdy. Tokluny güýlendäki görkezýän çakganlygyny gaýtalady. Gyzyň dyzlarynyň üstünde oturyp, onuň iki goluny böwrüne gysdy, daşyna ýüp aýlady, sarady. Ýeke gezek-de Mamanyň ýüzüne garamady. Aýratyn erjellik bilen onuň köýneginiň etegini serpdi, balagyny güýç bilen sypyrdy, gapdala zyňdy. Dyzlaryny Mamanyň ak butlaryna diräp, onuň aýaklarynyň garşylygyny ýatyrdy. Dyzap, dyzanaklap, gamyşy pytradyp, etmişini amal etdi. Mamanyň towlanýan bedeniniň gowşandygyny onuň kellesiniň iki ýana çaýkanmasy galanda bildi. Şonda-da Mamanyň ýüzüne garamady. Üstünden düşmän, kellesini göwüslerine goýup, ümsüm ýatdy. Mamanyň aglaýandygyny bilýär, agzyndaky esgi gaçaýsa, sesi asmana göteriler, oba ýeter. Ätiýaçdan sargyny barlady, ynjaldy. Bedenine ýaýran ýakymly argynlygyň lezzetini duýanda: -- Maman, indi sen meňki--diýdi.--Seni menden aljak Ýok. Sapby çopan gyzyny ÝoňiÝoluk çoluga bermäge mejbur boldy diýjek. Sen Hommatyň nesibesinden çykdyň... Eli gyzyň ýylmanak butlaryny emaý bilen sypady, ten ýakynlygynyň ýakymyny indi duýdy. Mamanyň bedeni siltenip, garşylygyny duýdurýardy. Edil şu pursat Sapby çopan göz öňüne geldi. Hommat güldi, sessiz güldi. Gülýänini Maman duýandyr, duýmasa, onuň bedenine güýç dolanmazdy, kellesini iki ýana çaýkap başlamazdy. Çaýkabersin, Mamanyň ýüzüne garap bolmaz... Sapby çopan göz öňünden gidenok Şeýle ahwalatyň bolup biljekdigi, heý, onuň hakydasyna gelmeýärmikä? Gelýän däldir, Hommatdan sähelçe ätiýaç edýän adam ony aýylganç kemsitmä duçar etmekden eýmenerdi. Azar gaýtadan temen bolup, Hommatyň ýüregine sünjüldi. Çalmarda ýüz beren gabahatlyk ähli aýdyňlygy bilen ýene bir öwre göz öňünden geçdi. Nädende bu kemsitmäniň azaryndan dynjagyny bilmän, kellesini Mamanyň göwüslerine oýkady. Ýene bir öwre Mamanyň namysyna degdi, gyzyň namysyna däl-de, Sapby çopanyň namysyny basgylaýandyryn öýtdi. Mamanyň üstünden düşdi, ýüzüne garamady, howlukman balagyny geýdirdi. Maman aýaklaryny kakmady, ylalaşmasa, başga alaç galmandygyna düşünendir. Wah, görgüsiýaman, Mamanym, häzir agzyňdan sargyňy aýraryn, gygyrman ýatyber, gygyranyň bilen düzeljek zat Ýok, boljak iş boldy. Maman gygyrmaz, Maman akyllydyr, düşbüdir, bu zorlugyň ýöne ýerden bolmandygyna düşünip ýatandyr... Hommat ýene biraz eglendi, soňra Mamanyň sus ýatandygyny görüp, sargyny aýyrdy, Mamanyň ýüzüne garaman aýyrdy. Maman gygyrmady, gargynyp başlaryna garaşdy, Maman gargynmady. Mamanyň aglaýandygyny duýdy, wah, gara gözlerinden ajy ýaş akýandyr, bu ýagdaýy Hommat göz öňüne getirdi, şonda-da Mamanyň ýüzüne seretmedi. Mamanyň bilindäki sargyny aýyrdy, eli boşan Maman çarbaýlyk eder öýtmedi, diýeni ýaly-da boldy. Maman dik oturdy, gapdala gaçan tahýasyny geýdi, saçyna biraz reje berdi, köýneginiň etegini düzetdi. Geň galaýmaly rahatlyk bilen: -- Hommat, näme beýle bet iş etdiň?--diýdi. -- Maman, maňa başga alaç galmady. -- Meniň namysyma degdiň-ä!.. Maman iç-içine sygman aglady, sessiz aglady. -- Maman, seni hiç kime bermen,.. sen meňki bolduň, Maman... -- Seni kakam öldürer. -- öldürmez, kakaň namart adam, Maman, mert öldürerdi, namart öldürmez. -- Erbet iş bolandyr, Ýogsa, sen bi bet işe baş urmaly däl-ä. -- Ony kakaňdan sora. -- Indi men baryp, ejeme näme diýeýin? Maman ýene aglady, iki aýasyny ýüzüne tutup aglady. -- Ejem söz aýtmaga barar size, Hommatlaryň sözüni alyň diý. -- Haramlyk etmäňde alynmaz öýdüpmidiň? Sen namysyma degdiň-ä, Hommat!.. -- Saňa başga aýtjak sözüm Ýok, sorama. -- Kakam razy bolmaz. -- Bolar... öň bolmazdy, indi bolar, oňa başga alaç galmady. Maman aýak üstüne galdy, Hommat ilkinji gezek onuň ýüzüne garady, gaýduwsyzlyk gördi, gaýduwsyzlygyň nämä alyp barjagyny bilmese-de, Mamanyň özüni ýigrenjegine ynanmady, dogrusy, ynanasy gelmedi, ynanmaýanyny söz bilen aýdasy geldi. -- Maman, men seni hiç kime bermen--diýdi.--ölmeli bolsak, bile öleris, men-ä sensiz ýaşaman. Maman ýene aglady, ýere çöküp, maňlaýyny iki dyzyna süýkäp aglady, agladygyça-da göwresi kiçeldi. -- Ýerýuwdan, sen meni garamaňlaý etdiň! -- Başym dik bolsa, garamaňlaý bolmarsyň, Maman... Maman jan! -- Owarra bol! Hommat on-on bäş ädim gidip, hyrra yzyna döndi. Ýüpi galdyryp barýan ekeni. Häzir Mamandan islendik pajyga garaşsa bolar, garagaçdan özüni assa nätjek!.. h h h h h h Allaş: -- Hommat çöle dolanmandyr--diýdi.--Adam tapyp, ertesi düýäni iberipdir, şo düýäni münübem Sapby çopan oba gelýär. Bolan ahwalaty aýalyndan eşiden bolmaly. Galmagal turuzmandyr, asyl bara, gatyrganyp, ýeke agyz söz diýmändir, böwrüne diň salyp oturypdyr. Eglenmän çöle dolanmakçy bolupdyr. "Bibişler gelýän bolsa, sözüni alyber, galamasynam özüň oňar" diýip gidipdir. Çölde bolan masgaralygy aýalyna aýdypmy, aýtmanmy, bilýän Ýok. Men-ä aýdan däldir diýjek, akylyny aýlanan bolmaly. Bir ýyla ýetip-etmänem Hommatyň ogly bolýar, adyna Nepes dakýalar. Hommatyň Namysberdi diýeni şol Nepes. Gurduň kakasy. Prontdan enwelit bolup geldi, uzak ýaşamady, oglankam görenim çala ýadyma düşýär... Allaş bu ahwalaty eşidip, Maksat oýa batar öýtdi, oýa bat nire, tomaşa gören ýaly güldi. -- Bäh, Hommat ýigit eken-ow!--diýdi.--Allaş aga, bu gürrüňi Namysberdiň agtygy Solmaz eşitse, näme diýer öýdýäň? -- Olam güler-dä, sen güldüň-ä. | |
|
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |