18:32 Täze harabalar / Dabaraçy | |
21. Dabaraçy
Romanlar
Gülşirin dabaraçyny "Boing" uçaryndan düşüp gelýärkä tanady. Ony öň görmedik hem bolsa, garşylmaly adamynyň şoldugyna ynandy. Dabaraçylaryň gurnaýan hökümet dabaralary teleýaýlymlardan görkezilýärdi, bir däl, iki-üç gezek görkezilýärdi, kähalat dabaranyň esasynda ýatan waka köpleriň ýadyndan çykyp gidende-de görkezilýärdi. Olaryň ady tutulanokdy, ekrana ýazylanokdy, munuň sebäbi hakynda Gülşirin häzire çenli oýlanjak hem bolmandyr. özüne gös-göni degişli bolmadyk mesele bilen gyzyklanmazlygy endik edinen köpçüligiň biridi. Bu dabaraçyny pagtagtda, medeniýet ministrliginde işleýän jorasynyň üsti bilen tapdylar, adynyň Bally Baratdygyny bilýärdi. Ady üýtgeşik, jorasynyň salgyna görä, onuň özem üýtgeşik bolmaly. Gülşirin ony synlap tolgundy, deminiň gyzandygyny duýdy, näme sebäbe beýle tolgunýandygyny özem bilenok. Göreji bilen bellän adamy uçardan düşüp gaýdan süri ýolagçynyň arasynda saýlantgysy. Ol jorasynyň beren salgyna gabat gelýär. Daýanykly, buýra saçlydyr diýdi, diýleni ýaly. Buýra saçyňdan tanarlar, kelläň ýalaňaç bolsun diýlendir. Howa çigregem bolsa, başy açyk gezmäge öwrenişen adam üçin bu hiç zat. Onuň kellesine nämäniň gelişjegini Gülşirin göz öňüne getirip bilenok. Şlýapa onuň buýsançly başyny gizlär, papak ony töwerekdäkileriň sürüsine goşar. Buýra saçly kellesini dik tutup gelişi onuň keşbine dabara berýär. Eli boş, goş alan bolsa, gapdalyndan gelýän adaty ýolagçylardan parhlanmajagyny bilendir. Olara üns berenok, meýdançadan ýeke özi gelýän ýaly, ýeke özi garşylanýan ýaly. Adatça, uçardan düşen Ýolagçy biraz biynjalyk görünýär, onda bu alamat Ýok, tegelek ak ýüzüni asmana tutup gelýär, her ädimine many berip ädýär. Şanyna dabara gurulýan belent mertebeli häkime öýkünjek bolýar diýseň-de gelişmän duranok. Ol Gülşirini tanarmyka? Nähili lybasda garşylamaga çykarsyň diýip jorasy soramady-da, soran bolsa, özüň aýt diýerdi, jorasynyň maslahat beren lybasyny-da geýip çykardy. Wah, ýewropa geýminde çykan bolsam parhlanjak ekenim diýdi, töweregindäki bir meňzeş milli lybasly aýallary synlap diýdi. Aýallaryň köpüsiniň kellesindäki daňy bir meňzeş, içine paralon dykylyp, daşyna owadan sary öýme daňylan. Oňa bedre diýip gülýänlerem bar, topby diýenoklar. Topby garaňky geçmişiň alamaty, bular zamanabap boljak bolýarlar. Ol daýanykly, serwi boýly gelinlere gelişýär, olaryň durkuna dabara berýär, Gülşirin muny öz mysalynda aýdyp biljek. Hakykatdanam onuň boýuny serwi agajyna meňzetse boljak, dilewarlar meňzedýärlerem. Türkiýäde aşyk bolan ýaş ýigit: seniň boýnuň, alkymyň näzikligi gadymy müsür patyşasynyň aýalyny ýatladýar diýipdi. Ol şahyrana gepleýän türk häzir Gülşiriniň gapdalyndaky aýallary görse näme diýerdikä? Pes boýly, ýogyn aýallara Gülşirine gelişýän daňy gelşenok, gaýta olary bedroý görkezýär. Üstesine-de dar köýnek geýýärler welin, keseden garaňda ýigrenýärsiň. Göwüsleri, garny, syrty ýumralyşyp çykyp dur, onuň üstündenem kellelerini tompardyp daňýarlar welin, gülüp oturmaly. Daňyny has beýgeldýärler, hamala, şeýtseler boýlary beýgeläýjek ýaly. Ondan ökjesi belent köwüş geýseler gelşikli boljak, birgideni ybaly köwüş deregine arzan baha şypbyk geýip çykýarlar. Bu moda dört-bäş ýyllykda paýtagtdan ýaýrady, sähel salymdan oba-şäher diýmän ýurduň aýallaryna Ýoň boldy. Bu daňynyň özüne gelişýändigini bilse-de, bir meňzeş geýimdäki süri ony görer gözden gizläp biljek. Alada galdy. Eger jorasy dabaraça Gülşiriniň suratyny görkezen bolsa, ol saýgarmaly. Häzir bu ýerde özünden zyýat görmegeý zenanyň durandygyna ynanasy gelenok, kanagaty artdy, duşuşygyň ýakymly pursatyna bisabyr garaşdy. Ýolagçylaryň arasynda saýlantgy görünýän erkek garşylaýanlaryň arasyndaky iň görmegeý zenan bilen duşuşar. Dabaraçynyň saýlantgydygyny egin-başy aýdyp dur. Gülşirin olary özi saýlap, özi geýindiren ýaly guwanyp garaýar. Ol geýimleri haýsy firmalaryň tikendigini duranlar bilýän däldir, Gülşirin bilýär, bileni üçinem töwerekdäki sürüden parhlanýar. Dabaraçynyň egninde kalambiýa firmasynyň agymtyl kurtkasy, lewis žinsi balak, aýagyndaky krassowka naýik firmasynyň önümi. Çal switeri lakost firmasyndan çykan. Dabaraça şol firmalaryň reklamasy üçin podiumdan ýöräp gelýän adam diýäýmeli. Hytaýdan getirilýän bäş günlük, arzan baha geýime öwrenişen adamlar olaryň parhyny biljekmi! Bilmeselerem dabaraçynyň ýönekeý adam däldigini aňandyrlar, baý ýurtdan gelen wajyp adam diýýändirler. Sähel salymdan olaryň ünsi Gülşirine gönüger, Gülşiriniň gözel zenandygy gözlerine basylar, öň üns bermändiklerine ökünerler. Gülşirin howlugýar, alňasaýandygyny duýýar, nädende aňyrdan gelýän dabaraçyny özüne garadyp biler?! Adyny tutup gygyrmalymy? Onda Gülşiriniň nätanyşy garşylaýandygy aýan boljak. Onuň nätanyş däldigini görkezesi gelýär, goý, onuň özi Gülşiriniň ýanyna gelsin, Gülşirini küýsäp gelen ýaly görünsin! Munuň üçin nähili yşarat etmeli? Oňa garap, gözüni, gaşyny oýnatmalymy, seni garşylamaga men geldim diýen alamat bermelimi?.. Bally Barat Gülşiriniň deňinden geçip gitmedi, birden oňa tarap öwrüldi. -- Gülşirin, salam... -- Salam,.. salam!..--Diline gelen söz: meni nädip tanadyňyz diýmelidi, saklandy, diýse, nätanyşdyklary aýan bolar, gör, eýýäm töwerekden göriplik bilen garaýarlar. Gülşirin onuň uzan elini üýtgeşik tolgunma bilen aýasyna gysdy.--SamolÝot rahat uçdumy? -- Hawa-la, kyrk minutda getirdi. Gülşirin töwerekdäkilere göz edip, Bally Baratyň elini goýberesi gelenok, bu adamyň Gülşirini küýsäp gelendigine ymykly göz ýetirýänçäler goýbermedi. Goşlaryň berilýän ýerinde garaşyp duran ärine biperwaý garady. -- Mergen... biziň şoferimiz. Mergen Bally Baratyň uzadan belgisini almazdan öň onuň elini mäkäm gysdy. -- Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz, salawmaleýkim. Gadyrly myhmany garşylamak hezil, ugratmak kyn. Gülşirin egin deňläp, Bally Barat bilen aeroportyň jaýyndan çykdy. -- Joram şertiňizi aýtdy, razy diýdik, size aýdandyr-la? -- Aýtmasa gelmezdim-ä--Bally Barat hikirdäp güldi, erni rezin ýaly ýazylyp, görmegeý ýüzüne gelişmeýän alamat berdi.--Jahan ýaly joraň bardygyna guwan. Seni welaýata rowa görenok. Gülşirin paýtagta mynasyp, gözüň bilen göreňde ynanarsyň diýdi. Eýýäm ynandym, sen hormatly prezidentimiziň gözüne ilmeli gelinlerden. Biz, dabaraçylar, bir şerti bek bilýäs: prezident aşak seredende nepis türkmen halysyny görmeli, töwerege garanda owadan zenan ýüzüni görmeli. Şol owadan ýüz sende bar, sen eýýäm bellige alyndyň. Ol ýene hikirdäp güldi, gülki ýene Gülşirine ýaramady, äriniň hikirdisini ýigrenip ýör, ýeri, munuň hikirdäp gülmesi näme diýsene! Äri gülkisine kybapdaş adam, emma bu adamy ärine deňäp biljek däl, ol belent ýeriň adamy, bu gülki onuň döwlet ähmiýetli sözlerine gabatlaşanok, ýeňles gelýär. Şäher restoranynda nahar iýmekçi boldular, Gülşirin ärini çagyrmady, bir sagatdan gelersiň diýdi. Bally Barat on gün möhlet bilen gelipdi, zähmet rugsadyna çykyp, welaýatda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň obasyna gezelenje gelen adam hökmünde kabul edilmelidi. Bitirmeli işini özüçe ölçäp, dört müň dollar baha kesdi. Ataly başlyk bilen söhbet uzaga çekdi. Bally Barat söhbeti diktofona ýazmakçydy. -- Kagyza bellik etseň, has ygtybarly bolmazmy, ho-ho-ho-o... -- Diýşiňiz ýaly ederis, ýaşuly. Ataly gürrüňi geçmişden başlady. Akmaňlaý tiresiniň geçmişine ertekiniň äheňini berdi, hanlaryň, begleriň adyny tutdy, dabaraçynyň okan taryhynda olaryň ady Ýokdy. Hudaýa şükür, nesil dagagtynyň aňyrsyny Oguz hana, Görogly bege ýetirmedi. Bu ýurtda emeldarlar geçmişi wezipe basgançagyna görä bölüşdiler diýseň-de boljak. Oguz han, Görogly prezidentiň gol ýeterindäki gahramanlar. Olary öz mülküňe getirmek ýerli häkimler üçin juda töwekgelçilik boljak. Bally Barat bu meselede kelle döwüp oturara zerurlyk görmedi, dabaranyň tutumyny iki adama baglamaly diýdi: Oraz baý bilen Ataly başlyga. Ataly ýaly mertebesiniň belet bolmagyny küýseýän emeldary nesil daragtyna baglamazdan beýgeltmek mümkin däl. Oraz baý ýaly unudylan adamlary rowaýatyň ýasawunda belende götermeli. Taryhyny unudan halk rowaýaty, legendany küýseýär. Dabaraçynyň hödürlän tutumy Ataly başlyga ýarady. Toý saçagynyň başynda iýip-içip, Ýogyn-Ýogyn gägirip, bir meňzeş tost aýdylyp dargalsa, ol kimiň ýadynda galjak, garna düşen agyrlyk ýeňlän dessine ýatdan çykar gider. Söz hiç, adamlaryň gözünde galar ýaly geňlik tapmaly. Ataly kyrk ýaşy dolanda oturylyşyk edipdi, şony häzirem ýatlap ýörenler bar. Kyrk ýaşyň dolupdy diýip ýatlanoklar, towuk fermasyna müdir goýlan adamyň iki bedräni tümmekläp goýan ýumurtgasy üçin ýatlaýarlar. Şol wagt arak içilende zakuska üçin çig ýumurtga içmek Ýoň bolupdy. Pylany on bäş ýumurtga içdi diýip geň galardylar. Arak bilen ýumurtga içmek aşgazanda heýgenek bişirmek ýaly aýylganç zat. Ataly sowet hökümetinden atasynyň aryny almagy başarandygyny diline çolady. Ol hökümet ýykyldy, onuň sülsaty galdy, şol sülsat düşüner ýaly tomaşa gurnamaly. Bu gün ak ata atlanan Ataly başlyk kim, sülsat kim, gözi bilen görsünler. Göz bilen görlen gulak bilen eşidilen ýaly bolmaýar, täsiri üýtgeşik. Bally Barat depderini ýapdy. -- Sizi mundan artyk eglemäýin, Ataly aga--diýdi.---Garaňky düşmänkä Gülşirin oba aýlasa... -- Gülşirin seňki, ho-ho-ho-o, kömekçi berýän. Bally Barat dabara dahylly boljak ýerleri bellige aldy, soňra Gülşiriniň şäherdäki jaýyna gitdiler. Myhmanyň dynç almagy üçin şäher amatly görüldi. Gülşirin ärine obada gal diýdi. Dabaraçy nahar stoluna geçmezden öňinçä ýaşyl reňk şahadatnamany Gülşirine uzatdy. -- Meniň kimdigime güwä geçýän dokument, oka. -- "Köpçülik çäreleri geçirmek boýunça baş hünärmen". -- Haýsy edara beripdir, oňa-da seret. -- Medeniýet ministrligi. -- Men medeniýet ministrligine garaşly adam däl, dogrusyny aýtmaly bolsa,..--Dabaraçy hikirdedi.--Medeniýet ministrligi maňa garaşly. Meniň başlygym, ho-ol, asmanda otyr. Diýmek, çärä wajypdan wajyp diýip düşünmeli. -- Bu ýurtda ony bilmeýän bardyr öýdemok. -- Berekella! -- Çäräň bir ýany oba-da ýetýär. Günde-günaşa welaýatda, etrapda dabaraly çäre geçirilýär, adam ugratmaly: ýaşulylar, okuwçylar... Stadionda geçirilýän ýaryşa-da okuwçylary ibermeli. -- Biz çäräni okuwdan, ylymdan, sungatdan Ýokary çykarmagy başardyk, ilkinji orunda çäre, gaýry zatlar soň...--Bally Barat hikirdedi.--Saňa täzeje anekdot aýdaýyn. Bir türkmen o dünýä barýar. Ony nirä ugratmaly: jennetemi, dowzahamy?.. perişdeler çözmeli. Türkmen olara ýalbarýar: men dowzaha-da kaýyl, meni çärä ugratmasaňyz bolýar!--Bally Baratyň hikirdisi has belent eşidildi, Gülşirini goltugyna gysdy.--Gaşyňy çytma, owadan gelin. Zorluk görmeseňiz çärä gatnaşjak däl-ä siz! Işden kowarlar, aýlygymy keserler,.. gorkýaňyz gerek? Gorkýaňyz! Şu dabara men gatnaşjak däl diýip, sen başlygyňa aýdyp biljekmi, sen beýle dabara mynasyp däl diýip biljekmi?! Gepleme, hiç zat diýme, mynasyp diýjegiňi bilýän-ä. Ataly başlyk belent dabaralara mynasyp adam, şony ile göz etmeli kim? Men, sen... Obada näçe adam aýlyk alyp işleýär? -- Biz çäre geçirmeli däl-ä, Ataly agaň toýuny geçirmeli? -- Dogry, eýse, şondan möhüm çäre bolup biljekmi? Biz toý-tomaşany, sadaka-ýasy hökümet çäresine öwürmegi başardyk, muňa garaşsyz ýurduň ýeten belentligi diýip düşün, owadan zenan, ýa-da başga pikir aýtmak hyýalyň barmy? -- Waý-eý, Ýok-la!.. -- Obada aýlyk alýanlaryň sanyny aýt. -- Daýhan birleşiginden aýlyk alýan ýigrimi bäş adam. -- Ýigrimi bäş adam bilen dabara-da, çäre-de geçirip bolmaz. -- Taparys. Mugallymlar bar, okuwçylar bar, ýaşulylary ýygnarys. -- Ataly başlyk mugallymlara aýlyk berenok, ýaşulylara pensiýa berenok. Sen maňa Ataly başlygyň elinden gelýän zady aýtsana!.. Gülşirin gyssaga düşdi, aljyrady. -- Ýaşaýan ýeriň oba bolsa, başlykdan çözülmeli mesele gyt däl-ä. -- Meselem?.. Hantama bolnup ýörlen zat bardyr-a? -- Bar. Mellek ýer hantama. -- Berekella! Tapdyň! -- Ýüz elli hojalyk nobata dur. -- Hemmesine paýlara ýer barmy? -- Ýok-la. -- Ine, bu hasam gowy. Ýüz elli hojalyk, hersinden dört adam diýeli, eýýäm alty ýüz adam jemlendi. Gadyrdan kömekçim, öňi bilen seň bitirmeli işiň: ertiriň özünde mellek paýlanjak diýen gürrüň oba ýaýrasyn, kimiň aýdany gerek däl, habar näçe anonim bolsa, köpçülik şonça-da gowy ynanar. Toý güni Ataly başlygyň gözüne iljek bolýan adam köpeler. Soňy nähili bolar diýme. Bu halk hakyna kaýyldyr, wada diýen zadyň bir ýyla, bäş ýyla, ýigrimi ýyla çekeni bilen hantamaçylyk gutarar öýtmegin! Sowet hökümeti ýetmiş ýyl kommunizmi wada berip aldady, aldandym diýýän däldir, aldap bilýän döwlet ýykyldy diýip gynanýandyr. Bally Barat pikirine dabara berip hikirdedi. Gülşirin: -- Hikirdemäň-dä--diýdi.--Siz akylly söz aýtdyňyz. Bally Barat ýene hikirdedi. -- Seniň hojaýynyň ýaly gülüp bilemok, ho-ho-ho-o... Ha-ha!.. Naz-nygmatly stoluň başynda ýanaşyk oturdylar. Bally Barat ispanlaryň gyzyl çakyryny görerin öýtmändi. -- Gyzyl çakyry halaýanymy nireden bildiň?--Jahan aýtdy diýer öýtdi. -- Islegli myhmanyň göwnündäkini duýmak öý eýesiniň borjy dälmidir?1 -- Ýene bir gezek berekella! Göwün islegiňi duýup duran zenana sataşmak erkege bagt diýipdirler, bagtyň joşgunyndan ýaňa şahyr bolupdyrlar. Duýmaýan aýala sataşan erkegiň paýyna filosofiýa düşýär, arapça pelsepe bolýar. Pelsepe okmasana diýýändirler, akyl sözüň gerek däl diýildigi şol. Akyl söz ýitdi, filosofiýa-da galmady, dabara galdy, meniň ýaly dabaraçylar galdy. Dabara diýseň, düşünmejek Ýok. Filosofiýa diýseň, düşünmezler, düşnüksiz zatdan dabara ýasap bolanok. Altmyş ýaşan Ataly başlygy ak ata mündürip, köpüň öňüne çykarsak, şol dabara bolar. Oraz baýyň agtygy Ataly baý ak ata atdandy, şowhun turuzyň diýeris. Heý, düşnüksiz zat barmy?! Bokurdagyny ýyrtyp gygyrjaklar bardyr. Sesim Ataly başlygyň gulagynda galsyn, ýüz keşbim gözünde galsyn diýer, mellek paýlanda özüniň ýatlanjagyna umydy bar. Bu ýerde pelsepeçi bolmagyň geregi Ýok, iki ikiň dört diýen ýaly, ap-aňsat! Pelsepe kyn zat. Pelsepäň birinji talaby: özüňi tana diýýär. Oýlanmaly, kelle döwmeli. Kimiň ony edesi gelýär, etjegem bolsa, başarnygy Ýok, başarnygy bolanlaram ýalta, pikir et diýilmese bolýar. Diýilmese-de, gel, ikimiz pikir edeli: men kim? Hiç kim. Sen kim? Hiç kim. Iki hiç kimiň arasyndan hiç kim däl döräp bilermi, ä-ä? Jogap ber-dä. -- Waý, başymy çaşyrdyňyz-la. -- Jogap tapmarsyň, sen däl, menem jogap tapamok, olam, ýene birem jogap tapanok, tapjagam bolanok. Jogap tapsaň, saňa pelsepeçi, filosof diýerler, pelsepäň gerek däl diýerler. Häzir men pelsepe okap otyryn, sen düşüneňok, başyň çaşýar. Dabara welin, maňa-da, saňa-da, oňa-da düşnükli, bu ýurtda dabaradan, ony gurnamak çäresinden düşnükli mesele Ýok. Ýaşasyn dabara! Ýaşasyn çäre! Bally Barat belent ses bilen hikirdedi, iki owurdyna barmak sokup dartylan ýaly erni ýirildi, üç öwre hikirdedi. Gülşirin gorkdy. Bu adamyň bolşy sypatyna görä däl. Aýdýan gepine-de düşünmek kyn, sözleri Gülşiriniň hakydasyna ýetenok, gaýtala diýse, bir sözüni-de gaýtalap biljek däl, gaýtalap bilmejegem bolsa, onuň sözleriniň hikirdisine gabat gelmeýänini aňdy. Bally Barat ýeke gezek Gülşirin bilen çakyrly bulguryny çakyşdyrdy, soňra özi içse-de oňa iç diýmedi. Bolşy Gülşirini unudana meňzeýär, asyl telewizory-da ünsüne almady. Hyzmatçy aýal iki öwre kofe gaýtadyp berdi, ýaradymy-Ýokmy, aýdaryna garaşýar, ol biperwaý, diwana geçip, aýpady okamaga oturdy. -- Internetiň tizligi hemişe-de haýalmy? Eşekli Ýola çykan ýaly-la. Ýogsa-da, obada eşek saklaýan barmy? -- Iki-eke bar. -- Iki-ekeden köpräk gerek, ýigrimi-otuz eşek tapmaly bolar. Häzir başyňy agyrtma, ertire goýaly. Bu gün üçin bellenen programma daş ýany bilen ýerine ýetirildi, arkaýyn dynç almaly. Hyzmatçy aýal ony ýatmaly otagyna ugratdy, soňra gap-gaçlary ýuwup öýüne gaýtdy. Alty otagly jaýda Gülşirin Bally Barat bilen ikiçäk galdy, öýüň tukatlygy artdy, Gülşiriniň ýagdaýy soralsa, meni gussa gaplap aldy diýmeli. Dabaraçy mundan bihabar, ol näme üçin habarly bolmaly? Ol eýýämhaçan uka gidendir? Aralykda üç otag bar, ol tarapdan ses eşidilenok. Gülşirin bu agşamy başgarak göz öňüne getiripdi, söhbet edip oturarlar öýdüpdi. Iki tarapdanam isleg bolan halatynda sözleri alyşar giderdi. Ol adamda isleg Ýokdur diýse, Gülşirin özüni kemsitjek. Boýun alasy gelenok. Pagtagtdaky Jahan bilen baglaşdy. -- Myhmana göwnüň ýetdimi?--Jahan güldi. -- Temegi Ýokary, dogrymy aýtsam, çekinmägem duramok iberen adamyňdan. -- Häzir nirde ol? -- Şäherdäki öýümde. -- özüň nirede? -- Menem şu taýda. -- Äriň ýanyňdadyr-a? -- Obada. Işi bar. -- Çekinme, seni zorlasy Ýok.--Jahan ýene güldi. -- Size gülmegem bir kesel öýdýän. Birden bir zatlar diýip başlaýa, düşünmäge-de ýetişemok, başym çaşýar. Meni gepletjek bolýan-a däldir? -- Gepleme. -- Men geplemän oturjak-la, goýanok, jogap ber diýýä. Filosofiýa diýdi, pelsepe diýdi, o zatlardan meň başym çykanok. Eşitseň özüňem haýran galardyň. Tapýan sowalam ýadyňda galar ýaly däl. Aýtjak bolaýyn: iki hiç kimiň arasyndan diýýä,.. näme diýdi, gyz, oňly sowal bolsa, ýadymda galardy-la,.. wah,.. hä-ä,.. iki hiç kimiň arasyndan hiç kim däl döräp bilermi diýdi, iki hiç kim diýýänim: biri men, birem sen diýýä. Düşün-dä gaýratyň bolsa!.. Jahan jak-jak güldi. -- Köp içdiňizmi? -- Içgi bilenem işi Ýok, çakyr içen boldy. Hikirdisini halamadym, boý-syratyna, aýdýan gepine gelşenok, hikirdänden gülmän oturany gowy-da. -- Hikirdäp güleni ýadyma düşenok. -- Onda bärik başga biri geläýdimikä--Gülşirin höwessiz güldi.-- Dokumentini görkezdi-le, gyz, Bally Barat diýlip ýazlan, suratam şoňky. -- Men gowy adam Ýoldandyryn. -- Işine ökdeligä bildirýär. -- Başga saňa näme gerek?--Jahan şelaýyn güldi.-- özüň düşünşeweri, gijäňiz rahat bolsun. Ertesi irden oba gelenlerinde Bally Barat öňi bilen mellek sorap Ataly başlygyň adyna arza ýazanlaryň sanawuna seretdi. -- Ýigrimi adamy eşege mündirmeli--diýdi.--Kolhozda işlänlerini tapyň, ýer depenler, kätmen uranlar, suw tutanlar bolsun. Ýene bir tapmaly ulag: şol döwürde üç tekerli IŽ motor münerdiler. Gülşirin bada-bat Allaşy ýatlady: -- Bar. Henizem şo köne motordan düşmän ýören traktorçy pensioner bar. Mellek diläp ýazan arzasam ýatyr. Kolhozyň ýatyrlanyna gynanyp ýören adam. -- Berekella! Kolhozdan galan sülsatyň başyny çek diýeris, motoryna-da gyzyl baýdak berkideris, parladyp geçsin. Gyzyl baýdak tapylar-a? -- Üçüsi çaň basyp ýatyr. Bally Barat hikirdedi: -- Çaň basyp ýatsa-da zyňaýmansyňyz, gör bulary, SSSR dolanar öýdýänsiňiz. -- "Sülsat" diýeniňize düşünmedim. -- Sözlüge seret. -- Sözlük galdymy. Kitaphanalar ýapyldy, kitaplary nirä ýitirim etdiler, habarym Ýok, men oba golaýda geldim. -- Hezillik diýsene. Kitaphana-da Ýok, kitabam Ýok, okajagam bolma, biljegem bolma. Kitap bolsa, ony açmaly, iş edinip okamaly, nä derdiň, hemmä ortalyk, okamaga kitap Ýok diý, bolany!--Bally Barat hikirdäp güldi, Gülşirin bu hikirdiniň häzir aýdylan sözüň manysyna gabat gelenine düşündi.--Çäräni halaýanlaram bar, talyplaryň arasynda-da bar. Okuw okap, kelle agyrdandan çäre has ýeňil, bir zatlar öwrenjek bolmaly däl. Eliňe baýdak berdilermi, galgat, hormatly prezidente alkyş aýdyp gygyr diýdilermi, gygyr. Okaňok, bileňok diýseler, biz çärä gatnaşdyk diý, diýýälerem. Gülşirin Bally Baratyň hakykaty aýdýanyna düşünse-de, dogry diýmäge gorkdy. Jahanyň gepleme diýen sözüni ýatlady. Jahan nähili manyda diýdikä? Bilenok, bileno-ok! Geplemeg-ä beýlede dursun, indi bu adamyň gapdalynda durmagam ezet berýär... Allaşy kontora çagyrdylar. Mellek paýlanjakmyş diýen gürrüň eýýäm gulagyna degipdi. Gülşirin güler ýüz bilen garşylady. -- Mellek aljak wagtyň daş däl, Allaş aga--Gulagyna çawuş çakdy.--Sanawda elli birinji ekeniň, üçünji edip goýdum. -- Ine, bu sözüň gulagyma ýarady, owadan gelin. -- Ataly agaň dabarasyny ile dolduralyň-da. -- Bizden bitjek işiň müşgüli bolmaz. Bally Barat köne motoryň daşyna aýlandy. -- Şu ýere gyzyl baýdak berkitmeli--Gozak bilen aralygy görkezdi.--Kolhozdan nadyl ýeriň Ýok diýdiler, uly pensiýa alýaň diýdiler, ýaşuly. -- Çyn. Kolhozy dikeltmek hyýalyňyz barmy? -- Kolhoz öldi, öleni direldip bolanok, öleni ýagşylykda ýatlap oňaýmaly. Gyzyl baýdagy parladyp, kimleriň öňüne düşüp gitmelidigini Allaşa aýtmadylar. Yzyna düşjekleriň eşekli kolhozçylardygyny, sowet döwründen galan warak maşynlardygyny häzir bilmesin, keýpiniň gaçmagy, ýerliksiz tekepbirlige ýüz urup, boýun towlamagyndan ätiýaç etdiler. Dabaraçy iki toparyň sanawyny tükelläp Gülşirine berdi. -- Şulara sülsatlar diýilýär--diýdi. Obada ýigrimi ýedi eşek bar ekeni, münmäge adam tapyldy. Eşek ara düşenden soň gurnaljak dabaranyň çynlakaýdygyny, wajypdygyny düşündirmek kyn düşse gerek. Oýun görkeziljekmiş diýen ýaly gürrüňler ýaýrady. Bally Barat muňa üns bermeli däl diýdi, heý, üýşmeleň ýygnamak üçin mundan amatly reklama boljakmy diýdi. Gülşiriniň äri sowet zamanyna dahylly warak, köne maşynlaryň hasabyny tükelledi: iki "Wolga", bäş "Moskwiç", üç "Zaporožes", ýigrimi ýyldan aňyrda çykan on iki "Žiguli"... Ýeterlik. Akmak bolmadyk adam barybir kolhozçynyň esasy ulagynyň eşek bolandygyny bilýändir. Toý tutýan Ataly başlygyň islegi-de şol. Garaşsyz ýurduň raýatlaryna eleterli bolan maşynlara syn ediň diýer. Baý ýurtlarda ýasalan owadan maşynlaryň otuzy soňky kolonnany düzmeli. Olaryň aglabasy daşary ýurtlarda zibile zyňylan maşynlar bolsa-da, bärde islegli. Ýagy süpürilmedik maşynlary salonlardan sanlyja adam alyp bilýär. Bäşisini sanawa goşdular, üçüsi Ataly başlygyň hojalygyna degişli, ikisi neşe satýan Begliňki. Bally Barat Ataly başlygyň islegini bilýär. Onuň iştimagy gelip çykyşyny köne döwre baglamaly. Kommunistler ol döwre garaňky geçmiş diýen tagmany basypdylar. Indi welin, ol döwre romantik öwüşgin çaýmak döwlet syýasatyna öwrülipdi. Toslamadan gaçmaly däl, toslama näçe gönümel bolsa, şonça-da häkimlere ýaraýar. Olary ak ata mündür, gulaklaryna ýakymly rowaýatlar eşidilsin. Dünýä miflerinde ak at bilen bagly dörän mifleri Bally Barat okapdy. Güne Ýokary hudaý hökmünde garalypdyr, ol asmana ak at münüp çykýar diýlipdir, melgunlaryň turuzýan dawa-jeňine zarba urupdyr, kül-peýekun edipdir. -- Ataly aga, siz ak ata münmäge mynasyp adam, melgunlardan Oraz baýyň aryny almagy başardyňyz. -- Ajdarhaň kellesini kesdik, ho-o-ho-o... Ak bedewe atlan diýseň ak bedewe atlanarys, dag bedewi, suw bedewi bar diýýäler, tapsaň olara-da atlanarys, ho-ho... Ak at tapylmady, welaýatyň athanasynda-da Ýok ekeni. Paýtagtdaky athanada bir ak bedewiň bolandygyna Bally Barat belet, ol ak bedew indi prezidentiň hususy athanasy diýlen ýerde saklanýar, ony ýazda atşynaslyryň adyndan hormatly prezidente sylag hökmünde gowşurylypdy. Ak at prezidentiň ygtyýaryna geçdi, umuman, bu ýurtda ak ata başga bir emeldaryň atlanmagy başa barmajak töwekgellik. Ataly başlygy gyrat bilen oňdurmaly boldy. Ol at Ataly baýyň ýatagynda tanapyna towsup dur. Gyratyň gapdalyndan gitmeli bedewe Ýagmyr mollany mündürmeli. Geçmişi göz öňüne getirjekler Atalynyň ornunda Oraz baýy, Ýagmyr mollanyň ornunda Gylyç ahuny görerler. Hudaýsyzlaryň zamanynda ýaşan Ataly başlyk döwrüň täsirinden saplanmandygyny aýan etdi. Ýagmyr mollany bedewe mündürip, gyratly Atalynyň gapdalyndan goýberseň, taryhy hakykat hökmünde aýdylyp gelnen düzgün bozulmazmy? Mollalar hemişe ýuwaş ýaba, eşege münüpdirler diýilýär-ä? Elbetde, Gylyç ahuny eşekli göz öňüne getirip bolmaz, ony ata mündirmäge Ataly razy boldy. Muňa-da Ýagmyr molla göwnemedi, atdan gorkýan, uly iliň öňünde atdan ýykylsam masgaralyk bolar diýdi. Obadaky sygyr çopanyň baýtalyna münse nähili bolar? Baýtal eşekden parhly, sosial mertebesem Ýokary. Munuň bilen gyrat ylalaşarmyka? Gapdylyna baýtal goşulsa, gyrat horguryp bolmajysy bolar, çarpaýa galyp, Atalyny pylçap ýere urar. Has beterem, Gylyç ahuny göz öňüne getirtmeli mollany bedroý baýtala mündürip, ili güldürjek bolduňyzmy diýerler. Ahyry goňşy obaly goýun çopanyň ýuwaş alaşasyny dilemeli edildi. Iki gün öňünden getirip, Ýagmyr mollany eýeriň üstünde oturmaga ram etdirmeli diýildi. Meseläniň çatak ýeri ýene akmaňlaýlaryň içki gatnaşygyna diredi. Mundan Bally Baratyň habary Ýok, habardar etmäge kimiň bogny ysjak! Aýtsa Gülşirin aýtmaly, Gülşirin aýtmaz, Ataly başlykdan gorkýar. Gysga informasiýa bereniň bilen gep gutarmaz, Bally Barat sowal yzyna sowal berer. Näme sebäbe görä akmaňlaýlaryň şu günki sütüni, arkadagy saýylýan Ataly başlyk ýakyn garyndaşy Mämmetgulynyň ata münüp, jylaw deňläp gapdalyndan gitmegini islänok diýer. Mämmetgulynyň Tüýli syçagyň ogludygyny, Tüýli syçagyň Oraz baýy ele salmaga gyzyllaryň ugradan ýaragly toparynyň arasynda bolandygyny aýtmaly bolar. Oňa "syçak" lakamyny Oraz baýyň berendigini, aslynda akmaňlaýlaryň baýosuraklardan, baýosuraklaryňam bokyýugunlardan gelip çykandygyny Bally Barat eşitse, dabara püçege çykar diýen ätiýajy aňan Ataly başlyk ony obanyň agzyboş adamlaryndan goraglamak isländir diýse bolar, şu sebäbe onuň şäherde ýatyp-turmagyny isländir diýen pikir Gülşiriniň kellesine gelipdi. Emma welin, akmaňlaýlaryň kök ýaýradan berk daragtyny obadaşlarynyň gözüne basyp görkezmek islegi Ataly başlygy raýyndan biraz gaýtardy diýse-de boljak. Nähili bolanda-da ol belli bir çägi saklady. Tüýli syçagyň ogly, onuň agtyklary Oraz baýyňkylar bilen jylaw deňläp gidip bilmezler, yzdan ýöremeklerine razylyk berdi. Dabaraly ýörüşiň öňüni gyratly, mertebesi belent Ataly baý çekmeli, gapdalyndan alaşa ýabyly Ýagmyr mollanyň gitmegine razy. Olaryň yzyndan Atalynyň iki ogly: ak telpekli, gyrmyzdonly Kakaly bilen Aýaz gyr hem dor atly ýörärler. Tüýli syçagyň ogly Mämmetguly syçak iki ogly bilen olaryň yzyna düşer, deňleşmäge olaryň taryhy taýdan haky Ýok. Munuň sebäbi Bally Barata aýdylmady, Ataly başlyk şu tertibiň saklanmalydygyny tekrarlady, gutaran ýeri! Olaryň münjek atlaryny welaýat athanasyndan kireý töläp getirmek makul bilinde. Mämmetguly ömründe ata münüp görmändir. Eýeriň üstünde oturyp, üzeňňä basmaga ram etmesem ýykylaryn diýdi. Türgenleşsin diýlip, Atalynyň ýatagyndaky ýuwaş ata göterip diýen ýaly mündürdiler. Jylawy ýetginjekleriň biri elinde tutup, gapdaldan ýöräp gitdi. Bir meýdan Ýol geçip goýbermelidi. -- Ýaşuly, aýagyňy üzeňňiden aýyrma--diýip tabşyrdy.--Gorkma, gorkmasana... Ýykylaryn öýtseň, bir eliň bilen eýeriň gaşyndan ýapyşgyn.--Etginjek güldi.--"At çapananyňdan geçdik, eýere berk ýapyş" diýipdirler-ä, ha-ha!.. Çüw atym, çü-üw!.. At öwredilişi ýaly bu sesden many aldy, bökdi, eýer silkindi, Mämmetgulynyň agyr göwresi ot dykylan ganar kimin patylap ýere düşdi. Ony döwük-enjik bejerýän hassahana alyp gitdiler, maşynda barýarka käýinip aýdan sözi bada-bat oba ýaýrady: -- Atalynyň atynyňam bizden ýaňa içi kitüwli-dä. Obanyň häzirki bagtyýarlyk döwrüni görkezmeli üçünji topara kyrk inomarka maşyn saýlanyp alyndy. Näme üçin kyrk? Näme üçin elli däl, altmyş däl? Köne diýmeseň altmyş-etmiş maşyny ýygnap boljag-a! Bally Barat kyrkyň jadysyny düşündirdi. Görogly beg galasynda kyrk ýigit saklapdyr, islese on esse, ýüz esse artyk saklap biljek, etmändir, kyrk bilen oňupdyr. Göroglynyň aýaly Agaýunus periniň kyrk kenizi bolupdyr. Kyrk- ýaşlygyň, ýigitligiň aňry çägi, kyrkda ýigitligiň däliligi akyl-paýhasa orun berýär. Kyrkda mukdar hile geçýär. "Kyrk-pyrk" diýen samsyk söze ynanmaň!.. Bally Baratyň gaňryşyna gaýdan tapylmady. Ýubileý dabarasynyň geçmeli ýerinde atgaýtarym meýdana asfalt düşemegi buýurdy. Bahana bilen çagalara oýnamaga arassa ýer bolsun-da! Bally Barat toýy alyp barmaga paýtagtyň belli tamadasyny çagyrjak, ol ýany bilen üç sany meşhur aýdymçyny-da getirer diýdi. Mesele tost, nutuk aýtmalylaryň sanawyna ýetende, Ataly başlygyň kabinetine duýdansyz giren, egin-başy tozgun, Magtym ýalaňaç diýip at alan, Ataly okuwçyka şarpyk dadyrmanyna ökünen köne mugallym Bally Baratyň göz öňüne geldi, ony Gülşirine ýatlatdy. - Akyly çaşan sähne adam ybaly tost aýdarmy?!--Gülşirin ajy güldi.--Häzir-ä ol, hudaýa şükür, ýitirim bolup bir ýere gidipdir, ogullaram bilenok. - Ol üýtgeşik tost ýazandyr öýdeňokmy? - Akylly söz ýazan bolsa, Ataly aga maňa oka diýerdi. Şol gije Magtym ýalaňajyň köne tamy ot aldy... | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |